09:54 Aýralyk | |
Aýralyk Geñ görseñ geñ göräý ýa-da gaharlan, Men-ä käte aýralyga garşy däl. Ogurlayan eken wagt söygini (Olam hereketde, şol bir bolşy däl.) Özüñ yanymdakañ söýgiñ alysda, Uzakdakañ weli göryäñ has eziz. Ýetilen söýgini süyjetmek üçin Ayralyga yüz urmaly bolýas biz. Adamzadyñ tebigaty şeýleräk- Gazanylan zadyñ gadry kemelyär. Şeýdibem söýginiñ ganym duşmany Biparhlyk deñzine özüni uryar. Şonuñ üçin dogry düşün, geñleme Yanymdakañ sowuklygñy duyamdan, Daşdakañ mährini duýasym gelyä. Hemem yetilmedik arzyman yaly Söy meni, söy meni diyesim gelyä. Meñli Aşyrowa | |
|
Всего комментариев: 1 | ||
| ||