04:52
Ussat we Margarita -15/ romanyñ dowamy
XV bap

NIKONOR IWANOWIÇIŇ DÜÝŞI

Çak etmek kyn däl, şypahananyň 119-njy otagyna ýerleşdirilen, gyzyl ýüzli, semiz adam Nikonor Iwanowiç Bosoýdy. Emma ol professor Strawinskiniň ygtyýaryna gelmezinden öň başga ýerde hem boldy. Nikonor Iwanowiçiň ýadynda şol başga ýerden juda az zat: diňe ýazuw stolydyr skaf bilen diwan galdy.
Beýnisine inen gandan we ruhy ezýet çekenligi sebäpli gözüniň öňi garaňkylaşypdy, Nikonor Iwanowiç bilen ol ýerde söhbet edipdirler, emma söhbet juda birgeňsi, üzlüm-saplym bolup çykdy, dogrusy söhbet bolmady.
Nikonor Iwanowiçe berlen birinji sowal şeýledi: ― Siz ― Sadowaýa köçesindäki üç ýüz ikinji ― bis öý komitetiniň başlygy Nikonor Iwanowiç Bosoý, şeýlemi?
Muňa jogap edip Nikonor Iwanowiç eýmenç hahahaýlap, şeýleräk jogap berdi:
― Men Nikonor, dogry, Nikonor men! Emma nähili başlykmyşym?
― Muňa nähili düşünmeli? ― diýip soradylar Nikonor Iwanowiçden gözlerini süzüp.
― Diýjek bolýanym ― diýip jogap berdi ol, ― eger başlyk bolan bolsam, bir seredenimde, onuň şeýtanlygyny duýardym! Özüňiz oýlap görüň! Pensnesiniň aýnasy çatlan... üst-başy eleşan. Onuň nädip daşary ýurtlynyň terjimeçisi bolmagy mümkin?
― Kim hakda gürrüň berýäňiz? ― diýip soradylar Nikonor Iwanowiçden.
― Korowýew-da! ― diýip gygyrdy Nikonor Iwanowiç ― öýümiziň ellinji kwartirasyny eýeläpdir! Ýazyň! Korowýew. Derrew ele salmaly ony! Ýazyň! Altynjy girelge. Ol şol ýerde.
― Walýutany nireden aldyň? ― diýip mylaýym äheňde soradylar Nikonor Iwanowiçden.
― Hak tagala, kadyr Hudaý ― diýip, gepläp başlady Nikonor Iwanowiç, ― hemmesini görüp dur, özümiň barjak ýerim hem şol ýer. Hiç-haçan elime almandym, walýutanyň nähili bolýandygyny göz öňüme getiribem görmändim! Hudaý meni bagtygaralygym üçin gazabyna duçar edendir ― diýip, aladaly dowam etdi Nikonor Iwanowiç köýneginiň iliklerini kä ildirip, kä ýazdyryp, kä çokunyp, ― dogry, aldym! Aldym, emma özümiziň sowet puly bilen aldym! Dogry, pul alyp jaýa ýazgy etdim, jedelsiz boýnuma alýaryn. Emma kätibimiz Proležnew hem enaýylardan däl! Açygyny aýdýan bolsak, öý edarasyndakylaryň hemmesi ogry. Emma walýuta alan däldirin!
Jögüliligi bes edip, dollaryň wentilýasiýa tüýnüginde nireden peýda bolanyny aýdyp beriň! ― diýip, Nikonor Iwanowiçden haýyş etdiler, ol dyza çöküp, agzyny uludan açdy-da, edil parket tagtasyny ýuwutjak ýaly bolup, egildi.
― Isleseňiz, ― diýip çyňsady ol, ― almadym diýip kasam içip, toprak iýmäge hem taýýar men. Emma Korowýew ― şeýtan.
Her nähili sabyr-takatyň hem çägi bolýar, stol başynda oturanlar Nikonor Iwanowiçe, bes indi, adam ýaly gepläň diýip, berke tutup başladylar.
Şonda Nikonor Iwanowiç ýerinden böküp turup, şol diwan goýlan otagy başyna göterip, eýmenç gygyrdy: ― Ana, ol! Ana, şkafyň arkasynda dur! Masgaralap, gülüp dur! Pensnesi-de şol... Tutuň ony! Ýüzärlik tütediň!
Nikonor Iwanowiçiň reňki çuw-ak bolup, titräp, howa çokunýardy, dazlap gapynyň öňüne baryp, ýene yzyna gaýdýardy, her hili dogalary sanaýardy, ahyry ol asla tutaryksyz gepleri samrap başlady. Nikonor Iwanowiçiň hiç hili gürrüňe ýaramly däldigi aýan boldy. Ony alyp çykyp, ýörite otaga ýerleşdirdiler, ol sähel ynjaldy, emma horkuldap aglap, dynman ybadat edip başlady. Dogry, Sadowaýa köçesine-de baryp geldiler. 50-nji kwartira-da girip çykdylar. Ýöne ol ýerde hiç hili Korowýewi tapmadylar, üstesine-de, ol öýde ýaşaýanlardan hiç kim Korowýew diýen adamy tanamaýar, bilmeýärem eken. Merhum Berlioz bilen Ýalta giden Lihodoýewiň jaýy asla boşdy, kabinetdäki yşgaplara urlan sürgüçli möhürler bolsa öz ýerinde asylyp durdy. Soň seljermäge gelenler gaýdyp gitdiler, aýny wagtda öý edarasynyň kätibi, ruhy düşüp, aňy gaçan Proležnew hem olar bilen goşulyşyp gitdi.
Agşamara Nikonor Iwanowiçi Strawinskiniň şypahanasyna eltdiler. Ol taýda näsag nädynç bolup, şeýlebir guduzlady welin, netijede Strawinskiniň resepti boýunça oňa sanjym etmeli boldy. 119-njy otaga ýerleşdirilen Nikonor Iwanowiç diňe ýarygijeden soň uka gitdi, şonda-da uky arasynda ejir çekip, yňranýardy.
Emma dura-bara ukusy kadalaşdy. Tolgunmasy, yňranmalary galyp, ýeňil we endigan dem alyp başlandan soň, otagda ýeke galdyrdylar.
Şonda Nikonor Iwanowiç düýş gördi, şübhesiz, gören düýşüne bu günki başyndan geçiren wakalary esas bolupdy. Nikonor Iwanowiçiň düýşi aşakdaky ýaly başlandy: eli mis kernaýly nähilidir birhili adamlar uly dabara bilen ony laklanan äpet gapynyň öňüne getirenmişler. Soňra şu gapynyň ýanynda kernaýçylar Nikonor Iwanowiçiň şanyna gutlag sazyny çalýarmyşlar. Soňra bir ýogyn ses şohluk bilen oňa şeýle diýýärmiş.
― Hoş geldiňiz, Nikonor Iwanowiç! Walýutalary tabşyryň.
Nikonor Iwanowiç juda haýran galyp, depesinde gaty sesli radiokernaýy (gromko goworitel) görenmiş. Soňra ol nämüçindir teatryň zalynda peýda bolupdyr, zalyň altynsow petiginde uly billur gül parlap duranmyş, diwarlarda ― kenket çyralar ornaşdyrylgymyş. Bar zat uly bolmadyk, ýöne baý teatrda nähili bolsa, bu ýerde hem şeýlemiş. Mahmal perdeli sahna-da, ulaldylan, her ýerinde ― her ýerinde ýyldyzlar kibi ýanyp duran ülje reňkli on manatlyklaryň görnüşi-de çawuş, butgasy-da, hatda tomaşaçylar-da barmyş.
Nikonor Iwanowiçi geň galdyran zat tomaşaçylaryň bary bir jyns wekili ― erkeklermiş, üstesine-de nämüçindir, ählisi sakgallymyş. Zalda birem stul ýoklugy, tomaşaçylaryň ýalpyldadyp süpürlen typançak polda oturandyklary onuň aňkasyny aşyrypdyr.
Nikonor Iwanowiç bu ullakan nätanyş jemagat döwresinde özüni oňaýsyz duýup, biraz wagt ýaýdanyp durup, soň hemmelere öýkünip, ol hem daýaw sakgallak adam bilen bar ýerini tüý basan, solgun bir raýatyň aralygynda, parket polda türk oturyşyny edip oturypdyr. Oturanlaryň hiç haýsy bu täze tomaşaça üns hem bermändir.
Şu mahal jaňjagazyň ýumşak owazy eşidilip, zalda çyra öçüpdir, perde syrylyp, ýagty sahnada kürsi we üstüne altyn jaňjagaz ýerleşdirilen stoljagaz we törde gara mahmaldan arkalyk görnüpdir. Ýan tarapdan sahna sakgal-murty tekiz alnan, saçy gowy timarlanan, egnine smoking geýen, ýüzi çyraýly ýaş artist çykypdyr. Tomaşaçylar janlanyşyp, sahna tarapa öwrülipdir. Şonda artist budkanyň golaýyna gelip, ellerini bir-birine sürtüp:
― Otyrmysyňyz? ― diýip, mylaýym bariton sesde sorap, ýylgyryp zala seredipdir.
Otyrys, otyrys ― diýip, oturanlar dürli äheňde hor bolup jogap beripdirler. ― Hm... ― diýipdir pikire berlip artist, ― eýsem, siz irmediňizmi, men-ä düşünemok? Adam şekilli adamlar häzir bahar güneşinden, maýyl howadan dem alyp, köçelerde seýran edip ýörler, siz bolsaňyz dymyk zalda demigip otyrsyňyz! Eýsem, programma şeýle gyzyklymy? Ýogsa-da, nätjek, her kime bir zat ýaraýar-da ― diýip, artist danalarça sözüni jemläpdir.
Soňra ol sesiniň tembrini hem, äheňini hem üýtgedip, ýaňlanma owaz bilen şoh äheňde yglan edipdir:
― Şeýlelikde, programmamyzyň nobatdaky nomerinde jaý edarasynyň başlygy we berhiz aşhanasy müdiri Nikonor Iwanowiç Bosoý sahna çykýar. Baş üstüne, Nikonor Iwanowiç!
Artistiň gepini zal dowamly el çarpmalar bilen garşy alýar. Geň galan Nikonor Iwanowiç gözlerini mölerdipdir, alyp baryjy bolsa sahnanyň öňündäki çyralardan gözüni eliniň aýasy bilen penalap, zaldakylaryň arasyndan ony gözläp tapypdyr-da, mylaýym ýylgyryp, barmagy bilen yşarat edip, ony sahna çykarypdyr. Şonda Nikonor Iwanowiç nädip sahna çykanyny-da duýman galypdyr. Onuň garşysyndaky we arkasyndaky çyralaryň al-elwan şöhleleri gözüne düşen badyna, tomaşaçy doly zal tümlükde gaýyp bolupdyr.
― Hany, Nikonor Iwanowiç, bir görelde görkeziň-dä ― diýipdir ýürekdeşlik bilen ýaş artist, ― walýutany tabşyryň.
Ümsümlik aralaşypdyr. Nikonor Iwanowiç özüni dürsäp, ýuwaşja söze başlapdyr.
― Hudaýdan ant içýän, eger...
Ol aýtjak gepini aýdyp ýetişmänkä zal gaharu gazap bilen galmagal göteripdir. Netijede Nikonor Iwanowiç özüni ýitirip, dymypdyr.
Dogry düşünen bolsam ― diýip, sözüni dowam edipdir, programmany alyp baryjy artist, ― siz Hudaýy orta goýup, «walýutam ýok» diýip ant içmekçi bolduňyz dälmi? ― Ol Nikonor Iwanowiçe hemdertlik bilen seredipdir.
― Hawa, şeýle, ýok, ― diýýär Nikonor Iwanowiç.
― Beýle bolsa ― diýipdir artist, ― biýedepligim üçin günämi geçiň, siz bilen aýalyňyzdan özge hiç kim ýaşamaýan şol kwartiranyň hajathanasyndan tapylan dört ýüz dollar nähili düşüpdir ol ýere?
― Jady bilen-dä! ― diýýär kimdir biri garaňky zaldan äşgäre kine bilen.
― Hawa, şeýle, jady bilen ― diýip, gorka-gorka jogap berýär Nikonor Iwanowiç, emma kime jogap berenini: artistemi ýa garaňky zalamy ― bilip bolmandyr. Soň ol jogabyna goşmaça edip:
― Al-arwah, ýagny gözenek kemzol geýen terjimeçi taşlapdyr.
Zalda ýene gazaply galmagal turýar. Galmagal diňenden soň, artist gepe başlaýar.
― Ine, şeýdip Lafonteniň basnýalary-da aýdylyp dur bu ýerde! Dört ýüz dollary taşlap gidenmişler! Ine, siziň hemmäňiz walýutafuruşlar! Siz ― ýörite şu ugurdan işleýänler, hany aýdyň maňa ― şeýle boljagyna akyl ýetýärmi?
― Biz walýutafuruş däl ― zalyň ol ýerinden-bu ýerinden birde-ýarym öýkeli owaz eşidilipdir, ― emma çyndanam beýle bolmagy mümkin däl.
― Doly goşulýaryn ― diýipdir artist kesgin äheňde, ― ýöne sowalym bar: meselem, nämäni taşlap gitmekleri ahmal?
― Çagany! ― diýip, gygyrypdyr kimdir biri zaldan.
― Örän dogry ― diýip, tassyklaýar artist, ― çagany, golsuz haty, proklamasiýany, bellenen wagtda partlaýan bombany, ýene köp närseleri taşlap gitmekleri mümkin, emma dört ýüz dollary hiç kim taşlap gitmese gerek, onuň ýaly akmagy tebigat hiç haçan ýaradan däldir. ― Şondan soň artist Nikonor Iwanowiçe ýüzlenip, mylaýym melamat edip, hasratly sözläpdir: ― siz meni ynjytdyňyz, Nikonor Iwanowiç! Sizden juda umytgärdim. Gysgasy, nomerimiz geçmedi. Zalda Nikonor Iwanowiçiň şanyna sygyryp ugrapdyrlar.
― Ýerinden gelen walýutafuruş ol! ― diýip gygyrýamyşlar zaldan, ― ine, şular ýalylaryň kesapatyndan biz ejir çekýäris!
― Oňa käýinmäň ― mylaýym äheňde diýipdir alyp baryjy, özi hem puşman edip dur. ― Soň ol gözýaşa dolan gök gözlerini Nikonor Iwanowiçe öwrüp, üstüne goşýar: ― Bolýar, baraýyň öz ýeriňize, Nikonor Iwanowiç!
Şondan soň artist jaňjagazy çalyp, batly ses bilen yglan edipdir: ― Arakesme, deýýuslar!
Hiç garaşylmadyk ýerden bu nätanyş teatr programmasyna gatnaşyp, huşuny ýitiren Nikonor Iwanowiç özüni ýene ýaňky poldaky ornunda görüpdir. Indi onuň düýşüne bütin zalyň garaňka çümüp, zym-zyýat bolany, diwarlarda «Walýutalary tabşyryň!» — diýen gyzyl hat bilen ýazylan sözler girýär. Soňra ýene perde açylyp, alyp baryjy:
— Sahna Sergeý Gerardowiç Dunçili teklip edýärin — diýýär.
Dunçil elli ýaşlaryndaky hoşbiçim, emma juda sallam-sajak adammyş.
— Sergeý Gerardowiç — diýip, alyp baryjy oňa ýüzlenýär, — siz bir ýarym aý bäri eliňizde galan walýutalary tabşyrmakdan saklanyp, aýdaly, ýurt olara mätäç wagty, size bolsa olaryň asla geregi ýok halyna, bu ýerde kejirlik edip otyrsyňyz. Özüňiz intelgent adam, hemme zada gowy düşünýäňiz, şuňa seretmezden, maňa kömek bermek islemeýärsiňiz.
— Gynansagam, etjek alajym ýok, mende başga walýuta galmady, — diýip hatyrjem jogap berdi Dunçil.
— Hiç bolmasa, brilliantlarňyz bardyr? — diýip artist sorady.
— Brilliantym hem ýok.
Artist başyny aşak egip, birazajyk oýlanyp durdy-da, elini çarpdy. Sahnanyň ýan tarapyndan moda boýunça geýnen, ýagny ýakasyz palto we kiçijek şlýapa geýen orta ýaşlaryndaky bir zenan çykdy. Ol juda howsalalydy, Dunçil bu zenana seredip, gaşlaryny oýnaklatdy.
— Kim bu aýal? — diýip sorady artist Dunçilden.
— Ol meniň aýalym — diýip, mynasybet bilen jogap berip, Dunçil zenanyň uzyn boýnuna ýigrenç bilen seretdi.
— Biz sizi, madam Dunçil, — diýip ýüzlendi alyp baryjy ol aýala, şeýlebir mesele bilen size ýüz tutmaly bolduk, ýagny äriňizde ýene walýuta barmy?
— Şonda ol hemmesini tabşyrypdy — diýip, tolgunyp jogap gaýtardy madam Dunçil. — Ýagşy eger beýle bolsa, goý, şeýle bolsun. Eger hemmesini tabşyran bolsa, onda çärämiz ýok, indi derhal Sergeý Gerardowiç bilen hoşlaşmagymyz, gerek! Isleseňiz, teatrdan gidiberiň? Sergeý Gerardowiç — diýip, artist şahana mürewwet etdi.
Dunçil arkaýyn we mynasybetli öwrülip sahnanyň ýan tarapyna ýöräp başlady.
— Ýene bir minut sabyr etseňiz! — diýip, alyp baryjy ony saklady, — hoşlaşmazdan ozal, size programmamyzdan ýene bir nomer görkezmäge ejaza berseňiz — diýip, ol ýene-de elini çarpdy.
Tordäki gara perde süýşüp, sahna bal köýnegini geýen ýaşajyk bir sahypjemal gyz elinde altyn mejime göterip çykdy, mejimede süýji gabynyň lentasy bilen daňlan galyň bir desse pul we brilliant monjugy sahnanyň her tarapyna yzyny üzmän ýaşyl, sary, gyzyl uçgunlar syçradyp ýatyrdy.
Dunçil bir gadam yzyna tesdi, reňki ak esgi ýaly agardy. Zal doňup galdy.
— On sekiz müň dollary, altyn pulda kyrk müňe durýan bu monjugy — diýip, dabaraly yglan etdi artist, — Sergeý Gerardowiç Harkow şäherindäki öz oýnaşy, — häzir bize görmek nesip etjek Ida Gerkulanowna Worsuň kwartirasynda saklap gelipdir, aslynda bibaha, emma hususy şahsyň elinde hiç kime derkarsyz bu uly baýlygy tapmakda bize hormat edip kömekleşen Ida Gerkulanowna müňde bir sag bol aýdýarys.
Sahypjemal gyz ýylgyranda, dişleri lowurdap, uzyn kirpikleri gyrpyldady.
— Emma siziň şahsy mynasybetiňizde — diýip, artist Dunçile ýüzlendi, — gysganç ýakymly möý we aç möjek ýaly, üstesine-de, barypýatan ýalançy kezzap gizlenen eken. Siz öz eýmenç kejirligiňiz bilen aý ýarymyň dowamynda hemmäni derde goýduňyz. Baryň indi öýňüze, aýalyňyzyň başyňyza inderjek jähennem azaby — eden jenaýatyňyza laýyk jeza bolsun.
Dunçil bir çaýkanyp, tas ýykylypdy, emma kimdir biri rehim edip, goltugyndan söýget berdi. Şol pursatda alynky perde düşüp, sahnadakylaryň baryny gözden gizledi.
Nikonor Iwanowiçiň nazarynda, zaly lerzana getiren dowamly el çarpmalardan ýaňa uly gülçyralardan ot syçyraýan ýaly boldy. Öňki gara perde ýokaryk göterilende, sahnada indi diňe artistiň özünden başga hiç kim ýokdy. Täzeden başlanan güýçli el çarpyşmalaryň arasyny kesip, artist zala tagzym etdi-de, söze başlady.
— Programmamyzda gatnaşan ýaňky Dunçiliň şekilinde siz adaty bir eşegi gördüňiz. Ýogsa, düýn men, öýde gizlin walýuta saklamak — öte akmaklykdyr diýip, aýtmak lezzetine eýe bolupdym-a? Sizi ynandyryp aýdýaryn ki, hiç kim, hiç hili ýagdaýda ol walýutadan peýdalanyp bilmez. Ine, şol Dunçili mysal alalyň. Ol örän köp aýlyk alýar, hiç zada mätäç däl. Onuň şahana kwartirasy, aýaly, ýene sahypjemal oýnaşy hem bar. Muňa seredip görüň, walýuta bilen gymmatbaha daşlary döwlete tabşyryp, her nähili bişeýkellikleri başyndan sowup, dynç, asuda ýaşamaga derek bu içimtap samsyk ahyry iliň gözüniň öňünde masgara boldy, üstesine-de, öýünde uly maşgala dawasyny başyna satyn aldy. Ýeri, kim tabşyrar? Isleg bildirýän ýokmy? Onuň ýaly bolsa, nobatdaky nomerimizde — programmamyza ýörite çagyrylan talantly we tanymal drama artisti Sawwa Potapowiç Kurolesow şahyr Puşkiniň «Husyt rytsar» pajygasyndan parça okap berer.
Ady agzalan Kurolesow derrew sahnada peýda boldy, ol egnine frak geýip, ak galstuk dakynan, saçy syrylan, uzyn, dolmuş adam eken.
Ol ýüzüni ajydyp, gaşlaryny çytyp, altyn jaňjagaza gyýa bakyp, hiç hili girişsiz, tebygy bolmadyk ses bilen şygyr okap başlaýar:
— Jalaý, mekir ýigit bir bozuk jenana sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdy...
Şundan başlap Kurolesow özi barada köp ýaman gepleri aýtdy. Nikonor Iwanowiç haýsy-da bolsa bir bagtygara dul hatynyň ýagşyň astynda zar-zar aglap, Kurolesowyň garşysynda dyza çökenini, emma artistiň köňlüni ýumşadyp bilmändigi dogrusynda onuň öz agzyndan eşitdi. Nikonor Iwanowiç düýşi görýänçä şahyr Puşkiniň birem eserini-de okamandy, ýöne ony juda oňat bilýärdi, hatda onuň adyny her gün birnäçe gezek aşakdaky mazmunda dile alyp durýardy: «Kwartira hakyny siziň üçin Puşkin tölejekmi?» ýa-da: «Näme, basgançakdaky çyrany Puşkin towlap alyp gitdimi?», — «Belki siz, kerosin üçin Puşkin pul tölär öýdýäňizmi?»
Ine, indi Nikonor Iwanowiç şahyryň eserlerinden biri bilen tanşyp, gussa batdy, ýetim çagalary bilen ýagyşda dyza çöküp duran aýaly göz öňüne getirip, biygtyýar: «Deýýusyň bir eken-ow bu Kurolesow!» — diýip köňlünden geçirdi.
Ol bolsa bardyksaýyn sesini gataldyp, toba etmegini dowam edip, Nikonor Iwanowiçy aljyratdy, çünki artist birden sahnada ýok bir adama ýüzlenip, şol ýok adamyň dilinden özüne-özi jogap gaýtaryp başlady, şu gepleri aýdýan wagtynda ol özüne kä «siz» diýip, käte «sen» diýip, özüne-özi birde «jenap», birde «baron», birde «atam», birde «oglum» diýip ýüzlenip başlaýar. Nikonor Iwanowiç diňe bir zady — artistiň: «Açarlar! Açarlarym meniň!» — diýip jan howluna gygyryp, ahyry pola ýykylyp, harlap ölüp galanyna düşünipdir, soň artist yňranyp, boýnundaky galstugyny ýuwaşja çözüpdir.
Kurolesow ölüp bolansoň, ýerinden turyp, jalbarynyň çaňyny kakýar, ýalandan ýylgyryp, tagzym edýär-de, gürrüldili el çarpyşmalar aşagynda sahnadan çykyp gidýär. Soň alyp baryjy şeýle diýýär:
— Biz Sawwa Potapowiçiň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde «Husyt rytsar» eserini diňledik. Şol rytsar şoh ylahylar uçup gelip, daşymda perwana bolarlar, ýene juda köp şuňa meňzeş köňül açyjy hallar ýüz berer diýip umyt edipdi. Emma häzir özüňiz gördüňiz, hiç hili ylahylar hem uçup gelmedi, muzalar — ylhamlar-da oňa sowgat getirmedi, ol hiç hili ymaratlar-da gurup bilmedi, tersine, juda ýaman ölüm tapdy, walýutadyr göwher daşlardan doldurylan sandygynyň üstünde ýüregi ýarylyp, jähenneme gitdi.
— Sizi habardar edýärin, eger walýutalary tabşyrmasaňyz, siziň başyňyza-da şeýle heläket, — belki, ondan hem bäşbeteri — düşmegi mümkin.
Belki, Puşkiniň şygry eseri, ýa-da alyp baryjynyň kyssaýy sözleri täsir etdimi, nämemi, birden zaldan çekinjeň bir ses eşdildi:
— Men tabşyrjak walýutamy.
— Sizi hormat bilen sahna çagyrýaryn — diýdi alyp baryjy garaňky zala dikanlap, mylaýym ses bilen.
Sahna pes boýly, çynar saçly bir adam çykdy, ol görnüşine görä, üç hepde dagy sakgalyny almadyk adama meňzeýärdi.
— Bagyşlarsyňyz, familiýaňyz? — diýdi alypbaryjy.
— Kanawkin Nikolaý diýdi ol çekinjeňlik bilen.
— Hawa! Örän hoşal men, graždanin Kanawkin, gulagym sizde!
— Tabşyrjak — diýdi Kanawkin ýuwaşja.
— Näçe?
— Müň dollar, ýene ýigrimi sany on manatlyk altyn teňňe.
— Brawo! Hemmesimi?
Programmany alyp barýan artist Kanawkiniň gözlerine dikanlap seretdi, şonda Nikonor Iwanowiçiň nazarynda, artistiň gözlerinden uçgun atylyp, rentgen şöhlesi ýaly Kanawkiniň bedenini deşip geçen ýaly boldy. Zalda oturanlaryň demi içine gitdi.
— Ynandym! — diýdi netijede artist we göz nuruny öçürip: — ynandym! Bu gözler aldamaz! Size men näçe gezek esasy ýalňyşlygyňyz adam gözleriniň gudratynyň bahasyna az üns berýänligiňizde diýip aýdypdym. Düşüniň, diliň hakykaty ýaşyrmagy mümkin, emma göz — hiç haçan! Meselem, size tötänden bir sorag berdiler diýeli, emma siz oňa tisginmeýärsiňizem, bada-bat özüňizi ele alyp, hakykaty ýaşyrmak üçin näme jogap bermelidigini bilýäňiz, şeýdibem örän ynamly jogap gaýtaraňyzda, ýüzüňizde gepiňiziň ýalandygyny duýdurýan birem alamat görünmeýär, emma mälim ki, berlen soragdan aljyranyňyzda, hakykat birden kalbyňyz düýbünden gözüňize böküp çykýar-da, wessalam, iş tamam. Hakykat paş bolup, ele düşýäňiz!
Artist bu örän esasly sözüni dabdaba bilen sözläp, Kanawkinden mylaýym äheňde sorady:
— Nirede ýaşyryp goýupdyňyz?
— Preçistenkadaky daýzamyň öýünde, Porohownikowa familiýasy...
— Hä-ä! Wiý, dur-dur... Klawdiýa Iliniçniňkamy? — Hawa.
— O, hä,hä, dogry! Kiçiräk öýjagaz? Garşysynda uly bolmadyk ýeri-de barmydy? Ä, bilýärin, bilýän ol öýi! Hoş, ol öýüň niresine dykyp taşlapdyň baýlygyňy?
— Ýerkümede, Eýnem gutysyna salyp goýupdym...
Artist ellerini bir-birine urdy.
— Heý görüpmidiňiz beýle akmaklygy? — diýip, gygyrdy ol gamgyn bolup. — Ol ýerde pullar yzgar çekip, zeňläp gidýär-ä! Heý, şeýle adamlara walýuta ynanyp bolarmy? Ä? Eý, Taňrym, çaga ýaly-da bular!
Kanawkiniň özi hem, galp ýol bilen baýlyk toplap, hata iş edenine indi düşünüp, öçgün saçly başyny aşak egdi.
— Pul — diýip, dowam etdi artist, — daýzasynyň alaka gemrip zaýalajak ýerkümesinde däl, belki döwlet bankynda, juda pugta goralýan ýörite otaglarda saklanmagy lazym! Uýat size, Kanawkin! Siz ullakan adam-a.
Kanawkin utanjyndan özüne ýer tapman, diňe barmagy bilen kemzolynyň etegini dyrnaýardy.
— Ýeri, bolýa — diýdi artist biraz ýumşap, — geçeni kim ýatlaýar... — Soňra birden garaşylmadyk ýerden şeýle goşmaça etdi: — Hawa, ýene bir zat, bir gezek baranymyzda, ýaňky... maşyny iki ýola gatnadyp ýörmez ýaly... daýzaňda-da bar bolsa gerek? Ä? Işiň beýle öwrüm almagyna garaşmadyk Kanawkiniň ini jümşüldedi, teatr dym-dyrslyk boldy.
Ä-hä, Kanawkin?! — diýdi alyp baryjy mylaýym kine bilen, — men-ä ony öwdümem! Ine, saňa gerek bolsa, Jögülik etmek nämä gerek?! Ýagşy däl, Kanawkin! Ýap-ýaňy göz hakda aýdypdym-a. Ana, gözüňdenem görnüp dur daýzaňda-da barlygy. Aýt-da, dyn-da, näme gynaýaň bizi?
— Bar! — diýip, Kanawkin çürt-kesik, gygyrdy.
— Brawo! — diýip, alyp baryjy seslendi. — Brawo — diýdi adamlaram bütin zaly lerzana getirip.
Zal köşeşenden soň, alyp baryjy Kanawkini gutlap, elini gysdy, onuň şähere, öz öýüne gitmegi üçin ulag teklip etdi we sahnanyň gyrasynda duran birewe ýene-de şu maşyndan Kanawkiniň daýzasynyň öýüne baryp, ony aýallar teatryndaky programma çagyrmagy tabşyrdy.
— Hawa, ýene bir zat sorajakdym, daýzaň öz baýlygyny nirede gizläni barada size aýtmanmydy? — diýip, alyp baryjy sorady we Kanawkine hormatlap çilim uzadyp, otluçöp çakdy. Ol çilim otlap, gamly gülümsiredi.
— Ynanýan, ynanýan — diýdi artist uludan dem alyp, — jadygöý kempir öz ýegenin-ä däl, şeýtana-da syryny ynanmaz. Ýeri, bolýa, onuň kalbynda adamçylyk duýgysyny oýarmaga çalyşarys. Eger onuň süýthorluk kalbynda birde-ýarym çüýremedik tar galan bolaýsa. Bolýa, salamat bol, Kanawkin!
Şundan soň bagtyýar Kanawkin ugrady. Artist, walýuta tabşyrmak isleýänler ýene barmy? diýip sorady, emma ümsümlik oňa jogap boldy.
— Siz-ä alasamsyk ekeniňiz, Hudaý kessin! — diýenden soň, artisti perde ýapdy. Çyralar öçüp, biraz wagt hemme ýer zulmata gark bolansoň, uzakdan bir tenor owazyň gaharly aýdymy eşidildi: «Onda üýşüp ýatyr tylla teňňesi, maňa degişlidir olaň hemmesi!» Soňra niredendir uzak bir ýerden iki gezek el çarpyşmalaryň sesi geldi. ― Aýallar teatrynda-da bir juwan aýal tabşyrýar ― diýip, birden dillendi Nikonor Iwanowiçiň çypar sakgally goňşusy, soň uludan dem alyp, sözüne goşdy: ― Wah, eger gazlarym bolmasady! Lianazowada, ezizim, meniň uruşgan gazlarym bar. Mensiz gyrlar öýdüp gorkýan. Uruşgan guş näzik bolýar, ideg talap edýär... Eh, gazlarym bolmasady!... Puşkin bilen meni täsin galdyryp bilmersiňiz ― diýip, ol ýene uludan dem aldy.
Şol mahal zal ýap-ýagty boldy-da, Nikonor Iwanowiçiň düýşünde hemme gapylardan zala ak galpak geýen, eli susakly aşpezler girip geldi. Şägirt aşpezler bolsa uly çanakda suwuk çorba bilen ýasy gapyrjakda kesilgi gara nan getirdiler. Tomaşaçylar janlandy. Şadyýan aşpezler olaryň arasyndan ýöräp, tabaklaryna suwuk çorba guýup, çörek paýlaýardy.
― Naharlanyň-ow, ýigitler, ― diýip, olar gygyrýardy, ― soňra walýutalaryňyzy tabşyryň! Nämä gerek bu ýerde wagtyňyzy biderek geçirip? Näme, zarmy siz şu suw çorba? Ondan-a öýüňize baryp, içip, garbanyp, arkaýyn ýatanyňyz ýagşy dälmi?
― Ine, meselem, sen babaý, näme üçin ýaýdanyp otyrsyň? ― diýip, Nikonor Iwanowiçiň özüne ýüzlenipdir boýny horazyň täji kibi gyp-gyzyl, dolmuş aşpez oňa birje kelem ýapragy gaýyp ýören bir susak çorba uzadyp.
― Ýok! Ýok! Ýok mende walýuta! ― diýip, bar güýji bilen gygyrdy Nikonor Iwanowiç. ― Düşünýäňmi? Ýok!
― Ýokmy? ― diýip, aşpez ýakymsyz ýogyn ses bilen, soň: ― Ýokmy? ― diýip sorapdyr ol pessaý mylaýym owaz bilen, soň: ― Ýok, Ýok, ― diýip göwünlik berip başlapdyr ol, feldşer aýal Praskowýa Fýdorownanyň tüýsüne girip.
Çünki ukuda basyrganýan Nikonor Iwanowiçiň egnini şol aýal ýuwaşja yralap başlapdy. Şonda birden aşpezler eräp, teatr hem perdesi bilen dargap gitdi. Nikonor Iwanowiç ýaş doly gözüni açyp, şypahanadaky öz otagyny, maslahaty bilen hemmäni bizar eden ýüzügara aşpezleri däl, ak halat geýen iki adamy, ýagny doktor bilen elinde tabak däl-de, üstüne ak hasa ýapylan sanjymly jamy saklap duran Praskowýa Fýodorownany gördi.
― Eýsem, bu näme boldugy ― diýip, Nikonor Iwanowiç gamly gepledi, özüne sanjym edilip durlan wagty ― ýok ahyr ol, mende ýok! Puşkin tabşyrsyn olara walýutany. Ýok!
― Hawa, ýok, ýok, ― diýip, köşeşdirýärdi ony merhemetli Praskowýa Fýodorowna, ― ýok zady ýaradyp boljakmy?
Nikonor Iwanowiç sanjymdan soň ynjaldy-da, hiç hili düýş görmän uklap galdy.
Emma onuň howsalaly galmagaly netijesinde ýüze gelen gorky 120-nji otaga geçip, ol ýerde ýatan näsagy oýatdy, bu näsag turandan, öz kellesini gözlemäge başlady, soň howsala 118-nji otaga girip, nämälim ussadyň kalbyna gulgula saldy. Ol hasratdan doly gözlerini Aýa dikip, durmuşyndaky güýzüň ahyrky nedamatly agşamyny, podwaldaky otagynyň gapysynyň astyndan düşýän şöhläni we söýgülisiniň tar-tar saçlaryny ýatlady.
Gorky 118-nji otagdan balkonyň üsti bilen Iwanyň otagyna uçup geçdi welin, ol oýanyp, aglap ugrady.
Emma wraç howatyrlanyp başlan bu biçäreleri bir demde derman bilen köşeşdirdi, olar ýene uklap galdy. Hemmeden soň, derýanyň üstünde daň agaryp başlanda, Iwan hem ymyzgandy. Derman onuň bütin bedenini edil deňiz tolkuny ýaly basandan soň, ol teselli tapdy. Bedeni ýeňleşdi, kellesi ukynyň ýakymly täsirinden hözir tapdy. Ol uka gidende, gulagyna çalnan iň soňky sesler ― tokaýdaky guşlaryň daňyň öň ýanky jagyl-juguly boldy. Emma hä diýmän olaryň owazy öçüp, Iwan düýş görüp başlady. Düýşünde Takyr Depäniň üstünde Gün indi magryba agyp başlady we onuň çar töweregi iki hatar bilen gabalandy...
Категория: Romanlar | Просмотров: 12 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: