13:26
Ussat we Margarita -16/ romanyñ dowamy
XVI bap

ÖLÜM JEZASY

Takyr Depäniň üstünde Gün indi magryba agyp başlady we onuň çar töweregi iki hatar bilen gabalandy. Çäşde prokuratoryň ýoluny kesip, çapyp geçen atly goşun şäheriň Hewra derwezesine ýetdi. Olara tä barýançalar ýol açykdy. Kappadokiýa pyýada goşuny mähelleden hümer bolan ýoly açyp, adamlary, gatyrlary, düýeleri iki tarapa gysyp çykarypdy, şu sebäpli, goşun atlaryny arkaýyn çapdyryp, ap-ak tozany pelege ýetirip, Wifleýem ýoly bilen Ýaffa ýolunyň biri-birini kesip geçýän çatrygyna çykdylar. Soň ol Demirgazyk-günbatar ýoldan şemal dek öwsüp, ýelip gitdi. Mundan sähel öň, ýaňky Kappadokiýa pyýadalary ýoluň gyrasyna ýerleşip, Ýerşalaime baýrama gelýän kerwenleri öz wagtynda bir tarapa sowmaga ýetişipdiler. Zyýaratçylar eginlerindäki ýol çadyrlaryny taşlap, ýoly ýakalap düzlen Kappadokiýa pyýadalarynyň arkasynda sap-sap bolup durdular. Atly goşun bir çakyrym ýol geçip, okdurylyp gelýän ýyldyrym legionynyň ikinji kagortasyndan hem ozup gitdi we ýene bir çakyrym geçip, Takyr Depe meýdanyna birinji bolup bardy. Bu ýerde goşun atlardan düşdi. Komandir goşuny wzwodlara böldi, wzwodlar bolsa ol diýen belent bolmadyk bu depäniň diňe Ýaffa ýoluna dogrulanan azajyk ýerini açyk galdyryp, galan hemme ýerini gabap aldy. Atlylardan soň, sähel wagt geçip-geçmänkä, depäniň etegine ikinji kagorta hem ýetip gelip, depä bir basgançak ýokary göterildi we ol hem depäniň etrabyny gerdişsypat dolap aldy.
Ahyry Mark Krysaboýyň ýolbaşçylygyndaky kenturiýa hem ýetip geldi. Ol ýoluň iki tarapyny ýakalap, durnahatar düzlüp gelýärdi, ýoluň ortasyndan bolsa ýörite sakçylaryň gözegçiliginde arabada ölme höküm edilen we boýunlaryna arameý we grek dilinde «Garakçy we pitneçi» diýip ýazylan ak tagmajyklar asylan üç jenaýatçy barýardy. Bu arabanyň yzyndan täze ýonulan diregli sütünler, arkanlar, piller, bedreler-u paltalar ýüklenen başga arabalar gelýärdi. Bu arabalarda ýene alty sany jellat hem bardy. Arabalaryň yzyndan kenturion Mark, Ýerşalaim ybadathanalarynyň sakçylarynyň serdary hem-de ýaňy şa köşgünde garaňky otagda Pilat bilen gysga müddetli söhbet eden gaýtarma galpakly plaş geýen adam at münüp barýardy. Bu toplanşyk hatar bolup gelýän leşger bilen jemlenip, onuň arkasyndan alamat tomaşany görmek isleginde dowzah ody dek jyzrama günüň yssysyndan hem gorkmadyk iki müňe golaý bikär işsizler gelýärdi.
Şäherden üýşüp çykan bu tomaşatalaplaryň hataryna indi ýolda duşan synçy zyýaratçylar hem goşulyşyp, hemmesi bu taýa melalsyz, arkaýyn tirkeşip gelýärdiler. Ine, şu uzyndan-uzyn mähelle tä Takyr Depä ýetip barynça jarçylar ýaňy çäşde Pilatyň köşkde durup aýdan sözlerini batly owaz bilen gaýta-gaýta tekrarlap bardylar. Depäniň etegini gurşap alan atly goşun hemmäni ýokaryk, ikinji gurşaw tarapa geçirip goýberdi, ikinji kenturiýa bolsa depäniň üstüne diňe ölüm jezasyna höküm edilen adamlary geçirip, bütin mähelläni çaltlyk bilen depäniň çar töweregine ýaýratdy, netijede tomaşatalap mähelle ýokarda ― pyýadalar zynjyrynyň, aşakda atlylar hatarynyň aralygynda galdy. Indi olara jenaýatçylary pyýadalaryň selçeň hatarynyň arasyndan synlamak mümkindi.
Elkyssa, bularyň bu depäniň başyna göterilenine, ine, üç sagatdan köpräk wagt geçdi, indi Gün Takyr Depäniň üstünden agyp başlan hem bolsa, heniz onuň gyzgynlygy entegem çydar ýaly däldi, Depäni iki halka bolup gurşap alan atlylar hem, nökerler hem yssydan ýaňa ezýet çekýärdi, bu ýagdaýdan irip, bu üç jenaýatça içlerinden gargynyp, olaryň tizräk ölmegini isleýärdiler.
Depäniň eteginde duran pyýada goşun komandiriniň maňlaýy öl-suwdy, ak köýneginiň arkasy gara dere batyp, birinji wzwodyň deriden ýasalan bedresine tiz-tizden baryp, ondan owuçlap suw içdi, başyndaky sellesini ölledi. Şondan biraz teselli tapyp, ýokarlygyna gidýän gumak ýoluň ol çetinden-bu çetine dynman gatnaýardy. Onuň uzyn gylyjy çyzymlanan ädiginiň gonjuna urlup durdy. Şeýdip ol öz nökerlerine sabyrly-çydamly bolmakda görelde görkezmekçidi, emma şeýle-de bolsa, olara rehimi gelip, naýzalardan piramidalar ýasap, olaryň üstüne ak plaşlaryny ýapyp, saýawan etmäge ejaza beripdi. Siriýaly (suwarylar) nökerler ine, şu çadyrlarda rehimsiz gyzdyrýan güneşden jan saklap başlapdylar. Bedreler tiz-tizden boşaýardy we wzwodlaryň nobatçylary gezekli-gezegine depäniň etegindäki gowaklyklardan suw daşaýardylar: bu jarlykda gyrymsy tut agaçlarynyň goýy saýalarynda bulanyk bir çeşme bu dowzahy jyzramada ömrüniň soňky günlerini geçirip, şildiräp akýardy. Yssynyň derdinden ýuwaşan atlaryny saklap duran suwarylar hem şu ýerde bikarar bolup, kölege küýsäp, içleri gysyp durdular.
Esgerleriň bu ýerde ejir çekip oturmalarydyr jenaýatçylara gargamagy düşnüklidi. Çünki prokuratoryň ölüm jezasynyň ýerine ýetirilýän wagty, özi üçin nätanyş bolan Ýerşalaim şäherinde bidüzgünlikler ýüz berer diýip howpa düşmesi onuň bagtyna ýerlikssiz bolup çykdy. Ölüm jezasynyň başlananyna üç sagatdan aşanda, garaşylan ýagdaý ýüze çykman, ýokardaky pyýadalaryň hatary bilen depäniň etegindäki atlylaryň hatarynyň arasyna ýerleşen tomaşaçylardan biri hem galmady. Günüň jokramasy olary jyzyrdadyp, hemmesini Ýerşalaim tarap kowupdy. Indi ine, şu iki halkanyň aralygynda bu depä nädip geleni nämälim bolan iki sany eýesiz it galypdy, bolany. Emma jokrama yssy bu itleri-de haldan gaçyrypdy, şu sebäpli olar bagyrlaryny ýere berip, dillerini sallap ýatyşlaryna güneş howruna perwaý etmän, gyzan daşlaryň içinde ösen nähilidir tikenli ösümlikleri aralap, dynman ylgap ýören bu ýerdäki hažžyklara-da üns bermeýärdiler. Ölüme höküm edilenleri ne goşundan doldurylan Ýerşalaimiň özünde, ne bu ýerde ― töweregi gabalan, depede halas etmäge hiç kim synanyşyk etmedi, mähelle şähere gaýtdy, sebäbi, bärde bu jezalandyryşda hiç hili gyzyk ýokdy, şäherde bolsa bu wagt bu gün agşam ýetip gelen beýik baýrama ― pasha taýýarlyk başlanypdy.
Ikinji halkadaky rim pyýadalary atlylardan hem köpräk azar çekýärdiler. Kenturion Krysaboý öz esgerlerine diňe harby demir papaklaryny çykaryp, başlaryna öllenen ak guşagy ýapmaga rugsat berdi, emma olaryň naýzalaryny ellerinden aýyrtman, mydam dik sakladýardy. Özi bolsa, öllenmedik gury guşagyny başyna ýapyp, hatda köýnegine ýabşyrylan ýolbars keşpli kümüş nyşanlaryny-da, bilindäki gylyjy bilen hanjaryny-da aýyrman jellatlara ýakyn ýerde eýläk-beýläk ýöräp ýördi.
Şunlukda Gün ýiti tygyny göni kentiriona nazarlan bolsa-da, bu ony asla gynanokdy, kükregindäki şir nyşanlaryň ýüzlerine seredip bolmaýardy, çünki olar Gün şöhlesine eräp, lakyrdap gaýnaýan kümüş ýaly gözüňi gamaşdyrýardy.
Krysaboýyň terzi ýiten ýüzünde ne ýadawlyk, ne närazylyk alamatlary bardy, tersine döw kamat kenturion şu zeýilde tä gün batýança, soň daň atýança soňra ýene uzyn gün ― gysgasy, näçe wagt gerek bolsa şunça, ellerini mis tokaly hat ýazylan kemerine goýup, kä jenaýatçylar daňlan sütünlere, kä depäniň üstüni gorap duran esgerlere ýowuz seredip, aýak astyndaky wagt ötüp agaryp giden adam süňklerini ýa-da maýdajyk daşlary gaýtarma ädiginiň tumşugy bilen biperwaý depip geçmäge kadyr dek görünýärdi.
Gaýtarma galpakly adam sütünlerden sähel aňyrrakda üç aýakly kürsüde ornaşyp, biperwaý otyrdy, tukatlykdan ýaňa elindäki çöp bilen ýer çyzyp, gumy dörjeleýärdi.
Indi depäni gurşap alan iki halkanyň arasynda bir adam-da galmandy diýen gürrüňe gelsek, bu beýle bir dogry däl. Bu ýerde bir adam bardy, ýöne ony köpçülik görmändi. Ol depäniň üstüne çykylýan açyk ýol tarapda, ölüm jezasyny görmäge amatly ýerde däl-de, belki onuň çykmaga amatsyz, nätekiz bolan, köp ýerleri opurlan, ýarylan gowagyň ýanynda gurap barýan injir daragtynyň bir erňekde hudaý gargan takyr ýere ýapyşyp, jan saklaýan ýerinde ornaşypdy. Ölüm jezasyna dahyly bolmadyk ine, şu ýeke-täk tomaşaçy bu iş başlanan çagdan, ýagny dört sagat töweregi asla kölege bermeýän injiriň astynda, bir harsaň daşyň üstünde otyrdy. Dogry, ölüm jezasyny görmek üçin ol amatsyz ýer saýlapdy. Emma, her nähili bolsa-da, diregler daňlan sütünler, şeýle-de kenturionyň kükregindäki lowurdap duran iki sany galkanjyk hem esgerleriň hatarynyň arasyndan oňa açyk görnüp durdy, sebäbi adamlaryň gözüne düşmezlige, howatyr etmezlige çalşan kişi üçin şu ýeriň özi ýeterlikdi.
Emma mundan dört sagat öň, ýagny ölüm jezasy başlanjak wagty, ol bütinleý başgaça hereket edip, tas özüniň bardygyny duýdurypdy, megerem, şonuň üçin ol öňki bolşuny üýtgedip, hylwata çekilipdi.
Bu ýerde ol jeza berijileriň hatary iň ýokary derejä çykan çagy peýda bolupdy, onuň howlugyp gelenligi anyk duýlyp durdy, agyr-agyr haslaýardy. Ol depelige ýöräp, däl, ýüwrüp çykdy, adamlary itekläp, öňe geçdi we depede zynjyr dek düzlen esgerleriň hatary diňe onuň däl, bütin märekäniň öňüni kesenini görüp, özüni samsyklyga saldy, iň ýönekeý usuly goldap, gaharly esgerleriň sözlerine düşünmeýän ýaly, gös-göni jeza meýdanyna esgerler hataryny böwsüp geçmekçi boldy. Bu kylmyşy üçin ol naýzanyň yz tarapy bilen kükregine urgy aldy we agyrydan däl, umydy puja çykany zerarly gygyrdy-da, yzyna tesdi. Ol beden agyrsyny duýmaýan, asla geleňsiz adam dek, bulançak gözleri bilen özüni uran legionere seretdi.
Soň kükregine elini goýup, üsgürinip, hassyldap, depäniň daşyna aýlanyp çykdy, zynjyr ýaly esger halatlaryndan bir yş tapyp, jeza meýdanyna duýdurman geçmekçi boldy, ýöne eýýäm giçdi. Gabaw örän berkäpdi. Şonda agyr gamdan ýüzi üýtgän bu adam arabalardan sütün we diregler düşürilýän ýere böwsüp geçmek niýetinden el çekdi. Çünki bu synanyşykdan netije çykman, tersine, özüniň ele düşmegi mümkindi, elbetde, edil şu gün ele düşmek onuň rejesine girmeýärdi.
Şuňa görä ol özüni çete çekip, darajyk depäniň jaýryk çetine bardy, bu ýerde oňa hiç kes päsgel bermeýärdi.
Gün şöhlesinden we ukusyzlykdan gözleri iriňleşen, gara sakgally bu adam indi daşyň üstünde gamgyn otyrdy. Ol aslynda mawy bolan, sergezdanlykda hapa çal röwüş alan tallifini (uzyn etekli köýnek) açyp, naýza urgusyndan ýaralanan kükregini çäkläp, gorsanyp, kä gözlerini azap bilen asmana dikip, hä diýmän zyýapat boljagyny duýup, gökde ganatlaryny giň ýaýyp, köpden bäri çarh uryp aýlanýan üç sany gara guşy synlap, käte umytsyz nazaryny saralan ýere dikip, aýagynyň astynda ýatan pytrap başlan itiň kelleçanagyna we onuň töwereginde dynman ýüwrüp ýören hažžyklara bakyp otyrdy.
Bu adamyň çekýän jebri şeýlebir agyr bolup, käte ol öz-özi bilen gepleşip başlaýardy.
— Wah, men akmak! ― diýip hüňürdeýärdi ol, daş üstünde ruhy taýdan azap çekip, çaýkanyp oturyp, dyrnaklary bilen garaýagyz kükregini gaşap, ― däli men, akmak heleý men, gorkak men! Adam däl, bir maslyk men!
Ol başyny aşak egip dymdy, soň agaç gapdan ýylap giden suwdan owurtlap, ýene özüne gelip, kuwwatlanyp, kä tallifiniň içinde gizlän pyçagyny, kä garşysynda, ýerde çöp galam bilen syýa çüýşäniň ýanynda ýatan bir bölek pergamenti eline alýardy.
Bu pergamente häzir şeýle sözler ýazylypdy: «Wagt geçip barýar, men, Lewiý Mambeý Takyr Depede, emma ölümden heniz derek ýok!».
Soňra ýene: «Gün agyp başlady, emma ölümden derek ýok!»
Indi Lewiý Matweý umytsyzlyga düşüp, ýiti çöpgalam bilen aşakdaky sözleri ýazdy:
«Eý, Hudaý! Näme beýle oňa gazap edýärsiň? Tizräk oňa ölüm gönder».
Şulary ýazyp bolup, göz ýaşsyz hyrkyldap aglady we ýene dyrnaklary bilen göwsüni dyrnap başlady. Lewiýniň beýle nala-pygan çekmegine özi bilen Iýeşua ikisiniň başyna düşen eýmenç şowsuzlygy hem-de Lewiýniň özüniň goýberen agyr hatasy sebäp bolupdy. Öňküsi gün Iýeşua bilen Lewiý Ýerşalaim golaýyndaky Wifoniýa obasynda bir daýhanyň melleginde bolupdylar. Çünki Iýeşuanyň wagyzlary öý eýesine örän hoş ýakypdy. Ikisi ir ertirden daýhana kömekleşip, onuň ekin meýdanynda işlediler, çünki olar gije salkynda Ýerşalaime gitmekçidiler. Emma günortan birden Iýeşua howlugyp ýola şaýlanyp, şäherde zerur işim bar diýip gitdi. Lewiý Matweýiň birinji ýalňyşlygy şundan ybaratdy. Nämüçin, nämüçin, ol onuň ýeke özüni goýberdi!
Agşamlyk bolsa Matweýiň özi Ýerşalaime baryp bilmedi. Garaşylmadyk ýerden ol nähilidir bir eýmenç derde ýolugdy. Onuň endam-jany titräp-gagşap, ot bolup ýanyp başlady, dişleri şakyrdap, çalt-çaltdan suw dileýärdi. Ol hiç ýere gidip bilmedi. Ol daýhanyň samanhanasynda özüni otuň üstüne taşlap, ertirki juma gününiň säherine çenli huşsyz ýatdy, emma dert Lewiýe agşamara nähili birden ýolugan bolsa, şonça basym hem terk etdi. Ol heniz halsyz, aýaklary saňňyldap dursa-da, köňli boljak bir betbagtlygy duýup, bikarar bolup, daýhan bilen hoşlaşyp, Ýerşalaime ugrady. Şähere gelip, duýgusynyň aldamandygyny bildi. Bagtsyz hadysa ýüz beripdi. Prokurator hökümi yglan edýän wagty, Lewiý mähelläniň arasynda durup, ony diňledi. Ölüme höküm edilenleri depä alyp barýarkalar, Lewiý Matweý Iýeşua, iň bolmanda özüniň şu ýerdedigini, onuň bilen biledigini, soňky ýolunda-da dostuny ýalňyz galdyrmandygyny we onuň janyny tizräk almagy Hudaýdan dileg etjegini ýagdaýyny tapyp, duýdurjak bolup gabawyň we mähelläniň hataryny ýakalap, ylgady. Emma uzaklara, barmaly menziline seredip barýan Iýeşua, elbetde, Lewiýni görmedi.
Ýöne jeza resmi ýarym çakyrym ýoly geçende, mähelläniň iteklemesi bilen durnahatar düzlüp barýan legionerleriň öňüne baran Matweýiň beýnisine birden ýönekeý we örän ajaýyp pikir geldi-de, aslynda-da gaharjaň bu adam, nämüçin şu pikir beýnime öňräk gelmedikä diýip, öz-özüni näletledi. Zynjyr ýaly bolup barýan esgerleriň aralarynda sümäýer ýaly yş bardy. Eger çalasynlyk bilen, anyk nyşana alyp iş görülse, iki legioner arasyndan sümlüp geçmek we ylgap baryp araba çykmak mümkindi. Ine, şonda Iýeşua azapdan gutulardy.
Iýeşuanyň ýagyrnysyndan pyçak urup, oňa: «Iýeşua! Men seniň ýeke-täk sadyk şägirdiň Matweý, seni azapdan gutaryp, özüm hem sen bilen ölýändirin!» ― diýip gygyrmak üçin birazajyk pursat ýeterlikdi.
Eger Huda ýene az salym puryja berse, Matweý öz-özüni pyçaklap, sütüne daňlyp, ejirli ölmeden halas bolup bilerdi. Emma häzir bu öňki salgyt ýygnaýjyny az gyzyklandyrýardy. Nähili ýagdaýda jan bermek onuň parhyna däldi. Ol diňe bir zady ― ömründe ile zerreçe ýamanlyk etmedik Iýeşuanyň ölmegini isleýärdi.
Bu juda ýagşy rejedi, ýöne Lewiýniň ýanynda pyçagy ýokdy. Şeýle hem jübüsinde kör köpük puly hem ýokdy.
Özünden gaty ynjap, Lewiý mähelläň arasyndan çykyp, yzyna — şähere tarap ylgady. Onuň gyzan kellesinde diňe bir gaýnag pikir — şäherden, nähili edip bolsa-da, pyçak tapyp, ýene jeza resmine ýetip barmak pikiri at salýardy.
Ol şäher tarapa akyp barýan adam kerwenleriniň arasyndan seresaplyk bilen ylgap, şäher derwezesine ýetdi, çep tarapynda açyk duran çörek dükanyny gördi. Jyzrama yssyda ylgap geleni zerarly, haslap başlan Lewiý birazajyk demini dürsäp, sypaýylyk bilen dükana girdi, tahylyň aňyrsynda duran dükan bikesi bilen salamlaşdy, gözüne nämüçindir iň ýokarky tekjede duran bulka ýagşy görnüp, bikeden şol çöregi bermegi haýyş etdi, emma bike aňrysyna öwrülen badyna, ol tahylyň üstünde ýatan, özüne juda zerur zady — ýalaw ýaly ýiti, uzyn pyçagy aldy-da, dükandan çykyp gitdi. Birnäçe minutdan soň, ol ýene Ýaffa ýoluna çykdy. Emma jeza resmi görünmeýärdi. Ol ylgap gitdi. Wagt-wagt oňa özüni dürsemek üçin gumak ýoluň gyrasynda gymyldaman ýatyp, dynç almak gerek bolýardy. Ol diňe bir gürsüldäp urýan ýüreginiň sesini, kellesinde, gulaklarynda hem eşidip ýatýardy. Ol birazajyk demini dürsäp, böküp turup, ýene ylgap başlaýardy, ýöne indi kem-kemden haýal hereket edýärdi. Haçanda ol tozan turzup barýan jeza resmini görende, olar eýýäm depä alkymlap barypdy.
― Eý, hudaý... ― diýip yňrandy gijä galýandygyna düşünen Lewiý.
Hawa, ol gijä galypdy. Ölüm jezasy resminiň başlanyna dört sagat bolanda, Lewiniň çekýän jebri iň ýokary öwjüne çykyp, gazaby gaýnady. Ol daş üstünden turup, göwnüne, indi zerur bolmajak ogurlyk pyçagy ýere zyňdy, agaç gabyny suw aýagy bilen depip, mynjyradyp, özüni suwdan mahrum etdi, başyndan ýaglygyny sypyryp, gür saçyny penjelläp, özüni näletledi.
Ol bolar-bolmaz gepler bilen özüne aýawsyz käýinýärdi, yňraýardy, tüýkürinip, özi ýaly akmagy dünýä inderen ene-atasyna-da sögünýärdi.
Ol şunça antyň-kasamyň, sögünjiň bu jyzyrama günde hiç hili netije bermeýänini görüp, ýumruklaryny düwüp, asmana, kölgeleri kem-kem uzaldyp, Ortaýer deňzi tarapa agyp barýan Güne gözlerini gamaşdyryp, Hudaýdan bir gudrat görkezmegi dileg edip, tizräk Iýeşuanyň janyny almagyny talap etdi.
Emma ol gözüni açyp, eger kenturionyň döşündäki iki galkanjygyň indi lowudamaýandygyny hasaba almasaň, hiç zadyň üýtgemändigini gördi. Indi gün şöhlesi ýüzleri Ýerşalaim tarapa bakdyrylyp haça çekilen jenaýatçylaryň arkasyna düşüp durdy. Şonda Lewiý:
― Lagnatlar bolsun saňa, eý, hudaý! ― diýip gygyrdy. Soňra ol gyrlan sesi bilen hudaýyň adalatsyzlygyna şaýat bolany sebäpli, indi oňa asla iman getirmejegi hakynda nalyş etdi.
― Sen ker! ― diýip hyrryllaýardy Lewiý, ― ker bolmanyňda, nalamy eşiden badyňa, onuň janyny alardyň.
Şu kinelerden soň Lewiý gözlerini ýumjukladyp: häzir gökden ýyldyrym düşüp, men akmagy ýer-ýegsan eder diýip garaşdy. Ýöne beýle zat bolmady, şonda Lewiý henizem gözlerini giňden açmaga gorkup, göge bakyp, ajy we armanly sözleri gygyrmagyny dowam etdi. Ol gökden bütinleý umydyny üzeni, dünýäde başga hudaýlaryň dinleriň hem bardygy hakynda gygyrýardy. Hawa, başga hudaý Iýeşua kibi ynsanyň sütüne çüýlenip, günüň howruna bişip ölmegine hiç-haçan ýol bermezdi.
― Men ýalňyşypdyryn! ― diýip hyrryldaýardy bütinleý boglan owaz bilen Lewiý, ― sen ýowuzlyk hudaýy ekensiň! Ýa gözleriňi ybadathanadaky çilimhanadan göterilen tüsse kör edip, gulaklaryň dindarlaryň çalýan surnaý sedasyndan başga sesi eşitmäge ejizmi? Sen gudraty güýçli hudaý dälsiň. Sen garaniýet hudaý sen. Lagnat okaýaryn saňa, garakçylaryň hossarlary we puştypenasy bolman huda!
Şol wagt sadyk salgyt ýygnaýjynyň ýüzüne bir zat üfledi, aýagynyň aşagynda nämedir bir zat şatyrdady. Ýaňky dem urmak ýene gaýtalandy, Lewiý gözüni açyp, öz gargynçlarynyň täsirindenmi ýa özge bir sebäbe görämi, töwereginde bar zadyň üýtgändigini saýgardy. Gün her gün batýan ýerine ― deňze ýetmän gaýyp bolupdyr. Günbatar tarapdan ýuwaş-ýuwaş goýulaşyp gelýän eýmenç gara bulut ony ýuwdupdy. Buludyň gyralarynda ak köpükjiklerden ybarat haşamly zer ýüze çykyp, onuň garamtyl garny sarymtyl nur bilen şöhlelenýärdi. Bulut gümmürdäp, ondan otly ýüpler guýulýardy. Birdenem güýçli ýel zyýaratçylaryň Ýaffa ýolunyň ýakasyna, takrap ýatan Gion düzlügine diken çatmalarynyň üstünde tozanly tüweleý göterdi. Lewiý, tizara Ýerşalaimiň üstüni gaplamaga şaýlanan gara bulut bagtygara Iýeşuanyň takdyryna bir üýtgeşik girizermikä, diýip pikire batyp, dymdy. Soňra gara buldy bölek-bölek edip nurlanýan otly çyzyklary synlap, ýyldyrymdan tizräk Iýeşuanyň daňlan sütünine gelip urulmagyny dileg edip başlady. Ol gara buludyň häli bütinleý ýuwdup ýetişmedik açyk asmanyna, gök gümmürdisinden heder edip, ganatlaryny kakýan garaguşlara dikanlap, lagnat okamakda juda howlukmaçlyk edenine ökündi. Indi Hudaý onuň sözüni kabul etmez.
Lewiý nazaryny depäniň etegine aýlap, öňki atly polkuň duran ýerinde örklendi we ol ýerde üýtgeşik wakanyň bolýanyny gördi. Depäniň etegini gaban pyýada nökerler dynman ýüwrüp, ýere sanjylan naýzalaryny sogrup, plaşlaryny egne taşlap, jylawdarlar daýaw gara atlary idekläp, uly ýola çapdyryp çykaýardylar, bularyň hemmesi ýokardan Lewiýniň gözüne anyk görnüp durdy. Ol tozanly şemaldan ýaňa ýüzüni eli bilen örtüp, tiz-tizden tüýkürip, näme sebäpden atlylar gitmäge şaýlandylarka diýip baş agyrdyp ugrady. Soň nazaryny ýokary galdyryp, gyrmyzy harby plaş ýapynan bir adamyň ölüm jezasy meýdançasyna göterilýändigini gördi. Ana, şonda azap pursatynyň soňky şatlykly demleriniň golaýlaşanlygyny duýan sadyk salgyt ýygnaýjynyň ýüregi sowap gitdi. Gozgalaňçylaryň azap çekip başlanyna dört sagatdan köpräk wagt geçende, depä göterilen bu adam Ýerşalaimden janpenasynyň goragynda gelen kagorta komandiridi. Krysaboýyň bir ümi bilen esgerler hatary süýşüp, tribuna ýol açdy, kenturion bolsa, oňa çest berdi. Tribun bolsa Krysaboýy bir çete çagyryp, oňa birzatlary pyşyrdady. Kenturion ikinji mertebe oňa çest berip, sütünleriň aşagynda harsaň daşlarda oturan jellatlara tarap ýol aldy. Tribun ― üç aýakly oturgyçda oturan adamyň garşysyna tarap ýöredi, ol hem sypaýylyk bilen tribuna garşy turdy. Tribun oňa hem pessaý ses bilen bir zatlar aýtdy, soň ikisi sütünlere tarap ýol aldylar. Ybadathananyň sakçylarynyň serdary hem olara eýerdi. Krysaboý sütünleriň teýinde ýatan, ýap-ýaňam jenaýatçylaryň lybaslary bolan, emma jellatlaryň almakdan ýüz öwren köne esgilerine ýigrenç bilen göz gyýtagyny aýlady-da, jellatlardan ikisini çagyryp; ― Meniň bilen ýörüň! ― diýip buýrdy.
Iň ýakyn duran sütünden gyryk owaz bilen aýdylan manysyz aýdym eşdilýärdi. Bu sütüne daňlan Gestas haça çekileli bäri üç sagat geçende, siňekleriň we Günüň howrundan däliräpdi, indi ol üzüm hakda nähilidir bir aýdyma ýuwaş hiňlenýärdi, emma şeýle-de bolsa, selle oralan başyny aram-aram bir çaýkap goýberýärdi, şonda ýüzüne üýşen siňekler ýuwaşlyk bilen «güw» göterilip, şobada ýene ýüzüne gonýardy.
Ikinji sütüne çekilen Dismas beýleki iki jenaýatçydan köpräk azar çekýärdi, çünki heniz huşuny ýitirmändi, şuňa görä, kellesini bir saga, bir sola ýaýkap, gulagy bilen egnini urjak bolýardy.
Iýeşua galan iki jenaýatçydan bagtyýarrakdy. Ölüm jezasy başlanan birinji sagadyň özünde ol özüni ýitiripdi, soňra sellesi çözüljek bolýan başyny sallap, bütinleý huşundan gidipdi. Şonuň üçin çybyndyr siňekler ony bütinleý büräp alypdy ki, bu gybyrdaýan gara hümeriň aşagynda onuň ýüzi asla görünmeýärdi. Onuň garnyna, goltugyna ýapyşan semiz-semiz gök siňekler biçäräniň ýalaňaç, saryýagyz tenini sorup ýatyrdy. Gaýtarma galpakly adamyň yşaraty bilen iki jelladyň biri eline naýza aldy, ikinjisi sütüniň aşagyna suwly bedre bilen esgi alyp geldi. Birinji jellat Iýeşuanyň kese direge ýüp bilen gaýym daňlan elleriniň ilki birine, soň beýlekisine naýza bilen urdy. Onuň gapyrgalary görnüp duran bedeni bir tisgindi. Jellat naýzanyň ujuny onuň garnyndan ýöretdi. Iýeşua başyny göterdi, şonda siňekler «güw» edip ördüler, asylgy jenaýatçynyň çybyn çakyp tanalmaz ýaly çişen ýüzi açyldy, onuň gözleri ýumukdy.
Ha-Nosri ýelmeşen gabaklaryny zordan açyp, aşak seretdi. Onuň hemişe ýagty gözleri indi bulançakdy.
― Ha-Nosri! ― diýdi jellat.
Ha-Nosri çişen leblerini zordan gymyrdadyp, garakçylaryňka meňzeş ýakymsyz ses bilen seslendi.
― Saňa näme gerek? Nämüçin meniň ýanyma geldiň?
― Iç ― diýdi jellat, naýzanyň ujuna geýdirilen esgini suwa batyryp, Iýeşuanyň agzyna eltdi. Onuň gözleri şatlykdan ýylpyldap gitdi, ol esgini açgözlük bilen sorup başlady. Goňşy sütünden Dismasyň sesi geldi: ― Adalatsyzlyk! Menem edil şonuň ýaly garakçy.
Dismas özüne zor saldy, ýöne gymyldabam bilmedi, çünki elleri üç ýerden kese direge ýüp bilen gaýym daňylgydy. Ol başyny Iýeşuanyň daňlan sütünine garadap garnyny içine çekdi, dyrnaklaryny diregiň ujuna batyrdy, gözlerinde gazap uçgunlary ýandy.
Meýdançany çaň-tozan basdy, garaňky güýçlendi. Şemal tozany uçuryp gidensoň, kenturion gygyrdy:
― Ikinji sütündäki, öçür owazyňy!
Dismas dym-dyrs boldy. Iýeşua esgini agzyndan aýyrdy-da, ýumşak we mylaýym owaz bilen geplemäge çalyşdy, barybir muny başaryp bilmän, gyryljak ses bilen jellada ýüzlendi:
― Oňa-da içir!
Tümlük kem-kem goýulaşdy. Ýerşalaime tarap süýşýän bulut indi asmanyň ýarysyny büräpdi, iň öňde gara nem we otly ýyldyrymlary göteren ap-ak bulutlar süýşüp-daşyp barýardy. Edil depäniň üstünde ýyldyrym çakyp, gök gümmürdedi. Jellat esgini naýzanyň ujundan aýyrdy.
― Belent mürewwetli igemona hamdy-sena! ― diýip dabaraly ýagdaýda pyşyrdady ol we Iýeşuanyň ýüregine naýzanyň ujuny batyrdy. Ol galdyrap pyşyrdady: ― Igemon...
Gan onuň garnyndan syrygyp gaýtdy, onuň eňekleri şakyrdap, soň kellesi aşak sallandy. Gümmürmama ikinji gezek gümmürdände, jellat Dismasa suw içirip başlady, soň ýene Igemona şöhrat! sözüni gaýtalap ony hem öldürdi. Dälirän Gestas jellady öz sütüniniň aşagynda göreninden gorkup gygyrdy, emma esgi leblerine degenden, bir zatlary samrady-da, esgini mäkäm dişledi. Birnäçe sekuntdan soň, onuň hem başy şalkyldap, aşak sallandy.
Gaýtarma galpakly adam jellat bilen kenturionyň yzyndan ýöräp barýardy, onuň yzyna bolsa ybadathana sakçylarynyň serdary eýerdi, Gaýtarma galpakly adam birinji sütüniň aşagynda saklanyp, gana boýalan Iýeşuany üns bilen gözden geçirdi, ap-ak eli bilen onuň ökjesini tutup görüp, ýoldaşlaryna:
― Ölüpdir ― diýdi.
Galan iki sütüniň aşagynda hem şu ýagdaý gaýtalandy. Soňra tribun kenturiona ümledi-de, yzyna öwrülip, ybadathana sakçylarynyň serdary we gaýtarma galpakly adam bilen bilelikde depeden aşak gaýtdy. Howa ala garaňky boldy, gap-gara asmanda ýyldyrym at çapdy. Birden gökde o uçurylan ýaly boldy we kenturionyň: «Halkany aýryň!» ― diýen buýrugyny gök gümmürdisi basyp gitdi. Esgerler begenişip, tuwulgalaryny geýip, depeden düşüp başladylar. Ýerşalaimi zulmat tümi ýapdy.
Kenturiýa esgerleri Depäniň ýarym biline ýetenlerinde, birden şaglap ýagyş guýdy. Ýagmyr şeýlebir güýçlidi welin, ol sil dek möwjäp esgerleriň yzyndan kowup ýetdi. Tekiz ýola düşmäge gyssanan esgerler şalpy-şaraň palçykda taýyp öwran-öwran ýykylýardylar. Tekiz ýolda bolsa durşuna öl-suw bolup, Ýerşalaim tarapa barýan atlylar güwläp guýýan ýagyş perdesiniň arasynda göze ilýärdi. Ýene birnäçe wagt geçenden soň, gök gümmürdisinden ýaňa ýagyş we ýyldyrym bürän depede diňe bir adam galdy. Ol ýöne ýere ogurlanmadyk pyçagy silkäp, pesli-belentli ýerlerden taýyp, gabat gelen her bir zada ýapyşyp, ýeri gelende, emedekläp sütünlere tarap howlukýardy. Ol kä goýy zulmat goýnunda gaýyp bolýardy, kä çakan ýyldyrym şöhlesiniň astynda göze aýdyň görünýärdi. Ine, ahyry ol sütünler bosagasyna ýetip gelip, topugyna çenli suwa batan ýagdaýda ýagyşda ezilip, öl-suw bolup agralan tallifini çykaryp taşlady, köýnekçe ýagdaýda Iýeşuanyň aýaklaryny gujaklady. Owal-a onuň baldyry daňlan ýüpi kesip taşlady, soň aşaky kese agaja aýagyny basyp çykdy-da, Iýeşuanyň jesedini gujaklap, onuň ýokarky kese agaja daňlan ellerini boşatdy. Ýalaňaç we ýagyş suwuna ezilen jeset Lewiýni ýere ýykyp, üstüne basyp düşdi. Lewiý şu demde ony egnine göterjek boldy, emma köňlüne bir pikir gelip, niýetinden gaýtdy. Ol gulajy gerlen jesedi ýerde, ýagmyr suwunda galdyryp, palçykda ýykylyp-sürşüp, aýaklaryny laýa çümdürip, beýleki sütünler-haçlar tarapa ylgady. Ol sütünlerdäki ýüpleri kesip taşlady, jesetler ýere gaýtdy... Aradan birnäçe sekunt geçenden soň, depäniň üstünde diňe şu iki jeset bilen üç sütün gugaryp galdy. Ýagyş jesetlere urulýardy, suw olary gapdala agdardy.
Bu wagt depäniň ýokarsynda Lewiý hem, Iýeşuanyň jesedi hem eýýäm ýokdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 9 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: