01:07
Añzakly tomus: Badalga -8: Ahalteke ýolunda
AHALTEKE ÝOLUNDA

Bol suwly Etrek derýasam soldatlaryň suwsuzlygyny gandyryp bilmedi. Çünki, suwy bulançak ekeni. Öň şular ýaly ýörüşlere gatnaşyp gören tejribeli soldatlar ýanlaryna göteren zäkjagazlary bilen suwy durlap içýärler, ýöne, hany, ol närsejik hemmä ýetdirip durmy näme!?
Gidroluma gelenlerinde soldatlaryň gözi bu kyn ýolda emele gelen ilkinji ors mazaryna düşdi. Ol mazar öňde barýan knýaz Borhuň awangardyndan galan ýadygärlikdi. Ony görüp hemmeleriň aňyny: «Şeýdip, süsdürilip barşymyza biziňem islendigimiziň, islendik ýerde şular ýaly tümmege öwrüläýmegimiz ahmal-ow...» diýen ýaly iniňi tikeneklediji tukat bir pikir gurşap aldy. Şondan soňky menzili soldatlar serlerini sämedip iňňän sus halda geçirdiler.
Çat berkitmesine ýetenlerinden soň welin, olaryň göwrümleri birneme giňedi. Suslykdanam açylyşdylar. Çünki, ol ýerde birgiden bendeleri goýnuna gysyp, uly bir mazarystanlyk ýaýylyp ýatyrdy. Köp mazar ýeke mazaryň döreden göwnüçökgünliklerini aýyrdy. Adamlara panynyň baky däldigini ýatlatdy. Hemmeleriň kalbynda birhili, mertlik duýgusy oýandy. Ol mazarystanlyk berkitmeden ýarym wýorstlykda ýerleşen «Gyzyl hajyň» iki ýüz orunlyk keselhanasynyň şeýle az wagtyň içinde «işläp çykaran» önümi ekeni. Aýdyşlaryna görä, şol keselhana düşen adam ondan aňsat diri çykmaýarmyşyn. Çünki, ol ýere diňe içgeçme, segle, ysytma ýaly howply kesellere sezewar bolanlar eltilýärmişin. Ýöne, olaryň ölümine sebäp bolýan zat däri-dermanyň ýetmezçiligi ýa hekimleriň emelsizligi däl-de, birinjiden-ä Düzolum, Tersakan ýaly golaý-goltumlardaky berkitmelerden eýýämhaçan boljagy bolan ysgynsyz, halys egbarlan soldatlaryň getirilýändigi, ikinjidenem elhenç hapaçylyk. Keselhananyň daş-töwereginiň arassa saklanmaýandygy. Janyňy alyp barýan tüp yssyda sadyr suwuň köp içilýändigini nazara almanyňda-da, berkitmäniň golaýyndaky jaryň, sansyz çukurlaryň we pessejik dag eňňitleriniň her dürli zyňyndylardan, nejasatlardan ýaňa leýs bolup ýatandygy.
Mazarystanlygyň içinde bir gubur beýlekilerden ala-böle saýlanyp dur. Başujynda bolsa ýüzüne merhumyň ady, doglan ýyly we wepat bolan senesi ýazylan daş goýlupdyr. Ol mazar şu ýerde sanalgysy dolup, jan teslim eden ofiserleriň birine degişli.
Ýene bir bellemeli zat: atly goşuna seredeniňde, pyýada goşundan ölýänleriň sany köp.
Çatda ýatymlyk düşlenilýändigi sebäpli, soldatlara çadyr gurmak barada buýruk berildi. Dagystanlylardan ybarat, hakyna tutma meýletinçiler bolsa täler ýasandylar. Olaryň düşelgesi ors soldatlarynyňka meňzänok. Daşyndan seretseň edil birgiden galtaman düşlän ýaly. Olaryň özlerini alyp baryşlaram soldatlaryňky ýaly däl. Haçan görseň goh, galmagal. Şowhun. Aýdym. Saz. Tans. Özlerem atarman-çaparmanlykda, edermenlikde külli Kawkazda şan-şöhrat gazanan saýlama ýigitler. Howalary belent. Olara hökümet tarapyndan parahatçylyk döwründe 10 manat, uruş ýagdaýlarynda bolsa 15 manat aýlyk hak tölenýär. Ýöne, olary imrindirýän zat ojagaz pul däl-de, şöhrat. Olaryň obalarynda goşunda gulluk edip, özüni görkezmedik oglana gyz berilmeýärmişin. Galyberse-de olara olja gerek.
Ýöne, elli gradusa baryp ýetýän agyr yssy basym olaryňam haýlaryny aldy. Ýykdy. Guşlukdan başlap tä, öýlän Gün agýança düşelge-de adam barlygy bildirmedi.
Soldatlaryň ýagdaýam şolar ýaly boldy. Gün gyzyp ugrandan her kim eşigini sypyryp sümelgesine kürsäp urdy we tä salkyn düşýänçä hiç kimden gymyldy-hereket bolmady.
Çatda agaçdan gurlan kiçeňräk ybadathananyň bardygyny eşidip, Iwaşow diýseň begendi. Çünki, onuň düşünjesine görä, her bir hristian wagtly-wagtynda ybadathana baryp Hudaýa mynajat etmelidi. Çokunmalydy. Şem ýakyp, Biribardan günäsiniň geçilmegini soramalydy. Şol terbiýäni ol öýünde ejesinden alypdy. Şu wagtam ýeke bir ýatjak wagty ýa nahar iýmeziniň öň ýany däl, eýsem ýörüşe ugraljak wagtam papagyny çykaryp doga-dilegler etmäni unudanak. Sebäbine doly düşünmese-de, her bir soldat ýaly o-da bu ýörüşiň ýeňişli bolmagyny, ors ýaragyna şöhrat getirmegini, Beýik imperatoryň özlerine bildiren ynamynyň ödelmegini, buýruklarynyň birkemsiz berjaň edilmegini isleýär. Hudaýdanam hususan, şol zatlary dileýär.
Şonuň üçinem, ol hem-ä iki gün bäri serinde kowsarlap duran mazarly pikirlerden aýňalmak üçin, hemem hemişekije aýak üstünde edýän, doga-dileglerini Hudaýyň hut öz öýünde etmek üçin salkyn düşerine mähetdel eşiklerini geýdi-de, çadyrdan çykyp ybadathana tarap ugrady. Baryp ähli däp-dessurlary berjaý etdi. Eýýämhaçan öz dişini görkezip ugran bu kyn hem hatarly ýolda özüne-de, ýoldaşlaryna-da ýene bir gezek rowaçlyk diledi. Soň mellegine aýlanýan ýer eýesi ýaly iki elinem arkasyna tutup daş-töwerege aýlandy. Etregiň Sumbar derýasy bilen birikýän ýerinde, sag kenarda, kyrk sažen çemesi belentlikde ýerleşen Çat berkitmesini hemmetaraplaýyn, ine-gana synlady.
Çat – bu hem edil Çekişler ýaly Ahalyteke ýörişiniň ýolunda ýerleşen hemişelik berkitme bolup, onda soldatlaryň kazarmalaryndan, ofiserleriň ýaşaýyş we edara jaýlaryndan başga bolgusyzja, çalamydar ammarlar, hütdüjeklerde ýerleşen dükanjyklar hem göze ilýär. Söwda edýänler esasan ermeniler. Olar Çekişlerden bäri goşundan galman gelýärler. Niýetleri Ahaltekä baryp, ýeňişden soň Gökdepe galasynyň düýbünde durup söwda etmek. Pul gazanmak. Baýamak. Häzir welin, Çata golaý ýerlerde ýerleşen obalardan gelýän türkmenleriň getirýän unlaryndan we goýun ýaglaryndan «lawaş» bişirip satýarlar. Howanyň yssygygyna garamazdan söwdalary küşüt. Harytlary geçginli. Onda-munda gawun, üzüm ýa-da tamdyr çöregini satyp oturan türkmenlerem göze ilýär.
Olaryň ermenilere görä kän ynsaplydyklary Iwaşowyň synçy nazaryndan sypmady. Asla, bu barada tutuş goşun gürrüň edýär. Hatda ofiserlere çenli ermeni söwdegärlerini naýynsaplykda aýyplap, türkmenleriň ynsaplydyklaryny oturan-turan ýerlerinde tekrarlap ýörler. Gyzyl saçly ullakan kellesini saňňyldadyp, ak kirpňiklerini dyngysyz gyrpyldadyp, tüňňi maňlaýynyň astyndan ullakan, gök gözlerini mölerdip durşuna türkmenleriň alyja harydy bolmalysyndan birneme artygrak çekip berýändiklerini elleri bilen pygamber haky diýip, üstüne-de birazajyk atýandyklaryny, Iwaşowyň özem kän gezekler synlapdy. Onsoňam olardan alsaň harydy arkaýyn saýlap alybermeli. Ermeniler welin beýtdiräýenoklar. Derrew eliňe kakyp, üstüňe gygyryp başlaýarlar. Özleri islän ýerlerinden çekip berýärler. Üstesine-de kem ölçäp, az çekýärler. Dawalaşyberjek bolsaňam ýüzüňi alýarlar. Özüňi utandyrýarlar. Has karam ýerem olar türkmenleriň harytlaryny gelişleri ýaly, deger-degmezine lükgeligi bilen satyn alýarlar-da, entek olar ugrap-ugramankalar bäş-on esse gymmat bahasyna satyp başlaýarlar.
Şol zatlary ilkinji gezek görende Iwaşowyň ýadyna Çekişlerde, entek harby ýörişe taýýarlyk görlüp ýörlen döwründe bolup geçen bir waka düşdi.
Şonda, ýöriş wagty ýük ulagy hökmünde ulanmak üçin, ýerli türkmenlerden düýe satyn alynýardy. Düýe ýygnamak bilen meşgul bolýan ofiserler ýeke bir golaý-goltumdaky obalary däl, hatda Eýran serhedinden başlap tä, Maňgyşlak ýarym adasyna çenli bolan aralygy elek-soky etmeli bolýardylar. Ýöne, şolaryň içinde polkownik Nawroskiden öňňesi gara nebisleriniň ugruna gidip göze-başa düşýärdiler. «Pylança düýe satyn aldyk, şunçasam ýolda öldi, galanam ine şü», diýşip, «öldi» edilen düýeleriň bahasyny öz jübülerine urýardylar. Ýa-da hiç bir derde ýaramajak hor, keselbent düýeleri arzan bahasyna satyn alyp gelýärdiler, hasabatda bolsa gurat (sagat) düýeleriň bahasyny görkezýärdiler. Her düýäniň orta hasap bilen 75-125 manada durýandygyny göz öňüne tutsaň, olaryň görýän peýdalary hele-müçik bolmaly däldi. Ýöne, basym ojagaz pirimleriniň üsti açyldy we general Lazarew olary it masgarasy edip Çekişlerden kowdy.
Nawroskiý bolsa bir säwlik bilen uly zyýana galdy. Egerde iş salşan türkmeni şeýle ynsaply bolmadyk bolsady, onda onuňam nebisjeňleriň hataryna goşulaýmagy we nähak ýere Çekişlerden kowulaýmagy ahmaldy.
Onuň öň getiren düýeleriniňem, şol gezekki getiren düýeleriniňem gurat düýelerdigine söz ýok. Ýöne, ol Çekişlere gelenden soň hasaplap gördi welin, bir müňe golaý kümüş puly kem çykdy. Bu bolsa takmynan on düýäniň bahasyna deňdi. Ol şonça puly nirede, kime, nädip giderendigini bilmän kösendi. Polkownigiň arassa adamdygyna hemmeleriň gözi ýetip duranam bolsa, ol ýa-ha şol gideren puluny tapaýmalydy, ýa-da jübüsinden töläýmelidi.
Şeýdip, näderini bilmän aljyrap ýörkä, bir gün günortanlar lagerde ýaldyrap duran ýylçyr, tegelek gara ýüzi, ýaňy bir ýygyrt atyp ugran, orta boýly, dolmuş, petreşip duran bäbenekleri hanasyndan patlap çykaýarly hem howsalaly görünýän, aýagy agy giň gök balakly, howanyň yssydygyna garamazdan ak biz köýneginiň üstünden köneräk çalymtyl ýektaý geýnen, zandy şeýlemi ýa ýolda gaty sürlip ýadapmy, ýaltarak görünýän dor ýabyly bir türkmen geldi. Gytygrak goňur telpegini bir çekgä taşlap, syrtynam eýere gyşyk goýup oturşyna ol ýüzünden akýan deri ýetişibildiginden ýeňi bilen süpürýärdi, ýabysyny gamçylap toplum-toplum bolup duran soldatlaryň ýanyna, çadyrlaryň, ofiserler üçin gurlan gara öýleriň gapysyna barýardy, ellerini hereketlerdirip bir zatlar diýýärdi, jübüsinden pully haltajygyny çykaryp olara görkezýärdi, «birbilut... ebser... bolköýnek... rubyl...» diýip, şol bir diýýän sözlerini dyngysyzlyk bilen gaýtalaýardy. Arasynda: «Eýesini tapyň how şu puluň, ýogsam men gijelrine ýatyp bilemok, agşamam çirim etmän çykdym...» diýip, türkmençeleýärdi. Ahyram meýletinçi dagystanlylaryň içinden türki dilde gepleýäni tapyldy-da, ony Nawroskiniň ýanyna eltdi. Polkownik oňa gözi düşenden tanady. Ylgap gelip gujaklady. «Spasibo bratok» diýip, gözüne ýaş aýlady. Ony oturdyp çaý-nahar berjek boldy. Emma derden ýaňa öl-myžžyk bolan ýagyrnysyndan ýük aýrylana dönen türkmen dyzynam epmedi. Iki elinem daldaladyp yza tesip barşyna gapydan durman çykdy. Saklap duran soldatyň elinden ýabysynyň jylawyny aldy. Atlandy.
 Öýe baryp arkaýyn ukymy bir alaýyn – diýibem ýabysyny gamçylap zut gitdi.
Tä, garasy ýitýänçä hemmeler onuň yzyndan haýran galmak bilen garap durdular. Şol gije tä, ýerlerine geçip ýatýançalar soldatlaryň barysynyň gürrüňi şol türkmen barada boldy.
Dogry, şol döwürde türkmenleriň arasynda-da gözboýagçylyk etjek bolýanlary tapyldy. Ýagny, satyn alynman, gündelik hak töläp, wagtlaýynça ulanylýan düýelerem bardy. Şertleşik boýunça bardy-geldi şol düýeleriň biri öläýse, hökümet onuň eýesine bahasyny töläp bermelidi. Ana, birdenkä şol düýeler yzly-yzyna «ölüp» başladylar. Eýeleri olary gije-girim äkidip bir ýerde bukýardylar-da, «öldi» diýip, hökümet wekillerinden pul alýardylar. Bu ýagdaýyň üsti açylansoň goşun ýolbaşçylary düýe eýelerinden ölen düýäniň guýrugyny getirip görkezmekligi talap etdiler. Ýöne, bu-da oňyn netije bermedi. Düýe eýeleri diri düýeleriniň guýrugyny kesip getirýärdiler-de, ofiserlere tabşyryp, bahasyny jantaýlaryna urýardylar. Ala-böle kireýine alnan düýeleriň beýdip, yzly-yzyna «ölüp» durmagynyň göz-görtele boljakdygyny bilselerem soňabaka Çekişlerden uzak bolmadyk Esenguly obasynyň bazaryndan guýruk satyn alyp başladylar. Başda ermeni aşpezleri düýe guýrugyndan ors baýarlary üçin üýtgeşik tagam taýýarlaýandyrlar öýden Esengulylylar nämäniň nämedigine düşünenlerinden soň guýrugynyň bahasyny ur-tut gymmatlatdylar. Elbetde, bu pirimiňem üsti açyldy. Ýöne, bir bellemeli zat şolar ýaly hapa söwda baş goşanlary ýeke bir ors baýarlary däl, türkmenleriň özlerem berk ýazgardylar. Aksakgallar ýygnanyşyp, aldap alan pullaryny yzyna tabşyrmaga obadaşlaryny mejbur etdiler. Eýýämhaçan puluny «üwemäge» ýetişenler bolsa, deregine düýelerini getirip tabşyrdylar. Guýruksyz düýe getirenlerem boldy. Ýöne, tanapa iltäp tirkege goşara guýrugy ýokdugy sebäpli olary barybir ýöriş wagty kerwene goşup bilmediler, ýa-da iň yzyna tirkemeli boldular.
Çekişlerde bolup geçen şol wakalar bilen, Çatda, öz gözleriniň öňünde bolup duran hadysalary deňeşdirmek bilen hatardaky esger Aleksandr Iwaşow, türkmenler umuman alanyňda, dogruçyl, ynsaply, ynanjaň, hatda hilegärlik, mekirlik edenlerinde-de iňňän sadalyk, gönümellik bilen edýän, ýüzüňe ýalandan ýylgyrmany, güni üçin ýüzüňe öwmäni başarmaýan, günäsiniň üsti açylansoňam özüni aklamak üçin jögüsiräp, bihaýalyk bilen nadarlyga ýüz urubermeýän mert halk diýen netijä geldi. Şonuň üçinem, ol türkmenleriň medenýetsiz halk bolandyklary üçin boýun egdiriljek bolunýandygy baradaky Çekişlerde edilen jedelli gürrüňlere garaýşy büs-bütin üýtgedi. «Eýsemde bolsa sowatsyzlyk bilen medeniýetsizlik, ylym bilen akyl bir zatmyka, diýip, öz-özüne sorag berdi. Jogabynam özi berdi. «Bular ýaly ynsaply halka diňe çarwalygy ýa sowatsyzlygy üçin medenýetsiz diýip bolmaz. Ynsap ýok ýerinde ylym hiç zat. Ynsapsyz adamyň elindüki ylym islendik wagty sowuk ýaraga öwrülip biler. Ylym haýsydyr bir adamyň ýa halkyň sowatlylyk derejesini kesgitläp biler, ýöne, onuň akyl we medenýetlilik derejesini kesgitläp bilmez. Akyllylygyň we medenýetliligiň derejesi sowat bilen däl-de, ynsap bilen kesgitlenýär. Çünki, ylym bilen akyl bir zat däl. Akylly adam ylymsyz bolup biler», şunň ýaly-da ylymly adam akylsyz bolup biler.
Şu zatlary oýunda aýlap, Çat berkitmesini synlap duran soldat Aleksandr Iwaşow şondan soň ýagdaý bilen ýakyndan tanyşmak üçin, keselhana tarap ugrady. Emma ol ýere ýetip-ýetmänkä gabat gelen jarjagazdan geçjek wagty gözüniň gören zatlary ony ylyili bilen ögäp, özüni çiňarkan zyňmaga mejbur etdi, çünki, jaryň içi huruşlyk üçin öldürilen ululy-kiçili mallaryň iç goşlaryndan, arassalanmadyk kelle-aýaklardan, süňk-saňklardan doludy. Şol nejasatlaryň üstünde «wag» berýän, burny ýaşyl, ullakan gara siňekleriň aram-aram düşelgä baryp, soldatlar bilen bileje naharlanyp gaýtýandyklaryny nazara alsaň, keselhana düşenleriň näme üçin sagalyp gidibermeýändikleriniň sebäbi öz-özünden düşnükli bolup galýar.
Ögäp-ögäp halys ysgyndan düşen Iwaşow: «Ine saňa gerek bolsa medenýetlilik» diýdi-de, özüni zordan berkitmä atdy. Barşy ýalam çadyryna sümüldi. Çurkin bilen çaý gaýnadyp içdi. Gören nejasatlaryny göz öňünden aýyrjak bolup, onuň bilen her hili ünsi sowujy mesaýy gürrüňler etdi. Emma bolmady. Hapaçylyk göz öňünden-ä bir aýrylmady, üstesine myrtar ysy hem beýnisiniň içinde iki ýana kowsarlap, ýüregini bulady durdy.
Üstesine çaýyňam weji ýok. Çaýnak wagty içine limonjagaz ýa başga bir miwe kislotajygyny, gantjagaz atyp içseň-ä suwuň tagamy oňuşmazça däl, onda suwuň ýerjimek ýakymsyz ysy agzyňa bildiribem duranok. Owurtlapjyk içibermeli. Sowap başladygy welin, aňryň bäriňe geliberýär. Şeýle-de bolsa soldatlar onsuz oňubilenoklar. Içýärler. Onda-da heziller edip, işdämenlik bilen içýärler. Iwaşow bilen Çurkinem şolaryň biri. Onsoňam arasy bilen garaz çaý ýa ýene bir zat içmeseň gürrüňçiligiň gyzygam bolanok.
Agşamyň düşmegi bilen salkynam düşdi. Lageriň içinde gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Esasanam dagystanlylaryň telärleriniň aşagyndan çykýan goh güýjedi. Töwereginde ot ýandy. Oduň başynda tans edildi, aýdym aýdyldy. Ors soldatlaryndanam olara goşulanlary boldy. Hatda Iwaşowam bir salym olary daşlaryndan synlap gaýtdy. Gelibem ýatdy. Ýöne, rahat uklap bilmedi. Uzynly gijäni agzyny tutup, ögäp geçirdi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: