06:26
"Üç gyzlyñ halyny günde üç gezek sorañ."
"Üç gyzlyñ halyny günde üç gezek sorañ".Ata-babalarmyzyñ bu sözüne üç gyzy dünýä indiren wagtlarym kän pitiwa etmezdim.Ýöne,bu aýdylan söze çagalañ ýetişdigisaýy üns berýän ekeniñ hem onun çuñ manysyna akyl ýetirýän ekeniñ.Enem pahyr hemişe:"Eý Allam,daşym doly gyz,özüñ abraý bereweri"-diýip,uly sesi bilen zarlap dileg eder oturardy.Özüm uly gyz wagtlarym enemiñ bu sözlerine gatyrganjak bolardym.Hemem eneme:"Ene,hemişe şeýdip oturar ýaly näme bar.Seni biabraý etjek bolup ýören barmy."-diýerdim.Ol wagtlar bu sözi ynam bilen aýdyp bolýardy.Ýagny,özüñe özüñ jogap bermek juda añsatdy.Sebäbi özüme öz göwnüm ýetýärdi.Ol günler edil düýn ýalydy.Emma,çarhypelek eýýäm enemjanyñ şol dileglerini alyp biziñ dilimize salypdyr.
Adamlara gulak assañ derrew döwürden,döwrüñ juda erbetliginden zeýrenip başlar.Ýöne döwrüñ özümiz bilen döwürdigi hemmä aýdyñ zat.Men gowusy "Mus-mus"
diýmän"Mustapa"geçeýin.Men gyzjagazlañ hemme meselesi barada gürrüñ edip oturman ýekeje zat barada gürrüñ edesim gelýãr.Soñky döwür başga ýerlerde-hä bilemok welin biz tarapda ýetginjekleñ arasynda ýoñ bolan nysak bar.Ýagny 23-nji fewralda gyzlar hökman oglan synpdaşlarny sowgat bermelimiş.Soñra oglanlar hem ýagdaýy bolsa-bolmasa 8-nji martda sowgat beren gyzlary gutlamaly.Gyz maşgala bolup ilki oglana sowgat bermek bu gyzlyk mertebesiniñ birinji yrgyldysy dälmi eýsem.Men muny öz çagalaryma düşündirip bilýän.Ulyja gyzym dogumlyja bolansoñ tutuş synpyna diýenini etdirip bu ýagdaýa ýol bermeýãr.Ikinji gyzym welin sowgat berlişik güni ýeke özi synplaryndan sogrulyp öýe gelýär.Üçinji gyzjagazym hem"Eje,synpymyzda hemme gyzlar gowy görýän oglanlarna sowgat paýlaýa.Goşulmasañam üstüñden gülýãrler"-diýip ýüzüni sallaýar.Meñ welin bu ýagdaýlar hiç mañzyma batanok.Ene bolup gyzyn eline sowgat berip"Bar gyzym halaýan oglanyña beräý"-diýip oturmak namysyñ birinji basgançagny ýykyp başlamak dälmidir eýsem."Eýsemleri"sanasam juda uzak bolar.Iñ gowysy säher bilen enemjanyñ edişi ýaly Alladan abraý diläýin.Allajan özüme,neslime,dowamatyma özüñ abraý bereweri.
Gyzylgül Annagylyjowa.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 88 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
12 Sona   [Mowzuga geç]
«Не воспитывайте детей – все равно они будут похожи на вас. Воспитывайте себя»
английская пословица.

0
11 Nurdan   [Mowzuga geç]
Çaga öwredilen zady edýar, aýdylan zady öwrenýar. Edepden çykylmalar bar bolsa bu ulularyñ ýagny mugallymlaryñam, ene-atalaryñam ýazygy. 23-nji fewral bize degişli bolmasa-da öñki ýylky 8-nji martda gyzjagazlara edilen hormatyñ gaýtargysy ýaly oglanlar ücin hem yönekeyje gutlag çäresini geçirmek däp bolupdyr biziñ mekdeplermizde. Oñ üçinem gyz ilki berýar sowgady diýen gürrüñ yogam.

0
10 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Gumlygelin, ol-a erbet eken onda, biziñ şäherimizde mekdeplerde okuwçylaryñ ählisi(her synp aýratyn) ýygnanyşyp "çaý içişlik" edýärler, we ýadygärlik bir zatjagazlar ählisine meñzeş alýarlar, mugallym bilen bile gowşurylýar eken.
Dogrusy siziñ aydyşyñyz yalydal. Sizde beýle bolsa has bolmanynda ene-atalar bolup mekdebiñizde ýygnanyşyklar geçirip biziñkileriñki yaly usuly ýola goýdursañyz kem bolmazdy. Bilmedim. Bu mugallymlar bilen deñ derejede ene-atalara-da bagly mesele bolup durýar ahyryn.Çagany

0
9 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Nurdan uýam,@Hoşowaz,@Mango@Jeýhun sag boluñ gadyrdanlar.Bize dahyly bolmadyk 23-nji fewral barada pikirinizi bilmek isläpdim.
@Nurdan uýam meñ gürrüñini etýänim ak ýürekden edilýän dostluk sowgady däl-de biri-birinden kem galmajak bolup soñra hem 8-nji martda özüniñkiden iki esse uly zat tamakin bolup edilýän sowgat.Umumy synp bolup goşulyşyp edilýän sowgat däl-de ozara bu meñki-de o señki bolup oglanlary paýlašylyp edilýän sowgat.Men beýle ýagdaýa gyz mašgalañ ýüzünden utanç perdesi syrylyp,gyzlyk mertebesi pese gaçyp başlady diýip düşünýän.Men ýene sözümi doly düşündirip bilmedik bolsam bagyşlañ...

0
8 Nurdan   [Mowzuga geç]
Elbetde uly synpdakylar barada "söýgülisine sowgat" bolubam biler, olar makalada aýdylyşy ýaly göni "halaýan oglanyña" diyyan bolsalar aýdyşlary yaly gorkaymaly onda olardanam. Emma kiçijikliklerinden gulaklaryna oglan-gyzyñ arasynda diñe bir "söýgiden" başga doganlyk gatnaşyklarynyñ has möhüm bolmaĺydygyny öwretmek ene-ata bilen birlikde mugallymlañam wezipesi. Uly ýaşly mekdep okuwçylary muña özleri gowy düşünýąndirler-a "söýgi" sowgadymy ya diñeje hormatlaşyp bir biregi gowy günlerde dost doganlarca gutlaşmakmy

0
7 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Çaga her bir zady ene-atasyndan öwrenýär. Biz ulular iş ýerinde şeýle korporatiw çäreleri geçirýäris. Imo-da, internetde mahabat edýäris. Çaga hem şol zatlary görýär. Mugallymlar hem biz ýaly yly adamlar. Olar bu meselä baş hem galdyrjak bolmaýarlar. Eger-de çagalar sowgat etmek isleseler onda gyzlaryň bary birleşip oglanlara sowgat etseler ýa-da oglnlar birleşip gyzlara sowgat etseler we ony däbe öwürseler, ýokarky makalada agzalan mesele ýüze çykmaz. Meselem, tort süýji köke alyp çaý içişlik etseler we ş.m. Belki başga ugurlary hem bardyr. Ol meseläni synpyň ene-atalar toparlary mugallymlar bilen bile çözse has göwnejaý bolar.

0
6 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Gumlygelin, enesiñiz, gyzly bolmak, gyz terbiýesi inçeligi talap edýärem. Gyzym bolmasa-da size-de düşünýan. Emma çagalar sowgatlaşanda ony hokman söýgülisine ýa-da barjak oglana berilmän eýsem synpdaşlaryñ arasyndaky agzybirligi berkitmek üçin doganlyk gatnaşyklary diýen yaly düşünjäni oglanjyklaryñ-gyzjagaşlaryñ añyna ýetirip bilmek zerurmyka diýýan. Onsoñam sowgat diýileninde hokman gymmat zatlar berilýän däldira, ruçka, galam depder.. çagalañ özüne okuwyna degişlije zatlar berilse oñ nämesi "mertebä" direýärka?
Men hokman sowgatlaşmaly diyjek bolamok. Sowgatlaşyan çagalaryñ "mertebesi yrgyldar" derejede ters düşündirmän dogry düşünjede añlaryna ýetirilse gowy bolar diymek isledim.

Mekdep ýyllarmyzda entek başlangyç synplarmyzdaky pursatlardan aýtsak, synpdaşym, partadaşym goñşymyzyñ ogludy. Biz edil dogan ýaly gowy görüşýärdik, arakesme wagtlaram öýden getirenje zadymyz bolsa-da, bileje paýlaşyp iýerdik. Oñ bilen doganlyk duýgusyndan başga hiç hili siziñ aýdyşyñyz yaly mertebä şikes ýetjek duýgular ýokdy pikirimizde-de hereketimizde-de. Gaýta bir birege hormat goýmagy başarardyk. Şeýdibem dogan ýaly ulaldyk. Hokman hemme ýerde "söýgi" bolmaly däldigini, şonluk bilen mertebämizi saklamagyda başardyk. Diýjek bolýanym her zadyñ asyl manysyny caganyñ añyna dogry ýetirip bilsek mertebänin yrgyldamagyna ýol bermese bolarmyka diyyan.

0
5 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Her kim "öz" tarapyndan seredýär hakykatdan hem bu (ähli) meselä. Şonuň üçin awtordan geňem görüp oturmadym.

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Umuman wakalara bir taraplaýyn seretmeli däl-de başga taraplaýynam seredip nyrh kesilmelimika diýýan. Gozgalan gürrüñde "gyzlañ mertebesinin yrgyldamagynyñ birinji basgançagy şul" diýilýar welin, meñ pikirimçe beyle däl. Hokman gowy görýaniñe bolmalymy ol? Belki bu oglan-gyzjagazlañ arasyndaky dostluk düşünjesini, bir birege hormat goýmagy berkitmek üçin edilýandir. Eger şol berilen sowgat bilen "gyzlyk mertebesi yranýan" bolsa onda belki gyzjagazlary oglanjyklar bilen deñ hatarda bir synpda okadyp, bir partada oturtmaga-da başgaça garamalydyr?!

0
3 mango   [Mowzuga geç]
umuman, şu ýazgy 90-njy ýyllaryň ýazgysyna meňzeýär.
Gyzylgül hanym edil gozgamak islän meselesinem täsirli gozgap bilmändir.
onsoňam bärden gaýtmalar bar.

"Eje, synpymyzda hemme gyzlar gowy görýän oglanlarna sowgat paýlaýa...".

23-nji fewral edil gowy görýän oglanyňa sowgat berilýän gün däl bolaýmasyn.
taryhyna seretseň ol gün sowetleriň gyzyl goşunynyň döredilen güni....
ideologiýa tarapyndan geljekki esgerleri höweslendirmek niýetli erkekleri gutlamak däbi ýaýradylypdyr. yz ýanyndanam 8-nji mart. klara цеткинаň ýolbaşçylygnda aýal haklary meselesi bilen köçä çykan günleri....
garaz, millete toý gerek, aýnany kim alsa şol alsyn diýilýärmi.

men gutlamaly-gutlamaly däliň gürrüňinden beter mesele gozgalanda köklerini giňişleýin öwrenip gozgamaly hasap edýän.

ideologiýany bir ýana aýyrsaň, ynsanlaryň sowgatlaşmagy (erkine sowgatlaşmagy) erbet bir zadam däl.
özüm-ä ýönekeýje (gymmat bolmadyk) galam sogat berselerem begenip bilýän.

ss

0
2 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Şu (we maliýe) ýagdaýlar sebäpli köp gyra zyňlypdyk bir döwür. Goşulmasaň hat-da jora diýeniňem Salamyňy almaz eken (şol sanda synp ýolbaşçy diýilýän "uly adam" hem şoň içinde). Ýetginjeklik döwri adam pahyr öte ynjyk döwri başdan geçirýä we şojagaz zatlaram ulalanda bir ýerinde dömperip çykaýjak derejede trawma goýýa çagada.
Mowzugyň başy barada welin, öňem bir erkek kişiniň (!) aýdyşy ýaly: "Gyz bolup dogulmagyň özi bir muşakgat". Nätjek ol gyz ahyry, adam däl-ä ol....

1
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Men ene bolup gyzjagazlañ bu hereketini goldamaga ynsabym çatanok.Ýol hem beremok.Emma,çagamyñ ýeke özüni synpdan çete çekmek hem böwrümde sanjy döretýär...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: