11:53
Ýör, dogan
ÝÖR, DOGAN

Türkiýäniň Adana şäherine golaý ýerde, Kozan dagynyň eteginde, on altynjy asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry Garajoglanyň ruhy mazary bar. Şol mazaryň başynda ýazylan goşgy.

Ýör dogan gideli, ýat ilde galma,
Diýmesinler bize, ili unutmuş.
Ýeri, ýurdy ýok bolanlar ýat ilde,
Illerine uzan ýoly unutmuş...

Aglamasyn aga, jigi, uýamyz,
Kalplary elenip durmasyn onda.
Asman-zemin arasynda göýä biz,
Geçmez ilimiziň durnasy mundan.

Ýürekdäki ötlem-ötlem hijrany,
Barsak, ile döküler ol, elbetde,
Ýör dogan gideli, ýat ilde galma,
Gül ömrümiz galmasyn bu gürbetde.

Mazaryň başynda çöküp dyzyma,
Diýdim: “ýör gideli, ýat ilde galma”.
Ynan ýör doganym, iliň gyzyna,
Ökünç ykballarda  atmasyn hallan.

Ýör dogan gideli, ýat ilde galma,
Diýmesinler bize ili unutmuş.
Ýeri, ýurdy ýok bolanlar gürbetde,
Illerine uzan ýoly unutmuş...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Nurdan   [Mowzuga geç]
Şu makalada
http://kitapcy.com/news/2020-03-23-10974 hem aýdylşy ýaly, biziñ halkymyzyñ arasynda Garajaoglanyñ Balkanyñ Gazanjyk sebitlerinde ýaşandygy barada köpsanly maglumatlar bar. Elbetde beýleki maglumatlara hem göz ýumup bolmaz. Ýöne öz halkymyzyñ arasynda ýaýran maglumatlar nukdaýnazaryndan seredilende goşguda logiki ýalñyşlyk ýok.

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Garajaoglanyñ doglan, önüp-ösen, ýaşan yerleri hakda dürli rowayatlar, maglumatlar bar.

0
3 Trigger   [Mowzuga geç]
Ýeke-ýeke getirilse, Öwülýäler umman-a bolardyk! wink

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ine, munyñ bolya )

0
1 mango   [Mowzuga geç]
oguljennet hanym "ýat ilde galma"-ny goşgyň özeninde goýupdyr.
ýöne ýurtlaryň, illeriň bu günki geografik ýagdaýdan çen tutmak ýalňyş.
Garajaoglan hökman häzirki Türkmenistanyň çäginde ýaşan bolmaly diýen zat ýok.
onuň döwürinde türkiýäniň, eýranyň... ýerleri hem türkmen döwletiniň çägindediler (dälmi?).
onuň üçürip, Garajaoglan ýat ilde däl, ol watanynda ýatyr.
ony ýat ilde hasaplamak liriki owadanam bolsa, logiki ýalňyş.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: