06:21
Ussat we Margarita -11/ romanyñ dowamy
XI bap

IKI IWAN

Derýanyň aňry kenarynda, mundan bir sagat öň maý güneşiniň şuglasyna gark bolup duran gür tokaý ýuwaş-ýuwaşdan garalyp, ahyry gaýyp boldy. Penjiräniň aňyrsyndan şarlap guýýan ýagyş aýnalara perde çekdi. Asmanda dembe-dem alaw ýüpleri parlap, asman tars-tars ýarylýardy, hassanyň ýatan otagy zol-zol ýagtylyp, gorkuly şugla gaplanýardy.
Iwan köpürjükläp, gaýnap akýan bulançak derýa seredip, öz krowatynda sessiz aglap otyrdy. Her gezek gök gümmürdän-de ol endişeli yňranyp, elleri bilen ýüzüni ýapýardy. Onuň ýazyp taşlan kagyzlary ýerde pytrap ýatyrdy; gök gümmürdisinden otaga şuwlap giren şemal olary her tarapa uçuryp goýberipdi.
Şahyryň aýylganç konsultant dogrusynda arza ýazmaga urunmalary hiç-hili netije bermändi. Ol dolmuş feldşer aýaldan (onuň ady-familiýasy Praskowýa Fýodorownady) kagyz bilen keltejik galam alan wagty, işeňňir adamlar ýaly, aýalaryny biri-birine sürtüp, stoljagazyň başynda gyssagly oturypdy. Ol başda ylhamy joşup, haty şeýle başlady:
«Milisiýa, MACCOLИT agzasy Iwan Nikolaýewiç Bezdomnydan. Arza. Düýn agşamara men merhum M. A. Berloiz bilen Patriarh köçesine bardym...»
Emma şahyryň pikiri şobada esasan «merhum» diýen söz sebäpli bulaşdy. Arza başdan tutaryksyz bolup çykýan ýalydy: bu nähili merhum bilen bardym? Merhumlar ýöremeýär! Dogry-da, ýene däli hasaplarlar! Iwan Nikolaýewiç oýlanyp ýazanlaryny düzedip başlady. Indi beýle bolup çykdy: «... soňrak aradan çykan M. A. Berlioz bilen...» Bu hem awtory kanagatlandyrmady. Üçünji gezek täzeden ýazdy, emmma üçünji owalky ikisindenem beter bolup çykdy: «... Tramwaý basyp giden Berlioz bilen...» — ýene, munuň üstesine ol hiç kimsä belli bolmadyk atdaş familiýaly kompozitoryň şahyr beýnisine ýapyşyp ýatmagy artykmaç, şonuň üçin: «... kompozitordan başga Berlioz...» — diýip ýazmaly boldy. Iwan bu iki Berlioz bilen başagaý bolup, bar ýazanlaryny çyzyp taşlady. Okajagyň ünsüni başdan özüne çekmek üçin juda täsirli, güçli sözlerden başlajak boldy-da, tramwaýa münen pişik hakynda ýazyp, şundan soň üzülen kelle epizodyna geçdi. Üzülen baş we konsultantyň öňden görüjiligi onuň beýnisinde Pontiý Pilat hakyndaky pikirleri oýardy, şonda Iwan has-da ynançlyrak bolmagy üçin prokurator hakynda eşidenlerini, onuň Iroduň köşgüne gan reňk jähekli ak plaş bilen Iroduň köşgüniň eýwanyna çykan ýerinden başlamagy makul bildi.
Iwan erjellik bilen işläp, ýazanlaryny çyzyp, täze sözler girizip, hatda Pontiý Pilatyň, ondan soň yzky aýaklarynda duran pişigiň suratyny hem çekmäge çalşyp gördi. Emma suratlar hem ýardam bermedi — şahyryň arzasy gitdigiçe çylşyrymlaşyp, baş alyp çykar ýaly bolmady. Oňa çenli bolsa dünýäni jünbüşe salýan bulutlar gelip, gür tokaýyň üstüni büräp, güýçli şemal turan wagty, Iwan özüniň ysgyndan gaçanyny, arza ýazmagy başaryp bilmejegini duýdy-da, şemalyň uçuran kagyzlaryny poldan ýygnaşdyrman, eşidiler-eşidilmez, sessiz aglap başlady.
Gök gümmürdisi wagty ak göwünli feldşer aýal Praskowýa Fýodorowna şahyrdan habar almaga geldi, jaýa girdi-de, onuň aglap oturanyny görüp, gorkdy we näsag ýyldyrymdan gorkmasyn diýip, penjiräniň perdesini ýapdy, ýerde seçilip ýatan kagyzlaryny ýygnaşdyryp, göni wrajyň ýanyna ylgady. Wraç gelip, Iwanyň eline sanjym etdi, soň: indi aglamarsyň, häzir hemmesi geçip gider, üýtgär, unudylar diýip, oňa teskin berdi.
Wraç dogry aýdan eken. Hä diýmän derýanyň aňyrsyndaky tokaý başky görnüşe girdi. Owalky gözel halyna gaýdan dury asmanyň aşagynda tokaýdaky her bir daragt anyk göze ilip başlady, derýa-da rahatlandy. Sanjymdan soň, gussa hem şahyry terk edip, indi ol öz krowatynda asmandaky älemgoşary arkaýyn synlap ýatyrdy.
Bu ýagdaý agşama çenli dowam etd, ol älemgoşaryň assa-ýuwaş gaýyp bolanyny hem, asmanyň tüýsi öçüp, gamgyn bolanyny hem, tokaýyň gara tüýse girenini hem duýman galdy. Iwan gaýnag süýt içip, ýerine geçdi, pikirleriniň üýtgäp başlanyny duýup, özi hem geň galdy. Lagnaty pişik hakyndaky pikiri mylaýymlaşdy, üzülen kelle ony indi gorkuzanokdy, şoňa görä, Iwan ony hatyrasyndan çykardy, indi, dogrusyny aýtsam, bu şypahanada ýatmak ýamanam däl, Strawinskiý dana we meşhur adam, onuň bilen mylakatly bolmak örän ýakymly. Agşamyň sergin howasy bolsa, gök gümmürdisinden soň arassa hem şypaly — diýip oýlandy. Hasrat öýi ýumruldy. Asuda koridorlardaky saralan ak lampalar öçüp, olaryň ýerine, kada görä, gögümtil agşam çyralary ýandy, gapylaryň aňyrsyndaky ýörelgelere düşelen rezin düşegiň üstünde ýuwaş ýöräp ýören feldşer aýallaryň aýak sesleri bardyksaýyn kemräk eşidilip başlady.
Indi Iwan rahat pinekläp ýatyşyny, kä petikdäki abažuryň aşagyndan mylaýym şugla saçýan çyra, kä gara tokaýyň aňyrsyndan çykyp gelýän Aýa nazar aýlap, öz-özi bilen söhbetleşýärdi.
— Ýeri, nämüçin men Berliozy tramwaý basany zerarly beýle tolgundym? — diýip pikir ýöredýärdi şahyr. — Ahyr netijede başaşak gitsin-le! Näme ol meniň iki dogup, bir galanymmydy? Eger bu meselä çuňurak seretsek, men merhumy beýle bir içgin tanamogam-a. Ýeri, men ol hakda näme bilýärin? Hiç zat, bar bilýänim, ol takyr kelle öte dilewar. Şeýle hem — graždnlar — diýip, ondan soň — Iwan kimleredir ýüzlenip, gepini dowm etdirdi, — geliň, bir zady aýdyňlaşdyryp göreliň, hany maňa düşündirip beriň, men näme sebäpden bir gözi boş, beýlekisi gara, şübheli konsultanta, jadygöý professora jynly ýaly topuldymkam? Elime şem alyp, içki balakda onuň yzyndan kowalamagymyň, soň, restoranda görkeden akmaklygymyň nämä geregi bardy?
— Aý, ýok, ýok, — diýdi owalky Iwan şahyryň öz içinde öz başynda duran täze Iwana kesgitlilik bilen, — her nähili bolsa-da, professor Berliozyň kellesiniň üzüljegini öňünden anyk aýtdymy? Diýmek, nämüçin tolgunmaly däl?
— Mesele başga ýerde, dostlar! — diýip, nägilelik bildirdi täze Iwan ozalky Iwana, — munyň aşagynda nähilidir bir syr barlygy ýaş çaga-da aýan. Şol konsultant ýüz göterim gizlin we syrly şahs. Emma iň gyzyk tarapy hem şunda-da! Onuň Pontiý Pilat bilen şahsy tanyşlygy bar eken, ýeri, mundan beter nähili täsinlik bolsun? Patriarh kölçesiniň boýunda tüýs akmak ýaly galmagal turuzandan, ondan mylaýymlyk bilen Pilat we jenaýatçy Ha-Nosri barada doly gürrüň bermegini haýyş eden bolsam, dogry bolmazmydy? Men bolsam başyma ýok galmagaly satyn alyp ýörün! Dogry, žurnalyň redaktoryny tramwaýyň basyp gitmegi möhüm hadysa, elbetde! Emma, näme, indi žurnal ýapylyp galjakmy? Heý, çärämiz barmy, adamyň başy ölümli, hatda duýdansyz hem ölmegi mümkin diýip, juda dogry aýdylypdyr. Goý, jaýy jennet bolsun! Ýene ýerine başga bir redaktor saýlarlar, belkem, mundan hem dilewarrak bolar.
Täze Iwan bir azajyk irkilip, köne Iwandan sorady:
— Ýeri, bu wakada men kim boldum?
— Akmak! — diýdi, niredendir bir ýerden anyk ýaňlanan owaz. Emma bu ne täze, ne owalky Iwanyň owazydy, belki konsultantyň ýogyn sesine örän meňzeşdi. Emma Iwan «akmak» diýen söze, nämüçindir hapa bolmady, gaýta hüşgär geňgalma bilen ýylgyrdy-da, gözi ýumlup, köşeşdi. Iwanyň uka gideni hem şoldy, göz öňünde pil aýakly palma daragty göründi, golaýyndan pişik geçip gitdi — ol indi gorkunç däldi, şatlykly görünýärdi. Mahlasy, Iwany uky doly basmarlap başlanda, birden eýwanyň gözenegi süýşürildi we balkonda özüni Aý şuglasyndan penalaýan syrly bir şahs peýda boldy, ol Iwana barmagy bilen yşarat etdi. Iwan asla gorkman, krowatyndan galdy-da, balkonda bir erkek kişiniň duranyny gördi. Ol adam barmagyny dodagyna degrip: — Tss! — diýip pyşyrdady.
Категория: Romanlar | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: