14:47
PKK-niñ analizi
PKK-niñ ANALIZI

Frans Omar Fanon (1925-1961)…
Fransiýanyñ koloniýasy bolan Karib deñzindäki Martinik adasynda dünýä indi.
Fransiýada bilim aldy.
Psihiatr bolup Alžire gidende milli azat-edijilik uruşynyñ aktiwisti we ideology hökmünde öñe saýlandy. Ömrüniñ ahyryna çenli "El Müjahit" gazetinde makalalar bilen çykyş etdi.
Fanon Ikinji jahan urşundan soñky kolonializme garşy halkara azat edijilik göreşleriniñ ýeñişli döwründe ýaşady.
Ony kolonializmiñ psihologiýasyny derñän ilkinji teoretikleriñ biri hasaplasa bolar...
Ölüminden birnäçe gün geçenden soñ neşir edilen "Ýer ýüzüniñ näletlileri" kitaby XX asyryñ iñ täsirli eserleriniñ biri boldy. Kitap bütindünýä anti imperialistik hereketiniñ şamçyragyna öwrüldi. Aly Şeriatydan başlap Çe Gewara ýaly rewolýusioner liderlere ýiti täsirini ýetirdi...
Fanonyñ özboluşly aýratynlygy onuñ diýdimzorlyk (şiddet - ýagny, gara güýje baýrynmak, zorluk ulanmak, hülgentçilik) boýunça öñe süren pikirleridi. Radikal we barlyşyksyz diýdimzorluk hereketlerini kanunylaşdyrýan we mazamlaýan teoretik hökmünde tanaldy.
Hanna Arendt, Barbara Deming dagylar Fanony ýazgardy:
“ - Diýdimzorluk - syýasaty ysmaz edip taşlamazmy?”
“ - Gazaba ýugrulan ar alma meýline esaslanýan haýsydyr bir pikiri, haýsydyr bir syýasaty kemala getirmek bizi nämä alyp barar?”[/b]
Diñe diýdimzorlugyny däl...
Marksistlerem Fanony kolonializmden azat boluş mümkinçiligini taryhy-ykdysady-jemgyýetçilik baglanyşygyndan goparyp, synpy özenine-kapitalizme göz ýumup, sap "kimlik meselesi" bilen çäklendirip goýmagyny tankyt etdiler...
Mahlasy, Fanon etniki topara we diýdimzorluga baglanmak arkaly "azat boluşyñ" mümkindigini öñe sürdi.
Geleliñ, Fanonyñ bizi gyzyklandyrýan tarapyna:

PKK'NIN ÝOLAÝYRDY

70-nji ýyllar...
PKK marksist-leninist-maoçy gurama hökmünde guruldy.
Şol ýyllar Fanonyñ adynyñ dünýäde undulan wagtydy. Ilkibaşda PKK-niñ neşirlerinde Fanonyñ ady-eseri geçenokdy. Şol döwür marksistik-leninistik klassyky eserler guramanyñ ideologik ramkasyny kesgitleýän ýeke-täk gollanma bolup durýardy.

90-njy ýyllar...
SSSR dargady.
Neoliberalist globalçylyk dünýäni eýeledi.
PKK adyny, baýdagyny, ideologiýasyny üýtgetdi.
Bütindünýä banky, Halkara Walýuta fondy (IMF), Bütindünýä Söwda guramasy ýaly halkara "täze-kolonial" guramalaryñ döreden täze dünýä düzgüni bilen dil tapyşdy, bularyñ ideologik gegemoniýasyna boýun egdi.
Indi olaryñ duşmanlary ortalykdy - ulus döwletleri parçalamak!
Neoliberalizmiñ etniki topar we ynanç çarçuwasynda medeni köpdürlilige tiñkesini dikip döreden mikromilletçi kimlik syýasaty bu "gizlin uruşyñ" baş ýörelgesi boldy. Ulus döwletleri bölmek üçin "biz we keseki" düşünjesi ýoñ boldy.
Zigmunt Bauman aýtmyşlaýyn, “kimliklere garaşly siýaset boş güpürdiden we gazapdan doludy”. [i](Türkiýedäki bugün dowam edýän gödek bölünişigiñ düýp sebäbi-de şudur. Ýeri bolýa, bu gürrüñ aýry makalanyñ temasy.)

Indi synpy çaprazlykdan söz açmaýan PKK Fanon bilenem tanyşdy! Bu tanyşlygy açanam Iskilipli Sary Hoja (Ysmaýyl Beşikçi) boldy. Ol "Döwletara koloniýa Kürdüstan" (“Devletlerarası Sömürge Kürdistan”) kitabyny 1991-nji ýylda çap etdirdi. Oña mundan soñ "Kürtleriñ Fanony" diýip başladylar.
Yzysüre... Mehmet Jan Ýüje ýaly PKK-niñ ideologlary "Özgür Halk" žurnalynda Fanona salgylanyp başlady.
Neoliberalizmiñ diýdimzorluga esaslanýan kimlikçi syýasatlary Fanony gaýtadan "janlandyrdy". Göýä ezilip-horlanyp, eksplutatirlenip adamçylykdan çykan kürtler diýdimzorluk ýoly bilen öz aslyna gowuşyp we erkinleşip özüni täzeden kemala getirmelidi!
Togsanynjy ýyllarda Öjalanyñ dilinde diñe şu "argument" bardy. Şol ýyllar olar Jizrede we beýleki ýerlerde turan topalañlara guramaçylyk etdiler.
Geleliñ, şu güne…

HDP-niñ ÝOLAÝYRDY

Bu ýazgynyñ maksady teoretik Fanonyñ üstünde çekişme döretmek däl.
Ünsüñizi çekmek isleýän zadym şu:
Fanonyñ täze adamy döretmäge we diýdimzorliga beren “messianik” manylarynyñ soñy geldi. Çünki onuñ ýyldyzyny togsanynjy ýyllarda ikilenç parladan ýoluñ soñy geldi. Neoliberalizm ulus döwletleri ýykyp bilmekden ötri, gaýtam olaryñ syýasatda güýçlenmegine getirdi. Bütin dünýäde ulus döwletleriñ bitewiliginiñ tarapyny tutýanlara häkimiýete gelip başlady.
Soñky otuz ýylda... Arkasyna täze neoliberal kolonialistleri alan PKK globallaşma şemalyna garamazdan üstün çykyp bilmese-de, häzirem ýeñiş gazanaryn öýdýärmikä?
PKK ýeñilenini boýun alasy gelenok.
Diýdimzorlugy öñe tutýan kimlikçi hereketleriñ mundan soñ "täze-täze ýollaryñ" gözlegine çyksalar gowy bolmazmy? Seretseñizläñ:
Ortada indi ideologiýadyr maksat diýen zadam ýok, her on-ýigrimi ýyldan syýasy pozisiýasyny üýtgedip dur. Her gezegem diñe "gan dawasyny" dowam etdirmekden başga bilýän zatlary ýok!
Kürt doganlarymyz ýa-da HDP söýüjiler terrorçylyga meýil etmegiñ Türkiýedäki agzybirlik, demokratiýa we erkinlik ugrundaky umumyhalk göreşiniñ aýagyna palta salýandygyny görmeýärlermikä?
Häzir köp kontingentli täze dünýä düzgüni gurulýar. ABŞ-nyñ başyny çekýän topar PKK-ny aýakçy hökmünde ulanmagy dowam etdirmek isleýär...
Ýolaýyrt şudur:
Ýa kimlikçi diýdimzorluga-terrorçylyga bil baglap, asyl kişiligi ýok edýän imperializmiñ guýrugyna dañylyp, gul-hojaýyn gatnaşygyñy dowam etdirersiñiz...
Ýa-da "doly garaşsyz Türkiýe" şygary astynda hiç kimsäni çetleşdirmezden ýurduñ raýaty bilen gujaklaşmaly bolarsyñyz...
Bu HDP-niñ hem ýolaýyrdydyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.02.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 27 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Mahymm   [Mowzuga geç]
Figen Ýûksekdag diyen bir dawaçy başlyklaram barmydy şolañ?

0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
HDP diyilyanler-ä barypýatan şerraylar partiyasy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: