01:14
Añzakly tomus: Badalga -9: Ant
ANT

Bellenen güni oba hanlarynyň hemmesi öz adamlary bilen entek gurlupgutarylmadyk galanyň içine ýygnandylar. Gurbanmyrat işanyň aýdyşy ýaly adamlaryň sany uçursyz köp boldy.
Han-begleriň, ekabyrlaryň topar tutup duran ýeri bolan Diňlidepäniň üstünde yslamyň ýaşyl tugy dikildi. Halkam ýüzüni kybla tutup şol depäniň töweregine ýarym halka görnüşinde aýlandy. Garabatyr, Jyýky batyr we beýleki ýaş batyrlar depäniň eteginde, halkyň öň hatarynda han-begleriň golaýynda durlar. Ruhy batyram öz ýigitleri bilen bir çetde dur. Aýal-gyzlar erkek adamlaryň daşyna gaýma bolup gaýaldylar.
Şol gaýmanyň ortarasynda goçak keşdä meňzäp Enehakyda dur. Ol nazary bilen märekäniň içinden Ahallyny gözleýär. Ýaş batyrlaryň arka tarapynda, öz obadaşlarynyň arasynda duran Ahallynyňam nazary ony gözleýär. Ine-de iki göreç sataşdy. Biri-birinden ep-esli aralykda duran iki göwräniň, ikisem bir demde tisgindi. Oňa çenlem depäniň üstünden Berdimyrat hanyň:
─ Adamlar! – diýen ýakymly sesi eşidildi. Hemmeleriň ünsi şol tarapa gönükdi. Gowur ýatdy. Han märekä täze hyruç bilen ýüzlendi.
─ Hemmäňiz bilýäňiz, dagyň içi bilen ýagy ýetip gelýä. Biziň öňümizde şolar bilen uruşmalymy ýa boýun bolmalymy, diýen sowal dur. Şol sowal ýaşulylaryň maslahatynda çözülmän galdy. Pikir ikä bölündi. Indi söz sizden. Ýöne, geňeşe başlamazdan öň halka hakyda eşitdirmeklik makul bilindi. Şonuň üçinem, şu ýere Hakyda mollany çagyrdyk. Bu topragyuň üstünde bizden öň nämeler bolup geçipdir? Biz mundan öň nirelerde kül döküpdiris? Güýjüne, kuwwatyna garamazdan üstümize sürnüp gelýän ýagy bilen jan dalaşyna girmäge, şu topragy goramaga hakymyz barmy? Ýokmy? Borjumyz nähili? Duşmana taşlap gaçyp gidiberer ýaly biziň başga ýurdumyz barmy? Şeýtmeklik bize uslypmy? Şu topragyň üstünde ölmelem bolsa biz taýýar diýýänleriňki dogrumy ýa ýagy bilen ylalaşalyň, ýurdy bereliň diýýänleriňki dogrumy. Ýa olaryň ikisiniňkem ters bolup aralykda bir ýol barmy? Ine, şu zatlary Hakyda mollanyň berjek taryhy teswirleriniň üsti bilen aýyl-saýyl etmegiňizi, ölçerip-döküp bir netijä gelmegiňizi haýyş edýän... siz şuňa razymysyňyz?!...
─ Razy!!!..
─ Biz razy!..
─ Diňläliň!..
─ Hakyda mollany diňläliň!..
─ Şeýdeliň şony!..
Şondan soň ýüpek ýaly ýumşak, uzynak sakgaly şemalyň badyna ýaşyl baýdak bilen ugurdaş ykjap duran, irimçek göwreli, duluklary süňklek, tegelegräk ýüzli, saryýagyz börtmen gabaklarynyň üstüni büräp ýatan çal gaşlarynyň aşagyndan käte bir görnüp gidýän küleräk, ümezli, ýadaw gözleri birsyhly alyslara bakýan, tämiz hem jowur ak köýnek-balagynyň üstünden ýukajyk, gögümtil ýektaý geýnen, başy ak selleli, segsen ýaşlaryndaky, Hakyda mollany iki goltugyndan söýgetläp diýen ýaly tuguň astynda, iň bir görnükli ýerde, gyrmyzy, owadan haly üzre ýumşak düşekçäniň üstünde oturtdylar. Gapdalynda bolsa, owazy allaowarralara ýaň salýan, aýynyňky ýaly daýaw hem tagaşyksyz göwresi ebeteýsiz görünýän, eli hemişe çopanlaryňky ýaly ujy egri, ýogyn, tommaý taýakly gezýän, tutaç ýaly gaba gulaklarynyň içindäki tüýleri towlam-towlam çykyp duran, agzy opurlan ojak ýaly, çepekli aýagynyň siňirdir-damarlary oklaw ýaly, üstesine-de garagäz görünýän, Ahalyň iň güýçli jarçysy Garasähet jarçyny dik duruzdylar. Ol Hakyda mollanyň öz halyna görä aýtjak sözlerini sesiniň ýetdiginden gygyryp halka ýetirmelidi.
Hakyda molla öňi bilen doga okady. Özem howlukman, ýuwaşjadan okady. Elini ýüzüne syldy. Ekabyrlaram şeýtdiler. Garasähet jarçam şeýtdi. Märeke-de şony gaýtalady. Hakyda molla şondan soňam boýnuny sag tarapa gyşardyp, hamala sanaýan ýaly, nazaryny köpçülige dikip, sessiz-üýnsiz kän oturdy. Ahyram ysgynsyz, gyryljak sesi bilen:
─ Halaýyk! – diýdi. Onuň diýseň pessaý çykan sözüni Garasähet jarçy özüniň surnaý dek ýiti sesi bilen şol demde halka ýetirdi. Şondan soň onuň bokurdagyndan çykýa hakyda kyssasy söm-saýak bolup duran märekäniň edil, gök gübürdän ýaly bolup geçdi-de, galanyň diwarlarynyň kemter ýerlerinden, gädiklerinden zowwam çykyp, gaýrada Garagumuň güne goýdük bolan gerişlerine, ilerde Köpetdagyň ýylçyr daşlardan bina bolan gatbar-gatbar gaýalaryna çabrady. Janhowluna çar tarapa urunýan apy ýylan dek ol ýerdenem «hüwläp» göterildi-de, birmeýdan asman gümmeziniň aşagynda köwsarlady. Soňam baryp arşyň gök çüýşesine sanjyldy. Şol ýerde-de ol dört bölündi we her bölegi älemiň bir künjüne tarap rowana boldy.
─ Ýandakdan pes, dagdan belent,
Boldy türkmeniň ahwaly
Aýak astynda oba-kent
Oldy türkmeniň düýp ýoly.
Bu goşgyny märeke bir gulaga öwrülip diňledi. Indi hakydany hamala Hakyda molla däl-de, Garasähet jarçynyň özi aýdýan ýalydy. Ol eýýäm köpçüligi özüne çekipdi.
─ Ine, şahyr Şeýdaýy mäne diýipdir? Ýogsa-da, ol näme üçin beýle diýipdir. Munuň sebäbi, türkmeniň geçmişde görmedik güni ýok. Onuň ykbalynyň dag deý ýokary göterilen döwürlerem bolupdyr, ýandak deý peselen pursatlaram bolupdyr. Ýöne, ol hiç haçan şu topragy hiç kime bermändir. Hiç kime basgylatmandyr. Şonuň üçinem müňlerçe ýyl öňe süýşüp seretseňem, şu toprak seniňkidir, eý, jemagat! Şahasynyň köp bolşy ýaly, türkmeniň hakydasam köpdür. Her şahasy bir hakydadyr. Her hakydasy bir şahadyr. Şol şahalar taryhyň gatlarynda bir-birine gaty kän gezekler golaýlaşandyrlar, çatlyşandyrlar, şonça gezeklerem aýrylyşandyrlar. Ýöne, hiç haçan köklerinden daşlaşan däldirler – Hakyda molla hiç kim görmeýän hem bolsa sag eliniň süýem barmagynyň ujuny ýere dürtdi. – Köküň bolsa ine, şu topragyň astyndadyr. Sen öz köküň üstünde duransyň. Garagum çöli, Köpetdagyň güneý ýüzi, Hazar deňziniň Gün dogmuş tarapy, Balkan degreleri, Ahal düzi, Türkmensähra, Margiana, Sarahs, Pendi, Şeýhi-Jüneýit, Üstýurt, Maňgyşlak – bularyň bary seniň sallançagyňdyr. Amyderýa, Murgap, Tejen derýasy, Etrek, Sumbar, Mäne çaýy-seniň akabalaryňdyr. Şu topragyň her daban ýeri üçin, sen ata-babalaryň öňünde-de, indiki nesilleriň öňünde-de jogapkärsiň. Ähli türki taýpalar seniň dar garynda depişen ganybir garyndaşlaryňdyr. Ondanam aňryk ätleseň olar bilen «tur» bolup Turanda tapyşarsyň. Ana, şol, gadymy Turan hem seniň şu günki mesgeniňdir. Türküstandyr. Turan – bu turlaryň ýurydyr. Tur bolsa öküzdir, ýagny, oguzdyr. Türkmen sözüniň, şol sanda türk sözüniňem asly turdyr. Turlaryň şasy Peşeň ogly Tüňňi alp är külli türki halklarynyň, şol sanda seniňem ataňdyr. Köne kitaplarda, hususan-da Ferdöwsiniň «Şanamasynda» onuň ady – Efrasyýapdyr. Bu barada otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby Awesta hem gürrüň berýär... – Garasähet jarçy az-kem dymdy. Çünki, Hakyda molla özüni raslamak üçin diline aram berdi. Ýöne, köp garaşdyrmady. – Tüňňi alp ärden soň seniň düýbüň, dabanyň-daýanjyň Oguz handyr. Allatagalla Oguz hana ýalawaçlyk derejesini beripdir we ol hersi bir ynanja – Aýa, Güne, Ýyldyza, Deňize, Daga, Göge uýup ýören dürli oguz taýpalaryny bir Hudaýa – Gök taňra, ýagny, Asmana uýduryp yslamdanam, isaýyçylykdanam, musaýyçylykdanam, butparazçylykdanam müňlerçe ýyl ozal bu dünýä bir hudaýlylyk dinini getiripdir. – Hakyda molla gapdalynda duran daş käseden bir owurt suw içdi. – Ondan bärde gylyjyna söýenip Salyr Gazan soltan durandyr. Tüňňi alp ärden, Oguz handan soň seniň arkaň şoldur. Tüňňi aly är umumy turlaryň, Oguz han umumy oguzlaryň aňyrsy bolsa, Salyr Gazan şu günki türkmen adyny göterip ýören dagynyk, taýpalaryň aňyrsydyr. Ol mundan takmynan müň ýyl çemesi ozal, oguzlaryň iň soňky üýşen ýerleri bolan Gazygurt, Garajyk daglarynyň degrelerinde, Syr suwunyň aşak akymlarynda ýaşap geçendir. Gorkut ata onuň weziridir, ýakyn maslahatçysydyr. Ol Salyr Gazandan öňem Düýeli Kaýy, Ynal Ýawy han ýaly oguz şalaryna wezirlik eden ýaşulydyr. Ol Salyr Gazan hakynda bize Dädem Gorkut» atly kitap galdyryp gidendir. Şol hakyda görä, Salyr Gazan özüniň edermen oguz ýigitleri bilen şol wagtky ýaşap ýören topragyny tabgaçlardan, gäwürlerden, bejenelerden gorandyr. Türk kaganlygyndan soň dagan oguz taýpalaryny bir ýere jemlemek oguz döwletini gaýtadan dikeltmek, üçin köp işler bitirilendir. Oguzlary yslam dinine salanam şoldur. Gazan han gaýdyş edip, är meýdanyna seljuk soltanlary gelenden soý sen ýene-de gadymy mekanyňa – Turana, ýagny, Türküstana dolanyp gelensiň. Köneürgençde, Maryda, Sarahsda, Nusaýda, Abywertde Dehistan düzlüklerinde azym-azym binalar, galalar, şäherler guransyň. – Hakyda ýene-de molla suw owurtlady. Aýtjak sözlerini ýadyna saljak bolýan ýaly ýuwaşlyk bilen başyny galdyrybam: ─ Gaznaly Mahmut şanyň ogly Mesgut şanyň sütemkär döwletini dargadan seljuk ogullary Togrul begiň hem-de Çagryl begiň yzyna düşüp, kowumdaş taýpalaryň köpüsi bilen Rum sary ylgap edensiň. Olardan galan kowumlaryňam köpüsi Çingiz hanyň zulmundan gaçyp şol ýerlere aşandyrlar. Ýurduny mongollara taşlap ümdüzine gaçan towşanýürek Muhammet şanyň ogly, Horezmiň iň soňky soltany Jelaleddin özüniň edermen ýigitler bilen, tagtlaryndan taýdyrylyp, köşklerinden kowulanlaryndan soňam duşmana boýun bolman, ençeme ýyllap basybalyjylar bilen gaça uruş edip gezendir. Şol gerçegiň wepadyndan soň şu toprak solansyz galandyr. Asly bir bolan türki taýpalar biri-birlerinden jyda düşüp, başga-başga halkyýetlere öwrülendirler. Senem şolaryň birisiň. Ýüregiň bilen aglasaň olar bu gün seniň sesiňe ses goşarlar. Kömege gelerler. Seniň bu günki iň uly betbagtçylygyň bolsa, bir bitewi döwlet gurubilmän heriň bir derede elewräp ýörenligiňdir. Hut şonuň üçinem sen ejiz towşansyň we öňýeten aç böri seni tutup iýjekdir. Başyňy gemirjeldir. Ak patyşa-da seni ýeke, ejiz görüp gelýändir. Dagynyklygyňdan peýdalanýandyr. ─ Hakyda molla uludan demini aldy. Sag eliniň aýasyny ýüregine goýup ýüzüni çytdy. – Her niçik hem bolsa öz topragyňy goramaga ygtyýarlysyň, ýöne, ýagdaýa görä bolmana-da hakyň bardyr. Edil topragy goraýşyň ýaly, bala-çagalaryňam, aýal-ebtatlaryňam bela-beterlerden, ýerliksiz ýitgilerden goramalysyň, duşmanyň gözüne towşan deý ejiz görünýän hem bolsaň, seniň aslyň gurtdur, onda-da çöl gurdudyr. Boz gurdyr. Boz gurt hiç haçan, hiç kime boýun bolýan däldir. Boýun bolan güni onuň gurtlugy gutarýandyr. Şondan soň onuň syňragyndan sim geçirseňem sesini çykarýan däldir... – Hakyda molla: «Men-ä indi sözümi tamamlaýjak» diýýän manyda, röwşeni öňküsindenem öçeňkirlän gözlerini ekabyrlara dikdi. Berdimyrat handyr Gurbanmyrat işan dagy onuň ýadandygyny aňdylar we gol gowşuryp duruşlaryna makullaýjylyk bilen baş atdylar. Hakyda molla ähli güýjüni jemläp iň soňky sözlerini aýtdy. – Men saňa hakydany gürrüň berdim, jemagat, kimligiňi aýtdym. Aslyňy salgy berdim. Çözgüdini özüň tap. Men ýol salgy berip bilemok. Men hakyda. Men bolan işi bilýän, boljak işi bilemok.
Hakyda molla dymdy. Häliden bäri bir gulaga öwrülip duran mähelle kiçeňräk kölçe deý adaja tolkun atdy. Onda-munda gümür-ýamyr eşidildi. Ýöne, gowur, şowhun bolmady. Ýaşyl tuguň pasyrdysy welin häliden bäri Hakyda mollanyň sözüni tamamlaryna garaşyp duran ýaly gitdigiçe güýçlendi.
Berdimyrat han bir ädim öňe çykdy. Donunyň syýlaryny, tirme guşagynyň ujuny şemala galgadyp durşuna batly ses bilen halaýyga ýüzlendi.
 Eşitdiňizmi, adamlar?
 Eşitdik, eşitdik!..
 Siz häzir gysgaça umumy türki-türkmen hakydasyny diňlediňiz. Bolaýmagy mümkin bolan urşuň ors-teke urşy boljakdygyna görä, biz ýaşulylar bilen maslahatlaşyp şu ýerde size aýratynlykda teke hakydasyny eşitdirmekligi hem. Ýöne... – Ol Hakyda molla tarap ynjyly seretdi. – Ýöne, sözüni dowam etdirden molla aganyň ýagdaýy pesräk. Ýarawsyz... Şonuň üçinem ony indiki gezekleriň birine goýmaly boljak.
Hakyda molla ysgynsyz nazaryny Berdimyrat hana tarap aýlady. Nazary onuň nazaryna kaklyşandanam bir goluny galdyryp «bäri gel» diýen manyda yşarat etdi. Ýaş han iki bökende onuň ýanyna geldi. Dik duran ýerinden ýaşula tarap egildi. Kellesini bir tarapa gyşardyp gulagyny onuň agzyna golaýlatdy. Molla bir zatlar diýendenem:
Beh, büý-ä bolaýdy asyl – diýdi-de, öňküsindenem çalasynlyk bilen atylyp öňe çykdy. Begenjinden ýaňa iki aýagynyň üstünde bökejekläp durşuna: ─ Adamlar! Molla aga sözüni dowam etdirmek ygtyýaryny agtygy Enehakyda berýär.
Şondan soň ol gyzlaryň arasynda uýaljyrap duran Enehakydadan atasynyň ýanyna gelmekligi haýyş etdi.
Bu çagyryş Enehakyda üçin örän duýdansyz boldy. Dogry, Hakyda mola oňa bu işi iru-giç tabşyrmalydy. Ýöne, bu gün o barada gepleşilmändi. Şeýle-de bolsa han adamy irikgä edip durmazlyk üçin gyzlaryň arasyndan sogruldy-da, eda bilen assa ýöräp Diňlidepä çykdy. Ekabyrlaryň öňünden geçip barşyna dodaklaryny çalaja gymyldadyp salam berdi. Atasynyň ýanyna baryp aşak çökdi. Pyşyrdady:
 Ata, näme diýeýin? Näme aýdaýyn? Nemeden başlaýyn?
Hakyda molla öňürti gyzyna pata berdi. Ak ýol arzuw etdi. Soň onuň maňlaýyndan öpdi.
Teke hakydasyny aýt, gyzym. Tolgunma. Bu ýurt bähbitli işdir. Heran-haçan sen meniň ýokdugymy bildirmeli dälsiň. Özüňem gürlän wagtyň köpçülige seretmezlige çalyş.
Ilkinji gezek halkyň öňüne çykyşy bolansoň, gyz atasy «tolgunma» diýip hernäçe sargasa-da tolgunman durup bilmedi. Çünki tutuş Ahal ili onuň sözüne garaşyp durdy. Oňa çenlem Garasähet jarçy geldi-de, düýäniňki ýaly iri hem sary dişlerini somaldyp, gulaç ýaly gyp-gyzyl dilini sallap durşuna:
 Men eşider ýaly edip aýtsaň bolýa, gyzym. Halka özüm ýetirerin ─ diýdi.
Bu söz gyzyň göwresine gurp berdi. Kuwwatlandyrdy. Ýüregini joşdurdy. Özüniň şeýle jogapkärli hem ýurt bähbitli işiň tabşyrylandgy üçin şol pursat ol özüni bagtyýar saýdy. Boýdaşlarynyň özüne tarap boýunlaryny süýndirişip seredýändiklerini görüp hasam ekezlendi.
Teke hakydasy boýunça-da şu topragy goramaga seniň hakyň bardyr, hormatly halaýyk – diýip, ol ýuwaşja seslendi. Şol wagtam dik-depesinde Garasähet jarçynyň ýogyn hem jaýryk-jaýryk bolup çykýan güýçli sesi ýaňlandy. Şondan soň ol tä sözüniň soňuna çenli säginmezligi ýüregine düwdi. – Ýaýylyp ýatan giň sähra ýaýran türkmen halkynyň bir şahasy bolmak bilen seňňem köküň owalebetden bäri şu topraga baglydyr. Sen hakda hakyda şeýle diýýär:
Gökdere, Çagyldyr tekäniň jaýy,
Oýukly sopuda köp gezer baýy.

Torgaýyň çömmegi, Süntüň süýrüsi,
Bezirgen jülgesi, ýeriň niresi.
Çardagly Çandybil – Kämil ýaýlasy,
Balkan dag, Garagum sansyz galasy.
Bular seniň kül döken ýerleriňdir. Ýöne, hemmesi däldir. Bir mahallar sen bu gyzgyn çölüň içinde Horezmi Eýrandan goraýan gaýym gala bolupdyň. Ýöne, garşysyna baş göterendigiň üçin Demir agsak seni mundan dört ýüz ýyl ozal öz ýurduňdan aýryp Çyn-Maçyn serhetlerine tarap – Taklamekan atly düňle çöle sürgün edipdi. Şol ýerde sen iki asyrlap asly mekanyňdan aýry ýaşadyň. Ýöne, ýadyňdan çykarmadyň. Mundan ýüz elli ýyl öň Keýmir atamyz seni ýene-de şu ýere alyp geldi. Şondan soň sen Tejen, Üçburç, Ýolbarsly sebitlerinde, Köpetdagyň eteklerinde, Damla, Ýerbent, Kyrkguýy, Mamur, Garryçyrla, Kürtüş guýularynyň töwereklerinde suwladyň, ondanam tä, Balkan daglaryna çenli bolan aralyklara ýaýradyň. Keýmir soltandan soň ýaşulylyk Annasähet wekile, ondanam Myrat serdara geçdi. Myrat serdar mundan altmyş ýyl ozal ýogaldy. Şondan soň tä Nurberdi hana çenli, otuz ýyllap sende belli bir baş bolmady. Telim ýyl bärem Nurberdi han başlyklaýyn Mary hanlygy bilen birigip bir hanlyga öwrüldiň, döwletlilige tarap gadam goýduň. Bu örün aýgytly ädimdir. Ine, indem seniň öňüňde uly synag dur. Ony sen nähili garşy aljakdygyňy özüň çöz!...
Enehakyda sözüni tamam etdi. Ýeriden turdy. «Gidibereýinmi» diýen manydaky soragly nazaryny ýeň astyndan Berdimyrat hana dikdi. Han oňa düşündi. «Ötägit, jigim», diýen manyda o-da başyny atdy. Hakyda molla agtygynyň elini iki aýasynyň arasyna salyp: «Berekella gyzym, senden tamamam şeýledi, bar indi gidiber, galanyny öýde gürleşeris, – diýdi.
Enehakyda muňa diýseň begendi. Özüni hoşwagt, bagtyýar duýdy. Diňlidepeden aşak düşende ol ýerläp uçup barýan gök kepderä meňzedi.
Bokurdagy gyrylara gelen Garasähet jarçam Enehakyda gidenden soň her ýerden bir basyp, taýagynyň ujy bilen ýeri dürtgiläp bir gyra çekildi. Kerimberdi işan bilen Gurbanmyrat işan ikisi özara hümürdeşdiler. Gyssagara bir zatlary maslahatlaşdylar. Gönübek bir gyra çekildi-de, çilimine ňapyşdy. Bir ýerden bir eli dutarly, beýleki eli bilenem howany sermeläp Ahalyň atly bagşylarynyň biri Kör kepele geldi. Elinden tutup onam Diňlidepä çykardylar. Ekabyrlaryň ýanyna eltdiler. Berdimyrat han ony eltip Hakyda mollanyň ýanynda oturtdy. Öňki duran ýerine gelibem märekä ýüzlendi.
 Ine, adamlar! Teke hakydasynam diňlediňiz! Indi söz sizden. Uruşmalymy ýa ýok? Siz nähili çözgüde gelseňiz şol hem bolar! Sebäbi, maslahat köpçüligiň gelen netijesine tabyn bolmaklygy karar etdi.
Garabatyr bilen egin deňläp duran Jyýky batyr gylyjyny bulaýlap çasly gygyrdy.
Şondan soň Berdimyrat han orslar bilen ylalaşyga gelmek barada hem pikiriň bardygyny märekä mälim etdi.
 Biziň hakyda taryhyna mongollardan gorkan Horezm şasy Muhammet şa ýaly masgaraçylykly suratda giresimiz gelenok! Biziňemöz ata-babalarymyz ýaly ýurdy ine, şu egri gylyç bilen gorasymyz gelňü.
Jyýky batyryň töweregini gallaşyp duran ýigitleriň barysy birden seslendi.
 Kim ylalaşyga gelmeli diýýän bolsa ýurtdan çykaryp kowmak gerek!
 Kowmaly däl, atmaly!
 Ýok, görene göz edip asmaly.
 Olar dönükler!
 Haýynlar!
 Biz olaryň kimlerdigini bilýäs!
Berdimyrat han ýüzüni aýgytly sypata getirip sag goluny galdyrdy.
 Ýigitler! Siz ýeke özüňiz märekäň adyndan gürläp durmaň. Goý, olaram öz sözlerini aýtsynlar.
Jyýky batyr dogumyna bäs gelip bilmän, iki ädim öňe süýşdi-de märekä gazaply garady.
─ Han dogry aýdýar, adamlar! Siziň öz sözüňizi aýtmagyňyz gerek. Ýöne, öňürti meniň ylalaşyga gelmek baradaky pikire aýdyňlyk girizesim gelýä. Şol pikiri öňe sürýän adamlar, belki özüňizem bilýänsiňiz, orslar bilen öňdenem dost. Şonuň üçinem, olaryň ýitirýän zatlary ýok. Ýeňsegem, ýeňilsegem, uruşsagam, uruşmasamam olaryň ýene-de şol, öňki hanlyklary, öňki beglikleri bolar. Yslamy araga, şeraba satjaklaram, orslar bilen oturyp doňuz etini iýjeklerem, öz halkyny olar bilen bilelikde ezjeklerem şolardyr. Biziň welin hiç kime-de gul bolasymyz gelenok. Biz erkana halk! Erkanalygymyza-da galasymyz gelýä. Siz maňa dogry düşündiňizmi adamlar!..
 Düşündik!
 Bek düşündik.
 Sen dogry aýdýaň, Jyýky batyr!
Garabatyr Jyýky batyry bir çete çekdi-de, bir elini galdyryp märekä ýüzlendi.
 Han sizden öz sözüňizi aýtmagyňyzy haýyş edýä, adamlar!
Bu gezek şowhun märekäniň içinden çykdy. Jyýky batyryň hyjuwly sözlerinden ýaňa kalplary heýjana gelen köpçülik joşgunly gygyrdy.
 Biziň pikirimizem şol! Uruşmaly!
 Duşmana boýun egmeli däl!
 Biz öz ýurdumyzy hiç kime bermeris!
Garabatyr bilen Jyýky batyryň arkasynda höwre gelen at ňaly horguryp duran burny örküçli, nazarynyň şol örküje büdreýändigi üçin birine seretjek bolanda ýüzüni düýbünden ters tarap sowup, örküç üzre gyýalap, gözlerini agdar-düňder edip garaýan ýokarky dişleri öňe çykyp, aşagy dodagyny basyp duran, sähelçe gymylda-sa buýralary seçelenip gidýän tegelegräk, gara telpekli, ak ezýaka köýneginiň üstünden täp-täzeje gyrmyzy don geýen, gödeňsi, ullakan elleriniň arka ýüzi goşa siňňilli Garly gaýşak atly bir ýigit ätmerläp öňe çykdy-da, endigine görä gaýşarylybraga-da, ekabyrlara tarap barmagyny çommaltdy.
 Öňürti hälki dönükli meseläni bir, bir ýüzli edeliňle-how, adamlar... – diýende erniniň sag tarapy ep-esli aşak gaýtdy. Agzyndan tüýkülik syçrady. Jyýky batyr maňlaýyna ýelmeşen tüýkülik syçryntgylaryny ýeňi bilen süpüryp durşuna: «Häziiräk bolsana how», diýýän manyda oňa tarap alarylyp seretdi. Garly gaýşak welin oňa ünsem bermedi. Gitdigiçe-de gyzdy. – Olar asla ýeke-de däldirler. Başga-da ýaranlary bardyr. Şonuň üçinem uruş wagty içalylyk edip ýeňişe päsgel bermezleri ýaly, şolaryň baryny şu wagtdan jezalandyrmak gerek.
Ýaş batyrlar munam alyp göterdiler.
 Hak söz! Barysyny gylyçdan geçirmeli!
Şeýdip öz içimizi arassalammasak duşmany ýeňip bilmeris.
 Ýeke özlerini ýa ýaranlaryny däl, ilen-çalanlarynam «kyhlamaly».
 Obalarynam otlamaly!
 Öňürti otlap onsoň talamaly.
 Ýok, öňürti talap, soň otlamaly.
 Tozdurmaly!
 Ýumurmaly!
Kerimberdi işan eýýämhaçan gahardan ýaňa titräp ugran Dykma serdara, çymgyzyl bolup duran Orazmämmet hana, tolgunmakdan ýaňa dyngysyz tirpildeýän gabaklaryny sallap dikejegine oturan Hanmämmet atalyga tarap nazaryny aýlady. Hersiniň ýanyna baryp ýuwaşlyk bilen:
 Giň boluň, adamlar, gaýrat ediň, olar bilen deň bolmaň – diýdi. Soň ol otlukly nazaryny dyzmaç ýigitlere tarap aýlady. – Biderek gürrüňleriňizi goýuň, oglanlar. Biz halky bu ýere biri-birimize yrsaramak çagyramyzok, maslahata çagyrdyk. Eýsem biz şeýle pikiriňem bardygyny aýtmak üçin halky şu ýere ýygnamadykmy näme? Siz öz pikiriňizi öňki maslahatda aýtdyňyzmy, goý, bu gezek öz pikirini halkyň özi aýtsyn. Siz onuň agzyna söz salyp bermäň. Asla goşulmaňam.
Märeke tolkun atdy.
 Biz öz sözümizi aýdýas!
 Biziňki şol bir söz!
 Uruşmaly diýdikmi, uruşmak gerek!
 Uruşarysam.
 Orslary Ahala goýbermeris.
 Bu adamlarda başga gep ýok...
 Bolubam bilmez!
 Gürrüň gutardy!
Bu sözleri aýdýanlaryňam köpüsi, elbetde, gylyçlarynyň gynyny gysymlaşyp duran dyzmaç ýaşlardy. Köpçülik gowur edýärdi, emma hiç biri öňe saýlanaga-da, takyk bir zat diýmeýärdi. Şonuň üçinem, Gurbanmyrat işan olaryň bu boluşlaryny razylygyň alamaty hökmünde kabul etdi. Ol ýeňiljek ädimler bilen ýuwaşja ýöräp Berdimyrat hanyň ýanyna geldi.
 Birinji mesele-hä çözüläýdi öýdýän. Indi ikinjisine geçäý.
Berdimyrat han:
 Işimizi çig etmäliň, işan aga – diýdi-de, ätiýaç üçin ýene bir gezek köpçülige ýüzlendi.  Hemmäňiz şol pikirdemisiňiz, adamlar? Başga zat aýtjagyňyz ýokmy? – Ýene şol sözlerini gaýtalanlaryndan soň, han elini ýokary göterip märekäni köşeşdirdi. Şol bir parahat görnüşi bilen sözüni dowam etdirdi. – Bolýa. Makul. Gelnen niteje şü. Uruşmaly. – Ol azajyk sesini gataltdy. – Ýöne, ýene bir mesele bar. Aksakgallaryň käbirleri, uruş wagty Ahalyň ähli ilatyny galanyň içine ýygnamaly, şeýtsek halk ähtibarly uruşar, hiç kim bala-çagasyny, maşgalasyny, öýüni taşlap gidibilmez, diýdi. Käbirleri bolsa, gala ýygnanmak duşmana kömek etmek bolar, şonuň üçinem, arkamyzy guma, Tejene, Mara diräp gaça uruş edeliň, diýdi. Siz şolaryň haýsy birine «hä» diýýäňiz.
 Gala ýygnanmaly!
 Jemlenmeseň gaçyp her kim bir ýerden çykar.
 Birinji gep makul!
Galadan çykyp gitseň ýeňildigiň bor. Ors geler-de, galaňam, ýurduňam hiç bir gaýtawulsyz alar oturyberer.
 Dogry!
Berdimyrat han ýene-de elini göterdi.
 Bolýa! Bu mesele-de çözüldi. Indi bolsa Gurbanmyrat işany diňläň. Onuňam öz aýtjak sözi bar. – Han Gurbanmyrat işana ýüzlendi. – Aýdyberiň, işan aga.
Gurbanmyrat işanyň ýüzi nurlanyp gitdi. Ol begenjini göz arkaly paýlaşmak üçin, Kerimberdi işanyň ýüzüne seretdi. Onuň kimdir biri bilen bir zatlar barada gürleşip duranyny görübem, «dähedem-dessämläp» diýen ýaly öňe çykdy. Gol, gowşuryp durşuna gözastyndan märekä göz aýlady.
 Adamlar! – diýip, gygyranda mähellä bolan içki söýgüsi hyjuwa öwrüldi. Gözlerini ýaşartdy. Ýüzünden dökülýän mähir ýagmyr bolup ýere ýagdy. – Hak iş üçin hakyky çözgüt tapandygyňyza men begenýän. Bu, merdanalygyň, watanperwerligiň alamaty. Enşalla Alla bizlik bolar. Ol bize kömek eder. Yslamyň ýaşyl tuguny dinibaşgalara basgylatdyrmaz. Bu uruş türkmeniň hakyda kitabyna ýene bir şöhratly sahypa bolup girer. Ýöne... – Gurbanmyrat işan ýeňiljek ardynjyrady. Agramyny ol aýagyndan bu aýagyna geçirdi. – Ýöne, uruş-uruşdyr, kynçylygam bor, ýitgem bor, köpüň içinde-de näme, batyram bolýa, gorkagam. Aýgytly pursatda kimdir biri bir ädim gaýra tesdigi işiň netijesine täsirini ýetirip bilýä... Şonuň üçinem däninim, mende bir pikir bar, ony men düýnki maslahatda-da orta atdym, köp adam goldadam, ýöne, ol işi unamadyklaram boldy. Şoň üçinem, men munam sizden sorajak. Siz näme diýseňiz şoň bilenem boljak. – Gurbanmyrat işan aşak bakyp, eýýämhaçan onda-munda tolkun atyp ugran märekäniň gowruny diňledi. Köpleriň agzyndan özýni makullaýjy, razyçylykly sözleriň çykýandygyny eşidip begendi. – Meň diýjek bolýan zadym, jemagat, neme... o zat... ýagny... duşman bilen tä, iň soňky demimize çenli söweşjekdigimize Kurany kerimden ant içmeli, «ýa alalyň, ýa öleliň» diýip, şert etmeli. Şeýtsek, gorkaklaram batyr bolmana jan ederler. Ýaralananlaram yza däl-de, öňe ýykylarlar. Kelamyllanyň gudraty imansyzlara göz görkezer. – Gurbanmyrat işan başyny buýsançly silkip, märekäniň üstaşyry alyslara garady. – Nähili görýäňiz, adamlar şu pikiri?
Köpçüligiň ortasynda duran daýaw bir kişiniň:
 Biz oňa-da razy!.. – diýmegi bilen dürli ýerden, dürli sesler çykyp başlady:
 Häziriň özünde kasam etmelem bolsa biz taýýar.
 Içmelem bolsa antam içeris!
 Şertem ederis!
 Şertimizde durarysam!

 Siz näme diýseňiz biz taýýar, işan aga!..
Gurbanmyrat işan bu gezek begenjini gizlejegem bolmady. Ol ýylgyrjaklap baryp, ortarada lowhuň üstünde duran ullakan, golýazma Kurany eline aldy.
 Adamlar! Ine, men häziriň özünde şu Kurany keremi göterip aşak düşýän. Kerimberdi işanam düşňä. Men Kurany şoň öňünde goýýan. Kimde-kim öz ýurduny, mşgalasyny iň soňky demine çenli dinibaşgalardan goramaga taýýar bolsa, Kurany kerim bilen Kerimberdi işanyň arasyndan geçip gitmeli. Geçip barýan adam Kurany kerime elini degrip, ýüzüne sylsa-da bolýa, ýöne, geçip gitse-de bolýa. Düşnüklimi, adamlar? Mesele aýdyňmy?
 Düşnükli.
 Aýdyň.
Gurbanmyrat işan boýnuny süýndürip halka täzeden ýüzlendi.
 Soragyňyz bamy?
 Ýok! Sorag ýok.
 Başlabereliňmi onda?
 Başlalyň!
 Asyl eglemäliň.
 Goý, şu gün hemme zat aýdyň bolsun.
Gurbanmyrat işan awuny gören bürgüt ýaly Kurany goltugyna aldy-da, depeden «şaglap» indi. Şonda, onuň ýukajyk gök ýektaýynyň syýlary öz badyna baýdak deý galgady. Pasyrdady. Yz ýany bilen Kerimberdi işanam düşdi. Ýaş ýigdekçeleriň biri depäniň üstündäki lowhy getirip Kerimberdi işanyň garşysynda goýdy. Gurbanmyrat işan Kurany şonuň üstünde ýerleşdirdi. Kuran bilen Kerimberdi işanyň arasynda bir adam geçer ýaly ýer galdy. Gurbanmyrat işan Kerimberdi işan bilen iki agyz söz alyşdy-da, ýene-de öňküsi ýaly syýlaryny galgadyp depä çykdy. Göwnihoşlyk bilen märekä ýüzlendi.
 Bissimilla, diýiň-de, geçiberiä, adamlar.
Göräýmäne hemme zat bolmalysy dek, barýan ýalydy. Hiç kim, hiç kime gyjuw bermeýärdi, dürtgülemeýärdi. Ýaşlaram özlerini geň galaýmaly görnüşde parahat alyp barýardylar. Ýöne, ine, Garly gaýşak birdenkä ýüzüni ters tarapa öwürdi-de, barmagyny depäniň üstünde duran han-beglere tarap çommaltdy. Eýýämhaçan sag tarapy aşak gaýyp ugran aşaky erniniň suwuny çekip «labyr-labyr» etdi.
 Hany, öňürti urşasy gelmeýänleriň geçenini bir göreliň!...
Duýdansyz çykan bu teklip ýaňy bir yrgyldaş ugran märekäni saklady. Elhenç bir dymyşlyk döredi. Ekabyrlar biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler. Gurbanmyrat işan: hä, bulaşdyr-ow şü»diýen manyda gyňraýlyp Garly gaýşaga tarap gaharly bakdy. Märekeden ses çykmady.
Öň gepleşen borly, Garly gaýşagyň ýaňky sözüni ara düşen az wagtlyk imisalalykdan soň onuň daş-töweregini gallaşyp duran ýaşlaryň Garabatyr bilen Jyýky batyrdan öňňesi alyp göterdi.
 Hanmämmet atalyk!..
 Orazmämmet ha-an!..
 Gulbatyr serda-ar!..
 Dykma serda-ar!..
Orazmämmet han adyny iki gezek tutdurtmady. Ol ýaýkanjyrap gelşine depeden depeden ätmerläp düşdi-de, Kerimberdi işanyň gaşyna geldi. Kuran bilen onuň arasyndaky dar ýerden geçmezden öň başyny silkip jemagata ýüzlendi.
 Siz maňa ynanmazçylyk etdiňiz. Meniň ynsabyma,ýüregimiň päkligine betgüman bolduňyz. Şonuň üçinem, men häzir şu ikiaradan geçýän. Şeýtmekligiň ýalňyşdygyna düşünmeýändigim üçin däl-de, şoňa siziň düşünmeýändigiňiz üçin, siziň bir akmak, nadan halk ekendigiňize düşünýändigim üçin geçýän. – Orazmämmet han iki aýasyny Kuranyň üstüne goýdy, ýüzüne syldy, gaharyna bäs gelibilmän «haş-haş» edip durşuna märekä garap öňküsindenem has dabaraly gürledi. – Köpçüligiň kararyna boýun bolup, ýurdumy tä, iň soňky damja ganyma çenli gorajakdygyma kasam edýän....
Ýokardan Gurbanmyrat işanyň sesi eşidildi.
 Kasam edýän diýme, ant içýän diý, Orazmämmet, ant içýän diý!
Orazmämmet han döşüni gaýşardyp durşuna derden ýaňa çog-gyzyl bolan dolmuş ýüzüni äwmezlik bilen depä tarap öwürdi.
 Diýjek däl! – Şondan soň ol ýene bir gezek: – Kasam edňän – diýdi-de, başyny dik tutup Kerimberdi işan bilen üstünde Kurany kerim duran lowhuň aralygyndan geçip gitdi. Iki ädim ara açyp-açmanka sägindi-de, yzyna öwrülip ýene-de halka ýüzlendi. – Synag güni siz ölmäni başarsaňyz men başararyn. Gepim geçmedi, diýip bir ädimem yza tesmen. Göwnümde kine-de saklaman. Köpçüligiň gelen çözgüdi meniň üçin kanundyr. – Ol çalarak öwrüm etdi-de, Diňlidepä tarap öwrüldi. Ýöne, üstüne çykmady. Düýbüne bardy-da, çommaldy oturyberdi.
Oňa çenli aksowult, inçe ýüzi öňküdenem beter agaran Hanmämmet atalygam gözlerini howatyrly gyrpyldadyp, depeden aşak indi. Çep dulugyny tirpildedip, gözlerini gyryrjykladyp durşuna, gahardan ýaňa sesini sandyradyp gepledi.
 Atalygyňam namart ýa dönük adam däldigini men size jeň güni subut ederin. Kasam içendigim üçin däl-de, ýurdumdan, il-günümden aýry zadymyň ýokdugy üçin subut ederin. Kasamy bolsa men seniň üçin içýän. Nalaç içýän. Biziň akmak ýa dinden çykan adamlar däldigimizem, o zeýilli adamlaryň sizi şu hatarly ýola iteklenýänleriň özleridigem şol gün belli bolar. Şol gün siziň olardan jogap sorasyňyz geler, emma olaryň birinem gapdalyňyzda görmersiňiz.
Şeý diýip, Hanmämmet atalygam aralykdan ötdi. Daýaw göwresini dik tutup, süňklek omurdanlaryny taýly gezek öňe-yza omzadyp, her ýerden bir basyp gelýän Gulbatyr serdar depeden düşüberende halka garap bir elini göterdi-de, adamçyl erkek ýaly gözlerini agdar-düňder edip, bar-bar bagyrdy.
 E-eý, halaýyk! Sen aňyrsy görünmeýän kyn hem ýowuz ýola gadam basdyň. Hanmämmet atalyk ýaňy hak aýtdy: seni şu ýola iteklän adamlaryň günäsi uludyr. Ýöne, merdiň sözi iki çykmaz. Men seni goraryn. Gylyjym gädilse golum bilen, gollarym çapylsa göwräm bilen goraryn!... Ilimden –günümden aýra, Watanymdan ileri zadymyň ýokdugyny subut ederin...
Ol sözüni soňlara-da garaşman ýüzüniň ugruna aralykdan geçip gitdi. Gaýdyp depä-de çykmady. Özüniň köpçüligiň içine urdy-da, gürüm-jürüm boldy. Şondan birnäçe gün soň, ony şol halda gören adamlar: «Gulbatyr serdar şonda märekeden saýlanyp diwaryň düýbüne bardy-da, dikejigine oturyp tä içi egsilýänçä aglady» diýip gürrüň etdiler. Olaryň aýtmagyna görä, Gulbatyr serdar doly içini egisenden soň ýerinden turupdyr, bärsine öwrülipdir we halka seredip elhenç bir gülüpdir. Onuň ol gülküsi adamlaryň gulagyna agydanam has aýylganç eşidilipdir.
 Ine, menem geçýän – diýip, Gulbatyr serdaryň yz ýany ýaraly ýolbars ýaly arlap, Dykma serdaram depeden aşak indi. Gelşi ýalam Kurany kerime elini goýdy. Ýüzüne syldy. – Siziň şu günki görüp ýören abat günleriňiz bilen ertirki görjek heläkçiligiňiziň aralygynda duran şujagaz serhetden ine, menem geçýän...
Ol aralykdan geçişi ýaly Diňlidepä çykdy. Baryp öňki ýerinde durdy. Ýöne, ýüzüni ýerden galdyrmady. Berdimyrat hanyň özüne tarap eglip bir zatlar diýenini bolsa düýbünden aňşyrmadam.
Şondan soň gezek märekä ýetdi. Müňlerçe adam geňler galaýmaly tertip hem düzgün bilen, mukaddes Kuranyň hem-de Kerimberdi işanyň arasyndan ötüp, ahy-nalasy asyrlardanam uzaga çekjek elhenç gyrgynçylyga tarap ýeke-ýekeden ýuwaş-ýuwaşdan süýşüp başlady.
Gurbanmyrat işan ýeňillik bilen dem aldy.
Geçişlik obama-oba amala aş yrylýardy. Her oba kowçum-kowçum bolup üýşüp durdy we hersi öz gezeginde töwella edilmezden Kerimberdi işanyň duran ýerine tarap gyrmyldap başlaýardy.
Mähelläniň ýarysyndan gowragy geçip gutarandan soň, gezek Ahallynyň obasyna ýetdi. Ol nazaryny özüni uzakdan synlyp duran Enehakydanyň sudur bolup görünýän keşbinden aýyrman, nobatyna görä aralyga tarap «dähedem-dessemläp» ugrady. Gulagynda bolsa Enehakydanyň düýn-öňňünki: «Sen ant içäýme» diýen sözi birsyhly ýaňlandy durdy. Beýnisinde gapma garşylykly pikirler iki baka at saldy: «Geçmelimi, geçmeli dälmi? Ant içmelimi, içmeli dälmi? Geçsem, ant içsem Enehakyda näme diýer? Geçmesem, içmesem il-gün näme diýer? Dykma serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk, Gulbatyr serdar ýaly atly-abraýly adamlaryň ýüzüne «dönük», «satlyk» diýip, bilýän adamlar maňa dagy nämeler diýmezler? Olar hiç zat diýmäýenlerinde-de, bir çete çykyp durubermek meň özüme bir uslypmy? Beýtsem tohmuma-tijime, atama-eneme, düýp babama gep gelmezmi? Ysnat bolmanmy? Nalajedeýin görünmenmi? Deň-duşlarymyň ýanynda namart saýylmanmy? Bigaýratdyr öýdülmenmi? Oturylşyklardan kowulmanmy? Köpçülik meniň aýdym-sazlarymdan ýüz öwürmezmi?..» Ol ýene-de nazary bilen Enehakydany gözledi. Ol indi birneme daşlaşypdyr. Ýok, ol däl-de Ahlly ondan daşlaşypdyr. Şonuň üçinem, indi Enehakydanyň ýüzi-gözi öňküsiçe saýgardanok. Gahar edýämi ýa makullaýamy, belli däl. Ýöne, Ahallynyň öz ýüregi bilen duýşuna görä, ol indi oňa nazary bilen, hiç zat diýenok, geçme-de diýenok. Uruşam diýenok, uruşma-da diýenok... Sebäbi öň ol aýtjagyny aýtdy.
Ine-de Ahallynyň öňünde Kerimberdi işanyň daýanykly göwresi peýda boldy. Honha-da Kurany kerim. Öňünde-de bary-ýogy üç-dört adam.
Ahallyny der basdy. Enehakyda tarap seretjek boldy, emma gabaklaryny ýerden galdyryp bilmedi...
Ine, ýaňky öňde duran dördüňem ikisi geçdi. Beýleki birem geçdi. Ýekeje adam galdy. Şo-da geçse, onsoň gezek Ahallynyňky. Ine-de aralyk... Kuran... Kerimberdi işan... Öň boş. Indi pikirlenere-de, yza gaýdara-da ýol ýok.
...Ahally aralykdan geçenden soň, agyr ädimler blen Enehakydanyň duran ýerine tarap ugrady. Emma gyz eýýäm ol ýerde ýokdy. Ahally başyny galdyryp galanyň içine göz aýlanda, Enehakyda iki sany gyz bilen galanyň günbatar diwaryna tarap gidip barýardy. Şol ýerde onuň öýi bardy.
Ruhy batyr sözünde durdy. Ant içişlige özem barmady, ýigitlerinem eltmedi. Ol olaryň hemmesini ýygnan patyşa goşunynyň geljek hem geçjek ýoluny, hereket etjek meýdanlaryny öwrenmäge gitdi.
Hiç kim oňa «geldiň» ýa «gitdiň» diýibilmedi. Diýibem bilmez. Çünki, ol Ruhy. Ruhy batyr. Ol erkin. Etjek işinem, ätjek ädiminem ol hiç kimden soramaly däl. Ol eneden şeýle doguldy, şeýleligine hem galar. Onuň ykbaly şeýle.
Ant-şert meselesi birýüzli edilenden soň, Berdimyrat hanyň haýyşy boýunça bagşy Kör kepele il-gün hem gahrymançylyk barada tä, halkyň özi «boldum» edýänçä aýdym aýtdy. Oňa Ahalyň beýleki bagşy-sazandalary hem goşuldylar. Soň şahyrlar goşgy okadylar.

Şol günüň agşamsy, Berdimyrat hanyň öýünde dowam eden özara maslahatda, ýaşulylar, kömek sorap Turkiýä , Hywa, Mara, Büjrnürde, Goçanda ýüz tutmak, golaýlap gelýän duşmanyň öňünden dört müň pyýada, iki müň sany atly goşun bilen, çykyp, ony Ahalteke serhedi bolan Bendesende garşylamaklyk karar edildi. Şeýle hem şondan on ýyl ozal, Garrygala urşunda parslardan olja alnan, häzir Änewde, duşman duýdansyz çozaýan wagty beýleki obalara duýduryş bermek maksady bilen saklanýan mis topy hem ätiýaçdan Gökdepä getirip, Diňlidepäniň üstünde, ýagynyň geljek ýoluna bakdyryp goýmaly. Top üçin guýar ýaly kimde döwük kündük, gazan ýa şoňa meňzeş zatlat bar bolsa, eltip Abdylla ussa tabşyrmaly. Hemmelere ortalyk bolar ýaly, Abdylla ussa üçin Diňlidepäniň bir çetinde ussahana açmaly. Ahally ýaly ýaş ussalar hem hemişe onuň hyzmatynda bolmaly. Kömek bermeli. Tüpeňli adamlar därini aýawly saklamaly. Kimde artykmaç ýarag bar bolsa, wagtlaýynça ýaragsyzlara bermeli. Ýaş zenanlar, gyzlar, ýetginjek oglanlar uruş wagty ok çöplemeli, ýaralylara kömek etmeli, galanyň daşyndaky mergenlere, diwaryň üstündäki we etegindäki urşujylara çörek, suw daşamaly. Bagşy-sazandalar, şahyrlar, agşamlaryna, gündizine maý bolan wagty urşujylaryň arasynda bolup, özleriniň aýdym-sazlary, goşgulary bilen halky söweşe ruhlandyrmaly, rawylar rowaýat aýtmaly. Hakydany teswürlemeli. Halkyň ruhuny götermeli. Duşmanyň güýçlüdigi, sanynyň köpdügi baradaky gorkunç gürrüňler bilen adamlaryň gözlerini gorkuzyp, sustlaryny peseltmeli däl.
Maslahat tamamlanyberen ýaly boldam, welin, birdenkä, Gulbatyr serdar iki-baka yranjyrap oturşynabirhili çekinýän ýaly äheňde:
 Aho-ow adamlar, gumly garyndaşlara-da habar gönderäýse kem bolmazmyka diýýän – diýip, aladaly seslendi. Soňam birhili ynamsyzrak äheňde: Özler-ä öýkeliräkdirler welin...Şonda-da duýdurylsa ýagşymykan diýýän men-ä...
 Bu gaty makul gürrüň, adamlar, diýdi-de – Gurbanmyrat işan başyny ýaýkady – Şu çaka çenli hiç birimiziň ýadymyza düşmeýşini diýsene... Şondan soň ol Berdimyrat hana tabşyryk şekilindäki haýyş bilen ýüzlendi. – Sen olara adam iber, Berdimyrat. Näme diýýänlerini soň görübiris...
Gulbatyr serdaryň: «Özler-ä öýkeliräkdirler welin», diýmesiniň özüne ýetesi sebäbi bar. Ol özbaşyna bir taryh. Ýagny, heniz rslar ahala aýak basmazlaryndanam öňräk, sekizýabyň aýak uçlarynda oturan mülkaman hem-de bagaja diýen tireleriň suwy ilk-ä azaldy, kem-kemdenem kesildi. Bu ýagdaýy olar üýşüp baryp Gökdepäniň han-beglerine duýdurdylar. Olaram: «Biz siziň ýagdaýyňyza düşünýäs, ýöne bu biziň size suw beresimiziň gelmeýändigi bilen däl-de sakada oturanlaryň maşgala sanlarynyň artmagy, hojalyklaryň köpelmegi suwuň bolsa azlygy bilen bagly. Olaryň suwuny kesip size goýbereli diýsek – O-da boljak däl. Öňem hut şu sebäbe görä ilatymyzyň köp bölegi, Mänä, Gowşut, Tejen, Sarahs sebitlerine süýşdiler. Sizem görüň-dä... Biz-ä bilmedik-dä...» diýşip, sypaýyçylykly jogap berdiler.
Şondan soň Mülkaman hem-de bagaja tirelerine sessiz-üýnsiz guma çekilip, ymykly çarwaçylyk bilen meşgul bolubermekden başga alaç galmady.
Ine-de, olardan kömek soramaly wagty geldi. Haýyş bilen guma gitmeli toparyň baştutanlygyna bu teklibi orta atan Gulbatyr serdaryň özi bellendi. Oňa haýal etmän ýola düşmeklik tabşyryldy.
Elbetde, orsuň kem-kemden Ahala golaýlap gelýändiginden gumlularyň düýpgöter bihabar-a däldiler. Azyk, geýim-gejim, mal söwdasyny esasan Daşhowuz, Hywa etraplary bilen edýändiklerine garamazdan, seýregrägem bolsa, ahal bilenem aragatnaşyklary kesilmeýärdi. Esasanam gudaçylyk gatnaşyklary babatda biri-birleri bilen berk baglydylar. Şeýle-de bolsa, uruşly meseläniň şeýle jygba-jyga gelendiginden welin bihabardylar. Şonuň ýçinem, Gulbatyr serdaryň getiren habary olary gaty geňirgendirdi.
Serdar öz häsiýetine görä howlukman, däne-däne gürläp oturşyna olary ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Han-begleriň, işan-mollalaryň haýyşyny beýan etdi.
Gumlular öz hanlarynyň  Mämetguly hanyň ýüzüne seretdiler. Gulbatyr serdar köne kinäniň orta atylaryndan maslahatyň bozularyndan, meseläniň çözülmän galaryndan ätiýaç etdi. Birbada onuň hut şol diýeni hem boldy. Çarwalaryň daşyndanam dogumly görünýän, daýanykly, kellesi togalagrak biri Mämmetguly handanam öň ýapy ýaly ýagyrnysyny ýapyrdy-da, Gulbatyr serdara tarap barmagyny çommaltdy.
 Öň biz sizden suw soradyk, bermediňiz, indem bizden gan soraýaňyzmy?
Şondan soňky ara düşen dymyşlyk öňküenem beter boldy. Gulbatyr serdar hum ýaly çişdi. Oturan ýerinde iki ýana çaýkanjyrady. Bir zatlar diýjek bolup agzyny müküldetdi.
Oňa çenlem Mämmetguly han dillendi.
 Ýok, adamlar, siziň o jogabyňyz, bolanok. Bu ýerde gürrüň Watan, daşky duşman barada barýar. Watanyň namysyny içki öýke-kineler bilen garyşdyryp bolmaz. – Soň ol Gulbatyr serdara ýüzlendi. – Baryň-da han hezretlerine-de, işan agalara-da aýdyň, biz kömege bararys. Her garry öýden bir atly – ýaragly adam ibereris. Özem biziň ýgitlerimiz bir-ä sakdyrlar, uzynly gijänem çirim etmän garawulçylyk çekip bilýändirler, birem uçursyz mergendirler uçup barýan guşuň gözünden urýandyrlar. Siz olary şol hünärleriň islendiginde ulanyp bilersiňiz...
Şonuň bilen mesele çözüldi. Gulbatyr serdar iş bitiren adam hökmünde ýeňillik bilen dem aldy.
Gumlular sözlerinde tapyldylar. Gysga wagtyň içinde her garry öýden bir atly ýaragly adamy jem edip, entek duşman gala gelip ýetişmänkä Gökdepä ugratdylar. Olara baş bolup, bagaja tiresiniň hany Mämmetguly hanyň özi gitdi.

Ant içilen gününiň ertesi Ahallyň ýüzüni sallap Enehakydalara geldi. Gyz ony sowuk garşylady. Dözümli darady.
 Sen ant içdiň. Özem näalaç içdiň. Men oňa düşünýän. Ýöne, bilip goý: şertiňde durmasaň, ýeňilen günüň ýaragyňy tabşyraga-da, duşmanyň tarapyna geçseň, menem saňa beren wadamy yzyna gaýdyp alaryn. Ant içip, sözünde durubilmeýän adamy men özüme ömürýoldaş edinip bilmen. Oňa meniň hakym bar. Çünki, men seniň öňüňde ant içemok, şertem edemok, Kurany Kerimdenem ätlämok.
Ýerden ses çykdy, Ahallydan çykmady. Ony der basdy. Ysgyn-mydary azaldy. Özüni ýere goýberdi-de, arkasyny gara öýüň gamyşyna ýaplady. Onuň hatda eli kündükli öýden çykan Hakyda molla salam bermä ge-de mejaly ýetmedi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: