01:13
Iñ soñky tomus -4/ romanyñ dowamy
9.

Garaňky mazaly gatyşdy. Bala kakasynyň howlugýanyny, darygýanyny bilýärdi. Diňe şoňa gynanýardy. Sygryny sürüp barşyna, garaňky bolanyny kemem görenokdy. Sygry saganyny hiç kim görmese gowudy.
Dädiş bilen Akgyş içeri girip bilmän daşarda otyrdylar.
– Näme üçin öýe gireňizok.
– Garaňk-a.
– Garaňky bolsa çyrany ýakmaly. Ýörüň. Emma jigileri balanyň yzyna düşmediler. Ol içeri girip çyrany ýakdy.
– Däde jan!
Ýaşuly sag gözüni süzgelletdi-de, gözüni eli bilen ýagtydan penalady.
– Eltdiňmi, Işan agaňy.
Ol kakasynyň äheňinde ýüpek ýaly ýumşaklyk aňdy.
– Hawa, däde jan. Saňa köp sag bol aýtdy. Metjit janyň işiginde düşürip, ugruma sygyrymam alyp gaýtdym.
Ýaşuly az-kem dikeldi.
– Hany, jigilerim?
– Bar, olaram geldiler. Hany, gelsinlerän-i.
Jigileri kakalarynyň sesini eşitseler-de öýe girmediler.
– Dädem jan, çagyrýar, jigim...
Dädiş gaýta ony ýanyna çagyrdy.
– Baýdy dädemlerden süýji naharyň ysy gelýär. Men şolaryň ogly bolmaly ekenim.
– Menem! – diýip, onuň gapdaljygynda oturan Akgyşam aýtdy. – günde süýji nahar iýerdik, hä. Onsoň syrkaw ejemizem, syrkaw dädemizem bolmazdy.
Balanyň ýüregi tas ýarylypdy.
– Dilňizden çykýan söz näme, jan jigim. Dädem jan eşidäýse näme diýer.
– Ol basym öler! Biz ondan gorkamyzok diýip, Akgyş has batyr gürledi. – Hä, Dädiş. Ol urjak bolup kowalasa biz dikidik-dikidik edip, tokaýa gaçarys. Onsoň tutjak bolsa-da milisä «Kolhozyň goýnuny ogurlady» diýip aýdarys. Milise-de ony tutup, gazamata salar.
– Kimi? – Balanyň ýüregi bokurdagyna geldi. Ol gulagyna eşidilýän sözlere ynanmajak boldy. – kimi?
Akgyş içeri «han-a, şol» diýen manyda boýnuny uzatdy.
– Jigim jan, bulary kim öwredýä, saňa. Heý, beýle sözi agzyňa alarlarmy?
– Näme, Dädiş öwredýär. Ol Pawlik Morozow.
Ol dädesinden gorkman, onuň ogrudygyny milisä aýdar.
Balanyň gözlerine ýaş indi. Ol lampa oturanyny duýman galdy.
– Ol seniň dädeň jan-a. Ol, ol ýeke dikraryň-a. Sen oňa dädem jan diýmeseň kim diýsin. Ol seniň ataň ahyryn, jigim.
Dädişiň sözi aňyrdandy.
– Ogrudanam bir däde bolarmy? Indem « meni tutaýmasynlar» diýip jögüsiräp ýatyr. Bilmeýändir öýtýäňmi? Öz-ä işlänok, biziň zadymyzam iýip...
Bala elendi.
– Eý, allam dädem jan bir bu gepleri eşitmäbilse ýagşydyr, eý, hudaýym. Biz nähili...
Ol Işan aganyň «Adamlar gaty zaýalanypdyr» diýen sözüni aýtjak boldy. Emma tapyp bilmedi.
– Biz nähili erbet bolupdys, allajan.
– Ba-la! – diýip, içerden kakasy gygyrandan soň ol özüne geldi. Sygyryňy sagdyr.garaňka gald-a.
Bala ojaga çaý goýdy-da, süýt bedräni eline aldy. Ojakda ýanýan oduň ýagtysy, tä sygyr ýataga çenli garaňkyny kowalap bilse-de aňry ýetenokdy. Goňşy öýden gelýän gaýnatma çorbanyň ýiti ysy bolsa indi garaňka çümen obany tutuşlygyna diýen ýaly gaplap alypdy.
Garaňkynyň içinden sygryň emjegindenzygdyrlyp çykýan süýdüň şorlap bedrä degýän endiganja sesi gelýärdi.

10.

Garry aga çyra öçensoňam uklap bilmedi. Şükür, şu gün, ertir öýüniň kem zady ýokdy. Onuň ýassygynyň aşagynda kyrk bäş manat pul durdy.
Iki sany tamdyr çöregi saçaga dolangydy. Gowurdagy, gandy, bu zamanlarda Sumbar jülgesinde ady ýitip giden düýe çaly bardy. Ysgynam, şükür, edil öňküleri ýaly däldi. Gaýrat etse, ertir hajat ýoluna özüniň gidäýmegem ahmaldy.
Ýöne ony heläk edýän zat başgady. Şol ýüz ýigrimi goýun nirede ýitmegi, nirede bölünmegi baradaky pikir ony ünjä goýýardy.
Bir-ä ol Baýdy ferma, Saparguly, Öwelek özüni ýenjen günleri ýerinden galyp bilmän, bialaç goýnuny garawsyz galdyrypdy. Soňam, gaty gahary gelip, sürini oba sürende kän bir ykjam tutup bilmändi.
Ol sürini oba getirmese-de getirmezdi. Ony köpläp, tultukly suwa dönderseler-de, malda günä ýokdy. Ony ýenjenem, ara-namysa goýanam öz inisidi. Beýleki iki adamam oňa eýeripdi.
Onuň çişmedik, gögermedik ýeri galmasa-da, ol ýa ýerli guramalara, ýa organ işgärlerine arz edeýin diýmedi. Ýöne, çarwadan üç-dört mirem gaýrada, kerkawly jülgäniň içindäki çeşmäniň ýanyndaky böwürslenlikde gören zady onuň haýýatyny uçurypdy.
Şol ýerde bir ieşegiň-ä derisini, kellebaşaýagyny, başga bir toklynyňam, diriligine çala-çula daglanyp taşlalan maslygyny tapypdy. Ol şol ýerde taşlanan üç-dört sany arak çüýşesinden çen tutup, bu adamlardan her zada garaşaýmalydygyny, olar üçin indi dünýäde mukaddes zadyň galmandygyna göz ýetiripdi.
– kolhozyň, kolhozçynyň eýesi bolup, işiň yrsgalyny şeýtýän bolsalar, bular adamy gaýgyrmazlar. Bulara gerekmeýän bolsa, bir gözüm zaýa, otyr ýerim simläp, zer-zaýa ýaraka, indi näçe gündür aç-suwsuz bolup, näme dünýä iki geljekmi men.
Ol şeýdibem aýgytly pikire gelipdi.
Oba geleni gowy boldy. Sowuklan ýarawsyz gözi iki günläp aldy. Babasilisi bolsa ol-a meýdan etmek eken, oturdyp turuzmaga-da goýmady.
Ene-de il-gün gowy. Ony keselhana eltdiler. Ýarasyny kesdiler. Ol bitdi. Ýüregi welin beterledi. Ýürek başa salnan bu jepelery göterip bilmedi. Oňa teselli-de ýokdy, hemaýat hem. Gaýta, gün-günden dert basýardy. Özem ýowuz dert.
Garry nire, ýüz ýigrimi goýun iýme nire?emma häzir diňe bir iki oba däl, tutuş etrap şonuň gürrüňini edýäni belli. Oňa öňem «ogry», «heleýbaz» diýlip däkylýan myjabatlar aýrylyp gidiberenokdy.
Ýaş, jahyl wagty onuň çarp-çurp edenem çyndy. Ýöne oba gelip, ili-güni çürkän däldir. Öz çopan dostlarynyň gözüne ýakanja erkeji bolsa, onam «şu bilýärmi, bilmeýärmi» diýen görnüşde, aýtman alar giderdi. Ýogsa, özüňde süri goýnuň bolup, her aýda hurşlyk janlyberlip durka ogurluk edilermi. Ol dostlaryndan bäş sany maly aýtman alypdy.
Bir sapar Berdi lökgäniň bir erkejini alypdyr. Soň Gara golagyň bir öwejini alypdyr. Allaberdi sakarlynyň bir goýnuny alypdy. Jumanazar tüýdikçiniň hemem Orsbaýyň sürisinde bir-birden alypdy. Ine, bolany. Olaram gurbanlyk günleri, garyba-gasara eltip beripdi. Şondä Berdi Lökge:
– Häk, dost, meniň şol erkejim görnenok welin – diýip, alagümanrak bolup, ondan görýänini duýdurypdy. Garram ýöne ýylgyraýypdy. Indiki gelende özüniňkiden iki erkeç, birem mähnet keýik getirip beripdi. Beýlekilere-de şeýledi. Onuň Taňrynyň öňünde başga eden ogurlugy ýokdy.
Aýalbaz diýenleriniňem bir çöpjagazy bardy. Ol Ogulbegi juda gowy görýärdi. Ogulbegiň özem Garry diýip ölüp ýatyrdy. Onuň adamsy frontdady. Şonuň üçin Garry oňa el garyp bilenokdy. Ýöne kömek ederdi.
Oba baranda bir eşek ýüki odun, bir goýny öldürip, ony gowrup, garnyna salyp, elter bererdi.
Il-gün şony görüpdi. Üstesine aýaly körem bu gürrüňi uly il ýaýardy.
– Han-a, ene şolara ogurlap et getirdi, odun, getirdi. Ol haram tula meniň başyma ýetjek bolýar-eý...
Baýdy bilenem onuň hyrra-temesi şol ýyllardan başlanypdy. Ogulbeg kolhozyň maldarçylyk boýunça hasapçysydy. Ol owlak-guzy döwründe Garrynyň çatmasynda öz ejesi bilen bolýardy. Çopan mydama düzde bolansoň çatma boşlagdy. Et, süýt-gaýmak, çörek-çaý boldy. Dünýäde uruş bara meňzänokdy.
Çarwa howasy, ýeterlik iýme-içme, rahat durmuş, öňem gözellik paýlanyşykda hakyny gidermedik Ogulbegi tawusa öwrüp barýardy. Özem çarwa ýeri bolansoň ol gözüňe öňküden ýüz esse owadan bolup görünýärdi. Ýakynda-daşda onuň owadanlygynyň tarypy ýetmedik ýer ýokdy. Älem hyrydar diýenleridi. Emma her kim kör arslan ýaly bolup düňderilip ýören Garrydan gorkýardy.
Günleriň birinde Ogulber Gyşýurtdan Ýelligaýa Baýdynyň sürüsine guzy sanawyna gitmeli boldy. Şonda-da Garry ony ýeke goýbermedi. Ýanyna Atajan atly çolugyny saldy.
– Sen bir ädimem ýanyndan aýrylma. Soň näme bolanyny maňa aýdarsyň...
Baýdy çopan Ogulbegiň daşynda pelesaň urýardy. Ol Atajany çeşmä iberip, Ogulbegiň ýanyna ýüwürdi. Guzy sanap ýören gelniň ýana duýdansyz gelip, ony iki gaýta ogşady. Soňam nämüçindir kowalap başlady.
– Ýöri, kümä baraly.
Ogulbeg gaçdy. Baýdy geçi gaplaň ýaly bolup topuldy.
Şol arada ýerden çykdymy, gökde indimi Garry kör peýda boldy. Ol Atajanyň getiren suwly kündügini honda taşlap goýberdi.
– Hany, aýt, näme boldy – Garry Atajanyň ýüzüne däl-de ýere garap sorady.
Atajan dünýäden habarsyzdy.
– Hemme zat gül ýaly, bolýar.
Garry elindäki taýagy öňem titräp duran Baýdynyň depesinden saldy.
– Me, me, azgyn haramzada.
Baýdyny onuň elindenem alan bolmady.
– Şu gyz baýragyň, guzy sanap, meniň ýatagyma barýança adam-ogly elini degiräýse, armanym ýok, ganyny içerin.
Baýdynyň ýatagynda ýedi-sekiz sany jahyl-jümri, guzy alyşmak üçin gelen-u beýleki bardy. Olaram girende-çykanda Ogulbege dil bilen-u – el bilen azar berjek bolup durdylar. Şol wakadan soň Baýdy-ha bäş günläp düşegindenem galyp bilmedi. Beýlekileriň hem diline bismil çykana döndi.
Ine, şondan soň Baýdy Garry çopana bilniksizlikden kast edip başlady. Şol günler Garrynyň çarwasynda gaty ýakymsyz waka boldy. Çopanyň bäş-alty sany çolugy bardy. Olar çoluk bolup çolugam däldi. Obanyň açlygyndan gaçyp, Garry çopanyň ganatynyň astyna ýygnanyp, onuň ýumşuna ýarap ýören işekler jahyllardy. Olar näme ýumuş buýursaň lepbeý diýip, çopany odun-suw, nahar-şor aladasyndan dyndaryp ýörenlerdi.
Çopan olaryň hersine bir körpeç hemem otuz-kyrk owlak guzy beripdi. Olaryň, işi agşam süri gelende owlak-guzyny enesine bermelidi. Goýun-geçileri günortan sagdyryp süýdüni bedonlara guýdurmalydy. Hemme zat gülala-güllükdi. Emma günleriň birinde Atajan gelmedi. Ony gördüm-bildimem ýokdy. Garry çopan obadan habar tutdy. Töwereklere yz çaldy. Ýakynda ýagyş ýagansoň yz-tozan bildirenokdy. Günleriň irinde bolsa raýondan bir maşyna dolup milisiýa işgärleri geldi. Olaryň ýanynda bolsa ýolbars ýaly möjegiti bardy.
Olar çopany çoluklary boş kümeleriň birine saldylar-da gapynyň agzynda eli bäşatarly garawul goýdular. Körpeçleri, ýatagy, gaýanyň gowagyna çenli dörüp çykdylar. Yz tapylmansoň, ýeke-ýekeden çagyryp başladylar.
– Atajan Teke seniň çolugyňmy?
– Hawa – diýip, Garry çopan aýtdy.
– Hany, kim ol, näme iş etdi? Haçan ýitdi?
Çopan Atajanyň ýumşa gaýym, ýuwaşja oglandygyny, janypkeşdigini aýtdy.
– Ýetim oglan-da, ganatymyň astynda saklap ýörün-dä, aç-hor bolmasyn diýip, ýogsa alyp barýan uly işem ýokla. Häzir döwür kyn. Oba barsa-da munuň ýaly gatyk-süýdi, iýmekiiçmegi nireden tapsyn...
Garaýagyzdan berdamly, gazaplylygy, gözleriniň çyra ýaly lowurdaýşy özüne ýaraşyk berip duran sülçi Orazowyň ýamanlygy ýoklugy bildirip durdy. Ol howlukman diňleýärdi.
– Ýiten güni sen niredediň?
– Şol ýiten güni kolhozdan adam geldi-de biz goýun sanadyk. Güni bilen perme, mal doktory, hasapçy gyz bolup ýatakda bolduk.
– Oglanlar nirede boldy?
– Atajandan özgesi töweregimizdedi. Süri-dä, sanawdael köpräk gerek. men onsoň ertesi bilip galdym Atajanyň ýoklugyny.
– Atajan Tekäniň arasy oglanlar bilen nähilidi?
Garry çopan bir zat diýmäge ýaýdandy.
– Näme diýeýin. Oglan-da «seniň guzyň az-da, meniň guzym köp», «sen guzyny ir getirdiň-de, men giç getirdim» diýip çal beýnilik edip hyrra-teşe bolan wagtlar-a bardyr. Ony gizlemäýin.
Ol bolmasa, näme oglan boljakmy? Ýöne biri-irine kast, beýleki eder ýaly oglanlarym ýokdur.
Orazow gözlerini jüýjertdi.
– Kast edilenini nä bilýäň?
Garry çopan sülçinň ýüzüne geň galyp garady.
– Meniň diýjek bolýanym, ýüreginde ýamanlyk ýokdur. Türkmen näme, mala taýak çenäne-de kast etdi diýiberýär-de.
Sülçi gürrüňi jenledi.
– Sen hiç zat bileňok-da, şeýlemi?
– Şeýle.
– Şonuň üçinem organ işgärlerine habar bermediň.
Garry aljyrady.
– Adamyňky umyt-da, gardaşym. Bir ýerden çykaýjak ýaly-da. Onsoňam bu apy-tupan günlerde, goýunlar aldygyna guzlap dur, ýetişip bolanok, ýatak öl, aljyraňňyrakda.
– Çolugyň bar-a. Iberäýmeli ekeniň-dä.
– Şol-a, dogrusy küýe-de gelmändir – diýip, çopan başyny ahmyrly ýaýkady.
Orazow içini çekdi.
– Hawa-da adam indi malça-da bolmady. Şol ýiten ogluň ýa doganyň bolan bolsa...
Çopan dodaklaryny dişledi. Onuň näsag gözüniň içini ot alyp, ondan gözýaşmy ýa-da iriň paýrap gitdi.
Beýleki çoluklardan, çarwadaky beýleki adamlardan hem ilik-düwme sorag edildi. Öýlänara bolsa ysgawçy it Atajan Tekäniň ganawa duwlanan jesedini tapdy. Oňa arkasyndan dört-bäş gezek pyçak urlup, soňam süýrelip ganawa taşlanypdyr. Üstüne öl gum sürlüpdir.
Jesedi ak mata dolap maşyna ýüklediler. Iki gapdalynda bolsa elleri daňygly çopany, çoluklary bilen oturdyp, raýon merkezindäki gazamata eltip gabadylar.
Garry çopandan gaýta-gaýta sorag etdiler. Soň onuň bigünädigi belli boldy. Ol şol gün ferma müdüriniň ýanyndan bir ädimem aýrylmandyr. Ony müdirem, weterinar wraç bilen hasapçy gyzam doly tassykladylar. Bir gün sülçi ony ýanyna çagyrdy-da:
– Seniň Baýrammuhammet çopan bilen näme duşmançylygyň bar? – diýip, mesawy gürrüň ýaly edip sorady.
Çopan araky bolan wakany aýtmady.
– Doganoglan inim-ä, näme dawam bolsun. Gowy görşüp ýörüs.
Orazow şondan soň ony kän saklaman boşadyp goýberdi. Ýöne ol neressä kimiň kast edeniň kimligi bilinmän galdy.ýöne Atajan bilen guzynyň üstünde sene-mene edip:
– Haramzada, men seniň läşiňi sererin diýe ýetginjegi on ýyl basyp goýberdiler.
Olam boýun almandy.
– Dilim gursun, «bajyňy s...» diýse, gaharyma aýdyp goýberdim. Türkmen-ä men, bajyma sökdürip, sesimi çykarman durup bilmen-ä. Hälem, men goýun taýagym bilen kellesini deşmedim. Ýöne, beýle kast etjek ogul däldirin.
Türkmeniň iki any gül ýaly ýigidiniň başyna ýetilipdi.
– Wah nähili ýigitlerdi, arman – ýaşuly ah çekdi. Ine, şonda ol Baýda betguman boljak bolupdy. Ogulbegiň adamsy frontdan maýyp bolup gelende-de dostsyran bolup, aýalynyň aýagyny gyşyk basanyny, Garry çopanyň ony azdyranyny aýdan şol diýipdiler.
Ogulbegiň adamsy «sen yzymda eýle-beýle» diýip gyzmalyk etjek bolanda aýaly, gaýyn enesi iki bolup ony dalamak dalapdyrlar.
– Uruş belesy sowulýança ýaşan günümiz şondandyr. Ol-a el garmak, azdyrmak eken, Baýdy aşjak bolanlara-da çeýneden däldir. Sen gepe gidip, bizden gowyny tapsaň han-a ýol, gidiber...
Esger ýigit olara ynanypdyr. Şondan soň bu hakda gepem, gürrüňem çykmandy.
«Meýdan süýt ýaly aýdyňdy. Garry aga aýyň dolanyny guman etdi-de, gözlerini ýumdy-da Ogulbegi ýene bir sapar ýadyna saljak boldy.

11.

Aýyň ýagtysyna kimdir biri kölegelenip geçen ýaly boldy.
– Alla janlarym bu kimkä?
Içeri birden ýagtylyp gitdi.
– Ogulbeg! – Garry çopan ýerinden towsup turdy. Ogulbegi görmäge göz gerekdi, taryp etmäge söz. Ol ýeňiljek ýüpek ýaglygy bilen gara ýüpek kimin lowurdap duran saçyny daňypdyr. Egnindäki tolkunyp duran mawy atlaz köýnegi bolsa çeşme suwy ýaly tolkunyp, müň dürli öwsüp dur. Ýakasynda-da şo-ol gülýaka. Ony Garry etetabşyrmaga Aşgabada dowar sürenlrinde getiripdi. Aýagynda-da gara köwüş.
Garry çopan ýürekagyryny, ebgarlygy unutdy. Böküp Ogulbegiň ýanyna bardy.
– Ezizim, sen nire, bu ýerler nire, janym.
Ogulbeg näzli ýylgyrdy.
– Seni göreýin diýip geldim?
Garry çopan düýrükdi. Sen ýogaldyň-a. Hany, göreýin, on ýyl bold-a, janym...
Ogulbegiň ýüzi soldy.
– Wah, sen şeýder ýatarsyň-da öli direlmezmi? Seni gaty göresim geldi, Garry. Ikimiziň bagtly bolan ýerlerimizi gaty göresim geldi. Ýöri, bileje aýlanaýaly.
Garry öz üst-başyna seretdi. Olam ýaş ýigit ýaly tämiz eşikde. Ýürek bolsa towsup dur.
Ogulbeg işige ýöneldi. Garram onuň yzy bilen daş çykdy.
– Ine, şo-ol, ikimizi bagtly eden dünýä. Seret. Ikimizden zurýad-a galmady. Ine, indi şu eziz meýdanlar galar. Sähraýy saýraşýan guşlar galar...
Garry gama batdy.
– Indi bu meýdanlaryň hiç kime geregi ýok, Ogulbegim. Indi olar ýaly ýazlagam bolmaz, onuň ýaly pynhandan şirin söýgem bolmaz. Olaryň bary ikimiz bilen gitdi. Indi dünýäniň gyzygy galmady, galmady.
Ogulbeg tawus ýaly owadan didaryny Garry çopanyň gujagyna oklady.
– Indi, sensiz o dünýäniňem gyzygy ýok, daýym ogly. On ýyl zordan çekip çydadym indi sabrym tükendi.
Ogulbeg Garry çopanyň solgun gözlerinden ogşady. Ýüreginiň agyrýan ýerini elleri bilen gaýta-gaýta sypalady.
– Sen maňa şol aýdymyňy aýdyp bersen-e. Iň soňky aýdymyňy, iň soňky saparjyk.
– Näme üçin iň soňky sapar, Ogulbegim?!
Ogulbeg ýylgyrdy.
– Ilki aýt. Soň men saňa bir hoş habar aýdaýyn.
Garry çopan gözlerini göge dikdi. Ol düýbüne çenli görnüp duran gök asmanda goşa torgaýyň ganat kakyp, biri-biri bilen sapalaşyp duranyny gördi. Aňyrdan owlak-guzusy garyşan bir süri dowar eňip gelýärdi. Şol hiç tükenmeýän boz bulak, galany penelap oturan gara ýatak, hemmesi ýerli ýerindedi. Ol demini dürsedi.

– Ah, ertir turup owlak guza eseder-eý,
Esedende saçbagysy ses eder ow, wow.
Seredende öz çopanyn mes eder-ow,
Garry natuwanyň taýy, Ogulbeg-eý.

Ogulbeg, Ogulbeg, janym, Ogulbeg-eý.
Çöp basan, çöp basan aýajyklaryňdan,
Ogulbeg-eý, Ogulbeg-eý ,
Garry natuwanyň, taý-y ogulbeg-eý...

Ol sesini goýdy.
– Boldy, daýym ogly. Armanym galmady. Indem taýýar bolup oturgyn, ýene-de iki aýdan kejebeläp toýa äkitjekdirin. Ol ýerde maňa sensiz ömür ýok.
Ogulbeg Garry çopanyň gujagyndan taýyp gitdi.
– Ogul-be-eg! Ogulbe-eg! – Ýaşulynyň damagy harlady.
– Däde jan, däde jan, oýan, basyrgandyň.
Ýaşuly ahmyr bilen:
– Ogulbegim – diýdi. Soňam ah çekdi.
– Däde jan, kyblam, oýan.
Ýaşuly oýandy. Garaňky, dymyk otag, süňňüni çüýreden çygly düşek ony özüne getirdi. Ol ähläp demini zordan aldy.
– Şu gün aýyň näçesi?
Bala ukudan açylypdy.
– Däde jan on ikinji aprel, bir müň dokuz ýüz altmyş birinji ýyl. Bu günem on üçi bolýar.
Ýaşuly dik oturdy. Gurap giden dodaklaryny gaýta-gaýta ýalady.
– Şu günden iki aý soň näçesi bolýar?
Bala iki otuzy goşdy.
– On üçünji, ýok on dördünji iýun bolar.
Ýaşuly gussaly gürledi.
– Düýnki günem, on dördünji iýunam belläp goý.
– Bolar däde jan.
Bala ýerinden turdy.
– Sowjak çal ýa-da sowjak süýt bereýin, däde jan. Ýürejigiňi buz ýaly eder.
– Getir, Bala...
Ýaşuly sowjak süýdi lezzet bilen içdi. Gören düýşüne geňler galdy.
– Me, oglum, alaý gabyňy.
Bala gaby ýerinde goýdy.
– Sygyr sagybersem, gaty irmikä, däde jan.
– Bilmedimd-ä, Bala. Horazlara gygyryşýan ýaly. Näme, indi özüň sagjak bolýaňmy.
Bala daş çykdy. Ol bu sowaly eşitmedi. Bir salymdan sygryň emjeginden atylyp çykyp süýdüň üstüne güjjüldäp guýulýan ak süýdüň sesi oba ýaýrap gitdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: