01:52 Bahara hat | |
BAHARA HAT Sensiz gijeleriň başy goýulmaz Ak ýassyga, Ah, ýassyga, Ýassyga... Göwrämi galama öwrüp aşygym, Meni yşga batryp, dessan ýazsana! Sowulsa sowulsyn, gyzgyn baharlar, Demiň sowulmasyn, ol maňa ýeter. Bu dünýede sen başarýaň ol işi, Nepesiňi nepesime çatsana. Syl gözýaşym, Sollar görmesin diýip, Gama batyşyň deý, Gülkä batsana. Men hakynda Her baharlar gelende, Ýagyş damjalary Öwrüler şonda, -ýazdygym hat saňa. Her bahar gelende Ýagyş damjasy, Ýagar durar, ýagar durar asmandan Bolup menden gelen Bölek hat saňa... ■ SAZANDA Sowlup sähraň gyzgyny, güýz sykylyk çalanda. Garaşaryn gelerňe, eý, görmegeý sazanda. Hyýal guşuň ganaty, belentlere galanda, Gözýaşlar suwlar ýoly, saz hyýally sazanda. Gördüm gudaratyn gördüm, sözüň, gözüň, söýginiň. Kerdim, açyldy indi gulaklary serweriň. Asmany gün erňekläp, alyslara galanda, Ilkinji ýada saljak, söýgülim sen, sazanda. Ýüzüň nuruň öýjügi, bakyşlaňda özüm bar. Meň didäme dideleň çolaşyplar galandyr. Bir gün bu ýoly ýeňjek, bir ganatly ýoluň bar, Menem alyp gidersiň, eý, görmegeý sazanda. ■ SORAGLAR Ýuregimde ýer galmady, Günden galan zer galmady. Seni söýen hyýalymda Ruhum meniň derýamydy? Döwüp gitdi döwürleri, Ýeriň añry böwürleri, Yşga salyp bu serleri, Kararlarym her ýanady?! Karar uçdy, ýat illere, Gyzlar gara gaş illere, Ahli syrym paş illere Indi gaýdyp, barmam nedir?! Seni söýüp, ahwal boldum, Seni söýüp, ykbal boldum, Käşgä bolmasadyň, bolduñ, Sen şahyryñ her halydyñ... Ýitirsem, yitip gidersiñ, Götersem, uçarsyñ göge. Seniñ söýgiň ganatynda, Bardym ysk şalygna, töre. ■ ÝITGI Meşhur artist Allaberdi Meläýew dünýeden öteninde, dosty meşhur artist Ata Moşşyýewe bagyşlap ýazylan goşgy Sen ýöräp barýarsyň ýalňyz ýodadan, Egniňde ýük däl-de dünýä göterip. Dostsuz ýollar kötellidir, ýadadar, Ýalňyz galsaň, söwer dosty ýitirip. Ýyllary-da, ýollary-da, ýeňmeli, Ýöräp, ýöräp, ýöräp gidip ussadym. Güýz ýapragy ýodalarda sermenip, Maňa çawuş çakýar, seniň hasratyň. Aglama sen, gidti diýip, dünýeden, Şonsuzam aglaýar, güýzüň şemaly. Ýaşamak kýn bu dünýede ýitirip, Söwer dostyň, Allaberdi Meläni. Sen ýöräp barýarsyň, ýalňyz ýodadan, Dostuň ýükün hor egniňde göterip. Düşünýän, kyn bu dünýede ýaşamak, Onuň ýaly beýik dosty ýitirip. ■ YLHAMA Eşidilmedik nagmalarda, Howada doňan elleriň. Sypalyn yetmiş gatyndan, Çykyşyň seniň süllerip. Häzirem ýadymda,janym, Häzirem ýanyňda ýanym. Yşgyň hatarly ýodasyn, Ot basypdyr, ykbalym. Gelmezmiň ümür gowzanda, Kuýaş gökde gerinende, Sen ýana yürek howlanda, Oýalyk düýş görünende. Egrem-bugram bag goluna Golum atyp söhbet etsem. Gelmezmiň şol basgançakdan Täsin yöreyişli eýsem. Garaşýan ýadyňdadyr-la, Meniň soňsuz garaşýanym. Gatbar-gatbar gussalaryň Aşagynda garaşýaryn. Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Всего комментариев: 0 | |