05:08
Göktürkmen söýgüsi -18/ romanyñ dowamy
ON BIRINJI BOÝ

BÜRGÜT SIŇEK AWLAMAÝAR

Ala-mula argamakly kişi — ala-mula argamagy diňe ilçiler, çaparlar münýärler — Hanan geçelgesine geldi. Ol Alawýerden Sibir begi tapmandan soň, rabada bakan ugrady. Gidip barşyna sesiniň ýetdiginden gygyrdy:
— Döwbasan beg gelýär! Döwbasan beg gelýär!
— Gelýär!
Gelýär!
Gaty dabara bilen gelýär ol!
Döwbasan beg iki sany guly öňüne salyp gelipdi.
Gullaryň utanç ýerlerini ýapyp duran göwşül mytgal örtükden başga hiç hili eşigi ýokdy. Ýigrimi-ýigrimi bäş ýaşlaryndaky, saçy-sakgaly ösen, hyrsyz, wagşyýana gözlerine gözleriň düşende depe saçyňy syh-syh edýän, garaýagyz endamynda taýak yzlary ganjaryp duran gullaryň elleri, aýaklary daňylgydy, boýunlaryna daňylan ýüp biri-birine baglanylgydy.
Alawýerde Döwbasanyň öňünden çykyp arzyly garşylan Sibir beg iki gula tiňkesini dikdi. Soňam bulary näme üçin getirdiň diýen terzde Döwbasana seretdi.
— Bu iki ganojagy men Hanana ýörite getirdim. Bu ikisiniň jezasyny özüňiz beriň.
— Näme edipdir bular?
— Wiý, Sibir, sen bularyň näme etmiş edendiklerini-de bilmeýärsiňmi?
— Ýok, bilmeýärin.
— Bular siziň bir hormatly adamyňyzy öldüripdirler.
— Kimi? — Sibir beg sesi gorkuly çykdy.
— Ony özlerinden sora. Jezanam özüňiz beriň. Men ganhorlary tutup getirdim. Şunuň bilen men öz etmeli işimi etdim.
Garadag gullaryň alkymyna dykylyp bardy:
— Kimi öldürdiňiz?
— Hanan geçelgesiniň ozalky begi Babyr begiň ogly Peleňi.
— Peleňi?
— Peleňi!
— Näme üçin öldürdiňiz? Nirede öldürdiňiz?
Gullar jogap bermediler.
Garadag tokmak deýin ýumrugyny gullaryň çem gelen ýerinden inderdi. Soňam olaryň birini bogmaga başlady:
— Näme üçin öldürdiňiz diýýärin men size?
— Bize öldür diýdiler — diýip, gul titir-titir etdi. — «Biz sizi gorarys, Peleňi öldüreniňiz üçin size hiç kim hiç zat diýmez. Peleňiň hossary ýok» diýdiler.
— Kim diýdi? Kim?
— Adyny bilmeýäris. Adyny aýtmady.
— Nähili adamdy ol? — Garadag ýene hälki guly bogup ugrady.
Häliden bäri sesini çykarman duran ikinji gul dillendi:
— Saňa meňzeş adamdy ol.
— Menmi? — diýip, Garadag ör-gökden geldi.
— Ýok, ýok, sen däl, ýöne saňa meňzeşdi.
Garadag uludan demini aldy:
— Nirede öldürdiňiz? «Öldüriň» diýip aýdan adam nirede ýaşaýar?
— Men bilmeýärin.
— Nirede duşuşdyňyz?
— Oguz çölünde.
— Niresinde?
— Sadylar diýlen ýerde. Anyk bilmeýäris. Ýankak diýlen ýerde bolmagam mümkin. Akja guýusynyň ýakynynda bolmagam mümkin.
— Häzir tapjakmy Peleňi öldüren ýeriňi?
— Ýok, ondan bäri ep-esli wagt geçdi. Bizi gorajak diýdiler. Soňam gaçyp gitdiler.
— Bizi aldadylar. Köp akja berjek diýdiler. Soňundan hiç zat bermediler — diýip, ikinji gul dillendi.
Döwbasan beg Sibir bege ýüzlendi:
— Babyr begi çagyr!
Sibir beg Babyr begi alyp gelmek üçin çawuşyny ugratdy. Babyr beg gelip bir Sibir bege, birem Döwbasan bege seretdi.
— Eý, saňa Babyr beg diýip ýüzlenmelimi ýa Babyr beg beg diýip? — diýip, Döwbasan gözüni güldürdi.
— Başky tutan adyň bilen ýüzleniber.
— Babyr beg diýipmi?
— Ýok, Eý diýip. Men Babyr beg adyna däl, Eý adyna mynasyp.
— Eý, şu iki guly görýärsiňmi?
Eý jogap bermedi.
— Eý, näme üçin meniň sowalyma jogap bermeýärsiň?
Babyr beg Sibir begiň ýanyna bardy:
— Sibir, bu kişi maňa näme diýmekçi bolýar?
— Doganym, bu kişä Döwbasan beg diýýärler. Bu asylzada kişi Bumyn hanyň, Istemi hanyň doganoglany. Häzir Döwbasan beg Zemm satrabynyň häkimi. Döwbasan beg seniň ogluň Peleňi gowy görýärdi. Ol toýy gutlap, köp-köp sowgat ugradan eken. Soň Peleňiň ýitendigini eşidip gözlege çykypdyr. Ahyr, ine, Peleňiň janyna kast eden iki sany ganhory tutup getirdi.
— Peleňiň aryny, goý, Eý alsyn.
Babyr beg Döwbasan begiň sözüni göýä eşitmedik ýaly, «Döwbasan beg näme diýdi?» diýen terizde ýene Sibir bege seretdi.
— Döwbasan beg bu ganhorlary saňa berýär.
— Men bulary näme edeýin?
— Nähili jeza bermek isleseň, özüň ber. Gullar seniňki, doganym.
Babyr beg ýene bir Döwbasan bege, birem Sibir bege seretdi. Soňam dähedem-dessem ýöräp gullaryň ýanyna bardy. Gullar onuň özlerine bakan ýöräp ugranyny görüp titreşdiler.
Babyr beg gullary boýdan-başa synlady. Olaryň endamyndaky ýüzi gyzaryp, suwjaryp duran ýaralary nebsagyryjylyk bilen synlady, eda bilen sypady.
— Sizi urupdyrlar!
— Begim! Biz telek iş etdik. Juda telek iş etdik. Bizi aldadylar.
— Aldadylar?!
— Hawa, begim, hawa, bizi aldadylar. Biziň adam öldürmek niýetimizde ýokdy. «Peleň ganhor. Ol häzir ikiňizi öldürer. Siz ondan öňürdiň. Ol biziň köp adamymyzy öldürdi. Siz şol ganhory öldürip berseňiz, biz size bütin ömrüňize ýeter ýaly akja berjek» diýdiler.
— Adam ynanjaň ýaradylypdyr, ynanjaňlygyndanam mydama zyýan görýär. Soňundan indi ynanmaýyn diýip ynanyp zyýan görýär. Adamyň bagty ýatsa, diňe ynanjaňlygy sebäpli ýatýar.
Döwbasan beg geňirgenmesini daşyna çykardy:
— Akyly ýerinde bu begiň.
— Ynanma! Ynanma! — Babyr beg gullaryň ellerindäki, aýaklaryndaky, boýunlaryndaky ýüpleriň daňylaryny çözmäge durdy.
— Edýäniň näme seniň? — diýip, Döwbasan beg Babyr bege gygyrdy. — Olary öldürmeli! Çözme!
— Doganym, edýäniň näme? Sen olary näme üçin öldürmeýärsiň? — diýip, Sibir beg odandy. — Ýüpden boşatsaň, olar gaçarlar! Eşidýärsiňmi, gaçarlar.
Babyr beg çözen ýüplerini bir gapdala oklap goýberdi-de, Sibir bege tarap öwrüldi.
— Sibir, bular aldanypdyr. Bulara şer al salypdyr.
— Näme, näme?
— Bu bendeler ajygypdyr.
— Sen näme üçin olary öldürmeýärsiň?
— Bularda dirilikden alamat galmandyr.
— Gullary daňyň! Ýogsam olar gaçar.
Babyr beg Döwbasan begiň bu sözüne ör-gökden geldi:
— Siz bu iki guly hut şu mahal maňa berdiňiz ahyryn.
— Biz ony saňa öldür diýip berdik.
— Berdiňiz, gullar meniňki. Rast, gullar meniňki bolsa, olar bilen siziň işiňiz bolmasyn.
— Belki, sen olary azatlyga goýberersiň? — diýip, Döwbasan Babyr bege ynamsyzlyk bilen seretdi.
— Maňa berdiňiz, näme etjegim bilen işiňiz bolmasyn.
Döwbasan beg öwhüldäp demini aldy:
— Babyr beg dogry aýdýar. Biz ganhorlary tutup getirip berdik. Indi bu ganhorlary, goý, näme etse, özi etsin.
— Doganym! Bu iki ganhor seniň ogluň Peleňi öldüripdir. Düşünýärmiň? Biz häzir bu iki ganhory jezalandyryp öldüreli. Ilki olaryň ellerini daňalyň — diýip, Sibir beg mylaýym gürledi. «Gullaryň ellerini daňyň!» diýip, öz çawuşlaryna yşarat etdi. Üç çawuş gullaryň ellerini, aýaklaryny täzeden daňmak üçin ýöräp ugrady. Gullar çawuşlaryň özlerine bakan ýetip gelýändigini görüp yza çekildiler. Birdenem çöle tarap ylgadylar.
— Atyň! — diýip, Döwbasan beg batly gygyrdy.
Çawuşlar ýaýlary bilen gaçyp barýan gullary atdylar.
Gullar uzak gaçyp bilmedi. Olaryň her biriniň arkasyndan bäş-on ok sünjüldi. Gullar zaryn gygyryp ýykyldy.
Arkasyna çümen oklaryň üstlerine ýykylan gullara birmeýdan seredip duran Babyr beg sesini çykarman öýüne ugrady. Yzyna garaman öýüne girdi.

* * *
Biraz dymyşlykdan soň Sibir beg mürähet etdi:
— Döwbasan beg, ýörüň öýe gireliň! Göwün açalyň!
— Men seniň öýüňe diňe bir şert bilen girjek, Sibir.
Sibir beg gorkuly seslendi:
— O nähili şert?
— Eý, Sibir, men Göktaňry bilen gürleşdim. Ol maňa: «Aýşöhle seniň hatynyň bolmaly» diýdi. Sen gyzyňy Bumyn patyşa bermek islänsiň. Muny Göktaňry islemändir. Şonuň üçinem Göktaňry Bumyn patyşany öldüripdir. Indi sen gyzyňy Mugan hökümdara ýa-da Istemi hana bermek isleýärsiň. Eger gyzyňy olara bermek isleseň, Göktaňry ol beýik hökümdarlaram öldürmeli bolar. Muny men aýdýaryn, muny Döwbasan beg aýdýar. Maňa muny beýik Göktaňry aýtdy. «Aýşöhle seniňkidir!» diýdi. Men gyzyňy talap edýärin. Gowy zat diňe güýçliniňkidir, hökümdaryňkydyr. Hemem halys bagty geleniňkidir. Möjek doýmanka awa tamakinçilik edip, tumşugyny uzadan güjüginiň haky ölümdir. Hälki iki ganhory maňa Göktaňry ýörite tutup berdi. «Eý, Döwbasan, men seni mertebeleýärin. Peleňi öldüren bu iki guly saňa berýärin. Hatyraň belent bolsun» diýdi maňa, gökleriň eýesi bolan beýik Taňry. Şu ýere gelýänçäm öňüme möjek düşüp geldi. Sen öz bagtyňy görmeýärsiň. Özüň-özüňi betbagt etjek bolýarsyň. Men seniň ýanyna Göktaňryň iberen mertebesi, berekedi, baýlygy bolup geldim.
Sibir beg çykgynsyz güne galdy.
Döwbasan Sibir begiň çawuşlaryny, başga-da kim garşylyk görkezse, garşylyk görkezenleri öldürip, Aýşöhläniň haýyna-waýyna seretmän öýüne äkidip biljekdigini öwran-öwran gaýtalady. Ýöne özüniň bu etmişi Göktürkmen iliniň patyşasyna ýetse, soňunyň erbet boljakdygyny Döwbasan bilýärdi. Soňunyň erbet boljakdygy baradaky wehim hem Döwbasany wagşylykdan saklaýardy. Ol bu barada kän oýlanypdy. Gözünde oky bolsa, bir dem hem saklanjak däldi, Sibir begi parça-parça etjekdi.
Aýşöhläni hatyn edinmek isleýändigini birki gün myhman bolup soňundan aýtmagy Döwbasan öýünde ýüregine düwüp gaýdan-da bolsa, Sibir begi görende wagt ýitirmek islemedi. Sebäbi onuň gözüne Sibir beg gaty ejiz adam bolup göründi.
— Sibir, men saňa düşünýärin. Ýöne senem maňa düşün — diýip, Döwbasan hyýalynda telim ýola gaýtalap gelen nutugyna başlady. — Oglum Töreaman gyzyňa hyrydar çykdy, haýp, onuň kysmaty keç geldi. Ondan soň gyzyňy oglum Arslana alyp bermekçi boldum welin, hatynlarym meni erbet güne saldylar: «Hökümdarymyz, siz Aýşöhlä mynasyp, Aýşöhle hem size mynasyp, şony hatyn edinseňiz, dünýä täzeden gelen ýaly bolarsyňyz» diýip. Ana, şol gürrüňden son seniň Aýşöhläň jemalyny gördüm. Şol pursatdan bärem maňa rahatlyk ýok, maňa ukam ýok, hiç bir zat bilen serim hem ýok. Sen häzir hut şu ýere Aýşöhläni çagyr. Men onuň dilnowaz jemalyna tomaşa edeýin hem oňa aýtmak islän sözlerimi aýdaýyn. Goý, ol häzir meniň gaşyma gelsin. Meniň diýen sözüm derrew amal bolsun. Aýşöhle gelsin şu ýere. Bu sözleri Kutuly Allagyň ogly Döwbasan aýdýar!
Sibir beg Döwbasanyň bu talabediji, kesgin sözüne aljyrady, garşy çykara güýç tapmady. Ol ýanynda duranlara çalaja yşarat etdi.
Köp garaşdyrman Aýşöhle şöhle-ýalkymy bilen içerden çykdy.
Döwbasan beg Aýşöhläni öň beýle içgin synlamandy. Görüp otursa, Aýşöhle şol gezekki göreninden hem kän-kän esse owadan eken! Onuň efsun atyp, messan-messan ýöreýşi janyňy alyp barýar! Pah-pah, beýle owadan peri-peýker diňe patyşalaryňky bolmaly! Bu gün gökleriň eýesi Taňry Döwbasana patyşa ryskyny eçilýär! Aperin!
Döwbasan diňe bir iki didesi bilen däl, ýok, on iki synasy, bütin düýrmegi bilen Aýşöhläni boýdan-başa synlady. Ol dünýäni unudyp synlady. Aňkarylyp synlady.
Aýşöhle gyrmyzy keteniden eşik geýipdir. Onuň üstünden hem senjap derisinden tikilen çuhasy bar. Aýagyna gyzyl ädik geýipdir. Onuň ýaly gyzyl ädik Hindistandan getirilýär. Başynda altynsow saçlaryny altyn çyzmyk saklaýar. Döwbasan begiň göwnüne Aýşöhläniň diňe özi däl, onuň egin-eşikleri-de keramatly, mukaddes duýuldy.
Aýşöhle Döwbasan begiň bäş-alty ädim gapdalyna gelip aýak çekdi. Eda bilen baş egdi.
— Aperin! Men seni özüme hatynlyga almaga razy. Men seni hatyn edinýärin, Aýşöhle! Sen meniňki bolarsyň.
Döwbasan kejebeden seresaplyk bilen bir gyzgylt küýze çykardy. Ony öňe tutup Aýşöhlä tarap ugrady.
Ol her bir hereketini çalasynlyk bilen etdi: Aýşöhläniň öňünde aýak çekip, küýzesinden üç-dört owurt içdi, soňam ony Aýşöhlä uzatdy:
— Aýşöhle, men seniň Peleňe hatyn bolmagyňa garşy däldim, ýöne Peleň ikiňiziň birikmegiňizi Göktaňry islemedi. Şonuň üçin Peleň ölmeli boldy. Men Peleňi öldüren iki sany guly Göktaňrynyň hemaýaty birle tutup getirdim. Ol iki guly ýaňy öldürdiler. Seniň täleýiňe maňa hatyn bolmak ýazylypdyr. Aýşöhle, sen meniň tokalym1 bolmaly. Me, şu küýzeden iç, hezreti Taňry ikimizi berleşdirsin! Meniň saňa bolan duýgym ýalyn deýin arassa, ýalyn deýin gyzgyn. Duýgym maksadyna ýetmese köşeşmez. Maňa gökleriň eýesi hezreti Taňrydan owaz geldi. Ol maňa: «Eý, Kutuly Allagyň mähriban ogly Döwbasan beg! Men seniň üçin Aýşöhle diýen gyzy ýaratdym. Sen şol gyza eýe çyk. Ol Hanan geçelgesindedir. Aýşöhläniň bagt ýyldyzy sensiň. Eger sen oňa eýe çykmasaň, ol gyz betbagt bolar» diýdi. Hakyt şeýle diýdi. Men bu ýere gökleriň eýesi hezreti Taňrynyň emri bilen geldim. Hezreti Göktaňry maňa seni bagtly etmegi tabşyrdy. Maňa ýene ýüz ýigrimi ýaş berdi.
Aýşöhle ör-gökden gelip yza çekildi
Döwbasanyň sesi haýbatly ýaňlandy:
— Me, derrew iç şu suwy! Goý, hezreti Taňry ikimiziň ýyldyzymyzy birleşdirsin!
Döwbasanyň haýbaty duranlaryň depe saçyny düýrükdirdi.
Aýşöhle atasynyň arkasyna dulandy, soňam bu ýerde uzak durman, ýarym-ýaş aglap, derwezä tarap ökje göterdi.
— Döwbasan, sen meniň ýüregimi ýardyň, meniň gyzymyň hem ýüregini ýardyň!
— Men bu ýere hezreti Göktaňryň emri bilen geldim. Hezreti Göktaňry maňa: «Öz hatynyňa eýe çyk!» diýýär. Men hezreti Göktaňrynyň emrini berjaý edýärin. Mende ikinji ýol ýok. Men düýä münüp hataba bukmakçy däl. Maksadym anyk hem nagt. Men durmuşda göwnüme ýaraýan, göwnüme biçak lezzet berýän zatlary edýärin. Çünki durmuşyň galan zatlarynyň bary biderek. Meniň näzik, jandan eziz görýän göwnüm bar. Meniň bar maksadym, ana, şol göwnümiň göwnüne ýetmek. Göwnüm seniň gyzyňy küýseýär. Men göwnümiň şu islegini hökman kanagatlandyraýmaly. Iň esasy hem meniň göwnümiň bu küýsegi gökleriň eýesi hezreti Taňrynyň göwnüme, kalbyma salan mübärek demi. Meniň göwnüm gökleriň eýesi hezreti Taňry bilen birleşdi.
— Sen meniň pikirimi soramadyň. Sen gyzymyň islegini soramadyň.
— Begiň islegi — raýatynyň küýsegidir.
— Sen Ilhan däl, satrap baýy.
— Şol saňa ýeterlik dälmi?
— Sen meni agyr güne salma!
Döwbasan uludan demini aldy. Soňam elindäki küýzäni Sibire uzatdy.
— Me, iç!
Beg içdi.
— Indi gyzyňam içsin. Bar, küýzäni eltip ber. «Şundan iç» diý. Aýtdym, gutardy.
— Ýok, ýok! — Sibir beg küýzäni yzyna uzatdy.
— Seniň soňky sözüňmi şu?
— Döwbasan, sen bir menzil ýol söküp geldiň. Ilki myhman bolup, öýe gir, dem-dynjyňy al, naharlan. Ana, şondan soň gürleşeli.
— Men ýadadym, bu dogry, ýöne senden wada alman, öýüňe girjek däl. Sen maňa gyzyňy ber. Seniň gyzyň üçin oglum Töreaman wepat etdi. Isle, oglumyň huny hökmünde ber, isle-de, şeýlekin ber, ýöne gyzyň meniň hatynym bolsun. Aýtdym, gutardy. Ýa maksadyma ýeterin, ýa-da şu maksadymyň ýolunda ölerin. Bu maňa Göktaňrynyň emri. Maňa Göktaňry her bir aýtmaly sözümi, her bir etmeli işimi öwredýär. Ol näme diýse, men şony edýärin. Mende ikinji ýol bolmaz. Başda meniň seniň gyzyňa öýlenmek pikirim ýokdy. Gyzyňy Babyr begiň ogluna äre berjekdigiňi eşidip, ýadyňa sal, men jinnek ýaly-da garşy çykan däldirin. Gaýtam Babyr begiň ogluna birgiden sowgat-engam ugratdym. Ýöne Babyr begiň ogly Hindistana gaçyp gidipdir. Men ýarym ýyllap garaşdym: Babyr begiň ogly geler hem Aýşöhlä öýlener diýip. Ýöne Babyr begiň ogly Hanana geljek däl diýip ant içipdir. Bir hindi täjirine ogullyga durupdyr, onuň gyzyna öýlenipdir. Men ýörite adam ugradyp barlatdym. Ýöne Peleň Hindistanda rahat ýaşamandyr. Ahyry bir ýerli täjir bilen darkaşa giripdir, ony öldüripdir. Onsoň Hindistandan gaçyp gaýtmaga mejbur bolupdyr. Telek iş etseň, Göktaňry jezaňy berýär. Peleňe-de jeza beripdir. Hindistandan gaçyp gelýärkä, iki sany gul öldüripdir ony.
— Gullara kimdir biri Peleňi öldürmegi buýrupdyr, kimkä şol?!
— Bilmedim, ýöne bir zady açyk bilýärin. Ýöne ýere adam öldürmeýärler. Meni öldürenoklar, seni öldürenoklar. Aýşöhläni öldürenoklar. Sebäp biz Göktaňryň hoşuna gelmejek telek işi etmekden gaça durýarys. Haýry ýaran edinýäris. Şerden gaça durýarys. Nebis perişdesiniň alyna gitmeýäris. Peleňi öldüren adamlary öz gözüň bilen gördüň. Men ýene bir ýyllap bu ýere geljek däldim. Ýöne bu iki guluň eden etmişi paş bolansoň, men gaýtmaly boldum. Men Peleň entegem Hindistandadyr öýdüp ýördüm. Görsem, ol Hindistanda-da uzak durmandyr. Gullaryň diýen sözlerini öz gulagyň bilen eşitdiň. Babyr beg öz oglunyň ölümi üçin gynanmadam. Gaýtam, gullara nebsi agyrdy onuň. Indi sen gyzyňy kimdir birine äre bermeli bolarsyň ahyryn. Ýa ýene birine söz berdiňmi?
— Men Babyr begiň oglundan başga hiç kime söz bermedim.
— Onda gyzyň meniňki bolmaly. Sebäp Babyr begiň ogly ýok indi.
Sibir beg çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Onuň sesi gaty naýynjar çykdy:
— Döwbasan, sen garradyň, ogluň Arslany öýeräý.
— Ýok, ýok.
— Sen halys garrapsyň, Döwbasan.
— Eger bermeseň, zor bilen aljak däl, ýöne men galan ömrümi seniň daşişigiňde geçirjek. Men ölýänçäm seniň daşişigiňde oturjak. Meniň çawuşlarym satraba gidibersinler, men şu ýerde galjak. Galan ömrümiň näçedigini bilemok, hezreti Göktaňry näçe eçilse, şol eçilen ýaşynyň ählisi Aýşöhläniňki bolsun! Men ýa Aýşöhläni alaryn ýa-da seniň işigiňde ölerin. Aýtdym, gutardy. Hemme zady üýtgedip bolar, ýöne meniň pikirimi, maksadymy üýtgedip bolmaz. Meni mundan artyk gürletme. Men şu ýerden öýüňe seredip oturjak. Aýşöhle daşaryk çykanda men onuň ajaýyp keşbini görerin. Şol hem maňa iýmit-hörek bolar. Maňa Aýşöhläniň mübärek jemalyndan başga hörek gerek däl. Indi men gürlejek hem däl. Bar, bar, sen öýüňe git. Men şu ýerde ýatyp-turjak. Men aýtdym — gutardy!
— Çynyňmy seniň?!
— Çynym!
— Il-gün näme diýer?
— Maňa kim näme diýse, şony diýsin. Men il-gün üçin ýaşamaýaryn, özüm üçin ýaşaýaryn. Men iliň hoşuna gelmek üçin däl-de, göwnümiň göwnüni awlamak üçin ýaşaýaryn. Goý, özüm köseneýin, ýöne göwnüm kösenmesin, küýsegine gowuşsyn. Maňa häkimligem gerek däl, maňa baýlyk-mülkem, çaga-çuga-da, aýallarymam gerek däl. Meniň öýüm indi, ine, şu meýdan bolar. Ine, şu meýdan meniň galan ömrümde geçirjek öýüm bolar. Ynanmaýarsyň, ýaşaberseň, ynanmaly bolarsyň. Döwbasany sen tanaňok, Sibir beg, tanaňok. Döwbasan aljak diýen awuny ýa alar, ýa öler. Döwbasan şeýleräk adamdyr. Döwbasan entek awdan galan adam däldir. Bar, bar, öz işiň bilen boluber. Meni öz günüme goý, Ine, şu ýer meniň öýüm. Şu ýerde otursam, Aýşöhle haçan daşaryk çykanda görerin. Şu ýerde otursam, hiç bolmanda Aýşöhläniň didaryny görerin. Maňa şol hem uly bagt. Maňa dünýäde başga hiç zat gerek däl.
Hana, tuduň aňyrsynda alawhanaň gapdalynda ýany bilen gelen çawuşlary, gulamlary Döwbasan begiň ýüzüne mölterilişip bakyşyp durlar. Wah, ol görgüliler nätsin!
Döwbasan serhoş deýin entirekläp alawhana bakan ugrady.
— Meniň wesýetimi diňläň! Diňläň meniň wesýetimi! Ine, şu meýdança şu günden beýläk meniň öýüm bolsun! Çünki Gün hezreti maňa näçe ömür berýän bolsa, men şol ömrümi, ine, şu ýerde Aýşöhlä garaşyp geçirerin. Men ölerin, ýöne ähtimden dänmerin. Men ölerin, ýöne Aýşöhlesiz ýaşamaryn. Eger ölsem, siz menden razy boluň, diwandakylar hem menden razy bolsunlar! Olara aýdyň, Döwbasana görkli Aý hezretiniň alawy tutaşdy diýiň. Altyn dagy böwsüp ýol ýasaýar. Ýöne men size yhlasyň altyndan-da güýçlüdigini oraşan edip bereýin. Meni Aýşöhlä mynasyp görenoklar. Goý, görmesinler. Men gazabyma tutsam, bu obany ýumurtga bişiribermeli alawhana öwrübem bilerin. Ýöne zorumy görkezip, Aýşöhläni alasym gelenok. Men oňa zarym hem yhlasym bilen ýetmek isleýärin. Men ölýänçäm siz şu ýerde çadyr gurap ýaşaberiň! Gala baryp gaýdyň. Bu obadan owkatlyk üçin ýeke hoşa üzüm-de almaň! Men ölerin. Ölemsoň meni babam Kutuly Allagyň saganasyna eltip ýerläň. Düşnüklimi?!
Elbet, düşnükli. Ýöne merhemeti güýçli hökmürowan häkimiň bir gyz üçin, hawa, hawa, bir gyz üçin beýle halda oturmasy çawuşlar, gulamlar üçin gaty düşnüksiz.
Sibir gürlemän, sarsman oturan Döwbasana seredip esli salym durdy. Oňa seredip durmagyň gyzygy gaçdy:
— Döwbasan, tur, beýdip oturma!
Döwbasandan jogap bolmady. Sibir soňam telim ýola Döwbasandan turmagy, beýdip oturmazlygy töwella etdi.
Jogap bolmady.
Sibir beg Alawýerde Döwbasana töwella edip durmakdan halys ýadady-da, güzere öz işi bilen gitdi. «Uzak oturmaz. Oturmakdan bizar bolup, soň turup öz ýoluna gider» diýip, içini gepletdi.
Sibiriň Döwbasan baradaky pikiri dogry çykmady.
Döwbasan ýerinden turjak bolanok.
Hiç ýere gitjek bolanok.
Gozganman otyr ol.
Nazary Sibir begiň gapysynda.
Ynha, garaňky düşdi, onuň şol bir oturyşydy. Bir edilen zat onuň oturan ýerine köneje bir kilim düşelipdi.
Döwbasanyň aýdyşy ýaly boldy.
Alawhananyň ýanyndan ähli çawuşlar, gulamlar ýerleşer ýaly çadyr dikildi.
Döwbasan bütin ömrüne pähim-paýhasyna daýanyp ýaşaýardy. Ol özüniň ugurtapyjylygyna, akyllylygyna buýsanýardy. Ol öz ugurtapyjylygynyň, akyllylygynyň hasabyna bütin ömrüne maňlaýyny derletmän, horluk-zarlyk görmän ýaşady. Ol adamlaryň duýgularyna täsir etmekde, olary isleýşiçe özüne tabyn etmekde özüni ussat hasaplaýardy. Ol bu ussatlygyndan çäksiz lezzet alýardy.
Döwbasan aşak bakyp oturyşyna alawhanany, onuň günorta tarapynda täze gurlan öýi (bu Peleňiň guran öýi), meýdançanyň günbatar tarapyndaky derwezesiniň öňi sakçyly Sibir begiň öýüni, ol öýe girip çykýan adamlary içgin synlady.
Ine, Alawýer meýdançasynda gaýra tarapa — derýanyň güzerine barýan ýol bar. Bu insizje ýoluň iki ýany hütdüjik külbelerden doly.
Güzere gidýän ýoluň ugrunda, meýdançadan ýüz-ýüz elli zirag gündogarda Hanan geçelgesiniň rabady bar. Täjirler rabatda düşleýärler. Merwden gelýän ýol alawhananyň aşak tarapyndan — meýdança bilen aralykdan güzere geçip gidýär. Bu ýol Hanan geçelgesiniň esasy ýoly. Bu ýoluň aşak tarapynda ýene iki syrgyn öý bar.
Töweregini göz astyndan synlap oturan Döwbasan öz-özüne geň galýar: Göktaňry özüni ýigrimi ýaşda däl-de, näme üçin elli üç ýaşda söýgä uçratdykan?! Aňsat-aňsat tolgunmaýan Döwbasan Aýşöhläni görse tolgunmadan, ýüreginiň dükürdemesinden ýaňa süňňüni saklap bilenok. Aýşöhle onuň öz perzentleri bilen ýaşyt. Töreamana-a Aýşöhleden bäş ýaş uludy. Pamyr üç ýaş, Taran iki ýaş uludy. Arslan Aýşöhleden bir ýaş uly. Döwbasanyň Aýşöhleden uly iki sany gyzy-da bar. Onsoň öz çagaňdan kiçi gyzyň ýanynda galpyldamak gülkünç dälmidir?!
Adam ähli zada uýgunlaşýar, Döwbasanyň göz-gülban bolup oturmasyna-da, geçelgäniň adamlary, geçelgäniň çagalary öwrenişip ugrapdylar. Her kim öz aladasy, öz işi bilen başagaýdy. Ol ýerden geçýänler ädimini çaltlandyryp çaltrak geçip gitmek bilen bolýardy. Olaryň göwnüne, Döwbasan seredýän ýalydy, ýöne Döwbasan hiç kime-de seredenokdy. Ol sereden tarapynda-da hiç zady görenokdy. Görýärdi, ol diňe Aýşöhläni görýärdi. Ol haýsy tarapa seretse, şol tarapda hem Aýşöhläni görýärdi. Ol her bir zatda Aýşöhläni görýärdi. Ol hyýalynda Aýşöhle bilen duşuşýardy. Onuň ellerinden tutýardy. Tylla çaýylan ýaly öwüşgin atýan kyrk örüm saçlaryny ellerine alýardy.
Göktaňrynyň bendesini ediberşini görsene!
Adam küýsegi dört basgançakly eken. Oňa ähli zatdan öňürti dokluk gerek. Bu ilkinji basgançak.
Doklukdan soň adama baýlyk gerek.
Bu ikinji basgançak.
Baýlykdan soň adama hökümdarlyk gerek.
Bu üçünji basgançak.
Hökümdarlykdan soň adama dünýä hem lezzet gerek.
Göktaňry adamyň isleginde serhet goýmandyr.
Ine, Döwbasan — baýlygy bar. Hökümdarlygy bar.
Gözel-gözel aýallary-da bar.
Ýöne gowusyndan gowusy gerek.
Köpünden köpi gerek.
Çünki onuň diýeni bolýar, çünki islän zady onuň elinden gelýär, çünki ol äleme göz görkezmek isleýär.
Ol öz adynyň taryha girmegini isleýär.
Dokda oýun kän.
Mesde oýun kän.
Baýlykda, hökümdarlykda hokga kän.
Döwbasan aýnaýar.
Ýöne Döwbasan başda aýnan hem bolsa, kem-kem oýun çyna ýazdy.
Ol düýrmegi bilen Aýşöhlä ýaranmak isledi.
Ol düýrmegi bilen Aýşöhlä ýetmek isledi.
Ol düýrmegi bilen Aýşöhlä öz ukybyny, yhlasyny görkezmek isledi.
Garaňky gatlyşdy.
Geçelgäniň ähli kişisi görkli Aý hezretine tagzym etmäge çykdy.
Alawhanadan köz getirilip, ullakan ot ýakyldy. Şol oduň başynda hem görkli Güne, görkli Aýa senalar okaldy.
Ortada alaw oýnaýardy.
Ähli kişi oduň daşynda rakys oýnaýardy.
Döwbasan rakys oýnamaga ökdedi. Onuň oýnasy gelýärdi, ýöne gozganman oturmagyny dowam etdirdi.
Adamlaryň bolşy, ylla ony görmeýän ýalydylar. Onuň sebäbi bardy. Taňra zikir edilende adama parh goýulmaýardy. Bu pursat patyşa-da, beg-de, garyp-da, sylahsalar-da deňdi. Ot ähli kişiniň deň görülýän ýeridi.
Ýöne Aý ähli bendesini deň görenok: birini eý görýär, oňa kän-kän baýlyk eçilýär, başga birine gara zähmet bilen güzeran dolamak ýazgydyny berýär.
Oduň başynda her kim Taňry bilen duşuşýar.
Taňry bilen duşuşýarkaň, heý, bendesi gözüňe görnermi diýsene!

ON IKINJI BOÝ

GORKY UMYTDAN ÖŇDE ÝÖREÝÄR

Döwbasan aýdanda Sibir ilki ynanmandy: gepiň gerdişine görä aýdylaýan bir sözdür öýdüpdi. Ýöne Döwbasanyň çynydygyna Sibir basym göz ýetirdi.
Nädip göz ýetirmejek!
Döwbasan giň meýdanda başyny aşak salyp otyr-a!
Eý, Göktaňry, muňa näme diýip, näme aýtjak?! Adamyň ýaşy könelişse, akylam könelişýän eken-ä!
Bu masgaraçylygyň öňüni nädip alyp bolar?!
Gep bilen-ä ony ýerinden gozgap bolmady.
Oňa sütem edilmedi. Näme üçin sütem etjek?! «Otyrsyň» diýipmi?!
Oturar-oturar, ýadar, gider.
Döwbasan edilen pikirleri ýalana çykaryp otyrdy.
Bahar pasly bolansoň, gijelerine salkyn bolýardy.
Döwbasanyň Alawýerde mekan tutunan güni tebigat joşa geldi.
Ilkagşamdan ýagyş çisňäp ugrady. Yzyndanam jala ýazdy.
Dogry eken: eger ýagyş ilkagşamdan başlansa uzak ýagjaklygynyň alamaty. Günortan başlanan ýagyş, arkaýyn bolaýyň, uzak ýagmaz.
Jala daňyň aýtmagy bilenem diňmedi.
Diňe günortana golaý kiparlady. Howa şeýle bir ýakymlydy. Beýle janperwer howada ýaşadygyňça ýaşasyň gelýärdi.
Ýagyş diňensoň guş-gumursylar saýraşyp, kir-kimirsiz asmanda aşyrym atdylar.
Döwbasan jalanyň suw-sil bolup ýagmagyny piňine alman otyrdy. Onuň egin-eşigi ol-myžžyk bolupdy. Ol bu zatlary duýmaýan-bilmeýän ýalydy. Onuň oturan ýerlerinde ýagyş suwlary kölçe-kölçe bolup durdy. Asyl onuň özem ýagyş suwunyň içinde otyrdy.
Aşagyna düşek ýazmak, egin-eşigini täzelemek baradaky teklibe Döwbasan garşy çykdy. Ol gysgajyk jogap berdi:
— Azar bermäň maňa!
Ol öňki Döwbasan däl: ýagşydan-ýamandan sesinem çykaranok, nägileligem bildirjek bolanok.
Otyr!
Sibir günuzyn iş bilen başagaý bolup, giçlik Döwbasanyň ýanyna geldi. Birmeýdan sesini çykarman, töweregini synlady:
— Döwbasan, bir hatyn diýip edýän işiň göwnüňe makulmy?
— Sen «Bir hatyn» diýip Aýşöhläni kemsitme. Ol seniň «bir hatyn» diýýäniňden has ýokardaky gyz. Bu dünýä satlyk dünýä, şonuň üçinem bu dünýäde satylmaýan zat ýok. Näçe dinar diýseň berjek diýip durkam, sen näme üçin şol bir hatyny maňa sataňok?! Seniňki makulmy?
— Seniň bolşuňy teý akylyma sygdyryp bilemok. Sen bilbil ýaly, owadan «gül» görseň saýrap ýörsüň.
— Senden hiç zat gizlämok, Sibir. Men hiç mahalam gümürtik zat etmedim. Sen maňa belet däl entek. Men ömrümden razy, ýaşajagymy ýaşadym, görjegimi gördüm. Taňrydan müň keren razy.
— Bu bolup oturyşyňa kesellärsiň, ölersiň. Ölerin öýdüp gorkaňokmy?
— Gorky umytdan öňde ýöreýär. Göktaňry gorkyny umytdan öňde goýberipdir: goý, adamlar umyt edýän, küýseýän zatlaryna ýetmäge gorksunlar diýip.
— Seniň gorkyňa ne döw çaldy onda?
— Ara yşk düşende gorky göze görünmeýän eken.
— Göktaňry näme üçin olaryň öňünden gorkyny aýyrýar.
— Çünki Göktaňry çyn aşyklary ezizleýär, olaryň maksatlarynyň myrat bolmagyny isleýär.
— Görene gep-gürrüň bolup oturmaň näme?
— Men aýtdym-a, ara yşk düşende göze hiç zat görünmeýän eken diýip. Gözüme gorky-da, masgaraçylyk-da görünmeýär. Elbet, il-güne meniň bu bolşum geň görünse görünýändir. Goý, görünse görünsin. Süýtlek inek depegen bolar. Meniň hem bir kemim bolmalydyr ahyryn. Bes, bes! Aýtdyň, özem telim ýola aýtdyň, menem telim ýola eşitdim. Ol sözleriňi indi gaýtalama! Men Aýşöhlesiz ýaşajak däl. Men şu güne çenli ýaşan ömrümden razy. Taňry maňa mundan aňry ömür berjek bolsa, Aýşöhle bilen bersin! Ýogsamam alaýsyn amanadyny!
— Taňra şert goýýarsyňmy?!
— Diňe Taňra däl, ähli kişä, şol sanda saňa-da, Aýşöhlä-da şertim şu meniň. Ýogsa-da öldüriň meni! Maksadyma ýetmek üçin men hiç zatdan gaýtmaryn.
— Peleňi sen öldürdiňmi?
— Aýşöhle bilen aralykda näçe Peleň bar bolsa men olaryň barynam öldirin. Ýöne Göktaňry şaýatdyr, Peleňi men öldürmedim. Sen Peleňi unut! Ol siziň mertebäňizi depeledi. Ol siziň mertebäňize mynasyp ýigit däl. Sen maňa bahaňy aýt! Men ähli hanymanymy saňa berýärin, ogullarymy, aýallarymy saňa berýärin. Gaznamda näçe altyn-kümüş bar bolsa, men olaryň baryny saňa berýärin. Zäher ýylanyň özi üçin ýaşaýyş, adam üçin welin, ajal. Meniň şu hupbatly durmuşym özüm üçin ýaşaýyş, seniň üçin görnetin ölüm. Sen maňa düşünmeýärsiň. Düşünjegem bolmaýarsyň. Belki, sen maňa düşünip-de bilmersiň. Durmuş — bu meniň üçin bilesigelijilik, gyzyklanma teşneligimi gandyrmak. Durmuş — bu meniň üçin göwnümiň göwnüni awlamak ugrunda ýaşamak. Ýaşaýşyň manysy lezzetde. Indiden beýläk meniň göwnümi awlap biljek, bilesigelijilik teşneligimi gandyrjak, süýji lezzet bermegi başarjak ýeke-täk zenan bar — ol hem Aýşöhle. Wah, sen maňa düşünmeýärsiň. Sen maňa adaty ýaşaýşy ündeýärsiň. Men seniň salgy berýän ol ýaşaýşyňy — adaty ýaşaýşy ýaşadym. Adaty ömürde maňa indi diňe garrylyk ajaly garaşýar. Ýöne men ajala çenli göwnümiň küýseýşi deýin ýaşamak isleýärin. Şu küýsegime ýetip bilmän öläýenimde-de meniň üýtgeşik bir ýitirýän zadym ýok. Yzymy ýörederler. — Döwbasan birden zöwwe ýerinden galdy. Onuň bu bolşuna Sibir aňk-taňk boldy. Görse, derwezeden özlerine bakan messan-messan ýöräp, eli golçaly Aýşöhle gelýär.
Aýşöhle gelýär!
Aýşöhle eli suw golçaly gelýär.
Döwbasanyň ýygyrt basan ýüzüne nur çaýyldy. Ol uçjak guş deýin galkyjaklady, ýüreginiň urgusyny Aýşöhläniň ýöreýşine goşdy. Her ädimde Döwbasan bir gezek demini aldy. Dem almasynyň arasynda öwran-öwran ýuwdundy. Onuň bolşy Aýşöhläniň mähir-muhabbetini şerbet deý içýän ýalydy. Içdigisaýyn, ýuwdundygysaýyn Döwbasan aşygyň teşneligi artýardy.
Aýşöhläniň mübärek jemalyny görüp Gün ýaşmasyny birsalym goýbolsun eden ýalydy, Aýşöhläniň mübärek jemaly töweregine ýalkym saçyp gelýärdi, göwsüniň üstünden seçelendirip goýberen zülpleri Günüň tylla tyglary deýin Aýşöhläniň iki egnine, göwsüne öwüşgin berýärdi. Egnindäki sargylt keteni eşigi bolsa ylla Gündi.
Gün ýöräp gelýärdi.
Ýaňy ýaşjak bolup Ýere düşen Gün — Aýşöhle ýöräp gelýärdi.
— Aýşöhle, gyzym, Döwbasan saňa aşyk bolupdyr. Ol ähli hanymanyny saňa çalyşmak isleýär. «Maňa Aýşöhlesiz ýaşaýyş gerek däl» diýýär.
Aýşöhle sesini çykarmady.
— Aýşöhle!.. — diýip, Döwbasan ýuwdundy. — Sen maňa özüňi bagyş eýle, meniň hatynym bol! Men seni depämde Hudaýym edip saklaryn! Men tutjar baý. Mende altyn-kümüş köp.
— Küpür gepleme, Döwbasan! — diýip, Sibir gorka dillendi. — Seniň baýlygyň köp däl. Men seniň baýlygyň mukdaryny anykladym. Sende meniň baýlygymyň ondan birisem ýok. Sen köp baýlygyňy zowky-sapa üçin sarp edipsiň.
— Sen bu zatlary aýtmaly däldiň, Sibir, sen maňa başda gowy hormat goýduň. Meniň baýlygymyň özüňkiden azdygyny bileniňden soň seniň maňa hormatyň aýryldy. Eger men seniň özüňden baý bolan bolsam, onda sen häzirkiň ýaly bolmazdyň. Sen ähli zada baýlyk boýunça baha kesýärsiň. Sen bir zady bileňok.
— Men hemme zady bilýärin.
— Ýok, sen meniň aýtjak bolýan zadymy bileňok.
— Ony bilmegiň maňa zerurlygy ýok.
— Bar. Sen gaty bek bil. Men senden on esse baýdyryn.
— Näme, näme?
— Men senden on esse baýdyryn.
— Eh, Döwbasan, Aýşöhläniň saňa durmuşa çykmak islemeýändiginiň sebäbini baýlygyň azlygy hasaplaýan bolsaň, onda ýalňyşýarsyň.
— Aýşöhle, men saňa açyk aýdýaryn: Peleňi men öldüremok. Sibir hem maňa müňkürlik edýär. Şonuň üçin: «Şol gürüm-jürüm bolan ýigidi nirede bolsa-da tapyň, şol ýigit hakda anyk bir zady bilmän meniň ýanyma geläýmäň» diýip, men on sany saý ýigidimi ýola saldym. Meniň ýigitlerim siziň arzylaýan ýigidiňiziň nirededigini derrew bilip geldiler. Ýadyňdamy, Sibir, ýadyňdamy Aýşöhle, men Peleňiň toý etmegine, seniň ol ýigide durmuşa çykmagyňa garşy bolmadym. Ol ýigidiň toýuny gutlap ep-esli hedýe ugratdym. Oba adamlary sözüme şaýatdyr.
— Ynanar ýaly däl — diýip, Sibir beg başyny ýaýkady.
— Meniň size ýalan bergim ýok. Rast, seniň gyzyňa öýlenmekçi bolan bolsa, ol alty aýyň içinde gara bererdi. Men alty aýlap garaşdym.
Özem diňe bir maksat bilen garaşdym: Sibir beg bilen Aýşöhle Peleňiň älemde ýokdugyna, onuň gaýdyp Hanana gelmejekdigine doly göz ýetirsin, Göktaňrynyň emrine kaýyl gelsin diýip garaşdym. Aýşöhle, sen meniň ýazgydym. Sen hökman meniňki bolmaly. Sen aňyňdan Peleňi aýryp taşla. Peleň wepat eden. Özem ol ýalançy eken. Öňem-ä bir gyza lebiz eden eken.
— Hawa, hawa, ol öň Dolanaýa öýlenmekçi eken, ýöne oňa lebiz etmändir — diýip, Aýşöhle ýuwaşja dillendi.
— Ýok, ýok, ol lebiz eden bolmaly, ýöne lebzinden dänipdir. Soň Aýşöhlä eden lebzindenem dänipdir.
— Akylyma sygdyryp bilemok — diýip, Sibir beg uludan demini aldy.
Döwbasan gaşynda duran Aýşöhlä ýüzlendi:
— Aýşöhle, meniň Humaýym bol! Meniň hezreti Taňrym bol! Maňa özge Taňry gerek däl! Taňry seni özündenem owadan edip ýaradypdyr. Meger, Göktaňry sende özüni görmek isländir. Meger, şeýledir!
— Eý, tagsyr! Siz özüňizi nähak köseýärsiňiz. Meniň size nebsim-janym agyrýar. Men size mynasyp aýal bolup bilmerin. Sebäbi meniň ýüregimde Peleň bar. Men oňa hyýalymda ikilik etmegi-de ölüm bilen barabar hasaplaýaryn.
— Men düşünýärin, baryna düşünýärin, eý, meniň Taňrym. Maňa seniň özüň gerek, Aýşöhle. Wagtyň geçmegi bilen ýüregiňden Peleň aýrylar, ýüregiň Döwbasana öwrüler.
— Ýok, tagsyr, ömür bir, ýürek hem bir.
— Elbet, zenan ýaraşygy wepasynda, daragt ýaraşygy miwesinde, adam ýaraşygy edebinde. Saňa — şeýle taýsyz owadan gyza ýaraşjak zat wepalylyk. Men senden päklige hem wepalylyga garaşýaryn. Ýöne indi Peleň ýok, ömür bar.
— Merhemetli Döwbasan, hanlar-begler Göktaňrynyň arzylan adamlary, ýerdäki wekilleri. Siz — Göktaňrynyň mertebelän göktürkmeni. Siz — saýýat. Siz bir keýik iýmek üçin kyrk keýik awlaýan saýýat. Men sizden towakga edýärin: diňe bir aw sapasy üçin, aw awlamak göçgünliligi bilen meniň päkize ömrümi paýhyna salmaň. Siz — dok. Siz tekepbirlik edýärsiňiz. Siz saýýatlyk hökmürowanlygyňyzy görkezmek isleýärsiňiz. Men size gerek däl. Siz meni parçalap taşlamak isleýärsiňiz. Meniň bolsa mertebeli ýaşasym gelýär. Men size tagzym edýärin: menden el çekiň.
— E-eh, Aýşöhle, Aýşöhle! Gör, sen men hakda nähili pikirde ekeniň. Sen maňa düşünmänsiň. Depämde Göktaňry bar. Men halysalla ýüregimi aýdýaryn: meniň ýüregim diňe sen diýip urýar. Meniň maksadym seniň pikir edişiň ýaly däl. Ýok, ýok! Men seni hakyt düýrmegim bilen söýýärin! Meniň üçin senden özge zatlarda many ýok. Meniň mundan buýanky ömrümiň manysy — diňe sen. Eger saňa ýetip bilmejek bolsam, onda men seniň üçin ölmäge-de razy. Seni her gün görmejek bolsam, maňa ýaşamak gerek däl. Isle, meni öldür. Gara çynym meniň, Aýşöhle.
— Mertebeli Döwbasan, lebiz — jandan ileri.
— Men senden lebiz isleýärin, Aýşöhle!
— Men Peleňe lebiz berdim.
Döwbasan edil şu söze garaşyp oturan dek, howlukmaç gürledi:
— Söz beren bolsaň, sözüňde dursaň gowy. Ýöne Peleňiň seniň mertebäňi depeläp gidenine ýarym ýyl geçdi. Sende sähel göwni bar bolsa, ol hökman ölmänkä saňa habar, nyşan ibererdi. Ýa nädogrumy?
— Göwnüme, ol ahyryl-ahyr bir gün geläýjek ýaly bolup dur.
— O iki gul Peleňi öldürdim diýip ýalan sözländirler öýdýärsiňmi?
— Ýok, beýle sözleriň ýalan bolmagyny hernäçe isleseň-de, çyn çykýar.
— Onda nämä umyt baglaýarsyň?
— Men Şajar şamanyň ýanyna bardym, ondan Peleňiň ýyldyzyna seredip bermegini soradym. Ol seretdi. «Peleňiň ýyldyzy sönmändir, häzir onuň Hanana ýoly ýapyk. Ýoly açylan güni ol Hanana geler» diýdi. Meniň ýüregim hem «Aýşöhle, Peleň diri. Sen oňa garaş. Sen oňa lebiz berdiň ahyryn» diýýär.
— Kim diýdiň o şamanyň adyna?
— Şajar şaman. Ol geçelgäniň ýomudy.
— Şu ýere gelmezimden burun menem şamanyň ýanyna bardym. Şaman meniň ýyldyzyma seretdi, soňam: «Eý, Döwbasan beg, seniň durmuşyňda tizara anjaýyn täzelik bolýar. Sen toý edýärsiň. Sen perizady hatyn edip, mertebede ýaşaýarsyň» diýdi.
— Belki, hatyn edinjegiň başga bir gyzdyr?! — Sibir beg Döwbasana şübheli seretdi.
Döwbasan beg gürlemedi. Ol agyr oýa batdy. Aýşöhläni aňkarylyp synlady:
— Aýşöhle, men saňa söz bereýin. Şol ýigit gelen güni ullakan toý edip, men seni şol ýigide bereýin. Ynan maňa, şol ýigit gelse, sen şonuňky! Bolýarmy?!
Aýşöhle elinde saklap duran golçasynyň içine seretdi:
— Golçaň içinde näme baryny bilýärsiňizmi?
— Hezreti suw bar, ony maňa ber, men içeýin.
— Hezreti suw adamyň teşneligini, islegini gandyrýar. Adam teşnelik bilen suwa agyz basýar, teşneligi ganansoň, adam galan hezreti suwy, ine şeýdip, ýere serpip goýberýär — diýip, Aýşöhle golçanyň suwuny ýere dökdi.
— Gyzym, sen nämeler edýärsiň? — diýip, Sibir beg gyzynyň elinden golçany aldy.
— Babam, men hezreti suwda täleýimi görýärin...
Hana, goly küýzeli Aýşöhle messan-messan basyp öýüne sary ýöräp barýar. Onuň ýöräp barýan tarapynda ýarym göwresini ýere beren şapak çym-gyzyl öwüşgin atyp dur.
Döwbasan beg hyrydar gözlerini Aýşöhlä gönükdirdi.
— Ol maňa ynanmaýar, ol maňa ynanmaýar — diýip, ol pyşyrdady.
Günbatary tutup duran şapak ylla Aýşöhläniň köşgüne, enderunyna çalym edýärdi.
Hana, Döwbasanyň galan ömrüniň manysy bolan Aýşöhle şapagyň gapysyny açyp içine girdi-de, gözden gaýyp boldy.
Gün gyzaryp batsa, ertir ýagşyň ýagmajakdygynyň alamaty bolmaly.
Eýse, ertir açyk howa bolar!..

ON ÜÇÜNJI BOÝ

DURMUŞ — ZENAN ÖRTENMELERI

Düýnki gyzaryp ýaşan Gün ýagyş-ýagmyryň ýagmajakdygynyň, açyk howanyň boljakdygynyň alamatydy. Ýöne ol ýakyp-ýandyryp barýan yssynyň-da alamaty eken. Ir ertirden yssy başlandy. Gün günorta bolanda welin, jan saklamak kölegede-de kyn boldy. Jokrama tomusda-da beýle yssy bolmaýan bolsa gerek. Yssydan ýaňa dem almak kynlaşypdy.
Aýşöhle uzynly gün üçekde boldy. Barybir, ol ýerde-de şemal ýokdy. Ülp edýän zat ýokdy.
Aýşöhle üçekde oturyp Döwbasany synlaýardy. Yssy, Döwbasana ylla täsir etmeýän ýalydy. Onuň şol bir butnaman oturyşydy. Düýnki ýagyşdan ýaňa öl-myžžyk bolan egin-eşigi bu gün derden ýaňa öl-myžžykdy.
Garaňky düşende-de howanyň petişligi aýrylmandy. Aýşöhläniň üçekden aşak düşesi gelmedi. Herhal, aşak düşmelidi, Aýa tagzym etmäge gitmelidi.
Akgyzlar agşamky hezreti Aýa tagzym etmäge taýýarlanyp ugradylar. Öz aralarynda Alawýere haýsy eşikde çykmalydygyny uly meselä öwürdiler.
— Humaýym, biz nähili geýneli?! — diýşip, bikelerine sala saldylar.
— Gyzyl keteniňizi geýiň!
Aýşöhle gat-gat ýazylan düşekleriň üstünde pikire çümüp otyrdy, ol akgyzlarynyň her bir hereketini synlaýan ýalydy, aslynda ol hiç bir zat görenokdy. Peleňiň Ýekepetdäniň ýanynda: «Humaý, dünýäm düňderildi meniň. Hernäçe agyr-da bolsa, meniň saňa hökman aýtmaly sözlerim bar, şum habarym bar. Bu günden başlap, meniň senden başga ýüregimi açyp biljek adamym ýok... Eşidersiň, baryny eşidersiň...» diýen sözlerini Aýşöhle içinden, gör, näçe gezekler gaýtalady. Diňe özi däl, bu sözleri Peleň-de Aýşöhläniň hyýalynda janlanyp gaýtalady. Belki, şol sözi diýmän häzirkisi ýaly gürüm-jürüm bolanlygynda Aýşöhle beýle ýagdaýa düşmese-de düşmezdi. Ýöne ol gürrüňden soň, gör, näçe gezekler duşuşyldy. Gör, näçe razdaş bolundy. Peleň şol duşuşyklaryň ýekesinde-de Ýekepetdäniň ýanynda özüni alyp gaçjak bolup synanyşyk edilendäki şol wakany, şol aýdylan sözleriň hikmetini ýatlajak bolmady. Hoş günler ähli zat ýadyňdan çykar eken. Aýşöhle-de diňe gowulyklaryň, gowy pikirleriň, arzuwlaryň, Peleňiň gujagynda ýaşady. Ol günleri Aýşöhle Göktaňrynyň, Enehudaýyň özüne beren takdyr peşgeşi hasaplady. Şu eşretiň ömürlik dowam etjekdigine düýrmegi bilen ynandy. Ynanmazlyga, şübhä hiç hili sebäp ýokdy. Peleň özüniň söýgüsini aýan eýleýärdi. Süýji-süýji sözlerini gysganmaýardy.
Peleň täze jaýyny-da diňe Aýşöhläni begendirmek üçin gurdy! Ol Aýşöhle bilen haýsy otagyň nirede bolmalydygyny, haýsy zadyň nirede durmalydygyny birin-birin maslahatlaşýardy.
— Ine, bu ýerde sen oturarsyň, bu ýerde men oturaryn. Aralygymyzda bolsa ot ýanar dur — diýip, Peleň köp gaýtalapdy.
Ol toýa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ertir toý diýlen günem gürüm-jürüm boldy. Ýok, ýok, oňa gürüm-jürüm boldy diýmeli däl. Ol gürüm-jürüm boljak adam hem däl! Kimdir biri oňa hyýanat eýledi. Ony kimdir biri gürüm-jürüm etdi. Hawa, hawa, ony kimdir biri gürüm-jürüm etdi! Wagt pyşdyl haýallygy bilen geçýärdi.
Peleň barka wagt beýle haýal däldi. Ol günler wagt laçyn guşuň ganatynda galan deýin, ganat ýaýyp gaty tiz geçýärdi. Indi köp zat üýtgedi. Öňki çalt geçýän wagtyň çamany çykdy: pyşdyldanam hyýal ol. Giň dünýä onuň üçin juda dar. Birmahalky gyzykly dünýäde gyzyk ýok. Jinnek ýaly-da gyzyk ýok. Oňa ýeke bir teselli berýän zat bar, ol hem özüniň arzylanmagy. Atasy-da, enesi-de, akgyzlar-da, ähli kişi ony ezizleýär. Onuň gözelligini tekrarlaýarlar. Özüniň gözeldigi, özem biçak, deňsiz-taýsyz gözeldigi baradaky sözlere ol şeýle bir öwrenişipdir welin, bu sözler oňa juda hoş ýakýar. Her gün özüniň owadanlygy barada nygtalmasa, birden ýüz keşbinde bir özgerişme bolan bolaýmasyn diýen howsala döreýär. Ol käteler özüniň gözeldigi, biçak gözeldigi hakda aýdylmazlygyny islärdi. Akgyzlara bu hakda hiç zat aýtmazlyklaryny tabşyrardy. Birki günden ýalňyşandygyna düşünerdi:
— Men indi öňkimçe gözel däl ýalym?! Bilýän-ä men, mende gözellik galmandyr.
Eý-ho!
Ana, şondan soň akgyzlar Aýşöhläni şeýle bir taryplamak taryplardylar, şeýle bir taryplamak taryplardylar, beýle taryp, beýle sözler ýigitleriň-ä aňlaryna-da, zybanlaryna-da gelmese gerek. Wah, ýigitler bilenok, gözel ýarlary gyzlara wasp etdirmeli! Gyzlardan öwrenmeli!
Gyzlar ýigitlerden eşitmek isleýän sözlerini Aýşöhlä aýdyp hyjuwlaryny egserdiler.
Bu gün Aýşöhläniň akgyzlar bilen oduň başyna gitmek niýeti ýokdy. Muny olara nädip aýtjagyny bilmän otyrdy. Aslynda, onuň boýdaşlaryndan aýry pikiri, aýry syry hem ýokdy. Ol hemişe boýdaşlary bilen gürleşerdi, olaryň pikirlerini diňlärdi.
Ol nogta saçlaryny eline aldy-da bökdürdi.
Ol saçlaryny ýöne ýere beýdip bökdürenokdy.
Beýdip saçlary bökdürmegi Peleň eý görerdi.
Eý Göktaňry, onuň saçlary bökdürip, sag elinden sol eline geçirip oýnamasynda nähilidir bir many bar bolaýmasyn?
Indi bu saçlar Peleňiň elinden başga bir ele geçmeli bolarmy?
Bu saçlary oýnasy gelýän erkek kişi, hana, derwezäniň öňünde sarsman otyr.
«Aýşöhläni bermeseňiz, men şu ýerde ömrümi geçirjek» diýmesi onuň gara çyny bolarly. Ol hiç ýerigem gidenok. Gijelerine-de şol ýerde otyr. Uklanda-da oturan ýerinde irkilýän bolarly. Ol asyl ýerimden gozganaýyn hem diýenok. Ol adamlar bilenem gepleşjek bolup duranok.
Aýşöhle otagynyň penjiresinden käteler oňa seredip oturýar.
Hana, äpet bir tokga daş ýaly ol. Onuň ygtyýarynda, gör, näçe zatlar bar, gör, näçe adamlar bir aýdanyny ikinji gezek gaýtalatman, etek alty-ýeň ýedi ylgap ýörler.
Görüň-ä! Şeýle hökmürowan adam Aýşöhleleriň derwezesiniň öňünde çöke düşüp otyr!
Ol Aýşöhläniň öňünde çöke düşüp otyr!
«Maňa Aýşöhleden başga baýlygam, hanymanam, aýalam, çaga-çuga-da gerek däl» diýýär ol!
Ol bütin ömrüne gazanan zatlaryndan, görkli Günüň eçilen zatlaryndan geçip, diňe Aýşöhle diýip otyr!
Şeýle erjel adam nädip döredi?
Akgyzlar dogry aýdýar: «Bu adam maksadyna ýetmek üçin hiç bir zatdanam, Peleňi öldürmekdenem gaýtmaz».
Belki, öldürendir?! Ýogsam Peleň hökman görnerdi!
Ol nirä gidip biler? Ol näme üçin Aýşöhlä hiç zat aýtman, iň bärkisi, haçan geljegini hiç kime aýtman nirä gidip biler?
Ol nirä gitjegini, haçan geljegini hökman birki kişä aýtmaly!
Aýşöhle pikirini ýuwmarlamak, Peleňi aklamak isleýän ýaly, howlukmaç pyşyrdady: «Ol erkek kişi. Ol özünden başga hiç kime hasabat bermeli däl. Göktaňry olary şeýle ýaradypdyr». Ýöne Peleň Aýşöhlä durmuşynda bolup geçýän ähli zady gürrüň bererdi ahyryn! Ol: «Hökman aýtmaly sözüm bar» diýenem bolsa, şol hökman aýtmaly sözüni-de aýtman gürüm-jürüm boldy.
— Bikäm, siz bu gün haýsy eşigiňizi geýjek? — diýip, Çeçeknäz Aýşöhlä ýüzlendi. Wagty bilen jogap bolmansoň, akgyz soragyny ikinji gezek gaýtalady.
— Men gitjek däl diýdim-ä, özüňiz gidiberiň!
— Wiý, gitjek däl diýip aýtmadyňyz-a!
— Aýtdym!
— Aýtdy, aýtdy, men eşitdim — diýip, bikesine Aýsuluw kömege ýetişdi.
Aýşöhle Aýsuluwa şübheli bakdy:
— Aýtdymmy?..
— Elbet...

* * *
Aýşöhle Peleňi Ýekepetdäniň ýanyndan gözledi. Garaşdy.
Hernäçe garaşsa-da, hernäçe gözlese-de Peleň gara bermedi.
Aýşöhle Hanana dolanyp geldi, ýöne ol öýüne barmady. Ilkinji gezek derýanyň dergähine ugrady.
Derýadan geçilende ol özüniň mähriban dogany Aşynynyň gark bolanyny görüpdi. Onuň ellerini serip kömek soraýşy şindem göz öňünden gidenokdy. Hanana gelen günlerinden bäri ol derýa dergähine ýeke gezegem ýeke gelip görmändi.
Bu gezek ol derýa bilen ikiçäk duşuşmak isleýärdi, onuň derýa aýtjak sözleri bardy. Ol derýa ýüz tutmak isleýärdi. Derýa aýtjak sözlerini Aýşöhle ýeke kişiniň hem eşitmegini islänokdy. Şonuň üçin hem ol argamagyny, akgyzlaryny Alawýerde goýup, ýeke özi ugrady.
Akgyzlary onuň garagörnüm yzyndan gelýärdiler.
Aýşöhle kenara bardy. Derýa tagzym edip, dyza çökdi:
— Hezreti suwa, hezreti derýa, hezreti Enehudaýa tagzymlar bolsun! Bu tagzymy Hanan geçelgesiniň begi Sibir Gökhany gyzy Aýşöhle aýdýar. Eý, derýa, Göktaňry maňa mertebe berdi. Eý, derýa, sen maňa mertebe berdiň. Men öz ýazygyma giç düşündim: wagtynda gelip, beren mertebäň üçin tagzym etmändirin. Men bir ýigide lebiz berdim. Ol ýigidiň ady Peleň! Peleň şu geçelgäniň öňki beginiň ogly. Men Peleňiň ne günlere düşendigini bilmeýärin. Peleňi men janymdan eý görýärin. Maňa näme bolsa şol bolsun, ýalbarýaryn, Peleňi bagtyýar eýle! Eý, Enehudaý, meniň bagtymy — mertebämi al, çünki men herki süteme çydaryn, Peleňi welin bagtyýar, jany sag eýle! Goý, ol nirede bolsa-da jany sag bolsun! E-eý, derýa-a! Peleňi aman eýle! Peleňi aman eýle! Peleňi aman eýle! Goý, ol mertebede ýaşasyn!
Şu sözleri öwran-öwran gygyryp gaýtalan Aýşöhle derýa garap, bagryny paralap mynajat eýledi.
Derýa öz adaty şogurdysy bilen akyp ýatyrdy.
Aýşöhle ondan nähilidir bir alamata — jogaba garaşýardy, şonuň üçin ol intizarlyk bilen seredýärdi.
Derýa berere jogap tapmaýan ýaly üýtgewsiz akyp ýatyrdy. Onuň bolşy: «Aýşöhle, sen giç geldiň, gijä galdyň» diýýän ýalydy.
Akgyzlar gelip, Aýşöhläni ýerinden turuzdylar: «Bikäm, mert bol, biz gijä galdyk» diýip, olar göwünlik bermäge çalyşdylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 11 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: