13:19
Iñ soñky tomus / roman
IÑ SOÑKY TOMUS

P R O L O G

Bili halys bükülen başyndaky guzy derisinden eýlenip tikilen buýralary ýele-güne halys reňkine gelen mele, ullakan türkmen telpeginiň agramyny hem göterip bilmeýän ýaly, boýunlaryny eginleriniň içine salyp, uzyn mele dony mesisine ýagşy çolaşan pukara goja heniz gumynyň hem gyzyly solmadyk mazaryň başynda tomsuň bu ýylky tomsuň gazaply jöwzasyna eräp gidip barýan ýalydy. Ol gözlerini ýagşy ýumup, öli ruhy uran dodaklaryny çala gymyldadyp, doňup otyrdy.
Ol derli, hesretli, bireýýäm çöňňelen gözlerini güne dikdi, soň bir elini ýere, birden açdy-da beýlekisinem tut çybygyndan tämizlenip edilen hasasyna diredi-de, agyr ýükli kerwen kimin, elenip, uly ýola bakan gaýtdy.
Ol Babajan işandy.
Işan aga obanyň ortasyndaky dükanyň ýanyndan öýüne bakan ýönelende, goňşy jaýlaryň biriniň eýwanynda oturdylan reproduktordan aýal diktoryň uly joşgun bilen, buýsançly sözleýän sözi gulagyna ildi.
– Türkmen halky beýik rus doganyň arkadaglygynda, Sowet Soýuzynyň Kommunistik Partiýasynyň parasatly ýolbaşçylygynda ösen sosializmiň ajaýyp eşretini görüp ýaşaýar. Nesip bolsa, ýene-de sanlyja ýyldan adamzadyň mukaddes umydy, kommunizmiň röwşen günlerinde ýaşajagymyz hiç-hili şek-şübhe ýokdur.
Babajan işan assaja ýöräp barşyna:
– Eý, ynsan, ynsan! Bu hapalanyşyň bilen, bu azyşyň bilen indi ýüzüňe hakyň ýagşylyk nury haçan düşerkä? – Diýip, başyny gussaly ýaýkady-da – Wah, ynsan, ynsan, sen indi haçan ýalkanarkaň haçan!? – diýdi.

* * *

«Jaýyň jennet, imanyň hemra bolsun däde jan!...»
Iki dünýäniň şamçyragy, mähriban kakam Nepes Meret oglunyň ýagty ýadygärligine.


1.

– Bala, bala! – Tekjedäki peltesi garalyp giden, onuň daşynam gögümtil gyzgylt ýalnyň goýy tolkunlary gaplap alan çyranyň ýaryny düýp tutan çüýşesinden zolak-zolak bolup, ýatan ýorgan-düşegiň üstüne düşýän çlamydar yşykda adam saýgarar ýaly däl. Kör daýza bilgeşleýin diýen ýaly elindäki demir bedräniň sapyny şykyrdadyp özbaşyna diýen ýaly samyrdady.
– Bala, tur indi. – Ol çyranyň yşygyna bäş litrlik syrçaly tüňňüriň agzyna akja hasany endiganja goýdy-da, bedredäki süýdi şoňa eňterip başlady. Ol aýal kiçijik börüginden gaýdýan alyndaňysynyň süýt guýmaga päsgel berýän ujyny ýeňsesine endiklije, ýeňiljek serpdi-de, ýene-de özbaşyna diýen ýaly hüňňürdedi. – Bala, heý, bu oglany, uky diýseň jany çykýar, janyny uky alan, tur-a!
Onuň hüňürdisine tördäki ýorganyň burçuny serpen, ýaşuly ak ýaglyk bilen daňlan başyny galdyrdy.
Kör daýza arka tapynana döndi.
– Taňry gün berse şeýled-ä. Ugratjak bolsaň – Ol bokurdagyny az-kem hyjyldadyp, ýagşy dem aldy-da, gürrüňiniň ýarysyny öňkä görä pesräk äheň bilen aýtdy – Dert-azarda. Men özüm üçin goýýandyryn bulary azara bilgeşleýin ýatyr-a, bilgeşleýin, naýynsap.
Ýaşuly bärsine öwrüldi-de ýuwaşja hany, besdir «diýýän äheňde ähüm-ühüm etdi.
Kör daýza ysgynsyz elleri bilen tüňňüriň agzynda duran hasany aýyrman öňa gapagyny geýdirdi. Eliniň güýji ýetmäni üçinem birki gaýta «häh» edip, agyr-agyr hyşalap dem aldy-da gapagyň üstünden aýasy bilen urdy. Gapak eýgerder ýaly däldi.
– Bu-da bir – diýip, ol ogluna gelen gaharnamgapakdan çykarjak bolýan ýaly, ony dyzy bilen, bar güýjüni berip basdy.
Şol wagt, nämüçindir, işikdäki sygyr haýbatly molady.
– Haý, molap galan – diýip, ol ýerine az-kem golaýlaşan gapagy sermeläp durşuna, ynjyly hüňňürdedi.
– Ol buýurman geçenem, buka geljek bolýarmy, nämemi, molap geçýä, molap geçen. Süýdünem çekipdir. Bir ýapyşalga şoldy, onuňam gözi gömülsin, indi gum ýalamaly bolsun. – Ol bu sapar sesine has dözümli darady.
– Tur, oglan, beýdip ýatma-da, tur indi...
Kör daýza süýtli tüňňüri taýýarladym edip, burça goýdy. Soň ýatanlaryň aýagyny basaýmaýyn diýen niýet bilenmi, ýa-da büdremezlik üçinmi seresap basyp, ýorganlaryň birini janagyrly serpdi-de, ýatany gaharly yralady.
– Tur, oglan, tur! Gün dogup gitd-ä, ýatyrsyň. Entek eşegiňem palanlamaly, tur!
– Sen maňa garaşgyn!! – Bala, näzikden mähriban ýylgyryp duran Akjanyň elinden tutaýjak-tutaýjak boldy. Akja klasda gyňyr, özerkli görünse-de, häzir gowudy. Bala onuň gowudygyny öňem bilýärdi. Ýöne häzir ol Akja üçin ýüregini bölüp bermelem bolsa taýýardy. Onuň ýalançyny ýaz edip ýylgyrşyna ýürek näme, ömrüňi berseňem az ýalydy...
Ol häzir Akja ýene-de bir zat diýesi, ony az-kem saklasy geldi.
– Bala!
– Jan! – Ol baryp, nämüçindir Akjanyň aýaklarynyň ýanynda çöküne düşüp otyrdy. Akja tisginip gitdi.
– Bala, tur! Tur, bala!
Onuň turasy gelmedi.
– Akja, sen maňa garaşgyn. Men, men...
– Tur, tur, bal-a!
Akja ony agyr-agyr silkeledi.
– Tur!
Ol şeýle mähriban, çepiksije gyzyň beýle güýjüne haýran galdy. Ýa-da «agasy geläýdimikä» diýip töweregine garanjaklapdy.
– Tur oglum, yur!
Balanyň pikiri garyşdy. Agyr sarsgyn, erkek adamyň tanyş sesi ony süýji ukynyň girdabyndan alyp çykdy. Ol gözüni açdy.
Ala-garaňky içeride kimdir biri onuň ýüzüne abanyp durdy. Ol bu gara Akjanyň agasydyr öýtdi. Ýüzüne degjek şarpykdan tisginip, düýrükdi-de gorky bilen beýlesine öwrüldi.
– Bala! Wah, ne alaç edeýin, tur, oglan!
Ol ejesiniň sesini tanady-da ýerinden zöwwe galdy.
– Eje, hany, A... – Ol yzyny aýdyp bilmedi. Bolan zatlaryň düýşündedigini duýup galdy.
– Hemmesi taýýar. Eşegiňi palaňla-da ugraber.
Bala ýerinden turdy-da gapa ýüwürdi. Onuň ukuly gözleri zat görenokdy. Ýöne çaga akly welin bu günki agyr işleriň ählisini saldarlap-saldarlamanka düýrügip gitdi.
Häzir oglanjyga bu günüň aladasy düýnküdenem agyr boljagyny seljermäge wagty ýokdy. Ol saplaw bilen bedräniň düýbnde galan suwdan sähelçe alyp, ýüzüni ölledi. Soň bir böwürde hynçgyryp duran eşeginiň ýanyna bardy. Onuň palanyny arkasyna goýdy-da garnynyň aşagyndan soňam guýrugynyň astyndan guşagyny berkitdi. Gazykdan ýüpüni boşadyp, gapa getirdi.
– Eje!
Kör daýzanyň türkmeniň sypaýy egin-eşiginde gizlenen çepiksije göwresi görnen badyna-da işikde duran horjuny alyp, eşegiň üstüne atdy.
– Daşy barmy?
– Bar.
Horjunyň bir taýynda süýt tüňňür beýlekisinde şonuň laýyk ullakan daş bardy.
– Ýüpüňi, oragyňy aldyňmy?
Bala ynjyly gürledi.
– Eje jan, meniň okuwymam bar-a. Düýnem baryp bilmedim.
Kör daýza tisginip gitdi.
– Okuw bolmaz. Gurçuk aç dur-a. Ony aç goýmak günä bolar-a. Okuw bilen işiň bolmasyn. Mugallymyňa özüm aýdaryn, ýagdaýa düşüner-ä.
Bala eşege asyl-asyl bolup mündi.
– Öýde gurçuga näçe bererlik tut ýaprak bar.
– Günortana zordan ýetjek...
Bala ejesiniň uzadan ýüpüni, oragyny horjunyň daşly tarapyna salyp durşuna öz ýagdaýyny, ejesiniň halyna saldarlap gördi. Ol häzir sagadyň näçedigini bilenokdy. Şonuň üçin okuwa çenli gurçuga ýaprak getirip ýetişjegini, ýetişmejegini aňyp bilmedi-de iki uçlurak gürledi.
– Men ýetişsem-ä ýapragy okuwdan öň getirerin, ýetişmesemem, okuwa bir görner gaýdaryn, eje...
Kör daýzanyň sesi närazy çykdy.
– okuw janyny alan, okuwa barsaň seni goýberjek bolup duran barmy? Okuw nämäňe gerek diýýän. Bizem-ä okuw garasyny görmedik, ýaşap ýörüs-ä...
– Bolýa, eje!
Bala ejesiniň tükezzibana tutdyranyndan gorkdymy ýa-da mekdebe ýetişmek üçinmi, eşegini ýola garşy dözümli sürdi.
– Näme diýseňem, türkmeniň türkmeniň säheri mukaddes. Perişdeer ýüzüp ýören tämiz dem, öleňlerden gelýän ýakymly howa, ýeriň ol ujunda şykyrdy bolsa-da eşidilip duran asudalyk oglanyň öňem kir-kimirsiz kalbyny ýuwup goýberdi.
Bala häzir eşeginiň aýaklarynyň dükürdisi bolmasa al-arwahlaryň aýagynyň sesiniň eşidiljegine-de ynanýardy.
Al-arwah diýlende onuň süňňi ýene-de galpyldap gitdi. Adamlar «Al-arwah agşamlaryna bolýar, daňdan perişdeler gezýär» diýselerem, Bala olaryň ikisindenem gorkýary.
Onuň heniz bekemedik beýnisi, çaga süňňi ynanç bilen berkäberenokdy. Oba ýerinde arwah-jyn barada edilýän gürrüňler barha güýjeýärdi. Ol daňdan bilen raýon merkezine süýt alyp gidýänini bilýän ekabyrrak oglanlar ony hasam gorkuzýardylar.
– Sen-ow, dälirejek bolýaňmy? – diýip, Orry düýem onuň al-petinden alypdy.
– Näm bar-aý, gorkup – diýip, Bala-da syr bildirmändi.
– Näm baryny, bokurdagyňdan tutar welin, şonda bilersiň...
Eşek büdrän ýaly boldy.
– Aý-uw, Aý-uw!
Kimdir biri Sumbaryň çep kenaryndan çalaja gygyrdy.
Şu ýeri Bala üçin juda gorkuly ýerdi. Bu ýerde, gündogardaky ýeketutaralykda galtamanarmy, garakçylarmy, üç gyzy kerçäp gidipdirler.
Bir wagtlar şu oba goňşy ilden bir süri talaňçy çozupdyr. Olar Sumbaryň aňyrsyndan mal-gara, aýal-gyz sürüp gaýdypdyrlar. Sumbardan geçibem, ot ýakyp, gije dynç almaga oturypdyrlar. Şonda galtamanlaryň serdary şol obaly gul gelne el garjak bolupdyr. Ol gelin razy bolmansoň gaharyna onuň eşigini jyrym-jyrym etdiripdir, saçyny ýaýyrypdyr. Soňam aýagyna ýanyp duran kesindi alyp basdyrypdyr. Ol gelip kesindiniň gyzgynyna çydaman diriň-diriň bökýän eken. Talaňçylar bolsa oňa tomşa edip, gyzyl-gyran gülüşýärmler.
Garakçylaryň serdary öz sülsabynyň arasynda ol gelne el garypdyr. Soňam öz nökerlerine beripdir.
– Baryň, olaram siziňki, keýp çekiň! Diýip, gelin-gyzlaram jomartlyk bilen paýlapdyr.
– Agam, bular diýenimizi edenok – diýip, nalaçedeýinräk biri ar edipdir.
– Kerçäň, diýeniňizi etmese!
Ine, şonda, ertir gelip görseler, garakçylaryň düşlän ýerinde üç sany kerçelen uly gyzy hemem şol owadan gelniň jyrym-jyrym edilen eşiklerini tapypdyrlar.
Şol wakadan soň şu töwereklerde geçip barýanlara:
– Aý-uw, ýetişiň! – diýip gygyrýan sesler eşidilipdir.
Eşek ýene-de büdredi.
– Aý-u-uw, ýetişiň-uww!
Balanyň gany endamynda doňup galdy.
– Wa-aý, ýetişiň-u-uw!
Eşek köpra golaýlaşdy.
Bala titreýän süňňüni saklap bilmedi.
– Aý-u-uw!
Gorkusyna onuň balagy bir wagt öl bolup gidipdir. Sidigiň porsy bugy onuň beýnisine urdy. Ol gurap tüýdüge dönen bokurdagyny öllemek üçin ýuwdundy.
Öňde bir gara göründi. Eşek gulaklaryny diklertdi.
– Aý-u-uw!
– Bel-a! Heý, beýlede bir zat bolarmy? Goýuň, bu çaganyň ýüregini ýarýaňyz!
Bala ak sakally ýaşulyny gördi. Ol Sumbaryň köprüsiniň bäri burçunda taýagyna söýenip durdy.
– Salowmal...
Balanyň bu sözi doly aýtmaga demi ýetmedi. Demi guran bokurdagyna ýelimleşip galdy.
– Waleýkim!
Ýaşuly onuň ilen iki elläp salamlaşdy. Eşegi welin duranokdy.
– Nirä, köşegim, ýol bolsun!
– Süýt satmaga-laý. Raýon merkezindäki naharhana tabşyryp gaýdýan.
Ýaşulynyň ap-ak sakaly ýüzüne ýalkym salyp durdy. Ol enaýy ýylgyrdy.
– Süýdüňi maňa beräý.
– Ine şu dileg Balanyň dünýäde iň erbet gorkýan ýagdaýydy. Ol häzir janyňy ber diýseň berjekdi, emma süýdüni berip biljek däldi. Ol özelenip ugrady.
– Jan agam, süýt diýme. Dädem bir ýyl bäri düşekde ýatyr. Ejem kesel, iki sany jigim bar, okuwçy. Hemmämiziň yrsgymyz şu süýt.
Ak sakally ýaşuly närazylyk bilen ardynjyrady. Maňa dünýä-de zat gerek däl. Sähelçe bolsa...
Bala-da edil süýt tüňňüriniň dykysy gowşasa jany çykjaga döndi.
– Ýok, agam, naharhanada ýaman heleý süýdümi ölçäp alýar. Ýeke damdyk ýetmese, bar süýdüňi jara dök, diýip dur. Ozalam sygyrymyz buka gelip, süýdi çekildi. Dört litre ýetse zor boldugy...
Ýaşuly indi horjundan ýapyşdy. Emma Bala süýt bermek-hä däl, onuň elini horjuna uranyny-da islänokdy.
– Degme, ýaşuly, ýetimiň hakyna eliňi batyrma.
Ak sakally baba elini goýberdi-de yzda galdy.
«Haý, pormuň gursun!» diýip, Bala gaharyna bäs gelip bilmän oýlandy. – Öz-ä ak sakally aňkaw ýaşuly. Daň bilenem ýolda durup süýt dileýär. Utan, sakalyňdan utan!»
Ýaşula süýt bermänine Bala gaty begendi. Obada «Gijede-girimde adyň tutulyp gygyrsalar, jogap bermegin, gaýta kulhuwallany okagyn!» diýip gulagy gandyrylan çagady. Ejesi gije süýt, gatyk sorap gelene zat bermeýärdi. Bu ýagdaýy ejesine gürrüň berse, «berekella» aljagyna ynanýardy.
– Aý-uu-w, aý-uu-w, ýeteweriň-u-uw!
Balanyň süňňi ýene-de yrandy. Onuň eşegi ýene-de gulaklaryny keýkertdi. Ýöne indi oba daş däldi. Itler tebil tapyp, täze hyjuw bilen üýrüşip başlapdy. Başga bir wagt bolanlygynda Bala itleriň gohuna gysylardy. Olar topulyşyp eşegini ürküzip, süýdüni döker öýdýärdi.
Emma häzir begendi. Bu obanyň bar itini örüzesi geldi. Eşeginiň gulagyna garady. Eşek gulagyny gyrpanokdy.

2.

– Hany getir – diýip, aşpez aýal ukuly ýüzüni minnetli sortduryp, misli ony düşeginden ir turuzmaga Bala mejbur edýän ýaly bolup hüňürdedi. Ýüzüni çytyp, tüňňüriň gapagyny açdy. Ilki tüňňüriň içini ysgady. Soň gidip bir ýerden ullakan alýumin jam alyp gelip, ony pejiň üstünde duran gapdan suw alyp, howlukman ýuwdy. Eliniň tersi bilen stoluň üstünde ýatan susaklary şakyrdadyp dökdi.
– Içigara, nirä düşdükän?!
Ol beýleki jaýa girip, ep-esli eglendi. Soň eline çemli susak alyp geldi. Soň ýene-de gidip, bir litrlik gap getirdi.
Süýdi susaga, susagam bir litrlik gaba eňterip başlady.
– Men guýujaýatlyn!
Ol aýaly çala gyzlyp duran gabaklary böwsülip gitdi.
– Aý-rry-yl!
– Hudaýa şükür! – diýip, Bala oýlandy. Basymrak goýberäýs-ä ýaprak ýygmag-ä ýetişerin.
– Bir! – Aşpez aýal bir litr süýdi guýýança näçe mindiň geçýändigini sanap başlady. San bäş ýüze ýetende ol aýal ikinji litr süýdi jama guýdy.
Bala sanamasyny goýdy. Gün dogup, onuň goýy ergini üçeklere, diwarlaryň depesine seçelenip başlady.
«Aý, ýok, ýapraga ýetişmerin» diýip Bala oýlandy. Sebäbi öňde ýene-de dört litr bardy.
«Eý, allam, şu aýalyň ýüregine rehim salyp, çaltyrak goýbert meni. Öýde gurçugymyz aç dur...»
Ol aýal sanyny ýitirdi.
– Näçe litrlik bu tüňňürçegiň.
– Alty?
Ol täzeden ölçäp başlady.
– Alty! Alty!
Aşpez aýal näçe süýt alýandygyny ýazýan žurnalyny gözläp başlady. Tahyllary gördi, ýok. Susaklaryň aňyrsyna seretdi, ýok. Burçdaky, üstüne oklaw, guýguç, iküç sany tarelka duran stoluň üstüni gördi, ýok. Pejiň gapdalyndaky şkafy açdy, ýok.
Ol moýmuldap ýene-de içerki jaýa girdi, ýöne eli boş geldi.
– Familýaň kim?
– Garryýew.
Ol ýerde ýatan kagyz bölejigini galdyrmak üçin egildi-de, aşaky tekjeleriň birinden gözleýän žurnalyny tapyp, özi bilen ýokary galdyrdy. Onam howlukman agdaryşdyryp başlady.
– Familýaň kim?
– Garryýew.
Ol ýene-de žurnaly agdaryşdyrmaga başlady. Ahyram, bolmandan soň žurnaly ýapdy-da, beýlesine öwrüp, täzeden ýeke-ýekeden sahypalary agdaryp başlady.
– Getiriň, men tapyp bereýin – diýip, Bala misli bu aýal «Seniň adyň žurnalda ýok eken» diýip, süýdüni tüňňürine jogurdadyp guýup, yzyna kowup goýberiberjek ýaly bolup aýtdy. – Bar, bar, men häzirjik gördüm...
Aşpez aýalyň gabaklarynyň arasyndaky çyzyk az-kem yş açdy.
– Aýryl! – Ol bir salym dymyp durdy-da, çornil galamynyň ujuny dodaklarynyň arasyna saldy.
– Familýaň kim?
– Garryýew.
Ol aýal etlek, ýaryna çenli çermelen goluny stoluň üstüne ýükledi. Soň žurnalyň «Garryýew» diýip düşdüşi ýörän ýaly edilip ýazylan sahypasyndaky «6» sanlaryň aşagyna ýene-de birini ýazyp, goluny çekdi. Aý, günüň hasabyny belledi.
Bala elinde eşrepi tutan ýaly edip, saklap duran öz depderini uzatdy-da barmagy bilen altylaryň ahyryny görkedi.
– Ine, şu ýere!
– Aý-rr-y-l! – Aşpez aýalyň azmly sesi Balanyň goturyna çalnan ýag ýaly, ýumşakdan ýakymly eşidilip başlandy. Ol depderini aldy-da eşegine bakan ylgady. Eşegine münjek bolanda horjunynyň boş gözüne garap, gelen ugruna ylgady.
Işik eýýäm içinden ildirilipdi. Ol işigi dözümli kakdy. Emma işik açylmady.
– Daýz-a, daýza!
Aşpez aýal bir salymdan ýolbarsyňky ýaly ullakan kellesini işikden çykardy.
– Näme?
Bala:
– Näme – diýip, ýuwdundy. – Nämäm galypdyr – Häzir süýt tüňňüriň ady onuň adyna hiç düşünenokdy.
Aşpez aýal işigi şakyrdadyp ýapdy. Şonda balanyň ýadyna tüňňür düşdi.
– Tüňňürim galypdyr, daýza, açaweri.
– Bar, al.
Ol aýal eli tüňňürli dazlap çykyp barýan Balany saklady.
– Dur!
Bala aýak çekdi. Ol aýal onuň jübülerini tüňňüriniň içini barlady.
– Hiç zat ogurlaňok?
– Hudaý saklasyn!
Aşpez aýal etlek golunyň ujunda sary tokmak ýaly bolup duran ýumrugyny çepiksizden görmeksiz edip bir bir gara tomzak diýdirýän, bigünä gözleriniň biri gyşpaýlanyp duranja oglana bulaýlady.
– Ýere sokaryn, hylp seni... Şu bar-a ýiten çemçelem tapylmasyn, süýthakyň ýerine, ine.
Bala bu wagt eşegine münip, gyp basyp barýardy.

3.

Ertirki ak sakally goja ýene-de onuň öňüni gabalady. Onuň üstesine hälki aşpez aýalam ýumrugyny bulaýlap başlady.
– Süýt ber, bolmasa!
Sumbaryň öňry çeninden.
– Aý-u-uw! – sesleri çagalaryň gülküsine öwrülip asmana galdy.
Şol gowruň arasyndan ak sakally ýaşuly azmly gygyrdy.
– Turpumsak, tur!
Bala ýalbaryp başlady.
– Agam, maňa degme.
Aşpez aýalyň agyr ýumrugy onuň ýeňsesine gütläp degdi.
– Tur!
– Ýo-ok.
Ony ak salkally baba silkeläp göterdi-de öňe bakan zyňyp goýberdi. Bala titräp durşuna gözüni açdy-da «Ýo-ok, degmäň» diýip umli bilen gygyrdy.
– Degme, agamjan!
Dördünji klasyň mugallymy Garajaýewýumrugyny düwüp oňa topuldy. Ýüzüni iki dyzynyň arasynda gizländirin diýip oýlanan oglanjygyň ýeňsesine ýumruk degdi.
– Gurrumsak. – Garajaýew mugallym agyr haşlady. – Bazobraziýa! – Ol täzeden möwç alyp başlady. Doňňara daş bolup düňderilip oturan oglanjygy agyr köwşi bilen depip goýberdi.
– Tur, bar burça!
Bala ýerinden gorka-gorka turdy-da, burça geçip doňup galdy.
– Serediň, okuwçylar, serediň. – Ol batly gelip oglanjygyň ellerini ýokary galdyrdy. – Munuň eliniň, ýüzüniň kirine garaň. Baryp ýatan spekulýant. Süýt satýar, gatyk satýar. Gije ýatanok, öý işini edenok. Emma, mekdebe ýatmak üçin gelýär. Sapak wagtynda, mugallymy sylaman, okuwçylary sylaman, klasy sylaman, samrap, hor çekip ýatyr. Utançsyz, wreditel. Sen-ä däl, seniň ataňda, eneňde ynsap ýok.
Ol ene-de okuwçylara tutundy.
– Şeýle dälmi, okuwçylar.
Oglan-gyzlara tomaşa gerekdi. Onsoňam olar heniz çagady. Mugallymynyň garşysyna janyny alsaňam gidip biljek däldiler. Şonuň üçin mugallymynyň peltesine ýag damdy.
– Ene-ata nähili bolsa, çaga-da şolar ýalydyr. Ine, siz otyrsyňyz-a galjak bolup. Siziň eneňiz-ataňyz gowy. – Ol Bala tarap ýigrenç bilen öwrüldi-de ýüzüni kürşertdi. – Ine, munuň enesi, atasam wreditel.
Ol sözi bilen gamçylamasyna knagat etmän, gelip, öňem bir bölek gara daş ýaly bolup oturan Balanyň ýaňagyna otly şarpyk çalyp goýberdi.
Duýdansyz urlan şarpyk Balanyň öňem gympaý ýüzüni tas daşyna çykarypdy. Ol indi çydap bilmerin öýtdi. Emma özüne erki ýetdi. Ýöne näme üçindir ýene-de sidigini saklap bilmedi. Erbet ys klasa ýaýrap ugrady. Şol ysyň ýa-da häzir bolmaly jaňyň Balany halas edäýmegi mümkindi.
Mugallym ýene möwjedi.
Munuň dädesi kolhozyň ýüz ýigrimi goýnuny ogurlap, birine berip goýberip, indem hassasyran bolup ýatyr. Ejesem inçeli. Orça aýtsaň, tüwürkülýozly. Bütin halky zäherläp ýör. Olar ýaly bilen bir obada bolmagam gorkunç...
«Mugallym-da, mugallym» sesleri Garajaýewiň jöşgunyny aldy.
– Näme?
– Garryýew balagyna...
– Ol klaa siýip otyr-a...
Garajaýewiň gözleri hanasyndan çykara geldi. Ol Balanyň aýagynyň aşagyna seretdi. Kölçerip duran ýeri görübem zähresi ýarylan ýaly bolup işigi görkezdi.
– Çyk, gurrumsak...
Balanyň güni geldi. Ol bu bolan waka üçin klasdaşlaryndan utansa-da, mugallymynyň agyr-agyr jezalaryndan dynanyna begendi. Ýöne...
– Ah, Akja! – Onuň gözüne ýaş aýlandy. Gahary bokurdagyna düwün boldy. Zor bilen gürledi. – Gaýdyp, şu mekdebe gelsem, heleý bolaýyn...
Ol ýaňrak ýygmaly ýerine barýança zar-zar aglap gitdi.

4.

– Salowmaleýkim! – Bala işiklerinde duran adamlara salam berdi. Emma onuň salamyny alan bolmady.
– Ine, men şol diýeniňizi ediberiň onda – diýip Garry aga guran zamça paçagyna dönen ýüzüni ýerden galdyryp bilmän, titiräp duran elleri bilen tuduň timarlanmadyk taýagyny tutup durşuna aýtdy – Ediberiň. Ine men baybir, indi uzak ýaşamaeyn, bärde öldüm näme, aňyrda. Ediň, içiňiz-ä bir sowar...
Bala rejäniň deň däldigini aňdy. Tut ýapraklaryny desse edip kölege ýere basdy. Eşegini gazygyna iltäp, öňüne ot dökdi. Indi öýe girip bilmän, ikarada serimsal bolup galdy.
– Bala!
Kakasynyň sesi ony oýaran ýaly boldy.
– Däde jan!
– Meni meni düşegime geçir...
Ol ylgap gelip dädesiniň egninden ýapyşdy.
– Ýok, elimden tutaý...
Baýrammyratperme iň soňky sözüni aýtdy.
– Sen, Garry, halymsyran bolma. Hoküwmady aldap bilmersiň. Ol seňem görüňden
Çykaryp haklaşaryn. Sen meni tanaňok...
Garry aga az-kem sägindi.
– Ah, Baýram jan, tanaýan-la, arman senmi bu işikde gelip haýkyryp geplejek.
Onuň ýanyndaky oba Sowetiň wekili hem jedirdedi.
– Döwletiň dökülip ýatan maly ýok, her kime ogurladyp, talhandökerlik edere.
Ýöne üçünji adam, megerem, raýondan gelen wekil geplemedi.
Bala kakasynyň halys ebgarlanyna indi çynlakaý göz ýetirdi. Ýaşuly düşege geçip gyşaransoňam döşi jaýyň depesine ýetäýjek-ýetäýjek bolup durdy. Ol ahyry bir salymdan özüni çalaja dürsedi.
– Geldiňmi, Bala...
– Geldim, däde jan...
Ýaşuly az-kem ynjaldy.
– Eşegiňi daňdyňmy? Öýde suwam ýokdur, Bala...
Balanyň endam-jany döwlüp barýardy. Häzir ol kakasynyň gapdalyna süýnse, iki günläp sarsman ýatyp biljekdi.
– Ejem ýokmy?
– Aşak, dogtora derman almaga gitdi. Çöregem alyp geler...
Balanyň içi agyr jugurdady. Öýde çöregiň bolmazlygy oňa has agyr degdi. Ol alaçsyz ýerinden turdy. Soň bedreleri alyp Sumbara bakan ugrady.
– Wah, däde jan, sen bir sag bolsaň bolmaýarmy?
Ol Garajaýew mugallymyň hälki aýdanlaryny seljerjek boldy.
Dädem ýüz ýigrimi goýny näme üçin ogurlasyn? Kime bersin. Onda-a öz sürüsinden. Onda ýaňky adamlar näme? Bir bolmasy iş bolmasa beýdip, üç adam gelip dädemiň üstüne dyzaşyp durmaz-a...»
Ol bedrelerini suwdan doldurdy-da edil ýel ýaly bolup yzyna gaýtdy. Bedrelerini goýan badya kakasy başyny galdyrdy.
– Geldiňmi, Bala!
– Geldim, dä-de jan. Men saňa häzir çaý gaýnadyp bereýin.
– Şeýt, Bala...
«Wah, şu okuw gursun – diýip, Bala jany ýangynly oýlandy. – Garajaýewiň ýumrugynyň astynda gerilip oturmadyk bolsam, bir wagt işlerime ýetişerdim»
Onuň ýüregi sanjap gitdi.
– Ah, Akja...
Bala daşardaky çalamydar ojakda suwly taňkany goýup, aşagyna ot goýberdi. Şol badyna-da taşça bir gujak tut ýapragyny eltip, daşy agaryp, burny ýagşy garalyp ugran gurçuga tut goýuşdurdy. Birsalym howasy täzelensin diýibem işigi açdy.
Taňka gaýnady. Ol tamçanyň işigini ýapdy-da, taňkany alyp öýe girdi. Çäýneklere çaý atdy-da, olary gaýnan suwdan doldurdy. Baryyp saçagy açdy.
Saçagyň içinde öliň eli ýaly saň gaty bolup giden iki batmak ýaljak çörek bardy. Bala şoňa-da begendi.
– Gel, däde jan, bileje çaý içeli.
Garry agta lagşan göwresini göterjek bldy. Emma bolmady. Ol nämüçindir sakyndy.
– Bala, oglum, kyn görmede birje bänke tapsan-a...
Bala girelge jaýdaky köne, tozan basyp giden bankalaryň birini suw bilen çaýkap alyp geldi.
Kakasy hyklap, çoklap şoňa buşugjak boldy. Emma bolmady.
– Wah, bolanok, oglum. Bir gaýrat et...banka buşukdyrdy. Ýaşulynyň derisi giňän ýaly boldy.
– Dünýäm, giňäýdi, oglum, taňry ýalkasyn-da...
Bala bankanyň içindäkini döküp geldi-de, ony çaýkap içki çüňkde goýdy. Kakasynyň elini ýuwdurdy. Ölje esgi bilen ýüzüni-gözüni süpürişdirdi. Çaýy onuň öňünde goýdy.
– Al, däde jan, çaý iç. Azajyk çöregem bar eken...
Ýaşuly az-kem dikeldi-de saçaga bakan gyşardy.
– Çöregi özüň iý, oglum... Seniň düýnden bäri dişiňe zat degenog-a. Al, al, men bir öýde ýatan adam. Gaýta ajyragam bolsam kem däl. Bir zat iýsem, aşgazanyma leňňeç giren ýaly boluberýär.
Bala kakasynyň çaýyny gaýtardy. Soň käsä çaý guýdy-da, çöregi edil bir eşrepi ýaly edip oňa dogrady. Soň kakasynyň öňünde goýdy.
– däde jan, iý.
Garry aganyň ýüzi bürüşdi.
– Ýok, Balam, özüň özüň iý hany... Tamdyr çöregi, hurşsyzam bolsa ýüregiňi tutar.
Bala ýylgyrdy.
– Men dok-a.
Ýaşuly azaply gözüni elýaglygy bilen süpürdi-de düşeginiň astynagysdyrdy.
– Wah, sen nireden dok bolýaň, oglum...
Balanyň gözi ýanyp gitdi. Onuň gap-garaja, kirli ýüzi, gympaý gözi açylyşan ýaly boldy.
– Naharhana barsam, aşpez aýal gutap bişirip otyr. Birki sanysynyň gyrajygy ýaga ýanypdyr. «Ýanyk görmeseň iýäý» diýdi. Ýanygam dälläý, ýöne satar ýaly däl-dä. Menä almaga ilk-ä utandym, soňam iý-iý diýip duransoň iýäýdim. Süýji eken, ýüregimi tutaýdy.
Ýaşuly ynandy-da, agyr-agyr ýuwdundy. Ol çaýa basylan çöregiň bir bölejigini agzyna atyp, lezzet bilen çeýnedi.
– Wah, iliň-günüň başyna döneýin. Il-gün gowudyr
Gury çaý Balanyň bokurdagyndan geçenokdy. Daşarynyň hoştap howasy, içerdäki imisalalyk onuň köne ýarasyny gozgap ugrady. Ol mekdepli gürrüňi ýüregine sygdyryp bilmän kakasyna aýdasy geldi. Ýöne onuň öz derdem özüne ýetikdigi ýadyna düşüp, sesini çykarmady. Eger häzir sähel yş açylsa ejesiniň haçan geljegini, ýaňky adamlaryň näme üçin gelenini, Garajaýew mugallymyň aýdýan zadynyň ugrunda baryny-ýoguny soramalydy. Ejesi gelse köne jalbaryny ýamadyp aýagyndakyny çalşyrmalydy. Ondan gelýän hapa ys ony halys oturdanokdy.
– Ýene bir käse guý, oglum...
Ýaşuly ýene-de ýanyny düşege berdi.
– Wah, Bala, siziň iýjek-geýjek wagtyňyz, öňiňizde namart boldum.bu agyr işlere uly adam dözer ýaly däl-ä, sen-ä çaga Garry aga gözlerini agdardy-da jaýyň köne agaçlaryna gap-gara düýt bolan gamyşlara, ýorgan-düşek galdyrylan ýüke garady. – Indi meniň ahyrym daşda däldir. Bu kesel ýöne kesek däldir, hiç sagalybermedim.
Balanyň öňem açlygyndan ýaňa tarsyldap duran ýüregi öňküdenem beter sallandy.
Ysgyn-mydar galmadyk bedeni galpyldady. Dili bolsa ýüreginiň teýindäki közüň howruny üfläp goýberdi.
– Ýok, beý diýme, däde jan, sen gitseň men ölerin...
Ýaşuly gözlerini tamyň ýokarsyna dikip ýatyşyna gussaly gepledi.
– Sen ölme, Bala. Sen indi başlanýaň, meňki bolsa başga.
Garry aga ýene-de tirsegine galdy. Çaýy sowaşan käsesini eline aldy-da howlukman owurtlady.
– Bir wagtlar bir kişi Eraýyl bilen dost bolanmyş. Bularyň dostlugy gaty aňyrdan bolsa-da ol kişi ahyr bir gün öz janyny Ezraýyla bermelidigine düşünýän eken. Şonuň üçin bir gün görşenlerinde ol kişi:
– Dostum Ezraýyl, sen janymy aljak bolanyňda öňünden duýdurgyn – diýipdir.
Ezraýyl oňa söz beripdir. Ine, ahyr bir gün Ezraýyl dostunyň ýanyna gelip onuň janyny diläpdir. Hälki kişiniň bolsa muňa gelipdir gahary.
– Aý, namart, naýynsap, sen maňa haçan janymy aljagyňy duýduraryn – diýmediňmi?
Ezraýyl müýnsiz gürläpdir.
– Mundan beter men saňa näme edeýin. Duýdurma kemini goýmadym-a.
– O nähili duýdurdyň?
Ezraýyl barmagyny büküpdir.
– Seniň başyňda ýekeje gara tüý goýmasam, agyňda bitin diş goýmasam, biliňi büken bolsam, kuwwatyňy alan bolsam, başga nähili duýduraýyn.
Ol kişi şondan soň dostunyň duýdurma kemini goýmandygyna düşünipdir.
Ýaşuly çaýyny gaýtadan owurtlady.
- Men-ä oglum, ezraýyl bilen dostam dälle welin, şonda-da şonda-da duýdurma kemini goýmady. – ol penjirä garady-da gözlerini gussaly süzgekletdi. – Ölsem owarram-la welin, haýyp ýeri, size duşmanlarym bilen bergilerimden başga hiç zat galdyryp bilmedim, Bala. Bäş-üç sany çebiş-çerlek bardyr, ýöne olaram...
Bala hasratly gözlerini kakasyna dikdi.
– Däde jan, sen gutularsyň. Gutulmasaňam ölme, şeýdipjik ýat. Özüm bergileriňem üzerin. Sizi eklärinem. Ýöne diri bolsaň bolýar, okuwa-da gitmen. Ýanyňdanam aýrylmaryn.
Garry aga başyny ýaýkady.
– Okuwyňy yrýa etme, Bala. Ejeň kör, men kör, bar umydym sendedir. Sen ulalyp, dogtorçylyga girseň, adamlary bejerip, kimiň oglusyň, Garry körüň ogly diýdirseň, armanym galmaz, balam. Ýogsa armanly öterin men.
Bu öz Balanyň ýüregini mynçgalady.
«Wah, däde jan, okuw diýmeli däldiň. Men şert etdim-ä, şol mekdebe barmaryn diýip»
Ýaşuly iriljiräp başlady. Bala onuň üstüne ýorgan çekdi. Çäýnek-käsäni ýygnady.
– Owf – diýip, ýaşuly ýorganyň içinde urundy –ýandym, ýüregim ýanyp barýar, balam.
– Däde jan, näme iýesiň gelýär. Göwnüň näme isleýär?
Ýaşuly sarsman ýatyşyna dillendi.
– Şu mal bir okarajyk düýe çaly bolsady, ýüregim sowaýjak-da...
«Düýe çalyny nereden tapyp borka, alla jan...»
Ol eşeginiň horjunyny üstüne atyp, soň oňa münip, garşydaky oba bakan sürdi.
«Wah, häzir ganatym bolsady. Uçup-uçup, nirede düýe çaly bolsa diläp alsadym. Ýolda-da tamdyra örek bişirýän aýal duşsa, ondanam gyzgynjak çörek dilesem, getiribem dädemjana bersem, jany gönenerdi»
Ol sygrynyň örküni täzeledi. Birki desse ot ýygdy-da ýabyň raýşynda gizläp, soň göni Babajan işanlaryň işigine sürdi.
– Salowmaleýkim!
Içerden adam-gara çykanokdy. Ol eşegini erik agajyna iltedi-de içeri girdi.
– Salowmaleýkim, baba.
Babajan aga ullakan küti kitaby açyp okap otyrdy. Ol Balanyň salamyny aldy.
– Gel guzym, geç, ýanjagazyma...
– Men Garry aganyň ogly, Bala men...
Ýaşulynyň ýüzi ýagtylyp gitdi.
– Tüweleme, haý, dereksiz Garry, ol näme üçin şunuň ýaly ajaýyp oglunyň bardygyny aýtmadyka maňa. Är çykypsyň, balam. Saňa gelinlik gözlemeli ahyryn. – Ol Balanyň elinden tutup ýanynda oturtdy-da başyny bagryna basdy. Soňam gulagyna çawuş çykdy.
– Hiç kime aýtma, saňa öz agtygymy bererin, gaty gowjadyr. Özem dogtor bolaryn diýip gara jany okuwda...
Ol saçagy, gowurmaly gaby Balanyň öňüne çekdi.
– Ýaman ajykdym. Bir döwletli adam gelse, yrsgymy paýlaşsam diýip, işdä saklap otyryn balam. Sen döwletli kişi borsuň. Şonda işan agajy ýaşlagyn, bormy? Maňa bir ullakan zat gerek däldir. Arassaja gapda suw içdejik, Işan agamyň ruhuna bagş etdim» diýäýgin, bormy!
Baba Babajan işandan utanyp, hem onuň ýanynda uly başyny kiçeldip oturşyna örän begendi. Ýöne işan agasynyň beýle sowalyna näme diýjeginem bilmedi.
– Beý, diýmäň, guzym. Dünýe bir süýji zat, ýöne ajam bolsa ölümem Allatagalanyň nygmatydyr. Dünýede ölmesiz bolsa Resul Alla, ylahym jaýy jennet bolsun, ölmezdi. Biz näme, dört müň dört ýüz ýaşanlar ötdi...
Babajan işan kitabyny usullyk bilen gapdala süýşürdi-de el astyndan saçagy orta ýazdy. Gowurmaly gabyň agzyny açdy-da, onuň içini pyçak bilen dörjeledi. Soň iki sany käse alyp, olara çaý guýdy.
– Baba, men elimi ýuwaýyn-la...
– Bor, guzym...
Balanyň ilki bir hyýaly daşary çykyp bilse gaçmakdy. Ýöne öýde açlygyndan burlup ýatan kakasy, onuň tamakinçilik bilen depesine dikip ýatan gözleri ýadyna düşdi-de, ýene-de içeri girdi.
Babajan işan ony ýerinden turup garşylady. Ellerini öz ýaglygy bilen süpürdi.
– Guzym, geç.
Balanyň öten agşamky dişiniň kirini açanydy. Oňa gowurdak däl, gury çöregem bal ýalydy.
– Çekinme, guzym, Allatagala seni maňa şu günlükçe dost edip iberipdir. Iýeli, nesip edenden.
Işan aga oglanyň utanjagyny bildi-de, onuň käsesi-ne ep-eslije gowurdak atdy.
Soňam ýumşajyk tamdyr çöreginden bir kesemenini döwüp onuň eline berdi.
– Al, guzym. Yrdgyňy galdyrsaň günä bolar. Teberikdir, babaň berenini goýmanjyk iýgin.
Indi utanara ýer galmady. oglanjyk berlenje zady howlukmanjyk iýdi. Gözi ýerine gelen ýaly boldy. Işan aga özündemen, oglanjykdanam razy boldy. Töbir galdyrdy.
– Eziz Allam, külli musulmany, içinde Garryjany, onuň balalaryny myrat-maksadyna ýetir. Öz penaňda aman sakla, ämin.
Ol çöregiň üstüni ýapdy. Soň namaz wagtyny anyklamak üçin jübi sagadyna garady.
– Guzym, sen otur, men bir...
Bala gözganjyrady.
– Baba!
– Weý, weý, otur, guzym, otur. Men namazymy okap...
Bala ýerinden turdy.
– Baba, dädem gaty agyr ýatyr, «Birje käse düýe çal bolsady» diýip zeýrenip ýatyr. Ýaňy barmak ýaljak gaty çöregi çaýa basyp iýdirip, gaty uly umyt bilen siziň ýanyňyza gaýtdym.
Babajan işan bir salym oýa batyp durdy.
– Heý, onuňam bir gürrüňi bolarmy, guzym. Ol-a çal eken Garry ogul üçin Babajan janyny berse-de azdyr. Owal-ahyr Alladyr, galyberse-de Taňrydyr bizi uruş ýolunyň açlygyndan alyp çykan... Men, eý, Allam, Garry-da bir maňa dileg salsa, onam bitirsemdiýip ýördüm. Olam ölmänkäm boldy.
Bala onuň bu sözüne kän bir ynanmady. Işan aga ony hoşamaý sözi bilen gaýtar öýtdi. Şonuň üçin-de işan aga-da garaşman, işikden göwünsiz çykdy.
– Duraweri, guzym.
Işan aga kän eglenmedi. Ol eli düwünçekli daş çykdy.
– Şu düwünçegi, guzym, dädeň ýanyna baranda aç. Işinde bir kürüm derman bardyr. Nesip bolsa, erte günortan ýanyma gel. Dilegiň kabul bolar, enşalla...
Категория: Romanlar | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: