13:27
Iñ soñky tomus -2/ romanyñ dowamy
5.

Gyzar ikindin eşegini bir goltuk gury odundan, birküç desse gök otdan ýükläp gelende, birden Balanyň ýüregine dowul düşdi. Göwnüne bolmasa kakasy...
Ol eşeginiň ýükünem düşürmän içeri ylgady.
– Däde jan...
Garry aga bosagada serpilip ýatyrdy. Onda dem-düýt bara meňzänokdy.
– Däde-jan!
Bala ony düşegine bakan süýredi. Garry aga düşegine geçensoň gözüni açdy.
– Bala!
– Däde jan, geldim.
– wah, köşek, nirä gitdiň ahyryn. Gözüm işikde gald-a. Şol käňkäňi al.
Bala ylgap bankany aldy-da kakasynyň allagyna tutdy.
– Ýok, içim towlaýar. Men bir meýdan etmesem, gabyz boldum.
Ýaşuly içini boşatdy. Ýöne içerini hapa, porsy ys gabsalady.
– Işigi, äpişgäni açaý. Özüm çykjak boldum, daşary. Bolmady. Işige ýetip serpilip gaýtdym. Kelläm degmedi, şoňa-da şükür.
Bala bankanyň içindäkini döküp gelip, ony çaýkap, öňki ýerinde goýdy.
– Däde jan, arkadagym däde jan!
Ýaşuly sesini goýdy. Indi ah çekenokdy. Gymyldaman ýatyrdy.
– Çaý içelimi?
Ýaşuly çalaja gozgandy.
– Çal!
Oglan elewredi.
– Çaý gaýnadyp bereýinmi?
Ýaşulynyň ysgynsyzlykdan ýaňa saralyp giden, halsyz dodaklary çalaja tibirdedi.
– Beräý.
Bala daşary ylgady. Häliden çaý goýmanyna gaty gynandy. Ýöne gara taňkada ony beýle bir mähetdel etmedi. Sähel salymdan lakyrdady.
Içerini gök çaýyň ysy gaplap aldy. Ýaşuly nähilem bolsa deriň, hassaçylygyň ruhuny basan bu ysa galkynan ýaly boldy-da başyny galdyrdy.
– Sen balam, ertirmaňa Babajan işany çagyryp ber. Men şoňa bir ýasyn okadaýyn. Ýa aňry, ýa bäri bolsun...
Babajan işan diýende balanyň ýadyna hälki düwünçek düşdi.
– Häzir, däde! – Ol düňküldäp daş çykdy-da eşegiň üstünden düşürilmedik horjunyny alyp geldi.
– Däde jan, men häli sygrymyň örküni täzeläp ýörkäm babamy gördüm. Meni günüme goýman öýüne alyp gitdi-de, seni sorady. Soňam şu düwünçegi berdi. «özünem diňe öýe baransoň açgyn» – diýdi. Ine...
Ýaşuly gözüni ýagta süzçekledip düwünçege seretdi.
– Açaýynmy?
– Aç-aç.
Bala düwünçegi emaý bilen açdy. Ol gözlerine ynanmjak boldy. Ýaglygyň içinden bir tegelek tamdyr çöregi, ep-esli gowurdak, bäş-on sany hurma seçelenip ýatyrdy. Ol ýaglygyň burçundaky düwünçegi açdy.
– Ýigrimi manat pul, dädejan!
Garry aga gözlerini ýumdy.
– Görgüli, näme etjekdiň azar edinip. Biz saňa bermel-ä. Indi senden alyp başlan bolsak, wah, işan janym, gurbanyň bolaýyn...
Balanyň gözlerine ýaş aýlandy. Ol öýlerine ertekileriň jadyly saçagy düşen ýaly boldy. Ýöne kakasy kabul etmez öýdüp gorkdy.
– Menden teberrig-ä diýdi, däde jan. Ýa almalymy?!
Ýaşuly tisgindi.
– Al, al. Yrsgaly kim berende-de, ol hudaýyňkydyr. Iň halal ýerden gelen bolsa, enşalla gutularyn, bu bir Allatagalanyň bizi gördügidir. Indi, enşalla edenimiz ugruna bolar... Hany, Bala, çaý içeli. Meniň käsäme birkije bölek gowurma at...
Içerä agzyňy tamşandyryjy ýakymly ys ýaýrap gitdi.
Bala iç girip daş çyksa-da, kakasyny çaýlap-naharlasa-da, gurçuga tut berip, daş töweregi suwlap süpürse-de gözi ýoldady. Nämüçindir raýon merkezinde derman diýip giden ejesi geliberenokdy.
– Ýa-da – Ol bu pikirini ahyrlamaga gorkdy. Ejesiniň keselhanadan çykanyna birküç aý bolupdy. Ýöne onuň hyk-çoky azalyberenokdy. Derman diýdi, ýene bir zat diýdi, keselhananyň töwereginden aýrylasy gelenokdy. Arada-da: «Mäsme dogtory gördüm, ýaz geçmänkä balnysa gir» – diýdi. Dädeň ganymatlaşsa girmesem bolmaz – diýipdi»
Ejesiniň keselhana girmegi bu öý üçin ölümdi. Ýarym gap gurçuk, iki jigisi, kakasy, sygyr, eşek...
– Wah, şu sygyry diýsen-e. Ol özelendi. – Eje janym, sen bolmasaň kim seretjek, öýe. Sygry kim sagar. Süýdüň puly bolmasa günümiz nädip geçer, eje jan.
Hakykatdanam, indi alty-ýedi aý bäri şu maşgalany sygyr ekleýärdi. Bala ejesiniň beren süýdüni tüňňürine guýup, kä eşekli, kä welesipetli raýon merkezindäki naharhana eltýärdi. Olaram aýyň aýagyna hasaplaşyp, puluny berýärdiler.
Dogry, puly almak entejikler Bala ynanylanokdy. Ejesi baryp alýardy. Olam şol puluň on dört manadyna un, iki manadyna gant, iki manadyna çaý alýardy. Galan pulam däri-derman üçin gidýärdi. Bu öýde başga zat üçin pul sowlanokdy. Käte, iki aýdan bir gezek kerosin alynaýmasa...
Süýdüň puly golaýlaberende inisi Dädiş hykgy-çykgysyny köpeltýärdi, depder aljak, beýleki diýip, oňa-da Balanyň depderleri berlensoň sesini çykaranokdy. Iň kiçileri Akgyş-a heniz çaga hasap edilýärdi. Onuň heniz alty ýaşam dolanokdy. Ol ikinji klasda okaýan Dädişiň könesini geýse-de toý köýnek alnan ýalydyr.
« – Maňa hiç zat gerek däl. Okuwam, pulam, iýmek-içmegem, siz bolsaňyz bolýar, eje jan, däde jan. Gijelerine-de ýatmaýyn, gündizlerine-de oturman işläýin. Ýöne siz gözümiň alyndan aýrylmaň...»
Häzirem Balanyň ýüregi agzyndan çykyp barýardy. Ol içeri girdi, daşary çykdy.
– Näme, oglum – diýip, kakasy rahat ýatan ýerinden başyny galdyrman sorady.
– däde jan, saňa gerek zat barmy?
– Ýok, Bala.
Bala syryny bildirmejek boldy.
– Onda men suwa gidäýeýin. Hem sygrymyzy alyp gelerin. Ejemjenem eglendi, öz-ä. Sag-aman geläýse...
Onuň gözlerine biygtyýar ýaş aýlandy. Göwnüne ejesini salaja salyp getiräýjekler ýaly duýgy döredi.
– Geler, oglum, gyz ýaly şumjarma, ejeňdir-dä.
Bala gurçuklara kölegede duran ýapraklardan ýene birlaýyn berişdirdi-de, bedrelerdäki suwy taňkalara, çäýneklere guýuşdurdy. Ýarty bedräni gölä görkezdi. Galanyny towuklaryň gabyna guýdy-da ýola düşdi.
Agşamara bolansoň obanyň oglanlary nähilidir bir oýny heziller edip oýnaýardylar. Balanyň nämüçindir şolardan daşrak bolasy gelýärdi. Ol depesi bilen dagdan däş çekmäge razydy, emma gep eşdesi gelenokdy.
– Eý, oňa serewdiň-eý.
Bu ses onuň klasdaşy Merediň sesidi. Onuň özüni halamaýanyny Bala gowy bilýärdi.
– Eý, siýejin barýar-eý. Klasda balagyna siýde-eý, şol iller-eý. Han-a şol kel oglan klasda balagyna siýde-eý. Klasda balagyna siýde-eý, şol iller-eý. Han-a şo-ol kel oglan klasda balagyna siýde-eý.
Oglanlar oýunlaryny goýup topar tutup gygyryşyp başladylar.
– Garry Bala – siýejin! Garry Bala – siýejin! Garry Bala siýejin...
– Eý ol balagyna syç...
Oglanlar ýene-de gygyryşyp başladylar. Ýerden ses çyksa-da Baladan ses çykmady. Ol gaty-gaty ýöräp başlady. Muňa oglanlar hasam örç aldy. Kesekmisiň, daşmysyň ýagdyryp başladylar. Herne daşlaryň birkisi töňk edip bedrä degse-de, Balanyň özüne degmedi. Ýöne oglanlaryň derdi täzelendi. Namys ody onuň ýüregini daglady.
– Wah, häzir ganatym bolsady, allajan. Uçup-uçup ýok bolup gitsedim. – Ol ýene-de dözmedi. – Ejem jany, dädemjany goýup nirä gideýin. Olar mensiz nädip oňarlar. Eý, hudaýym...
Bala sygyryny suwa ýakdy-da ýüpüni şahyna orap ýola saldy. Soň özi suw almaga çeşmä eňdi.
Howa gyzmasa-da oba adamlary Gyrgawelli çeşmesinden suw almaga gelýärdiler. Şonuň üçin çeşmäniň boýy gelin-gyzdan dolydy.
– Maňa-da alyp ber, janym! – diýip, gelinleriň biri aşakdan suw alýan gyza bedresini uzatdy. Çeşme ýerden ep-esli aşakda bolany üçin çemsizdi. Suw almaga gelýänler köp bolany üçinsuw dökülip, onuň gyralary örän typançak bolýardy. Şonuň üçinem, onuň golaýyna köp adam barman, ýetginjekleriň birini çeşmä salýardylar. Olam çeşmäniň gyrasyndan bir adam durar ýaly kertlerde durup, usulluk bilen, çeşmäni bulandyrman suw almalydy.
Bu gün oňa gyzlaryň biri giripdi. Bala getiriň, men alyp bereýinem bir diýjek boldy. Ýöne aşakdaky gyzyň akjadygyny görüp, demini içinden aldy.
Akja aýal-gyzlaryň ählisine suw alyp berdi-de ýokary çykdy.
– Ak ýigit ýoldaşyň bolsun!
– Wiý, ol oglan galypdyr-a diýip, uly gyzlaryň Bala gözi düşen biri dillendi. – Akja, alyp alyp ber oňa-da...
Akja owadan ýüzüni Bala öwürdi-de tisginip gitdi.
– Waý-eý, ýog-eý, özi alybersin. Men näme, iliň suw çekip berýänçisimi?
Gyzlar gülüşdi. Gelinler dözmezçilik etdi. Soltangül bolsa Balanyň elindäki bedrelerini çeşme suwundan dolduryp berdi.
– Ýör, Bala jan, ýöri, bileje gaýdaly...
Çeşmäniň boýundakylaryň hersi öz ugruna gitdi. Ýola çykansoň Bala sygyrynyň hem özüne garaşyp, garaganlaryň düýbündäki ter otlara güýmenip duranyny gördi-de ynjaldy.
Soltangül hoşamaý ýylgyrdy.
– Ba-la, sen näme görneňok?
Balanyň ýüregi öýdedi. Ol ak ýola garady. Emma ejesiniň didaryny görmedi.
– Agşam gel, bomy?
– Aý...
– Hiç kim ýog-a. Bileje oturarys, ol günki ýaly.
Mundan ýarym ýyl töweregi öň bolan waka Balanyň ýadyna düşdi. Soltangül uly gyz çykypdy. Ol raýon merkezine gatnap ýedinji klasda okaýardy.
Basym ol okuwyny gutarmalydy. Şonda Balanyň ejesem, kakasam keselhanadady. Jigileri daýzalaryna gidipdi. Soltangül olaryň sygyryny sagyp berýärdi.
Bir gije Soltangül işigi kakdy.
– Bala, ýatyrmyň?
– Näm boldy.
Soltangül gorkuly gürledi.
– Menem ýeke, gel bizde ýataýsan-a. Gorkýan, biri gapymyzy tarkyldadyp gaçyp gide ýaly boldy.
Ulygyzlarda ýatmagy birhili görse-de Bala Soltangüliň yzyna düşdi. Dogurdanam olaryň öýi gorkunçdy.
– Näme üçin çyraňyzy ýakaňyzok?
– Nebti tükendi, çyrasy guranyň.
– Bizden alaýarlar.
– Ertir, häzir ýatybereli-le. Sen ir turmalysyň-a.
Bala şonda Soltangüliň näme üçin çagyranyny duýup galdy. Ol Bala gysmyljyraýardy. Onuň elinden, ýaňagyndan ogşady.
– Gel, eşiklerimizi çykaryp ýamaly, täzeje bolup durar ýaly...
Onuň hoşomaýy ýaňy ýigit çykyp barýan oglanjyga hoş ýakýardy. Olam gyzy gujaklady. Onuň ternelenip duran göwüslerine elini degirdi, soň olary gysymlady.
– Sen bäbek bol, men saňa emme bereýin. Bu oýun Bala hoş ýakýardy, onuň hoşuna gelýärdi. Soltangözel hem ony ogşap, sypalap, bagryna basyp heziller edýärdi. Ahyry ol öz diýenini etdirdi. Bala onuň diýenine boýun boldy. Ýöne bu oýunlaryň ahyryna ýetip bilmedi. Soltangözel ahyry ýadady. Olar gujaklaşyp uklap galdylar.
– Bormy?! – Diýip, Soltangül ýanyp duran gözleri bilen oglanjygyň jigerindäki şemjagazy otlap goýberdi.
– Bor!
– Men onda gaty-gaty gitdim. «Oglan bilen barýar» diýäýmesinler.
Bala öýe gelip çyranyň çüýşesini süpürişdirip, ony pessejik edip ýakdy. Ojakda çaý goýdy. Eşeginiň palanyny aýryp, öňüne ot dökdi.
Bir ýerlerden jigileri geldi welin Balanyň dünýesi giňäp gitdi.
– Nirä gitdiňiz?
Akgyş ýadaw bolsa-da begençli buşlady.
– aşakky oba gitdik. Ho-ol Myýat daýylar öldi, onsoň toý boldy. Pişme iýdik, çorba iýdik...
– Toý däl-ow, hudaýýoly. – Häliden bäri soraýsalar: «sygyrymyzy bakdyk, şonuň ýanynda oýnadyk» diýgin diýip gelýän Dädişiň aýbynyň açylanyna gahary gelip durşuna, jigisini urjagynam, käýejeginem bilmän, onuň gepini düzetdi.
Ogly klasdaşym-laý, onsoň dädesi ölensoň «ýöri gidäýeli» diýip dur. Ýeke goýmaýyn diýip gitdikläý. Olaram uly aglaşyk-laý.
Ölüm sözi oglanjygyň badyny aldy. Göwnüne bolmasa basym öz öýlerinde-de şeýle yzanla-çuwanlyk başlanaýjak ýaly boldy.
– Ejem janam gelmedi – diýip, ol şol «yzanda-çuwanlygyň»ýüregine dökülen awusyna tap getirmän aýtdy.
Dädiş welin ony duýmady.
– Ejeňem şo taýd-ow. Ýöri gaýdaly diýseňem, aglan bolup otyr, soky daşy ýaly bolup. Öz doganyň öldümi diýsene.
– Beý diýme, ejem jan barada ýekeje agam erbet zat gürläýme. – Balanyň tisgindiriji sesi Dädişiň azaryna-da däldi.
Näm-ow, gygyrýaň, tentek. Bar sijinmegiňi oňar, meniň üstüme gygyranyňdan.
Näme, şipionlajak bolýaňmy, bar aýt.
Şondanam eje bolarmy, kör, maňka...
– Näme?!
Dädiş iki ýumrugyny düwüp, agasynyň üstüne topulmaga taýýar görnüşe girdi.
– Bütin oba gürrüň edýär, klasda balagyna siýdi diýip. Indi sen meniň agam däl. Bir zat diýäýseňem almytyňy alarsyň...
Sygyr ynjyly molady. Bala bir-ä ýaşaga, birem boş süýt bedrä garady. Eger süýji ýetse, özi sagaýjaga meňzedi.
Ol kakasyndan maslahat soramak üçin içeri girdi. Onuň bilen bile Akgyşam öýe girdi. Ol düşekde ýatan kakasyna garşy ylgady.
– Däde, aý, däde, klasda bar-a, Bala balagyna siýdi.
Bala kakasynyň käýinjini çekmäge taýýar halda burçda iki elini owkalap, burlup durdy.
– Bar, ýok bol, haý, diliň gurasyn, ajapda bir kep tapdyň. Ýene bir gezek gaýtalasaň boýnuňy sograryn...
Akgyşjyk ýüzüne almady. Gaýta daşary bakan ylgap barşyna:
– Siýdi, siýdi, näme ýalanmy. Sijin, sijin! – diýip, begençli bökjekläp gitdi.
– Dä-de jan! Sygrymyzy näderkäk? Ejem janam eglendi. Sagmasak molap dur. Ýa özüm...
Ýaşuly tirsegine galdy.
– Bar, Soltangül bajyňa aýt. Sagyp berer...
Taňka gaýnady. Bala onda-da aýagy bişen ýaly bolup Soltangüllere ylgady.
– Ejem gelenok. Sygrymyzy sagyp beräý-dä. Dädem aýtdy, çagyr diýip.
Soltangül Balany gujaklap bagryna basdy. Onuň sag elini eline alyp gursagyna ýöretdi.
– Agşam gelerin – diý.
– Gelerin.
Sygyr saglyp bolýança ol çaý demledi. Saçak ýazdy. Saçagyň üstüne çörek, gowurma goýdy.
– Däde jan...
Dädiş bilen Akgyş gözlerini saçaga dikip, ukuly gözlerini jüýderdişip otyr. Garry aga olaryň hersine bir hurma berdi. Çörek bölüp, üstüne iki bölejik gowurdak goýup uzatdy.
– Alyň, iýiň-de ýatyň, ýadaňsyňyz. Bala welin oturyp bilmedi. Soltangül göläni goýberip, süýtli bedräni getirip gitdi.
Ol Bala agşam barmalydygyny ýene bir sapar ýatlatdy. Balanyň welin işi başyndan agdykdy. Onuň iki gözi ejesiniň ýolundady. Sidikli balagy bilen içeri girer ýaly däldi, peşewiň ysy aňkap durdy. Onuň üstesine, ol bu günki eden işiniň jezasyny hem hasaplaşmalydy. Klasda mugallymy kaýindireni, okuwçylaryň öňünde balagyny öllänini, eger günäsi geçilse, onda ertirki «Aý-u-uw...» sesini, ak sakally babanyň «süýt ber» diýip özelenişini, iň soňunda-da Babajan aganyň hoşamaýlygyny aýtmalydy.
Emma ejesi welin gelenokdy.
«Men ýaba gidip balagymy çyrpyp geläýsemmikäm. Ýyrtyk jalbarymam bolmal-a. Şony tapsam-a arkaýyn ýuwubam bilýän, muny...»
Ol içeri girdi.
– Däde jan!
– Jan Bala!
Bala ýuwdundy. Ilden eşidenden özümden eşitsin diýdi-de ýüregini bire baglady.
– Şu gün gaty ir turdum. Süýdi tbşyryp mekdebe geldim. Üçünji sagatda, mugallym okadyp otyrka uklap galypdyr. Garajaýew mugallym oýardy. Soň käýemek üçin tagta çykardy. Gaty utandym. Soň mugallym urarmyka öýdüp zähräm ýarylara gelip gorkdum. Şonda özümem bilmedim. Balagym...
Ýaşuly gözi ýaşly ogluna garap bilmedi. Onuň çagajyga nebsi agyrdy. Emma etjek alajy ýokdy.
– Ýalan sözleme – diýip, Dädiş gyjyýly gepledi. Garajaýew mugallym seni urup-urup oýarypdyr. Soňam öňe çykaryp şarpyk bilen çekgäňiýandyrypdyr. Patyňkasy bilenem depipdir. Seni ýykybam depipdir. Onsoň senem gorkyňa balagyňa siýipsiň...
– Hany, bes et! – Ýaşulynyň gaharly sesine Balanyň sütüni sandyrady.
– däd jan! – Ol ýuwdundy. – Men balagymy ýuwmasam, ysy... başga jalbarymam ýok. Näme etysemkäm?
Dädiş güldi.
– Siýejinläý, porsap dur-a.
Ýaşuly iki oduň arasynda galdy.
– Ejeňem-ä gelmedi.
Dädiş öňürtiledi.
– Onuň öý ýadyna düşenok-laý. Otyr äglan bolup. Seniň agyň kime gerek...
– Beý diýme, ejem jana...
Dädiş dikgerildi.
– Ölseňem diýjek. Şondanam bireje jan bolarmy?
Eje jan bolarmy?
– Bes et!
Dädiş ýerinden turdy-da ýumrugyny düwdi.
– Näm-ow, siýejin, ýaňy aýtdym-a, hepgerilme, paýyňy alarsyň diýip. – Ol ylgap gapynyň agzya bardy. – Ol, şulara ýalynjaňlyk edenden, «eje janym», «däde janym»diýeniňden öläý. Ýalynjaň. Garajaýewden gorkyňa balagyňa siýen bolýaňmy.
Uly ogluna aýdylýan ýakymsyz sözler Garry aganyň ýüzüne şarpyk çalnana dönderdi.
– Haý, seniň bir, dogman geçen. Utanaňokmy? Men ölmänkäm sen se beýdip dursuň, öläýsem dagy...
Dädişiň sesi haam dözümli çykdy.
– Ölseňiz ölüp geçiň, senem öl, ol kör aýalyňam ölsün. Ölseňiz çelpek bilen çapaty köpeler. Ýogsa şu öýüňizde iýer ýaly zadam ýok.
Ýaşuly oglundan nämedir bir zat salmak üçin töweregini sermendi. Ýöne ýerinden galyp bilmedi.
– Eý, allam! – Ol başga zat diýmedi. Başujunda duran donuny Bala tarap uzatdy. – Şuny geý, biliňem guşanaý. Hiç zat bolmaz, gijelikdir.
Ol jalbaryny ýabyň suwuna ýagşy çaýkap gelip, işikde serdi-de, işigiň agzynda guty haýsy, kyblasy haýsy bilmän süýnüp galdy.
– Bala, aý-uw Bala. Bu maňlaýy gara ýatmadan goýmady gyz. Hany, tur. Gün dogup gitdi.
Bala tiginipoýandy-da ylgap gidip serilgi balagyny alyp geldi. Ol ölem bolsa geýdi. – Eje jan, geldiňmi?
– Wah, gelmän, näme, ölüme gitdimmi, ine-de özüň bolmasaň boljagy şu-da. Eli döwlet zat sagmandyr, agşam, eliň kesilsin seniň salaty...
Bala daş çykdy. Asmanyň ähli ýyldyzy olaryň özüniň depesinde, misli «Bala çykarmyka, çykmazmyka?» diýşip jyklaşyp duran ýalydy. Olar Bala daş çykansoň daş çykansoň hem dargaşmadylar. Gaýta, Aý hem nurana jemalyny parladyp olara goşuldy.
«Asman-a arassa, hudaýa şükür. Şu gün bir gep-gürrüň bolmasynd-a, Alla jan. Dädem aýak üstüne galsyn. Ejemjen gutalsun. Inilerimiň ýüregine mähir insin. Mugallymlarymyň ýüregine rehim insin, Alla jan. Men bilgeşleýin edemog-a, bu zatlary. Özüme erkim ýetenog-a...»
Onuň ol balagy tenine ýapyşyp, daňdan çigreginiň badyny hasam gylawlandyrýardy. Emma Bala oňa kän bir ünsem bermedi. Eşegine palaň urdy, onuň guşgunyny çekdi. Soň ony gapa getirdi.
– Hany, depderiň?
Bala ejesiniň näçe süýt tabşyrany ýazylan depderi soraýanyna düşündi.
– Horjundadyr, ejejan...
Ejesi gaharly gepledi.
– Şeýt, onam, horjuna goý, beýlekä goý, ýok et. Näme jübiň ýokmy, horjuna salar ýaly...
– Ýok-da eje jan. Balagym öl. Ýogsa men içime salaýjak welin. Ýa-da bir ýaglyk ber. Bilimejik daňaýaýyn, gaçmaz ýaly, bormy, eje jan...
Ejesi oy gyssady.
– Hany, ugra, gün dogup gitdi. Men şu mahal ýaglygy nireden tapaýyn saňa.
– Bor, eje jan...
Bala horjuna elini sokup depderi çykardy-da ejesine görkezdi.
– Ine, eje jan. Men gitdim, sag-aman oturyň...
Kör daýza olunyň bolşuny halamady.
– Beýden bolup, müzzerilip barma, berkiräk otur. Näme, beýle hoşloşar ýaly puronta gidýäňmi, tentek...

6.

Bala üçin bu gün has agyr front başlanypdy. Görnüp duran kotelleriň özem-ä ep-esli bardy. Ol häzir heli ýerden geçmelididçýnki ak sakal babadan süýdüni sag-aman geçirmelidi. Düýn bigünä halyna ýumrugyny görkezip, haýbat atan aşpez aýalyň alnyna barmalydy. Düýn masgara bolan klasyna, ýüzügara eden mugallymynyň sapagyna girmelidi.
Ýigrimi otuz kilometrlik ýol, tut ýygmak, ukusyzlyk, açlyk onuň üçin hiç zatdy. Ol olary hasabam edenokdy. Näçe işledigiçe, az iýdigiçe , ol taplanýanyny duýýardy.
Gyz gyrlan ýerden ol sag-aman geçdi. Köprä golaýlanda «Kulhuallany» üç sapar okady. Ýöne ak sakal baba şol öňküje duran ýerinde durdy.
– Essalowmaleýkim, baba...
– Waleýkimessalam, köşek... Ugur nirä.
Baba onuň bilen salamlaşdy. Göwnüne bolmasa Balanyň eliniň içinde onuň eli däl-de jylk et bölegi mylkyldap giden ýaly boldy. Ol oňa üns bermedi. Nädip babany süýt dilemez ýaly etse bolarka diýip oýlandy.
Sygrymyzyň süýdüni naharhana eltip barýan, şolara satýan puljagazyna-da un, çaý, gant alýas. Başga girdejimiz ýok, baba jan...
Baba onuň ýüzüne köpmanyly garady.
– Maňa beräý süýdüňi, men bereýin naharhananyň berjek puluiny...
Bala gorkdy.
– Baba jan, şirin janymy dile, bereýin, emma süýt bir dileme. Öýde ejemiň, dädemiň ýanynda öňem bir ýüzüm ýok. Aşpez aýalam gaty berk tutýar, ýekeje damaja kem bolsa tüňňürimi yzyna zyňjak bolup dursüýdümizi gaýtarsa-da, dat günümize...
Baba galdy. Egerem ol çaganyň zarynlap aýdýan sözüne ynandy. Onuň şeýle çalt razylaşmasyna Bala-da begendi...
«Eý, Allam meniň beýleki çiginlerimem şeýdip, ýeňiljek çözüläýsedi. Näme diýseňem, Babajan Balamyň beren pul-a bar. Ol gowurma-da berd-ä. Şonuň özem dädem jana birnäçe güne hurş bolar. Basym süýdümiziň pulam berler. Gurçugymyzy basyryp, pilesini tabşyrarys. Öňa-da ep-eslije pul bererler. Mellegimizdäki bugdaýymyz bişer. Onsoň un almalam bolmarys. Ýöne başymyzdaky apy-tupan bir sowulsady.»
Säheriň mylaýym howasy, eşegiň ak ýol bilen tikirdäp barmasy, öýleriniň imisalalygy, ejesiniň, dädesiniň hassa-da bolsa, öýdeligi Balanyň ýregine gözgap goýberdi. Onuň hyýaly ýene-deçeşmäniň boýuna geldi. Suw alyp durka Akjanyň Bala uýalmak, buýsanmak bilen garaýşy, soňam oňa suw alyp bermän, keýik owlajygy ýaly boýnuny buýsançly tutup gidişi, aňyrrak barybam, «nädäýdimkäm» diýip yzyna garaýşy onuň kalbyny mynçgylady. Asmanyň aýy hem eşegiň tikirdisine aýak goşup, Balanyň depejiginde, oňa ýoldaş bolup barýardy. «Sen gorkma, köşek, men ynsa-jynsa horlatmaryn.
Arkaýyn sürüber»diýip gepläýjek-gepläýjek bolup barýardy. Töwerek aýdyňdy. Baglar aýyň şuglasyna kümüşsow lowurdap durdy. Häzir gorky-ürki, gaýgy-alada ýada düşer ýaly däldi.
– Sen maňa suw alyp bermän oňardyň, Akja. Eger suw alyp beren bolsaň onda il-gün seni har ederdi. Ýöne sen näme üçin maňa garamadyň.
Birden ol Akjany görüp galdy. Onuň ullakan, kirpikmen, owadan köşek gözlerinden mähir çogup çykdy... Bala samrap başlady.

Suw almaga bardym çeşmä,
Akja, maňa garamadyň.
Men dostuň-a, öýtdüň duşman,
Akja, maňa garamadyň.

Ýüregimden bulak akar,
Duşmanlarym gülüp bakar,
Ýüreki ýansa ýaman eken,
Akja, maňa garamadyň.

Gijeler çekdim zaryňy,
Bereýin şirin janymy,
Bolma gülleriň zalymy,
Akja, maňa garamadyň.

Men ýansam saňa gowumy,
Kalbymda söýgiň howury,
Oýnap saçlaryň towuny,
Akja, maňa garamadyň.

Ak ýoldan bile baraly,
Senden ýüregim ýaraly,
Garakeliň boz maraly,
Akja, maňa garamadyň.


Ol birden özüne geldi-de agzynyň ak köpük saçýanyny duýman galdy. Ýüregi erip gitdi.
– Eý, allam, bu näme, şahyrçylykmy?

Ak ýoldan bile baraly,
Ýüregim senden ýaraly,
Garakeliň boz maraly,
Akja, maňa garamadyň...


Arman, öňi-yzy onuň ýadyna düşmedi. Ýöne onuň derdi ýumşan ýaly boldy.

Akja maňa garamadyň...
Gara gözi garamygym,
Akja maňa garamadyň-ow.


Ol hiňlendi. Asyl, agzyndan çykýan owaz Sumbaryň bulaklary ýaly lummurdan barýardy. Özem şeýle şirindi, ýöne azajyk gussalydy.

Gijeler çekdim, zaryň-y,
Bolma dilberiň zalymy,
Bereýin şirin janym-y,
A-ah, bereýin şirin janymy,
Akja maňa garam-mad-dy-y...


Onuň ähli derdi, öýke-kinesi çogup çykdy. Ýüreginde başga bir howur lowlap başlady. Göz öňüne kakasynyň ejiz, mähriban, keşbi geldi. Ol armandan hem-de ejizlikden balkyldaýan gözlerini nowbahar ogluna dikip, didesini gepledip ýatyrdy. Ol gözler ol mähriban adamyň ýürek sözlerini sözleýärdi.
– Balam, iýjek-geýjek wagtyň namart boldum. Alla meni öz balamyň eline goýdy. Utanýan, namys edýän, ýöne nädeýin, gaýrat et köşegim, menden gaýtmasa-da Alladan gaýdar. Alla- keremdir. Ol görüp durandyr.

Süpür göz ýaşyňy, galdyr başyňy,
Gutularsyň, gam çekmegin däde jan,
Kän iýersiň ýalançynyň aşyny,
Gutularsyň, gam çekmegin däde jan.

Gaýgy etme bu dünýäniň namysy,
Sen Balanyň ýürek ýagy demisiň,
Gara gözleň, armanysyň zarysyň,
Gutularsyň, gam çekmegin, däde jan.

Bu dünýäde näme söýseň taparyn,
Gowy derman, näme iýseň taparyn,
Ulalyp egniňe donlar ýaparyn.
Gutulsaň bor, gam çekmegin däde jan.

Sen bolaňsoň bu dünýäge gelenim,
Sen bolanňa ganatlarym gererin,
Sen bolmasaň ömür ýokdur, ölerin,
Gutulawer, gam çekmegin däde jan.


Onuň gözlerine ýaş aýlandy.
– Däde janym, mähribanym, sen bolmasaň, men ölerin. Şonuň üçin gutulawer, däde jan.
Ol öz şahyrlygyny-da, agzyndan çykýan ylhamy-da unutdy.

«Eý, Alla jan, başyňa döneýin, sen däden jany gutar derdinden. Maňa goşa ganat ber. Arkama alyp ony Aşgabada, Moskwa alyp gideýin. Uly-uly dogtorlara görkezeýin. Onuň gutulmaz ýaly derdi ýokdur-a. Oňa gowy iýmit gerek. Yrsgal ber bize. Biziň günämiz bolsa, bagyşla, alla jan. Sen onuň derdini, bolmasa, maňa beräý. Oňa derek men hassa bolaýyn. Ýöne eziz dädem janyň kiçelip,
Ýumruk ýaly oglanyň eline galanyna namys edip ýatanyny görmäýin...»
Ol naharhana çenli şeýle pikirlere gümra bolup gitdi. Bagtyna bu gün düýnki daýza geldi. Başga bir rus aýaly onuň süýdüni salymyny bermän ölçäp aldy-da tüňňürini eline berdi.
– Ertirki süýdüňizi laboratoriýa berjekdiris. Suw guýmaň...
Bala onuň sözüne geň galdy.
– Ýok, ýok. Heý, heý süýde-de bir suw guýup bolarmy? Günä bolar-a...
Ol şondanam göni tutluga geçdi. Eşegine bir halta ýaprak, iki desse ot ýükläp öýe gelende, okuwçylar ýaňy mekdebe barýardylar.
– Bala! – diýip, ejesi ony dalarly görnüp garşylady. – Eýýäm geldiňmi?
Bala begendi.
– Geldim, eje jan!
– Sen oglan, süýdi bir äkidýäniň çynyňmy, gaty basym gidip gelýäň-ä.
– Çyn, eje jan, ýöne ertirki süýdmizi barlamaga berjekler...şony ejeňe aýt – diýdi, aşpez aýal.
Kör daýza gyzaryp duran gözüni sageli bilen ýapdy.
– O näme diýdigi gyz?
Bala ejesini gorkuzaýmakdan çekindi.
– Öňem barladylar-a. Gorkma, eje jan. Suwy näçe, ýagy näçe barlaýarlar. Ýöne gaby çaýkanyňam guýmaly däl. Ýogsa, hol, Berdileriň süýdüni almadylar-a, bir barlagdan geçmedi.
Mundan dört-bäş aý öň Bala Berdi bilen süýt satmaga gidýärdi. Ýoldaşlyja bolsaň kemem däldi. Emma süýtlerini barlamaklary Berdiniň işini gördi.
– Siziň süýdüňiz suwly, şonuň üçin ony aljak däl – diýdiler.
Ine, şeýdibem Balanyň ýeke özi gatnamaly bolupdy.
– Ah, şonda ejemden boldy, süýde suw guýma diýip durun welin, bir kürüşgäni eňterip goýberýär – diýip, Berdi oglanly öýde ogurluk ýatmaz edipdi.
Bala ejesinden arkaýyndy. Ol käýese käýär, ýöne harama barmagyny batyrmazam, batyrmazam.
– Sen oglan – diýip, ejesi hälki üzen erişini ýene-de düwdi. – Düýn mekdepde näme hekaýat gopdy.
– Hiç hekeýatam gopmady, eje jan...
Ejesi ýarawsyz gözüni aýasy bilen ýapdy.
– Şu bar-a, eddiljek otlaýaryn şol mekdebi, senem içine salyp gepiň gelmesin. Sen bar-a, balagyňa siýip, öküz ýaly halyňa, bizi masgara edip, ýalançyda gezdirmersiň. Oglum ýeke däldir. Ed-dil bar-a, otlaýaryn.
Garry aga başyny galdyrdy.
– Heýt, gylygyň näme?
Ejesi möwç aldy.
– Şu dogmanlar galanyň...
– Näme bolupdyr?
Kör daýza möwç aldy.
– Düýn mekdepde mugallym sapak aýtdyrjak bolup öňe çykarsa, hakyt okuwçylaryň öňünde...
Bala çydam edip bilmedi.
– Eje jan, mähribanym, öňem utanjyma ýere girjek bolup ýörün, sen meni näme üçin ýakýaň. Gazyň çukury, beýdeniňizden, gireýin. Sizem dynyň, menem dynaýyn.
Kör daýzanyň gahary eýle-beýle söz bilen köşeşerli däldi.
– Gir, girýän bolsaň, meýdi ýanan. Ýöne namysa goýma. Biamys oglum bolandan bolmany gowy...
Garry aga halys çydamady. Ol ýüzüni turşadyp urundy.
– Bes et-how sen. Bes et. Düýn güni bilen ygdyň, şol oglan öýüňi öý edip oturan. Ýene minnetiň näme oňa. Öňüňde bir käse çaý goýanyňmy?
Garry aga tirsegine galyp, töweregine delmuryp bakdy.
– Wah...
Bu sözler öňem nämeden yrsarajagyny bilmän oturan kör daýzanyň ýanyp duran odunyň üstüne süplük atan ýaly boldy.
– Gör-ä, gör. Men gitsem, oýnamaga gidýänmi? Öz derdim üçin gidýän. Şu öýi öý etjek bolup inçekeselli boldum. Indem aljak aklygym şol dälmi? Otuz ýyl bäri saçymy sübse edenim gözüňe görünmedi. Şol gara doňuz siýejiniň ilden el ýaly çörek diläp getirip, öňüňde bir çäýnek awulyk goýupdyr welin şol gowy bolaýdy. Men sen ýaly owjun kimin burlup ýatamog-a. Ýatsam ýatybermemeli. Ýatarynam. Meniň ýagdaýymam seniňkiden gowy däl. Üstümi saýalap duran ärim bolanlygynda, namysly-arly oglum bolanlygynda ýorgana girip ýatybermeli.
Garry aga ysgynsyz sözledi.
– Ýat senem – diýdi.
– Görýäňmi, sen bar-a, şu otuz ýylda öýüm bar-ow, aýalym bar-ow diýen dälsiň. Kolhozyň maly saňa şýem, aýalam, ogul-gyzam boldy. Indi seretsin-dä gelip kolhozyň. Duluňda ýeke gysym unuň ýok. Işigiňde diş synçgara odun-çöpüň ýok. Hurşuň ýok. Ýene menden süýjüje-süýjüje nahar tamakin.
Bala çydap bilmedi.
– Eje jan, käbäm, goýaýsan-a. Hemmesem bolar.
– Eje diýme, maňa...
– Eje jan...
Kör daýza içeriniň bir burçuny saklap duran köne sandygy açdy-da ondan çalşyrgyç eşiklerimi ýa-da beýleki mata-marlyklaryny alyp, ýelýyrman ýaglyga dolady-da öýkeli ýerinden turdy.
– Alyň, men bir ýok bolup keselhana gideýin, ýeriňiz giňelsin. Öýe heleý boluň, eýe boluň. Siz bir öýi allanäme dolap oturansyňyz.
Ol çykyp gitdi. Garry aga näme diýjeginem bilmän oýurganyp galdy. Emma Bala oturyp bilmedi. Ylgap ejesiniň yzyndan ýetdi. Ejesiniň golundan tutdy.
– Eje janym, käbäm, dur, gitme...
Kör daýza oglunyň elini silkip goýberdi.
– Degirme eliňi, ejeň bolmaz...
Bala ejesiniň öňünde näme müýnüniň bardygyna düşünmese-de özelendi.
– Günäm bolsa geç günämi, eje jan, aýagyňdan öpeýin, käbäm. Depäm bilen suw çekeýin gitme...
Ejesi gyňyr gepledi.
– gitmän, siziň pohuňyzy artyp şu güne ýetdim. Keselim güýjäp janymy alyp gelýär. Dohtorlar düýn alyp galjak bolsalar, şularyň halyndan habar alaýyn diýip gaýdýan, däli ýaly bolup, meniň özümi öldürmeli. Nämä gelýäň, geldiň, al paýyňy kör gyrnak...
Bala ýene özelendi.
– Eje jan, özüňi bejert, git. Ýöne beýdip gitme. Dädem janyň ýagdaýy gaty agyr. Öýde iýere ýeke dişlem çörek ýok. Sagymlyk sygyr gapyda dur. Olary kime tabşyrmaly. Gepleşeli. Soň özüm eşeklije eltip geleýin seni. Dädem jana iki agyz hoş söz aýdaý... Soň giç bolar, eje jan...
Ejesi silkindi.
– Bilmen han-a öýňüz, han-a malyňyz. Siz bir öz erkli adamsyňyz. Men ýok, sygryňam upbat bolsun, öýüňem.jan, jan öz janym. Sizem görüme kümmet galdyrasyňyz ýok.
– Dädem jan...
Kör daýza ýarawsyz gözüni aýasy bilen bekledi-de badyny az-kem gowşwtdy.
– Ataň düzüg däl. Düzüg bolsa, hudaý beýdip bimar etmezdi. Kolhozyň ýüz igrimi goýnuny kime beripdir. Öýe-hä getirenok. Kime beren bolsa, şolar sorasyn halyny. Bar, şolar aýtsyn iki agyz hoşamaý sözi. Men aýtmalymyşy. Maňa kim aýtsyn...
Bala ejesiniň yzyna gaýtmajagyna ýagşy göz ýetirdi. Ol eşegini alyp glmäge ylgady.
Köwşüni almak üçin içeri girdi.
– Bal-a! Aý, Bal-a...
Kakasynyň ynjalyksyz sesi ony özüne getirdi.
– Däde jan! – Ol gözüniň ýaşyny süpürdi.
– Balam, gabyz boldum. Şol düýnki bänkäňi getirsen-e.
Bala ot ýaly bolu bankany getirip, kakasynyň aşagyna tutdy. Soň bankany arassalady, çaýkady.
– Çaý içeňokmy, oglum?!
Bala iki arada elewredi.
– Däde jan, ejemi eşeklije keselhana eltip gaýdybereýin. Doktorlar derdiň beterledi, hökman keselhana gir diýipdirler.olam derdini ýüregine sygdyryp bilenok.
Ýaşuly alaçsyz razylaşdy.
– Kän eglenmegin...
Bala ejesiniň yzyndan çeşmäniň deňinde ýetdi.
– Eje jan, gel, eşege mün.
Kör daýza her näçe gyňyrlyk etse-de, eşege mündi...
Категория: Romanlar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Mahymm   [Mowzuga geç]
Dowamy yokmy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: