01:07
Iñ soñky tomus -3/ romanyñ dowamy
7.

Mekdep ýoluň üstünde bolany üçin, Bala onuň yzyndan, kontoruň öňünden geçmegi makul bildi. Howa birhili sowapdy. Dünýä gap-garaňkydy. Gap-gara bulutlar lemmer-lemmer bolup, dünýäni dowla salýan däli siller ýaly düňderilip gelýärdi.
Kä ýerde ýyldyrym hem parlap, zemini bagrya çenli dilip gelip gidýärdi. Onuň zarby gadymdan bäri duran jaýlary leňňer atdyrara getirýärdi.
« Okuwyň dördünji sagadyna girendirler. Däde jan, saňa çaý-suw berýänem ýokdur. Häzir, arka arka dagym. Häzir çaýam bererin, çöregem bererin. Babajan babam çal tapan bolsa çalam bererin. özüm iýmerin, ýöne senem hor etmerin...»
– Han-a, barýar – diýip, kontoryň işiginden gygyrdy-da içeri ylgady. Bala gürrügiň özi hakynda gigýäninde habarsyzdy. Içinden birküç adam bolup daşary çykdy. Soň olar öz aralarynda bir zat diýişip, Bala garşyn ýorgaladylar.
– Heýt, oglan! – diýip, kontorda buhgalter bolup işleýän Täçmyrat aga Bala habar gatdy. – Hany, dur-any, sen nirä barýaň?
Bala onuň bilen salamlaşmak üçin eşegini saklady.
– Salowmaleýkim, agam...
Täçmyrat bir eli bilen eşegiň ýüpünden, beýleki eli bilenem Balanyň golundan mäkäm tutdy-da, eşegiň başyny kontora tarap burdy. Onuň demir ýaly barmaklary oglanyň golundan parra geçip gidene döndi.
– Näme boldy – diýip, oglanjyk ynjyly sorady.
Täçmyrada ferma müdiriniň kömekçisi Öwelegem kömege geldi. Olar eşegiň başyny goýberdiler-de, oglany hersi bir golundan tutup götergiläp, içeri bakan süýräp ugradylar.
– Eşegimiň ýüpüni bir zada iltäň. Ol gider.
Ol süýrelip barşyna, näme günä edenini, bulary näme üçin özüni kösäp süýräp barýanyna düşünjek boldy.
– Meniň näme günäm ber. Goýberiň, öz aýagym bar-a. Nirä diýseňiz özüm gideýin...
Emma onuň gepine-sözüne gulak asýan ýokdy. Öwelek oňa hasam berk daraşýardy. Balanyň aýagy ýer tutmadyk ýagdaýynda, Öwelek güýjüne baýrynyp, ony depibem goýberýärdi.
Balanyň gözi «başlygy» diýen ýazga kaklyşyp gitdi. Ony içki jaýyňam içgisine ibirdedip saldylar.
– Getirdik! – diýip, Öwelek dabara bilen aýtdy. – Gelmejek bolup dyzaýa, doňuz. Zordan iki bolup alyp gaýtdyk.
Kolhozyň başlygy lopbuç ýüzüni çalarak ýyrşardyp, göýä edilýän işlerden Baladan uýalýan ýaly, ýere garap otyrdy. Oňa derek ferma müdiri Baýrammuhammet diýseň gaharly görünýärdi. Ol bu ýere öz doganoglanynyň nowbahar ogluny däl-de Watan dönügi, ganym duşmançylyk eden içaly getirilen ýaly, uly ýigrenjini pürkjege meňzäp otyrdy.
Bolsa-da Balanyň ýüregi gijedi. Ol her kim bolanda-da, aralarynda Baýby dädesi bolsa özüni horlatmajagyny bilýärdi. Olaryň ähli topary Baýrammuhamede Baýdy däde diýýärdiler.
– Häm indi näme? – diýip, kolhoz başlygy ýüzüni ak tam edip aýtdy. – Men näme diýmeli.
Oba sowetiniň wekili, şol jedirdewik aýal oturanlara keýwanyçylyk etdi.
– Siz kolhoz başlygy, şeýle-şeýle diýip aýdyň.
Kolhoz başlygy ellerini owkalady. Soň stoluň gyrasynda duran çoty golaýyna çekdi. Bala ony tanamasa-da kakasy gowy tanaýardy. Bu adam kolhozlaryň birinde baş buhgalter bolup işleýärdi. Ýakynda umumy ýygnak edip, ony şu kolhoza bşlyk saýlapdylar. Şonda kakasy begenip:
– Dostumyň oglun-a başlyk saýladylar belki, ile-güne, içinde bize-de gowulysy bolsun-da diýipdi.
Şol adam indi onuň kakasynyň ykbalynyn çözjek bolup durdy.
Kolhoz başlygy söze başlady.
– Garry aganyň ogly, gurgunmyň – aýt.
– Ol jogaba garaşmady. – Dädeň sürüsünden ýüz ýigrimi goýun kem çykdy. – Oltöweregine garady. – Habary bardyr-laýt...
Ferma müdiri egnini gysdy.
– Heý, habary bolmazmy?
Oba Sowetiň wekili:
– Şyhow aga, ejesi kolhozymyz boýunça, iň uly gybatçymyz-a. Ähli gepi özi ýasaýar. Onsoň heý eşitmezmi.
Bala ýerinden saňňa galdy.
– Daýza, ejemjana dil ýetirme.
Kolhoz başlygy oglanjygyň ýreginiň sarsgynyny aňdy.
– Hany, bolýar, biderek gürrüň gerek däl bu ýerde. Şu barada gürrüň ediň. Näme aýtmaly bolsa aýdalyň...
Oba Sowetiň wekili ýene-de jedirdedi.
– Siz diýiň. Oba Sowet bilen kolhoz prawleniýesi karar etdi diýiň. Ýa-ha kolhozyň ýüz ýigrimi goýnuny tapsyn diýiň, birinjiden, ikinjiden, ýa-da onuň puluny kolhoza tölesin diýiň. Üçünjiden, ýa-da suda berjek diýiň, ýa-da, dördünjiden,
Sygryny on goýna derek, gölesini bäş goýna derek kolhoza tabşyrsyn, galanynam, bäşinjiden, zähmet gazanjynyň ujundan ömrüniň ahyryna çenli kolhoza tölesin diýiň...
Kolhoz başlygynyň duluklary sallandy. Ol «bu zulumy bujagaz oglana nädip aýdyp bilerin» diýen manyda ýere garady. Ahyry duluklarynyň etini gatatdy.
– Garry körüň ogly – Ol çotuň bir düwmesini saga bakan kakyp goýberdi.
Bir. Kakaň kolhozyň ýüz ýigrimi goýnunyýoklapdyr, bilip goý. Iýipmi, satypmy, ogurladypmy...
– Ogurladar-maý. Özi ogr-a. Il ondan dat-dat edýär – diýip, ferma müdiri uly ýigrenç bilen aýtdy. – bellile, wah, edeni...
– Iki – diýip, başlyk barmagynyň ujy bilen ýene bir çöpi saga kakyp goýberdi. – Ýa şony bize getiripjik bersin. Ýok, gerek däl, sürüsine goşsun, sanaw geçireli. Ol-a sag, bizem – aman. Ak düýäni gördüňmi, görmedim, wessalam. Ol bolmasa ol ýene bir çöpi kakyp goýberdi. – Ýa onuň puluny kolhozyň kassasyna geçirsin. Han-a komissiýa, her goýnuň diri agramyny näçeden goýsa goýsun, garşylygym ýok. – Ol dördüji çöpem kakyp goýberdi. – Ýa-da suduň öňünde jogap bersin. Men şeýtdim. Indem tölejek däl, näme jezaňyz bolsa beriň diýsin. Sud günäsini geçse, bizem geçeli. Eger, bir ýylmy, iki ýylmyýatyp gelse, olam öz işi. Bäş! – Ol iň gazaply çöpi gazap bilen kakyp goýberdi. Göleli sygryňyzy kolhoza geçirmeli. Şol goýnuň ujundan. Galanyny kem-kemden, işlesin-de üzübersin, ol üzmese, sen üz... ine, şu zatlary dädeňe aýt. Aýdandyryň baradamy, aýtjakdygyň baradamy, protokola dädeň deegine gol çek.
Öwelek ýaramsak ýylgyrdy-da ýerinden turdy. Soň wekil aýalyň elindäki kagyzy getirip Balanyň gözüniň öňüne tutdy yzyndan kirli kagyzyň yzyna dürtdi.
– Ine, şu ýerine.
Bala Öwelegi bijaý sylaýardy. Ol frontda galan adamyň ýekeje ogludy. Uzyn boýuna gelşip duran syratly ýigide gözi gidýärdi. Öwelek Baýramalynyň mal dogtarçylygy tehnikumynda okanda oňa telim sapar hatam ýazjak bolupdy. Ejesi Meretgül daýza-da elinden gelen kömegi beripdi. Ondan hemişe Öwelegi sorardy. «Öwelek gelýänçä näme kömek gerek bolsa, aýdybergin» diýip, ol pukara aýaly her görende aýdýardy. Sygyryny bakmaly bolsa-da, örküni täzelemeli bolsa-da ýogy ýokdy. Ýtma-da gerek däldi. Asyl, diňe Meretgül daýza däl, Bala tokaýda bolsa il-gün malyndan gaty arkaýyndy.
Ine, şonuň üçinem ol Öwelegiň özüne ýamanlyk etmejegine düşünse-de, bu nurana ýigidiň özüni süýräp, elini gaňryp alyp gaýtmasyna hiç akyl ýetirip bilmedi. Ol-a kolhoz başlygynyň ýanymyş, Öwelek: «Ýöri, daş çekmäge daga gideli diýse-de» ýok diýmezdi.
Täçmyrat aga-da Balanyň sylap ýören adamsydy. Ol magazinçy bolup, barlag döwründe köp pul bergidar bolandygy barada oba ýakymsyz gürrüň ýaýranda-da erbet gynanypdy. «Wah, köp köp puluň bolsa, eltip ýerinde goýsaňdyň. Ol adamy aladadan dyndaryp begendirip bolsady» diýip oýlnypdy. Näme-de bolsa onuň dilegi bitdi. Il-gün goldap, puluny ýerine goýdular. Özünem kontora maldarçylyk buhgalteri edip geçirdiler.
Ol adamyň ýüregi ýumşakdy. Haçan kakasyny gördügi: «salowmaleýkim,
Garry däde diýerdi. Kakam: «Waleýkim, Täşjan, ogul gurgunmyň köşek»! diýerdi. Onsoň Bala-da kakasynyň u hoşamaýlygyny saklardy. «Täşjan däde, salowmaleýki» diýerdi. Şeýle gowy adamyň özüne, onda-da dädesine ýanamlygy bolmaly däldi.
Wekil aýalam ol gowy bilýärdi. Kakasynyň Allaberen diýen gowy görüşýän dostunyň agtygydy. Aşgabatda okap gelipdi. Inden oba sowetde sekretar bolup işleýärdi. Kakasynyň daglarda şir awlap ýören wagty Bala bularyň özüne eşek ýüki kerkaw, bäş-alty käkilik elten wagtlaram köp bolupdy. Şonda bu aýalam uly gyzdy. Balanyň öňünde köp gezek saçak ýazyp, çaý goýupdy. Şonuň üçin bu aýaly hem ol özleriniň garyndaşy saýýardy.
Kolhoz başlygy kakasynyň dostunyň ogly bolsa, onuň bu dünýäde aladasy bolmaly däldi. Ýöne özleri üçin şeýle eziz bäş adamyň näme üçin üzüni süýräp getirip, bu zatlaryň gaty gazaply, ýagdaýda özüne aýdylýandygyna Bala hiç düşünip bilmedi.
Öwelek kolhoz başlygynyň öňündäki ruçkany aldy-da çýornil çüýşä batyrdy-da Bala uzatdy. Goýy çýornil kagyzyň üstüne damdy-da aşaklygyna akdy.
– Wah, tentek...
– Beýtmesen-e – Diýip, wekil aýal Öwelege azgyryldy.
Öwelek bir wekil aýalyň, birem başlygyň ýüzüne garady.
– Hä, gol çekdirmäýinmi?
Baýdy dädesiniň öňküdenem ajan ýüzüne garap, Bala ýerinden turdy.
– Näme, gol çekmesinmi? – diýip Öwelek ýene-de durup bilmän sorady.
– Aý, tentek, durşuna çýornil etdiň-ä ony...
Öwelek başlygyň öňünde duran basgyjy aldy-da çýornili sordurdy.
– Aý, hiç zat bolanok-laý. Azajyk...
Başlyk aýgytly gepledi.
– Golam çeksin, üç günüň içinde näme netijä gelenlerini kolhoz prawleniýesine habaram bersinler. Men Garry agany gaty sylaýan. Kakam bilen kän duz-çörek iýen adam. Ýöne kolhozyň malynam men garamaly. Halkyň zady. Hak alyp bakypdyr. Her goýun üçin jogap bermeli ahyr. Bäş bolsa, on bolsa, owarram etjek, ýüz ýigrimi goýun. Men gowy boljak, ýöne ertir meniňem derimi soýarlar. Pylanyň kolhozynda şeýle iş bolupdyr diýen gürrügiň özem maňa abraý däl. Sizem düşüniň, köşek...
– Howwa-laý – Bäş-on bolsa, goý, ýigrimi bolsun, men özümden goýjag-a. Ol bir şaýa-sündä sygýan zat däl-ä.
Balada bu oturan adamlara hiç hili ynamsyzlyk galmady. Ýöne nämüçindir kagyza gol çekesi gelmedi.
– Men size ynanýan, adamlar. Hemmäňizem biziň garyndaşymz. Men gol çekeýin. Ýöne azajyk garaşyň. Öten agşam öýmüze bir adam geldi, nohurdan...
Ferma müdiri ziňk edip gitdi.
– Kim ol?
– Dädemiň dosty. Şol goýnuň bar howlukma. Men sürüp giden adamlaram gördüm, goýnuňy tapyp bererin. Bolmasa şol adamlar bilen ýüzleşdireýinem diýdi.
Kolhoz başlygynyň ýüzünde çyra ýanan ýaly boldy.
– Beý, ond-a gözüňiz aýdyň. Ol ýüki ýeňlän ýaly bolup, heziller edip güldi.
– Dogru-daý. Heý, ýüz ýigrimi goýnambir ýitermi? Aňyrsy serhet. Guş uçsa ganatyndan boljak. Ýokaryň duz iýşip ýören adamlar, aşagyň toýuny toýlaşyp, ýasyny çekişip ýörenleriň...
Baş-on bolsa, ynansa bolar...
Bala kontordan ýüzüni duw gyzyl edip çykdy. Ony kontora süýräp salanlaryy mekdep okuwçylarynyňam käbiri görüpdi. Indi bolsa tutuş mekdebiň okuwçylary kontoryň töwereginde tudana üýşen garasar sürüsi ýaly ala galmagal edip ýördi.
– Han-a, çykdy.
– Bä, eý, onuň külüni çykarypdyrlar-eý, ýüzüne seret, gyp-gyzyl...
Bala eşegini agtardy. Emma eşegi ýokdy.
– Wah, nirä gitdikän?
– Eý, näme okuwa geleňog-eý – diýip, başga biri gygyrdy.
– Nä ýüzüne gelsin-eý, kontorda seni näme etdiler-eý, balagyny şaltak edip.
Okuwçylar gülüşdiler. Ýöne olaryň gülküsi Balanyň gulagyna eşidilenokdy. Ol ömründe hiç haçan etmedik işini edipdi. Uly adamlaryň, onda-da kolhoz başlygynyň öňünde ýalan sözläpdi.
– Nädip dilim bardy, eý, alla jan.
Onuň ýüzi lap-lap edip gyzdy. Ýöne başlygyň sözi gulagynda ýaňlandy-da, onuň ýanyp duran göwnüne az-kem teselli berdi.
– Başlyk aga dogry aýdýar. Ýüz ýigrimi goýun nirä gitsin. Bolmal-a. Goý, başga bir sürä goşulsyn, ol sürem kolhozyňkydyr-a. Çopany aýdar ahyryn. Iň soňunda dädemjan günäkär bolmasa bolýar-da. Ol şonça goýny özi üçin harçlamasa bolýar-da.
Nähilidir bir umyt oglanyň synyk göwnüni az-kem seýiklejegem bolýardy. Emma beýle uly günä ojagaz seýik bilen göwnüni tämizläp bilerden juda agyrdy.
Bala ol uly hasraty ýüregine sygdyryp bilmedi. Onuň şikesli gözüniň içi ilki bir gyzyp gitdi-de, soň iki gözünem hasratly duman baglady.
Birdenem. Birdenem onuň depe saçy düýrügip gitdi. Agyr urgy ony ýere çökerdi-de ahyrzaman gopan ýaly goh turuzdy.
– Aý, haramzada, tas öýümi ýykypdyň. Çöregim bitin eken...
Ýüzi ak tam bolanpes boýly şofer titräp durşuna onuň etini kerçem-kerçem ederli göründi.
– Ýok, bol ýokdan, doňzuň biri doňuz –
Onuň beýle diýeni bilenem içi sowamady.
– Sen-ow, küntiniň ogly, öz başyňy iýjek bolsaň başga ýer tapmadyňmy. Bar ho-ol baglardanasylyp öl...
Balanyň aýaklarynda-ha däl, tutuş bedeninde deramat galmandy. Ol ýerindenem turup bilmedi. Nämedir bir agyr zada degen kellesi agyrydan ýaňa gözlerini açdyranokdy. Ol sermenip-sermenip ýoluň gyrasyna çykdy-da, palçygyň üstüne ýykyldy.
Üstünde iki sany maşyn oturan palaturka maşyn bolsa, onuň gözleriniň öňündäki dumana siňip gitdi.
– Wah, meni öldürmeli ekeniň, jan agam, basyp, mynjyradyp, janymy çykaryp gitmeli ekeni. Men indi nädip ýaşaýyn. Dädenjana çöregi nireden tapaýyn. Onuň çekýän derdine neneň dözeýin. Eje janyň yzyndan nädip gidip geleýin. Sygrymy kime sagdyraýyn. Bu ýalan sözüm bilen iliň gözüne nädip görneýin. Masgara halyma mekdebe nädip baraýyn. Ind-ä ýolumam göremok, ýöräbem bilemok. Mundan ölenimem gowy ahyryn, eý, allam...
Çaga ýene janyna dözdi. Hyklap-çoklap ýerinden galdy-da, yra-dara bolup ýoluň gyrasyndaky dükananyň ýanyna bardy. Az-kem özüni dürsäp, Babajan işanlara bakan ýöredi.
Ol ýaňy birki ädim ädenden goňşy öýüň eýwanyndaky radiodan güňlenç hem-de iniňi tikeneklediji ses gelip başlady.
– Üns beriň, üns beriň! Gepleýär, Moskwa! Gepleýär, Moskwa! Şu gün Moskwa wagty bilen sagat sekizdeSowet soýuzyndan üstünde adam mündürilen kosmas korably asmana uçuryldy. Ol ýeriň daşynda bir sagat minut aýlanyp, sag-aman ýere gondy. Munuň özi...
Bala bu habara düşünmedi. Ol ilki uruş turandyr öýdüp gorkdy. Soň bolsa Moskwadan beýle begençli habar aýdylýan bolsa ol uly wakadyr öýdüp pikir etdi.
Bu habar deriň hem-de çygyň ysy gelip duran, aç, garyp içerileriniň agan ýüküni galdyryp biljek habar däldi. Ol bu habary eşdenden, kimdir biri «Bar, dädeňe eltip ber» diýip el ýaljak tamdyr çöregini berse, ol begenjinden ganat baglajakdy.
Häzir öýde düýnki Babajan Işanyň beren çöreginden döwüm-dişlem bolmagy-da mümkindi. Ýöne ýok bolmagam gaty mümkindi.
Ol Babajan Işanlaryň işigine golaýlaşanda kellesine ýene-de bir agyr zarba urlan ýaly boldy-da yranyp gitdi.
Hälki özüni tas basdyran, agzyna gelen paýyş sözleri aýdan adamyň maşyny olaryň işiginde durdy.
– Barsammykam, ýa-da...
Bala bu günki wakalardan soň çekinip, uýalyp oturara halynyň ýoklugyny aňdy. Häzir ol gaýrat edip özüni öýe atmalydy. Bu bolan zatlar barada kakasyna gürrüň bermelidi. Oň iň gynanýan zadam kakasynyň gözlerini işige dikip, delminip ýatmasydy.
– Wah-heý, ol-a erbet bolupdyr, hanym – diýip, Işan aganyň içerden gelýän sesiahmyrly eşidildi. – Heý, beýdäýme bolarmy? Turzup, suw bir bermeli ekeniňiz. Agyr maşyn kakar-da ol diri galarmy? Bu gün ölmese, ertir öler. Haý, oňarmansyňyz-ow.
– Işan aga, gaty aljyradym, saňa dogrusyny aýdaýyn. Ölse-de, bir zat bolsa-da aýagymy sallap gidibermesem, alajym ýok. Men ony nireden tapaýyn, indi.
Bala şoferyň sesini tanady. Ol howlukmaç içeri girdi.
– Salowmaleýkim!
Şofer doňup galdy. Işan aga welin işige ýüwürdi.
– Gel, guzym, waleýkim. – Ol Balanyň elini eline aldy-da ýokary geçirdi. – Dädeň ýaggaýy nähili guzym...
Balanyň dili bokurdagyna gidipdi. Ol gepläp bilmedi. Oňa çenli şofer hem Işan aganyň golundan tutdy.
– Ine, şul oglan, Işan aga.
Babajan Işanyň guty gurady. Ol üsti-başy tozan, dyzlary palçyk oglanjygy bagryna basdy.
– Balajygym! – Ol başyny ýaýkady –Heý, musulman çagasy, gör-ä muny nädäýipsiň, gör-ä. Heý, adam ogly beýdermi. – Ol Balanyň başyny sypajak boldy. Bala erbet çyňsady.
– Suw alyň!
Bala suwy düwüne-düwüne ýuwutdy. Ýüregi ýerine gelip, dünýäsi aram tapdy.
– Wah, naýynsap, naýynsap – Ol Balany sypaň-sermeň etdi. – Niräň agyrýar, guzym?..
Bala kellesini görkezdi. Elini kellesiniň ýaryna degirdi welin, barmaklary gana boýaldy.
– Wah, kellejigi ýarylypdyr munuň. Men näme alaç etsemkäm?
Şoferyň garaýagyz ýüzi ýene-de ak ýeňsä döndi.
– Bolmasa keselhana eltäýeliň.
Onuň ýoldaşy ör-gökden geldi.
– Goýsan-ow, «näme boldy» diýip sorasalar, näme diýjek. Maşynyma kakdyrdym diýjekmi? Onsoň gözüm miliseden açylmaz. Goý, ol gepiňi...
Işan aga öz ullakan akja elýaglygyny iki böldi-de, bir taýy bilen oglanyň kellesini daňmaga başlady.
– Gaýgy etmäň, indi kän agyranok – diýip, demi ýerine gelen Bala ýuwaşja aýtdy. Indi ýagdaýym gowy. Baba, men gideýin. Dädem gapa seredip delmiip ýatandyr.
Babajan işan oglana aljyraňňy garady.
– Sen bu ýagdaýyňda nädip gidersiň, guzym. Sen kelle bilen oýun etme. Häzir ýatmaly sen.
Şoferyň ýüki az-kem ýeňläpdi.
– Men äkideýin, Işan kaka. Özümjik elinje äkideýin.
Işan aga sesini çykarmady.
– Ejeňem ýokmy, öýde.
Bala başyny yrady.
– Şu gün keselhana ýerleşdirip geldim. Dädem janyň ýeke özi. Daş-iç çykyp bilenok.
Işan aga Balany daşary çykardy-da özi içeri girdi. Şofer maşynyna bakan ylgady.
– Gel, bally, kabina münäý, şujagaz ýere.
Başga bir wagt bolsa Bala bu pursady özüne uly bagtbilerdi. Häzir welin jan-jany öz janydy.
Oňa dünýäniň gyzygy gaçypdy.
Babajan Işan düýnküdenem ulurak düwünçegi şofýora berdi. Soň ep-eslije tüňňüri kabina saldy.
– Çaldyr, guzym. Dädeňe eltip ber. Derman bolsun. Özüm elterdim welin, sen begendirseň göwni biter. Salam aýt, Işan agamam öýle namazyny okap geljek diýdi diý. Sag aman baryň...
Öýüni ýykjak bir beledan aman-sag sypanyna guş bolup uçýan şofýoryň dili süýjedi.
– Baljan, näçinji klasda okaýaň?
– Dördünji...
Şofýor onuň jübüsine ep-eslije pul saldy.
– Günämi öt, bally. Işan kaka ara düşdi. Indi gepi uzaltmaýly, bormy? Men wenezzyna, gözüm gapylypdyr. Soň gördüm. Işan kaka düýn «Ertir on ikä üç litr düýe çalyny getir» diýip sargyt etdi. Şony wagtynda ýetirjek bolup, küýüm-küçäm şolarda bolsa nätjek. Işan kaka-da. Ol iliň derdini çekip ýör-ä. Gördüňmi, ýüzüni. Duw-akdyr. Işikden girdim welin, Häk, oňarmadyň» diýäýdi. Biziň näme iş gaýranymyzy görüp oturan perişd-ä ol...
Bala agyrly başyny tutdy.
– Wah, agam, sen däl-le günäkär, meni öz günäm urdy.
– Şofýor hezil edip güldi.
– Sende näme günä bolsun, sen çaga ahyryn.
Bala ýüzjagazyny ynjy bilen tutdy.
– Mende-de günä boldy, agam. Öz jezamdyr by, sen özüňi günäleme...
Maşyn hä diýmän Garaganly obasyna ýetdi.
– Haýsy, öý?
Bala öýlerini görkezdi.
– Şu ýerde saklaý.
Şofýor onuň elinden tutup, oňa naýynjar garady.
– Ballym, gel, indi kepleşeýli. Alty çagam bar. Heniz ýekejesinem öýerip, çykaramok. Meni häzir hoş söz bilen ugradyp, soň o-by eýle-beýle diýensoň organlara aýtjak bolsaňyz-a häzir diý, bolmasa-da «Işan kaka ara düşdi, kep bolmaz» diý. Men ynjalyp gidip biljek däl, bu bu durşuňa.
Bala ýyl;gyrdy.
– Arkaýyn bolaý, agam.
– Şofýor begendi.
– Kep şumy?
– Gep şu.
– Al bäşi. – Şofýor ony gujaklady. Daşyndan aýlanyp kabinany açyp berdi. Zatlaryny düşürdi – Çalyň töňňürem durubersin. Men nesip bolsa, birigün şu wagtlar gelerin. Hoş, inim...
Garry aga aýalynyň ajy gepinden soň ýanyny hasam ýere berdi. Göwnüne bolmasa, işdäsem sag ýaly, içem ýöräp dura ýaly, aklam işläp dur. Emma ýerinden galdygy, ýüregi edil bokurdagyna gelip tak-tak uruberýärdi. Onsoň nähilidir bir gyzgyn zat gelip garnyna guýlup, ähli mydaryny iýip, gözlerini garaňkyradyp taşlaýardy.
Ol ömründe beýle keseli görmändi. Asyl, ol-a atly, keselem pyýada bolup, onuň yzyndan ýetip bilmän geçipdi. Diňe şikesli gözi ony heläk edýärdi. Käteler, güýzüň ahyrlarynda, ýazyň başlarynda gözünden zäher akýardy-da, gabaklarynyň içini erbet gijidýärdi. Şonda onuň üçin ahyrzaman bolýardy. Näçe gaşasa-da ol iýiji gyzgyndan dynyp bilmezdi. On-onbäş gün horlansoň onuňhem öz-öi sowaşar giderdi.
Bu kesel welin ony bürdi.
– Wah, özüm aýak üstünde bolan bolsam bu kynçylyklar bolmazdy, eý, allam.
Ol haka sygynýardy. Dogry, onuň günäsi kändi. Şol günäler ony öň atyma getirip bilmeselerem, indi sypdyrman yzarlap ýördi. Ol gaça-gaça, per bermän, indi olaryň eline ýagşy ýesir düşdi. Indi ondan olara garaw ýokdy.
Garry aga geçen güýz ýykylypdy. Güýzüň başynda erbet ýagyş ýagdy. Soň maýyl bolup, ähli ot-çöp dürterişip ugrady. Malyňam öler jany şol ot-çöpdi. Arly tomus gury çöpe tutulan dowar janawer Garaganlaň, garatikendir, kerkaw dagdanyň astyna burnuny sokup, ýagşy şamlaýardy.
Şol döwürde, ýa täze ot-çöpüň ysyna, ýa-da boljagy, ýaşulynyň köne derdi gozgap başlady. Onuň üstesine babasili-de oňa erbet azar berip başlady.
Ýaşulynyň çolugy ýokdy. Ol bir bäş şaýy bolsun diýip, özüne çoluk edip aýalyny ýazdyrýardy. Aýaly bolsa indi iki ýyl bäri keselhanada öz jany özüne gaýgydy.
Onsoň ýaşulynyň ýadyna mal düşer ýaly bolmady. Sürüniň yzyndan süýrenip gidip, süýreip gelýärdi. Maly tükellemek, ony bar-ýok etmek nire, ýaşuly nire. Iň bärkisi, obadan gara-çyra-da görnenokdy.
Soňky günler onuň unam tükenipdi. Çöregem ýokdy. Diňe hurşluk üçin öldüren goýnunyň gowurmasy bardy. Günüň-güni olam ýüregiňi deşip barýardy.
Ahyry, on sekizinji gün diýlende, ferma müdüri geldi. Ýanynda-da Täçmyrat bilen Öwelek bardy.
Garry aga çydap bilmedi.
– Baýdy, sen han ogul adam däl-de göwür bolup dogulmaly ekeniň. Henizem gelmeli däl ekeniň.
Baýrammuhammet gep çekmedi. Onuň gandamaýyn diýip duran ýüzi ýalp-ýalp edýärdi. Men atyň üstünde haýbatly oturşy, owadan ýüzüne gelşip duran telpegi, badyhowa didary, badyhowa adamdan gep alyp galara meňzänokdy.
– Näme diýjek bolýaň, Garry kör?!
Garry aga onuň içýakgyç sözüni içine sygdyryp bilmedi. Öz inisi, şeýdip dursa, beýlekiler näme diýmesin. Ol elindäki çopan taýagyny raslap, onuň goluna, arkasyna, ýelmäp goýberdi.
– Seniň bäbegiňi.
– Eý, waý, ýetiň.
Gahar onuň sag gözünem baglady. Ýaşuly bigünä atyň hem ýüzüne kessir ýelmäp goýberdi. Mes at syçrap galdy-da üstündäkini telpek zyňan ýaly edip ýere taşlap goýberdi.
– Ýok boluň şu ýerden.
Beýleki atlylar birden yzlaryna serpildilerem. Ýöne ýolbaşçylaryny taşlap gidip bilmediler.
Baýrammuhammet çopana täzeden ýapyşdy. Ilki taýagyndan tutdy-da agyr ýumrugy bilen ýaşulynyň sag gözüne ýelmedi.
Ýaşuly büdräp gitdi. Emma ýykylmady. Taýagyny talawladyp başlady.
– Nämä dursuňyz, haramzadalar. Düşüňde daňyň.
Öwelek atdan syrygyp düşdi-de ýaşulynyň arkasyna hopba boldy. Ferma müdiri Täçmyrada gygyrdy.
– Ýüp al-da daň...
Täçmyrat ýabysynyň boýnundaky uzyn ýüpüň ujuny alyp, ýaşulynyň öňe uzadyp, taýak tutup duran elleriniň daşyndan aýlady.
Ýaşulyny güýläp taşlanlaryndan soň Baýrammuhammet onuň içine iki sapar jaýlap depdi. Emma içi sowamady. Burlup, içini tutup ýatan adamyň biline, syrtyna-da kasty bar ýaly edip depip başlady.
– Kör, haramzada. Ýagşylygy bilmez, ylhanat, me, me, me seni bir edişime seret...
Garry aga ilki sesini çykaranokdy. Ol eli bagly bolansoň alaçsyz, hyklap ýatyrdy. Ol agyrsyna çydaman birden gorsandy-da, birdenem jaýly oturdy.
– Ýok, boluň. Gümüňizi çekiň. Äkidiň goýnuňyzy. Baryň, bajyňyza bakdyryň.
Kellesine degen agyr urgy ony özünden giderdi...
Garry aga maşynyň sesini eşidip, agyr oýundan açyldy. Onuň ýüregi, depilen ýerleri täzeden ýüregine düşüp agyrap başlady. Ol içini tutup, ah çekdi.
Gapy jygyldady. Ýaşulyň delminip duran ýalňyz gözi bilen nowbahar oglunyň didaryny gujaklady.
– Balam, ne beýle gitdiň – ol oglunyň kellesindäki ak sargyny görüp öz derdini unutdy.
– Kelläňe näme boldy? Daňar ýaly...
Bala kakasynyň şu sowaly bererine garaşýardy. Şoňa jogap gözläpdi: «Eşegim ýykdy-da gaçyp gitdi, tutdurmady, şeýtse hem eşegini gaçyranyny, hem kellesiniň ýarasyny sözläsi gelmedi.
– Geçip barýan maşyna degirdim, däde jan. Ýoldan geçenimde agyr oýa batypdyryn. Düýt edenini görüp galdym. Çalaja sypjyrtdy. Şofýory gowy adam eken. Gapymyza getirip gitdi.
Ýaşuly ynjalmady.
– Hany, gel, göreýin. – Ol sypaň-sermeň edip, oglunyň mazaly deşilip, gany ýaňy kesmekläp ugran ýarasynyň ýöne-möne zat däldigini aňdy.
– Wah, Bala, kelläň ýagşy deşilipdir. Sen onuň bilen oýun etme...
Bala başyny kakasynyň eline goýansoň ähli derdi möwjap galdy. Ol bu agyr urgulary ýüregine sygdyryp bilmedi.
– Däde jan, men indi çydamok, arkadagym diýip eňredi. Ýäşulynyň hem derdi gozgady. Onuň hem gözünden gaýdýan ýyly damjalar oglunyň boýnuna damdy durdy.
Birsalymdan ýaşuly elini oglunyň kellesinden aýyrdy-da, onuň arkasyny sypalady.
– Tur, hany tur, inerim. Gam çekme, adam başyny alyp durjak zat bolmaz. Hemmesi geçer...
Balanyň derdi egsilen ýaly boldy. Ol ýeňillik bilen ýerinden turdy.
– Däde jan, men saňa düýe çalyny getirim...
Ýaşulynyň sesi umytly çykdy.
– Näme, çal?!
– Hawa.
Ýälulynyň indi näçe gündir ýanyp duran ýüreginiň közleri ölçerilen ýaly boldy. Ol şora ýatyrylyp guradylan çapak ýaly ap-ak dodaklaryny çalaja şipbildetdi.
– Wah, getirsen-e, balam. Halys şehit boldum-a.
Bala daly tüňňüriň daşynyň tozanyny-da süpürmäge howlugyp kakasyna alyp berdi. Garry aga titreýän ysgynsyz barmaklary bilen gabyň dykysyny zordan açdy-da gapagy dyzynyň üstüne oklap, agzyny tüňňüre basdy. Ol demi tükenýänçä içdi. Soňam ýene-de bir ähläp, ganýança başyny galdyrmady.
Ol tüňňüri emaý bilen gapdalda goýdy. Ýassyga gyşardy. Uludan biki gaýta gägirdi-de dodaklaryn uzak wagtlap şypbyldadyp ýatdy.
– Ömrüň uzak bolsun, balajygym. Ýşyň uzyn bolsun. Janym gönenäýdi.
Çal içenden soň onuň ýene-de ynjalygy gaçyp başlady.
– Şol bänkäň barmy, balam.
Bala burçda duran bankasyny alyp, daşky gapynyň ildirgijini içinden berkledi.
Kakasy ýeňländen soň bankany çaýkap, arassaja edip öňki ýerinde goýdy.
– Däde jan, käýemeseň bir zat aýdaýaýyn.
Ýaşuly ýagşy rahatlanypdy.
– Aýdaý oglum! – diýende onuň sesi ýag ýaly çykdy – Aýdyber...
Bala düýn Babajan işanlara baryp, kakasynyň çal soraýanyny aýdyşyny Işan aganyň özüni garşy alşyny üstüne goşman gürrüň berdi.
– Bu günem diýen wagty bardym. Öňküdenem gadyrly. Öňküdenem ezizläp, töre geçirdi. Öňküdenem kän zat berip goýberdi. Özüm-ä almazdym. Ýöne şofýor aga beripdir. Şofýor aga-da gerek bolsa derman-däri alarsyň, derdiňe ýaradarsyň diýip ýigrimi bäş manady almajagam bolsam jübime saldy.
Ýaşuly birhili binjalyk boldy.
– Şu diýýänleriň dogrumy, ýa-da...
Balanyň gözleri çykara geldi.
– Däde jan...
Garry aga tirsegine galdy.
– Sen çaga, şäher diýip, naharhana diýip, pyglygy bozup ýören bolma. Ogry-jüwlüklere goşulyp, ogurluk, jümürlik edip ýören bolma...
– Däde jan...
Ýaşuly titreýän elini ýorganyň üstüne taşladyp goýdy.
– Öňem haram iýen şu öýde gyt däl. Haramyň, ogurlygyň adamy nä güne salýanyny göreňokmy. – Onuň sesi boglup çykdy.
– Şulary haram etdi. Ogurlukdan, haramlykdan baýalýan bolsa şu öý baýardy. Görýäňmi? Men ýaňy dyndym diýenimde, sen başlajak bolsaň...
– Däde jan...
Sen däde jan diýen bolup, mylaýymsyrap, diliň ýaman süýjäpdir seniň. Işan aga daşda däldir, çagyrdar getirderin-de soraryn. Gepiň iki çyksa...
Kakasynyň, onda-da agyr halda ýatan eziziniň gaharlanmagy tas Balanyň ýüregini ýarypdy.
– Hudaý saklasyn, däde jan...
Ýaşuly barybir ynanmady. Onuň pikiriçe beýle zadyň bolmaga haky ýokdy.
– «Düýn getirdiň ýigrimi manady, bu gün ýigrimi bäşi. Çal diýende çal, ýumşajyk tamdyr çöregi. Bu zatlaryň astynyň bir çöpi bolmaly. Hökman bolmaly. Ýa-da ol deýýus agyr günümden peýdalanyp, oglumy satyn alyp ýörmükä...»
Garry aga çally gabyň gapagyny gyra taşlap goýberdi-de gepiň başga ugruny yzarlap ugrady.
– Baýdyny gördüňmi?
Bala başyny atdy.
– Şol derdimi bu zatlary?
– Ýok-la däde jan, babajan babam saňa diýip iberdi. Puly hälki, meni maşyna kakdyran şopur aga jübime saldy. Özem birigün getirerin diýdi.
Ýaşuly ynanmady.
– Baýdyny nirde gördüň?
Bala ol gürrüňi aýtjak däldi. Indi sypara ýeri galmady. ol başdan gürrüň berdi.
– Ejemi keselhana eltdim, ýerleşdi. Onsoň eşiklerimi horjuna salyp yzyma gaýtdym. Aýtdym-a Babajan babam: «Erte günortan çal üçin gel» diýdi diýip. Soň çaly alaýyn diýip gelýän. Okuwa barmadym-a bu gün. Onsoň mekdebiň öňünden geçmäýin diýip, kontoryň öňünden geçdim. Şol ýerde-de Täçmyrat dädem bilen Öwelek aga meni tutup, süýräp kontora, başlygyň ýanyna eltdiler. Başlygyň ýanynda Baýdy dädem, ol günki gelen aýal bar eken.
Ýaşulynyň dişleri şakyrdady.
– Şolar berdimi puly? – Onuň gözüniň agy köpeldi.
– Ýok, däde jan. Babam berdi, şofýor aga berdi...
– Hawa, onsoň.
– Onsoň olar «ýygnak edýäs» diýdiler. «Dädeňe aýt» diýdiler.» Ýa-da göleli sygyryny bersin, galanyny soň töläbersin, ýa-da suda geçirjek» diýdiler. – Bala kakasynyň ýüzüne utançly garady. – Men däde jan, ömrümde birinji sapar şolara ýalan sözledim.
– O nämäniň ýalany ¬– diýip, ýaşuly agyr oýuň içinde, göwünsiz sorady.
– Olar maňa ýazan hatlaryna gol çekdirjek boldular. «Dädeňe derek, boýun alyp gol çek»diýen manyda. Menem onsoň ýalan sözledim, däde jan – Howlukmaň, diýdim. Öten agşam bize dädemiň bir tanşy geldi. Goýun bar, şony sürüp äkidenlerem gördüm. Yzlarynam belläp goýdum. Gerek bolsa ýüzleşdiribem biljek – diýdi diýdim.
Ýaşuly oglunyň sözüne aňkaryp galdy.
– Hakyt şeý diýdiňmi?
Bala müzzerildi-de başyny atdy.
– Wah, oňarmansyň, oňarmansyň. Olar indi barja ujam ýok ederler, häk çagam-eý. Hany, bir çaý goý.
Oglanjyk ok bolup atyldy-da daş çykdy. Ojakda çaý atardy-da, aşagyna düýnki getiren çöplemelerinden gaýgyrman saldy. Şol badyna-da kölege-de duran ýapraklardan yryşdyryp gurçuga ýaprak berdi. «Eşegim görünmezmikä» diýen niýet bilen uly ýola-da garap geldi.
Uly ýol haňlap ýatyrdy. Ondä ne eşek görünýärdi, ne-de beýleki.
Çaý gaýnady. Bala çäýnekleri demläp, saçak ýazdy. Soň Babajan Işanyň iberen ýaglygyny açdy.
Iki sany çörek, ep-eslije gowurma, soňam bäş-alty bölek gant!
Bala olary kakasyna görkezdi.
– Däde jan, babamyň beren düwünçeginden çykdy.
Ýaşuly başyny atdy-da, saçaga bakan ysgynsyz süýşdi.
– Babaň iberen bolsa bolýar, balam. Ol halaldyr. Teperrikdir. Belki hudaý, bolaýady-da...
Bala kakasynyň birneme ynjalanyna begendi.
– Olam şeýle diýdi. Teperrikdir, derman bolsun – diýdi. – Bala kakasyna eýerip pişigiň kellesi ýalyrak gowurdagy käsesine atdy. Çörek döwüp aldy. Ýöne nämüçindir onuň ýüreginde gorky bardy. Gowurdagy ellese-de, çörek döwse-de, çaýyndan her sapar ýuwdanda-da kimdir biri depesine berip: «Dur, elleme» diýäýjek ýaly bolup durdy. Ýöne onuň kakasy bilen sözleşesi gelýärdi. Onuň ýüreginiň kirini ýuwasy, öz günälerini dökesi gelýärdi.
– Däde jan, Babajan babam hemme kişini gowy görýärmikä?
Garry aga çygjaran maňlaýyny ýaldyradyp oturşyna, çaýyny lezzet bilen owurtlady.
– Ol bendäniň däl-de, Hudaý tagalanyň adamsy-da. Ýasalyşy şeýle. Men onuň işiginde oglan wagtym daýhanam bolupdum. Öküz bilen ýerini sürenimde özi nahar getirerdi. Iýýänçäm ýanymdan gitmezdi. Soň bile çaý içip, ýagşy rugsat alyp gaýdardy. Ýerem edil müsüriň ýeri ýalydy. Bir çigit taşlasaň müňläp berer. Barynam ile berer. Onsoň meni öz ogly ýaly edip öýerenem şoldy. Diňe uruş ýyllary gaty horluk görendir. Men çarwadadym. Baranlardan: «Işan aga nähili? Hor-zar bolman ýörmi?» diýip soraýmanmy.
«Işan agaň-a haly harap. Pakyryň çagalarynyň-da, aýalynyň-da ýüzüne çiş ýöräpdir. Ol görgülem, näme etsin. Alla sygynyp otyr. Häzirem näme, asman daş, ýer yrak....»
Bu habary eşidip oba gaýtdym. Aýdylşyndanam beter eken, pakyr. Il-bende aç ölmejek bolup kolhozuň zadyna el urýar. Kim gidip, syçanyň, alakanyň hinini gazýar. Işan aga onam etmändir. Ýazyň ýaňy gelip, gaýun-geçiniň guza başlan çagydy. Äkitdim, aýaly-çagalary bilen çarwa. Iki sany gysyr geçini soýup, birini gowurdum, birinem iki-üç wagtyna süýjüje bişirdim berdim oturdum. Işan aga, çagalary eýikdi gitdi. Emma totam eje eýigenok. Onuňam ugruny tapdym. Täze çykan ot çöplerden bulamaga gardym beriberdim. Onsoň, ýarym aýdan olam gutuldy gitdi. Şonda tä Işan aganyň öz bugdaýy bişýänçä sakladym. Gelip, bugdaýyny orup, döwüp, täze çäjinden iki haltasyny una öwrüp, soň oba alyp geldim. Baý, alkyş alandyr-a. Sen bolanyňda azanynam özi çekendir.
– Şolmy meniň azan babam!
– Şoldur.
Bala kakasyndan razy boldy. Onuň ýüregi joşdy. Göwnünde nähilidir bir galkym uçganaklady. Onuň kakasynyň suratyny owadan edip çekip, törden asyp goýasy geldi. Ol henize çenli adamyň ýüzüni özüne seredip çekip görmese-de, ýüregi «çek-çek» diýip, agzyndan çykyp barýardy.
Bala kakasynyň harby biletini aldy. Ol kakasynyň ýassygynyň astynda ýatyrdy. Soňam arada dükünyň ýanyndan getiren ullakan dört burç kardon kagyzny aldy. Çernil çüýşesine ýyljak suw guýdy. Soň bir ýerlerden ruçkasyny tapdy.
Ol suratda kakasy juda hor, özem kellesi ýalaňaç düşüpdi. Sag döşem durşuna kesikdi.
Bala surata seredip, çen bilen kellesiniň durkuny çyzdy. Ol suraty on-on baş esse ulaldyp, şonuň suratyny çekdi. Kelläniň galypy emele geldi. Soň ol şol galypa gözleri ýerleşdirdi. Ol gözde ýalňyşmajak bolýardy. Gözüň togsan bäş prosendi garady. Ýöne içinde akja çukanaklar bardy. Gabak bilen şol çukanaklar hiç kimiňkä meňzeş däldi. Iň kyn ýeri, çernili öçürip, soň täzeden ýazyp boljak däldi. Ol muny bilýärdi. Onuň bagtyna gabaklaram, lukanajygam, gözüň almasy-da gabat geldi. Ol burun, soň dodak ýasady. Gabadan owadan gulaklar çekdi. Sakal goýdy. Kakasynyň toýa beýlekä geýýän telpegine meňzedip telpek çekdi. Onuň kükreginden aşagyny çernil bilen darap-darap goýberdi.
Surat taýýar boldy. Ýöne ol näçe wagtyň geçenini bilenokdy. Surat görer göze adama adama çalym etse-de, kakasyna meňzänokdy. Onda-da Bala ony taşlamady-da, gireniňde gözüň düşer ýaly edip, daşky otagyň töründen asyp goýdy.
Soň eşegini idäp ýola seretdi-de, içeri girdi. Öz işine özi begenip gitdi. Ol uly iş edeninde şonda düşünip galdy.
– Dädemjan oýananda görsün – diýibem,
Asan ýerinden alyp, içki jaýda diwara söýäp goýdy.
– Onyň näme? – Ol kakasynyň sesine ogurlukda tutulan ýaly, ziňkildäp gitdi.
– Surat, adamyň suraty!
Garry aga başyny ýaýkady.
– Başga işiň ýokmy? Bolmanda ýat-da dynjyňy al.
Bala ýöne ýylgyrdy-da.
– A-aý, ýöne – diýip goýberdi.

8.
Adam başyna gidip-gidip kyn günler düşegen bolýar. Ol aljyraýar. Özüni iki daşyň arasynda galan ýaly duýýar.
Bala-da häzir şeýle kyn güne düşüpdi. Onuň üçin ne içeriniň, ne daşarynyň mazasy bardy. Kakasy arada nähilidir bir ynamsyzlyk saklaýardy. Ejesi eşege münüp, tä keselhana barýança ýekeje hoşomaý sözem aýtmandy. Keselhana girensoňam:
– Entäp ýörme-de öýe gaýt – diýip içeri girip gidipdi. Onuň üstesine şol ýerde gabat gelen dogtoram:
– Hany, ýok bol şu ýerden. Näme, inçekeselli boljak bolýaňmy? Bu ýerde kesel bürenler ýatyr. Ýok bol diýilýär saňa – diýip, üstüne dazzarylyp, kowup goýberipdi. Kontory kontor diýseň, indi onuň mekdebe barmaga-da ýüzi ýokdy. Iň bärkisi jigisi Dädiş oňa ýüzem berenokdy, äsgerenokdam. Bu ýagdaý ony halys tapdan düşüripdi. Şu gün ejesini alyp barýarka mekdebiň ýanyndan geçenlerinde, ýüreginiň çuňlugyndan mekdepde okap oturanlara gözi gidipdi.
– Ýagdaýymyz düzelse, menem hökman okaryn. Ol häzir bir eli bedreli, bir eli orak bilen ýüpli ak ýolda ýöräp barşyna, almaň sapagy ýaly horja boýnuny burup gam laýyna gark bolupdy.
Bala çeşmäniň deňinde bedresini ösgün ýylgynlaryň arasynda gizledi. Soň belendräk ýere çykyp, ýazylyp ýatan tokaýa seretdi. Sygyrlary bardy. Şol ertir irden daňlan ýerinde irkilip, guýrugyny iki baka talawladyp durdy. Emma eşegi ýokdy.
Ol sygryny sumbaryň ýasga ýerine eltip, suw görkezdi. Soň onuň gazygyny otlyrak hasap eden ýerinde kakdy-da böküp
Sumbardan gaýra geçdi. Ýap-çilleriň arasyndan ep-eslije ot ýygyň ýüpüne çykady. Onam eltip bedresiniň ýanynda goýdy.
Ony häzir bynjalyk edýän zat eşegidi. Eger eşegi bolmasa, daňdan süýdi naharhana nädip alyp gitjek?
Bala uly ýola garady-da şol tarapa guş bolup uçdy.
– Dädiş jan? Dä-di-iiş, jigim!
Dädiş oňa barmysyňam diýenokdy.
– Dädiş jan! – Ol jigisiniň yzyndan ylgap ýetdi. – Duraýsan-a.
Dädiş jüýjehoraz ýaly herreldi.
– Näme etjeg-eý, Dädişi?
Bala onuň bolşuna güldi.
– Eşegimizi görmediňmi, jigim jan Dädiş äsgermän jogap berdi.
– Göremde näme?
Bala eşeginiň barlygyna begendi.
– Nirede gördüň, jigim jan, barmy özi...
Ol ýüzüni kese-kese sowdy.
– Mekdebiň sport plaşatkasynda palanyny agdaryp, betnyşan bolup durdy. Biri ony sim bilen daňyp goýupdyr.
Balanyň haýýaty göçdi.
– Alypjyk gaýdaýmaly ekeniňd-ä, jan jigim.
Dädiş dodaklarynyň arasyndan enaýyja jytyladyp tüýkürip goýberdi.
– Alyp gelip näme, guluň barmy?
– Näme?
Dädişiň ýanyndaky oglanlar bu gepe hezil edişip güldüler. Balanyň welin içi ýandy. Jigisiniň bolşuny halamady.
– Jigim jan, bolşuň nähili?! Eşek diňe meniňki däl-ä Dädiş jan. Men näme özüm üçin edemog-a işi.
– Näme, meniň üçin edýäňmi? Şolar üçin edýäň. Olar üçin hiç zat edesim gelenok. Etjegem däl.
Bala geň galdy.
– Kim olar?
Dädiş müýnüm bardyr öýtmedi.
– Öýdäki ýatanlar.
– Kim öýde ýatar.
– Ejeň bilen dädeň?
– Näme, olar seniň ejeň, dädeň dälmi, jigim aýdýanyň näme?
Dädiş äsgermezçilik bilen ýöräp ugrady.
– Bir-ä ogry, birem gybatkeş. Ikisem kesel büren yşarat. Maňa gerek däl olar ýalysy.
Balanyň dili tutuldy. Ol jigisi bilen mundan artyk gürleşse beterinň çykjakdygyny duýdu-da mekdebe tarap haýdady.
Eşegi dogrudan hem aýdylan ýerde durdy. Kimdir biri boýnundaky ýüpüni alypdyr. Golaňynam aljak bolupdyrlar, ýöne açyp bilmändirler. Soň eşegiň aýagyny ýogyn sim bilen aýaklarynyň etinden geçirip daňypdyrlar. Simiň kerten ýerinden gan çogup, oňa-da siňek bary üýşüp durdy.
Eşek janawer Balany görüp hynçgyryberdi.
– Eşejigim , jan eşejigim. Me guraýyn. Meni ýer hopsun. Seni har etdim.
Ol eşeginiň aýagyny açdy. Palanyny düzedip, golaňyny çekdi. Soň üstüne mündi.
Eşek öýe garşy ýorgalap ugrady. Onuň ýorgasy üýtgeşidi.
«Janawar, gaty suwsan bolmaly!» diýip, Bala eşeginiň bolşundan onuň ýagdaýyny aňdy. Onuň aýdanynyň jany bar eken. Eşek ýabyň ähli suwuny bir demde içine soraýjak bolýardy. Suw içmeden ýaňa onuň garny alaň ýaly bolup gitdi. Bala otuny eşegine ýükledi. Gün heniz ýaňy öýle bolupdy. Şonuň üçin sygyrynyň örküni täzeledi-de bedresini suwdan dolduryp, eşegini öňüne saldy.
– Indi boldy! – diýip, ol özünden razy boldy. Eger gurçugymyz ýatmadyk bolsa, ýapraga-da gidip gelip bilýän...
Ony indi ýekeje zat iňkise goýýardy. Olam sygyrdy.
– Kime sagdyrarkam, allajan. Ýa özüm. Aý, özüme eýgertmez. Onda näme üçin kiçijik gyzlar-a sagyp ýör. Menem eýýäm on birimiň içind-ä. Gel, özüm sagjak bolaýyn. Namarda zar bolandan...
Ol işige golaýlaberende içerde bir hümürdüniň bardygyny eşitdi. Otuny düşürip, eşegi gazyga baglady-da içeri howlukdy.
– Atam pahyr aýdardy. Basym Günortadan bir ýyldyz dogar, şondan soň Sumbar jelagaýyndan bir oglan dogulmaly. Şol hakyň adynda geljekdir. Şony tapyp elinden suw içip bilseňiz jenneti bolarsyňyz – diýerdi. Şol oglan indi dogulsa dogulybermeli. Ataş pahyryň diýýän ýyldyz-a bireýýäm dogupdyr. Ýöne diýerdi. Ömri ömri zaýa kimin bolar – Diýerdi. Allatagala mahal-mahal adam päklenýärmi, zaýalanýarmy diýip, ynsanyň arasyna perişdäni adama öwrüp iberermişin. Şu sapar biziň gezegimiz diýerdi.
Bala Işan aganyň gelmegine gaty begendi. Ol bedresini goýup içeri ylgady. Baryp Babajan işany gujaklady.
– Babamjan! Geläýdiňizmi?
Babajan Işan Balanyň başyny ypalady.
– Geldim, guzym. Heý, Garryjan ýaraman ýatar-da babaň gelmezmi? Häzir-ä aýagymy ýöredýär, taurym, aýagym ysmasa başym bilen ýöräp gelmejekmi men. Bu adama janyňy berseň azdyr, guzym. Bu adama derdini alyp, ömrüňi berip, özüň düşegine girip hassa bolsaň azdyr, guzym...
Bala çalnyp ýerinden turdy.
– Birje salym ýeriňizden turuň, Baba jan!
Işan aga ýerinden turara mähetdel, Bala onuň aşagyna täzeje keçe ýazdy. Ýassyk oklady.
– Geçiň, baba jan. Men häzir size çaýam gaýnadypjyk bereýin.
– Ýok, ýok, guzym. Azara galma. Namazyma gijä galmaýyn.
Bala elendi.
– Bizden çaý içmän gitseňiz, baba jan, gaty öýkeläris.
Işan aga dişsiz agzyny pakga açyp hezil edip güldi.
– jan guzym, heý, senem öýkeledip bolarmy. Azady molla:
Käbe ýykmakdan müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý, dede – diýmänmi. Diken, seýiklän köňlümiz-ä bolmady, ýykmadan bir Allanyň özi saklasyn.
Bala guş bolup uçdy. Ol taňkany çaýkap-çaýkap ; ýaňja çeşmeden getiren suwundan guýup çaý goýdy. Aşagyna-da gaýgyrman ot ýakdy. Bady bilen gelibem kakasy bilen Işan aganyň aralygyna saçak ýazdy. Onuň üstüne çörek, gowurma, gant çykardy. Özleriniň öýünde şeýle nygmatyň bardygyna ol iki bolup bilenokdy.
Bu eýýamlarda-ha däl, aslynda-da öýlerine beýle uly, gaty sylagly adamyň geleni Balanyň ýadyna düşenokdy. Onuň göwnüne Işan aganyň baran öýi metjit ýalydy. Oňa her bir adamyň gözi gidibermelidi.
Işan aga-da syrkaw sorap, bir bendäniň göwnüme seýiklänine begendi öýdýän. Onuňam keýpi kökdi.
– Garry jan, çaganyň erbedi bolmaz welin, şu guzym-a, älmese maňlaýyňdan dirär, ömürjügi uzak bolsun, bir mähribanja çaga...
Garry aga-da onuň sözüni makullady.
– Şu wagt maňlaýymyzdan diräp ýör, baba. Men onuň haçan ýatyp, haçan turýanyny bilemok. Öýüň keşigi şonuň başyna. Men-ä düşege baglandym. Enesem keselhanadan çykanok. Iki oglanam entek ýaş. Daňdan raýonyň naharhanasyna süýt äkitýär.
– Şonuň özem bir men diýen adama iş ahyryn. Ukuda galyp, ol ýollary söküp barjak bolsaň, geljek bolsaň, özümiz-ä başarjak däl.
– Menem şony diýýän-dä. Ýagy ýaly gurçugada şol seretmeli. Mallaryň idegi, oty-çöpi, içeriniň çaýy-suwy, meniň derdim, şonuň başyn-a. Arasynda okuwa-da baryp gelýär...
Işan aga başyny ýaýkady.
– Baý-bu-uw, maýraýmaň, çagany, baý-ho-oý.
Ýaşuly hor egnini gysdy.
– Nädeli? Taňrydan garat diläp oturandyrys.
Babajan Işan ýaşulynyň gapdalynda, diwara söýegli durata siňe seretdi.
– Bu näme, seniň ýaş wagtyň ýaly-la.
Garry aga ýylgyrdy.
– Şu oglan çekdi şony.
Wagty ýok. Wagty bolsa munuň etmejek işi ýok. Tüweleme, duranja zehin...
Bala çaý getirdi. Soň ilki Işan aganyň, soňam kakasynyň çaýyny gaýtaryp berdi. Işan aga oglanyň ýüzüne gaýta-gaýta garady.
– Gel, ýanyma, gaýratly guzym, musurman balam. Enşalla, ýoluň açyk, ömrüň uzak bolar, alla-hy äkber.
Ol üçünji käse-de öz eli bilen çaý guýdy. Gant atdy. Soň kiçijik, akja, ýumşajyk elleri bilen el ýaly çörek döwüp aldy-da, üstüne birki bölek gowurdak goýdy-da Bala berdi.
– Al, guzym, bileje çaý iç, babaň bilen. Ol çaýdan, beýlekiden geçdi-de Balanyň ýüzüne garady oturdy. Soňam onuň sargysynyň daşyndan başyny sypalap başlady.
– Men indi gaýdaýyn – diýip, namazlygy ýygnap dula goýan Babajan işan aýtdy. Alymam garaňky. Aýaklaram indi kän bir diýen edip baranok.
Bala Işan aganyň çuw ak sakalyna, kiçijik murtuna, ullakan, sarymtyl telpegine däl-de mähir çogup duran gözlerine, nur ýagyp duran ýüzüne garady.
«– Adam beýle-de owadan bolar eken-äý – diýip, guwandy. – Nesip bolsa dädem janam gutulsa şeýle, mundanam owadan bolar...
– Bolar, işan agam, aýagyňa güller bitsin. Bizi sylany, hudaý sylasyn – Garry aga özüniň ugradyp bilmeýänine gynandy.
– Bala jan, ugrap, babaňy.
– Ýok, diýip – işan aga garşy boldy. Oglany azara goýdy.
Bala kakasynyň gulagyna pyşyrdady.
– Şeýdäý.
Ol işan aganyň aşagyna ýazan keçesini aldy-da, daşary ylgady. Soň eşeginiň palanynyň üstünden ýazdy-da, ony Işan aganyň öňünden çykardy.
– Baba jan, geliň, münüň.
Babajan Işan ör-gökden geldi.
– Ýog-a, guzym. Babaň indi eşek münerden geçendir. Ony ýer zordan göterýändir. Azara galma, oňarmaryn.
Bala eşegini belent ýere söýedi-de, işan aganyň golundan tutup getirdi.
– Beý, şeýdäýdiňmi? Aý, bolmady. Gel, münsem münäýeýin. Indi aýaklaram gutardy, guzym.
Ol eşegiň üstünde rahat oturdy.
– Bul-a bolaýdy, guzym. Gelmeseň, gitmeseň ýollaram gömlüp barýar. Bu ýollargowy däl, göwündäki ýollar gömlüp barýar, guzym düşünýäňmi! Göwündäki. Olar gömülse, haýhady şonda.
Bala bilmezden Babajan işanyň sözüni kesdi.
– Baba!
– Jan-a!
– Şu gün bir adam asmana uçupdyr. Biz Amerikadanam öňe geçipdiris. Häli radio aýtdy.
– Gowy-da. Meniňem gulagyma degdi. Ylym össe, alym össe, gowy-da. Alym allanyň dostydyr, bala...
Bala kanagatlanmady.
– Bala, adamlar asmana uçuberseler Allanyň gahary gelmezmi? Hudaýa garşy dälmi?
Ýaşuly eşegiň üstünde gunt düşen ýaljak bolup oturyşyna, gögüne bir garady-da, buýsanç bilen töwerege göz aýlady.
Sumbar boýundaky öleňden dirilik dermany ýaly ýakymly howa akymy ýüzüňe urup geçýärdi. Derýa boýy göm-gök öwüsýärdi. Iki oba ortalyk bolan çeşmä gelin-gyzlar ondan-mundan sallanyşyp barýardylar. Ýap-ýaşyl öleňlerde mallar ýüzüp ýören ýalydy. Asman bilen zeminiň serhedinde gara daglar batyp barýan günüň tylla tyglaryna garamtyl-ýaşyl syrçasyny lowurdadyp, gögüň bagryna çenli uzalyp gidýärdi.
Babajan Işan bu gözelligi duýdy. Onuň ýüzüniň nury lowurdap, çyrazlanyp başlady. Ýaşuly neresse çaganyňky ýaly çirksiz ýylgyrdy.
– Guzym-eý, heý, Taňram öz balasyna gaharlanarmy? Hemme zat onuň emri bilen ahyryn. Uçarlar, otlular, şol radionyň özüni kim adamyň aklyna salan. Entek näme görýäň, guzym. Adam kämil boldugyça onuň guraly kämilleşer gider. Bir demde on sekiz müň älemi ýaradanyň gudratyna ýetjek gudrat bolarmy.
Ýaşuly göge garady.
– Han-a, şol bulutlara gara. Aýagy ýok, ganaty ýok. Asmandan berki, zeminden örki ýok. Uçup ýör-ä. Ondan beýigen bir kämillik bolarmy?
– Onda ireketalaram Alla jan ýasadýarmy?
Ýaşuly başyny atdy.
– Ynsany ýaradana irekedaň näme?
Hudaý salmasa, kalbyňa kim guýsun ony, guzym.
– Adam geljekde hasam kämilleşermi, Baba?!
– Kämilleşer, guzym. Ýöne şu ynsan bar-a, şol kyn. Adam kämilleşer, ynsan bolsa bozular. Görýäň-ä adam zaýalanyp, zaýalanyp barýar-a. Onsoň seniň asmana uçanyň, taraktur, radiýa ýasanyň bilen adamyň gözi, garny doýmajak bolsa, ynsaby dokunmajak bolsa, ondanam bir kämillik bolarmy?
Bala bu sözlere indi kän bir düşünenokdy.
– Baba, jan, ynsaply nähili bolmaly? Men nädip seniň ýaly bolaýyn. Etjek bolup ederin. Seniň welin hudaý ýüregiňe guýupdyr. Ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata müň gamçy...
Bala utandy. Ol ýaşuly eşekli alyp gaýdanyna minnetdarlyk bildirýändir öýtdi.
– Beý diýmäň, baba jan. Mendenem bir ynsaply bolarmy. Meniň ýüregim gowy däl. Heniz kiçijik bolýan. Ulalsam, sizi boýnuma mündürip toýdan-toýa aýlaryn. Meniň güýjüm ýok. Ýogsa sygyrymyzy özüm sagmal-a. Ýene bir pahyryň başyny agyrtmaly. Ejem jany keselhana eltip gaýtdym. Yzyndan baryp bilemog-a. Dädem jana dohtor çagyramog-a. Mekdebede barmadym...
Işan aga öýüne golaýlansoň gürrüňini ygdamlasy geldi.
– Ýetişersiň, guzym. Hemmesine ýetişersiň. Alňasama. Ýüregiňi giň tut. Ynsapsyzlyk ýaşlykda, ýetişmezlikde däldir. Ol niýetiňdedir. Ýetişip etmän ýörenlerem az däldir.
Eşek Işan aganyň metjidinden geçdi-de ketele ýarmaşyp ugrady.
– Şu ýerde bir belentje ýere ýana, guzym, men düşeýin...
Bala eşegiň ýüpünden tutup gelýärdi. Şonuň üçin eşegi metjidiň düýbündäki kertleze ýanady. Işan aga emaý bilen syrylyp düşdi.
– Berekella, guzym. Seni-de azara goýdum.
– Ýok, baba jan.
Işan aga dyzlaryny owkalap az-kem sägindi-de nämedir bir zat aýtjaga meňzedi.
Onsoň Bala-da saklandy.
– Guzym, maşyn uran erleriň bynjalyk edenok gerek.
– Ýok-la baba jan.
– Şopur oglanam, soňam gelip, Işan kaka özüňem bir töwella etgin diýdi durdy, guzym. Ýöne töwella üçin bardy diýme, men öňem Garry jany görmegi niýet edip ýördüm, guzym. Işan agamam beýle eken-ow diýme. Ine seniň menden tapawudyň, guzym...
Işan aga özünden närazy halda, yayna garaman gitdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: