04:52
Rubagylar
RUBAGYLAR

Durmuşyň eliňde basdyrma közün,
Işsizlik gyşyňdyr, hereket ýazyň.
Allahym ýoluňy ýagtyldar welin,
Ýöne bil, ykbalyň ýazmaly özüň.

* * *

Hiç haçan pes tutma, ýazgarma deli,
Ajy  söz aýtmagyn, sapla sen tili.
Bendesin sylany Hakam sylarmyş,
Ýoluňy ýagtyldyp, şat eder dili.

* * *
Tutaşyp dur bagt ýolumyz seniň bilen bir ýerde,
Goýma meni,  mähribanym, tükenmeýän çoh derde.
Sen ataşsyň, emma welin men perwanaň bolmaýyn,
Ap-ak gar deý ýere inip, eräýin şol leblerde.

* * *
Adamlary adam bagta iterýär,
Mähir däl-de, gysga ömür tükenýär.
Ýekelikde, Biribardan özgesi,
Biliň, bir gün pyçak kimin kütelýär.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: