01:29 Sorag alamaty | |
SORAG ALAMATY Sen dilleriň sorag alamatymy, Ýa alymlaň togtan kanagatymy? Bilemok bar zada nokat goýulýar, Ýa seň üçin nokat alamaty ýok. Bir köňlüm bar-guşmy, guş dälmi bilmen, Söwdasy yşk bilen daş dälmi bilmen, Sowaly gözlere ýaş dälmi bilmen, Ýa ol şygyrlaryň keramatymy? Ýa sende nokat ýok, ýa men has ejiz, Şonda-da setirleň köňlüme eziz, Bir syry açmadyk, belki-de heniz, Belki sen syrlaryň alamatymy? Älemde sowally aýlandym ýördüm, Kim beýik Pyragy? Kän sowal berdim, Aşyklyk şeminde eredim durdum, Ýa sen zemin-asman kanagatymy. Sen söz däl, söwdaýa sygman bilipsiň, Sen halat-serpaýa sygman bilipsiň, Sen ol syry bara sygman bilipsiň, Äkit asyrlara dowamatymy? Nokatsyz Pyragy, soragym erär, Jogapsyz Pyragy-şygyrlam dörän. Men seň soragyňda asmany görýän, Ýyldyzlaň iberen salam hatyny? Biz bir uly sowal içre ýanarys, Biz bir kiçi jogap içre ýanarys, Sen bir biz däl, her türkmeniň damary, Ruhumyzyñ beýik hemaýatymy? | |
|
Всего комментариев: 0 | |