19:26
Ýüz ýyllyk syr
ÝÜZ ÝYLLYK SYR

Öldürilende ýañy 39 ýaşyndady...
Kakasy osmanly we respublika döwürlerinde häkimlik eden Möwlewizada Aly Ryza (Özütürk). Ejesi Samsun munisipialetiniñ başlygy Halil Hilmi beýiñ gyzy Memnun hanym.
Başlangyç bilimi Ierusalimde we Damaskda, orta bilimi Erzurumda aldy. "Babyaly Ewrak" otagynda işläp, Stambul hukuk mekdebini tamamlady. Parižiñ Sorbonn syýasy ylymlar mekdebine okamaga gitdi.
Talyplyk ýoldaşy TKP-niñ lideri doktor Şefik Hüsnüniñ goldamagynda ittihatçylar bilen aragatnaşyk açdy. Osmanly talyplar bileleşiginiñ başlygy wezipesinde işledi. "Türkiýede ekerançylyk kreditleriniñ guramaçylygy" ylmy işini ýazdy.
Stambula dolanyp gelende Ýokary söwda mekdebinde (Ticaret Mekteb-i Ali), Ýokary mugallymlar mekdebinde (Darülmuallimin-i Aliye) we Soltanlyk mekdebinde (Mekteb-i Sultani) hukukdan we ykdysadyýetden okatdy.
"Tanin" we "Servet-i Fünun" ýaly gazetlere makalalaryny çykartdy. Fransuz sosiology Selesten Bugleniñ "Sosiologiýa näme?" (“İlm-i İçtimai nedir?”) eserini türk diline terjime etdi. Barha çunlaşýan Gündogar meselesi-kolonializminiñ üstünde işledi. "Medeniýetleşme wezipesi" (“Vazife-i Temdin”) kitapçasyny ýazdy.
"İttihat ve Terakki"-niñ 1911-nji ýylda Selanikde geçen kongresine delegat bolup gatnaşdy. Orta atylýan meselelere oñyn we real çözgüt tapmakdan ejiz gelýärler diýip düşünýändigi üçin ittihatçylar bilen ýoluny aýyrdy.
"Türk ojaklarynyñ" esaslandyryjysy Ahmet Feritiñ ýolbaşçylyk edýän we arasynda türkçi ideolog Ýusup Akçuranyñ hem bolan "Milli Meşrutiýet" fyrkasyny gurmaga gatnaşdy.
"Türkleriñ hem öz milli ykballaryny kesgitlemegiñ wagty gelip ýetdi" manifestini ýazdylar...

1913-nji ýylyñ 11-nji iýunynda sadrazam (baş wezir) Mahmyt Şewket paşanyñ garşysyna gurnalan kast edilşigi peýläp "ýeke partiýaly režimiñ" bolmagyny islän ittihatçylaryñ Sinopa sürgüne iberen garşydaş 600 adamsynyñ biridi...

SOSIALIST MUSULMANLAR

1914-nji ýylyñ 24-nji maýynda on dört ýoldaşy bilen Russiýa gaçdy...
Bäş günden soñ Balaklawa-Ýaltada labyr taşlady. Pyýadalap Sewastopola geldiler. Polisiýa gaçgaklary "Kazan" gazetiniñ binasyna ýerleşdirdi.
Ertesi gün Stambuldaky tanşy Ýusup Akçuranyñ giýewi türkçi-turançy Ysmaýyl Gaspyralynyñ öýüne myhman boldy. Gaspyraly öz çykarýan "Tercüman" gazeti üçin onuñ bilen giñişleýin söhbetdeşlik gurady.
Ýigrimi günden soñ Bakuwa gitdi. Milli, demokratik türk döwletini gurmagy maksat edinen Mämmet Emin Resulzada bilen görüşdi. Onuñ eýeçilik edýän "İkbal" gazetinde Osmanlynyñ Birinji jahan urşuna gatnaşmagyna garşy çykýan "Türkiýäniñ bähbidi we dynçlygy" ýaly (“Türkiye'nin Menfaati ve Selameti”) makalalary ýazdy.
Osmanly urşa girensoñ, Russiýa öz çägindäki 975 türki Moskwa-Kiýew aralygyndaky Kaluga konslagerine iberdi. Görgüli, sürgünden gaçjak bolup, sürgüne uçrady...
Soñra Uralsk konslagerine ugradyldy. Ol ýerde dünýägaraýşynda özgerişler bolup geçdi: musulmanlaryñ sosialist komiteti bilen tanyşdy.
Kazan merkezli tatar-başgyrt musulmanlarynyñ guran bu guramasynyñ ýolbaşçysy marksist-musulman gazetini çykarýan Mollanur Wahidowdy. Komitetde Mirseýit Sultangaliýew hem bardy. Metbugat organlary "Gyzyl baýdakdy".
Üç ýüz ýyllap halklaryñ zyndanhanasyna öwrülen Russiýada bendilikde bolanlar azatlyklaryny talap edýärdi...
Olam indi bu göreşiñ hakyky nökeridi...

MUSTAPA KEMAL BILEN HAT ALYŞDY

Bolşewikler 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ üç ýyla çeken ýesirligi tamamlandy.
Moskwa gidip, musulmanlaryñ Sosialist komitetiniñ gapysyny kakdy.
Staliniñ ýolbaşçylyk edýän rus däl halklar boýunça işleýän "Наркомнат"-larda (Ýurtlaryñ halk komisdarlygynda) işledi.
Graždanlyk urşunda M.Sultangaliýewiñ serkerdeligindäki musulmanlaryñ 50 müñ adamlyk "Gyzyl Goşunynyñ" garamagyndaky Türk Gyzyl batalýonyny gurdy. Menşewiklere garşy söweşdi.
"Täze dünýä" ("Yeni Dünya") gazetini çykardy. Karl Marksyñ "Kapital" eserini gazetiñ sanlarynda bölekleýin çap etdi.
Musulmanlaryñ sosialist-kommunistik partiýasynyñ propoganda býurosynyñ başlygy wezipesine bellendi. Türk, fransuz, arap, tatar dillerini suwara bilýärdi...
Kommunistleriñ "Internasional" kongresiniñ açylyş dabarasyna delegat bolupgatnaşdy. Beýik rus ýazyjysy Maksim Gorkinin ýolbaşçylyk edýän ýygnagynda Türkiýedäki kommunistik hereketleriñ gözden sypdyrylýandygyny aýdyp, çykyş etdi.
M.Sultangaliýew ýaly ýeke ýurduñ sosializmine däl-de, bütindünýä rewolýusiýasy tezisine ynanýardy. Emma. Kazan-Simbirskde doglan Lenin Gündogar halklarynyñ göreşiniñ Mustapa Kemala edilşi ýaly "buržuaz milli aýaga galyşa goldaw" bilen çäkli bolup galmagyny isleýärdi.
Şeýle-de, ol bolşewikleriñ Russiýa gelen Enwer paşanyñ ýolbaşçylygyndaky ittihatçylar bilen aragatnaşyk açmagyndanam göwnühoş bolmady.

1920-nji ýylyñ 10-njy sentýabry. Baku. Türkiýäniñ Kommunistik partiýasynyñ açylyş kongresine ýolbaşçylyk etdi.
Anadoludaky milli azat-edijilik göreşine goldaw bermek üçin Türkiýä gidermen boldy. Mustapa Kemal bilen hat alyşdu. Mustapa Kemal BMM-de (Ýokary halk mejlisinde) doly ygtyýarly wekilleriñ bolmagyny isledi.
1920-nji ýylyñ 19-njy dekabrynda ata watana dolanmak üçin ýola çykdy...
Kyrk günden soñ...
27-nji ýanwardan 28-nji ýanwara geçilen gije 14 ýoldaşy bilen öldürilip Gara deñize atyldy.
Mustapa Suphini kim, nämüçin öldürdi?
Ýüz ýyllyk syr bu...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 28.01.2021 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Görgüliniñ ölüminden soñ rus aýaly Mariýanyñ hem Ýahýa Kahýa atly biri we başgalary tarapyndan jynsy zorluga uçrandygy rowaýat edilýär...

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çaklamalar kän. Olardan ikisi hakykata beýlekilerinden has ýakynrak: Biri Sultangaliýewe bolan duşmançylygy sebäpli Staliniñ munda eliniñ bolmagy. Ikinjisi Enwer paşa we onuñ tarapyndaky ittihatçylar...
Dogrusyny Alla bilýär.

0
1 Trigger   [Mowzuga geç]
Bäiii--bä, bet etdaý!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: