12:08
Añzakly tomus: Badalga -7: Gökdepedäki maslahat / dowamy
Söweş tä, daň atýança dowam etdi. Ol diňe goraýjylaryň barysynyň gyrlyp, ähli baýlyklaryň duşman eline geçmegi bilen tamamlandy. Az ýitgi çekip köp olja gazanan alamançylar ýesirleri öňlerine salyp daga duwlananlaryndan soň, Näzdepäniň üstündäki we daş-töweregindäki maslyklaryň arasynda aňkasy aşan ýaly, saçlaryny ütüşip, ýakalaryny tutuşyp, sessiz-üýnsiz dodaklaryny gymyldadyşyp ýören, eşikleri sal-sal aýallardan, mähribanlaryndan aýrylyp beýnileri doňan, ýaş başlaryna durmuşdan şeýle ýowuz sapak alan, bir säwlik bilen  diri galan Ruhy, Durdy ýaly ýaş çagalardan başga janly-jemende galmady. Ertesi Gökdepeden, Bamydan we beýleki galaly obalardan Nurberdi han, Dykma serdar ýaly Ahalyň iň bir atly-abraýly adamlary geldiler. Bolan işe gynandylar. Haýal etmän alamançylaryň yzyndan kowga gitmekligi, ýetip bilmeseler öwezalaman etmekligi karar etdiler.
Şeýle hem boldy. Öwezalaman gurnaldy. Ýesirlerini, mal-garalaryny yzyna gaýdyp aldylar. Ýöne, obasyny, maşgalasyny gorap ömrüni pida eden adamlaryň öwezini welin hiç kim, hiç zat bilen dolup bilmedi.
Ýaşajyk Ruhynyň ýadynda bolsa, şol elhenç gije ömürlik tagma bolup galdy. Gözleriniň ýaşyny bulduradyp, gurak-gurak ýuwdunyp durşuna ol iki sany palasdyr iki sany bilezik, çaprazdyr-çaňňa üçin, kakasyny, ejesini, jigisini, daýzasyny, onuň göwresindäki heniz dünýä inmedik çagasyny öldürip giden alamançylary iru-giç tapyp, aryny almak barada öz ýanyndan kasam etdi.
Şol wakadan soň ýetim galan çagalaryň hersine biri hossarlyk etdi. Ruhyny daşkyrak garyndaşlary, Gökdepeli Hakyda molla ýygnady. Çünki, Hakyda mollanyňam garamagynda şol wagt Ruhy bilen deň-duş agtygy Eneden başga hiç kim ýokdy. Enäniň ejesi ýaş üstünde ir ýogaldy. Kakasam agyr derde uçrap onuň yz ýany ýurduny täzeledi. Hakyda mollanyň öz aýaly bolsa ony baryp-ha jahyl döwründe taşlap bakyýa gitdi. Hossarsyz galan ataly-gyza hern-ä goňşulary Baýramgül tebip garaşyk etdi. Ýeke özi bolansoň onuňam öz işi özüne ýetikdi. Ýöne, ol şonda-da olary ýük görenokdy-da, gaýtam Hakyda molla ýaly sylagly adama hyzmat etmekligi özüne bagt bilýärdi. Galan zatlaryna-da il-gün kömek etdi. Ruhynam ýanyna alansoň-a obadaşlary oňa bolan ünslerini hasam güýçlendirdiler. Hä diýmänem Ene ýetişdi. Işe ýarady. Öýüň biş-düşüni, kir-kimirlerini Baýramgül tebibiň elinden aldy. Şol ykbala görä Ruhy Ene bilen tä, kasasyny berjaň etmek üçin ata çykýança bir öýden girip çykdy. Şol öýde ösdi, ulalady. Olar edil iki dogan deý biri-birlerine mährem boldular. Hakyda molla Ruha-da agtygy bilen deň garady. Ondan artyk görmese kem görmedi. Saýry saýmady. Gijeden – gijä edil Enä öwredişi ýaly, oňa-da hakyda öwretdi. Ýöne, Ruhynyň bar ünsi at bilen gylyçda boldy. Ol baýlaryň, han-begleriň, serdarlaryň atlaryna uly söýgi bilen serederdi, söweşlerde batyr ýigitleriň gylyç salyşlaryny görmekligi höwes ederdi. Dessançy bagşylar Görogludan, Döwletýardan, Ýusup-Ahmetden aýdanlarynda tä, daň atýança, turman diňlärdi.
On dört, on bäş ýaşalryna ýetende ol Enäni doganlyk duýgusyndanam başga bir süýjümtik duýgy bilen gowy görýändigini aňdy. Uzynly gününi bir öýden bileje girip-çykyp, bir öýüň işini edip geçendigine, häzirem onuň şu öýüň o böwründe üstüne ýorgan çekip ýatandygyna garamazdan, ýerine geçdigi gözleriniň öňünde Enäniň keşbi janlandy. Wagty bilenem aýrylmady. Tä uka gidýänçä gaýmalaklady durdy.
Ahyram ol şol duýgunyň söýgüdigini bildi. Ýöne, şunça ýyllap öýünde penalan adamyň gyzyna, tas, dogan deý bile ösýp ulalan maşgalasyna söýgi bildirmekligi aýp hasap etdi. Emma söýgi-söýgi bolýar. Oňa erk edip bolmaýar. Wagt bolsa geçip dur. Onuň ata çykmaly, gandarlarynyň gözlegine gitmeli wagtam golaýlap gelýär. Bir ol ýola çykansoňam haçan gelinjegem belli däl. Asla geljegiň-gelmejegiňem gümana. Şonuň üçinem, ol hernäçe kyn bolsa-da, gyza ýüregindäkini aýtman durup bilmedi. Aýdyşy ýalam ondan bar zatdan beter gorkýan, şeý diýer-ow şü, diýip, garaşýan sözüni eşitdi.
Gyz şonda şeýle bir mähribanlyk hem hoşroýlyk bilen şeý diýdi:
 Menem seni gowy görýän, Ruhy, ýöne, doganym hökmünde gowy görýän. Sebäbi, ençeme wagtlap bir gapydan girip çykdyk, bir atanyň terbiýesini aldyk, bir saçakdan duz iýdik. Şundan soň men seň bilen doganlyk gatnaşygynydan başga bir gatnaşygy göz öňünede getirip bilemok... – Ol birdenkä boz-ýaz boldy-da, gyýalap ýere bakdy. – Onsoňam... Onsoňam gaty görme, Ruhy, maňa eýýäm başga biri söz aýtdy. Menem oňa söz berdim. Şonuň üçinem...
Ruhy ol ýigidiň kimdigini sorajagam bolmady. Ýöne, çak etdi. Egerde çaky çyn bolup çyksa, onda ol ýigit Ahally bolmaly.
Ol Hakyda mollanyňka kän gatnaýardy. Hakyda diňleýärdi, ir zamanlarda bolup geçen taryhy wakalar bile ngyzyklanýardy. Özem öwrenýärdi, ýat bekleýärdi. Käte dutaryny alyp gelýärdi, Hakyda molla saz çalyp berýärdi. Ruham ony erbet görmeýärdi, ýöne, saz çalan wagtam, hakyda diňläp oturan wagtam bir gözýniň gyýgyny Enä tarap aýlap goýberişini welin halamaýardy. Enäniňem oňa biperwaý bakmaýandygyny duýanda bolsa, ýüreginiň üstüne ot basylan ýaly bolýardy. Her gezegem Ahallynyň, Eneden alty-ýedi ýaş dagy uludygyny ýatlap öz-özüni köşeşdirmäne çalyşýardy. «Ýok, ýok, beýle zat bolup bilmez, men ýalňyşýandyryn şeýtanyň ugruna gidýändirin, ol uly ahyry...» diýip ýetişibildiginden pyşyrdaýardy.
Şol gezek welin ol Enäniň diýýän ýigidiniň Ahallydan başga hiç kim däldigine öz-özüniň ynandyrmaly boldy. Çünki, Ene onuň adynam  aýtdy. «Soň syr gizläpdirsiň diýme».
Şondansoň Ruhynyň öýde eglenesi gelmedi. Çagalykdan bäri göwnünde besläp gelýän arzuwyny amala aşyrmak üçin ata çykdy. Söýgüniň ýalançy humaryna melul bolup şo çaka çenli eglenendigi üçin öz-özüne igendi. Egerde Ene hoş söz beren bolsa, onda bu niýetinden el çekäýmegemiňem ahmal ekendigini ýatlanda bolsa, özüne bolan gazaby hasam artdy. «Söýgi adamyny ardan-namysdan aýyrýandyr» diýleni çyn ekeni-ow», diýip dodagyny dişledi.
Agyr hem kyn ýola düşmezden ozal Hakyda molla bilen mähriban ata deý hoşlaşmany welin unutmady. Niýetini gizlemän aýtdy. Ak pata sorady.
Hakyda molla onuň bu pikirini oňlamady. Ýeke bir ýoluň hatarly, howply bolany üçinem däl-de, bu işiň uly iliň parahatçylykly durmuşyna zyýan ýetirip biljekdigi üçin oňlamady. «Bu pikiriňden el çek, oglum. Men indi seni öýlendirmeli, öý-işik etmeli, göz öňümde saklap saňa guwanmaly» diýdi.
Ruhynyň saýlap alan ýolyny Ene hem oňlamady. O-da atasynyň aýdanyny aýtdy. «Öňem az bolmadyk alamanlaryň, öwezalamanlaryň sany öňküsindenem artar, gyrgynçylyk köpeler. Nyýazdepe üçin öwezalaman şol günüň ertesi edildi. Ar ýerine salyndy. Seň munyň şahsy, diňe öz talapyň bolýa, bu ýalňyş» diýdi.
Emma olaryň ikisiniňem aýdany ýer tutmady. Ruhy olary diňledi-diňledi-de: «Aýdýanyňyz bilen ylalaşýan. Ýöne, menem öz ýüregimiň emrine garşy gidip bilemok. Meniň kalbymda iki maksat bardy, olaryň bir-ä köýdi, öçdi, ýöne, ýaş başymdan beýnimde galan şo-ol, pajygaly suraty welin men öz gylyjymyň ujy bilen öçürmesem öçmez...»
Şeýdibem Ruhy olar bilen hoşlaşdy. At-ýarag edindi. «Ýa, Alla» diýibem ýola düşdi.
Ine, indem telim ýyldyr, ol gözlegde. Ilki-ilkiler-ä dagyň ileri ýüzüne alamançylyklara goşulyp gatnady. Baran ýerlerinde-de beýlekiler baýlyk, pul, mal gözlese ol öz «ýitiklerini» gözlerdi. Meňzeş görüp başga bigünä biriniň ganyna galmazlyga jan etdi. Kent-kent, oba-oba aýlandy. Emma tapyp bilmedi. Şondan soň ol ýekelikde-de, ýanyna bäş-üç sany dost-ýaryny alyp olar bilen bilelikde-de kän gitdi. Gözlenýändiklerini bilip ol iki gajar başga ýurda göçüp gidäýen bolmagynyň ahmaldygynam oba adamlary aradan aýyrmaýardylar. Alamany bes etmegini Ruhy batyrdan haýyş edýärdiler. Emma, Ruhy tä, aryny ýerine salýança öz ýolundan dänmejekdigini aýdýardy. Ýöne, ol köpçülik bilen gitse-de, ýeke ýa öz ýakyn ýoldaşlary bilen gitse-de, talaňçylyk etmeýärdi, gyz-oglany, ýaş-ýuşy ýa garry-gurtulary gorkuzyp, mal-garany ürküzip ýörmeýärdi. Gaýtam öz ýigitlerinden käbiriniň özünden bidin talan mallaryny yzyna eltdiren gezeklerem az bolmady. Soňabaka goňşy döwletiň oba adamlary, hususan-da türkmenler bilen goňşy welaýatlaryňkylar, Näzdepe gyrgynçylygynyň taryhyny eşidip Ruhy batyry özleriniňki saýyp başladylar. Gynandylar. Iki tarapyňam talaňçylaryna, alamançylaryna nälet okadylar. Ruhy batyryň gözleýän adamsyny gördükleri günübirin habar etjekdiklerini aýtdylar. Gelenini, gidenini bildirmek üçin ol her gezek goltugyndan çykaryp, asmana akja kepderi uçurýardy. Şonuň üçinem oňa ol ýerde Guşly batyr diýip at goýdular. Şol hereketlerini ol öz ýurdunda-da gaýtalaýardy. Şoňa görä ol öz obadaşlarynyň arasynda-da Guşly batyr diýen ada eýe boldy. Soňabaka ol gözlegini ýekelikde dowam etdirip ugrady. Çünki, alamançylar bilen gitse barybir oňa-da gara ýokýardy. Şondan soň onuň töweregine çagalyk dosty Durdydan başlap ikiden-üçden ýigitler ýygnanyp başladylar we tiz wagtyň içinde otuza golaýladylar. Olaryň arasynda kimdir birinden ganly bolup obasyndan gaçanlaram, ar-namys üçin ata çykanlaram bar. Alamançylyk maksady bilen gelip goşulmak islänleri ol kabul etmeýär.
Ol hemişe ejiziň tarapynda. Kimdir biri güýjüne ýa baýlygyna baýrynyp pukara jebir etse, hökman arkasyny tutýar, aryny alyp berýär. Kazy-kelanlaryň çözüp bilmedik meselesinem Ruhy batyryň çöp-döwlen ýaly edip goýberýän gezekleri az bolanok...
Şonuň üçinem, ony uly il sylaýar. «Siz bizi eklemeli, sebäbi, biz sizi goraýas» diýip, halka azar berenok. Agram slanok. Özlerini eklär ýaly ýer-suwlaram, mal-mülklerem, şol zatlara sereder ýaly adamlaram bar. Mekany Gökdepeden uzak bolmadyk ýerde, gum içindäki guýularyň biri. Hemmesem öýlenmedik jahyllar. Maslahatyň içinde häzir onuň ýeke özi. Ol edil özüniň ak guşy ýaly. Hiç kime boýun egenok. Hiç kimi özüne boýun egdirjegem bolanok. Onam özüne boýun egdirjek bolanok.
Kimiň näme diýýändigine garamazdan, Ruhy batyr gözlegini togtatmady. Häzirem togtadanok. Ýitigini tapyp, aryny ýere salmak baradaky umydyndan entegem el üzenok. Uruşly mesele ara düşmedik bolsady, ol häzirem bu ýerde beýdip ýazylyp, ýaýrap oturmazdy.
Ýaňy bir on dokuz ýaşyna gadam basandygyna garamazdan, il içinde şolar ýaly meşhurlyk gazanan, Guşly batyr adyna eýe bolan Ruhy batyryň ruhy ahwalaty gysgaça aýdanyňda ine, şulardan ybarat. Häzir bolsa ol çemenzarlygyň ortasynda ýeke biten çynar ýaly geňeşe ýygnananlaryň arasynda howalanyp otyr. Onam bu ýere beýleki abraýly adamlar bilen deň-derejede çagyryp getirdiler. Hormat bilen söz berdiler. O-da hiç bir basyr-ýussursyz, öz sözüni çekinmän aýtdy. Ýöne, bilşimiz ýaly onuň aýdan sözleri Gurbanmyrat işana ýakmady. Şeýle-de bolsa ol häli: «hä, galtaman diýsänim», diýen sözünem ýigrenç bilen däl-de, gepiň gerdişine görä aýdyp goýberdi.
Şonuň üçinem, ol şondan soň Ruhy batyr bilen çekeleşjegem bolmady-da:
 Şu gala girmeli däl, diýlen meselä degişli ýene bir zat aýdaýyn-la men – diýip, ol aşaklyk bilen Berdimyrat hanyň ýüzüne seretdi.
 Aýdyň işan aga aýdyň.
Gurbanmyrat işan nazaryny Dykma serdar bilen Orazmämmet hana tarap gönükdirdi.
 Orazmämmet! Öwezmyrat! – Soň ol Ruhy batyra tarap boýnuny süýndürdi. – Aý, inim! Siz bir zada düşüniň. Bu ýerde syýasat ba. Çünki, ine, ýaňyja özüňiziňem aýdyşyňyz ýaly bizde döwlet serenjamly, düzgün-nyzamly goşun ýok. Orslaňky ýaly öýüne möhürli kagyz iberäge-de, ýigitleri gulluga çagyryp, gelmedigini bendi edip ýa çäre görüp bilemizok. Biz häzir halky ýer-ýurdy goramaklyga ýa-da Allanyň adyndan çagyrmaly, ýa-ha şular ýaly bir emel etmeli...
 Gala ýygnanmadyklaryň kellesini kesmeli! Öýüni talamaly! Obasyny weýran etmeli! – Jyýky batyryň duýdansyz çykan bu batly sesi adamlaryň barysyny şol tarapa üşerilmäge mejbur etdi.
 Ana, gördüňizmi? – diýip Gurbanmyrat işan gala girmek islemeýänlere bakyp ajy ýylgyrdy. – Ine, biziň bar bolubilşimiz, tertip – düzgünimiz şü! Bu gowy zat däl. Ýöne, nätjek, häzirlekçe bolşuna görä herekt edäýmesek başga alaç ýok. – Ol azajyk dymdyd-a, öňküsindenem pessaý hem düşnükli ses bilen sözüni dowam etdirdi. – Maly-başy, ühli maşgalasy içinde bolsa, bala-çagasynyň duşman eline düşjekdigini bilse hiç kim galany taşlap gidibilmez. Biz ine, şu syýasatdan ugur alyp aýdýas o pikiri. Düşündiňmi? – Gurbanmyrat işan soňky sözýni Ruhy batyra bakyp şoňa degişli edip aýtdy. Soňam tutuş göwresi bilen, gapdalynda oturan Orazmämmet handyr Dykma serdara tarap öwrüldi. – Düşündiňizmi?
Şol wagt häliden bäri Dykma serdar bilen Orazmämmet hanyň arasynda agzyny müňküldedip oturan, halk arasynda özüniň merdanalygy, gaýduwsyzlygy bilen meşhurlyk gazanan, daýaw, biri kem altmyş ýaşly Gulbatyr serdar Gurbanmyrat işanyň soňky soragyny özüne-de degişli hasap eden ýaly çalarak ardynjyrady-da, goluny agraslyk bilen Berdimyrat hana tarap uzatdy.
Berdimyrat han ony irikgä etmedi.
 Aýdyberiň, serdar aga. – Berdimyrat han gamçy ýaly syrdam hem uzyn göwresini hasam dikeltdip öýüň izine göz aýlady. – Adamlar! Sözi Gulbatyr serdardan eşideliň...
 Galaly meseläňiz-ä işan aga menem gaty bir unap baramok. Dogry, siz ýaňy degerli tymsallar bilen öz pikiriňizi dellillendirdiňiz. Ýöne, biz bu ýerde gala salyp galany goramak barada däl-de, halky goramak, ýurdy goramak ýagyny gala ýetirmän gaýtarmak barada pikir etmelimikäk diýýän. Kibtiňde galkan aýlap, gylyç salmak üçin ýigide meýdan gerek. Dar ýere dykylsaň uruş görmänjik gyrylarsyň baryň. Duşman alkymyňa geler-de, topy bilen galaňy oka tutar oturar. – Gulbatyr serdar süňklek, berdaşly goluny indi Ruhy batyra tarap uzatdy. – Ruhy batyr ýaşam bolsa juda jaýdar söz aýtdy. Gala diýeniň bir gaçybatalgadyr, diýdi. Hak diýdi. Men şony goldaýan. Uruşjagyň çynyň bolsa bukulyp däl-de döş gerip, merdanalyk bilen söweşmek gerek. Ine işan aga, biziň-ä sözümiz. Ýok, bala-çagalaryňyzyň gözüňiziň öňünde gyrylanyny görerin diýseňizem giriň gala. Köpçülik çözgüt etse bizem gireris. Halkyň keç ykbalyny deň paýlaşarys... Ýöne, bolar-bolaj-a şeýle...
 Al-aýt, gala-da bir bela boldy-aýt, birenteginiň başyna – diýip, Gurbanmyrat işan gyýa bakyp oturşyna özbaşyna diýen ýaly gaharly gürledi. – Entek ondan öňde uruşmalymy ýa ýok, diýen mesele-de ýatyr-a. Entek şolam doly çözülenog-a...
Ýene-de ýaşlar başly-barat gyrgyryşyp başladylar.
 O mesele bireýýäm çözüldi, işan aga!..
 Uruşmaly diýildimi, uruşmaly!
 Maslahaty jemläň, adamlar!
 Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet hana gulak asmaň!
 Olar dönük!
 Satlyk!
 Dykma serdaram dönük!
 Şolaryň üstüne Gulbatyr serdaram goşuň!
 Goý, gowusy orslardan nüçe pul alandyklaryny aýtsynlar.
 Ýigitler! – diýip, Garabatyr ýerinden turdy. – Ataňyz ýaly adamlara bular ýaly agramly sözler aýtmaga utanmadyňyzmy? Egerde kimde-kim şundan şeýläk şolar ýaly ýakymsyz söz aýtsa, meň nökerim däldir. Gaýratyň gapdalynda adamkärçiligem gerekdir.
 Boluşlary şol bolsa aýtmal-a bor – diýende, Jyýky batyryň, ýata suwuň düýbündäki göm-gök ýylçyr palçyk ýaly ýalpyldap duran gara ýüzüniň çekgeleri “tirpildäp-tirpildäp” gitdi. Agzam bir tarapa gyşaran ýaly, gözem çaşaran ýaly boldy.
Garabatyr öňküsindenem has degerli bir söz agtarýan ýaly daş-töweregine ýalt-ýult edip durdy-da, birdenem Jyýky batyra tarap owsun atdy.
 Çyk sen, maslahatdan!
Oňa çenlem  gaharyna bäs gelibilmän, titräp oturan Dykma serdar towsup ýerinden turdy-da, Garabatyryň öňüne böwet boldy. Dişinden syzdyryp:
 Dur, Garabatyr! Bularyň jogabyny men özüm bereýin – diýdi. Peşgeş diýdiňiz, para diýdiňiz, gizläp oturjak däl, ony han-begleriň hemmesem aldy. Menem aldym. Ýöne, biz ony ýurdy satmak niýeti bilen ýa nebsimize buýrup bilmän alamyzok. Olaryň bizi şojagaz pul bilen satyn aljak bolýandyklaryna aklymyz çatmanam alamyzok. Hoşniýetli gatnaşyklarynyň tarapdary bolanymyz üçin aldyk. Şol pikirimi men häzirem gizlämok. Şonuň üçinem, uruşmalyň diýip otyryn. Her kim öýli-öýünde sag-salamat otursa, adam şekilligatnaşylsa oňa ýetesi zat bamy?  Gahardan ýaňa «has-has» edip oturan serdar ýognasdan gelen kelte barmaklaryny ýere çommaltdy – Hat-petegem ors baýarlary ýeke maňa iberenoklar. Olar on ýyl bäri bizi uruşsyz boýun egdirmekligiň ähli tärlerini ulanyp gördüler. Ýöne, egerde, men dönük bolsam, orslara ýapja bolmak isleýän bolsam, onda ýanaral Lazaryň hatyny köpçüligiň maslahatyna goýmazdym. Assyrynlyk bilen iş görerdim. Emma şol maslahat boýun egmeli däl, diýip karar çykarandan soň atymy ýeke çapan däldirin. – Elini gylyjynyň bagjagyna ýetirenini Dykma serdaryň özem bilmän galdy. – Şoň üçinem, kimde-kim şol bir zady köp gaýtalap, men hakda beýleki, han-begler hakda ýaňky ýaly ýürekbulanjy söz aýtsa, adym yza gara ýöňkejek bolsa, men oňa Dykma serdaryň kimdigini hut, şu ýeriň özünde görkezerin.
Bu gezegem Jyýky batyr böküp ýerinden turdy.
 Gel, görkezseň!
Onuň bilen bilelikde ýigitleriniňem iki sanysy güsürdeşip ýerlerinden galdylar.
 Bol, görkezseň!
 Haýsymyz bilen diýseň biz taýýar!...
Dykma serdar:
 Ä-äý, siziňem bir... diýdi-de, oturanlaryň arasy bilen ýaş batyrlara tarap ätmerläp ugrady. – Baryňyz bolanyňyzda näme meň üçin... ýörüň, üçüňizem bile çykaýyň...
Rejäniň geň däldigini aňan Kerimberdi işan galkyjaklap galdy-da, iki golunam göterip serdaryň öňüne howala boldy. Şol durşuna-da egniniň üstaşyry gaňrylyp ýaşlara seretdi. Azm urdy.
 Baryň ýok boluň, üçüňem. Çykyň maslahatdan! – Ol iki eli bilen Dykma serdaryň egninden tutup öňki ýerine eltdi. Oturtdy. Ýüzlerini sallaşyp, Dykma serdara tarap öçli bakyşyp barýan ýigitlere dik duran ýerinden barmagyny çommaltdy. – Bar belaň başlygy siz! Bar, başarýan zadyňyzam ýürek bulamak! Birek-biregiň üstüne dyzamak! Gepe-söze gulak asmazlyk! Ulyny-kiçini sylamazlyk! Dykma serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk, Gulbatyr serdar ýaly adamlar gepi diňlenmejek bolsa, öz sözüni aýdan adamlara ýerli-ýerden ýoknasyz söz aýdyljak bolsa, ondanma bir maslahat bolarmy? Bu adamlar siziň çeýnejek çöpüňiz däldir. Olaryň zarbyndan külli Eýran, Turan, Orsyýet titrändir. Öz tanymal adamlarynyň hormatyny saklamadyk ildenem bir il bolarmy...
 Her näme diýseňizem şolaryň barysy dönük... – diýip, çykyp barýan ýigitleriň iň soňkusy bir aýagy bosaganyň bärsinde, beýlekisi aňyrsyndaka çep çigniniň üstünden garap dişini gyjady. – Şonuň üçinem, uruşmazlygyň tarapyny tutýalar.
Oňa gulak salan bolmady. Kerimberdi işan welin ony barybir jogapsyz goýmady.
 Häý, birtopar öý batyry peläketler! Ine, ors geler welin, näme, gaýratyňyz bolsa şolara görkeziň!.. – diýdi-de, öz ýerine geçip oturdy.
Maslahatdan kowlan ýigitleriň yzysüre ylgaşlap çykan Garabatyryň öýüň daşynda durup öz ýigitlerine käýinýäni, haýbat atýany eşidildi. Ýöne, gaýtargy welin eşidilmedi. Özi aýtdy, özi goýdy. Köp eglenmänem gaýdyp geldi. Ýerine geçip barşyna ýigitleriniň biedeplik edendikleri üçin maslahatdan ötünç sorady.
Hemmeler ýeňillik bilen dem aldy.
Berdimyrat han hanlaryň üýşmegine tarap seretdi.
 Siz öz sözüňizi aýdyp bolduňyzmy? Başga aýtjak zadyňaz bamy?
Maňlaýyndan burçak-burçak der akdyryp oturan Orazmämmet han çalarak arkan gaýyşdy.
 Bolduk.
Hanmämmet atalygam şol manyda baş atdy. Dykma serdaryň henizem köşeşibilmän titräp oturşyny görüp Berdimyrat han Gurbanmyrat işana ýüzlendi.
 Maslahaty jemäýsek nädýä, işan aga? Ýa ýene-de aýtjak goýjak zadyňyz bamy?
Gurbanmyrat işan uçjak guş ýaly gollaryny galgadyp, oturran ýerinden birküç ýola gobsundy.
 Bar.
 Aýdyň, işan aga.
 Aýtsam, Berdimyrat han, maslahat-a jemleniberenem ýaly. Ras, adamlaryň köpüsi uruşmaly diýdimi, uruşmalam bolar. Ýöne... – Ol hamala gürrüň şol barada barýan ýaly, şoňa baha kesilýän ýaly, aşagyndaky lowurdap duran täzeje halynyň ýüzüni aýasy bilen o ýan bu ýan sypalady. Soňam aýtjak zady hamala howa bilen bagly ýaly başyny galdyrdy-da, açyk tüýnükden al-asmana seretdi. Birdenem ýüzüni Berdimyrat hana tarap öwürdi. – Elbetde, menem gan dökülmeginiň tarapdary däl. Emma... – Ol indi gözüniň gyýtagyny Dykma serdara tarap aýlady. – Kim näme diýse-de, ors yslamyň din duşmany bolup durýa. Olar bilen biz hiç haçanam il bolup bilmeris. Hernäçe towşan tüý boljak bolsagam olar bizi äsgermezler. Iru-giç çaknyşmaly, aýrylyşmaly bolar. Şonuň üçinem... _ Gurbanmyrat işan ýassygyny bagryna basyp iki tirseginem dyzyna diredi. – Şonuň üçinem, men şu urşuň «gazat» diýip yglan edilmegini haýyş edýän. Gala ýygnanmak baradaky pikiriňem goldanylmagyny isleýän. Munuň dogry çykalgadygyna şu günki garşy bolýan adamlaram ýeňişden soň düşünerler. Eşiden bolsaňyz eşidensiňiz, maryly tekeleri Sarahsda oturýarkalar Hojaşükürem hut gala meselesinde Gowşut handan öýkeläp gidipdi. Gala gereek däl, diýipdi. Emma ahyrynda kimiňki dogry bolup çykdy? Gowşut hanyňky dogry bolup çykdy. Ol özüniň şol pagsa galasy bilen Mädemin hany kun-peýekun etdi. Bizem şu galamyz bilen orslary kun-peýekun ederis, işşalla! Ok-ýarag şaýymyzam däninim, birentekleriniň aýdyşy ýaly gaty bir el-halam däldir. Gerek bolsa Änewdäki topumyzam getireris. Yslam diýip ýapyşsak bu işde bize Alla-da ýardam berer...
Ýaşlar tarapdan ýene-de:
 Işan aga dogry aýdýa!
 Uruşmaly!
 Alla bizdendir!
 Ýa, Alla!!! – diýen ýaly şowhunly sesler eşidildi. Ýöne, olaryň sesi bu gezek tertipli, hiç-hili gyjalatsyz, makullaýjy äheňde çykdy. Bu şowhuna öýüň daşyndaky tärime gulaklaryny goýşup oturan ýaş-ýeleňlerem goşuldylar.
 Ol-a bir... – diýip, köpçülikden arka tapynanyna monça bolan Gurbanmyrat işan indi öňkülerine görä birneme dözümliräk gepledi. – Ýene bir teklip bar, o-da: eli ýarag tutanyň barysy bu gün – erte gala ýygnanyp, iň soňky demlerine çenli söweşjekdikleri barada Kurany Kerimden ant içmeli...
... «Ýeri indi muňa näme diýersiň» diýýän manyda Dykma serdar ýeljigen ýüzüniň derini tirme ýaglyk bilen süpürip oturşyna Berdimyrat hana tarap soragly seretdi. Han ýüzüni iki baka sypajaklatdy. Çünki, ant-şert türkmeniň iň bir erbet görýän zadydy. Ony içmegem, içir megem aýp zat hasap edilýärdi. Ant, adatça sözünde tapyljakdygy gümana hasap edilýän ygrarsyz adamlara, mejbury çäre hökmünde içirilýärdi. Bu teklibiniň goldaw tapjakdygyna dogrusy Gurbanmyrat işanyň özem gaty bir ynanyp baranokdy. Şonuň üçinem ol aljyraňňylyga düşen nazaryny ýene-de ýaşlara tarap aýlady.
Ýaşlar täzeden örç aldylar.
 Dogry şol!
 Işan aga dogry aýdýar!
 Kurandan ant içmeli!
 Ýogsam hemmeler deň uruşmaz!
 Kimiň ýürekden, kimiň kiçi dilden bärde gürleýäni ana, şonda belli bolar!
Kerimberdi işan esli mahal aşak bakyp, başyny ýaýkap oturdy-da, Orazmämmet hanyň ýüzüne seretdi.
 Işan aganyň teklibi barada aýdybiljek zadyň bamy, Orazmämmet?
Orazmämmet han endigine görä söze başlamazdan öň azajyk arkan gaýyşdy. Üsti derjäp duran etlek elleri bilen tegelek ýüzüne gelşik berip duran gürzelek sakgalyny sypalady.
 Biz-ä sözümizi ýaňyja boldum edipdik welin...
Berdimyrat han bilen Kerimberdi işan ikisi iki ýerden seslendiler.
Bu teklip täze teklip, Orazmämmet han. Goýulan mesele-de hele-müçek däl. Gürrüň kelamylladan ant içmek barada barýa. Şoň üçinem aýdyň. Goý, hemmelerem aýtsynlar.
Orazmämmet han uludan demini aldy-da, döşüni gabardyp daş-töweregine ser saldy. Tebigatyna görä howlukman, sypaýyçylyk bilen söze başlady:
 Adamlar! Uruşmaly diýdiňiz, taň etdiňiz. Köpçülik näme diýse biz şoň bilen bolarys. Girmeli bolsa galada gireris. Ýöne, urşulaýanda-da, gala giriläýende-de, men ýeriň, ýurduň, bala-çaganyň ant-şert bilen däl-de, top, tüpeň, iň bolmanda gara gylyç bilen goralýardygyny bilýän. Bu gün kelamylladan ant içip, halkyň ýarysy gyrylandan soňam ýagyň ýanyna baryp aman dilejek bolsaň şondan beter masgaraçylyk bolmaz. Şuň hut şeýle boljakdygyna  bolsa men ynanýan. Şonuň üçinem towakga edýän, hälem bolsa işan aga bu teklibini yzyna alsyn. Halkymyzy beýle aýylganç synaga sezewar etmesin.
Berdimyrat han şondan soň täze teklip barada Dykma serdaryň, Hanmämmet atalygyň, Gulbatyr serdaryň pikirini sorady. Olaryň hemmesi beýle çäräniňem geçirilmegine garşydyklaryny, gerek bolsa-bolmasa yslamy bar zadyň arasyna sokup, gadryny gaçyryp ýörmeli däldigini aýtdylar. Beýleki han-begleriň, şahyrlaryň, bagşy-sandalaryň pikirleri bolsa dürli-dürli çykdy. Olaryň käbirleri Orazmämmet hanyň aýdanlary bilen ylalaşsa, käbirleri Gurbanmyrat işany goldadylar. Ýaşlaram şolaryň üstüne goşsaň, göräýmäne ant içjekleriňem sany agdygrak ýaly göründi.
Soňky teklip boýunça Ruhy batyrdanam öz pikirini aýtmaklygy haýyş etdiler.
 Biz ant içmeris – diýip, ol bu gezegem öz pikirini çürt-kesik aýtdy.            Sebäbi, birinjiden-ä Orazmämmet hanyň aýdyşy ýaly ýer-ýurt ant bilen şert bilen goralýan däldir. Ikinjidenem, siz birden ýeňiläýmegimiziň ahmaldygy barada hem pikir edip görüň. Bu barada biz ýaňy Garabatyr bilen gysgaça pikir alyşdyk, ony özüňizem eşitdiňiz. Men Garabatyra müňkürlik edibiljek däl, ýöne, ine, görersiňiz, birentek adamlar bu gün: «ýa alaryn, ýa ölerin» diýip, şert ederler, ýeňilenlerinden soňam gelip, ors baýarlaryna boýun sunarlar, at-ýaraglaryn tabşyrarlar, gulluga durarlar, hyzmatlaryny ederler. Şoň üçinem, Orazmämmet hanyň aýdyşy ýaly halkam, özüňizem beýle ýowuz synaga sezewar etmäň...
 Bolduňmy batyr?
 Boldum.
Berdimyrat han maslahat başlanaly bäri, hanlaryň üýşmeginiň arka ýüzünde, tärime ýaplanyp çilimini burugsadyp oturan Gönübek sazandanyň tüsseden ýaňa käte bir görnüp gidýän çepiksize göwresine nazaryny dikdi.
 Amanageldi aga siz näme diýersiňiz bu ýerde aýdylanlar barada.
Gönübek sazanda çekip oturan «pokurdyk» çiliminden ýene bir gezek sordy-da, emaý bilen gapdalynda goýdy. Daş-töweregini gaplap alan goýy dumanyň sowlaryna garaşýan ýaly birmeýdan sesini çykarman hükgerilip oturdy. Üsti gara tegmillerden doly horja eliniň uzyn barmaklary bilen selçeň sakgalyny darady. Süňklek çekgelerini sypalady. Gojalygyň golaýlamagy bilen agy saralan gözlerini näbelli bir nokada dikip oturşyna iň soňky gezek soran tüssesini çykarmaga dözmeýän ýaly boguljyrap gepledi.
 Maslahat-a Berdimyrat han, bu ýerde birhili çugdamlanmadyk ýaly görünýä. Urşup uruşmazlyk barada-da, gala girip-girmezlik barada-da, ant içip-içmezlik babatda-da pikir esasan ikä bölündi. Özem, şol iki tarapyň ikisem öz ugruna mamla. Haýsysynyňkyny diňleseň şoňky dogry ýaly bolup dur. Şonuň üçinem, bu meseläniň üçüsinem halkyň garamagyna goýsaňyz gowy bolaýjak ýaly bolup dur. Meň göwnüme-hä şeýle.
 Maslahata goýlan meseleler barada öz pikiriňiz nähili, Amangeldi aga.
Hemmeler bir gulaga öwrülip Gönübek sazanda tarap üşerilişdiler. Gönübek depesi ýylçyr, iki tarapy gytyk çal saçly togalak kellesindäki tahýasyny maňlaýyna süýşürip ýeňsesini gaşady. Öňküsindenem beter küýkerildi.
 Öz pikirimi aýtsam, Berdimyrat han, birinji, ikinji mesele barada-ha köpçülik näme diýse şo bor. Ýöne, ine, şü, antly-şertli meseläňiz welin... Birhili... Meňň-ä göwnüme jaý däl. Sebäbi, türkmen asylam bir anty-şerti gowy görýän halk däldir. Anthory Hudaýam halaýan däldir. Ant içmegem, birine bet gumanlyk edip içdi rilmegem, gaty gabahat zatdyr. Çünki, soň onuň yzynda durmak gerekdir. Bu mesele-de Orazmämmet hanam, Ruhy batyram mamla...
Özüniň gönüligi, dogry sözlüligi, ýeke gepliligi üçin «göni» lakamyny alan, Amangeldi atly pukarasypat, edil göwresi ýaly kiçi göwünli, Ahalyň iň ökde sazandasy hasap edilýän, ölemen çilimkeş bu adamyň ant-şert barada ozaldan gelýän öz dünýägaraýşy bar. Bu häsiýetini ol öňräk, Kerimberdi işan bilen baglanyşykly bolan bir wakada hasam äşgär edipdi.
Şol gezek Eýran tarapyndan bir çozuşyň bolaýmagynyň ahmallygy barada habar ýaýrapdy-da, Ahalyň ähli ekabyrlary, aksakgallary, Gäwers obasyna ňygnanypdylar. Şonda, bir gün agşamaralar namazdan soň, ýörite arassalanan takyp ak meýdanda ýazylan keçedir, haly-palaslaryň üstünde mesaýy gürrüňler edişip otyrkalar, Kerimberdi işan çat maňlaýynda alaburugsy bolup oturan Gönibege garap ýarym degişme bilen:
 Adamlar! Şü, Amangeldi göni ýaly sylanýan, gepi-sözi ýörgünli adam Ahalda az-azdyr. Sazandalygam şonuň ýaly. Ýöne, arman ölemen çilimkeş-dä. Şojagazynam goýubiläýse-hä...  diýdi. Soňundanam märekä ýüzlendi:  Haýsy biriňiz şuňa çilimini goýdursaňyz ak pataňyz-a menden.
Nurberdi hanam:
 Tagsyr pataňyzy beriberiň Gönübek çilimini goýar – diýdi.
Barysy bir adam ýaly bolup Amangeldi gönä tarap seretdiler. Her kim onuňam: «Bor, tagsyr, goý, siziň diýeniňiz bolsun goýdum men ine şu çilimi» diýerine garaşdy. Halys bolmajagyny bilensoňlar ýerli-ýerden ýalbarmaga başladylar. Emma ýerden ses çykdy, Gönübekden ses çykmady. Şo-ol, aşak bakdy-da, ýüzüni aktam edip dymdy oturdy. Märeke kyn ýagdaýa düşdi. Kerimberdi işan ýaly golaýda haja gidip gelen, onsuzam adamkärçilikli hem takwa adam hökmünde uly il tarapyndan sylanýan adamyň beýdip köpüň içinde sözüniň geçmän durşuny oturanlaryň hemmesi ýokuş gördi. Kerimberdi işanyň özem birhili boldy. Märekäniň içinde Muham atly başga-da bir çilimkeş bardy. Ana, şol:
 Tagsyr, maňa beräýiň şol pataňyzy. Ine, men goýýan çilimimi... – diýdi-de, märekänem, Gönübek sazandanam, Kerimberdi işanam oňaýsyz ýagdaýdan halas etdi oturyberdi.
Hemmeler uludan demlerini aldylar.
Ondan-mundan:
 Hä-ä. Bolaýdy şüý-ä.
 Kemi galmady.
 Işan hajynyň yhlasy ýerine düşdi – diýen makullaýjy sözler eşidildi.
Gönübek sazanda welin şondan soňam bir meýdan böwrüni diňläp oturdy. Ahyram agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly uludan demini aldy-da, bir gysym bolan göwresini bolşuna görä dikeltdi.
 Başarmajak işiňi boýnuňa alyp şert etmek, ant içmek, soňam yzynda durup bilmezlik ýaly ýaman zat ýokdur, adamlar. Men şumat işan agaň ýüzünden ötübilmän kiçi dilden bärde «bor» diýsem, soňam özüme erk edibilmän çilimimi çekibersem ol munça-da bolmaz. Işan agany äsgermedigim, sözüni alga almadygym bolar. Hemmeler maňa: Gönübek ygrarsyz ekeni, diýer. Sebäbi men muny goýup bilmejegimi bilýän. Şoňa gözüm ýetýä. Goýup bilýän bolsam öňi bilen öz saglygym üçin goýjak. Şonuň üçinem, siz menden aýp-syn etmäň, adamlar...
Şonuň bilenem şol gürrüň galdy. Ant-şert barada ine, şolar ýaly berk pikiri bar adamyň häzirem başgaça geplemejekdigine gözleri ýetip duran hem bolsa her kim onuň her bir sözüni sypdyrmazlyk üçin, durşy bilen gulaga öwrülip oňa tarap ýapyryldy.
 Howwa, şol adamlar mamla  diýip, sazanda sözüni dowam etdirdi. – Sebäbi, hakykatdan-da bu işiň aňyrsy görnenok. Ýeňiş gazanylaýsa-ha ne ýagşy, gazanylmasa welin diri galanlaryň dat gününe! Her bir adamyň olara tarap barmagyny uzadyp: «Seniň ýaşamaga hakyň ýok», diýmäne ygtyýary bolar. Ýeňilýänçäň baryň ölüp gutarmajagyňam çyn. Ýeňileňsoň magşar günündäki ýaly ors baýarlarynyň öňünde kelläňi ýalaňaçlap durmaly boljakdygyňam çyn. Şol sebäpdenem, Bedimyrat han her kimiň öz işi, ýöne, men-ä unabiljek däl şo pikiri. Unabam biljek däl, şertem edibiljek däl.
 Bu ýerde gürrüň çilim goýmak barada gidenok, Amangeldi, Watan üçin janyňy orta goýmak barada barýar.
Gönübek sazanda Gurbanmyrat işanyň bu sözüne jogap berjegem bolmady. Töweregini sermenip oturşyna:
 Men aýtjak sözümi aýtdym adamlar,  diýdi-de, hasyr-husur çilimine ýapyşdy. Otlandy. Birki ýola «pokyrdadyp» işdä bilen sordy. Şondan soň onuň göwresi tutuşlygyna tüssä siňip gitdi. Burugsap çykýan tüsse burum-burum, gatbar-gatbar bolup, käte bolsa geň enaýyja halkajyklar ýasap tüýnüge tarap süýşüp ugrady.
Amangeldi Gönübek ýönekeý sazandadygyna garamazdan ýeke gepliliginden başga-da, maslahatda oturanlaryň içinde gaňryşyna gaýdylmajak, sözi ýyklymajak ýeke täk adam diýsegem ýalňyş bolmaz. Oňa hatda Nurberdi hanayň özem gulak asýardy. Özüniň sag goly hasap edýärdi. Öýüne myhman gelen wagty gapysynda soýara söwüşi bolmasa, Gönübek islendik baýyň, han-begiň ýa serdaryň sürüsine adam iberip mal getirdip bilýärdi. Gönübek üçin gerek diýseň hiç hili subatnama gerek däldi. Onuň üçin äkidilýän mallaryň yzy yzarlanmaýardy. Ol hemmeler üçin ortalyk adamdy. Türkmençiligiň nusgasydy.
Şonuň üçinem Amangeldi Gönübegiň ýaňky: «Maslahaty halkyň garamagyna goýmaly», diýen teklibiniň ýele gitmejekdigine, hökmany suratda ýerine ýetiriljekdigine hemmeleriň gözi ýetýärdi.
Bu hut şeýle hem boldy
Jemleýji sözüni aýtmaklygy haýyş edenlerinden soň Berdimyrat han:
 Adamlar! Amangeldi aga dogry aýtdy – diýip, pert-pert gepledi. – Bu ýerde dogrudanam pikir ikä bölündi. Hiç bir babatda-da ylalaşyga gelinmedi. Gurbanmyrat işanyň tekliplerini goranlaryň köplük bolmagy mümkin, ýöne, han-begleriň, Gönübek aga ýaly abraýly adamlaryň sözüne pitiwa etmezligem dogry bolmaz. Goý, öz ykbalyna degişli meseläni halkyň özi çözsün. Uruşmalymy, uruşmaly dälmi, gala girmelimi dälmi, şony bir ýüzli etsin. Ant içmek ýa içmezlik meselesem şonda öz-özünden çözüler. – Hemmelerden saýlanyp oturan ýaş han iki tarapyna göz aýlady-da, dabara bilen: – Makulmy adamlar? – diýdi.
«Makulda-makul» boluşdylar. Gurbanmyrat işan agzyny açyp, gözlerini tegeläp Berdimyrat hana tarap omzady. Elini uzadyp ýeňinden çekdi.
 Berdimyrat han, aý, Berdimyrat han! – Han özüne tarap öwrülendenem sesini ýuwaşatdy-da, ilden ogryn dilleşýän ýaly bir aýasyny agzyna penalady. – Halk maslahatyny gijikdirmeli däl. Halkyň hemmesi diýen ýaly şumat şu ýerde. Galanyň gurluşygynda. Galanlaryna-da habar edäge-de, birküç günüň içinde ýygnanyşar ýaly etmeli.
Berdimyrat han munam eýýämhaçan örüşip ugran adamlara ýetirdi.
Hiç kim garşy çykmady.
Şeýle hem, egerde saglyk ýagdaýy päsgel bermese, halk maslahatyna Hakyda mollanam çagyrmak, maslahatdan öň halka hakyda diňletmek hem karar edildi.
Maslahatda Tilkiçi şahyram bardy. Egerde soran bolsa, elbetde, oňa-da söz bererdiler, ýöne, ol-a soramady, olaram özlerinden bilip bermediler.
Beriläýende ol näme diýerdi? Düýşi barada aýdardymy? «Uruşmaly diýen gürrüňiňizi goýuň, barybir biz ýeňilýäs, men muny düýşümde gördüm», diýip aýdybilermidi? Aýdybilmezdi! Aýtjak bolsa-da aýtdyrmazdylar. Aýdaýanynda-da diňlemezdiler. Diňläýenlerinde-de unamazdylar. Şeýle-de bolsa, gören düýşüni aýtmasa, boljak işiň netijesini duýdurmasa, erte ýeňlişden soň halkyň öňünde günäkär görünjek ýalam bolup dur. Ant-şert meselesinde-de belli bir zat diýmäge düýşi päsgel berdi durdy. Ähli zat öňünden aýan bolansoňam: ant içiň, uruşyň, diýse-de birhili, ýok, içmäň diýse, ol ondanam beter. Köp adamlar dogry aýtdylar: öňünden ant içip, yzyndanam ýeňiläge-de, özüňem diri galsaň, onda nähilli bor, diýdiler. Bu meselede şondan başga sorag ýok. Tilkiçi şahyryň özem öz-özüne şol soragy berdi. Ýüküň haýsy tarapynyň agdyk geljekdigine welin göz ýetirip bilmedi. Şonuň üçinem, sesini çykarmady. Ol diňe adamlar assa-ýuwaş örüşip ugransoňlar özüne geldi. Aýalary bilen ýüzüni owkalap daş-töweregine ser saldy. Ýerinden turdy. Il deňinde gapa tarap ýöneldi. Öýde diňe il içinde has ileri tutulýan han-begler, dini hadymlar galdylar. Olaryň arasynda elbetde, Gönübek sazanda hem bar.
Şol gije Gurbanmyrat işan uruşmak, gala gurmak, galanyň içine ýygnanmak barada wagyz-nesihat geçirmek üçin, Ahalyň iň uly obalaryna öz adamlaryny iberdi. Öňde duran söweşiň yslam, dini-ygtykat ugrundaky göreşdigini halka düşündirmeklerini haýyş etdi.

Köpgyraňly ýigit Ahally ýeke bir sazda Gönübek sazandanyň, ussaçylykda Abdylla ussanyň däl, eýsem Hakyda mollanyňam şägirdi hasap edilýär. Ol asyl ýaş wagty ýanyna gatnap hat-sowadam Ene, Ruhy bilen birlikde Hakyda molladan öwrenipdi. Ullakan molla bolmak niýetinde bolmasa-da, geçilmeli basgançaklaryň ählisini diýen ýaly geçipdi. Gerek bolsa ol indi Kuranam çykyp bilýär, aýat-töwürem edip bilýär. Häzirem ol Hakyda mollanyň ýanyna gatnamak bilen ýeke bir hakyda öwrenmän, eýsem, özüniň dini garaýyşlaryny hem birsyhly artdyrýar, özüni kämilleşdirýär. Soňky döwürlerde ony Hakyda mollanyň külbesine tarap çekýän ýene bir sebäp döredi, o-da Enehakyda. Enehakydanyň özem onuň öýlerine ýygy-ýygydan gelenini kem göräýenok. Güler ýüz, hoş söz bilen garşylaýar, höwes bilen öňünde çaý-çörek goýýar, gidende ýene-de gelip durmagyny haýyş edýär. Esli ýere çenli işige söýenip, yzyndan garap durýar. Agşamlaryna bileje çaý içişýän wagtlary atasynyň Ahally hakynda köpräk gürrüň edäýenini kem görenok. Biri-biriniň üstünde ölüp-öçüp barýanam bolsalar, bir gowy zat olar bor-bolgusyz ýerlerde duşuşjak bolup, göze-başa düşüp ýörenokler. Şeýle-de bolsa ol ikisiniň biri-birine göwünlidiklerini uly il bilýär. Ony hatda Hakyda mollanyň öz ýüregem syzýar. Ýöne, garşylyk bildirenok. Elbetde, gyzyny Ahally ýaly ilhalar, polady ýumşak, ökde sazanda, bagşy, molla, üstesine Ahalyň ökde demirçi ussalarynyňambiri hasaplanýan ýigide durmuşa çykarrybilse gojanyň armany näme? Dogry, onuň ýüreginde bir ýerde agtygyny Ruhy batyra bermek hyýalam ýok däldi, ýöne, bagtyny gyzynyň özi saýlady, oňa şol bes. Şol bagtly bolsa bolany.
...Ine, bu günem Ahally Hakyda mollanyň işiginde peýda boldy. Ol gelende Enehakyda gapylaryndaky  ojagyň başynda çogan gaýnadyp, suwuna atasynyň eşiklerini ýuwup otyrdy. Ahalla gözi düşenden onuň ýüregi tisginip gitdi. Çalarak gyzardy. Dodaklaryny çalarak gymyldadyp salam berdi. Dykyz, çym-ak goşarynyň daşyna üýşen köpürjikleri eli bilen gezek-gezegine kir legeniň içine syrdy. Ýeňini aşak goýberdi. Öň ýuwlup, sykylyp goýlan eşikleri eline alyp ýerinden turdy. Sermek üçin gara öý bilen saman kepbäniň arasynda germelen ýüpe tarap ýöneldi. Birenaýy ýylgyrdy.
 Giriber, atam öýdedir.
Saçlaryny başyna orap, ýukajyk, öý eşiginde kir serip ýören Enehakyda Ahallynyň gözüne öňkülerindenem has owadan göründi. Käbir ýerleri derläp, kä ýeri kir suwuna öljeren elwan köýnek bolsa endamyna ýapyşypdyr-da, beýigi-beýik, pesi-pes, mesaňa-mälim bildirip dur. Gyzy henize çenli bu halda görmedik ýigidiň ýüregi joşdy. Şol wagt onuň ylgap baraga-da, gyzy bagryna basasy, derçiräp duran al ýaňaklaryndan agyz urasy, ak alkymlaryndan ogşasy, giň maňlaýyna maňlaýyny goýup, tokmak deý ýogyn tyllaýy saçlarynyň her bir taryny ýeke-ýeke sypalasy geldi. Onuň bu hyýalyny Enehakydanyň özem duýan bolsa gerek, bärsini bakdy-da, öňküsindenem has hoşroý ýylgyrdy.
 Bar, gir, ýogsam atamyň özi çykar. Ol eýýäm seniň geleniňi aňandyr.
Onsuzam daş işikde boý gyz bilen göz çeneşip durmany uslyp bilmän, öz ýanyndan uýaljyrap ugran ýigit gyz sözüni soňlap-soňlamanka:
 Bissimilla – diýdi-de, sag eli bilen-ä eňsini bir tarapa syrdy, çep eli bilenem gapyny bäri çekdi. Sag aýagy bilen içeri ätledi. – Essalowmaleýkim.
Şondan soň aýakgabyny çykardy-da, düýp törde ýazylan galyň düşekçäniň üstünde balasyny gören ak guw ýaly eýýämhaçan özüne tarap ganatlaryny galgadyp ugran gojanyň ýanyna bardy, iki eli bilen görüşdi, hal-ahwal soraşdy, gojanyň görkezen ýerinde ornaşdy.
Ýöne, bu gezek gürrüň öňküleri ýaly, din taryh, hakyda barada däl-de, basym bolaýmalgy ahmal uruş, ol urşuň sebäpkäri bolan Orsýet, türkmenleriň güýç-kuwwatynyň olaryňka görä has kemterligi, öňde duran ähli umumy halk maslahaty, içiljek ant-şert barada boldy.
 Şol maslahatda  sizem diňlejekler – diýip, Ahally halypasyna has golaýrak süýşdi.
 Habarym bar, habarym bar, aýtdylar... – Hakyda molla dik oturmaga rowgaty ýetmänsoň arkan düşdi-de, gözlerini tüýnüge dikdi. – Men-ä bilenjämi aýdaryn welin, ýöne, uruş bolsa gow-a bolmaz. Üstüňe sürnüp gelseler goluňy gowşuryp oturmagam birhili... Özi islemese agyr bir kesapaty halyň boýnuna atmak.. o-da göwne jaý zat däl. Garaz, kyn mesele...
 Şeýle öz-ä.
 Ant-şert meseles-ä asylam gelşiksiz zat.
 Ol entek çözülenok, molla aga.
 Bi gün çözülmese ertir çözüler. Orta atan bolsalar çözmän goýmazlar.
 Gurbanmyrat işan bu uruş din urşy diýýä...
Ýok oglum, bu uruş din urşy däl, ýurt urşy. Orslara seň Isaýy bolanyň gerek däl-de, ýurduň gerek. Olar külli Türküstany basyp aldylar. Kapkazy bireýýäm eýelediler. Munça bolansoň olar bäş oýnam týrkmeni ortarada somaldyp goýaýmazlar.
 Diýmek onda uruş boljak-da?
 Ýa uruş, ýa baknalyk. Şu ikisiniň birinden-biriniň boljakdygyna söz ýok. Bularyň haýsy biriniň boljakdygy bolsa, halkyň şol iki ýoluň gaýsy birini saýlap aljakdygyna bagly. Ýöne, halk urşy saýlap alaýanda-da baknalykdan gutulmak oňa başartmaz.
 Diýmek, onda urşulmasa gowuda?
Ony halkyň özi çözer. Ýöne, bir zat aýdyň. Güýç deň däl. Uruşda bolsa diňe bir batyrlyk bilen iş bitirip bolmaýar. Bolardy, eger-de Göroglynyň zamanasy bolan bolsa...
Goja tolgunýardy, her bir sözi beýnisine agram salyp aýdýardy, pikirini jemlemek üçin kösenýärdi, şonuň üçinem, Ahally basymrak turmak bilen boldy. Aslynda ol bu ýere gelende-de gürrüňçiligi bahanalap, Enehakydany görmek, onuň bilen iki agyz sözleşmek üçin gelipdi.
Hoşlaşyp durka-da gapydan bir eli saçakly, bir eli içi gowurdakdan doly okaraly Enehakyda girdi. Myhmanyň beýle çalt turanyny görüp, elindäki zatlaryny nirede goýjagyny bilmeýän ýaly ýaýdanjyrady. Howlukmaç gepledi.
Wiý, eýýäm turduňmy, Ahally?
Gaýdaýyn, Enehakyda.
Duzam-a datmadyň.
Taňryýalkasyn.
Onyňa bolmaz...
Enahakyda orta saçak ýazdy. Açdy. Bir burçunda içi gowurdakly agaç okarany goýdy. Ahally dyzyna çökdi-de, saçakdaky öň döwlen, ýüzi ýaldyrap duran mele-myssyk nany sogrup aldy. Bir dişlemini döwüp agzyna saldy. Howlukman çeýnedi, ýuwutdy. Kelteräk töwür edip, elini ýüzüne syldy. Hakyda  molla-da ýatan ýerinden elini galdyrdy. Enehakyda dodaklaryny gymyldatdy. Tüýnükden düşen Gün şöhlesi şol wagt onuň ozaldanam gyzyl öwsüp duran ýüzüni öňküsinden has owadan görkezdi.  Ahally usullyk bilen ýerinden tursy.
Hoş onda, sag oturyň.
Ahally daş çykdy. Enehakyda hem onuň yzysüre çykdy. Demi-demine ýetmeýän ýaly howlukmaç hem howatyrly gürledi.
 Sen ant içme, Ahally.
 Näme üçin?
 Üçüni şol, içme.
 Uly il içse menem içmeli borun ahyry.
 Uly iliň ýalňyşmagy mümkin. Çünki, onuň biri: hemme içýä menem içeýin, diýip içse, beýlekisi başga biriniň gepi bilen içer. Ýurdy goramak, ar-namys olary islendik şerte kaýyl eder, ýöne, sen ant içme. Ýalňyşma.
Ýurt üçin islendik şerte kaýyllyk, ar-namys duýgusy mende-de bolup biler ahyry. Ýa sen meniň il bilen deň durup ýurdy goramagyma garşymy?
Ýok, düýbünden beýle däl. Men seniň ýurdy goramagyňa garşy däl-de, ant içmegiňe, şert etmegiňe garşy. Maslahat uruşmaly diýse uruş, ýöne, ant içmän, şert etmän uruş. Çünki, antyň-şertiň yzy iňňän jogapkärlidir. Onuň yzynda durmak kyndyr.
Ant içsek yzynda durarys, Enehakyda. Ol hut, şonuň üçinem içilýändir. Ant iümedik, şert etmedik adamyň islendik pursatda söweş meýdanyny taşlap gaçmagy mümkindir.
Egerde ant içip, şert edip, yzyndanam ýeňläge-de, özüňem diri galaýsaň näme? Şonda saňa diňe bir ýol galýar, o-da: ýa alaryn, ýa ölerin, diýip içen antyňa, eden şertiňe görä gylyjyňa sanjylyp ölmeklik. Sen şony başarybilermiň? Başarybilermisiňiz? Ýa-da Köpetdaga, Garaguma siňip, söweşi dowam etdiribilermisiňiz?
...
 Dymýaňmy? Bar, ölmäni başararsyňyz dieli. Indi sen şol şert eden adamlaryň ählisiniň sözlerinde tapylmak üçin öz-özlerini öldürişlerini göz öňüne getirip gör. Onda, Ahalda ýekeje-de erkek göbekli galmaz. Olaryň barsynyň aýallary, çagalary, ýeri-ýurdy duşmanyň elinde galar. Şony edibilmedik adam bolsa sözünde durubilmedik, bigaýrat bolar. Ine, men saňa näme üçin ant içme diýýän. Ant içmeseň ýeňäýeniňde-de, ýeňiläýeniňde-de ýüzüň gyzmaz. Hatyraň synmaz. Ýeňseňem, ýeňilseňem sen öz Watanyň öňündäki perzentlik borjuny berjaý eden hakyky gahryman borsuň...   Enehakyda iki aýasy bilen ýüzüni ýapdy. ─ Men bolsam öz saýlap tutan ýigidimiň ygrarly bolmagyny isleýän. Bu gün şert edip, ertirem şertinden dänjek ýigit maňa gerek däl! Maňa birdenkä ýeňiläýenimizde-de gylyjyny gynyna salman, söweşi dowam etdiribiljek ýigit gerek. Çünki, gala synany bilenem Garagum synmaz. Köpetdag ýumrulmaz. Ahaly ýer ýuwutmaz. Mongollar tutuş Horezmi ýer bilen ýegsan edenlerinde-de, Jelaleddin soltan söweşi bes etmedi. Ymam Şämil külli Kapkaz basylyp alnandan soňam orslara boýun egmedi. Olaryň ikisem tä, iň soňky demlerine çenli söweşdiler. Özlerem ant içmän şert etmän söweşdiler. Men ant içen adamlaryň bolup biläýjek ýeňlişden soň gylyçlaryna sanjylyp ölmeklerini däl-de, şolaryň göreldesine eýermeklerini isleýän. Orta ýolda içen antlaryndan dänip, yza dönmezliklerini isleýän. – Enehakyda gözlerinden ýaňak üzre paýrap dökülýän gyzgyn gözýaşlaryny aýalary bilen süpürip, Ahallynyň iki gözüniň içine seretdi. Juda ýangynly gepledi. – Elli gepden belli gep: Senem islendik halatda-da şertimde durup bilerin diýseň-ä şert et, ant iç, bolmasa-da içme! Etme! Ýogsam, ýeňiş-ä duşmana ýüz berse, senem özüňde Jeleleddiniňki ýaly göreşi dowam etdirere dogum tapmasaň, amanadyňy eýesine gowşurmana-da dözmezçilik etseň, il öňünde ýüzüň gyzarar. Meniň sözlerimi ýatlap erbet utanarsyň. Ýigitlik namysyň joşup özüňi nirä urjagyňy bilmän kösenersiň. Emma giç bor. Menden bolsa bütinleý tamaňy üzmeli borsuň.
Ahallynyň ýüzi garaört boldy. Süňňi elenip gitdi. Ýöne, syr bildirmedi. Ýüzüni iki ýana sypajakladyp gyssanmaç gürledi.
 Diýmek onda maslahatda Ruhy batyr dogry aýdan ekeniň-dä?..
 Ol näme diýdi?
 Men özümem ant içmen, ýigitlerimem içmezler. Şertem etmezler. Ýöne, duşman bilen welin ýeňiläýenimizden soňam söweşi dowam etdireris, diýdi.
Enehakyda egninden agyr ýük aýrylan ýaly ýeňillik bilen dem aldy.
 Dogry aýdypdyr. Ana, men seniňem edil Ruhy batyryňky ýaly düşünjä eýermegiňi isleýän.
 Seniň ynamyňy ödemek üçin elimden gelenini ederin, Enehakyda. Ant welin, il içse içerin, içmese içmerin. Hemmeler içip menem içmesem, olar meni gorkak saýarlar. Duşman hasaplaýmaklaram ahmal. Birdenkä ýeňiş bizden ýüz öwüräýse welin, göreşi iki adam dowam etdirse, menem şolaryň biri bolaryn. Sözümde duraryn. Sen şuňa ynanaň.
 Ine, men seniň hut şeýle ýigit bolmagyňy isleýän, Ahally. Ol özüni Ahallynyň gujagyna oklaýarly göründi. Oňa bakan owsundy. Delmurdy. Göre-gündizlikden, öz gapylarynyň agzynda durandyklaryndan çekinibem:  Hoş onda, – diýdi-de, gara öýüň gabsasyna elini ýetirdi. Çekdi. Ýene bir gezek Ahalla tarap nazaryny aýlabam öýe girdi. Goňrumtyl goýun gözler gapy ýapylmazyndan öňem bir gezek ýigide tarap gönükmäge ýetişdi.
Enehakydadan hoş söz eşitse, oňa hany-manyny bagş etjek ýigitler Ahalda bir ýa iki däl. Olar belki onlarçadyr, ýüzlerçedir, hatda müňlerçe bolaýmaklaram ahmal. Ol bir Ahal ýurdunyň asmanynda dogan elýetmez ýyldyz. Külli türkmen halkynyň beýnisi. Onuň hakydasyny göterip ýören mukaddes kitap. Hem görmekli, hem sowatly, hem akylly, Watanyny birnäçe erkek adamlardanam zyýada söýýän nusgaýy maşgala. Şonuň üçinem, Ahallynyň bu wagt guş kimin uçuplar barýandygyny geňläp oturasy iş ýok.
Galanyň içi bilen ýelgamak deý gaýdyrylyp barşyna ol öz ýanyndan: «Enahakyda! Ezizim! Mähribanym! Sen meniňki! Men seniňki! Bu nägehan uruş sag-salamat başymyzdan sowuldygy ikimiz toý tutarys. Birek-birege mundanam has mähriban bolarys. Hiç kimden gypynç etmän, hiç zada hor-zar bolman ýaşarys» diýen ýaly sözleri dyngysyzlyk bilen gaýtalaýar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: