18:18
Kim ýeñiler, kim ýeñer
KIM ÝEÑILER, KIM ÝEÑER

PKK 1973-nji ýyldan bäri urşup gelýär.
PKK elli ýyl golaý wagt bäri adamlaryñ ganyna galyp gelýär.
Bu uruş-agressiw strategiýasy on müñlerçe adamyñ ömür tanapynyñ üzülmegine, maýyp-müjrüp galmagyna sebäp boldy. Millionlarça adamyñ Günbatara göçmegine sebäp boldy.
Ýeri, bu her tüýsli syýasy dona bürenip bilýän bu hetdiñi tanamazlyk näme gazandyrdy?
Gazanan zatlary ýok, emma çekdiren ýitgilerini welin, bujagaz makalanyñ çägine sygdyrmak mümkin däl.
Ýeri, üstün çykma ähtimallygy barmy?
Elli ýyldyr üstün çykyp bilmedik eli ganly PKK-niñ ýeñiş gazanma mümkinçiligi ýok. Soñky "Gara operasiýasy-Penje kartal (bürgüt)-2" muny ýene bir gezek subut etdi.
Hereketiñ birinji jikme-jikligini ýazaýyn - 13 sany goragçy işgäriñ dagdadygynyñ bilinmegi nädip bolan zat?
Bu sowalyñ jogaby PKK-niñ indi ýeñiş gazanmagynyñ mümkin däldigini görkezýär. Terrorçylyga garşy göreşde indi kosmos tehnologiýasy, mysal üçin, emeli hemralar ulanylýar! Türkiýe "Göktürk-2" emeli hemrasy bilen Yragyñ demirgazgynda Kandil dagyny harby baza hökmünde ulanan PKK operasiýalaryny ýakyndan synlap bilýär...
Elli ýyl öñ PKK adam öldürmäge başlanda türk goşunynyñ elinde çalamydar rasiýalar bardy. Soñky ýyllaryñ tehnologiýasynyñ ýyldyrym çaltlygyndaky ösüşi arkaly robot tehnologiýasy, nanotehnologiýa, biotehnologiýa we çäk bilim ulgamyndaky iñ soñky özgerişler uruşyñ ýagdaýyny düýbünden başga tarapa özgertdi we özgerdýär!
Tehnologik täzelikler goşunlaryñ, ýaraglaryñ, howpsuzlyk gorag sistemalarynyñ düýpli özgermegine sebäp boldy. Bolmagyna-da dowam edýär. Goşunlaryñ maddy-enjamlaýyn binýadynda fizika, himiýa, biologiýa, kompýuter, çäk bilim, genetika ýapy ugurlaryñ alymlary, inženerleri bar. Ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk edilýär we netijede terrorizme garşy göreşde başga-başga çözgütler oýlanyp tapylýar.
Bu täze uruş görnüşi adam güýjünden zyýada akylly ýaraglary ulanmaga esaslanýar.
Käbir mysallary bereýin:

SANLY (SIFROWOÝ, DIJITAL) URUŞ

Diñe kontrrazwedka maksatlary üçin ulanylýan uçarmansyz uçarlar bardye öýtmäñ.
Diñe terror hinlerini asmana uçurýan uçarmansyz uçarlar bardyr öýtmäń.
Indi... Adamyñ güýjünden has ýokary ukyplara eýe (ok geçirmeýän, nyşana alma mümkinçiligi köstsiz, aşa gyzgyn we sowuk şertlerde öñünde goýlan wezipesini üstünlik bilen amala aşyrýan), obýektleri nyşana alyp ýok edýän harby robotlar bar...
Indi... Robotlaşdyrylan lazer bilen mergenlik edýän anyklaýyş sistemasy bar...
Indi... Ýörite operasiýalarda ot açyş ýardamyny berme we esgerleriñ baryp bilmejek ýerlerinde aýlanmak üçin ulanylýan "Robotank" bar…
Indi... sürüjisiz harby ýük ulaglary we dron tanklar bar...
Indi... çaknyşyk wagtynda esgere mümkingadar baglylygy azaldýan, uzak aradan gözegçilik edilýän, bombalary we minalary ýok ediş enjamlar bar...
Indi... añtawçylyk maglumatlaryny toplaýyş we gözleg-halas ediş işlerinde surat almagy añsatlaşdyrýan ýa-da bombanyn deregine ulanylýan "siñekler", "möjejikler" bar... ("Yusufçuk" möjejiginden (dragonfly) nusga alnyp öndürilen robotlar, terrorçylaryñ ýerleşýän ýerlerinden maglumat toplamak bilenem çäklenmeýär, olaryñ ýerasty geçelgelerini, ýarag ammarlaryny anyklap surata alyp bilýär.)
Indi... "Minitolkun uruşlary" ady berlen el telefony we "Wi Fi" signallaryny ulanyp amala aşyrylýan añ gözegçilik tilsimatlary bar.
Indi... Nanotehnologiýa arkaly partlaýjy maddalara çydamly, ýanmaýan, ok geçirmeýän kamflýažly görünmezeklik artykmaçlygyna eýe harby lybaslar bar...
Sözümi uzadyp oturmaýyn...

DIWARYÑ AÑYRSY

Türkiýe uruş tehnologiýasy pudagynda soñky ýyllarda juda uly özgerişleri başdan geçirdi.
Mysal üçin... "Gorag tehnologiýalarynyñ inženerçiligi we söwdasy" ("Savunma Teknolojileri Mühendislik ve Ticaret A.Ş.") şereketi diwaryñ añyrsyny nyşana alyş-anyklaýyş radaryny (DAR) öndürdi. Bu sistema göz bilen görüp bolmaýan, optiki sensorlar bilen maglumat toplap bolmaýan, aralykda diwar ýaly päsgelçiligiñ bolan ýagdaýlarynda arkadaky janly barlygyny kesgitleýär. Munuñ bilenem çäklenmeýär, diwaryñ añry tarapynda näçe adamyñ bardygyny we olaryñ ýagdaýlaryny hem habar berýär.
Galyberse-de, "ASELSAN" tarapyndan kämilleşdirilen diwaryñ añyrsyny alýan wideokameralar hem bar.
Türkiýede şuña meñzeş köp sanly ylmy barlag işleri ýöredilýär. Özümizde öndürilen ýerli sistemalar birnäçe ýyllap bize bular ýaly tehnologiýalary satmakdan saklananlara göz edip ýurdumyzy daşary ýurtlaryñ önümine garaşly bolmakdan halas etdi we etmegine-de dowam edýär.
Ýeri, häzirem gerilla (partizançylyk) ýoly bilen söweşýän PKK-niñ bu tehnologik söweşde ýeñiş gazanmagy mümkinmi beri? "Gara operasiýasynyñ" hem görkezişi ýaly, bu tehnologik ösüşiñ garşysynfa haýsy gowakda bukulup bilerlerkä? Kandiliñ ömür peýmanasynyñ dolmagyna az wagt galdy...
PKK…
Ýa-ha şahsy düzümini uçdantutma ölüme iterip, özüni özi ýok edip gutarmaly bolar.
Ýa-da ýaragy taşlap, parahatçylykly durmuşda ýaşamaga yrza bolmaly bolar.
Munuñ indi üçünji ýoly ýok - elli ýyllyk tejribe muny açyk-aýdyñ orta goýdy.
Ýakyn gelejekde:
PKK ýok bolup gitjekdir.
Gladionyñ galyndylary ýok bolup gitjekdir.
Türkiýe üstün çykjakdyr.
Parahatçylyk, demokratiýa, azatlyk üstün çykjakdyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.02.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 42 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 7
0
7 Mahymm   [Mowzuga geç]
Indiden soñ döwlet gurjak bolmaly däl-de hak hukuk talap etmeli, göreşi yarag bilen dal, akyl payhas ylym syyasat bilen gazanjak bolmaly.

0
6 Gökböri   [Mowzuga geç]
Şu makalada http://kitapcy.com/news/2020-06-23-11844 kürtlere wada berlen"garaşsyzlygy" alyp berjek itleriñ nähili pis adamlardygyny görkezilyär.

0
5 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bir dowlete gulluk edip dost dogan yaly bolup yaşasañam bolyandyr-la. Daga cykyanlaryñ garaşsyzlyk ucin cykyany yok. Barsy diyen yaly garakçy, soweşmage çaga ogurlayarlar, zorluk ulanyarlar garamayak kürtlere.

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Gäwüre yassanyp gazanyljak gazanylman gecsin.

0
4 Selbii   [Mowzuga geç]
Rast sözlediñ Eýmenji

0
2 NoL   [Mowzuga geç]
Edil beýlede dälle. Kürtlerem öz garaşsyzlygy ugrunda göreşýärler. Ýöne, garaşsyz boljagyndan bolmajagy entekler irräk, asla bolaram öýdemok. Haýsybir döwlet öz territoriýasyndan aýratyn döwlet bölüp bersin. Onsoňam, Kürtleriň ýaşaýan ýeri üç döwletiň territoriýasynda, ýagny üçburçlugyň içinde. Türkiýe, Siriýa, Yrak döwletleriniň arasynda, daglyk ýerde. Garaşsyz bolup bilmedik, ýagny öz döwletini entek gurup bilmedik halklaryň hataryna girýär.

0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bir ýurtda agzybirlikde ýaşamak şeýle kynmyka.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: