01:36 Sen meniñ dünýämdiñ? | |
SEN MENIŇ DÜNÝÄMDIŇ? Sen meniň dünýämdiň, gözleň agrasdy, Meni oda salan sözleň agrasdy. Açylyp, açylyp barýan duýgyma, Sen eýediň, duýgym şondan agrasdy. Sen janymyň jananydyň, ezizdiň, Düşünerdim, gepsiz-sözsüz diýjegňe. Sen hem bilýän ýaly ähli syrymy, Yşga düşdüň, hiç bir zady seljermän. O günleriň näzi bardy, mynasyp, Aýdymlary-sazy bardy, bal ýaly. Duşsak bir-birege seredip bilmän, Arşa aýlap, getirerdik dünýäni. Sary güýzüň ýapraklary ýelkendi, Ýadyňdamy, saçyň sypap, gaçardy. Şonda kalbym her gaçanda silkindi, Gerdenlerňi sypalamda haçanda. Saçlaryňda ýeller barmak yz goýdy, Ejap bilen haýa bardy, arada. Tebigat gelşikli, başga gyz goýdy, Ömürlik seň gapdalyňa ýar edip. Sen surat çekerdiň, gaslarmy ganat, Gözlerimi gözleriňe meňzedip, Meňzimi meňzedip, ajap mukama, Saz çalannam diňlärdim men, hezil edip. Ezber barmaklaryň tary sypalap, Ellerin basga bir yary sypalap, Men bolsa...men bolsa, senden alysda, Aglaýan howada sazy sypalap. ■ ÝENE-DE Ýene otly köýnek geýdik, Ýene-de baglar haýykýar. Gyş ýetip gelýärkä bildik, Güýz özün soňsuz aýaklap. Ýene otly köýnek geýdik, Ýene-de ýat şemal uwlar. Bu kim? Eý ýitiren söýgim, Bakma mensiz galyp duwla. Küýseme yşkyň kenaryn, Sen sadylla bagtym saýyp. Ýene-de sesiň owazy, Ýaňlansyn soňsuz ajaýyp. Kemsinme, kemşerme janym, Ikimizem bigünär-ä. Ýene-de ýüregim ýanyp, Öňümde örtär günälem. Saňa dostumam diýemmok, Diýemmok ýeke-tägimem. Men sensiz dünýäniň göwnün Ynan göterip bilmerin. Aýdaýyn ...ýene bu agşam, Ýene-de ot aldyk dämi? Diýmek söýgi bilen ýuwlan, Ýitmändir kalpda şol gämi. Ýene-de ot aldyk, bilýäň, Ýene güýz geldi aýaklap. Dünýä üşäpdir-ä dünýäm, Bu düýşmi ýa-da oýalyk. Ýene-de ot aldy baglar, Ýene-de elendi degre. Ýene barlyk içre ýokluk, Bolanda şol goşa göwre. Içimden doly hasrata Ýene-de bir dem düwündim. Senem, senem bagra basman, Bagra basara düwündiň. Ýene-de mäşim bişişse, Ýene-de dilsem ýüregim. Seň çykjagyň bilýän ondan, Geregim men şol geregiň. Aýra gezip bir-birekden, Bir zady iki bölüşen. Baglanar kesik ýürekler, Soň derdi ikä bölüşer. Ýene-de ot aldy baglar, Ýene-de mukam gaýrada. Ikimiz däl, biz bir bolup, Aýralyk gitdi aradan. ■ SÖÝGI Çabalanar aýalaňda gursagym, Ýene-de ümürden dolar, daşary. Ýene-de aýnanyň öňüne baryp, Seň “söýgiňi” öz bagryma basaryn. Seni küýsän pursatlarym hakynda, Gamgyn aýdym gyýyp gidende gursak... Ýok ol pursat dälle, meň özüm pursat, Ýöne senem höwürsek... Ýok-la gidiber sen,näzijek duýgy, Bu men çabalanýan seniň aýaň-da. Söýgi ýok bolara çemli hiç ýerde, Bolmaýan bolsa ol eger, aýalda. | |
|
Всего комментариев: 0 | |