05:02
Ýör, göwün
ÝÖR, GÖWÜN

Türkmeniň  örän ýiti zehinli, wagtyndan juda ir giden merhum şahyry Çary Ýegenmyradowa bagyşlanýar.

Siňňitli derýalar jüpüni gözläp,
Belki üzüm-üzüm bolandyr ýerde.
Göwünlere çöken umyt köklerin,
Alyp göwnüm, yör gideli Ýerbende.

Baýyr kökenegi-dalişgen towşan,
Gözlerini balkyldadyp bir zaman.
Dost öýüne barýan çal yodajygy,
Mahir bolup, kesip geçsin ylgaman.

Şaha-şaha telin-ýylgynlaryny,
Jagrama bolmanka görüp galaly.
Bize haýran bolsun sülgünleriniň,
Şahyrlara zar bolmadyk garagy.

Yör, göwün, ak öýler çeksin eňsisin,
Gözlerimiz ekip gitsin bolsady:
"Hol görünýän alaňlaryň aňyrsy,
Çary Ýegenmyratlaň öýi bolsady”.

■ ATAJAN ANNABERDÄ

Meňzäp dur hol suwly ýabyň ýakasy
Hatara goýulan äpet şemlere.
Şol dereklik duýgularyň  sakasy,
Şol dereklik bu giň oba jemleme.

Ol deregiň her düýbüniň  astynda,
Atajan aganyň oglanlygy bar.
İlki taryhy bar, kim ol aslynda,
Soñ söýgi... ýañadan doglanlygy bar.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Çary Ýegenmyrat, şunuñ ykbalyna örän gynanypdyk ejem ikimiz. Pahyr dostlaryny örän govy görýän ekeni

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: