01:18
Ussat we Margarita -17/ romanyñ dowamy
XVII bap

BIRAHAT GÜN

Juma güni ir bilen, ýagny kesapat seansynyň ertiri irden Warýeteniň barça işgärleri ― buhgalter Wasiliý Stepanowiç Lastoçkin, iki hasapçy, üç maşinistka, iki kassir hat-petek gatnadyjylar, kapeldinerler (zalda biletleri barlap, tertibe gözegçiler) jaý süpürýän aýallar, mahlasy, ähli hasapda durýan işgärler öz işleri bilen meşgul bolman, Sadowaýa köçesine açylýan penjireleriň tekjesinde oturyp, Warýetäniň öňünde ýüze çykan wakany synlaýardylar. Bu ýerde köp müň adamly mähelle iki hatar bolup nobatda durdy, onuň soňy Kudrin meýdanyna ýetipdi. Nobatyň iň öňünde Moskwa teatr milletine tanyş bolan alypsatarlardan ýigrimä golaýy durdy.
Nobatda duranlar aşa tolgunyp, öten-geçeniň ünsüni özüne çekýärdi, agşamky gara jadygöýlik seansy hakynda ýaýran täsin hekaýalary ara alyp maslahatlaşýardylar. Ine, şu hekaýalar agşam spektaklda bolmadyk buhgalter Wasiliý Stepanowiçiň aňkasyny aşyrdy. Bilet barlaýjylar, Hudaý bilsin, gör, nämeleri, şeýle hem, şol meşhur seans gutarandan soň, käbir aýallaryň köçede uýatly tüýsde ylgap ýörenini we şuňa meňzeş kän wakalary gürrüň berýärdiler. Salyhatly, ýuwaş Wasiliý Stepanowiç ine, şu mugjyzalar dogrusyndaky gepleri eşidip, diňe gözlerini gyrp-gyrp edip, näme etjegini bilmän, başyny agyrdýardy, indi Wasiliý Stepanowiç bir çäre oýlap tapmalydy, çünki Warýetäniň barça işgärleriniň arasynda esasy adam bolup bir özi galypdy. Ertir sagat onda bilet aljaklar şeýlebir köpeldi welin, onuň owazasy milisiýa hem ýetip, göz açyp-ýumasy tizlikde teatryň öňünde pyýada hem atly toparlar peýda boldy we nobaty azda-kände tertibe saldylar. Emma bir kilometre uzalan bu hatar biraz düzgüne münen bolsa-da, Sadowaýa köçesinden geçýän raýatlary gaty geň galdyrýardy.
Bu daşardaky ahwaldy, emma Warýetäniň içindäki ýagdaý hem düzüw däldi. Ir ertirden başlap Lihodeýewiň hem, Rimskiniň otaglaryndaky buhgalteriýadyr kassadaky, Warenuhanyň kabinetindäki telefonlar üznüksiz jyrlap başlady. Ilki Wasiliý Stepanowiç, soň kassir aýal bir zatlar diýip jogap berýärdiler, kä peldinerler hem eýle diýip, beýle diýip jogap gaýtardylar, emma soň, bara-bara trubkany almagy bes etdiler, çünki Warenuha, Rimskiý nirede diýen sowala jogap tapmak asla mümkin däldi. Ilk-ä, «Lihodeýew öz öýünde» diýen jogap bilen sypjak boldular, emma şäherden jaň edýänler: «Lihodeýewiňkä jaň etdik, ýöne ol Warýetede diýdiler» diýýärdiler.
Gaty tolgunan bir zenan jaň edip, Rimskini talap edip başlady, oňa: «Siz Rimskiniň aýalyna jaň ediň» diýip, maslahat berdiler, telefondaky aýal uly sesi bilen aglap: «Men Rimskiniň aýaly, ol hiç ýerde ýok» diýip jogap berdi. Öte düşnüksiz ýagdaý ýüze çykdy. Jaý süpürýän aýal maliýe direktorynyň kabinetini ýygnaşdyrmaga girip, onuň gapysynyň bütinleý açyk ýatanyny, çyralaryň öçürilmändigini, baga açylýan penjiräniň döwlendigini, kürsüniň ýerde agyp ýatanyny, emma otagda hiç kimi görmändigini aýtdy.
Sagat ondan geçende Warýetä, madam Rimskaýa okdurylyp girdi. Ol hüňübirýan aglap, ellerini döwere getirýärdi. Wasiliý Stepanowiç zenana näme aýtjagyny bilmän, elden-aýakdan çykdy. Sagat on biriň ýarynda milisiýa ýetip geldi. Milisiýanyň beren birinji we esasy sowaly şeýle boldy:
― Bu ýerde nämeler bolýar, graždanlar? Näme gep?
Warýete komandasy yza tesip, reňki çuw-ak bolan, teşwişli Wasiliý Stepanowiçi milisiýa ýüzbe-ýüz goýdy. Şonda gepiň açygyny aýdyp, Warýetäniň direktorynyň ornundaky maliýe direktorynyň, iş dolandyryjynyň ýitirim bolandygyny we olaryň niredediginiň mälim däldigini, alyp baryjynyň bolsa agşamky görkezilişikden soň, dälihana alnyp gidilendigini, mahlasy, agşamky oýnuň öte ryswalyk bolandygyny boýun almak dogry boldy.
Aglap duran madam Rimskaýany höre-köşe edip, köşeşdirip, öýüne ugratdylar, şundan soň maliýe direktorynyň otagynyň bolşy hakynda esasan jaý süpürýän aýalyň gürrüňini diňlediler. Hyzmatçylardan iş orunlaryna baryp, iş bilen meşgul bolmaklaryny haýyş etdiler, sähel wagtdan soň derňew hyzmatynyň işgärleri Warýetä gulaklary ýiti, gözleri örän dana, daýaw bir çal iti idekläp getirdiler. Warýetäniň işgärleri ony görenlerinden, ady meşhur Tuzbuben diýen it şu bolsa gerek diýen manyda özara pyşyrdaşyp ugradylar. Hakykatdan hem, bu şol itdi. Onuň hereketi hemmäni haýrana goýdy. Ol maliýe direktorynyň otagyna ýüwrüp girdi-de, sarymtyl betgelşik dişlerini syrtardyp, hyrlap başlady, soň garnyny ýere berip ýatyp, gözlerinde nähilidir hasrat-gaýgy we şol birwagtda gazap bilen döwlen penjirä tarap emedekläp süýşüp başlady, öz gorkusyny ýeňip, penjiräniň tekjesine böküp çykdy-da, uzyn tumşugyny göterip, jahalat bilen wagşyýana uwlady. Ol penjireden düşmegi islemeýärdi, hyrlap durka, bedeni titräp, pese bökmäge synanýardy.
Iti kabinetden alyp çykyp, westibýula goýberdiler, ol ýerden it uly gapy arkaly köçä ylgap çykdy we yzyndan barýanlary taksileriň durýan ýerine alyp geldi. Ine, şu ýere gelende, ol yzyň ysyny ýitirdi. Şondan soň Tuzabeni alyp gitdiler.
Derňewçiler Warenuhanyň kabinetine ornaşyp, agşamky oýun wagtynda ýüz beren wakalaryň şaýady bolan Warýete işgärlerini nobatma-nobat söhbede çagyryp başladylar. Şuny aýtmak gerek ki, derňewçiler her pursatda garaşylmadyk kynçylyklara duş gelýärdi. Kelebiň ujy salym geçmän üzlüp duruberýärdi.
Afişalar bolupmydy? Bolupdy. Emma gije olaryň üstüne başga afişalary ýabşdyrypdyrlar, indi, öldür, birem galmandyr. Aslynda şol jadygöý nireden çykdy? Kim bilýär. Göräýmäge onuň bilen şertnama-da baglaşylan ýaly.
― Şeýle ýaly öz-ä ― diýip jogap berdi tolgunýan Wasiliý Stepanowiç.
― Eger baglaşylan bolsa, ol buhgalteriýanyň üstünden geçmelidir-ä?
― Hökman ― diýip, ýene tolgunyp Wasiliý Stepanowiç jogap berdi.
― Ýeri, hany ol?
― Ýok ― diýdi, ellerini gerip, kem-kem reňki öçen buhgalter. Dogrudan hem, ne buhgalteriň papkasynda, ne maliýe direktorynda, ne Lihodeýewde, ne Warenuhada şertnamadan asla nyşan hem ýokdy.
Eýsem, ol jadygöýüň familiýasy nämedi? Wasiliý Stepanowiç bilmeýär, sebäbi, ol düýn tomaşada bolmandy. Bilet barlaýjylar bilenok. Ahyry bilet satýan aýal maňlaýyny bürüşdirip, ýygryp, oýlana-oýlana:
― Wo... Woland bolaýmasa... ― diýdi.
Belki, Woland hem däldir? Megerem, Woland däldir, belki-de Folanddyr.
Soraglaşdyryp, daşary ýurtlylar býurosynyň ne Woland diýen, şeýle hem, ne Foland atly jadygöý hakynda hiç zat eşitmändiklerini anykladylar.
Hat gatnadyjy Karpowyň aýtmagyna görä, şol jadygöý göýä Lihodeýewiň öýünde ýaşap ýörenmiş. Mälim zat, derrew ol öýe-de baryp geldiler. Ol ýerde hiç hili jadygöý tapylmady. Lihodeýewiň özi hem ýok. Öý hyzmatkäri Grunýa-da ýokdy; onuň nirä gaýyp bolanyny-da hiç kim bilmeýärdi. Öý edarasynyň ― başlygy Nikonor Iwanowiç ýok, Proležnew ýok! Göz görüp, gulak eşitmedik ýagdaý ýüz beripdi: teatryň ähli jogapkär ýolbaşçylary gaýyp bolupdy, düýnki jenjelli, uýatsyz oýun görkezilipdir, emma kim ony gurapdyr, kimiň sözi bilen edilendigi anyk däldi.
― Şeýlelikde kassanyň açylmaly günortan wagty-da golaýlaşdy. Elbetde, kassany açmak hakynda gürrüň-de bolmagy mümkin däldi! Şol demde Warýetäniň gapysyna: «Bu günki spektakl ýatyrylýar» diýen ýazgyly ullakan karton asyp goýdular. Nobatda duranlaryň arasynda tolgunyşyk döredi, emma az salym galmagal edip duranlaryndan soň, uzyndan-uzyn nobat zynjyry böleklenip, dargady, netijede aradan takmynan bir sagat geçip-geçmän, Sadowaýa köçesinde nobatdan nam-nyşan galmady. Derňewçiler işi başga ýerde dowam etmek üçin gitdiler. Warýetäniň işgärlerine öý-öýüne gitmäge rugsat berip, diňe nobatçylary galdyryp, teatryň gapylaryny ýapdylar.
Buhgalter Wasiliý Stepanowiçe iki işi birden tiz ýerine ýetirmek gerekdi. Birinjiden, Tomaşalar we oýun-gülküler komissiýasyna baryp, agşam teatrda ýüz beren waka hakynda habar bermelidi, ikinjiden, tomaşa jaýlarynyň maliýe kärhanasyna baryp, agşam kassa düşen 21711 manat puly tabşyrmak gerekdi.
Örän tertipli we işine gaýym Wasiliý Stepanowiç puly gazete dolap, ony ýüp bilen daňdy-da, sanajyna saldy. Pul götermek düzgünini juda oňat bilýän bu adam, elbetde, awtobusa ýa-da tramwaýa münmän, taksi duralgasyna bardy. Bu ýerde duran üç maşynyň sürüjileri eli dykyz sanaçly howlugyp gelýän ýolagçyny görenlerinden oňa gaharly seretdiler-de, burunlarynyň alnyndaky ýolagçyny alman, gaçyp gitdiler.
Geň galan buhgalter muňa nähili düşünjegini bilmän, oýlanyp, duran ýerinde doňup galdy. Ýene üç minutdan soň duralga boş maşyn gelip togtady, emma sürüjiniň gözi ýolagça düşdi-de, ýüzi çytyldy.
― Maşyn boşmy? ― diýip, üsgürinen boldy heniz hem özüne gelmedik Wasiliý Stepanowiç.
― Puluňy görkez ― diýip, gahar bilen jogap berdi sürüji ýolagça seretmän.
Has hem beter geň galan bulgalter gymmatly sanajyny goltugyna gysyp, jübüsinden bir onluk çykardy-da, ony sürüjä görkezdi.
― Gitjek däl! ― diýdi ol gysgaça.
― Meni bagyşlarsyňyz... ― diýip, buhgalter söze başlanda, sürüji onuň sözüni böldi: ― Üç manatlygyň barmy?
Bütinleý aňkasy aşan buhgalter jübüsinden iki sany üç manatlyk çykaryp, sürüjä görkezdi.
― Münüň ― diýip, gygyrdy ol we pul ölçeýäni urup, tas döwüpdi. ― Gitdik.
― Gaýtargyňyz ýok öýdýän? ― diýip, buhgalter gorka-gorka sorady.
― Jübüm doly gaýtargy! ― diýip, gygyrdy şofýor, aýnada onuň gan guýlan gözleri göründi, ― şu günüň özünde meni üç gezek çürkäp gitdiler. Bir meni däl, ― başgalary hem. Haýsydyr bir it ogly onluk berdi. Men oňa dört ýarym manat, düşüp gitdi ol deýýus. Bäş minutdan soň seretsem: elimde onluk däl-de, narzan çüýşesiniň ýarlygy! ― Şu ýerde sürüji, ýazylmaýan uýat sözleri aýdyp sögündi. ― Ýene birini Zubowskaýa eltip taşladym. Ýene-de onluk! Üç manat gaýtargy berdim. Düşüp gitdi! Soň jübüme el ursam, ol ýerden balary uçup çykyp gitmezmi?! Wah, seniň bir ― diýip, sürüji ýene-de hapa sögündi, ― emma onluk ýok. Agşam Warýetede (sögünýär) haýsydyr bir gömülgen gozbagçy gyzyl onluk seçip, tomaşa görkezenmiş.
Buhgalter özüni ýitirip, ýygryldy we «Warýete» diýen sözi birinji gezek eşidýän ýaly, bilmezlige saldy, emma içinden: «Ana, gerek bolsa!...» diýip oýlandy.
Gerek ýerine baryp, ýol hakyny sag-aman töledi-de, bina girdi we bölüm müdiriň kabinetine tarap dälizden çalt ýöräp barşyna, bimahal gelenini duýdy. Tomaşalar komissiýasynyň edarasynda nähilidir bir başagaýlyk bardy. Başyndaky ýaglygy syrylyp egnine düşen, gözleri hanasyndan çykjak bolýan kurýer aýal buhgalteriň ýanyndan ýüwrüp geçdi.
― Ýok ol, ýok, ýok, gözüňe döneýinler! ― diýip gygyrýardy ol gör kimlere ― penjegi, jalbary bar, emma penjekde hiç zat ýok!
Aýal haýsydyr bir gapa girip gitdi, şu demde onuň yzyndan gap-gaçlaryň kül-uşak döwülýäni eşidildi. Kätibiň otagyndan komissiýanyň birinji bölüminiň müdiri ylgap çykdy, buhgalter ony gowy tanaýardy, emma ol şeýlebir gahar-gazaplydy, buhgalteri tanymady we şol gidişine nam-nyşansyz gaýyp boldy. Bu wakalardan gaty lerzana gelen buhgalter komissiýanyň başlygynyň kabinetiniň girelgesine, maşinistkanyň otagyna girdi-de, bütinleý aňk-taňk bolup galdy.
Gapysy ýapyk otagdan gazaply ses gelýärdi. Bu, şübhesiz, komissiýanyň başlygy Prohor Petrowiçiň sesidi. «Kimdir birlerini gowja dalaýan bolmaly?» ― diýip köňülden geçirdi aňkarylyp duran buhgalter we töweregine göz aýlap, başga bir wakanyň şaýady boldy: Prohor Petrowiçiň şahsy sekratary ― sahypjemal Anna Riçardowna deri örtülen kürsüde aýaklaryny otagyň tas ortasyna çenli uzadyp, başyny kürsiň arkasyna ýaplap, elindäki elýaglygyny öl-suw edip, aglap ýatyrdy.
Anna Riçardownanyň tutuş eňegi leb boýagyna boýalyp, erik reňkli ýaňaklaryna erän kirpik boýagy gap-gara bolup akyp düşýärdi.
Anna Riçardowna otaga adam girenini görüp, böküp ýerinden turdy, buhgaltere okdurylyp, penjeginiň ýakasyndan tutup, ony siltäp ses edip, diýdi:
― Hudaýa şükür! Ahyry bir mert adam tapyldy! Hemmeler gaçyp gitdi, dönükler! Ýör onuň ýanyna, näme etjegimi bilmän haýran men! ― Soň içgin-içgin aglap buhgalteri kabinete alyp girdi.
Buhgalter kabinete girdi-de, birinji nobatda elinden sanajy gaçdy, beýnisindäki pikirleri bütinleý astyn-üstün boldy. Munuň sebäbi bardy, elbetde. Üstüne görmegeý syýaçüýşe goýlan bezegli ýazuw stolyň aňyrsynda diňe kostýumyň özi otyrdy we syýa batyrylmadyk gury pero bilen kagaza bir zatlar ýazýardy. Kostýum galstuklydy, onuň sagat jübüsinden özi ýazýan ruçka çykyp durdy, emma kostýum ýakasynyň üstünde ne boýun bardy, ne kelle, edil şonuň ýaly, kostýumyň ýeňlerinden el hem çykmaýardy. Kostýum işe gaty berilenligi sebäpli, töwereginde bolýan top-topalaňy asla duýanokdy. Kostýum otaga kimdir biriniň girenini eşidip, kürsä ýaplandy, şonda onuň ýakasy üsre Prohor Petrowiçiň buhgaltere gaty tanyş sesi ýaňlandy:
― Näme gep? Gapa ýazylgydyr-a bu gün kabul etmeýänligim.
Sahypjemal kätip gyz muny eşidip, barmaklaryny döwere getirip gygyrdy:
― Gördüňizmi? Görýäňizmi?! Ol ýok! Ýok! Gaýtaryp beriň! Tapyp beriň ony!
Şol wagt kimdir biri kabinetiň gapysyndan burnuny sokdy-da, «waý» diýip gygyryp, ökjäni göterdi. Buhgalter dyzlarynyň sandyraýandygyny duýup, oturgyjyň gyrasyna otyrdy, emma sanajyny ýerden götermegi unutmady. Anna Riçardowna buhgalteriň penjegini goýbermän, onuň daşynda çarh urýardy we dynman gygyrýardy:
― Şeýtany dile alyp käýinýän wagtlarynda, mydam ony «haý-haý» bilen saklaýardym! Ine, akybet ― diýip, gözel kätip zenan ýazuw stolyň öňüne ylgap bardy we köp aglanyndan soň haýallan, ýakymly saza meňzeş owazy bilen diýdi: ― Proşa! Niredesiňiz?
― Maňa «Proşa» diýmäge nähili hetdiňiz ýetdi? ― diýdi kostýum ulumsylyk bilen we kreslo ýene-de çuňňurrak batyp otyrdy.
― Tanamaýar! Meniň tanamady! Düşünýäňizmi? ― diýip, kätip zenan möňňürdi.
― Kabinetde gözýaş dökmäň! ― diýdi indi gazap bilen kostýum we rezolusiýa goýup, gol çekmek üçin bir desse kagyzy ýeňi bilen öz öňüne süýşürdi.
― Ýok, men muny görüp durup bilmen, ýok, hiç durup bilmen! ― diýip, Anna Riçardowna gygyrdy-da, kabinetinden ylgap çykyp gitdi, onuň yzyndan buhgalter hem ok ýaly atylyp çykdy.
― Men otyrdym, ― diýip, aýdyp başlady tolgunmadan ýaňa titräp Anna Riçardowna, ýene buhgalteriň ýeňinden mäkäm tutup, ― birden bir pişik girip geldi. Gap-gara, özi hem begemot ýaly bela. Elbetde, men oňa «piş!» ― diýip gygyrdym. Ol çykyp gitdi, emma deregine allanähili tos-togalak adam girdi, onuňam ýüz keşbi pişige meňzeýärdi. Girdi-de: «Bu näme boldugy, graždanka, nämüçin iş bilen gelenleri «pişläp» kowýaňyz?» ― diýdi. Şeýle diýdi-de, zyrp edip Prohor Petrowiçiň ýanyna girip gitdi, men hem onuň yzyndan girdim, elbetde. «Näme edip ýörsüň, aň-huşyňyzy iýdiňizmi?» ― diýip gygyrdym oňa. Ol akmak bolsa, göni Prohor Petrowiçiň öňüne baryp, onuň garşysynda, kürsä oturdy! Emma Prohor Petrowiç... özüňiz bilýäňiz ol ― juda hem alçak adam-da, emma öler ýaly gyzma. Gahary geldi! Hawa! Gaharjaň, çünki öküz ýaly işleýär, hawa, gahary gelip: «Nämüçin birugsat girdiň bu ýere?» ― diýdi. Ol nätanyş bihaýa bolsa, kürsä ýaýbaň oturyp, munuň üstüne, ýyrşaryp näme diýdi diýiň: «Men, diýdi, siz bilen iş hakynda gepleşmäge geldim» diýdi. Prohor Petrowiç bolsa, gazaby joşup: «Bent men!» ― diýdi. Ol bolsa bihaýalarça utanman zat etmän: «Siz hiç zat bilen bent dälsiňiz...» ― diýdi. Toba! Şundan soň, elbetde, Prohor Petrowiç tutaşyp gidip: «Bu nähili akmakçylyk! Alyp gidiň ony, jyn alsyn meni!» ― diýip gygyryp goýberdi. Ol uýatsyz ýyrşaryp, näme diýdi diýiň: «Jyn alsynmy? Boldy, düzederis!» ― diýdi. Şonda bir zat tark etdi, men gorkup gygyrdym. Görsem, şol pişikýüz nätanyş ýok, stolda bolsa, ko... kostýum... oty-y-yr... Uu-uuu! ― Anna Riçardowna agzyny bir gulaç açyp, uwlap başlady.
Ol aglap-aglap, demini dürsäp, soňra asla ýadyňa düşmeýän gepleri samrap ugrady: ― Haçan seretseň, ýazyp otyr, ýazyp otyr, ýazyp otyr! Aklyňdan azaşdyrjak! Telefonda-da gepleşýär! Kostýum gepleşýär! Hemmeler gaçyp gitdi ― syçanyň hini müň tylla!
Buhgalter duran ýerinde diňe titreýärdi. Emma şu wagt oňa ykbal gülüp bakdy. Kätiphana iki sany millisioner agraz tüýsde, arkaýyn gelip girdi. Sahypjemal kätip olary gördi-de, bäşbeter eňräp, eli bilen kabinetiň gapysyny görkezdi.
― Geliň, agyny bes edeliň, graždanka, ― hatyrjem äheňde diýdi birinji millisioner, buhgalter bolsa, özüniň bu ýerde artykdygyny bilip, otagdan okdurylyp çykdy we ýene bir minutdan soň arassa howa ýetdi. Beýnisi edil içinde ýel öwüsýän turba ýaly güwleýärdi, şu güwwüldiniň arasyndan bilet barlaýanlaryň agşamky tomaşa gatnaşan pişik hakyndaky hekaýatlary üzlem-saplam bolup gulagyna gelýärdi. «Ine, saňa gerek bolsa! Bu şol pişigimiz dälmik-ä!? »
Komissiýa edarasynda öz islän maksadyna ýetip bilmedik ak göwünli Wasiliý Stepanowiç Wagankowskiý dar köçesinde ýerleşýän onuň bölümçesine barmagy karar etdi. Ol öz köňlüne tesgin bermek maksadynda bölümçä çenli pyýada ýöräp bardy. Tomaşalar kommissiýasynyň şäher bölümçesi howlynyň töründäki, wagtyň geçmegi bilen suwagy gopan ymaratda ýerleşip, ol öz westibýulindäki porfir sütünleri bilen meşhurdy. Emma bölümçä gelen adamlary bu gün sütünler däl, belki şu sütünler aşagynda ýüz berýän hadysa geň galdyrýardy.
Birnäçe kişi bir stol başynda aglap oturan gözel gyza haýran galyp seredýärdiler gözel gyz şu stoljagazyň üstüne ýaýly goýlan tomaşalar hakyndaky ýörite edebiýatyň satyjysydy. Aýymgyz edil häzir hiç kime hiç hili kitap satanokdy, adamlaryň hal-ýagdaý sorap beren sowallaryna bolsa diňe el silkeýärdi, bolany, emma edil şu mahal ýokardan hem, aşakdan hem, ýan taraplardan hem, hullasy, filialyň hemme bölümlerinden, azyndan ýigrimä golaý telefon birbada gaty jyrlap başlady. Aglap oturan gözel gyz birden tisginip:
― Ana, ýene başlandy! ― diýip çyňkyrdy, gahar-gazaby joşup, birden sandyrawuk owaz bilen aýdym aýdyp başlady:
― Şöhratly deňizim, mykaddes Baýkal...
Şu wagt basgançagyň öňünde peýda bolan kurýer ýumruk düwüp, kimedir birine hemle kyldy we özüniň ýakymsyz boguk bariton owazy bilen gözel gyza goşuldy:
Şanly gämi, omul balykly çelek!»
Kurýeriň owazyna başga otaglardan özgeleriňem sesi goşulyp, hor emele geldi we ahyry, bu aýdym aýdyşma bölümçäň hemme ýerinde ýaňlanyp başlady. Hasaplaýyş barlag bölümi ýerleşen iň ýakyn 6-njy otagdan gelýän owazlaryň arasynda kimiňdir biriniň pessaý boguk, emma juda güýçli ýogyn owazy parhlanyp durdy. Telefon apparatlarynyň bardyksaýyn güýçlenip başlan jaňlary bu hora goşulýardy.
Heý, Barguzin... hereket et wal! ― diýip, kurýer basgançakda durup bögürýärdi.
Gyzyň gözýaşlary ýüzünden syrygýardy, ol dişlerini gysmaga çalyşýardy, emma agzy öz-özünden açylyp, kurýerden bir perde ýokary owazda aýdýardy:
Ýaş ýigit uzakda durmasa ýagşy!
Bölümçä iş bilen gelip, lal bolup aňkasy aşan adamlary köpräk geň galdyran närse şu bolup, ol hora gatnaşyjylaryň hersi binanyň dürli taraplarynda bolsa-da, göýä görünmän duran dirižýordan göz üzmän duran ýaly, juda rowan we sazlaşykly aýdýardylar.
Wagonkowskiý dar köçesinden geçýän adamlar howlynyň germewiniň aňyrsynda saklanyp, bölümçede bolýan wagtyhoşluga haýran galýardylar. Aýdymyň birinji bendi gutarandan soň, hor ýene göýä dirižýor yşarat eden ýaly, birden aýdymy bes etdi. Kurýer ýuwaş käýinip, otaga girip gitdi. Şu mahal bölümçäniň howly gapysy açylyp, ak halat üstünden ýuka palto geýen bir raýat bilen milisioner gelip girdi.
― Jan, doktor, bir alaç ediň ― diýip, demi-demine ýetmän çyňkyrdy gyz.
Basgançagyň başyna bölümçe kätibi atylyp çykdy, utanan bolsa gerek, sakawlap diýdi:
― Bilýäňizmi, doktor, biziň hemmämiz nähilidir köpçülikleýin gipnoz täsirine duçar bolan bolmaly... Şuňa görä, elbetde... ― ol gepini soňlap bilmän, sözleri bogazyna dykylyp, birden tenor owaz bilen aýdym aýdyp başlady:
Şilka we Nerçinsk...
― Akmak! ― diýip gygyrdy gyz, emma kime ykarat edenini aýdyp ýetişip bilmedi, gaýta özi şol Şilka we Nerçinsk dogrusynda aýdym aýtmaga mejbur boldy.
― Özüňizi ele alyň! Aýdym aýtmagyňyzy bes ediň! ― diýdi doktor kätibe. Görnüp dur ki, kätibiň özi hem daşyndan aýdym aýtmazlyk üçin köp närseden waz geçmäge taýýardy, emma näme etsin, aýdym aýtmakdan özüni saklap bilenokdy, şoňa görä, ol hora goşulyp, bendiň soňuna çenli, wagşy haýwanyň özüni iýmändigi, atyjylaryň okunuň özüniň yzyndan ýetmänligi hakda aýdym aýdyp, köçeden geçýänleriň ünsüni özüne çekdi. Bent gutarany hem şoldy, birinji bolup satyjy gyz dogtardan walerianka aldy, şundan soň ol başgalara hem walerianka içirmek üçin kätibiň yzyndan ylgady.
― Meni bagyşlarsyňyz, zyba gyz ― diýip, Wasiliý Stepanowiç satyjy gyza ýüzlendi, ― bölümçäňize girmänmidi gara pişik?...
― O nähili pişik? ― diýip gygyrdy gahar bilen gyz, ― bir eşek otyr bölümçämizde, eşek! ― şeýle diýip, ýene goşmaça kyldy:
― Bolýar, goý eşitsinler! Hemmesini aýdyp bereýin ― şundan soň ol ýüz beren wakany aýdyp berdi.
Mälim bolşuça, şäher bölümçesiniň «ýeňil tomaşalar işini düýpden astyn-üstün eden» (satyjy gyzyň gürrüňi) müdir her hili gurnak açmaga höwesli eken. ― Başlyklary bu ýol bilen aldady ol ― diýip gygyrdy gyz.
Müdir şu bir ýylyň dowamynda Lermontowy öwrenmek, küşt-şaşka, ping-pong we at üstünde gezmek gurnaklaryny açypdyr. Tomus gelse, derýada ýene-de gaýyk küreklemek, we alpinistler gurnaklaryny-da döretjekmiş.
― Ine, bu gün bolsa, günortan arakesme wagtynda... ― diýip, hekaýasyny dowam etdi gyz, ― müdir alanähili bir ýigrenji bilen goltuklaşyp girip geldi... egninde gözenek matadan jalbar, gözüne çüýşesi çatlan pensne dakan... ýüzi ― edil häzir görden çykana meňzeýär!
Satyjy gyzyň gepine görä, müdir ol adamy şol demde, bölümçäniň aşhanasynda naharlanyp oturan işgärlere, hor gurnagyny döretmek boýunça şu ugurdan tejribeli kär eýesi diýip tanyşdyrypdyr.
Geljekki alpinistleriň ýüzleri könelipdir, emma müdir hemmäni kuwwatly bolmaga ündäpdir, hor boýunça tejribeli kär eýesi bolan ol adam hem degişme, hem gaçyrym gepler aýdyp, aýdym öwrenmek üçin azajyk wagt gerek bolýandygyny, diýeli, onuň bir wagon peýda getirýänligi hakynda ant içip, ynandyrypdyr.
Her sapar bolşy ýaly, satyjy gyzyň aýtmagyna görä, bölümçäniň tanymal hoşamatgöýleri Fanow bilen Kosarçuk birinji bolup atylyp çykyşyp, hor gurnagyna ýazylmaga razylyk beripdirler. Şonda galan hyzmatçylar hem aýdym aýtmakdan gaçyp gutulyp bolmajagyna düşünip, gurnaga ýazylýarlar. Aýdymy günortan arakesme wagtynda aýtmagy karar edipdirler, çünki galan wagtlar Lermontow we şaşka bilen bent ekenler. Müdir kollektiwe görelde görkezmek üçin özüniň tenor sesiniň barlygyny yglan edipdir, şundan şoň hemme zat edil ýaman düýş ýaly başlanypdyr. Gözenek jalbar geýen spesialist ― hormeýster: ― Do-mi-sol-do! ― diýip gygyrypdyr-da, aýdym aýtmakdan gaçyp, yşgabyň arkasynda gizlenen utanjaňlary dartyp çykarypdyr. Kosarçuk bolsa, saz heňi örän oňat diýip, hiňlenip, yňranyp başlapdyr we men ― garry aýdymçy ― regentiň sözüni ýerde galdyrmaň, diýip ýalynyp, kamertony jyňňyrdadyp çalyp, «Şöhratly deňiz» aýdymyny bir gümmürdedip alyň indi diýip, haýyş edipdir.
Gümmürdedip alypdyrlar. Alanda-da juda gowy alypdyrlar. Gözenek jalbar geýen regent, çyndanam, öz işini ýagşy bilýär eken. Birinji bendi soňuna ýetirenden soňra, regent üzür sorap: «Maňa bir salym rugsat!» ― diýipdir-de... gaýyp bolupdyr. Hemmeler ony häzir bir minutdan geler öýdüpdirler. Emma aradan on minut geçse-de, ondan derek bolmandyr. Filial hyzmatkärleriniň köňli şat bolup ― regent gaçdy, diýip pikir edipdirler.
Emma birden hemmeler aýdymyň ikinji bendini aýdyp başlapdyrlar, Kosarçuk olara baş bolupdyr: belki, onuň saz üşügi, ol diýen gowy däldirem, emma owazy ýakymly belent tenor eken. Aýdym gutarypdyr. Regentden derek ýok! Hemmeler ýerli-ýerine dagap başlapdyr, emma öz orunlaryna baryp ýetişmänkäler, islemeselerem, ýene aýdyma başlapdyrlar. Hiç özlerini saklap bilmändirler. Iki-üç minut ümsüm oturýarmyşlar-da, ýene başlaýarmyşlar. Bir salym ümsüm oturyp, ýene başlaýarmyşlar! Ana, şonda, bagtsyzlygyň ýüz berenine düşünipdirler. Müdir masgara bolup, öz kabinetine girip, içinden gulplapdyr.
Şu ýere gelende, gyzyň hekaýasy üzüldi. Walerýanka hem kär etmändi.
Ýene çärýek sagatdan soň Wagankowskiý dar köçesindäki gözenegiň öňüne üç ýük maşynasy gelip togtady, bölümçäniň barça hyzmatkärleri müdiriň baştutanlygynda şu maşynlara mündüler.
Birinji maşyn bir çaýkanyp, derwezeden dar köçä çykandan şol kuzowda bir-birleriniň eginlerinden ýapyşyp, gysylyp duran işgärler agyzlaryny açdylar-da, bütin köçäni başlaryna göterip, belli aýdyma başladylar. Ikinji ýük maşyny, ondan soň üçünji maşyndakylar hem olara goşuldylar. Ine, olar şeýle halda bolýardylar. Köçe-ýolda öz işleri bilen gümra adamlar ýük maşynlaryna göz gytagyny aýlap, geň galmaýardylar, çünki olary şäheriň daşyna gezelenje gidip barýanlardyr öýdýärdiler. Dogry, olar çyndanam şäheriň daşyna gidip barýardylar, emma gezelenje däl-de, professor Strawinskiniň şypahanasyna ýol alypdylar.
Bütinleý aň-huşuny ýitiren buhgalter ýarym sagatdan soň tomaşahanalar sektorynyň maliýe bölümine ýetip bardy, bu ýerde ol elindäki döwlet amanadyndan tizräk dynmak niýetindedi. Eýýäm agzy bişip, tejribe toplan bu adam uzyn zala seresaplyk bilen göz aýlady ― bu ýerde altyn harp ýazgyly çal aýnaly tekjeleriň aňyrsynda hyzmatçylar işläp otyrdylar. Buhgalter bu ýerde hiç hili howsalaly ýa-da bitertip alamatyny görmedi. Hemme edaralarda bolşy ýaly, bu ýerde hem asudalyk höküm sürýärdi.
Wasiliý Stepanowiç: «Pul kabul edilýär», diýen ýazgyly tekjä başyny sokdy, nätanyş hyzmatçy bilen salamlaşdy we mylaýymlyk bilen girdeji orderiniň blankasyny sorady.
― Nämä gerek ol? ― diýip sorady hyzmatçy.
Buhgalter geňirgendi.
― Pul tabşyrjak bolýan. Warýeteden men.
― Bir salym sabyr ediň ― diýdi hyzmatçy we aýnany simtor bilen ýapdy.
«Geň ýagdaý!» ― diýip oýlady buhgalter. Onuň geň galmasy tebigydy. Çünki beýle ýagdaýy ömründe birinji gezek görşüdi. Hemmeler bilýär: pul almak kyn; bu işde hemişe bir kösençlik tapylýar. Emma buhgalter özüniň otuz ýyllyk iş tejribesinde bir adamyň hem, hala ol ýurist bolsun, hala hususy şahs bolsun, pul tabşyrmakda kynçylyk çekenini görmändi. Ine, ahyry simtor açylyp, buhgalter ýene başyny aýnaly tekjä dykdy.
― Köpmi tabşyrýan puluňyz? ― diýip sorady hyzmatçy.
― Ýigrimi bir müň ýedi ýüz on bir manat.
― O-ho! ― diýdi hyzmatçy, nämüçindir kineli äheňde we buhgaltere ýaşyl blank uzatdy.
Buhgalter özüne tanyş kagyzy bir demde dolduryp, pul dolanan bukjanyň daňysyny çözüp başlady. Ol bukjany çözüp, birden gözi gamaşdy, gaty gamgyn bolup, bir zatlar diýip sakawlady. Onuň göz öňünde daşary ýurt pullary ýatyrdy. Bu ýerde paçka-paçka Kanada dollarlary, iňlis funtlary, golland guldenleri, Latwiýa latlary, eston kronlary bardy...
― Ine, şol Warýetedäki ýalançylardan biri ― diýen ýognas owaz eşidildi lal bolup galan buhgalteriň depesinde. Şobada Wasiliý Stepanowiçi ele saldylar, ýagny tussag etdiler.
Категория: Romanlar | Просмотров: 9 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: