01:32
Ussat we Margarita -18/ romanyñ dowamy
XVIII bap

SAPARY ŞOWSUZ ADAMLAR

Biziň işjanly buhgalterimiz içi adamsyz, hat ýazyp oturan kostýuma ýolukmazdan öň, takside barýan wagty, Moskwa gelen Kiýew otlusynyň ýumşak orunly 9-njy plaskart wagonyndan eli kiçijik panar çemodanly, hoşhulk bir adam hemme ýolagçylar hatarynda wagondan düşdi. Bu ýolagçy merhum Berliozyň Kiýewdäki öňki Institut köçesinde ýaşaýan daýysy, ykdysady-taslamaçy Maksimilian Andreýewiç Poplawskidi. Maksimilian Andreýewiçiň Moskwa gelmegine öňňin giç agşam alan aşakdaky mazmundaky telegrammasy sebäp bolupdy:
«Meni häzir Patriarh kölçesinde tramwaý basdy. Jaýlanyş juma güni sagat üçde. Geleweri. Berlioz».
Maksimilian Andreýewiç Kiýewde at-abraýly iň danyşment kişilerden biri hasaplanýardy. Emma bu hili telegrammanyň akylly adamyň hem aňkasyny aşyrjagy anykdy. Eger-de adam özüni tramwaýyň basyp gideni hakynda telegramma berýän bolsa, ol ölen däldir. Şeýle bolsa, depin edilmek dessury nämäni aňladýar? Ýa ahwaly juda agyr bolup, diri galjagyna gözi ýetmän ýatyrmyka? Bu mümkin, emma depin wagtynyň anyklygy öte geňdi. Eýsem, ol özüniň juma güni gündiz sagat üçde depin ediljegini, özüňiz oýlaň, nireden bilsin? Örän geň galmaly telegramma!
Emma düşüniksiz ýagdaýlardan baş alyp çykýandyklary üçin akylly adamlara dana diýýärler. Mesele aýdyň. Ýalňyşlyga sezewar edilen çakylykda hatalyk bar. «Meni» sözi, şübhesiz, bu ýere başga telegrammadan girip, «Berliozy» diýen sözüň ýerine düşüp, «Berlioz» sözi bolsa, goşulmadan jyda bolup, telegrammanyň soňuna barypdyr. Şeýle düzediş girizilse, telegrammanyň mazmuny aýdyňlaşýar, emma pajygaly häsiýete eýe bolýar. Maksimilian Andreýewiç, ömür ýoldaşynyň gussaly perýady sähel diňen badyna, derhal Moskwa şaýlandy.
Şu ýerde Maksimilian Andreýewiçiň ýürek syryny paş etmegimiz gerek. Hiç şübhe ýok ki, aýalynyň ýaňy ömür daragtynyň gülläp başlan wagty aradan çykan ýegenine onuň hem haýpy gelýär. Emma işli adam hökmünde özüniň jaýlanyş märekesine gatnaşmagyna ol diýen zerurlygyň ýokdugyna hem elbetde, düşünýärdi. Şoňa seretmezden, Maksimilian Andreýewiç Moskwa gitmäge gaty gyssandy. Ýeri, oňa näme sebäp? Sebäp kwartira. Moskwadaky jaýmy? Hawa, bu örän möhüm mesele. Maksimilian Andreýewiçe nämüçindir Kiýew ýaramaýardy, şu sebäpli, soňky wagtlarda Moskwa göçüp barmak niýeti onuň kalbyny alada goýup başlapdy welin: hatda ol onuň ukusyna-da zeper ýetiripdi. Pes kenar tarapdaky köljagazlary gömüp, suwy gözýetime baryp ýeten Dnepriň baharky daşgyny hem onuň ýüregini joşduranokdy. Knýaz Wladimiriň heýkeli üzre göze röwşen çaýýan, gözellikde deňi-taýy ýok bu ýakymly tebigat hem onuň ünsüni özüne çekenokdy. Wladimir depeligindäki kerpiç düşelen ýodalarda oýnaýan güneşiň ýaldyrawuk nurlary hem onuň göwnüni awlamaýardy. Bularyň hiç haýsyny-da islemeýärdi ol, diňe bir zady ― Moskwa göçüp barmagy küýseýärdi. Özüniň Institut köçesindäki kwartirasyny Moskwadaky bir oňaýlyrak jaýa çalyşjak bolup, gazetere beren yglanlary-da netije bermedi. Isleg bildirýänler tapylmaýardy, birde-ýarym tapylanda-da, goýan şertleri asla ylalaşar ýaly däldi.
Telegramma Maksimilian Andreýewiçi lerzana saldy. Beýle amatly pursaty elden bermegiň özi günädi. Işbilermen adamlar beýle amatly pursadyň soň gaýtalanmajagyny gowy bilýärler.
Mahlasy, näçe müşgil bolsa-da, ugruny tapyp, ýegeniniň Sadowaýa köçesindäki kwartirasyny miras almak gerekdi. Hawa, bu müşgil, örän çylşyrymly iş, emma şeýle-de bolsa, bu kynçylygy ýeňmelidi. Tejribeli Maksimilian Andreýewiç muňa ýetmek üçin birinji nobatdaky iň zerur işiň bir alajyny tapyp, merhum ýegeniniň üç otagly jaýyna wagtynça bolsa-da, özüni ýazgy etdirmelidi. Maksimilian Andreýewiç juma güni Moskwa ýetip gelip, şol günüň özünde Sadowaýa köçesindäki 302 ― bis öýüň öý edarasynyň gapysyndan girdi.
Diwarynda suwa gark bolany diriltmek usullary birnäçe suratda teswirlenen köne plakat asylan darajyk otagda, agaç stolyň aňyrsynda sakgal-murty ösen, gözleri howsalaly, orta ýaşlaryndaky adamyň ýalňyz özi egnini gysyp otyrdy.
― Edara başlygyny görüp bolarmy? ― diýip, tagzym bilen sorady ykdysady taslamaçy, başyndan şlýapasyny aýryp, çemodanjygyny boş oturgyja goýup.
Ine, şu ýönekeý sowaldan stol başynda oturan adamyň ruhy düşüp, ýüzi üýtgedi. Gözleri howsalaly oýnaklap, ol başlyk ýok diýen manyda mydyrdady.
― Belki, öz öýündedir? ― diýip sorady Poplawskiý, ― gaty zerur işim bardy.
Ol adam ýene üzlem-saplam jogap berdi. Bu gezekki jogabyndan başlyk öz öýünde-de ýok diýen manyny aňlasa bolýardy.
― Haçan gelerkä?
Stol başyndaky adam sowala jogap bermän, birhili gussa bilen penjirä seretdi.
«Ä-hä!» ― diýdi özüne-özi parasatly Poplawskiý we kätibi sorady.
Ol birgeňsi bolup oturan adam edil çykalgasyz ýagdaýa düşen ýaly, gyzaryp, ýene samyrdady, kätibem ýok... haçan geljegi hem mälim däl, dogrusy... kätip näsag... diýen ýaly boldy.
«A-ha!...» ― diýdi özüçe Poplawskiý: ― eýsem, prawleniýe agzalaryndan hiç kes ýokmy!?
― Men bar ― diýip, eşdiler-eşdilmez ses bilen jogap berdi ol adam.
― Görýäňizmi ― diýip haýbat bilen gepläp başlady Poplawskiý, ― men merhum ýegenim Berliozyň ýeke-täk mirasdary bolýan, ― habaryňyz bar, ol Patriarh kölçesiniň golaýynda wepat boldy ― şeýlelikde, kanun boýunça men biziň 50-nji kwartiramyzy miras hökmünde kabul edip almaly...
― Bihabar men, ýoldaş ― diýip, onuň sözüni böldi ol adam.
― Bagyşlarsyňyz, ― diýdi batly ses bilen Poplawskiý, ― siz prawleniýe agzasy hökmünde borçly...
Şol wagt otaga bir graždanin girdi. Stol başyndaky adam ony görüp, ak esgi ýaly boldy.
― Prawleniýe agzasy Pýatnažko senmi? ― diýip sorady ondan giren adam.
― Men ― diýip, çala jogap gaýtardy ol.
Giren adam Pýatnažkonyň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdady, ol howsala düşüp, ýerinden galdy-da, ýene birnäçe sekuntdan soň, edaranyň boş otagynda Poplawskiniň täk özi galdy.
«Bäh çatak boldy-la! Wah, bulaň hemmesini...» ― diýip oýlandy ahmyr bilen Poplawskiý, asfalt düşelen howludan geçip, 50 ― kwartira tarap howlugyp barşyna.
Maksimilian Andreýewiçiň jaň düwmesini basany hem şol, gapy açyldy-da, ol garaňky dälize girdi. Ony birbada geň galdyran närse şu boldy ki, gapyny kimiň açany mälim däldi, çünki dälizde oturgyçda oturan äpet bir pişikden başga hiç hili jandar ýokdy.
Maksimilian Andreýewiç özüni duýdurmak üçin üsgürinip, poly depdi. Şonda kabinetiň gapysy açylyp, dälize Korowýew çykdy. Maksimilian Andreýewiç oňa sypaýçylyk bilen, emma öz gadyryny gaçyrmadyk ýagdaýda tagzym edip, diýdi:
― Familiýam Poplawskiý. Men merhum Berliozyň...
Ol gepini soňlap hem ýetişmänkä, Korowýew jübüsinden kirli bir elýaglyk alyp, onuň bilen agyz-burnuny ýapyp, aglap goýberdi, ― daýysy bolýan...
― Eýsem näme, bilýän, ― diýip, onuň sözüni kesdi Korowýew elýaglygy ýüzünden aýryp. ― Bir görenimden sizdigiňizi pähimledim! ― diýdi ol bütin endam-jany bilen silkinip, boýur-boýur aglap:
― Nähili betbagtlyk, ä? Nämeler bolup ýör özi? ― diýip, sözüne goşdy. ― Tramwaý basyp gitdimi? ― pyşyrdap sorady Poplawskiý.
― Waý, hawa ― diýip gygyrdy Korowýew, onuň pensnesiniň aşagyndan gözýaşlary zuw-zuw akyp başlady, ― onda-da nähili! Öz gözüm bilen gördüm. Ynanýaňyzmy ― başy... şarta üzlüp düşdi!.. Sag aýagy kars edip, iki bölek boldy! Çep aýagy kars edip, iki bölek boldy! Ine, şeýlebir bela eken bu tramwaý diýeni! ― Soňra Korowýew ýene özüni saklap bilmän, aýnanyň ýanyndaky diwara ýüzüni goýup, bütin göwresi bilen silkinip, ses edip aglap ugrady.
Bu nätanyş adamyň hetdi-hereketi daýyny gaty geň galdyrdy. «Biziň zamanda mähriban adamlar galmandyr diýýärler, ine, bar eken-ä!» ― diýip oýlady ol özüniň hem ejizläp başlanyny duýup, emma şu demde onuň beýnisinden, ýene-de bu mähriban adam merhumyň jaýyna özüni ýazgy edip ýetişen bolaýsa diýen pikir lyp edip geçdi, elbetde, durmuşda beýle ýagdaýlar hem bolup dur.
― Bagyşlarsyň, siz meniň biçäre Mişamyň dostymydyňyz? ― diýip sorady ol, gup-gury çep gözüni ýeňi bilen syryp, sag gözi bilen gama batan Korowýewi synlap. Emma ol öýi ýykar derejede, şeýlebir ses edip aglaýardy welin, zol gaýtalanýan «şarta üzüldi, iki bölek boldy!» ― diýen sözlerden başga hiç zady aňyp bolmaýardy. Korowýew aglap-aglap keýpden çykandan soň, ýüzüni diwardan aýryp diýdi:
― Ýok, mundan artyk çydap bilmerin! Baryp efir walerýankasyndan üç ýüz damja içmesem bolmaz! ― Şundan soň ol gözýaşyndan öl-suw bolan ýüzüni Poplawskä öwrüp, sözüne goşdy: ― Ine, size tramwaýyň kesapaty!
― Bagyşlarsyňyz, maňa telegrammany siz iberipmidiňiz? ― diýip sorady Maksimilian Andreýewiç, bu geň aglagyç adam kimkä diýip, henizem ejirli halda oýlanyp...
― Ol! ― diýdi Korowýew barmagy bilen pişigi görkezip.
Poplawskiý, öte eşitdimmikäm diýip, aňalyp galdy.
― Ýok, çydap bilemok, aglamaga indi mydarym galmady ― diýip, dowam etdi Korowýew burnuny çekip, ýatlasam: tigir şormaňlaýyň aýagyny... bir tigir azyndan on put-a bardyr... Kars edip! Gidip uklap, köşeşmesem bolmaz ― şeýle diýdi-de, dälizden gaýyp boldy.
Pişik bolsa ýerinden gozgandy, oturgyçdan böküp düşüp, art aýaklarynyň üstüne dik durdy, öň aýaklaryny biline goýdy-da, agzyny bitaý köwüş dek açyp, dile girdi:
― Hawa, men iberipdim telegrammany. Indi näme?
Maksimilian Andreýewiçiň şu demde gözi garaňkyrap, başy aýlandy, el-aýaklary ysmaz bolup galdy, çemodanyny goýup, pişigiň garşysyndaky oturgyçda çökdi.
― Men rus dilinde gepläp durun-a ― diýdi pişik gazap bilen, ― ýeri, indi näme?
Emma Poplawskiý oňa jogap berip bilmedi.
― Pasportyň! ― diýip, mawlady pişik we ýumşak penjesini uzatdy. Bütinleý özüni ýitiren Poplawskiý pişigiň gözlerinde ýanyp duran iki uçgundan başga hiç närsäni görmän, jübüsinden pasportyny edil hanjary gynyndan sogran ýaly çykardy. Pişik ýüz görülýän aýnanyň aşagyndaky stoljagazda ýatan galyň gara gaşly äýnegi alyp dakynyp, has-da haýbatly göründi we Poplawskiniň sandyraýan elinden pasporty kakyp aldy.
«Be-e, huşumdan gidäýjekmikäm ýa ýokmy?» ― diýip oýlady Poplawskiý. Uzakdan henizem Korowýewiň horkuldap aglaýanlygy eşidilýärdi, girelge efir walerýankasy we ýene allanähili ýakymsyz närsäniň ysyna doldy.
― Dokument haýsy milisiýa bölümi tarapyndan berlen? ― diýip sorady pişik, pasporty sahypalap. Jogap bolmady.
Pişik ters tutup oturan pasporty sahaplap, penjesini ýöredip öz-özüne diýdi: ― Dört ýüz on ikinji bölüm... hä, dogry, on ikinji! Maňa tanyş bu bölüm! Ol ýerde ite-de-bite-de pasport beriberýärler! Emma men, meselem, size bermezdim! Asla bermezdim! Ýüzüňe bir serederdim-de derhal ret ederdim! ― Pişigiň gahary gelip, pasporty ýere oklap goýberdi.
― Siziň jaýlanyş märekesine gatnaşmagyňyz gadagan edilýär ― diýip, dowam etdi pişik, ýörite buýruk berip.
― Derhal öz ýaşaýan ýeriňize dolanyň. ― Soň gapy tarapa öwrülip seslendi: ― Azazello!
Şu mahal dälize egnindäki gara trikosy bedenine şaplaşyp duran, keltejik, bilindäki kemerinde pyçak asylgy, çep gözüne ak düşen, çypar, seýrek dişli, agsak adam atylyp çykdy.
Poplawskiý özüne howa ýetmeýänini duýup, entirekläp ýerinden galyp, ýüregini tutup, yza tesdi.
― Azazello, ugrat! ― diýip buýrdy pişik, girelge otagdan çykyp barşyna.
― Poplawskiý, ― diýdi kelte adam burnuna salyp, ― bar zat düşnüklidir-le?
Poplawskiý baş atdy. ― Häziriň özünde Kiýewe ugra ― diýip dowam etdi Azazello, ― ol ýerde gybyrt etmän otur-da, Moskwadan kwartira almagy hyýalyňa hem getirme, düşündiňmi?
Özüniň seýrek dişi, pyçagy, çaşy gözi bilen Poplawskiýniň janyny alan bu kelte adamyň boýy ykdysatçynyň egnine deň gelse-de, hetdi-hereketinden gaýratly, ökde, öz işine ezberdigi görnüp durdy.
Ilki bilen ol ýerde ýatan pasporty alyp, Maksimilian Andreýewiçe uzatdy, ol jansyz eli bilen pasporty aldy. Soň Azazello bir eline çemodany alyp, ikinji eli bilen gapyny açdy-da, Berliozyň daýysyny goltuklap, basgançak meýdançasyna alyp çykdy. Poplawskiý diwara söýenip galdy. Azazello çemodany açarsyz açyp, ondan ýag ýokly gazete dolanan bir aýagy ýok ullakan gowrulan towgy alyp, ýerde goýdy. Soňra çemodandan ýene iki jübüt içki köýnek-balak, päki çarhlaýan tasma, nähilidir bir kitap we gutujygy çykaryp, towukdan başga hemmesini aýagy bilen depip, basgançagyň aralygyndan aşak zyňyp goýberdi. Boşan çemodan hem pese oklandy. Birazajyk wagtdan soň onuň ýere tarkyldap urlany eşidildi, megerem, gapagy gopan bolsa gerek.
Soň saryýagyz galtaman towugyň aýagyndan tutup, onuň bilen rastlap Poplawskiniň gerşine şeýlebir urdy welin, towugyň özi uçup gidip, Azazellonyň elinde diňe aýagy galdy. Meşhur ýazyjy Lew Tolstoýyň dana düşündirişi bilen aýdanyňda, Oblonskileriň öýünde hemme zat astyn-üstün boldy. Şu ýagdaýda ol hem edil şeýle diýerdi. Hawa! Poplawskiniň göz öňünde bar zat garym-gatym boldy. Onuň göz öňünden uzyn uçgun lyp edip geçdi, soň ol uçgun uzyndan-uzyn matam lentasyna öwrülip, nurly maý gününi bir salymda zulmat perdesi bilen büredi, ― şonda Poplawskiý pasportyny elinde tutup, basgançakdan pese uçup düşe başlady. Basgançagyň birinji öwrülmesine ýetende, ol ýerdäki penjire aýnasyny depip döwdi-de, özi basgançakda oturdy. Aýaksyz towuk onuň ýanyndan uçup geçip, basgançagyň aralygyndaky boşluga düşdi. Ýokardaky meýdançada galan Azazello bir demde towugyň aýagyny gemirdi-de, süňküni trikosynyň ýan jübüsine saldy we kwartira girip, gapyny şarkyldadyp ýapdy. Edil şu mahal aşakdan ýokarlygyna göterilýän adamyň aýak sesi eşidildi.
Poplawskiý ýene bir basgançak pese ylgap düşüp, bu ýerdäki meýdançada duran agaç diwana çöküp, demini dürsedi.
Üstüne köne biçim, sarymtyl berk ýüpek matadan tikilen çesunça, başyna ýaşyl lentaly sypal şlýapa geýen, örän gamgyn ýüzli, keltejik bir garry basgançakdan çykyp, Poplawskiniň garşysynda togtady.
― Soramaga rugsat ediň, graždanin ― diýip, mylaýym äheňde sorady ol çesunçaly adam, ― nomeri 50-nji kwartira nirede?
― Ýokarda! ― diýdi Poplawskiý, jogaby gysgadan gaýtaryp.
― Örän minnetdar men, graždanin, ― diýdi kelte boýly adam gamgyn äheňde we ýokary galyp ugrady. Poplawskiý bolsa ýerinden turup, pese ylgap düşdi.
Maksimilian Andreýewiç göre-gündiz özüni wagşyýana dalan deýýuslaryň üstünden arz-şikaýat etmäge milisiýa howlukmaýarmyka diýen sowal dogulýar. Ýok, eger-eger diýip, gaty ynam bilen aýtmak mümkin. Milisiýa edarasyna baryp, ine, häzir äýnekli pişik pasportymy okady, soň triko geýen , kemeri pyçakly adam... diýip arz etsinmi... ýok, graždanlar, Maksimilian Andreýewiç hakykatdan hem, dana adamdy!
Ol pese, düşüp, köçä çykýan gapynyň ýanjagazynda nähilidir bir sümelgäni gördi. Sümelgäniň gapysynyň aýnasy döwükdi. Poplawskiý pasportyny jübüsine salyp, ýokardan taşlanan zatlaryny gözläp, daş-töweregine göz aýlap başlady. Emma ol zatlardan nam-nyşan ýokdy. Bu ýagdaý Poplawskini beýle bir ynjytmady, geň ýeri, gaharynyň gelmeýänine özi hem haýran galdy. Häzir ony waswasa salýan başga bir täsin pikir eýeläpdi, ― ol ýaňky gargyş siňen kwartirany häzir ýokaryk giden kelte adamyň mysalynda ýene bir synap görmek islegindedi. Hakykatdan-da: eger ol öýüň niredeligini soran bolsa, diýmek, bu ýere birinji gezek gelýär. Diýmek, ol häzir gös-göni 50-nji kwartirany mekan eden deýýuslaryň penjesine baryp düşer. Poplawskiý bu kelte kişi tiz gaýdyp geler diýip güman edipdi. Maksimilian Andreýewiç indi ýegeniniň jaýlanyş dessuryna howlukmaýardy, Kiýew otlusynyň ugramagyna bolsa heniz kän wagt bardy. Ykdysatçy eýläk-beýläk seredip, ýaňky sümelgä girdi. Edil şu mahal ýokarlarda gapynyň açylyp-ýapylany eşidildi. «Ana, şol girdi!» ― diýip oýlady Poplawskiý ýüregini howladyp. Sümelgäniň içi salkyndy, ondan syçanyň we ädigiň ysy gelýärdi. Maksimilian Andreýewiç bir agaç töňäň üstünde oturyp, garaşmagy karar etdi. Onuň oturan ýeri amatly bolup, altynjy girelgäniň agzy äşgär görnüp durdy.
Emma kiýewli daýy bu ýerde çak eden wagtyndan köpräk garaşmaly boldy. Basgançak, nämüçindir henizem boşdy. Şol sebäpli ses gowy eşidilýärdi. Ine, ahyry, bäşinji gatda gapy kakyldy. Poplawskiý doňňara daş bolup otyrdy. Hawa, şonuň aýak sesi, «Aşak düşüp gelýär». Bir gat aşaky gapy açyldy. Aýak sesi diňdi. Aýal sesi. Gamgyn adamyň sesi... hawa, şonuň sesi... Ol, «Isanyň hakyna, azar bermäň...», diýen ýaly boldy. Poplawskiniň diň salýan gulagy döwük aýnadan çykyp durdy. Şol gulak aýal adamyň gülküsini aňşyrdy. Çalt hem ynamly ýöräp, düşüp gelýän aýak sesi; ine, ol çaltlyk bilen geçip giden aýaly arkasyndan görüp galdy. Eline gök kleýonka sumka göteren bu aýal gapyny açyp, howla çykyp gitdi. Kiçijik adamyň aýak sesi ýene gelip ugrady. «Geň zat, ol ýene şol öýe dolanyp barýar. Ine, ýene ýokary gatdaky gapy açyldy. Aý, ne çäre, ýene garaşarys».
Bu sapar köp garaşmaly bolmady. Gapy açyldy. Aýak sesi. Ses diňdi. Janagyrly gykylyk. Pişik mawlady. Juda tiz, uçup düşüp gelýän aýak sesi, pese, pese, pese! Poplawskiý niýetine ýetdi. Ýaňky gamgyn adam bir zatlary samrap, çokuna-çokuna okdurylyp geçdi, onuň ýylçyr kellesi dyrnalan, jalbary öl-suw, ýüzi-gözi dälä çalymdaşdy. Onuň gorkusy şu derejä ýetip, gapynyň nirä açylýandygyny bilmän, jany çykaýjak bolup, tutawaçdan ýoklary dartyp başlady, ahyry ugruny tapyp, ony açyp, gün şöhlesi düşüp duran howla atylyp çykyp gitdi.
Şeýdip, kwartira synagdan geçdi, Maksimilian Andreýewiç indi merhum ýegenini hem, kwartirany hem oýlaman, öz başyndan geçiren howpy ýadyna düşende, «galt-galt» titräp, şol: «Hemmesi düşnükli! Bar zat düşnükli!» ― diýip, iki agyz sözi pyşyrdap, howla ylgap çykdy. Ýene birnäçe minutdan soň ykdysatçy-taslamaçy trolleýbusda Kiýew wokzalyna tarap ugrady.
Poplawskiý pesde, sümelgede oturan wagtynda kiçijik adamyň başyna örän kyn söwda düşüpdi. Ol Warýetede büfetçi bolup işleýän, ady-familiýasy Andreý Fokiç Sokowdy. Warýetede derňew işleri alnyp barylýarka, Andreý Fokuç ähli wakadan özüni çete çekip ýördi, emma adamlar onuň ozal hem tutuk ýüzüniň indi hasam gamgynrak bolanyny duýupdylar, mundan daşgary, ol kurýer Karpowdan çet ýurtly jadygöýüň nirede ýaşaýanyny-da sorapdy.
Şeýlelikde, bufetçi basgançak meýdançasynda ykdysatçydan salgy sorandan soň, bäşinji gata baryp, 50-nji kwartiranyň jaňyny basdy. Ol jaň eden badyna, gapyny açdylar, emma bufetçi derrew girip bilmedi, gaýta tisginip yza tesdi. Munuň sebäbi bardy. Gapyny uýat ýerine tor bezegli fartukjagaz dakan, başyna ak bezeg dakynan çyp-ýalaňaç gyz açypdy. Aýagyna bolsa altyn köwüş geýipdi. Gyzyň daşky kyýapasynda ýeke-täk nogsan ― boýnunda goňur ýara yzy bar diýmeseň, onuň kaddy-kamaty asla bibahady.
― Giriň-dä, jaň edeniňizden soň! ― diýdi gyz, bufetçä bihaýa gök gözlerini dikip.
Andreý Fokiç aňk bolup, gözlerini gyrpyldatdy we şlýapasyny çykaryp, girelgä gadam goýdy. Edil şu mahal girelgedäki telefon jyrlady. Utançsyz hyzmatçy gyz bir aýagyny oturgyja goýup, trubkany alyp diýdi:
― Allo!
Bufetçi utanyp, nirä seretjegini bilmän, aýaklaryny çalşyryp durşuna: «Ine, saňa gerek bolsa, çet ýurtlylaryň hyzmatçysy! Tüf, nähili masgaralyk!» ― diýip oýlanýardy. Soň ol şu bihaýalykdan gözüni alyp gaçmak üçin her tarapa ýaltaklap başlady.
― Bu giň, alagaraňky girelgäniň içinde her dürli zatlar we lybaslar çaşyp ýatyrdy. Şunlukda, oturgyjyň arkasynda elwan reňk žähekli matam plaşy, ýüz görülýän aýnanyň aşagyndaky stoljagazda bolsa ýanyp duran altyn saply uzyn şpaga ýatyrdy. Ýene kümüş saply üç sany şpaga edil saýawan ýa-da hasa kibi burça söýäp goýlupdy. Diwara kakylan keýik şahyna bolsa bürgüt petli beretler ildirilgidi.
― Diňleýärin ― diýdi hyzmatkär telefona, ― näme? Baron Maýgel? Gulagym sende. Hawa, Jenap artist bu gün öýde. Hawa, baş üstüne duşuşar ol siziň bilen. Hawa, myhmanlar... Ýa frak, ýa gara kemzol. Näme? Gije sagat on ikä. ― Hyzmatkär telefonda gepleşip bolup, trubkany goýdy, soň bufetçä ýüzlendi: ― Size näme gerek?
― Men graždanin artisti görjekdim. ―
O nähili? Hut onuň özünimi?
― Hawa, ― diýdi gamgyn äheňde bufetçi.
― Sorap göreýin ― diýdi hyzmatkär ikirjiňlenip we merhum Berliozyň kabinetini çala açyp diýdi: ― Rytsar, bu ýere keltejik bir adam gelip, messirri görjek diýýär.
Kabinetden Korowýewiň çat açan sesi eşidildi:
― Goý, girsin.
― Myhmanjaýa giriň ― diýip, gapyny açdy bihaýa gyz, edil adam şekilli geýnen ýaly, soň özi girelgäni terk etdi. Bufetçi teklip edilen otaga girdi-de, özüniň näme iş bilen gelenini hem unutdy. Bu öýüň bezegini görüp onuň aňkasy aşdy. Äpet penjirelere goýlan al-elwan aýnalardan (nam-nyşansyz gaýyp bolan zergär dul aýalyň arzuw-höwesi) edil buthanalarda bolşy dek üýtgeşik nur saçylýardy. Baharyň günleridigine seretmezden, gadymy haşamly kaminde odun lowlap ýanyp durdy. Ýöne otagyň içi yssy däl, tersinedi, jaýa giren bufetçiniň burnuna ýerzeminiň zeý ysy uruldy. Kaminiň öňüne ýazylan gaplaň derisiniň üstünde äpet garamtyl pişik gözlerini sahawatly süzüp, oda seredip otyrdy. Bu ýerde şeýlebir stol hem bar bolup, hudaýhon bufetçiniň gözi oňa düşenden, endam-jany tisgindi: stolyň üstüne budhana parça matasy ýazylgydy. Ine, şu parça saçagyň üstünde zeň we çaň basan garynlak çüýşeler durdy. Çüýşeleriň arasynda bir mejime ýalpyldap göründi, onuň sap altyndan ýasalany bir seredeniňden mälimdi. Kaminiň öňünde kemerine pyçak dakan keltejik, çypar adam polat şemşirini syh edip, otda çişlik, bişirýärdi, etiň suwy oda şyp-şyp damýardy, tüsse bolsa tor arkaly çykyp durdy. Bu ýerde diňe kebap ysy, şunuň dek, allanähili juda ýiti atyr bilen ladan ysy hem bardy ki, Berliozyň aradan çykany hakda gazetden okan we onuň nirede ýaşanyny bilýän bufetçiniň beýnisinde, bu ýerde Berlioza jynaza okan bolsalar gerek diýen pikir peýda boldy, emma şu demde muny öte ýalňyş pikir diýip, göwnünden çykaryp taşlady.
Huşuny ýitiren bufetçi birden kimiňdir ýogyn, haýbatly bas sesini eşitdi:
― Ýeri, näme kömek edip bilerin men size?
Şonda bufetçi özüne gerek kişini gördi. Jadygöý hemme tarapyna ýassyk ýaýyp, allanähili juda giň we pessejik diwanda gyşaryp ýatyrdy. Bufetçiniň gözüne artist egnine diňe gara içki köýnek-balak, aýagyna uzyn tumşukly gara köwüş geýen ýaly göründi.
― Men, ― diýip hasrat bilen gepe başlady bufetçi, ― Warýete teatrynda bufet müdiri...
Artist bufetçiniň gepini böljek bolan ýaly, elini öňe uzadyp, (barmaklaryndaky ýüzükleriň gaşlary lowurdap, nur saçdy) gaharly sözläp ugrady:
― Ýok, ýok, ýok! ― Indi bir agyz hem geplemäň! Hiç haçan, hiç ýerde! Bufetiňizde hiç-haçan naharlanmaryn! Agşam men, hormatly kişi, bufetiňiziň golaýyndan geçipdim, häli-şindi bekre balygy bilen peýniriňiziň ysy damagymdan gidenok. Ezizim! Hiç-haçan peýnir gök reňkde bolmaýar, kimdir biri aldapdyr sizi. Peýnir diňe ak reňkde bolmaly. Ondan soň, çaýy! Ol-a bir ýuwundy-la! Bir üflas gyzyň bedrede sowuk suw getirip äpet semawara guýup duranyny, şol wagtyň özünde semawaryň jüründigini towlap, adamlara çaý guýup berýändiklerini gözüm bilen gördüm. Ýok, ezizim, beýtmek bolmaz!
― Meni bagyşlarsyňyz, ― diýdi bu garaşylmadyk hüjümden aljyran Andreý Fokiç, ― men başga mesele bilen gelipdim, bekre balygyň oňa dahyly ýok.
O nähili dahyly ýokmuş, balyk yslanan bolsa!
― Bekre balygyň soň gyzdyrlanyny iberipdiler ― diýdi bufetçi.
― Ezizim, bu birderek gürrüň!
― Nämesi biderek!
Soň gyzdyrylan diýýäniňiz! Her bir harydyň täze, soň ýyladylan bolmazlygy gerek, eger bekre soň ýyladylan bolsa, ol azyk däl, ony iýip bolmaz, çünki ol zaýa bolandyr.
Dowamly ykarat edýän artisden nähili gutuljagyny bilmedik bufetçi:
― Meni bagyşlarsyň... ― diýip, ýene gepe başlanda, artist:
― Bagyşlap bilmerin ― diýip, üzül-kesil onuň sözüni böldi.
― Men başga meselede gelipdim! ― diýdi, zordan halys aljyran bufetçi.
― Başga meselede? ― diýdi geň galyp, çet ýurtly jadygöý. ― Eýse, nähili işiňiz bolup biler maňa? Eger hakydam aldamaýan bolsa, men size kärdeş bolanlardan diňe bir markitant — goşunlaryň ýanynda bolup, söwda edýän aýaly bilýärdim, emma oňa-da kän wagt geçdi, siz ol mahal dünýä gelmändiňiz. Bolsa-da, men şat. Azazello! Bufet müdiri jenaplaryna oturgyç goý.
Kebap bişirýän adam bärsine öwrüldi welin, onuň seýrek, bigelşik uzyn dişleri bufetçini erbet gorkuzdy. Azazello çalasynlyk bilen oňa gara dub oturgyçlardan birini goýdy. Otagda şu pessejik oturgyçlardan başga oturgyç ýokdy.
― Örän minnetdardyryn ― diýdi bufetçi we oturgyja çökdi. Oturany hem şol, oturgyjyň yzky aýagy «kars» edip döwüldi, bufetçi gürpe ýykylyp, arkasy ýere gaty uruldy. Ol ýykylyp barşyna, aýagynyň öňünde duran başga bir oturgyja degip, onuň üstünde püre-pür gyzyl meý guýlan bulgury jalbaryna agdardy.
Artist: ― Boý-bow! Bir ýeriňizi agyrtdyňyzmy? ― diýip gygyrdy.
Azazello bufetçä kömek edip, goltugyndan galdyrdy-da, oňa başga oturgyç goýdy. Bufetçi öý eýesiniň «Jalbaryňyzy çykaryň, otda guradyp bererler» diýen teklibini mylaýym äheňde ret etdi, öl geýimde özüni örän oňaýsyz duýup, ikinji oturgyja gorka-gorka oturdy.
― Men pes oturgyjy gowy görýärin, ― diýip gepläp başlady artist, ― pes oturgyçdan ýykylmak onça hatarly däl. Hawa, biz bekre balygy hakda gepläp otyrmydyk?! Ezizim! Hemişe diňe täze azyk, täze azyk, täze azyk ― her bir bufetçiniň şygary şu bolmalydyr. Ýogsa-da, ine, dadyp görüň... Şu wagt kamindäki oduň gyp-gyzyl şuglasynda bufetçiň öňünde şemşir ýalpyldady we Azazello altyn tarelka jazlap duran bir bölek et salyp, üstünden limon şerbetini damdyrdy-da, ony bufetçä iki dişli altyn çarşajyk bilen bile uzatdy.
― Sag boluň... men... Ýok, ýok, dadyp görüň! Bufetçi hormat ýüzesinden bir bölek eti agzyna saldy-da, şobada, hakykatdan hem, täze etden bişirilen, özem örän hoştagam zady çeýneýändigini duýdy. Emma ysy ýakymly, mazaly eti çeýnäp durka, ol şeýlebir galkyndy, tas ikinji gezek ýykylypdy. Goňşy otagdan uly bir guş uçup çykyp, ganatyny bufetçiniň takyr başyna ýuwaş degrip geçdi. Ol kaminiň tekjesinde duran sagadyň ýanyna baryp gonanda, baýguşdygy mälim boldy. «Ýa, hudaý toba! ― diýip oýlady ähli bufetçiler ýaly gaharjaň Andreý Fokiç. ― Bu nähili jaý özi!»
― Bir bulgur çakyr, ä? Agyndanmy, gyzylyndanmy? Haýsy ýurduň şerabyny gowy görýäňiz günüň bu wagtynda?
― Sag boluň... men içmeýärin...
― Biderek edýäň! Bolmasa bir gol süňk taşlap oýnarysmy? Ýa siz başga bir oýny halaýaňyzmy? Meselem: domino, kart?
― Men hiç zat oýnamaýaryn ― diýdi, gaty usurgan bufetçi.
― Örän ýaman ― diýip netije çykardy öý eýesi, ― siz näme diýseňiz diýiň, emma meý içmekden, humar oýunlaryndan, dilber aýallardan-u ýürekdeş söhbetlerden ýüz dönderýän erkekleriň köňlünde nähilidir ýowuzlyk kän bolýar. Beýle adamlar ýa agyr näsag bolýarlar, ýa-da töweregindäki adamlary gizlin ýigrenýärler. Dogry, käte başgaça-da bolýar. Meniň bilen bile bir saçak başynda zyýapatda bolan adamlaryň içinde-de üýtgeşik deýýuslar duşýardy. Ýeri, bolýa, gulagym sizde.
— Siz düýn gözbagçylyk edipdiňiz...
― Menmi? ― diýdi gara mag geňirgenip, ― ýok, bagyşlarsyňyz. Maňa ýaraşmaýar beýle zatlar!
― Bagyşlarsyňyz ― diýdi özüni ýitirip oturan bufetçi, ― eýsem, jadygöýlik seansy...
― Ä, hawa, dogry, dogry! O, ezizim! Size syryny açaýyn: men asla artist däldirin, ýöne bir keýpine, moskwalylary göresim geläýdi, bolany, muny amala aşyrmaga teatr oňaýlydy, elbetde. Ine, meniň kömekçilerim, ― ol kellesi bilen pişik tarapa yşarat kyldy, ― şol seansy gurnadylar, men diňe moskwalylary synlap, ümsüm oturyberdim. Ýok, ýok, reňkiňiz öçmesin-de, hany, şol seans mynasybetli sizi bu ýere gelmäge näme mejbur edenini aýdyň maňa.
― Özüňize aýan, her dürli fokuslar arasynda ýokardan kagyzlar hem gaçypdy, ― bufetçi sesini peseltdi we hyjalat çekip töweregine garady, — gepiň gysgasy, şol kagyzlary hemmeler howadan gapyp aldy. Soňra bufetime bir ýaş ýigit girip, bir gyzyl onluk uzatdy, men oňa sekiz ýarym manat gaýtardym... Soňra ikinji adam...
― Ol hem ýaş ýigitmidi?
― Ýok, garry adam. Soň üçünji, dördünji adam girip geliberdi. Men barysyna gaýtargy berdim. Bu gün kassany barlap göreýin diýsem, pul däl, gyýkyndy kagyzlar ýatyr. Bufet bir ýüz dokuz manat zyýan gördi.
― E, toba, toba! ― diýdi artist, ― be-e, eýsem, adamlar şol kagyzlary hakyky pul hasapladylarmyka? Bile-göre şeýle edenlerine hiç aklym çatanok.
Bufetçi ýüzüni çytyp, töweregine nazar aýlady, ýöne hiç zat diýmedi.
― Be-e, kezzaplarmyka?.. ― aladalanyp sorady gara mag myhmandan, ― aý ýoga-a, moskwalylaryň arasynda-da kezzaplar barmy?
Oňa jogap ýerine bufetçi ajy ýylgyrdy, şonda moskwalylaryň arasynda-da kezzaplaryň barlygyna asyl-ha şübhe galmady.
― Bu pes adamlaryň işi! ― diýip, Woland gaharlandy, ― ine, siz garyp adamsyňyz... dogry dälmi, garypsyňyz-a?!
Bufetçi kellesini gerdenleriniň arasyna çekdi welin, onuň garyp adamlygy göründi.
― Siz, meselem, näçe pul süýşirindiňiz?
Sorag gyzyklanma görnüşinde berildi, emma ony ýönekeý diýip bolmaýardy. Bufetçi özüni ýitirdi.
― Bäş amanat kassada iki ýüz kyrk dokuz müň manat puly bar, ― diýdi nähilidir sandyrawuk ses goňşy otagdan, ― ýene öýünde poluň aşagynda iki ýüz sany on manatlyk altyn teňňe gizlengi.
Bufetçi özüni göýä oturgyja ýelmeşen dek duýdy.
― Hawa, elbetde, kän pul däl bu, ― diýdi Woland myhmana mürewwet edip, ― emma, dogrusyny aýdanyňda, süýşüreniňiz size gerek hem bolmaz. Haçan ölerin öýdýäň?
Indi bufetçiniň gahary geldi.
― Muny hiç kim bilmez, ajalymyň hiç kime galtaşygy-da ýok ― diýip, jogap berdi ol.
― O nämüçin hiç kim bilmezmiş ― diýip, kabinetden ýene ýaňky ýakymsyz ses eşidildi, ― ol näme Nýutonyň binomymy! Ol dokuz aýdan soň, geljek ýylyň fewralynda birinji MGU hassahanasynyň dördünji palatasynda bagyr ragyndan öler.
Bufetçiniň reňki sap-sary boldy.
― Dokuz aý ― diýip, oýa batyp, hasaplap başlady Woland, ― iki ýüz kyrk dokuz müň... çaklap hasaplasak, aýyna ýigrimi ýedi müň manatdan düşýärmi? Azrak, ýöne ortaça gün geçirilýän bolsa, ýetiberýär. Ýene altyn teňňeler hem bar.
― Altynlary harçlamaga ýetişmeýär ― diýip, ýene ýaňky ses gepe goşuldy, bufetçiniň ýüregini buza dönderip. ― Andreý Fokiç wepat eden badyna, onuň öýi ýykylar, on manatlyk altyn teňňeler bolsa Döwlet bankyna geçiriler.
― Hawa, keselhana girmegi maslahat bermezdim ― diýip, dowam etdi artist. ― Agyr näsaglaryň dynuwsyz yňrap, nala çekip ýatan palatasynda jan bermegiň näme manysy bar. Ondan-a şol ýigrimi ýedi müňe ýagşy bir oturlyşyk gurup, soň awy içip, ýas mukamlarynyň astynda serhoş sahypjemallar-u jana-jan dostlaryň ugratmagynda baky dünýä rowan bolanyň gowy dälmi?
Bufetçi sarsman otyrdy, ol birden garran ýaly boldy. Gözleriniň daşynda gara halka peýda boldy, ýaňaklary salparyp, eňegi asylyp galdy.
― Muňa serediň-ä, hyýala berlip gidipdiris ― diýdi öý eýesi, ― maksada geçeli. Hany, görkez bakaly şol gyrkylan kagyzlaryňy.
Bufetçi tolgunyp, jübüsinden gazete dolanan bir petde kagyzy alyp, ony açdy, açdy-da, aňk-taňk boldy. Gazete gyzyl onluklar dolangydy.
― Ezizim, siz çyndanam näsag ― diýdi Woland egnini gysyp.
Bufetçi syrtaryp, ýerinden galdy.
― Bardy-geldi, ― diýdi sakawlap ol, bular ýene öňki ýaly...
― Hm... oýlanyp durdy artist, ― onda ýene huzurymyza geliň. Siz üçin mydama gapymyz açyk. Tanyş bolanmyza şat men.
Şol wagt kabinetden Korowýew atylyp çykyp, bufetçiniň eline ýapyşdy, ony dynman silkeläp, hoşlaşyp, hemmä köpden-köp salam aýtmagy gaýta-gaýta haýyş etdi. Hiç zat aňşyrmaýan bufetçi dälize tarap ýöredi.
― Gella, ugradyp goýber! ― diýip gygyrdy Korowýew.
Bufetçi dälizde ýene şol çypar, ýalaňaç, bihaýa gyza ýüzbe-ýüz boldy. Ol gyýa açylan işikden keseligine çykyp, zordan «hoş» diýdi-de, serhoş ýaly entirekläp ugrady. Ol basgançakdan bir gat pese düşüp saklandy, basgançakda oturyp, jübüsinden dolangy puly alyp açdy ― onluklar ýerindedi.
Şol halatda bu ýerdäki jaýdan ýaşyl sumkaly bir aýal çykdy. Ol basgançakda gyzyl onluklara manysyz dikanlap oturany görüp ýylgyrdy-da, özüçe diýdi:
― Bu nähili öý boldy?! Ine, bu hem ir bilen awulygyny içipdir. Ana, penjiräň aýnasyny ýene döwüpdirler, ― soňra bu bufetçä dikanlap seredip:
― Bä, graždanin, onluk pullarňy towuk hem çokmaýar eken. Maňa-da birazrak bersene-e! Ä?
― Maňa azar bermäň, Isa hakyna, ― diýdi gorkup oturan bufetçi we puly derrew gizledi.
Aýal gülüp:
― Haý, mysalaň gursun, gysganç bedibagt! Degişdim ― diýip, pese düşüp gitdi.
Bufetçi assa-ýuwaş ýerinden turdy, şlýapasyny düzetmek üçin elini göterdi-de, kelleýalaňaçlygyny duýdy. Yzyna gaýtmaga aýagy çekenokdy, emma şlýapasyna-da gözi gyýmady. Ol birazajyk ikirjiňlenip durandan soň, ahyry yzyna gaýdyp, baryp jaň etdi.
― Indi näme gerek size? ― diýip sorady ondan nälet siňen Gella.
― Şlýapamy galdyrypdyryn ― diýip pyşyrda-dy bufetçi, barmagyny takyr başyna dürtüp. Gella yzyna öwrüldi, bufetçi heder edip, hyýalynda tüýkürdi-de, gözlerini ýumdy. Gaýtadan gözüni açanda, Gella oňa şlýapasy bilen gara saply şemşir uzadyp durdy.
― Meniňki däl ― diýip pyşyrda-dy bufetçi, şemşirini yza gaýtaryp, şlýapasyny geýip durşuna.
― Eýsem, siz şemşirsiz gelipmidiňiz! ― diýip, geňirgendi Gella.
Bufetçi bir zatlar diýip mydyrda-dy, tiz pese gaýtdy. Onuň kellesinde bir oňaýsyzlyk duýuldy, şlýapada birhili gyzgynlyk bardy, şonda ol şlýapasyny kellesinden çykardy-da, gorkudan ýaňa segräp düşüp, pessaý gygyrdy. Onuň elindäki şlýapa däl-de, ütülen horazyň ýelegi dakylan mahmal beretdi. Bufetçi çokundy. Şol pursatda beret mawlap, gap-gara çaga pişige öwrüldi we ýene Andreý Fokiçiň kellesine böküp çykyp, onuň takyr başyna dyrnaklaryny çümdürip, mäkäm ýapyşdy. Bufetçi jan awusyna dat edip, aşak ylgady, çaga pişik bolsa onuň başyndan segräp düşüp, basgançakdan ýokarlygyna atylyp çykyp gitdi.
Bufetçi açyk howa okdurylyp, derwezä tarap loňkuldap ylgady we arwahlar mekan tutan bu 302 ― bis öýi ömürlik terk etdi.
Soňra oňa näme bolandygy biz üçin syr däl. Bufetçi derwezeden köçä atylyp çykyp, bir zat gözleýän ýaly, gözlerini elek-çelek edip, töweregine ogrynça seretdi. Ýene bir minutdan ol köçäniň beýle ýüzüne geçip, epdege girdi.
Ol: «Merhemet edip aýdyň maňa...» diýen badyna, tahylyň aňyrsynda duran satyjy aýal gygyryberdi:
― Graždanin! Kellämiziň bar ýeri dyrnalaň-la!..
Ýene bäş minutdan soň bufetçiniň başy hasa bilen saralgydy, şol birwagtyň özünde ol bagyr keseli boýunça iň güýçli dogtarlaryň, öz käriniň ussady professor Bernadskiý bilen professor Kuzmindigini hem bilip ýetişdi, soň olaryň haýsy biri ýakyn ýerde diýip sorap, Kuzminiň bu ýerden bary-ýogy bir öý aňyrda, kiçijiik ap-ak jaýda ýaşaýandygyny bildi we begenjinden başy göge ýetdi, iki minutdan soň ol şol jaýa baryp girdi. Bu juda gadymy ymarat bolsa-da, otaglary amatlydy. Bufetçiniň ýadynda: oňa birinji ýüzbe-ýüz gelen eneke kempir boldy, ol bufetçiniň şlýapasyna el uzatdy, emma şlýapanyň ýoklugyny görüp, boş tamşandy-da, nirädir bir ýere gitdi.
Kempiriň ornunda aýnanyň gapdalynda, bir arkanyň aşagynda orta ýaşlardaky bir aýal peýda boldy we bufetçi sorag bermäge-de ýetişmänkä, diňe aýyň on dokuzyna ýazylmak mümkin diýdi. Bufetçi nähili alajyň barlygyny tiz pähimledi. Ol nursuz gözleri bilen arka seredip, ol ýerde ― girelgede nobata garaşyp oturan üç adamy görüp, pyşyrdady: ― Derdim agyr ― ölüp barýan...
Aýal bufetçiniň hasa bilen daňlan kellesine geň galyp seretdi-de, ikirjiňlenip:
― Ýeri, bolýa.. diýdi-de, ony içeri geçirdi.
Şol pursatda garşydaky gapy açylyp, ol ýerde peýda bolan doktoryň gözündäki altyn pensne parlady, ak halatly aýal diýdi:
― Graždanlar, bu näsag nobatsyz girýär.
Bufetçi göz açyp-ýumasy wagt geçmänkä, özüni professor Kuzminiň kabinetinde gördi. Bu uzalyp gidýän otagyň ne bir gorkunçly, ne dabdabaly, ne lukmançylyga degişli tarapy bardy.
― Size näme boldy? ― diýip sorady professor Kuzmin mylaýym owaz bilen we bufetçiniň hasa bilen saralan başyna howsalaly seredip.
― Ynamdar adamlaň maglumatlaryna garanyňda ― diýip jogap berdi bufetçi, diwara asylgy aýnaly çarçuwadaky bir topar adamyň suratyna göz gyýtagny aýlap, ― geljek ýyl fewralda bagyr ragyndan ölýän ekenim. Ýalbarýan, öňüni alyň.
Gaýyş kürsüde oturan professor Kuzmin özüni onuň belent söýenjegine ýaplady.
― Bagyşlarsyňyz, gepiňize düşünmedim... siz lukmana ýüz tutduňyzmy? Näme sebäpden kelläňiz saralgy?
― O nähili lukmanmyş? O lukmany sizem bir görsediňiz! ― diýip, ol birden dişlerini şakgyldatdy. ― Siz kellämdäki sarga seretmäň, keselime onuň dahyly ýok, kelläme asla üns bermäň, ol başga zatdan. «Bagyr düwünmesi», haýyş edýän, öňüni alyň.
― Eýsem, kim aýtdy size muny?
― Oňa ynanyň, ― diýip çyn ýürekden haýyş etdi bufetçi, ― ol bilýär.
― Hiç zada düşünemok ― diýdi, professor egnini gysyp, kürsisini tigirläp, stoldan uzaklaşyp.
― Haçan öljegiňi näbilýär ol adam, üstesine-de, ol lukmanam-a däl eken!
― Dördünji palatada öljekmişim, ― diýdi bufetçi. Şu gepden soň professor syrkawyň başyna, guran jalbaryna dikanlap seretdi-de: «Bir kemi şudy! Däli-le bu!» ― diýip köňlünden geçirdi we sorady:
― Arak içýäňmi?
― Hiç haçan agzyma alan däldirin ― diýip, jogap berdi bufetçi.
Ýene bir minutdan soňra ony çykaryndyryp sowuk kleýonka ýazylan kuşetka ýatyrdylar, professor onuň garnyna basyşdyrdy. Şuny aýtmak gerek ki, bufetçiniň ruhy indi ençe ýeňleşipdi. Çünki professor häzir, hususan bu günki günde bufetçide hiç hili rakdan derek ýokdugyny kesgin ynanç bilen aýtdy. Emma şeýle bolsa... ýagny gorkýan bolsa,, haýsydyr bir kezzap ony aldan bolsa, goý, onda hemme analizlerini tabşyrsyn...
Professor bir kagyzyň ýüzüne onuň nirä barmalydygyny, nämeler almalydygyny ýazyşdyryp, oňa düşündirdi. Mundan daşgary, ol bufetçä nerwisiniň bütinleý sandan çykandygyny aýdyp, newropatolog professor Burä hem hat ýazyp berdi.
― Näçe tölemeli men, professor? ― diýip mylaýym we sandyrawuk ses bilen sorady bufetçi, goltugyndan küti gapjygyny çykaryp.
― Göwnüňden çykaranyňy ― kesgin mylaýym äheňde diýdi professor.
Bufetçi otuz manat çykaryp stola goýdy, soň elini edil pişik penjesi kibi oýnadyp, gyzyl teňňeleri öňkiň üstüne goýdy.
― Ýeri, bu näme? ― diýdi Kuzmin murtuny towlap.
― Raýymy gaýtarmaň, graždanin professor ― diýip pyşyrda-dy bufetçi, ― ýalbarýan ― ragyň öňüni alyň.
― Häziriň özünde gaýdyp al altynyňy ― diýdi professor özüne buýsanyp, ― siz öz nerwiňizi bejertseňiz gowy bolardy. Ertiriň özünde siýdigiňizi tabşyryň analize, çaýy köp içmäň, nahary duzsuz iýiň.
― Hatda çorbany hemmi? ― diýip sorady bufetçi.
― Hemme naharyňyz duzsuz bolsun ― diýip buýrdy Kuzmin.
― Ehh!.. ― diýdi çala gorsanyp bufetçi, professora mähir bilen dikanlap, soň altynlary jübüsine saldy-da, işige tarap tese başlady.
Şol agşam professora görünmäge gelen näsaglar azdy, iňrik, garalyp başlanynda, soňky syrkaw hem gitdi. Professor haladyny çykaryp durşuna, bufetçiniň üç sany gyzyl onluk goýup giden ýerine göz aýlady, emma ol ýerde hiç hili pul ýok-da, «Abrau ― Dýurso» çüýşesine ýelmenýän üç sany ýarlyk ýatyrdy.
― Jyn ursun, bu näme boldugy! ― diýip gaharlandy Kuzmin haladynyň etegini polda süýräp baryp, kagyzlary barlap görşüne ― ol diňe däli däl, ýene kezzap hem eken-ow! Emma düşünip bilemok, nämüçin geldi ol meniň huzuryma? Diňe siýdik analizi üçin kagyz ýazdyrmaga geldimikä, aý, ýoga-a! Oh! Palto ogurlamaga gelendir!
Şundan soň ol haladynyň bir ýeňini çykaryp, girelgä atyldy ― Kseniýa Nikitişna! ― diýip gygyrdy ol bosagada durup, ― seret hany, paltolar ýerindemikä?
Paltolar ýerindedi. Emma professor ahyry ýol ugruna haladyny çykaryp stola golaýlaşdy-da, birden stolyň aşagyndan gözüni üzüp bilmän, edil parket pola kök uran ýaly, daş dek doňup galdy. Ýap-ýaňy ýarlyklar ýatan ýerde süýt guýlan gapjagaz, tarelkaň ýanynda şormaňlaý bir gara pişijek garybana mawlap durdy.
― Hany aýdyň, indi bu näme? Eýsem bu... ― professor ýeňsesiniň sowap barýanyny aňşyrdy. Onuň ýuwaş, ýöne janagyrly sesine ylgap gelen Kseniýa Nikitişna, çaga pişigi gelen syrkawlaryň biri taşlap giden bolsa gerek, professorlaryňkyda beýle ýagdaýlar bolup durýar diýip, ony derrew köşeşdirdi. ― Mätäçlikde ýaşaýan bolmaly ― diýip düşündirýärdi Kseniýa Nikitişna, ― bizde bolsa, her hili bolsa-da, elbetde... Soňra haýsy syrkaw taşlap gitdikä diýip oýlap başladylar. Oýlana-oýlana, aşgazan ýarasy bilen gelen kempirde saklandylar.
― Elbetde, şol, ― diýýärdi Kseniýa Nikitişna ― ol şeýle pikir eden bolmaly: men-ä barybir ölerin, biçäre pişijek bolsa hor bolar.
― Bagyşlarsyňyz! ― diýip heňkirdi Kuzmin, ― süýt näme?! Süýdi-de şol kempir getirdimi? Tarelkajyga näme diýersiňiz?!
― Süýdi ol kiçijik çüýşede getirip, şu ýerde tarelka guýandyr ― diýip düşündirdi Nikitişna.
― Her nämede bolsa, äkidiň pişijek bilen tarelkajygy ― diýdi Kuzmin we özi Kseniýa Nikitişnany tä gapa çenli ugratdy...
Ol yzyna gelende, ýagdaý ýene üýtgäpdi.
Professor haladyny çüýe ildirip, gulagyna howludan kimdir biriniň hahahaýlap gülýäni eşidildi, ol penjireden seredip, aňk-taňk bolup galdy. Bir zenan köýnekçe howlyny kesip, garşysyndaky kiçijik jaýa tarap ylgap barýardy. Professor hatda ol aýalyň ady-familiýasyny hem bilýärdi, ― Mariýa Aleksandrowna. Hahahaýlap gülýän bolsa bir oglanjykdy. ― Nämeler bolup dur? ― diýdi Kuzmin ýigrenç bilen.
Şol mahal diwaryň arkasynda, gyzynyň otagynda patefonda «Alliluýýa» fokstroty çalnyp başlandy, edil şu fokstrot çalynýan wagtda professoryň arka tarapyndan serçäniň jürküldisi eşidildi. Ol yzyna gaňrylyp, öz stolunyň üstünde ullakan bir serçäniň dik-dik böküp ýörenini gördi.
«Hm… seresap… ― diýip oýlandy professor, ol men ýokkam aýnadan giren bolmaly, hemme zat ýerbe-ýer» diýip, professor özüne buýruk berdi, asla hiç zadyň ýerbe-ýer däldigini duýup duran bolsa-da. Professor serçä dikanlap, onuň ýönekeý serçelerden däldigini derrew pähimledi. Bu ýaramaz serçejik çep penjesine agsaklap, ýuhalanyp, aýagyny süýräp basyp, mahlasy ― patefonda çalynýan fokstrota edil tahylyň öňünde çaýkanyp duran serhoş kimin tans edýärdi. Ol her hili biýedeplik edýärdi, professor tarapa utançsyz bakyp. Kuzmin elini telefona uzatdy, ol öz kursdaşy Burä jaň edip, altmyş ýaşly adamyň gözüne bu tüýsdäki serçe görünse, nähili, birdenem başyň aýlanyp başlasa ― bu nämeden alamat ― diýip sorajakdy.
Bolşuny üýtgetmän, serçe sowgat edilen syýa çüýşä gonup, ony hapalady, (dogrymy aýdýan) soňra uçup, howada perwaz edip durdy-da, segräp, uniwersiteti 94 ― ýylda tamamlan barça talyplaryň suraty ýerleşdirilen aýnany polat dek çüňki bilen kül-peýkun edip syndyrdy, şondan soň penjireden çykyp gitdi. Professor dosty Burä jaň etmegiň ýerine, sülükler býurosynyň telefon nomerini ýygdy we özüniň professor Kuzmindigini aýdyp, derhal öýüne sülük ibermeklerini haýyş etdi.
Professor trubkany asyp, ýene öz stoly tarapa öwrüldi, öwrüldi-de gygyryberdi. Stolyň arkasynda başyna aýallaryň ýaglygyny daňan we «Sülükler» diýip ýazylan sumkaly bir aýal otyrdy. Professor onuň agzyna bakyp dat etdi. Çünki ol agyz çyýşyk, gulagyna çenli ýeten, ýene üstesine erkeksi agyz bolup, onda diňe bir uzyn azy bardy. Şepagatçy aýalyň gözleri ölüdi.
― Pullary men ýygnap alýan ― diýdi aýal, ýogyn erkeksi ses bilen, ― ýersiz ýere ýaýrap ýatmasyn. ― Ol guşuňka meňzeş penjesi bilen ýarlyklary alyp, birdenem howada eräp, gözden ýitip başlady.
Aradan iki sagat geçdi. Professor öz ýatakhanasynda krowatda otyrdy, iki ýaňagyndan, gulaklarynyň arkasyndan we boýnundan sülükler asylyp durdy. Kuzminiň aýak tarapyndan ýüpek ýüň ýorgan üstünde çal murtly professor Bure Kuzmine hemdertlik bilen garap oturyşyna, göze görnen bu zatlara ynanma diýip, dostuna teselli berýärdi. Penjiräniň aňyrsy bu wagt gijelikdi.
Şol gije Moskwada ýene nähili apatly wakalar ýüz beripdir, ― biz ony bilmeýäris, soraglaşdyryp hem oturmarys, elbetde, munuň üstesine, şu dogruçyl kyssamyzyň ikinji bölümine başlamaly wagt hem gelip ýetdi. Meniň yzym bilen, okyjy! kitaphon!
Категория: Romanlar | Просмотров: 10 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: