01:38
Gaýrat gerekdir
GAÝRAT GEREKDIR

...Ah, bagtly bolmagy kimler başarmaz,
Bagtsyzlyga welin gaýrat gerekdir.

Goçmyrat Orazberdiýew

Kimse gider ilki ömrün satmaga,
Soň alarman, aby-haýýat gerekdir.
Şiri goýup, şagal-tilki atmaga,
Mydama bürgüt  deý saýýat gerekdir.

Agzybirlik maşgalanyň daýanjy,
Deňlik bagtdyr saglyk bolsa guwanjy,
Enäniň söýenji atanyň genji,
Döwletiň çür başy zürýat gerekdir.

Bu günüň geçensoň dolanmaz wagtyň,
Halal ojagyňdan arzandyr tagtyň,
Bilinmez, bol bolsa gadry hem bagtyň,
Köňüle kä mahal perýat gerekdir.

Kemala getirýän maýadyr neri,
Gyzylam gögerder zähmetiň ýeri,
Boýaga, gyzyla... gaplanan peri,
Görke däl, edebe saýýat gerekdir.

Emelsiz iş görse kellesin gaşar,
Hereket rysgaly özüne daşar,
Ah, bagtsyz bolmagy hemmeler başar,
Bagtlylyg welin gaýrat gerekdir.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Nowgül   [Mowzuga geç]
Salgylanmany haladym. Goçmyrat gowy ýazýar.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
hiç hili täzeçillik ýok.
indi pähim-paýhasy şeýle usulda bermek täsirsiz (hasaplaýaryn).
----
goşguda iki gezek ulanylan "saýýat" barada.
saýýat - awçy diýmek.
"Mydama bürgüt deý saýýat gerekdir" diýende bolubersede, "Boýaga, gyzyla... gaplanan peri, Görke däl, edebe saýýat gerekdir" diýende bolmandyr.
garaz, peri (gyzlar) görki däl-de edebi awlasynlar diýesi gelene meňzeýär.
ýöne bu ýerde "saýýatlyk-awçylyk" gelişmändir.
görk-görmek – dogluş-ýaradylyş bilen bagly zat, edep – soňra gazanylýan zat. bar, ýene-de bularyň birini "awladym" diýeňde-de ikinjini awlap bolanok (belki plastik operasiýa bilen bolmagy mümkün :-) ).

awtora täzeçilligiň awçysy bolmagy arzuw edýärin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: