15:02
Göktürkmen söýgüsi -19/ romanyñ dowamy
ON DÖRDÜNJI BOÝ

GAMŞY GOWŞAK TUTSAŇ, ELIŇI GYÝÝAR

Olar derýanyň akym ugry bilen üç gün ýol ýöräp, kiçeňräk obanyň bir çetinden girdiler.
Göktürkmen obasynyň biri-birinden tapawudy barmy näme?!
Göktürkmenleriň biri-birinden tapawudy barmy näme?!
Oguz derýasynyň boýundaky bu oba-da Hanan obasyny her ädimde ýatladyp dur.
Supan taýlagyň bäş düýe ýükli göçi Aýran atly kiçeňräk bir obanyň deňinde goşa tuduň kölegesinde düşledi.
Supan ýadapdy, ogly düşek taşlandan soň, ol aşak çökdi. Biraz ýatyp, dynjyny aldy.
Obada bäş düýe goş-golamly ýat maşgalanyň peýda bolanyny gören adamlar üýşüp gelip, Supanyň habaryny aldylar. Supan gelenlere habaryny aýtdy:
— Maksadymyz-a ýurt tutunmak.
— Biz sizi tanamyzok, näme maksat bilen obaňyzdan gaýdandygyňyzy bilemizok. Siz bizden aýyplaşmaň, obamyzda ýaşamak isleseňiz, biz käbir zatlary sizden, göçüp gaýdan ýeriňizden sorap anyklamaly bolarys. Belki, siz adam öldürip gelensiňiz?!
— Ýok, biz adam öldüremizok...
— Biz size wagtlaýynça obanyň bir çetinden ýer bereli. Ýaşaň, işläň, adamlarymyz bilen gatnaşyk ediň. Siziň näjüre adamdygyňyza göz ýetireli, ana, şondan soň biz size öz aramyzdan hemişelik ýer bersek beräýeris. Birek-biregi gowy tanalyň — diýip, obanyň kethudasy ýanyndaky adamlar bilen Supany tanyşdyrdy.
Mor sakgal, bir gözi gympaý kişi Supana ýüzlendi:
— Özüňiz haýsy obadan bolarsyňyz?
— Obamyza Hanan diýerler. Geçelge ol.
— Hanan? Aýşöhläniň obasyndanmy?
— Sizem eşiden ekeniňiz-ow, o hakda — diýip, Matym ýyrş-ýyrş etdi.
— O hakda eşitmedik barmy näme?!
— Araňyzda Aýşöhläni göreniňiz barmy? — Matym öňe omzady.
— Aý, ýok, ony biziň obamyzdan gören adam ýok. Biziň obamyzdan iki sany bezirgen Merwe gidenlerinde Hananda düşläpdirler, ýöne Aýşöhläni görüp bilmändirler. Ýöne ony gören bir adam bar. Ol goňşy obada ýaşaýar. Aýşöhle hakda, ana, şol süýji-süýji gürrüň berýär. Şeýle gözel gyzly obada ýaşap çykyp gaýdyberşiňiz geň siziň.
Adamlaryň ýüzlerinde bir hili ýylgyryş peýda boldy. Olaryň bilesigelijiligi artdy:
— Şeýle gowy obany taşlap gaýdan bolsaňyz, bir aýbyňyz bardyr. Adamlaryň-a ýetip bilmeýän arzuwy şol obada ýaşamak. Sebäbi ol obada adamlar gowy ýaşaýarlar, çünki gowy gazanç edýärler.
— Şol obada ýaşan bolsaňyz, siz Aýşöhläni görensiňiz-le? — Kethudanyň sag gapdalyndaky köse kişi ýylgyrjaklady.
— Günde-günaşa görýärdik. Olar biziň goňşymyzdy — diýip, Upar gürrüňe goşuldy.
— Aýşöhle biziň öýümizden çykmazdy. — Rahadaý saklanyp bilmedi. Wah, Rahadaý Aýşöhle hakdaky gürrüňi adamsynyň halamaýandygyny bilýärdem welin, teý saklanyp bilmän gep ugruna gürläýdi-dä. Agzyndan sypdy-da! Supan onuň ýüzüne gazap bilen seretdi. Rahadaý hasyr-husur yza çekildi.
Ýaşy bir çene baranam bolsa, gözleri oýnaklap duran hortap kişi öňe omzap gürledi:
— Aýşöhle ýoldan geçende gözüňi gamaşdyryp barýar diýýärler. Soň onuň geçip giden ýerine barsaň, ýol melul ediji janperwer ysdan, mähirden doly diýýärler. Esli wagtlap kimdir biri näzijik elleri bilen endamyňy — dabanyňdan başlap tä depäňe çenli sypan ýaly bolýar diýýärler.
— Aýşöhle geçip gidensoň erkekleriň hiç birindenem ses-üýn çykanok diýýärler. Aňkarylyşyp galýarmyşlar diýýärler. Ana, şol aňkarylyp galnanda haýsy kişiniň jübüsine girseňem giribermeli diýýärler. Hakyt balagyňy sypyrsaňam biljek dällermiş diýýärler.
— Obaňyz-a uly eken?! — Supan taýlak gürrüňi başga ýana sowmak isledi. Ýöne onuň bu sözi ýaňy başlanan, deňiz tolkunyna çalymdaş gürrüňiň öňüni alardan juda ejiz geldi.
— Hezretleri her hili gudrat görkeziberýär görkezeýin diýse. Aýşöhläň gyz jigisi bar diýýär. Ol juda bir owadan dälmiş. Owadanmyş, ýöne aňk edip baranok diýýär. Onuň ýaly owadan gyz her obada-da bar diýýär.
— Hatyn hatyndyr-da. Birki sany burny sümükli dogransoň, şol owadan diýýän gyzyňyz hasy hatyn bolar-da. Siziň bolşuňyz gyz görmedik ýaly-laý. Her haýsyňyzyň hatynyňyz şol wasp edýän gyzyňyzdan kem däldir. Meni gyzyň owadanlygy däl-de, begligini geçip barýan bir geçmişege bermegi başaran Babyr beg atly beg haýran galdyrýar. Geň galmaly bolsa, ana, şol bege geň galmaly — diýip, obanyň kethudasy gynanç bilen aýtdy. — Heý, beýle edäýmek bolarmy? Hatam Taý hem beýle etmezdi. Babyr begiň bu eden işi Hatam Taýyň bütin ömrüne eden sahylygyndan kän zyýada.
— Babyr beg agyn samsyk bolmaly — diýip, bir goja janykdy. Onuň bu sözüni köpler makul tapdy
— Babyr beg ýüregi ýuka, özem sahy adam — diýip, Supan taýlak Babyr begi aklamaga çalyşdy.
— Dogrudyr, ýöne ýüregi ýukalygyňam, sahylygyňam çägi bolmaly, çägi. Heý, begligiňi, ähli emlägiňi beräýmek bolarmy? Öz öýünem beripdir diýdiler-ä.
— Berdi, özi hütdüjik tünekde ýaşaýar.
— Babyr beg diýýäniňiz Sibir begiň gyzyny ogluna alyp bermek üçin begligini beripdir diýýärler.
— Gyzyny hatyn edinmek islän bolsa, satyn alaýmaly eken. Begligiň emlägi elden gidensoň hatyn ýadyna düşýän däldir onuň. Babyr beg samsyk eken, baryp ýatan samsyk eken.
— Sibir beg diýilýän Hanan geçelgesine eýe bolup otyrmyka onsoň? — diýip, egni mawy çuhaly dolmuş kişi hyrçyny dişledi.
— Elbet.
— Ynsapsyz eken.
— Berseler, senem alarsyň.
— Almaryn.
— Onda senem Babyr beg ýaly samsyk.
— Begligini bir bigänä peşgeş beripdir diýseň, Göktaňry-da ynanmaz. Teý akylyma sygdyryp bilemok — diýip, oba kethudasy başyny ýaýkady.
— Sibir begiň owadan gyzyny görüp akyl-huşuny ýitiren eşek diýerler oňa. Hatynlarda gudrat köp. Hatynlar dünýäni, erkekleri külbikesinde pyrlandyrýarlar. Olaryň güýji güýçsüzliginde. Sibir beg gyzy bilen adamlaryň göwünlerini awlaýar, islän maksadyna ýetýär. Aslynda, onuň geçelgä beg bolmagy ýüz gyz peşgeş beribem alyp boljak wezipe däl.
— Hannak, hatynlary öwmesene. Sen bir heleýguly. Heleýiňe ýaranmak üçin maýmyn bolýarsyň. Barybir, ýaranyp bileňok.
— Eý, Tüşi, meni köteklemeli bolsaň, saňa gaýrat geläýýär. Ýöne sen meni diňle. Men Hindistana baryp gelen bir bezirgeniň gürrüňini diňledim. Ol Hindistanyň Ladorkh diýen obasynda bir gije ýatypdyr. Şonda ol bu obada maşgalaň eýesiniň hatyndygyny görüpdir.
— Goýsana bolgusyz gürrüňiňi!
— Gök börüden ant içýärin. Hakykat bu. Bir aýalyň dört-bäş äri barmyş. Öýe hatyn eýelik edýär, hatyn ärleriniň hersini bir işe ugradýar. Ärleriniň biri mal bakýar, birkisi ekin ekýär. Birkisi awa gidýär. Biri öý işlerini edýär. Çagalara seredýär.
— Hatyn näme edýär?
— Hatyn Taňry tarapyn etmeli işini edýär.
— Taňry tarapyn näme buýrulypdyr olara?!
— Taňry olary gybat etmekleri üçin ýaradypdyr. Onsoň hindi hatynlary hem gybat edýär. Gezelenje gidýär, öýe gerekli zatlary satyn alýar. Bu ýerde hatynlar adam hasap edilmeýär. Ýöne wagt geler, hatynlar erkeklerden rüstem gelerler.
— Hannak, hatynyň aýdan sözlerini bize gürrüň berip oturmaga utanaňokmy? Utançsyzlaryň ýaryşy geçirilse, sen dünýäde hiç kime birinjiligi bermersiň.
— Goýuň dawaňyzy! — diýip, oba kethudasy azgyryldy.
— Obamyza gelseňiz, Aýşöhle hakda gürrüň-ä bermeli bolarsyňyz. Ýogsam biz gören adamyň özünden eşidemizok. Ol ondan eşidýär, ondan başga biri eşidýär. Başga birinden ýene biri eşidýär. Başga biri biziň obadaşymyza gürrüň berýär. Obadaşymyz goňşusyna gürrüň berýär... — Duranlaryň biri ýaňy joşup ugran hortap kişiniň synyndan çekdi. Ol gahar bilen synyndan çekene seretdi.
Aýran obasynyň adamlary Supandan oňly jogap eşidip bilmediler. Oba kethudasy öý dikmek üçin oba adamlarynyň kömekleşjekdigini aýtdy. Supan taýlak olara minnetdarlyk bildirdi:
— Adamlar, siz azara galmaň. Gijämizi şu ýerde geçirsek, nesip bolsa, ertir daňdan ýola düşeris.
— Oba göçüp geldim diýdiň-ä.
— Diýmesine diýdim, ýöne entekler gitmeli boljak.
— Gaty uzagamy?
— Tä Aýşöhle hakda eşitmedik oba ýetýänçäk gitmekçi.
Ençe günüň ýol ýadawlygyndan soň maşgala ýatmak bilen boldy.
Supan ýatmady. Ol bilindäki gamçysyny aýalynyň öňüne taşlap goýberdi.
— Bu näme etdigiňiz boldy?
— Ur meni!
— Bagtym ýatdy, bagtym ýatdy. Wah, waý, waý-eý!
— Ur meni!
— Ýok, ýok, heý, menem size el götererinmi? Öldüriň meni, öldüriň. Ýöne beýle ýumuş buýurmaň. Siz meniň günämi ötüň, babasy. Näme üçin gaharyňyzyň gelýändigine men gowy düşünýärin. Günä mende. O Aýşöhle janaht gaçyp gaýtsagam bize rahatlyk berenok. Wah, men geplemeli däldim. Geplemeli däldim, baryny bilýärin. Ýöne o köse kişi Aýşöhle janaht hakda soranda gürlänimi duýman galdym. Soň duýdum. Ýöne bary giç boldy. Günäkär men, babasy. Öldürseňizem sesimi çykarmaryn.
— Sende günä ýok. Günä mende. Seni gowşak tutupdyryn. Sizi saklap bilemok. Size eýe bolup bilemok. Size edep öwredip bilemok. Şonuň üçin eneden owal gyz çykar, atadan owal ogul çykar bolýar. Bolýar, sen urmasaň, özüm uraryn. — Supan gamçy bilen arkasyna saýgylap ugrady.
— Baba, baba, beýtmesene — diýip, Matym babasynyň elinden aslyşdy.
— Aýryl! — Supanyň gözleri gahardan ýaňa ýandy.
Matym gorkup yza çekildi.
Gamçy Supanyň ýagyrnysyny ýakyp-ýandyryp, awuşadyp ugrady.
Bir. Iki... On!.. Otuz!..

ON BÄŞINJI BOÝ

AJALDAN GAÇYP GUTULMAGYŇ TILSIMI

Supan her baran obasynda geçegçi-ötegçi hökmünde düşledi. Özüniň Hanan obasyndandygyny aýtdy. Şonda oba adamlarynyň arasynda Aýşöhle hakda azda-kände eşiden adam bar bolsa, şol obada uzak saklanmady. Aýşöhle hakda hiç zat bilinmeýän obany tapyp, şol ýerde ýurt tutunmagy maksat edindi.
Supan taýlak dördünji menzilde düşlände Aýşöhle, Hanan geçelgesi, Babyr begiň sahylygy hakda Pelwert atly obada hiç bir gürrüň eşitmändiklerini anyklap, rahatlandy. Şol obada ýurt tutundy. Supan taýlak bu ýerde ähli kişiniň özlerini synlaýandygyny duýýardy. Şonuň üçin ol ähli kişi bilen örän edepli salamlaşýardy. Gatyrak gürlense-de, gülüşilse-de Supan taýlagyň zähresi ýarylan dek bolýardy. Çagalarynyň buýrulan işi buýtar-suýtarsyz etmeklerini sargaýardy. Onuň her bir güni kynçylyk, güzaplyk bilen geçýärdi. Iýip-içer ýaly üýtgeşik zatlaram ýokdy. Hojalygyň dokuzy düzüw bolmasa, ajysyny pürkmek, aja öwrülmek aýal jynsyna owalbaşda taňrytarapyn berlen bolmaly. Hojalygyň dokuzynyň düzüw däl bolmagynda esasy günäkär özi bolsa-da, iňirdenmese, onda ol aýal däldir. Rahadaý hem aýallygyny etdi: nägileligini ýaňzytdy:
— Gül ýalak günümiz bardy. Nähak gaýtdyk obadan. Ýaşabermelidik... Sibir ýer çekenem iň soňkuja akjamyza çenli aldy. Ynsapsyz haýran. Hiç ynsap ýok eken onda, iýeni agzyna telek bolsun. Gök böri temmisini bersin hernä!
Supan taýlak aýalyny gözleri bilen dalady. Rahadaý dalanjagyny bilip durdy. Bilip, dalanmaga, gamçy iýmäge kaýyl bolup başlapdy ol bu gürrüňi.
— Çagalarymyzyň hem öňküligi ýok. Matymyň-a hugy çykan ýaly bolaýypdyr. Näme aýtsaň, ýüzüňe mölterilip seredip dur. Aýdýan sözüň aňyna ýetenok onuň. Bir zat bolmasa ýagşydyr.
— Hiç döwem çalmaz...
— Wah, gaýtmaly däldik-le. Zeleliň ýarysyndan gaýtmagam bolar-a.
— Matym nirede?
— Bilmedim men-ä. Ir bilen turup gidişi onuň. Men-ä ony siz bir ýerik ugradansyňyz diýip otyryn. Babasy ibermese, beýle ir turup ýola düşmez diýdim. Ol ýanyna nanam-a aldy. Onuň tutumy-ha uzaga gitjek kişiň tutumydy.
— Men-ä hiç ýerik ugradamok ony.
— Gelnimiz Uparyň agzy bimaza bolupdyr. Onda ol «Bir zat iýesim gelýär» diýse, Matym şol zady tapyp getirmäge giden bolaýmasyn?!
— Gelniňden sorap gör.
Rahadaý gidip geldi.
— Onuň hiç zatdan habary ýok.
— Be, nirä gidip biler ol?
Är-aýal bu sowala jogap tapyp bilmedi. Ir bilen çykyp giden Matym Gün ýaşanda-da öýe gara bermedi. Är-aýal uzynly gijäni çirim etmän, ýalňyz ogullaryna garaşyp geçirdi.
— Wah, nirä gitjek bolsa, aýdyp gidäýmeli ahyryn.
— Aýtmaga gorkandyr. Ibermezler öýdendir.
— Biz bir iş etjek diýse, ýer depip garşy çykyp duramyzog-a.
— Sizden gorkýar ol.
— Aýdyp gitmäge gorkan bolsa, onuň giden ýeri Hanan bolmaly.
Supana-da, Rahadaýa-da şu pikir makul göründi. Ol başga nirä gitsin?! Başga gidip biljek ýeri barmy onuň?
— Aýşöhläni göresi gelendir onuň — diýip, Rahadaý çak urdy.
— Aýşöhläni göresim gelýär diýip gidibermek bolarmy? Bäri-bärde Hanan barmy näme?
— Siz nä ýaş bolup görmediňizmi, ýaşlykda ýoluň müşgili bolmaly däl. Aýşöhläni görmek üçin ol kynçylykdan gaçýan däldir.
Gurt çaklamalaryny tersine çykardy:
— Akgam: «Ataňa aýt, men iş gözlejek. Iş tapmasam gelerin. Tapsam, birki aý gazanç edip, soň gelerin» diýdi. «Meni gaýgy etmesinler» diýdi.
Gurduň habaryna Rahadaýyň göwni göterildi.
— Gördüňizmi, atasy. Oglumyz meniklijedir. Iş gözlemäge giden bolsa, örän gowy.
— Aýdyp gidibermeli ahyryn. Iş gözlejek diýse, biz garşy çykyp durjak däl-ä. Haý, oglan bolýar, oglan.
Matymyň iş gözlemäge gitjek diýmesine başda Supanam, Rahadaýam berk ynandy. Ýöne bu ynançdan oba — Aýşöhläni görmäge giden bolaýmasyn diýen çaklama kem-kem rüstem çykdy.
Matym on ýedi günden soň geldi.
Çaga ata-ene gerek, juda gerek.
Baba-mama gerek. Juda gerek.
Çaga dokuzy düzüwlik gerek. Şol gerekleriň çaga üçin hersiniň öz ýeri bar. Gurt bilen Hikmet üçin hem şeýle. Olara babasynyň ýokdugyny bildirmezlik, baba ornuny tutmak Matym üçinem aňsat düşmändi. Entek oglanlyk bigamlygyndan oňly saplanmadyk Matym üçin babalyk ýüküniň agyrlygy çökderdi. Ol bu ýüki çekmek, ýüzügara bolmazlyk üçin yhlas etmesine edipdi, ýöne iki ogul iki ýerden ony usurgadypdy. Onsoň Matym gaharyna Gurduňam, Hikmetiňem gulaktozuna ýelmän gezekleri az bolmandy. Eziz görýän hossary ursa, heý-de, çaga aglamazmy? Öýde, gör, näçe gezek ses-üýn alyşdyrman, öýi titredip-titredip agladylar. Düýeden uly pil bar. Matyma-da käýejek, gahary gelende gulaktozuna berjek atalary bar olaryň.
— Ata, Matym Hikmet ikimizi urdy.
Adalatly ata Matymy ýanyna çagyryp ondan hasabat sorar:
— Sen näme üçin meniň akyllyjalarymy urupsyň? Ä? Näme üçin urduň?
— Indi urmaryn.
— Hununy tölesin — diýip, Gurt öňe omzar.
— Hunuňy töle! — diýip, adalatly ata buýruk berer.
— Men ogullarymyň jezasyna kaýyl.
Supan taýlak Matymyň iki elinden berk tutar.
Indi Matymdan ar almaly. Ar ýerde ýatmaly däl. Ar jogapsyz galmaly däl.
Gurt bilen Hikmet Matymyň çem gelen ýerine urmaga başlar.
— Men beýle gaty urmadym-a, weý, weý-eý. — Matym özüni urdurmajak bolar, ýöne edip bilýän alajy ýok, sebäp onuň iki elini Adalat saklap dur.
— Ogullarym! Indi bes edäýiň! — diýip, Supan taýlak agtyklaryna ýüzlener.
Gurt bilen Hikmet hil bir iş eden dek, ýeňil dem alarlar. Dogrusy, özüňden zor kişini eden etmişi üçin jezalandyrmak diňe bir çaga däl, ululara-da hoş ýakýar.
Adalatly ata seredip oturandyr.
Möjek kanuny bu.
Möjek awuny çalajan edip güjükleriniň ygtyýaryna berýär. Güjükler bolsa çalajan edilen tilkidir şagaly gorky-ürküsiz parçalaýarlar. Olaryň öz güýçlerine ynamlary artýar şeýdip. Ynam gerek. Güýjüniň abyrsyz köpdügine ynanmak erkek kişä juda gerek. Maşgalasyny eklemek üçin gerek.
Matym yh-çohlap düşege geçer. Gurt bilen Hikmet howalalylyk bilen ar alan adamyna serederler. Çaga çaga bolýar. Sähel wagt geçensoň olarda öýke-kine galmaýar. Olar yh-çohlap ýatan Magtymyň ýanyna nebsagyryjylyk bilen bararlar:
— Agyrýarmy?
— Gaty agyrýar.
— Başda özüň urmaly däldiň-dä.
— Men siz ýaly gaty urmadym-a.
— Gaty urduň-laý.
Iki ogul Matyma gysmyljyraşar:
— Ýaraşalymy?
— Ýok, ýaraşjak däl.
— Sypap beräýeli? — diýip, Gurt Matymyň boýnundan gujaklar, Hikmet gujagyna dolar.
Supan taýlak agtyklarynyň boluşlaryny synlap azmly gygyrar:
— Gurt! Hikmet! Baryň oglanlar bilen oýnaň!
Supan taýlak çagalarynyň aşa rehimdar, hamrak bolmaklaryny islänok. Hamrak kişiler durmuşda hor ýaşaýarlar.
Matym Gurt, Hikmet bilen ýegre dostlary ýaly gatnaşýardy. Olar bilen basalaşyp oýnaýardy. Geçen on ýedi günde Gurt bilen Hikmet Matymy has ýiti küýsediler. Olar ara beýle uzak aýralyk düşer öýtmändiler.
— Matym haçan gelerkä? — diýip, Gurt atasyndan zol-zol sorady.
— «Babam» diý, oglum, «babam» diý — diýip, Supan agtygynyň başyndan sypar.
Matyma «baba!» diýmäge Gurdam, Hikmedem çagalyk boýnuýogynlygyny edýärdiler. Öňki endik boýunça «Matym!» ýa «Akga» diýip ýüzlenenlerini bilmän galýardylar. Ýogsam enesem, Matym hem telim ýola «Baba diý!» diýip gatyrganypdy.
Matym bezirgen bolmak isleýärdi. «Bezirgen-söwdagär bolmagyň ýeke-täk şerti bar» diýip, Supan taýlak ogluna aýdýardy: «Sende ýürek bolmaly däl. Biriniň betbagtçylygyna ýüregiň awaýarmy, onda seniň söwdada körüň ýok».
Matymyň hamraklygy Supanda gynanç döredýär. Alma öz şahasynyň aşagyna gaçýar: Matym hem babasyny gaýtalaýar. Supana-da mydama hamraklygy üçin deňi-duşlary igenerdiler. «Senden erkek bolmaz, sende heleý häsiýeti bar» diýip çökder sözem aýdyp goýbererdiler. Wah, Supana-da düşünmeli ahyryn. Onuň üç oglundan biri galdy. Onsoň onuň üstünde kökenek bolarsyň-da. Matymy ýitirmezlik, ajaldan gaçyp gutulmak üçin ol önüp-ösen mukaddes ojagyny, düşewüntli işini taşlap, ýat oba göçüp geldi.
Ogly öýe gelenok welin, Supanyň hiç ýerde rahatlygy ýok. Asyl gözüne uky gelmese näme. Hana, her gün agtyklary derýanyň golaýyndaky depäniň üstüne çykyp, Matyma garaşýar. Olar garaşa-garaşa usurgadylar. Şonda-da her gün irden turup, eline bir kesemen zagara alyp depäniň üstüne oýnamaga gidýärler. Supan görüp otyr-a, olaryň oýun bilen serleriniň ýokdugyny. Çugutdyryşyp ýola gözlerini dikip otyr olar. Supan taýlak olaryň ýanynda oturanok, ýöne hyýaly, ýüregi welin agtyklarynyň ýanynda. Öýde oturyşyna Matymyň ýoluna seredýär ol.
Yhlas sokur gözden ýaş çykarýar.
Göktaňry, ilki bilen, näme berse yhlasa berýär.
Göktaňry ýene berdi: ol Gurt bilen Hikmetiň, Supan taýlagyň yhlasyny boş goýmady: yhlas on ýedinji gün öýlänler Matymy öňüne salyp geldi.
Eý-ho, Gurt bilen Hikmetiň begenäýişlerini diýsene! Görsene! Olar uçdular. Olar hakyt uçdular! Olar dikine gygyrdylar. Gözlerinden begençleri gözýaş bolup seçelendi.
— Babam gelýär!
— Baba janym-ow!
— Ene, babam geldi! Ata, babam geldi! Men ilki gördüm.
Matym Gurt bilen Hikmeti gujaklady.
— Siz meni nädip gördüňiz-aý, ogullarym?
— Biz on ýedi gün bäri her gün irden şo depäň üstüne çykyp seniň geleriňe garaşyp oturdyg-a — diýip, Gurt Matymyň egninden sypady.
— Baba, baba, indi saňa Matym diýjek däl, mydama baba diýjek — diýip, Hikmet janykdy.
— Menem!...
— Siz meniň ogullarym-a. Men siziň babaňyz ahyryn. Ikiňizem gowy görýärin men.
Supan taýlak bir gobsundy, nädip ýerinden turanyny-da duýman galdy, ýöne soň ýene oturdy. Oglunyň öz ýanyna gelerine garaşdy. Durşy bilen gulaga öwrüldi.
Upar daş işikde ýylgyrjaklap dur.
— Çagalaryň-a gözlerini ýolda goýduň, oglan!
— Näme, sen garaşmadyňmy?
— Wiý, heý, garaşmazmy, garaşdym. Aýalyň aýallygy äri bilen. Äri gelmese aýalyň jany bolmaz. Özem men goşa garaşdym: dört gulak, dört göz, iki ýürek bolup garaşdym.
— Men indi oglan-oglanjyk däl.
— Nirä gideniňi bilmedik...
— E-eý, men saňa hasabat bermeli boldummy indi?
— Ýöne soraýdym.
— Ýöne-de sorama. Äriň edeni, äriň goýany bilen işiň bolmasyn. Ýogsam it ýenjen ýaly ýenjerin.
— Ýadap gelensiňiz, men iýip-içer ýaly zatlary häzirläýin. Gurt, bar balam, eneňi çagyryp gel. «Babam geldi» diý.
— Enem nirede?
— Ýaňyrak goňşularyňka gidipdi.
Matym daş-töweregine garanjaklady:
— Babam nirede?
Upar hereketi bilen gaýynatasynyň oturan öýüni görkezdi.
Matym Hikmetiň elinden tutup, babasynyň ýanyna ugrady.
Supan taýlak başyny galdyrman, oglunyň salamyny aldy:
— Aryp gelensiň, iýip-iç, dynjyňy al, oglum.

* * *
Matym hil bir iş bitirip gelen dek, öwhüldäp özüni düşege goýberdi. On ýedi günüň ajy ýaly iýip-içdi. Asyl soň görüp oturylsa, on ýedi günüň ajy eken ol. Kim oňa owkat bersin?! Ata-enesi onuň gaşynda otursalar-da, birkemsiz iýip-içip demini dürseýänçä habaram gatmadylar, soragam bermediler. Özüni dürsäp, aňyrsyna il gondurandan soň, Matym ata-enesiniň gözleri bilen berip duran soraglaryna jogap berdi.
— Meni alada edensiňiz-ow. Iş gözlemäge gitjek diýip, Gurda aýdyp gidipdim-ä.
— Öýüň eýesi Gurt däl. Oňa däl-de, babaňa sala salmaly, ondan rugsat soramaly. Näme, sen şu zatlardan habarsyzdyňmy?
— Biynjalyk etmäýin diýdim.
— Äl, biynjalyk etmediň-ow. Nirede gana bulaşyp ýatyrka diýip, gije çirim etmän çykan bolsak näme?!
— Men çaga däl-ä.
— Çaga sen. Çaga. Düşünýäňmi?
— On ýedi gün gara bermediň, balam. On ýedi günläbem ylla iňňäniň üstünde oturdyk. Göwnümize her hili mojuk-mojuk zatlar gelýär.
— Maňa hiç döwem çalmaz, arkaýyn bolaýyň. Iş gözläp gitdim men. Bir amatlyja iş tapylaýsa diýdim. Sizi begendiräýjek boldum men.
— Ol işem hökman Hanandan agtarmalymy?
— Kim aýtdy Hanana gitdi diýip?
— Ony aýtmak gerek däl, aýtmasaňam bilýärin.
Matym agyr güne galdy. Hanan sözi aýdylansoň dili tutulaýdy onuň. Näme aýtjagyny bilmeýän ýaly, öwran-öwran ýuwdundy, bahana agtardy. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, bu iki arada ýekeje bahana-da ýadyna düşmese nädersiň?! Ýogsam aýtjak sözlerini ýolda müň bir gezek ölçerip-döküpdi. Jogap bermeseň-ä goýjak däller. Eý, ýalançylaň piri özüňden medet! Aý, ýalançylaň pirindenem pir bolmaz. Ondan şunuň ýaly çykgynsyz pursatda goldaw bolaýmaly ahyryn!
Matym başyny aşak salyp otyrdy. Sebäbi onda aýdara söz ýokdy. Ogluna esli salym seredip oturan Supan agyr oýa batdy. Adamsynyň dommarylyp oturmasyna Rahadaýyň rahatlygy gaçdy. Ortada ýatan pyçagy ýygnamakçy boldy: ýetişmedi. Supan pyçagy garbap aldy-da, ýerinden turdy.
— Hany, tur! — diýip, ol ogluna haýbat atdy.
— Atasy, näme etjek bolýaňyz? Ogluňyzda hiç hili günä ýok.
— Ony senden soramok. — Supan ýene ogluna hemleli ýüzlendi. — Düş yzyma.
— Atasy, atasy, beýtmäň. — Rahadaý zähresi ýarylan dek odandy.
Supan aýalyna pyçagy uzatdy. Ataly-ogul daşary çykdy. Supan aýtjak sözüni kimdir biriniň eşitmeginden heder edýän ýaly, esli ýere gitdi. Giň, adam-ebtatsyz meýdanda aýak çekdi. Yzyna öwrülip, ogluny howlukman boýdan-başa synlady.
— Oglum, Aýşöhle seniň taýyň däl. Ol gyz han-begleriň taýy. Men Hananda ýaşaýarkak düýş gördüm. Düýşümde seniň ajalyň şol gyz sebäpli bolýar. Indi bildiňmi meniň Hanan obasyny näme üçin terk edip gaýdanymy? Men seniň şol janaht sebäpli ölmegiňi islämok. Men seniň ýaşamagyňy, özem tütjar baý bolup ýaşamagyňy isleýärin. Ynan, oglum, ynan maňa. Sen aňyňdan Aýşöhläni aýyr. Göktaňryň ýazgydyna kaýyl bol! Şol gyz sebäpli iki ogul ýitirdim. Men gorkýaryn: şol gyz sebäpli meniň ýalňyz galan oglumy — seni ýitiresim gelenok. Men ajaldan gaçyp gaýtdym. Göçüp gaýdyp biz köp zat ýitirdik. Ýöne, nesip bolsa, goýup gaýdan zatlarymyzy täzeden edineris. Men saňa, ine, aýagyňa ýykylyp ýalbarýaryn, oglum, indi Aýşöhläni aňyňdan aýyr! — Supan taýlak oglunyň aýagyna ýykylyp, bagyryp-bagyryp aglady.

ON ALTYNJY BOÝ

GÖKTÜRKMENI DIWAR SAKLAP BILMEZ

Döwbasan begiň: «Aýşöhle maňa hatyn bolmaga izin berýänçä men siziň işigiňizde hiç zat iýip-içmän, hiç ýerik gitmän aç oturjak, tä ölýänçäm oturjak. Mundan soňky ömrüm ýa Aýşöhle bilen bolar, ýa ömrüm Humaýa ýetmek üçin çeken yhlasym bilen soňlanar» diýip hananlylara, Sibir bege, Aýşöhlä aýdan sözleri dumly-duşa ýaýrady. Çünki Hanana gelen herki kişi Döwbasan begiň bolup oturan perişan keşbine hökman tomaşa edip gidýärdi. Onuň hiç ýerik gitmän aýbogdaşyny gurap oturşy adaty bolmansoň, her kim oturan-turan ýerinde gürrüň edýärdi. Döwbasan begiň talaby hakdaky habar Akmeýdan begligine-de bardy.
Wahşunwar aw awlap ýören babasynyň ýanyna bardy:
— Babam, Hanandan habar geldi. Döwbasan beg Aýşöhlä aşyk bolupdyr. Ol: «Ýa Aýşöhläni maňa beriň, ýogsamam siziň işigiňizde hiç zat iýip-içmän aç öljek» diýip, Alawýerde düýnden bäri otyrmyş.
— Döwbasana mundan soň gyz nämä gerekkä?
— Gepem şonda-da, baba.
— Ýeri, Aýşöhle razylyk beripdirmi?
— Ýok, Aýşöhle Döwbasana äre çykmak islemändir.
— Ine, saňa gerek bolsa — diýip, Gaýmart beg ör-gökden geldi. Oduň gapdalyndan düşelen gat-gat düşegiň üstüne süýndi.
— Aýşöhle: «Men Peleňe lebiz berdim, şondan özge kişä äre çykjak däl» diýýärmiş.
— Peleňe?
— Hawa, Peleňe.
— Mertebä mynasyp gyz eken ol — diýip, Gaýmart beg özbaşyna gürledi.
— Döwbasan beg: «Peleň bir hindi bezirgeni bilen Hindistana gitdi. Hindi bezirgeniniň bir gyzy barmyş. Bezirgen Peleňi sulhy alansoň, gyzyny, ähli mirasyny bermäge äht edipdir. Indi Peleň Hanana gelmez. Sen oňa nähak garaşýarsyň. Nähak garaşýandygyňa göz ýetirmegiň üçin men alty aýlap gelmedim» diýýärmiş. Alty aýyň içinde, aýdyşlaryna görä, Hindistandan Peleň birki ýola habar ýollanmyş. Birki bezirgen ýörite Hanana baryp, Aýşöhlä Peleňiň gelmejekdigini, onuň Hindistanda baý ýaşap ýörendigini gürrüň beripdir. Peleňiň ugradan sowgatlaryny Babyr bege gowşurypdyrlar.
— Bu hokgalary tapyp ýören Döwbasanyň özüdir.
— Eýsem näme! Döwbasan begiň maksady Aýşöhläni ogly Arslana alyp bermek eken. Şu maksat bilen sawçylyga-da barypdyrlar. Ýöne Döwbasanyň iki sany hatyny Aýşöhläni görüp: «Eý, tagsyr, bu gyz oglumyz Arslana däl-de, diňe saňa mynasyp. Arslan entek ýaş. Görjegi öňde. Sen bu gyza öýlenseň, ýigrimi bäş ýaşyň dälisine öwrülersiň» diýip elewräberipdirler...
— O hakda eşidipdim.
— Indi bolsa, Döwbasan beg Alawýer meýdançasynda aýbogdaşyny gurap, hiç zat iýip-içmän aç otyrmyş.
— Döwbasan beg lebiz eden bolsa, dogrudanam, ýa öler, ýa alar — diýip, Gaýmart beg ynamly aýtdy.
— Ölse gerek.
— Ol zoruny görkezip alyp bilýär-ä!
Wahşunwar babasynyň gapdalyna baryp oturdy. Onuň eşiden zatlaryny babasyna gürrüň beresiniň gelýändigi açyk duýulýardy:
— Döwbasan beg: «Aýşöhläni närazy edip hatyn edinmek islemeýärin. Men Aýşöhläniň maňa razy bolup äre çykmagyny isleýärin» diýýärmiş. Ýany bilen gelen ähli çawuşlaryny, gulamlaryny Zemme ugradypdyr. Özem ogullaryna berkden-berk tabşyrypdyr: «Men ölsemem Sibir bege, Hanana sütem etmäň!» diýip.
Gaýmart beg otdan nazaryny aýyrman, sesini çykarman uzak oturdy. Wahşunwar babasyna ýüzlendi:
— Baba, adam näçe gün açlyga çydap bilýär?
— Adam açlyga ýigrimi günden gowrak çydaýar, ýöne teşnelige welin, üç günden artyk çydap bilmez...
— Baba, Döwbasanyň açlykdan, teşnelikden ölüşini göresim gelýär.
— Biriniň nädip ölýändigini görjek diýip, mundan Hanana gitjekmi?
— Näme gitmän!..
Gaýmart beg ogluna bir seretdi-de, nämedir bir zat aýtmakçy boldy, ýöne saklandy, hiç zat aýtmady.
Garaňky düşmezden burun oba dolandylar. Daňdan hezreti Güne tagzym ediş dessuryndan soň, Gaýmart beg ogluna ýüzlendi:
— Ýör!
— Nirä? — diýip, Wahşunwar geňirgendi.
— Düýn Hanana gideli diýdiň-ä!
— Näme üçin?..
Gaýmart beg oglunyň bu sowalyna jogap berjek bolmady:
— Men teblehanada bolaryn, baryber şol ýere!
Ataly-ogul ýigrimi sany atly çawuşy bilen Hanan geçelgesine ugrady.
Wahşunwar ýolda içki pikirini daşyna çykardy:
— Babam, elli ýaşdan soň hatyn gerek diýip Döwbasanyň bolup oturyşy makulmydyr?
— Ýaşy geçdigiçe adama köp gerek.
— Ýaşyň bir çene baransoň hatynyň nämä geregi bar?
— Altyn-kümüş deýin hatyn hem hiç wagt hümmetini ýitirýän däldir, Wahşunwar. Adam üç sany zatdan: häkimlikden, baýlykdan hem hatyndan doýýan-ganýan däldir. Kim şu üç zatdan ýüz öwürýän bolsa, akyly ýerindäki adam däldir. Häkimlik bir terezi. Tereziniň sagy — baýlyk, soly — zenan. Adam tereziniň iki tarapyny-da deň etmek üçin çalyşýar, ýöne terezini deň agramda saklamak kyn.
— Onda näme üçin Babyr beg öz beglik häkimligini öň görmedik bir bigänä kişisine beripdir?
— Wah, oglum, bir-ä Döwbasan hakda aýdan ahwalatyňy, birem Babyr begiň sahylygyny teý akylyma sygdyryp bilemok. Men adam öz islegi bilen hatynyny berer, ýöne häkimligini bermez diýen ynanç bilen ýaşaýardym. Babyr beg meniň şu ynanjymy ýalana çykardy. Bu gün Döwbasan hem meni geň galdyrýar.
— Baba, Sibir beg jadygöýmüş diýýärler. Ol Babyr begi-de jadylandyr?!
— Hä-ä, şeýle diýsene — diýip, Gaýmart beg aty çykan deýin galkyjaklady.
— Babyr bege nebsim agyrýar meniň.
— Men öten agşam uzak oýlandym, Wahşunwar. Biziň oňa eýe çykmagymyz gerek. Ol biziň ýardamymyza mätäç häzir.
— Argamagyna münse, keselinden açylar diýen gorky bilen Sibir beg onuň argamagyny soýupdyr. Babyr beg Hananda sagalmaz.
— Biz Babyr begi Akmeýdana alyp gaýdaly.
— Biz ony derrew sagaldarys, baba.
Gaýmart beg minnetdarlyk, guwanç bilen ogluna seretdi.
Ýazyň güni diýer ýaly däldi: howa ýakyp-ýandyryp barýan yssydy. Ýerden howur göterilýärdi.
— Howa düşüner ýaly bolmady. Düýn ýyldyrym çakyp, gök gürledi. Soňundan hem şabyrdap jala ýagdy. Uzynly gün, uzynly gije ýagyş diňmedi. Düýn öýlän ýagmyr biraz kiparlanda älemgoşar göründi. Bu gün düýnki güne asla meňzänok. Geçen ýylyň tomsunda-da şeýle jokrama yssynyň bolany ýadyma düşenok. Ýakyp barýar, ýandyryp barýar — diýip, Wahşunwar yssydan zeýrendi, zol-zol derini syldy.
— Döwbasan bu yssyda teşnelige nädip döz gelýärkä?! — diýip, Gaýmart ylla oglunyň sözüni eşitmedik ýaly özbaşyna gürledi.
Olar Hanana ýetdiler. Alawýere baryp, argamaklaryndan düşdüler. Bu meýdançanyň günortasynda Peleňiň guran täze öýi bardy. Babyr beg hem şol öýde ýaşaýardy.
Hakykatdan hem Döwbasan beg Alawýer meýdançasynda aýbogdaşyny gurap, başyny aşak salyp otyrdy. Alawýere Gaýmart beg dagy baranda ol başyny galdyryp seretmedem. Ähli kişiden beter Wahşunwar Döwbasan begiň başyny galdyryp, özlerine bakan seretmegini isledi. Sebäp ol Döwbasan begiň näjüre adamdygyny görmek isläpdi. Argamaklaryň dükürdisini ol eşidendir-ä. Ol näme üçin kimiň gelendigi bilen gyzyklanmaýar?! Ýa onuň: «Meni bu dünýäde Aýşöhleden özge ýekeje kişi-de, ýekeje zat-da gyzyklandyrmaýar» diýeni çynmykan?!
Göwresi peşeneli, deşli bir kişi eken Döwbasan beg. Boýy kelteräk bolsun gerek. Wahşunwar özüne bakan ýüzüni öwürmegini tama edip, Döwbasan bege uzak wagtlap seretdi. Ýöne hernäçe garaşsa-da, Döwbasan beg gozganmady. Onuň bolup oturyşy ullakan bir tokga daş duran ýalydy. Onda dirilik alamaty ýokdy.
Wahşunwar Döwbasan bege bakan ýöräp ugrady. Onuň ýanyna gelip, aýak çekdi. Soň onuň diridigini-ölüdigini anyklamak üçin daşyndan aýlandy.
Gozganman, gymyldaman duran göwre birden dillendi:
— Näme üçin geldiň?
Wahşunwar sakga saklandy:
— Gulagymyň eşidenini gözüm bilen görmäge geldim.
— Gördüňmi onsoň?
— Gördüm.
— Oňlaýarsyňmy?
— Ýok, oňlamaýaryn.
— Men öz göwnümiň tapugçysy. Şonuň üçin göwnümiň emrini edýärin. Sen kim?
— Men öz göwnümiň begi.
— Onda sen maňa düşünmersiň. Tapugçy bilen beg hiç wagt düşünişmez, gidiber!
Wahşunwar oňa düşünjegem bolup durmady. Babasynyň duran ýerine bardy.
Agşam hananlylar Aý hezretine tagzym etmek, ot ýakyp, rakys oýnamak üçin Alawýere ýygnandylar. Döwbasan beg meýdançanyň ortasynda oturanlygy üçin, adamlar Alawýeriň günortasynda — Peleňiň guran öýüniň öňünde ot ýakdylar. Bu ýere Gaýmart begdir ogly Wahşunwar-da geldi. Olary gören Sibir beg myhmanlary ýitirip-tapan deýin gaty ezizledi. Ýanlaryndan aýrylmady. Babyr begi alyp gitmek baradaky pikire başda garşy çykan-da bolsa, soň razylyk berdi. Özüniň hyzmata, arkalaşyga taýýardygyny, Babyr begiň dostlaryny özüne dogan saýýandygyny öwran-öwran nygtady. Şol günüň ertesi Döwbasan beg babatda Gaýmart begden maslahat sorady. Gaýmart beg Sibir bege kesgitli bir jogap bermedi. Asyl kesgitli jogap berere pursat hem bolmady. Sibir beg sözüni soňlap-soňlamanka Döwbasan begiň ogullary Pamyr begiň, Taran begiň hem Arslan begiň Hanana ýetip gelýändikleri hakda habar-jar gygyryldy. Bu habary eşiden Sibir begiň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol Döwbasan begiň oturan ýerine ýelk ýasady.
— Döwbasan, ogullaryň ýetip gelýär.
— Näme, olar üç gün aç oturanlygy sebäpli babasy ölendir öýdýärmikäler?! Döwbasan çydamlydyr, juda çydamlydyr!
Sibir beg Döwbasanyň sözüni soňlaryna garaşman, öz öýüniň öňünde duran Garadagyň ýanyna ylgady:
— Garadag, ähli adamlaryňy aýaga galdyr. Goranyşa taýýar boluň! Döwbasanyň ogullary ýetip gelýär. Goranyşa taýyn boluň! Ähli adamlaryň darkaşa taýýar bolsun! Eý, Göktaňrym, özüňden medet! Meni golda! Meni ýalka! Döwbasanyň ogullarynyň pällerini düzüw eýle! — diýip, Sibir beg ikidyz oturyp, ellerini asmana serip, Göktaňra mynajat eýledi. Birdenem ýerinden turup, Gaýmart bege bakan ylgady: — Gaýmart beg! Geçelgäniň adamlarynyň başyna bir agyr iş düşse, sen mydama kömege ýetişýärsiň! Öň gyzymy ogurlajak bolanlarynda hem sen ýetip gelipdiň. Seni maňa ýardam üçin ýene Göktaňry iberen bolmaly. Sen meni gora, Gaýmart beg! Çawuşlaryňa buýruk ber. Goý, olar biziň çawuşlarymyz bilen biriksin.
— Sen odanma, Sibir beg! Biz seniň bilen!
— Wah, men bilmän gyzyma: «Seniň garşyňa çykmaryn» diýip lebiz edipdirin. Ýogsam men ony bireýýäm Döwbasanyň eline berip goýberjek. Döwbasanyň özem bir töwra: «Aýşöhläni närazy edip aljak däl. Onuň razylygyny aljak» diýip hötjetligine tutup otyr. Ýogsam men-ä gözümi ýumup berip goýberjek. Maňa rahatlyk gerek. Iki oduň arasynda galdym men. Haýsy tarapa ýöresem hem ot ýüzüme çabyraýar, ýakyp-ýandyryp barýar meni.
At aýaklarynyň dükürdileri ýer sarsdyryp ugrady. Köp wagt geçmänkä Döwbasan begiň ogullary yzlaryna ýüz töweregi gulam tirkäp, Alawýere geldiler.
Üç ogul — Pamyr, Taran, Arslan atlarynyň gerişlerine ellerini goýup, bir towsanda atdan düşdüler. Üç sany bir meňzeş, tokgaja kişi. Durşuna gujur, durşuna ot!
Döwbasan beg äwmän-telesmän, başyny-da galdyrman otyr.
On ýedi — ýigrimi bäş ýaşlaryň aralygyndaky üç ogul Döwbasan begiň öňünde ýekedyz oturyp, salam berdiler.
— Babam, geçelgäni ýer bilen ýegsan etmäge, göwün beren şol gyzyňy seniň bilen alyp gitmäge geldik.
Megerem, ogullar aýtjak sözlerini öňünden maslahatlaşyp gelen bolarly. Taran sözüni gutaransoň Pamyr söze başlady:
— Saňa ýok diýmäge het edip bilýän pidulyň bu dünýäde ýaşamaga haky ýokdur. Biz Sibiri tohum-tiji bilen ýok ederis...
Gezek Arslanyňkydy. Ol geplemek üçin häzirlenen-de bolsa, gürlemäge ýetişmedi. Döwbasan ýuwaş, ýöne kesgitli gürledi:
— Geçä sakgal ir çykýar. Size-de eýýäm sakgal çykaýdymy? Menden hakylly bolaýdyňyzmy? — Döwbasan beg şindem başyny galdyranokdy. Ol sözüne biraz dyngy berip, gazaply gürledi: — Meniň siňegimi goramak size galmandyr. Öz siňegimi özüm goraryn men. Eger-de, Sibir begiň burny ganaýsa, her tikäňizi garynja ýaly ederin.
— Babam, sen kösenmeli beg däl-ä. Saňa ýok diýmäge het eden adamyň dişinde et galdyrmak bolmaz! — diýip, Arslan gorka-gorka gürledi.
— Babam, biz seni agyr günde goýup bilmeris. Seniň ýanyňdan başga ýerde häzir bize rahatlyk ýok.
Döwbasan beg Arslanyň sözüne-de, Taranyň sözüne-de jogap bermedi.
— Babam, Sibiriň gyzyny häzir alyp gideli, öýde uly toý tutaly.
— Eý, enesi ýalamadyk ýalýagylar! Men size şu ýerik geliň diýdimmi?
Üç ogul üç gezek başyny ýaýkady.
— Meniň ýörite gönderen sahybym siziň Hanana gelmeli däldigiňizi, eger öläýenimde-de Sibir bege azar bermeli däldigini aýtmadymy? Aýdandyr-a?!
Üç ogul üç gezek baş atdy.
— Derrew gidiň! Yzyňyzy ýel çalmanka gidiň!
— Heý, üç günläbem aç oturmak bolarmy?!
— Men size yzyňyzy ýel çalmanka gidiň diýmedimmi? Ä? Diýmedimmi? Siz entegem gideňizokmy?
Üç ogul ýerlerinden zöwwe galdylar.
— Babam, bize rehmiň gelsin — diýip, Arslan naýynjar seslendi.
— Ölsem, ýeg dostum Sibir maslygymy elter. Ölmesem, Aýşöhle bilen bararyn.
— Heý, bir gyz üçinem özüňi heläk edäýmek bolarmy?
— Siziň bu bolşuňyzy ähli kişi geň görýär, baba. Masgaraçylyk bu.
— Haý, ogullarym, ogullarym! Men il üçin ýaşamaýaryn. Men özüm üçin ýaşaýaryn. Ähli kişi-de şeýle aslynda. Men durmuşda özüme ýaraýan, özüme lezzet berýän zatlary edýärin. Çünki durmuşyň galan zatlarynyň bary ýalan, biderek. Men şu ömrüme öz akylym bilen ýaşadym. Galan ömrüme-de öz akylym bilen ýaşaryn. Indi siz maňa akyl öwretjek bolýarsyňyzmy? Men-ä akmak, sizem akyllymy? Haý, enesi ýalamadyk pidullar! Ýogsa-da, duruň, men size Oguz atamyzyň bir wesýetini ýatladaýyn. Ol ömri paýawlanda ogullaryna wesýet edipdir: ol aýdypdyr: «Eý, ogullarym! Ömrüňizden bir gün galan bolsa, öýleniň! Eger ölmegiňize iki gün galan bolsa, onda at alyň!» diýipdir. Oguz atamyzyň bu sözüniň hikmetine siz entek-entek düşünmersiňiz. Şonuň üçinem gidiberiň indi.
Üç dogan göwünli-göwünsiz argamaklaryna bakan ýöräp ugrady. Taran Pamyryň ýüzüne bakdy. Olar öz aralarynda nämedir bir zat hakda sözleşdiler. Soňam yzyna öwrüldiler.
Taran:
— Baba, ölesiň gelýän bolsa, biziň ýüzümize gara çekmän öl. Sen şeýdip wejera bolup ölseň, onsoň biz nädip iliň ýüzüne seredeli?! Öljekmi, ýör, biz saňa ýolda kömek edeli — diýdi.
Pamyr Taranyň sözüni goldady:
— Taran dogry aýdýar, baba. Öljek bolsaň, bizi masgara etmän öl. Seniň ysnadyň bize degýär. Ölesiň gelse, masgara bolman öl! Bir urkaçy diýip, bizi ýere sokma!
— Ýok boluň!
— Ýör, gideli, baba. Şol gyzam häzir alyp gideris. Şol urkaçy üçin Töreaman öldi. Indi sen öljekmi? Aňkaň aşypdyr seniň. Garrapsyň. Edýän işiň telekdiginem bilmeýärsiň. Bu ýaşdan soň sen ol gyz bilen, näme, dogan okaşmakçy bolýarsyňmy? Ýa bäşdaş oýnajakmy onuň bilen? Onsoňam ol gyzy Arslana alyp bermäge lebiz etdiň-ä, sen, baba...
Taran Pamyryň sözüni böldi:
— Hany, şol çopur? Eý, çopur! Sen nirede? — diýip, Taran töweregine garanjaklap Sibir begi agtardy.
— Men bärde — diýip, Gaýmart begiň gapdalynda duran Sibir beg gorka dillendi.
— Bar, gyzyňy alyp gel! Gyzyň gelip, babamyň aýagyna togap etmese, «Razy!» diýip üç gezek gaýtalamasa, gök börüden ant içýärin, seni tohum-tijiň bilen öldürerin.
Döwbasan beg depesinden çekilen ýaly, ýeri tekge edinmezden turdy:
— E-eý, pidullar, bu nä boluş? Ýok boluň diýdim-ä men size!
Döwbasan begiň gaharyny getirmegiň eýgilik bilen gutarmaýandygyny doganlar özge kişilerden sorap bilmeli däl. Olar muny gaty gowy bilýärler. Babalarynyň gahardan ýaňa saňňyldap ugrandygyny gören doganlar ümsüm-kümsüm argamaklaryna münmek bilen boldular.
Gelenler gidensoň, Döwbasan beg aşak çökdi.
Gaýmart beg ogly Wahşunwar bilen yssydan ýaňa şalpy-şaraň derläp oturan Babyr begiň ýanyna bardy. Ony goş-golamy bilen alyp, ýola düşdüler. Babyr beg gürlemän, näme et diýilse, kaýyl bolup barýardy.
Ýolda Wahşunwar babasyna ýüzlendi:
— Baba, men Döwbasan begiň, Sibir begiň boluşlaryna düşünmeýärin. Bir hatyn üçin munça gep-gürrüň nämä gerek?! Hatyn hatyndyr-da. Hossary näme et diýse, etmeli bolar-da.
— Oglum, seniň bu sözüň garamaýak adamlaryň gyzlary barada dogry, ýöne begzada maşgalasynda gyz mertebesi ogul mertebesinden o diýen pesde däl. Biz Dolanaýyň garşysyna çykdykmy? Gaýtam, oňa ýaranmaga çalyşdyk. Biz Peleňe ajy söz aýtdykmy? Aýtmadyk. Iň soňunda-da Dolanaýyň isleýşi ýaly etdik. Ata-ene perzendiniň gözýaşsyz ýaşamagyny isleýär, elinden gelen gowulygy edýär.
— Aýşöhläniň entegem Peleňe garaşyp oturmasy geň. Biçäräniň nähak garaşýandygyna nebsim agyrýar.
— Ana, şol nähak garaşmanyň adyna durmuş diýýärler, Wahşunwar.
Ýerden howur göterilýärdi. Ol howur adamyň maňlaýyndaky gasynlary ýatladýardy. Gasynly howur birsyhly tolkun atýardy.
Gaýmart beg dagy tolkunly howur ummanynyň içi bilen gara dere batyp «ýüzüp» barýardylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
Dowamynam goyayyñda

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: