09:51 Seýrek nusga | |
SEÝREK NUSGA Seni goşgy okap agladyp bolýar, Seni duýup bolýar, ýok ýeriňde-de. Küümüşsöw reňkleri awlajak bolýan, Günüň tylla kuýaşy deý sereň sen. Ýüregiň gül ýapragyndan galyň däl, Ýassyk bolup, uzar maňa gollaryň. Her pursady baýram ýazar göwnüme, Meň ýanyma ykbal bolup gelmegiň. Geleňde hiç haçan gitmejek ýaly, Gideňde gelmejek ýaly hiç haçan. Seniň meni ýer şaryndan tapmagyň, Ýazylmadyk şygryň bagtyny açar. Ýeňil ädimlerňe goşulýan ine, Göter, uçjak bolýan ganatyň bilen. Äkit meni hol ykmanda buluda, Söýgi şalygynyñ gözýetimine. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |