22:17
Gyrnak -5/ romanyñ dowamy
Emma täze gelin onuň bar niýetini puç etdi. Onuň göwni indi «akjanam», «garajanam» däl-de, «gyrnajygy» küýseýärdi. Onuň öňki gelinleri «jylawlaýşy» beýle bir kyn bolmandy. Ýöne, nämüçindir Abdy bu gelne aznawur ýaly ýapyşyp bilenokdy. Ýogsa, olam öňküler ýaly garawsyz, hossarsyz aýaldy.
«Muny hilegärlik bilen almaly» diýip, ol kellesinde ýörite plan çyzyp oýlanýardy. – Onuň ugruna atly-ýaragly çykmaly. Onuň jaýy bar. Ol işine ikilik etjek adam däl. Çalaja käýeseň, işden çykyp gidibermegem mümkindi. Oňa kömek etmeli. Ilki barmagyňy degirmeli, soň elinden tutmaly. Soň ogşamaly. Soňam...».
Abdy bu gün öz «awuna» barmagynam degirdi. Onuň elindenem çalaja tutdy.
– Haýt, zaluwat, öz-ä ýaman sarç-ow, ýaman sarç. Aldyraýsa. Ertir hökman ogşamaly...»
Ol şol begenji bilen, tigriniň jaňyny jyňňyrdadyp howlysyna giren badyna aýalynyň ýüzüniň salykdygyny aňypdy.
– Näme, how, o dogmaň ýene bir nysak çykardymy? Ýaman ýüzüň üýtgäpdir-le?
Aýaly ilki sesini çykarmady. Äriniň öňüne çaý goýandan soň gyzynyň getiren habaryny gürrüň berdi.
– Ýer çekmiş, Juma ýokmy, ilerki zawmagyň ogly. Agşam gelniň bilen gyzyň kinodan gelýärkä öňlerinden çykýamyş. «Goňşy, gurgunmysyň?» diýen bolup, meýdi ýanan. Gelniňe-de sen-ä ýaman owadan gelin bolupsyň, beýle owadan boljagyňy bilen bolsam, seni Amana ýetirmezdim – diýenmişin.
Abdynyň çaýy bokurdagyna tegek boldy.
– Haý, seniň bajyňy... ogly. Sen, haramzada, heniz ýüzi açylmadyk gelne şeý diýýän bolsaň... Men şolara baryp öýlerine gan çaýkap gaýdaýyn-la...
Ol yňdarlyp, howlyda düýäniň agylyna gyssyrylgy duran uzyn saply çarşaga bakan omadaklap ugrady. – Men seniň bir...
Aýaly ýene akylly çykdy.
– Gitme, öýde tilpun nomerleri bar. Kakasyna, ýa ejesine berkje tabşyr...
Abdynyň gözi gan guýmady.
– Äber şolaryň tilpunlaryny, haramzadalar, gan ysy gelýän oýun edýärler. Içesleriniň gelýäni gan bolsa, men olara gan ýuwutdyraryn...
– Atalarmy? Ata barmy? Çagyr!..
Onuň trubka tutup duran goly titir-titir edýärdi.
– Ata, gurgunmyň? Bu Apdy! Hä? Ýagşy, sag bol! – Ol gözlerini mölerdip, ýüzüni kürşerdip, gygyryp başlady. – Han, sen şol dogmaňa gowja bol diýseň-ä diý, bolmasa-da özüm kepleşerin. Agşam uly gyzym bilen, heniz ýüzi açylmadyk gelnime lak atyp durmuşyn. Türkmençilikde bu işden gan ysy gelýändir. Men namysymy depeledenden, ölenimi gowy görerin. Gaty berk tabşyr, gaýdyp, şeýle gürrüň gulagyma ýetse, gaty görme, Ata!..
Ol trubkany ýerinde goýdy.
– Azgyn! Ine, türkmeni, onuň abraýyny ýere çalýan näkesler. Özünem bir göreýin, harram-zadanyň biri...
Ol çaýyny içip, «işe aýlanaýyn» diýip turanda, ýene-de täze işe gelen gelin göz öňüne geldi.
Öz-ä alarladym. Ertir bir ogşap bolaýsa diýip, tigrine bakan ýöneldi.

8.

Ogulnyýaz öýe girende sagat heniz altam bolmandy. Säheriň demi, gijesi bilen almadyk ukusy onda birje sagat irkilmek duýgusyny döretdi. Onsuzam gaýmak ýaly säher ony eredip barýardy. Bedeninde, göwnünde onça-munça ýadawlygy bildimem etmejek gurbat çyrpynýardy.
Ol düşegine geçenden şirinden şeker datly sallançagyň aýasyna düşene döndi.
...Ol ýene-de gelinligiň işiginden ätledi. Ony gelnalyjydan düşürip, bir işige saldylar welin, içeri birwagtky işlän edarasydy. Işikde adamlar küşt depýärdiler.
Ogulnyýaz içeri sag aýagy bilen girdi. Ol öňki başlygyny gördi. Ol içinden: «Bu pahyr ölüpdir diýdiler welin, ýalan eken-ow» diýip oýlandy. Başlygy oňa öz ýerini görkezdi.
– Geçäý, ýokary!
Gyz ýokary geçmejek boldy.
– Geç, geç! Bu ýer indi seniň ýeriň. Men bärde däl, indi.
Ogulnyýaz bu adamyň ýüzüne garady. Onuň ýüzi nurlanypdy, käse ýaly gözlerinden mähir çogup durdy,
– Seni näme üçin şu ýere getirenlerini aýdaýynmy?
Ogulnyýaz baş atdy.
– Seniň arkaňda men bardyryn. Sen päkligiňi saklagyn. Öl welin, diňe päkligiňi saklagyn. Goý, saňa «gyrnak» diýibersinler. Sen päk bolsaň, olar seniň gyrnagyň bolar. Kimiň gyrnakdygyny, kimiň gyrnak däldigini diňe eýämiz kesgitlär...
Ol oturjak ýaly etdi-de, ýene-de daşarda gelniň tizräk çykaryna garaşyp, aýdym aýdyp, küşt depýän gelnalyja garady.
– Şu jaýa girip çykanlaryň arkasynda özüm duraryn. Sen näçe kynam bolsa, päk bolgun! Ynsap, ar-namysyň başy senden başlanýandyr. Senem ýan berseň, bu millete ar-namys garasyny gör me ýok...
Ogulnyýaz ýerinden turdy.
– Unutma, goragyň güýçlüdir, ýöne biz seniň yhlasyňdyrys. Ähli gaýrat saňa baglydyr. Sen hapalansaň, gutardygydyr, bu ymmata päklenme ýokdur...
– Gyr-na-ak – diýip, gelnalyjynyň içinden biri gygyrdy.
– Bar, indi gidiber. Ýöne, unutma!
Ogulnyýaz işige bakan ýönelenden oýandy.
– Bu düýşüm-ä – diýip, ol alasarmyk samrady...,
– Ýok, düýşüň däl, düýşüň d...
Ol bu sözi magat eşitdi.
– Haý bagty ýatan. Maslyk bol, maslyk bolup galan, haý, Gyrnak!..
Ol çalnyp turdy-da aşhana ýortup barşyna, sagada garady. Sagat sekiziň ýarydy.
– Daýz-a!
– Bel-la! Aýjan, maslyk bolduň-a, maslyk bolan.
Ogulnyýaz ýuwundy-da, orta saçak ýazdy. Daýzasynyň düşegini ýygnap, çäýnek-käseleri çaýkaşdyrdy.
– Näme iýersiňiz?
Daýzasy ýüzüni-gözüni turşutdy.
– Ýok et, şol haram süýtlaşyňy.
Gowurdak gyzdyraýaýynmy?
– Alber!
Ogulnyýaz gowurdak gyzdyrdy. Çörek, her dürlije konfet, kişmiş-kişde goýuşdyrdy. Çäýnek-käsäni gül ýalyja edip, çaý äberdi.
– Ýene ýok bolup gitmelimi?
Ogulnyýaz baş atdy.
– Irki işimden-ä dyndym. Ýene gitmeli.
Owarra boluber. Şu öýde durmasaň bor.
Ogulnyýaz daýzasynyň bu igençlerine indi öwrenişipdi. Gaýta, daýzasy «gyzym, oglum, oňarýaň, berýekella» diýäýse, oýnalýan ýaly görjekdi.
Ol öz düşeklerini galdyryşdyrdy. Soň daýzasynyň gözüne ilmejegräk ýeňli, ýanly köýnekleriniň birini geýdi. Saçyny darap, depesine bogdy-da, işe atynýan ýaglygyny başyna daňdy.
– Çüýşe ýokmuka? – diýip, ol daýzasyna eşitdirip sorady.
– Uly çüýşe bolsa düýnki nasy şoňa guýup, ýanyňda goýaýjakdym...
– Owarra bol! diýip, Pugta daýza deminiň ýetdiginden gygyryp, eliniň tersine daş işigi görkezdi. – Maňa jögüsireme. Entejik ölesim ýok. Seni guduratmazlyk üçinem on-on bäş ýyl ýaşaryn...
Ogulnyýaz ýene-de ýalbardy.
– Daý-za, kagyzda bolandan çüýşede bolany gowy dälmi? Çüýşä guýaýanyn...
Daýzasy ýene-de işigi görkezdi, ýöne zat diýmedi.
– Saçagy ýygnaýaýyn!
– Ýok, dökän-saçan et-de git. Seniň şol işiňde gujak gerip duranyň bardyr. Git, şol diýilýän künti heleýden köpräk sapak al-da gel.
Ogulnyýazyň boýny sallandy. Ol işe däl-de, ýaga depjek ýaly bolup öýden çykdy.

* * *

Bu gün Aýja, dogrudan hem ony gujak açyp garşydady,
– Geldiňmi?
Daşyndan Ogulnyýazyň haly harap görünýärdi,
– A gyz, näme, aş saýlap ýörmüň?
– Ýok.
– Aý, näbileýin, düýn bazara gitdiň welin, turşuja zatlary göwnüň küýsäýdimikä diýdim. Onsoň bir banka duzly hyýar alyp gaýtdym...
Ogulnyýaz gele-gelmäne, hasyr-husur düýnki işleriniň galanyny ýazyp başlady.
– Başlygymyz käýýär maňa!
– Näme üçin?
– Bir günde ýetişmedim-ä.
Aýja ony arkaýyn etdi.
Redaktor her aýda şeý diýen bolýar. Derrewem ýadyndan çykarýar. Taşla, ikimiz çaý içeli. Ýa men goýaýaýynmy, çaýy?..
Ogulnyýaz işini taşlap, çäýnegi, käseleri alyp kranyň başyna bardy. Ol häzir bir täsir duýgyny başdan geçirdi. Göwnüne bolmasa, düýn ertirki pursat dowam edip duran ýalydy. Şol jaý, şol iş, şol adamlar, şol kran, şol çäýnek-käseler, özem edil düýnkisi ýaly, käseleri çaýkap otyr. Emma eýýäm bir günüň ýok.
Ol bu ýagdaýy Aýja gürrüňem berjek boldy. Ýöne şol düýnki düýşüni gürrüň bereninden soň, gaýdyp oňa ýagdaýymy aýtmaýyn diýip pent edipdi.
– A gyz – diýip, Aýja düýnkije oturan ýerinde oturyşyna bitaýrak gözlerini güldirdi. – Ol meýit Taňry Berdiýew agşam öýümize geläýdi-dä. Ähli gürrüňem sen-le gyz. Ol hakyt aşyk bolupdyr. Öten agşam bagyň içinde sagat sekize çenli garaşypdyr. Gelmäniňden soň öz öýüne degip, soň bize geldi. Barsa-da gelin gyzy girelgede biri bilen gujaklaşyp duranmyş. Gyz-a ýokary, ol oglanam daşary gaçypmyşyn. Ýaman gahary gelipdir. Tas gyzyny uran ekeni.
– Saňa meniň abraýym mukaddes dälmi? – diýipdir. Sen şu öýüň abraýyny sakla. Öz abraýyňy sakla! – diýipdir. Gyzam utanyp otyrmyşyn..
– Soň menem börek bişirdim. A gyz iki bolsaň-a gowy-la. Öýde erkek adam bolsa gowy bolýar. Ony-muny äberýäň, çaý içýäň. Ýeke bolsaň işdäň hiç zat alanok.
Ol gepi Ogulnyýazyň üstünden getirdi.
– Sen nädip oňýaň, gyz, ýeke özüň?
– Daýzam bar!
Aýja gytak gözlerini ýaşardyp, hezil edip güldi.
– Waý, bu gyzy! Men nädip erkeksiz oňýan diýýän-le gyz?
Ogulnyýaz sesini çykarmady, hatyna güýmenen boldy. Gaýnap duran kitrini tokdan sogrup, çäýnekleri demledi.
– Barybir oňup bilmersiň. Biriniň girisine düşersiň...
Ogulnyýaz bu aýal bilen agzyny deňäsi gelmedi.
– Gelneje, men-ä şol gürrüňleri eşitmäge-de utanýan.
– Hawa-la gyz diýip, Aýja başga tarapdan öwsüp başlady. – Menem ilki öýe gelin bolup düşenimde şu gürrüňleri etmäge bir utanýadym, bir utanýadym...
Ogulnyýaz ahyr çydamady. Bu aýalyň indi özüni gününe goýmajagyny aňdy.
– Gelneje, sen Annasoltany tanaýaňmy? – diýdi.
Aýja gyýyk gözlerini süzdi.
– Haýsy gyz!
– Artist!
– Waý – diýip, ol ör-gökden geldi. – Waý, sen ony nireden tanaýaň?
Ogulnyýaz käselere çaý guýdy-da, ýene hatyna ýapyşyp oturşyna:
– Goňşym, ogluna seredýän...
– Waý, tutma adyny, ol gaty erbet, gaty hapa aýaldyr. Men ony gaty gowy tanaýan, «Möhri» magazininiň müdiriniň oýnaş-a ol...
Şol size salam aýtdy. Gaty gowy gelindir diýdi.
Aýja tolgundy.
– Sen aýtdyňmy? Ýa özi soradymy? – diýip, gowşaksy sorady.
– Men onuň ogluna seredýän. «Gelniň nirä işe girdi?» diýip, daýzamdan sorady. Menem «Sungat» žurnalyna diýdim welin, «Waý, Aýja-da bardyr, gowy bolaýypdyr. Men ony tanaýan-a, salam aýt» diýdi.
Aýja ynanjagynam, ynanmajagynam bilmedi. Çünki onuň bilýän Annasoltany bols-a salama derek belanyň sapyny ibermelidi...
– Şolam gyz, Taňry Berdiýewiç bilen aşyk-magşuk bold-a. Taňry Berdiýewiç öň teatr bölümindedi. Annasoltan barada baý ýazandyr-a. Ony gazete-de, jurnala-da, radio-da ýazdy. Beýik artist diýip adyny ile doldurdy. At aldam welin, bu adama it degdi. Bir zawmag adamy tapyp, şondan bir ogul dogurdy...
Ol Annasoltanyň öz üstüne gelip, redaksiýada «saçýoldy» oýnaşyp gidenini aýtmady. Aýtsa, Taňry Berdiýewiç bilen arasyndaky hyşy-wyşysynyň ýüpi çöşlenjekdi.
Aýja hakykatda Taňry Berdiýewiçi gowy görýärdi. Ony gabanýardy. Ogulnyýazyň ýanyndan galman oturmasam, bu adamyň bu ýaş gelne bolan ymsynmasydy. Ol Taňry Berdiýewiçiň durumsyzlygyny, aýal görse öýünden, ilinden geçýändigini gowy bilýärdi. Ol eýdip-beýdip bu ýaş gelniň göwnüni biljek bolýardy.
– A gyz, Taňry Berdiýewiçe bir ýapyşan aýal ömür sypyp bilenok-da. Ol ker doňuz başga bir ýaş gelin bilenem hyşy-wyşy edip ýör. O gelniň gaýynlaram ýanyňda, owadan adamsam bar. Şonda-da şu ker goýun diýip ölüp ýatyr-da...
Içeri saçlary egnine düşüp duran pyýada girdi.
– Aýja! – diýip, ol semizlikden ýaňa haşylap, ullakan ala gözlerini düýbüni gap-gara edip aýtdy. – Täze gelniňiz şumy?
– Hawa! – diýip, Aýja aty çykan ýaly boldy. Soň ony Ogulnyýaza tanyş etdi. – Bu Allakuly Anna. Hudožnik. Ýaşlar baýragynyň laureaty. Wysşiý jalaý. Baý!
Allakuly Anna ýüzüni dommardyp ep-esli durdy-da, özüne berlen kommentariýanyň käbir ýerlerine düzediş girizdi.
– Aý, indi jalaýlyk galmady. Ýok-la, baýlygam galmady...
Allakuly Anna Ogulnyýazy her tarapdan synlan boldy. Ol synlamasyny ýaşyrjagam bolanokdy.
– Gowy – diýip, ol özüçe gutarnykly netijä geldi. – Oglan-aryň diýeni dogry eken. Olar «Allakuly, sen gözläp ýördüň welin, redaksiýa bir gowy figura gelipdir. Senem bir görüp gaýt» diýdiler. Onsoň men düýn geldim, ýok, Bu gün bir baraýyn diýdim.
Ol käsä çaý guýdy-da:
– Sag boluň – diýip, ony göterdi, emma agzyna eltmedi.
Aýja, sen, mümkin bolsa, bir bäş minut çyksaň, düýnki gürrüňi ikiçäk etsek...
Aýja Ogulnyýazyň ýüzüne «men aýtmadymmy» diýen manyda ýyljyraklap seretdi-de, çykyp gitdi.
– Neme – diýip, Allakuly Anna elindäki käsäni pitikledi.
Bu ýerde gizlin syr ýok. Biz hudožnikler natura bilen işleýäris. Her kimde bäş-on naturşisa bolýar. Gyzlar, garrylar, çagalar. Maňa-da özüň ýaly naturşisa gerek. Pul bilen diýseňem, şaý bilen diýseňem, material bilen diýseňem, men taýýar, ýöne meniň diýenim bolmaly, ýalaňaçlap diýsem, ýalaňaçlanmaly, saçyňy...
Ogulnyýaz ýerinden turdy-da işigi çekdi. Emma işik açylmady. Onuň işigiň daşyndan:
– Täze gelnimiz swedaniýa geçýär. Bäri girmek bolanok! – diýip, çylkasyz gülýän sesini eşitdi. – Ýene kim duşuşjak bolsa nobata dursun. Pully...
Ogulnyýaz işigi urdy. Emma Aýja ony aşyndan berk ýapyp durdy.
– Açyň!
Allakuly Anna Ogulnyýaza göwnügalyjylyk bilen garady.
– Beýle biýedepligi men halaman – diýip, gözlerini petik bilen ýere aralygynda migirdetdi.
– Açyň!
Aýja açmadan geçen, gaýta jak-jaklap gülýärdi. Ol içerden şakyrdap duransoň, adamlar üşerilişip koridora çykyşyberse, işigi:
– A gyz, ýaman basym-la! – diýip açan boldy. – Näme, duşuşygyňyz bolmadymy? – diýip, Allakuly Annanyň ýüzüne ýalum-ýulum etdi.
– Men-ä düşünmedim – diýip, Allakuly Anna-da gözlerini elek-çelek etdi. – Beýle boljak bols-a men oňuşmaryn. Moskwad-a gelin däl, islendik gyz býlenem arkaýyn gürleşip bolýar. Biziňkiler ýaman yzagalak. Men hakňy berjek, hakyňy berensoň gutarýar-a, düşünmedim...
Aýja ony odukdyrdy.
– Düýn aýtdym-a. – Ol işige garady. – A gyz çuw-ýalaňaç bolmalymy? – diýip gülüp otyrd-a. Bu gün başga hili. Sen gününe goýma. Onuň göwni bar-da, utanan bolýar...
Allakuly Anna haýran galmakdan ýaňa egnini gysdy.
– Utanmasy näme? Men hakyny berjeg-ä.
Aýja işikde hiç kimiň ýokdugyny anyklandan soň has ynandyryjy deliline ýapyşdy. Ol pyşyrdap başlady.
– Pul diýip ölüp ýatyr. Äri – alkaş, türmede. Bir garry tireki gaýyny bar, maýyp. Özem, bilýäňmi, kim bilen jora, teatrdaky Annasoltan künti bilen...
Allakuly Anna ýüzüni kürşertdi.
– Baý-buw, ond-a razy bolmaly. Ýa az görýämi? Öz-ä gowja ekeni. Oňa-muňa-da ýarajak.
– Howwa-la – diýip, Aýja ony hasam odukdyrdy. «Erkek göremok» diýip otyr... Äri bilen düzüwli bolmandyram... – Ol ýene- de Allakuly Anna tarap süýşdi. – Sen işiň ahyrynda ugrat, ýolda-da aýt. Puluny köpräk aýt. Menem, häzir gelse yraryn...
– Bor! – diýip, Allakuly Anna ullakan kellesiniň eteklerinden seçelenip duran saçlaryny aýasy bilen darap goýberdi.
– Men garaşmandym. Hakyny tölejeg-ä.
Ol çykyp gidenden ep-esli wagt geçenden soň, Ogulnyýaz içeri girdi.
– A gyz, ýaňky yşarat nähili gyz? – diýip, Aýja öňürtiläp aýtdy. – Haram meýit, özüniňem iki sany ýetişip oturan gyzy bar. Barsyn, şolary naturşisa etsin, ýer çeken. Biriniň maşgalasyna her zat diýip dur...
Ogulnyýaz ýellenen gabaklaryny götermän:
– Hudaý bardyr! – diýip, pisse dodaklaryny çala çyzdy. – Abraý bersin...
– Hawa-la gyz – diýip, Aýja alyp göterdi. – Maňa-da bir ýalbarýar, «sen şony yr» diýip. Kän pul berjek diý diýýär. «Her hepde-de birki sapar ýalaňaçlanyp otursa bolýar» diýýär.
– Näme? – diýip, Ogulnyýaz aljyraňňy sorady.
Aýjanyň göhi gelýärdi.
– Naturşisa bolanda bir jaýa girip, erkek alamlaryň önünde ýalanaç oturmaly. Olaram senin suratyny çekýär.
Ogulnyýazyň ýüzi lap-lap gyzdy.
– Eý, allam, utançsyz! – Ol Aýjany iýerli göründi. – Jan gelneje, bes edäý. Sen şol şermende sözleriňi maňa aýtma. Men utanýan!
Ol ýene-de çykyp gitdi.
Aýja göwnühoşluk bilen ýerinden turdy-da, öz kabinetine sümüldi. Ogulnyýazy redaktor çagyrdy. Ol äýnegi bilen ýüzüni gizläp, ýere garady.
– Neme, ak gelin. Ýaman hyrydaryň köpmi? Beýtme, beýtme, men seniň daýyňy sylap işe aldym. Naturşisa bolmagyňa-da garşy däl, söýgiňe-de, öz ynsabyň göterse, pajalysta, ýöne bu ýeri edara. O zatlaň gürrüňini başga ýerde ediň. Iş soraryn. Nätdiň? Hatlary iberdiňmi?
Ogulnyýaz lap-lap edip ýanýan ýüzüni ýere salaýjak boldy.
– Ýüz ýigrimisini iberdim. Ýene ýüz sanysy taýýar?
– A beýlekiler?
– Olaram bolar...
Redaktor ýüzüni närazylyk bilen galdyrdy.
– Wot, wot! Men bölümleriň telpegini ters geýdirýän. O görgüliler näçe azap edip, jogap berýärler. Onam sen saklaýaň. Bu nähili bolýar? Söýgi gürrüňini az et. Ýanyňa adamlary azrak ýygna... Bar, tamam...
Ogulnyýaz sesini çykarmasa-da utanjy-haýasy kekirdegini kesere getirdi. Ol tä agşama çenli ýerinden galman işledi.
– Gyzym, ýekeje özüň işläp otyrmyň – diýip, Bike daýza öz gyzynyň ýanyna gelen ýaly begenip kabinete girdi. Ol gazete dolangyja zady Ogulnyýazyň ýanynda goýdy. – Me balam, ýaňy gelinler çörek ýapdylar. Saňa-da ýartyja çörek iberdiler...
Ogulnyýaz ýerinden turdy-da, edil enesini edişi ýaly, Bike daýzany gujaklap, silkinip-silkinip aglady. Bike daýza birhili boldy.
– Waý, çagamy, hany, goý-hany. Aýyp bolar...
Ogulnyýaz ýerine geçip, kemiş-kemiş edip aglady.
– Näme bolýar?
Ogulnyýaz «hiç zat bolanok» diýen manyda, ýaşynyp gözüniň ýaşyny süpürdi.
– Wah, çagam. Gyzlaryň birini alyp gaýdybermedim-dä. – Ol koridora garady. – Geldi jan, köşegim, garaňky düşmänkä gelnejeňi ugrat!
Ogulnyýaz zatlaryny ýygnady. Iki ýüze golaý taýýar bukjany eline aldy.
– Ene – diýip, Geldijik gözlerini mölerdip geldi. – Işikde öküz ýaly daýaw, saçy heleýiňki ýaly adam dur-laý. Men-ä daşary gitmäge gorkýan.
Bike eje kabinetleri sübseläp ýörşüne arkaýyn gepledi.
– Aý, tenteg-ä, näme gorkup, olam özüň ýaly adamdyr-da – diýdi. Geldijik şondan son ekezlenen ýaly boldy.
– Getir gelneje, sumkaňy men göterişerin – diýip, Ogulnyýazyň goşuna ýapyşdy. – Çöregiňi galdyraňok gerek...
Ogulnyýaz jomp-jomp edip, öňüne düşüpjik barýan oglanjygy gowy gördi. Öz jigileri ýadyna düşdi. «Aşyr jan, Begli jan nädýärkäler?» diýip, öýlerine bakan göwün ýüwürtdi. Naýynsap, Ogulla jigimi alyp geläýmel-ä. Wah, şu wagt ganatym bolsady, gaýyp-gaýyp barypjyk, didarlaryny görüp gaýdardym.
– Gelneje! – diýip, Geldijik ýylgyrypjyk yzyna gaňryldy. – Enem seni öýe çagyrjak diýýä. – Tanamok welin, ýöne meniň çakym çak bolsa, döwletli öýden çykypdyr, gözünde näçe gussa bolsa bolubersin, barybir aňyrsy dok» diýýär, şol şeýlem-äý?
Ogulnyýaz oňa jogap bermäge ýetişmedi. Olaryň öňüni äpet döw ýaly gara bela kesdi.
– Sluşaý! – diýip, ol adam Ogulnyýaza elini uzadarly göründi. – Men seni ugratmaly. Iş bar...
Geldijik Ogulnyýazyň, Ogulnyýaz Geldijigiň ýüzüne garady.
– Gelneje, men enemiň ýanynda galybereýinmi? – diýip, Geldijik özüne enesi tarapdan buýrulan ýumşuň ýarynam bitirmäni üçin sorady.
– Bar, gaýdyber! – diýip, gara pyýada ynamly aýtdy. Geldijik ýene-de Ogulnyýazyň ýüzüne äňetdi. Ogulnyýaz soky daşy ýaly bolup durdy.
– Beýtmäň dogan. Il näme diýer. Men ýaňy öýe düşen gelin. Gaýrat ediň, meni masgara etmäň, gidiň...
Allakuly Anna geň galyp. oňa garady.
– Bu nähili bolýar? Özüň ugradaýsyn diýipsiň-ä, joraňa...
– Ýok, hudaý saklasyn. Men näme üçin aýdaýyn. Gidiň, gidiň... Gara pyýada giderli däldi.
– Ol siziň uýaňyz ýal-a. Näme üçin oňa azar berýäň? – diýip, Geldijik hakyky hossarlygyny etdi.
– Bar-aýt, güm bol!
Geldijik onuň zarplamasyndan gorkup durmady.
– Kakam naçalnik milisedir. Gelnejeme azar berýär diýip, häzir tilpun uraryn.
Allakuly Annanyň azaryna-da däldi. Ol gaty arkaýyndy.
– Bolýa, ugratmaýyn, ýöne meniň naturşisam bolmaga razylyk ber.
Ogulnyýaz bu adamyň sözüni diňläp durmakdan ejap etdi-de, redaksiýa girip gitdi. Geldijik ondanam öňe düşdi.
– Ene, şol pyýada adam bizi geçirenok...
Bike eje bu gelniň yzyna gaçyp gelmesine geň galyp, daş işige çykdy.
– Kim ol?
Geldijik redaksiýanyň öňündäki uly tuduň kölegesini görkezdi.
– Kakama tilpun etsen-e, gelip, elini towlap alyp gitsin-le. Bike eje işini goýdy.
– Ýöri, gyzym! – Olar iki bolup Otulnyýazy duralga getirip, awtobus gelýänçä garaşdylar. Diňe gelin awtobusa müneňden soň, olar yzlaryna gitdiler.
Ogulnyýazyň öýleriniň öňündäki duralgada düşüp, ýönelenem şoldy, ol gara bela onuň öňüni ýeke kesdi.
– Size näme gerek?
– Siziň razylygyňyz.
Ogulnyýazyň içi ýandy.
– Dogan, utanyň, eýmeniň.
Siz özümize gerek däl, sungat üçin gerek. Sungata päk, asyl zatlar gerek. Şonuň üçin razy bolarsyňyz. Bolmasa-da men sizi masgara ederin. – Ol gap gara güýçli eli bilen gelniň heniz öz nikaly adamsam tutmadyk eline ýapyşdy.
– Ýok bol.
– Bolman!
Ogulnyýaz işiň işden ötüp barýandygyny duýdy-da, eglip aýagyndaky köwşüni aldy-da, onuň ökje tarapy bilen bu äpet «Döwüň» ýüzüne keserdip urdy. «Döw» «a-a, a-a» diýdi-de, eýmenç arlap iki eli bilen gözüni tutdy, soň bir elini ýyldyrym çaltlygynda töweregine aýlady. Oňa çenli Ogulnyýaz girelgä siňdi.

* * *

Öýde Çommak aga bilen gara ýerbiti ýaly keltejik aýal otyrdy.
Ýaşuly:
– Yzdyrasty – diýip ol gelne garady. – Men-ä çorbaňyz bişen bolsa, gitdim. Özüňiz çöregiňizem dograň, iýiňem – diýip, turmak bilen boldy. Gidip barýarka-da:
– Nasy haýsy babaýdan alan bolsaň, indi sypdyrma. Nas dagy däl eken – diýdi.
Ogulnyýaz ýaşulynyň sözüne ünsem bermedi-de, soň eşiklerini çalşyryp myhmanyň ýanynda dyz epdi.
– Wa-aý-iý, şujagazmy, gowja zat ekeniý! – diýip, garsak gelin Ogulnyýazyň içine-daşyna giräýjek boldy. Ogulnyýaz onuň ýokarky dodagynyň irigini görüp galdy. Daýzasy hem birneme açylyşana meňzeýärdi.
– Towşan ýegen, gury gitmesin, bir zatjyk atar.
– Waý-iý, Pugta daýza, azara galma...
– Azary bolmaz oň. Özüne-de aýt-da ýaňky kepiňi.
Towşan agzynyň iriginiň bitişen ýerine barmagyny degirdi.
– Häzir aýdaýaýyn...
Pugta daýza oňa «hawa» diýip gazaply ümledi.
– Neme, gelin, hany, gelsen-e, otursan-a. Ol gelin gapdalyna geçip oturansoň, hälki özüne öwredilenleri gylyny gymyldatman sarnap berdi.
Saragtda Ata kakamyň çykany bar. Şolar Ata kakamyň ýekeje oglunyň öýlenendigini indi eşidipdirler. Gaty begenipdirler. «Gelnimizi geljek şenbede çörege çagyrýas...» diýip, tilpun urup goýanoklar...
Ogulnyýaz özüne beýle «gadyr goýuljagyny» oýuna-da getirenokdy. Ol içinden özüniňem gelinsirediljegine begendi.
– Daýzam näme diýse – diýdi.
Towşan ýegeniň towşan dodagy gulaklarynyň deňine çenli ýirildi-de, gelşiksiz büzüldi.
– A gyz, gowy edip gideli. Ata kakamyň garyndaşlary türkmençiligi ýaman berk saklaýandyrlar. Kürte-de atynmaly bolarsyň.
Ogulnyýaz boýnusynyjylyk bilen ýüzüni aşak sallady.
– Naharyň nätdi?
Çaý-nahar gelensoňam gürrüň «gitmek» barada boldy.
– Şenbe güni irden ak maşynly gidersiňiz, ýekşenbede-de gelersiňiz...
Towşan gelin razy boldy. Bu gije nämüçindir daýzasy igesini sürtmedi.
...Ogulnyýaz çörege çagyrylmagyna, garyndaşlaryna äkidilmegine içinden begenýärdi. Il ýaly, ony gelin bolup çörege çagyranam bolmandy. Dogry, öz obalarynda goňşulary gadyrlap bilipdiler. Emma bu ýerde ol bir iterinji gyrnaga dönüpdi. Gadyram, hormatam ýokdy.
– Gadyr, hormaty görmäge janyň sag bolsun! – diýip, enesi aýdanyny tutup otyrdy.
«Daýzamyň ýüregine sahawat guý, Alla jan» diýip, ol her ädiminde hudaýa ýalbarýardy. Daýzasy sahawatly bolsa, onuň ýüregine rehim inse, ýaş gelniň arkasyna şemal çalana dönjekdi. Ähli işlerinden dynyp, awtobuslyja gidip, hiç bolmanda aýda bir gezek enesini, jigilerini görüp biljekdi. Ýazow daýysy bilen Merdanyň ýanyna baryp-gelip biljekdi. Emma daýzasynyň doňy çözülenokdy...
...Bu günem ol içini hümledip otyr, Çommak aga geldi.
– Näme how, Pugta gelin, ýaman arkaýyn-la sen, ne dileg salýaň, ne habar alýaň. Sesiň çykanok. Ýa bu zatlary taşlap, totam heleý bolup ötägitdiňmi?
Pugta daýza gözüni-gaşyny dokmädelik bilen gerdi.
– Çommak, näme, öň Pugta dileg salyp, bosagaňa ýaplanyp ýatanmydy? Hudaýa müň şükür, günüm özümden geçýä...
Çommak aga nasa daglanan gemrik dişlerini görkezip güldi.
– Bolubilýä. Günüň özüňden geçse, araky amanatyňy gaýtar... Pugta daýza ol oturyp-oturmanka:
– Bar, sen häli çaý goý – diýip, goja ýumuş buýurdy. – Ajyja çaý demle, geregiň nas bilen çilim bolsun!
Gojanyň aýagy ýeňledi.
– Ana, ana, sen bir hazynanyň üstünden barypsyň, Pugta.
Ol çaý demläp, Pugta daýzanyň eliniň ýetäýjek ýerine çökdi.
Pugta daýza onuň öňüne bir ölçeg nasy goýdy.
– Ana, iki atym nasyňa minnet edip aldyň. Razy bol.
– Hemmesinimi ýa birki atymlykmy?
– Hemmesini.
– Ana, ana, berekella...
Pugta daýza nasyň gapdalynda iki gap çilimem goýdy.
– Olam dursun.
– Ana, ana!
Ýaşuly hödüre mähetdel, sellofan haltajygy açdy-da, diliniň aşagynda ep-eslijäni gizledi.
– Peý, peý. Byl-ýa tüh naş-şan eken diýdi.
Pugta daýza gözlerini gerdi.
– Näme, Pugta özüň ýaly, gök gumy ýuwdar oturar diýdiňmi? Ýaşuly nasyň humaryna gözüni ýumup, başyny ýaýkady.
– Şende oýun köp bolmaly, Buhta!
Olar çaý gelenlerinde Çommak aganyň gözlerini gaýnadyp Pugta daýza dyzynyň astyndan çykaran düwünçegini aldy.
– Puht-a! – diýip, ýaşuly göwnüýetijilik bileň mys-mys edip güldi. – Nädiberdiň-haw.
Pugta daýzanyň ýüzem üýtgänokdy. Ol ilki Çommak aganyň öňüne iki sanjak «garaja «mäş» dänesini, öz öňüne-de şoňçaragyny goýdy. Soň ony käsesine guýan birki owurt çaýyna ýuwdy-da, owurtlap goýberdi. Ýaşuly hem şeýtdi. Ondan soň ikisi-de çaýa ýapyşdy.
– Hany, sen Tagtabazarly gürrüňi nätdiň? – diýip, Pugta daýza ýaşulyny girisine çekip başlady. Çommak aga başga perdeden gopdy.
– Haý, diýseňem-ä, Pugta ojagaş gelniňi eldeki edipsiň-ow.
– Ýok-la – diýip, Pugta daýza açylyp aýtdy. – Elberer ýaly däl. – Ol hälki gürrüňi çynyrgatdy. – Nätdiň, gitmäni?..
– Aý, ýok bolanok. Gaty berk diýýä... Giden büdräp gaýdýa. Gowusy gitmäniň. Basym Saragta gidäýmesem. Şol amatly boljak maňa. Et kombinatyna bardym, mal sürüp gelmeli bolsa, kömek berip biljek diýip. Olaram «bu wagt mal hor» diýdiler. Mal sürseň, amatly bolýar. Birküç sany goýnuň garnyna daňsaň, azary-bizary ýok. It salsalaram, ysgap tapjak gümany bolmaz. Bolmasa, ine bir görgüçilikd-ä. Saklaw diýdi, barlaw diýdi, propuska diýdi, gözüňi-başyňy aýlarlar. «Maljagazyňy» eliňden alsalar, şol kyn. Tutsalar owarram-la welin, eliň bar kirini ýuwup goýberseler, şol kyn.
– Onda, indi biz nätumyt bolaýmalymy?
– Bilmedim-dä. Ýene bir ýol-a bar. Sen ony etjekmi, sen bolýa diýseň, gelniň etjekmi, etmejekmi?
Pugta daýza üçin iň esasysy «dermandy». Ol galan ýagdaýlarda müşgillik görenokdy. Şol sebäplem gaty arkaýyn.
– Meň bilenem, gyrnak bilenem işiň bolmasyn, işiň biterine gara diýip aýtdy.
– B-ää! – Çommak aga hem haýran galmakdan, hem bu tüssä bogulyp oturan aýala göwni ýetmekden galkyjaklady. – Sende oýun kän-ow, Pugta gelin...
Ýaşuly içini orta dökdi.
– Gelniňi şol ýere «çörege» äkideýin diýip duran tanyş bar. Kürteli, ýaňy öýe düşüp ýören gelni barlanoklar, olar. Galanyny ilik-düwme..
Pugta daýza çilimine zor berdi.
– Hany, äkidensoň, biriniň maşgalasyny elden-ede geçirip, daşary taşlaýmasynlar. Bu haýranam tanapyna towsup ýören-ä, tüýs esräp...
Çommak aga güldi.
– Ýa-aýt, Pugta gelin, senem alýaň-aýt. Kolhoza baryp, kimiň öýüne düşeniňde bir çaýnak çaý berenoklar. Agşam işiňi bitir, ertirem gaýt.
Pugta ýüzüni kürşertdi.
– Bu gyrnaga kimler çagyrdy diýmeli?
Ýaşuly elini silkdi.
– Sen ony alada etme. Men Towşan şip-şipini adyp geleýin. Onuň özi tapar o kepleri.
Çommak aga Towşany agşam aralar alyp gelipdi. Olar bir çukura tüýküren çagam Ogulnyýaz işikden girdi.

9.

Ogulnyýaz işe irräk, özem pyýadalap ugrady. «Näme üçin öňki başlygym beýle görgä galýarka. Öňki agşam düýşüme girdi, bu gije ýene-de düýşümden çykmady. «Men senden gaty gorkýan, ägä bol!» diýip...
Daňdanky hem-de düýn agşamara bolan ýagdaýlar birden onuň ýadyna kürsäp girdi-de süňňüni titretdi. «Ol ýer çeken beýle diýseň, brigadire näme gerek? Hakyt, utanman, şol-a gyzy-gelni ýaly biçärä elinem uzadyberjek. Utançsyz...».
Abdy bu gün hasam ir gelipdi. Ol ýaş gelniň elinden bedresini alyp, ýene-de elinden tutupdy. Ogulnyýaz bu bir tötänlikde bolan zatdyr öýdýärdi. Abdynyň «şäher möjegi» diýen sözünden soň ol ýeke çykmaga çekinmänem duranokdy. Onsoňam daň bilen işe çykyp, işleýänlere gözegçilik etmek brigadiriň öz işidir öýdýärdi.
Onuň ýüreginde başga zat ýokdam, bolubam biljek, däldi.
Abdy köçe süpürip ýörkä zeýrenip başlady.
– Seniň ýaly gelnim bar, dulda oturan uly gyzym bar. Bir näkes goňşym bar, şol bu ikisine habar gatypdyr. Aý, ýaman gaharym geldi. Baryp, kerçäp gaýdyberesim gelýär, haram bozgaklar. Olarmy, türkmeniň aryny-namysyny ýere çalan näkesler. Ýaňy öýe düşen gelin dagy bir perişde ýal-a. Onuň ýüzüne gaňyrlyp bakmagam gün-ä...
Işden çalt dynyldy. Abdy ýene-de öňküsi ýaly, bedreleri tigriniň şahyna ildirip, sübseleri goltugyna gysyp, ýoldan geçdi: «Häzir bedreleri alanda ogşaryn. Bir ogşanymsoň, özümkidir. Ertir özi ogşadasy geler durar...».
Ogulnyýazyň bu adama minnetdarlygynyň çägi ýokdy. «Dünýäde gowy adamlaram bar eken, hudaýa şükür, ylaýym, ömri uzak bolsun-da» diýip gelýärdi. Onuň ähli pikiri öýe düşen gelin bilen ulugyza habar gatyp bilen näkes baradady. «Eý, allam» diýip, ol şol arada düýnki gara belany ýatlady.
– Her hili azgyn bardyr. Hudaýym, özüň saklaweri, özüň gora, jan allam...
Abdy bu gelniň aýyň parasy ýaly naşyja didaryny nädip gujaklasa gowy boljakdygy barada oýlandy. Oňa çenli gelnem gelip ýetdi.
– Bedreleri goýaýyň, sag boluň, taňry ýalkasyn...
Abdynyň gelniň özi bedreleri alar, iki eli zatly bolar diýeni bolmady. Özem Ogulnyýaz hol beýlede durdy. Şonuň üçin Abdy titreýän elleri bilen, saklap duran şahyny oňa tarap burdy.
– Men-ä onda, gitdim.
– Sag boluň, ömrüňiz uzak bolsun...
Ogulnyýaz bedrelerini, sübsesini eline aldy-da, girelgä bakan ugrady.
– Dur – diýip, Abdy ony saklady. – Biri bar ýaly, men ilki göreýin...
Ogulnyýaz gorkup girelgä barybilmedi. Abdy bolsa öňe ylgady-da, girelgä ýetmän Ogulnyýaza:
– Gyrnak jan – diýip, sandyraklap topuldy. Birdenem, «Waý» diýip aşak oturdy.
Ol gelne garşy topulanda, Ogulnyýaz gorkusyna bedräni ýüzüne tutdy. Abdynyň gözem şoňa jalkyldap degdi. Ýöne gelin bu adamyň çarşagyň tyglary ýaly sowukdan berk barmaklarynyň hem özüne ýetip gelýänini aňdy.
– Toba, utançsyz – diýip, oturan adamyň depesinden bedresini geýdirdi... – Eý, hudaý, hydyr diýeniň hyrs çykjak ekeni – diýip, ol gorky bilen ýatlady. – Men ony öz agam saýsam, onuň matlaby gara eken. Ýüzügara. Öz-ä «gelnime, gyzyma habar gatypdyr, men şony öldürjek» diýýär. Özem öz çagasy ýaly bendä hapa elini çaljak. Toba, bu adamlar nähili? Bularyň ýüreginde bir zat, dilinde bir zat-la, eziz allam...
– Utançsyz, daýyma aýdyp, läşiňi serdirerin...
Ol şu sözi aýdanyna begendi. Öten agşam Geldijigiň: «Kakam naçalnik milisiýadyr. Tilpun ederin, geler...» diýşi ýadyna düşdi.
– Dogrudanam, kakaň naçalnik milisiýamy? – diýip, ol Geldijikden sorady.
– Ýok, enem öwretdi. Doganlam bilen gidenimde samsyk oglanlar azar berjek bolsa, ýanyna baryp, şeý diýýän welin, birem golaýymyza gelip bilenok – diýdi. Ýöne şu ýagdaýy Ýazow daýysyna aýdaýsa, olaryň başyna milisiýanyň tapmajak «oýunlaryny» saljagyny bilýärdi. Emma ol ony edip biljek däldi.
Redaksiýanyň işiginde ony Taňry Berdiýewiç garşy aldy.
– Oňarypsyň – diýip, ol gelniň salamyna derek uly joşgun bilen aýtdy. – Keselhana äkidipdirler. Bir gözi çykara gelipdir.
Ogulnyýaz süňňüni saklap bilmän, öz kabinetine girdi. Nämüçindir Aýja görnenokdy. Ol bolan bolsa, ähli informasiýa bilen ýüzugruna tanyş ederdi. Taňry Berdiýewiçiň bir özi ýaş gelnin ýanyny alyp durmaga çekinýäne meňzeýärdi. Ogulnyýaz onuň ýüzüne seretmese-de, bu adamyň sesi sandyrap çykýardy.
– Gyrnak, näme – diýip, ol stola garşy golaýrak süýşdi-de, ýuwaşjadan gepläp başlady. – Men seni ýaman gowy görýän. Ony dilimde düşündiribem biljek däl. – Ol titräp duran eli bilen jübilerini sermedi. Ahyry eline ilen eplem-eplem haty geline uzatdy. – Şunda ýazdym, alyň, okaň, jogabyny hat bilen beräý...
Ogulnyýaz hata elini uzatmady.
– Haýa ediň, daýy. Men sizin, öz uýaňyz-a. Alladan gorkuň...
Taňry Berdiýewiç bir eli bilen hatyny tutup durşuna, ikinji eli bilen gulagyndaky apparaty peşeläp ugrady.
– Ä, näm diýdin,. Haýaljakdanmy? Hä, düşdüm, haýaljakdan, häzir däl. – Ol it ýylgyryşyny etdi. – Meniň gara çynym. Özümem gaty güýçlüdirin. Ýaman hezil bolar. Düşuşsak, bilersin....
Ogulňyýaz kemsinmekden, bu horluklardan ýaňa başy aýlanyp özüni lampa kürsä goýberdi. Häzir onuň işem, öýem taşlap, awtobusa münüp, öýlerine gaýdyberesi geldi. Şu geçen aýda onuň gören gününi enesine gürrüň beresi, hudaýyň önünde onuň näme ýazygynyň baryny enesinden sorap, ýany, ýanjap yzalasy geldi. Ýöne bu «zyndanlardan» ol nädip çyksyn... Ol öýde, işinde şeýle bir çoçgara baglanypdy. Ony dine ölüm halas edip biljek ýalydy.
«Eý, allam, ýaş başyma bu agyr keşgi, bu agyr zulumy meniň, başyma näme üçin saldyň?..».
Ony redaktor çagyrdy. Onuň ýanynda Aýja otyrdy.
– Ýeri gerçek gelin – diýip, redaktor äýnegini galkan edinip hem dabaraly, hem igençli aýtdy. – Işler neneň?
Ogulnyýaz egnindäki çargadynyň seçegini barmagyna çolady.
– Hatlary, jogaplary iberdim, düýn...
Redaktor Aýjanyň ýüzüne garady.
– Hat hiç, bu gün iberilmese, ertir iberiler. Ýöne, bi, her hili gürrüň bar-a...
Ogulnyýaz barmagyny saklady. Başyny azajyk galdyrdy.
– Bilmedim.
Redaktor işige tarap göz aýlady-da, äýnegini Aýjanyň ýüzüne çenäp saklady.
– Allakuly Anna bilen näme waka boldy?
Ogulnyýaz sesini çykarmady.
– Hany, aýdyň?
Aýja durup bilmedi.
– Öten agşam sagat on birlerde maňa jaň etdi. «Ol gelin meniň gözümi çykardy» diýip. Häzir keselhanada, ýaňy operasiýadan çykardylar, halym harap – diýip.
Redaktor gap-gara, galyň dodaklaryny çöwürdi.
– Operasiýadan çyksa, nädip jan, edýä?
Aýja aljyrady.
– Neme, gözüniň perdesini ýyrtypdyr. Onam tikipdirler. Özi gaty agyr däl, ýöne gözi apasny diýipdirler. Onsoň, menem irden turdum-da, holodilnigi açdym. Kän zadam ýok eken. Birküç sany eýran almasyny, limon, mandarin dolap, irden göz keselleri keselhanasyna bardym. Gözi daňylgy ýatyr.
– Beýle goýjak däl – diýýär. Suda bererin diýýär.
Redaktortyň ýüzi ak tam boldy.
– Za şto? Näme üçin?
Aýjanyň ýüzi açyldy.
– Ol bar-a, Gyrnak bilen gepleşipdir-hä, işden soň duşuşmany. Olam muny ugradypdyr-hä. Onsoň bu gelnem onuň, şertine razy bolupmy, bolmanmy, öz-ä düşnüksiz. Ýöne ol aýdýa: «Hakyny az görüp birden sen ýok, men ýok, ýüzüme-gözüme ýapyşyp irim-jirim etdi-de, garanka siňdi – diýýär...
Redaktor bu gürrüňe ynanjagynam, ynanmajagynam bilmedi. Ýüzüni sallap, ýer ýaly bolup oturan ýaş gelne bolsa kän batyrnyp bilmedi.
– Şol çynmy?
Ogulnyýaz sesini çykarmady. Ol doňup galdy.
– Heý beýle-de bir zat bolarmy? Atly hudožnik, nähili abraýy bar. Bütin daşary ýurt tanaýar. Oňa naturşisa gyt däl...
Aýja-da kem galmady.
– Olam şeý diýýär. «Ýöne özi bilen gepleşemsoň, «bolýa» diýen soň ýanyna bardym» diýýär.
– Sen indi näme diýýäň? – diýip, redaktor ahyr nokady goýmakçy boldy.
Ogulnyýaz sesini çykarmady. Emma Aýja gepi ondan alyp gaçdy.
– «Bagyşla» diýmeli. Ol işi beýle goýmaz.
Redaktor ýerinden turdy.
– Aýja, sen bu gelni alyp keselhana marş. Izwineniýe soraň. Eger naturşisa bolsa, meniň garşylygym ýok... Baryň, eglenmäň...
Aýja plaşyny geýip, sumkasyny alyp, Ogulnyýazyň ýanyna geldi.
– Ýöri!
Ogulnyýazyň gany depesine urdy, Ol maşinka güýmenen boldy.
– Sen dogan, meniň bilen işiň bolmasyn. Öz günämi özüm bilmesem, alla bilip durandyr. Maňa degmäň...
Aýja ýumruk ýalyjak bolup oturan bu gelne haýran galyp seretdi.
– Sen indi gitmejek bolýaňmy?
– Men näme üçin gideýin!
Aýja işige bakan ýöneldi.
– Onda, gidenok diýip, men-ä redaktora aýtjak.
Ogulnyýaz sesini çykarmady. Ýöne Aýjanyň redaktoryň ýanyna baryp:
– Ojagaş gyrnak ýaman boýny ýogynja. Redaktoryň özi gidibersin diýýä – diýeninem, redaktoryň:
– Gitmese işden gümüni çekerin. Maňa onuň ýaly gepli-gürrüňli adam gerek däl diýeninem eşitdi. Emma ýerinden butnaman günorta çenli oturdy. Günorta boluberende Taňry Berdiýewiç ýene-de geldi.
– Ýa hatam gerek dälmi, ä?! – diýip, ol has eýemsiräp aýtdy. – Aýja aýtdy. – Özümem erbet göremok – diýeniňi. – Ol ýene-de gulagyndaky apparatyny elledi. – Bir zat edeli, meniň inimiň öýi bar, boş. Onuň özi. Moskwada, aspiranturada. Aýaly bilen gyzam obada, şoňa gidäýeli. Oturarys, derdinişeris, ä...
Ol Ogulnyýazyň sesini çykarmaýanyndan meçewlenip, ony indi özüniňki hasap edip, has eýemsiredi.
– Men onda irräk gideýin. Taýýarlyk göreýin. Soň, sagat ýediniň ýarynda duralgada garaşaryn. Taksi tutup gidibereris. Bormy?! Ýöne Aýja bilmesin, bormy, ä...
Ogulnyýaz sesini çykarmasa bolmajagyna düşündi.
– Daýy – diýdi. – Gulagyňyzy bäri tutuň – diýdi.
Taňry Berdiýewiç şadyýan görnüşde oňa bakan pyrlandy.
– Ow-wa?
Ogulnyýaz gaharly gürledi.
– Azara galmaň.
– Ýoo-ok, azary bolmaz. Hezil edersiň...
Ogulnyýaz oňa ýene-de gygyrdy.
– Meniň bilen işiňiz bolmasyn. Eger ýene azar berseňiz, menden gaty görmäň...
Taňry Berdiýewiç geň galdy.
– Ýa şeýlemi? – diýdi.
Ogulnyýazyň hudaý diýen ýeri bar eken. Şol wagt içeri Geldijik bilen görmegeý ulugyz girdi.
– Enem iberdi-läý – diýip, Geldijik ekabyrsyrady. – Sülgüne bar görüp gaýt, hemem ýyljak çörek elt diýdi-läý...
Ogulnyýaz özi bilen deň-duş gyzyň gelenine begendi. Kalbynyň hasraty didelerine siňip dursa-da, ýylgyran boldy.
– Bike eje gurgunmy? – diýdi.
Sülgünem aýyň bölegi ýaly bolup, ýylgyrypjyk otyrdy.
– Enem, agşam sag-aman bardymyka? – diýip, alada edip otyr. Ahyry bizi iberdi.
Sülgün Ogulňyýazyň derdini duýmasa-da, onuň durmuşynyň juda çökderdigini aňdy.
– Agşam bize oturmaga gidäýeli? – Sülgüniň bu teklibi onuň gulagyna ýaksa-da, ol:
– Ýo-ok – diýip, bada-bat boýun gaçyrdy. – Sypyndygym öýe barmaly. Ýarawsyz gaýnenem bar. Aç-suwsuz ýatandyr, işige garap.
Sülgün turmak bilen boldy. Ogulnyýaz Geldijigiň başyny sypady.
– Jigim, bu günem meni ugradarmyň? – diýdi.
Geldijik göwnühoşluk bilen:
– Dagy näme! – diýdi.

* * *

Ogulnyýaz özüni ölümiň öýünde zordan öýe atdy. Ol juda ýadawdy. Taňry Berdiýewiç diýen adamyň juda bihaýa adamdygyna şu agşam ol has gowy göz ýetirdi. Ol adam öýlänem üç-dört gezek gelipdi, Ol ýuwaşlyk bilen samsyk-samsyk zatlary şo-ol samrap otyrdyю Aýja bolsa redaktoryň ýanyna gaýta-gaýta baryp:
– O gyzyň işlänok. Ähli erkegi daşyna üýşürip otyr – diýip şip-şip edip durdy. Onsoň redaktoryň özem onuň ýanyna birki gaýta girdi. Her sapar girende-de onuň gözi Taňry Berdiýewiçe düşýärdiю
– Näm-ow! – diýip, ol ahyry Taňry Berdiýewiçe igendi. – Seniň kabinetiň, işiň ýokmy?
Taňry Berdiýewiç bihaýalyk etdi.
– Içim gysýar, azajyk oturaýsan-aý – diýip, haýyş etdiю Äý, öwrenişýänçä, gümür-ýamyr edip otyrys...
Redaktor Ogulnyýaza gözüni alartdy.
– Keselhana gitdiňmi?
Ogulnyýaz başyny ýaýkady.
– Näme üçin?
– Keselhanada işim ýok...
Redaktor aýagy bilen poly depdi.
– Sen, gyz, maňa etjegiňi edip ýaşynanyň, çolananyň derkar däl. Sen gaty gowy bol. Seniň köpbilmişsiräp, saman astyndan goýberen suwlaryndan bizar boldum. Senden başga işim gyt däl meniň...
Ogulnyýaz näme diýsin. Sesini çykarmady. Redaktor Taňry Berdiýewiçe tutundy.
– Gördüň dälmi? Aýt, diý, bu gulagyndan girip, o gulagyndan çykýar...
Ogulnyýaz parahat geplemäge çalyşdy.
– Daýy, meniň günäm ýok. Siz bigünä halyma igenýäňiz. Iş buýurdyňyz, etdim. Ýene iş beriň. Men, men...
Redaktoryň äýnegi silkindi.
– Men ýalançy, ä, men samsyk, ä, men hiç zat bilemok, ä! – Ol barmagyny çommaltdy. – Gözüňi jüýjertme, sen ýalyjaklary okadaryn men...
Ol hüňürdäp, gahar bilen çykyp gitdi.
– Aý, ol däl-ä – diýip, Taňry Berdiýewiç Ogulnyýazy köşeşdirermen boldy. – Oňa bar, ugra, diýäýerler.
Ogulnyýaz halys çydap bilmedi.
– Daýy, çykaýyň, baryň ýeriňize, redaktor gaty käýedi.
Taňry Berdiýewiç gulaklaryna ynanmady-da apparatyny barlady. Soňam:
– Ä-ä, neme, düşündim? – diýdi. – Ol ýene-de ters aýlandy.
– «Bolmaz» diýseňizläň...
Ogulnyýaz ýüzüni agraslandyrdy. Emma jogap bermedi... «Bu adamlaryň biri-birinden doýgundygyny. Dogan-dogan bolup ýaşap bolanokmyka?..». Onuň häzir ýekeje arzuwy bardy, olam birje sagat uklamakdy. Nämüçindir süňňi agyrdy, işdäsi ýokdy. Bike daýzanyň iberen ýarty çöreginiň duzunam datmandy. Onuň derdiniň üstesine, redaktoryň igençleri, Aýjanyň bolşy, Taňry Berdiýewiçiň ýoknasyzlygam urnady.
Ol jaýlarynyň girelgesine nädip ýeteninem bilenokdy. Pikir köpdi. Çykalga ýokdy. Bir göwni işi taşlap, öýde otur diýýärdi. Soňurrak pikiri düýbünden üýtgeýärdi. «Işle, gowulygyň bilen özüňi aldyr» diýýärdi.
– Gyr-na-ak! – diýip, kimdir biriniň sesi ony özüne getirdi. – Işdenmi?
Ogulnyýaz süýt reňkli «Wolga» maşynyň ýanynda Annasoltana gözi düşdi. Maşynyň içinde oturan buýra saçly, gara pyýada hem daş çykdy-da, käse ýaly gözlerine bu ýaş gelniň didaryny galyplady. Annasoltan saçyny selkildeden bolup, ol oglana ümledi.
– Synla!
Ogulnyýaz sesini çykarman geçip barşyna:
– Eý, allam, abraý bereweri! – diýip, içine tüýkürdi.
Öýde Towşan gelin otyrdy. Ol daýzasy bilen çaý içýärdi.
– Kim geldi, gyz? – diýip, işik açylaryňa mähetdel daýzasy azm bilen gygyrdy.
– Daýza, bu men.
– Anha, geldi – diýip, Towşan gelin tolgunçly aýtdy. Razy bolaýsa...
Daýzasy ony arkaýyn etdi.
– Näme razy bolman, baýam razy bolar...
Ogulnyýaz ýylgyryp içeri girdi. Ony haýran eden zat, ol daýzasynyň öňüne çaý alyp, hoşamaý bolup oturan wagtyny ilkinji sapar görýärdi.
– Çaý bereýinmi? – diýip, Ogulnyýaz aşhanadan çykyp aýtdy. – Naharam gyzdyrýan...
Daýzasy sesini çykarmady. Towşan onuň özüne hödür-kerem etdi.
– Häzir, häzir. – Ogulnyýaz eşiklerini çalşyryndy. Elini-ýüzüni ýuwdy. Soň gelip, saçagyň başynda dyz epdi.
Towşan gelin gapdalyndaky ullakan düwünçegiň üstüne elini patladyp goýdy.
– Kürte getirdim. Çaprazly-çaňňaly. Durşuna şaý. Geýip göräý...
Ogulnyýaz owadanja ýylgyrdy.
– Daýzam gören bolsa bolýar-a, gelneje...
Towşan gelin özelendi.
– Geýäýsen-e.
Ogulnyýaz näzini çekdirip durmady. Durşuna kümüş, altyn çaýylan şaýdan doňup duran kürtäni başyna atdy.
– Bolýarmy?
– Bolar!
Towşan gelin kürtäni düwünçege düwdi-de, Pugta daýzanyň gapdalyna süýşürdi.
– Ýegşenbä çenli durubersin!
– Bor-la...
– Men onda gideýin, barmaly ýerim bar...
– Bor-la...
Daýzasynyň bu bolşy Ogulnyýazy haýrana goýdy. Ol ýöne «bor» «bolýa» diýip durdy. Asyl, öz daýzasyňa meňzänokdy.
Öýdäki asudalyk, gelniň ýadawlygyny el bilen aýrana dönderdi. Ol saçagy, çäýnek-käseleri ýygnady. Daýzasynyň tufdanynyň gumuny täzeledi. Soň maşynynyň başyna geçdi.
– Gördüňmi? – diýip, daýzasy birden gygyryp goýberdi. – Häýt, gyrnak...
Ogulnyýaz atylyp daş çykdy.
– Ol heleý matalaryny getird-ä...
– Häzir, häzir, görerin – diýip, ol içeri girip-çykdy-da ýylgyrdy.
Daýzasy oňuň bolşuny halamady.
– Näme, aý gören ýaly, suwjuk-suwjuk ýylgyryp dursuň. Asyl ýok sende, alan terbiýäň gursun. Suwjaryp. Şoň sesini hasam gataltdy. – Ýaňky heleýiň ýaňynda-da kilçerip dursuň, özüňi saklap bilmän. Aýala şeýle, erkegiň ýanynda nähilikäň?
Içerden ep-esli wagtlap ses çykmady. Birsalymdanam, aýak maşynyň endiganja tygyr-tygyry eşidildi.

* * *

Annasoltan Myratjygy göterip, dabara bilen öýe girende, Ogulnyýaz düýnki başlan ýakasyny bolup barýardy. Ol gyz wagty çeken nagyşlaryny ýaka gaýanyny gowy görýärdi. Agyr nagşa girmejek bolýardy. Nagyş agyr bolsa, geýimi basýardy. Soňam gymmat bolany üçin kän geçginli däldi. Onuň salýan burunly, alajaly, soňam kerwen yzy nagşy pombarh geýimden başgasyna gaty gowy gelişýärdi. Bu nagyşlar obada ürç edilip gaýalsa-da, şäherde heniz ýoň bolmandy. Şäher gyzlary köýnegiň ýakasyna çyrpynyň, kürtäniň nagşyny salyp başlapdylar. Bu ýoň nämüçindir ýörgünli däldi. Bazar şonuň ýaly ýakadan doly diýýärdiler. Emma, nämüçindir Ogulnyýazyň ýakalary geçginlidi. Käbir aýalyň eliniň süýji, naharynyň gaty tagamly bolşy ýaly, käbir gelniň keşdesem owadan bolýardy. Gülýaýdy salaram welin, iliň «ýaprak seçdisinden» owadan bolup durandyr. Ogulnyýazyň gaýmasyn-a gyz wagty boýdaşlaram halardy. Nämüçindir, olaryň ählisi ýakasyny Ogulnyýaza bejerderdiler. Ol durmuşa çykýan gyzyň ýakalarynyň birküç sanysyny eýýämem taýýarlapdy. Onuň öňden duran dört-bäş ýakasam bardy. Gaty zerur bolsa, ol öz bukjasynda getiren ýakalaryndanam berip biljekdi. Enesiniň aýdyşy ýaly, ol:
– Geýmäge janym sag bolsun! – diýýärdi. – Nesip bolup, Merdan jan gelse, işimi, azabymy elimden alsa, bäbejigimiz bolsa, ýaka tikmekden başga näme işim galýar...
Annasoltan Myrady içeri goýberdi-de, şol duran ýerinden:
– Wo-oh! – edip başam barmagyny gaňyrdy. – Halady!
Pugta daýza tisginip turdy.
– Näme boldy, gyz?
Annasoltan jak-jaklap güldi.
– Sekret, daýzaşka, öz sekretimiz!
Ogulnyýaz daýzasyna görä boldy. Ýüzüni, agras tutdy-da, çalnyp turup, Myratjygy gujaklady. Içinden: «Alla jan, bize-de şunuň ýaljak ogul ber, Merdan jan sag-aman gelsin diýdi.
Pugta daýza temmäkiniň awusyna gowy bitaýlaşan, özüne erki ýetýärkä berkiräk tutany üçin känbir bildirmese-de, häzir pinekläp, gowşaşan mahaly eýgertmän bir ýana agan sag gözüni owkalady.
– Ah, mes-ä, mes. Göwsüňe bat berip, her dereden bir öwsüberýäň-ä. Gülmän, düşnükli geple-ýä...
Annasoltan oňa diýýäňmem diýmedi. Ol öz syryňy ýaşyrjagam bolmady.
– Woh, gördi! Tüýs meniň diýenim eken diýdi. Razy bolsa bolýar, eklenç gaýgysyny etdirmäýin – diýdi.
Pugta daýza gulagyny üşertdi-de, indi birneme düzelişen gözlerini terezilendirip, böwrüne doňuz diňini saldy.
– Kim gyz, ol?! – diýdi.
Annasoltan Ogulnyýazdan hiç zat bolmajagyny bildimi, nämemi, özi bu zatlary utanç-haýa-da bilmänsoň, Pugta daýza-da aýdyp başlady.
Daýzaşka, bir gowy adam bar, woh! Uly sklatlaryň hojaýyny.
– Ady näme?
– Ady Apbak!
– Apbak!
– Hawa. Şol seniň ýegeniňi halapdyr. «Men diýýä, elimiň aýasynda saklaýyn. Ýag iýdirip, ýüpek geýdireýin. Daşyna hossar bolaýyn, äri gelensoňam, azar bermäýin» diýýä. Ýöne meniň göwnümi alsyn diýýä...
– Him-m!
– Öýüniň içinem «woh!» edip remont etdireýin. Daýzasy ikisiniň aýagy galan ömürlerinde türkmen halysyndan düşmez – diýýär. – On sany türkmen halysyny, reňkli telewizor, daşary ýurt holodilnigini ertir getireýin diýýär.
Pugta daýza ilki sesini çykarmady, soňam:
– Hany bizde olar ýaly bagt – diýdi.
Annasoltan sözüni has berçinledi.
– Men özüm-ä, janym bilen ederdim. Ýöne meniň Bekgişkam bar. – Ol Ogulnyýaza bakan gözüni süýjije gyrpdy. – Ýa ikisinem sypdyrmaly dälmi, näme?
Daýza sesini çykarmady.
– Men oňa näme diýeýin?
Pugta daýzanyň gözjagazlary öçügsije alawlap başlady.
– Sklatçylaryň ketde hojaýyny bolsa eder – diýdi.
Annasoltan gapa ýöneldi.
– Onda, siz razy-da!
Ogulnyýaz ot alan ýaly boldy. Ol zowzuldap ýerindeň galdy.
– Ýo-og-eý, hudaý saklasyn! – Ol gahardan ýaňa ýanyp duran gözlerini daýzasynyň aýaklarynyň astyňa dikdi. – Daýz-a!
Daýzasy tisgindi.
– Bela-ýa! Näme beýle oda düşýäň? Seniň uçguryňy elläp barýan ýok-ha...
Annasoltan elindäki sagadyna garady:
– Wo-obşym, meniňki aýtmak. Men aýtdym, amanatymy boýnumdan aýyrdym. Galanyny özüňiz çözüň... Beýle bagt guşy adamyň başyna bir gezek gonýandyr. Onda-da siziň ýaly gedaýyň... He-he-he.
Ogulnyýaz dişini zerzaw edip gysdy. Soň düwünçegiň içinden on müň manat pul çykardy. Ol köprägem bolsa, nesip bolsa, gaýtararyn – diýdi-de, ony aldy. Bäş müň manadyny sanady-da, ýaňky sözleri aňynda aýlap, gyşaryp ýatan daýzasynyň ýanyna bardy.
– Daýza – diýdi. – Tikin haky diýip getiripdirler.
Daýzasy bäş müň manady howlukman sanady. Olary müň-müňden bäş bölege böldi-de, hersiniň daşyna öz içinden bir ýüzlük alyp, daşyna epledi. – Soň ýüzüni ajytdy. – Ol heleý köpräk diýen ýaly etd-ä...
Ogulnyýazyň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol ogurlykda tutulana döndi. Gidip galan pullary hem alyp geldi.
– Men muňa tuty alaýaýyn. Bolmasa telewizor alaly. Saňa güýmenje bolar...
Daýzasy elini palawlatdy.
– Getir, getir, tutusyz oňupdyrys. Komissiýa gelip barlap, tutuňyz, telewizoryňyz bolmasa, çykyň diýjek bolup oturanok...
Ol gelniniň elinden ähli puly aldy-da, dyzynyň astyna saldy.
– Beýle telewizor göresi gelipdir. Şol dälmi, sizi balaksyz eden. Edep-terbiýesiz bedasyl...
Ogulnyýaz Myratjygy naharlady. Ony öz ýanyna eltdi-de, ýumşajyk, täzeje düşegiň üstüne oýunjak dökdi.
– Oýnaber, köşegim...
Myratjygyň gepleşesi gelýärdi. Ol Ogulnyýazyň hasratly, emma dogumly ýüzüne garap-garap ahyry dillendi.
– Gyýnak, aý Gyýnak! – Ogulnyýaz eli bilen maşynynyň tigrini saklady.
– Jan-a!
Myratjyk dokja, päkizeje ýüzünem galdyrman pissäniň maňzy ýaljak dodajygyny çommaltdy.
– Hany siziň dädeňiz?
Ogulnyýaz ýylgyrdy.
– Bilemok?
Myratjyk geň galdy.
–Däde bolsa gowy, hä?
Ogulnyýaz oňa düşündi. Ol Myratjygyň başyny sypady.
– Biziň dädemiz hol, uzakda. Basym geler.
Şonda akja bäbegem geler-hä?
– Haw-wa.
Myratjyk boýunjygyny buýsançly burdy.
– Bizde kö-öp däde bar. Maşynlaram bar. Mamam diýýä, «ýene kö-öp däde alarys» diýýä. – Ol birden saklandy. – Gyýnak, a Gyýnak, saňa-da däde beräýeli...
Ogulnyýaz ör-gökden geldi.
– Waý, ýoo-ok, dädeň özüňize nesip etsin. Öz dädemiz geler..
Myratjyk dodajygyny ýene çommaltdy.
– Mamam aýdýa, bir dädäni Gyýnak gelnejä beýjek diýip.
– Ýoo-ok, hudaý saklasyn. Biziň öz dädemiz geler.
– Ýoo-ok, diýip, Myratjyk hem ýeň bermedi. – Siziň dädeňiz akja bäbek alyp gelýänçä beýjek, soň aljak...
– Ýok, ýok, beý diýme, aýyp bolar...
Ogulnyýaz oýa batdy-da, maşynyny gaty-gaty sürdi. «Ol aýal bu çagajygy nädäýipdir. Hudaýym, abraý bereweri...»
Myratjygyň dodajygy ýene-de çommaldy.
– Gyýnak, aý Gyýnak! – Ogulnyýaz oňa üşerildi. – A akja bäbek hiç gelmese nätjek?!
Ogulnyýazyň endamy gyzyp başlady.
– Beý diýmezler! – Ol çaganyň badyny almak üçin birneme zarply aýtdy,
Myratjygyň bolsa azaryna-da däldi.
– A dädeň hi-iç gelmese nätjek? Şonda biziň dädemizi alarmyň?..
– Geler, geler...
Ogulnyýaz oda düşdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 75 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Pugta daýzanyñ özi şyrawoý ekenä.

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Gyzykly eken.

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Dowamy haçan?

0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Wouww bu romany!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: