22:17
Gyrnak -4/ romanyñ dowamy
Togta eje soň ertire-de galmady. Agşamara Büzmeýine gaýdýan ak maşynyň ýoluna çykdy. Ýöne aýal doganynyň hapaçylygynyň syryny bir ýerde-de dilinden sypdyrmady.
Ine, şonda ol öz uly aýal doganynyň dişiniň gatyjadygyny, ol bir agyz uraýsa süýekleriňi çeýnemän goýmajagyny, onuň maňlaýynyň garasy bolup ömürlik galan kepgir yzy her gün, her sagat bildirip durdy...
Şondan soň, Ogulnyýaz gaýdyp geleli bäri ol oňa heňkirmesini, igesini sürtmesini goýmasa-da, paýyş sögmesini, el gaýtarma, syny goýupdy.
Bu agşam ol birden myssardy. Özi dileg saldy. Bu zatlary Ogulnyýaz gowulyga ýordy. Ýöne Annasoltanyň «dilini-başyny» çeýnemesini welin ýüregine siňdirip bilenokdy.
«Naýynsap, artist bolup, sahna çykyp, ile akyl öwredip, torsuk ýalyjak çaganyň enesi bolup, nädip şol sözleri agzyna alyp bilýärkä? Ýer nädip şolar ýaly dili hapalary göterip ýörkä? Meniň özüm gowşak. Şol söz agzyndan çykandan öýden kowmalydym...»
Ol hyýalynda, gazabyna bäs gelip bilmän Annasoltany öýden kowdy. Ýöne Myratjyga welin dözmedi. Ol «Gyrnak eje» diýip özelendi durdy...
«Hudaý bardyr. Ýamanlyk eden öz hudaýyndan tapar».
Ýöne, Ogulnyýaz köşeşenokdy. Bir kişiniň dulunda oturan päk maşgalasyna gelip, özem aýal maşgala bolup hapaçylyk gürrüňini edýän aýala, ol juda haýran galdy.
– Eý, tob-eý. Asyl azgynçylygy başlaýan aýallaryň özleri eken-ä. Wah, günüňize ýanaýyn, betbagtlar...

* * *

Sagat erbet jyrlady. Ogulnyýaz garym-gatym düýşleriň arasynda gezip ýörşüne, oýanansoňam özüni ep-esli wagtlap ele alyp bilmedi. Soň eýwanda duran sübselerini, pilini hemem iki sany köne bedrelerini aldy-da daş çykdy.
Aşgabadyň halky süýji ukudady. Köçelerem heniz oýanmandy. Ýatan adamyň ýüzüne-gözüne gonup ýören siňek ýaly, seýrek maşynlary, sap-sary gözlerini açalak-ýumalak edip oturan swetoforlary hem-de çeşme suwy ýaly dury asmany diýäýmeseň, köçelerde iňlär siňek ýokdy.
Ol özüne berlenje köçäniň pyýada ýollaryny ilki uly sübse, soňam kiçi sübsesi bilen syryşdyrdy. Duralganyň töwereginde çaşyp ýatan kagyzlary, çigit gabyklaryny, awtobus, trolleýbus biletlerini kiçi sübse bilen bir ýere üýşürip, soňam uly sübse bilen syrdy. Ýeliň gyrasyndaky selmedir çaýyrlary gyrçaşdyrdy.
Küde bolup giden süplükleri iki bedreläp beýleki kwartaldaky hapa guýulýan ýaşiklere çekdi. Bahar pasly bolansoň, köçeler tämizdi. Onuň süpürýän köçesinde uly-uly agaçlaram ýokdy. Ýaprak bolmasa, ýagyş beýleki bolmasa, tüweleý geçmese Aşgabadyň köçeleri arassa bolýardy Onda-da Ogulnyýaz işine iki göwünli däldi. Berlen paýjagazy gül ýalyjak bolmasa, ol ynjalybam biljek däl-di.
Köçeden trolleýbuslar gatnap başlapdy. Ogulnyýazam indi işini birýaňalyk edipdi.
«Baryp, daýzam turmanka, oňa süýtliaşjagaz bişirneýin...» diýip oýlandy. Onuň arkalary, boýunlary gara derdi. Ajy deri çykandan gelniň süňňi ýenläpdi. Ol häzir işden irjege meňzemeýärdi. Ýerde ýatan sübselerem, bedreleridir kiçijik kepjesem häli, turanyndaky ýaly, onuň eline agram salyp duranokdy.
Ol köçeden geçjek bolup durka kimdir, biriniň gygyrýanyny eşitdi.
– A gyz!
Ogulnyýaz bu daňdanyň alagaraňkysynda özüne gygyrylýandyram öýdenokdy. Şonuň üçin yzyna arkaýyn gaňryldy.
– Saňa diýilýär, aý gyz!
Ol sesinden özleriniň brigadiri Abdy agadygyny tanady.
– Nirä barýaň, sozan guýruk bolup?
Ogulnyýaz salam berdi.
– Hany, neme welin, işiňi bolanyň. Ol hapa näme, ol otlar, kagyzlar näme? Işleýşiňem şumy? Iller ýaňy işe çykýa. Sen bolsa, neme welin, eýýäm...
Ogulnyýaz üstüne gygyrylyp durulmasyny geň gördi.
– Bu meniň ýerim däl.
– Hany, seniň ýeriň?..
Ogulnyýaz pilini, sübselerini ýabyň içinde goýdy-da yzyna dolandy. Ol şoluny öz uçastogyna aýlady.
– Ine, şu köçe boýa-boý meniňki. Gündogarky hemem günbatarky çatryklaram maňa berdiňiz-ä daýy!
– Hä, hä, munyň bolýar, ýöne, neme welin, daýy diýip, dursuň, özüňem. Abdy ýa-da Abdyşka diýäý maňa. – Ol tigriniň jaňyny jyňňyrdatdy. – Getir bedreleriňi.
Ogulnyýaz bedreler oňa iş üçin zerurdyr öýtdi. – Abdy bolsa tigriniň her şahyndan olaryň birini asyp, piliň, sübsäniň duran ýerine bakan ugrady.
– Näçede turýaň? – diýip, ol ýoldan bedreleri şakyrdadyp geçenden soň sorady.
– Bäşiň ýarynda!
– Baý-bo-ow, gaty ir-ä. Sen gorkaýma. Beýle gaty irem gelme. Kim bilýär. Bu şäher möjeklerinden gorkaýmalydyr.
– Wa-aý! – diýip, Ogulnyýaz tisginip gitdi. – Şäherde möjegem barmy? – diýip, howsalaly sorady.
Abdy gözleriniň hersine sönüp barýan ýyldyzlaryň birini salan ýaly, ýaldyradyp has hem çynyrgatdy.
– Guduzlaram bar. Olar neme welin, arada bir gelnimizem ganawa taşlap gidipdirler.
Ogulnyýaz sandyrady. Onuň derläp duran endamy ilk-ä, buz ýaly boldy-da, soňam laplap ýanyp başlady.
– Hudaý saklasyn! – diýip, parçalanyp ganawa taşlanan gelin özi ýaly, erbet galpyldady.
– Men-ä, gorkýan! – diýip, demini titredip aýtdy.
Abdy burnuňa salyp güldi.
– Sen gorkma. Seniň ýaljak keýik owlagy deýinje maljagazlary olar birje gezek ogşap gidiberýärler... Neme welin...
Ogulnyýaz özüni tutdy.
– Bedrämi beräýiň! – Onuň demi otly çykdy. Abdy bedreleri alyp durşuna ardynjyrady.
– Neme welin – diýdi. – Düýn awanys aldyňmy?
Ogulnyýaz ýaşyndy-da başyny atdy.
– Näçe berdiler?
Ol ýaşmagyň astyndan «üç ýüz manat» diýip, eşidiler-eşidilmez aýtdy.
– Üç ýüz! – Abdy ýene-de içine doňuz diňini salyp durdy. – Näme welin, şu biziň «başlyklarymyz gursun! Neme welin, ýöne «her işçiden ýüz manat ýygnamaly» diýip, meniň-ä, iki aýagymy bir gonja sokýarlar. Neme welin, galan bir sen-dä. Beýlekiler şo mahal berdiler. Neme welin...
Ogulnyýaz saklandy. Ilki sesini çykarmady.
– Daýzamdan soraýyn – diýdi.
– Neme welin, daýzam-paýzam – diýip, ile gep ýaýratma. Bu bir hemme ýerde edilýän zat. Arkaýyn işlemegiňe gowy bolýar. Başlyklar bilen arkalaşsak, olaram biziň bilen arkalaşýar, düşnüklimi?..
Ogulnyýaz girelgä çümüp gidenden sonam, Abdy ýokarky gata garap ep-esli durdy. Onuň göwnüne bolmasa, ýokarky eýwanlaryň birinden bu owadan gelin çykyp, elini bulaýlap hoşlaşaýjak ýalydy.

– Ah, owada-an, gelin, haý-haý,
Ah, suw be-he-heden gelin-aý-aý!
Hük-hük-hükgi-hükgi, owha-adan kelinaý...

Abdy tigriniň jaňyna goşup, ulili bilen aýdyma gygyryp, säher bilen işe barýanlary ýylgyrdyp barşyna, diňe bu owadanja gelin bilen ýaşaýardy. Ony eline almagyň aladasyny edýärdi...
– Ow-ha-adan gelin-ow-o-ow!
– Han-a gelýär – diýip, «Sungat» žurnalynyň redaksiýasynyň işiginde üýşüp duran erkekleriň arasynda duran Aýja dabara bilen aýtdy. – Serediň-aý, serediň erkekler, doýuň seredip! – diýip, ol birhili gyzykma berip, adamlary işe täzeräk gelen ýaş gelne bakan öjükdirýärdi.
Ogulnyýaz Aýjanyň sesini eşitdi. Öňem özüni ýadawrak saýyp gelýän gelniň endamyny der basdy. Utançdan, haýadan ýaňa aýaklarynyň ysgyny gaçdy. Ýüzi lapylap ýanyp, ýüreginiň bir burçunda turan howsala onuň gözleriniň öňüne-de perde bolup barýana dönderdi.
Ol ýykylaýmakdan ýa-da aljyrap, gülki bolmakdan gorkup, ol adamlaryň deňinden zordan geçdi.
Aýja oňa:
– Gurgunmyň? – diýse-de, ýene yzy bilen güpürdäp içeri girdi. – Maladisaý, Gyrnak sen. Aşgabadyň ähli erkeklerini aýagyňa ýykyp bilýäň-aý, zaňňar.
– Hudaý saklasyn! – diýip, ol ýerine geçip, heniz deri gaýtmany üçin uly çargadynam aýyrman çekmelerini dörüşdirip başlan gelin aýtdy.
Aýja garaja, girrikden tegelejik ýüzünde bitaýja terezi ýaly bolup oýnaýan gözlerini ýylymsadyp, gara çyny bilen:
– Hudaý kessin! – diýdi. – Şolaryň ählisi seni görmek üçin oçura durlar. Gördüler-de «beýde-be-eý» bolaýdylar. Taňry Berdiýewiçem bir gabanýar, uwuf! Şol-a seni söýýära-äý. Uwuj, «elimde bolsa maşynly äkidip, maşynly getirerdim!» diýýäraý. Olam ýaman owadan-a...
Ogulnyýaz üstüne saýa saljak bolýan ýaly, stoluň öňünde gazarylyp duran, ýaşy ep-eslä baran aýalyň bu sözlerini Annasoltanyň gepine meňzetdi. Bularyň hersi başga sypatda bolsalar-da sözleri, niýetleri bire meňzeýärdi.
«Şular saklamal-a aýalyň namysyny, mertebesini. Gaýta, ilki bilen bular dökýän eken-ä özleriniň abraýyny...»
Ol ýüzüni näçe sypajaklatsa-da Aýja giderli däldi.
– Han-a, Taňry Berdiýewiçiň özem gelýär. – Ol naşyja gülen boldy. – Eý, Taňry Berdiýewiç! – Ol Ogulnyýaza garap gözüni gypdy. – Gel, şuňa bir degeli-le. Soň ol koridora gygyrdy.
– Eşidýäňmi, e-eý, Taňry Berdiýewiç, daşardaky erkekleri gördüňmi?
Taňry Berdiýewiç gulagyndaky ses gataldyjyny oýnap içeri girdi.
– He-he-he! Näbe diýdiň, hä? Ol ýene-de gulagyndaky apparaty elleşdirdi. – Azajyk dur, şuny düzedeýin. – Ol bir gözüni gypalak edip, gulagyndaky apparatjygy eline aldy-da, garaja nokatjyklaryna basyşdyrdy. – Hä, indi boldy. Hä, näbe diýdiň?!
– Işikdäki erkekleri gördüňmi diýýän-ä? – Ol beýlesine öwrüldi. – Ker haýran-a.
– Soňam ýene-de Taňry Berdiýewiçe gülüm ýalym etdi. – Olar biziň Gyrnak gyzymyz diýip ölüp ýatyrlar-a...
– Ow-wa, ow-wa, men duýdum. Ölüp ýatyr eken, özem porsaýa, maşyn kakypmy, nämemi? Aý, Aşgabatda it köpelipdir-ä...
Aýja hezil edip güldi.
– Ýok...
Taňry Berdiýewiç bir Aýjanyň, birem Ogulnyýazyň ýüzüne garady.
– Ýa başga zatmy? – Ol ýene-de gulagyna geýdirilen apparaty çykardy. – Batareýi çöküpdir. Agşamam heläk etdi. Duruň, häzir men täze batareý goýup geleýin.
– Ol çykyp gitdi.
Aýja hezil etdi.
– Aý, haram ker. Şu dagam aşyk bolan bolup ýörse. Özem gyzyny çykardy, geçen hepde. Gelsin, oýnaly-la...
Ogulnyýazyň bularyň oýnuna goşulasy gelenokdy. Ol çekmedäki žurnallary çykardy. Beýleki çekmedenem bir desse bolup ýatan haty, konwertleri çykardy.
– A gyz, şonça hat geläýdimi? – diýip, ol Ogulnyýazyň ýanyna Taňry Berdiýewiçiň gelerine garaşyp güýmenen boldy.
– Ana, indi boldy. Moskwa-da sardym, şunuň bataraýyny. Ýok. – Ol Aýja gözüni gypdy. – Ýaňy näwe diýdiň?
Aýja dişini gyjap, ýumrugyny howada galgadan boldy.
– Ýaňky erkekleri gördüňmi? Biziň täze gelnimiz diýip gyrlyp ýatyrlar.
Taňry Berdiýewiň ýüzi üýtgedi.
– Hä, düşündim. Birinem getirmäň. Bary haramzadadyr. – Ol, Ogulnyýaza garady.
– Täze gelin bolsa özümize-de gerek. Poşel diýiň. Birem gelmesin...
Aýjanyň bu ýerden gitmejegi çyndy.
– Hany, çaý içeňizokmaý?
– Çaý berseň içjek-le!
Aýja gözlerini oýnatdy.
– Näme üçin men, ana täze gelin bar-a. Özem ýaşkiçi. Şumat ýumşa ýarajak wagty.
Ogulnyýaz golaýjygyndaky demir sandygyň üstünde duran elektrik çäýnegi suwdan dolduryp gelmek üçin howludaky krana bakan çykdy.
Aýja Taňry Berdiýewiçiň egnine kakdy.
– Nähili?
– Gow-aý, Aýja. Sen şuny maňa yrsaň, men şu ýyl tomus putýowkaňy mugt äbereýin. Ýolkireýiňi özüm töläýin. Redaktoryň fondundan kömegem berdireýin-ä!
Aýjanyň gözi ýandy.
– Synanyşaýyn! Ýöne soň sözüňden dänme.
– Ä?!
Taňry Berdiýewiç oňa hasam gysmyljyrady.
– Walla, ynanaý, özem bar-a, özüňe-de kömek berer diý. Bölüme işe alaýyn. Okuwa salaýyn... Başga näme...
– Baý-ba?
– Walla, ynanaý.
Aýjanyň göhi geldi.
– Hezil etdirjeg-ow, onda!
– Ä? – Ol ýene-de gulagyny elledi. Gulagyndaky apparat gowşajyk sygyryp başlady. – Häzir, düzedeýin...
Aýja beýdip gazarylyp durmagy birhili gördümi ýa-da Ogulnyýaz göwnüne hiç zat getirmesin diýdimi, çaý demlenýän çäýnekleri, käseleri alyp, kranyň başyna bardy.
– Gelneje, maňa beriň, özüm ýuwaýaýyn!
Işikdäki erkekleriň sany has, köpelipdi. Olaryň iki gözi kranyň başyndady...
– Ýok, sen çaý goýuber, özüm çaýkaşdyraryn bulary...
Ogulnyýaz çäýnegi toga çatdy-da öz ýerine geçip, haty bileň boldy:
Düýn ertir žurnalyň redaktory ähli işgäri ýygnapdy.
– Şu güne çenli bäş ýüz hat gelipdir redaksiýa. Şolaryň ýekejegine-de hat üsti bilen jogap berilmändir, sebäbi näme?
Çeperçilik bölüminiň müdiri saçy düşüp, kellesi şyrtakyr bolan adam inçejik murtuny sypalap şu wagta çenli hat-habarlar bölüminde işgäriň bolmandygyny bahana etdi.
Kino tankydy bölüminiň müdiri hatyň köp gelip, bölümde ýeke özi bolansoň, eliniň ýetmeýändigini aýtdy.
– Ata – diýip, redaktor onuň sözüni kesdi. – Bahana etme. Öýlän nirä gidýäň, öýlän, jogap ber. Eger ýene-de şol bolgusyz ýoldaşlaň bilen tirkeşip barýanyňy göräýsem, menden gaty görme. Saňa bir gün srok...
Redaktor ýüzüniň deň ýarysyndanam köprägini tutup duran äýnegini «Amaly-haşam» bölüminiň müdirine tarap aýlady.
– Sen näme, Taňry Berdiýewiç köp hat-a seniň bölümiňe gelipdir. Näme jogabyňy köp saklaýaň?
Taňry Berdiýewiç derrew gulagyny elledi.
– Ä, näme diýdi? – diýip, ol töweregindäkilere garady. – Ä, dükündim, haý, içigara galmyş, bataraýy gutardy. Men bataraýyny çalmyşlaýyn...
Redaktor elini silkip goýberdi.
– Bäş bölüm bar. Heriňizde ýüze golaý hat bar. Şu gün başga işiňizi goýuň-da, jogap ýazyň. Tahyllaryňyzy arassalaň...
Ata diýilýän adam ýerinden turdy.
– Ýoldaş redaktor, ýaňy birhilije, içi güjüklije söz aýtdyň welin, han, indi gel düşünişeli-le!
Redaktor ör-gökden geldi.
– Hudaý saklasyn, içi güjükli söz aýtmakdan. Men iş barada aýdýan Siz bir ýyllap gelen hata jogap bermän, näme işlediňiz diýdim. – Ol çetde oturan haly bölüminiň müdirine-de ýüzlendi.
– Selbi, senem birneme işle. Men şenbe günem, gerek bolsa agşamlaryna-da, ýekşenbe günem gelýän işe, senem gel.
Selbi ýeňsesine bilbiliň guýrugy ýalyjak edilip goýberilen çokgaja saçyny elläp oturyşyna, birden agzyna elini ýetirdi.
– To-beý, to-beý! – Ol zöwwe ýerinden galdy.
– Munyň ýoldaş redaktor gaty askarbleniýe bolýa. Toba, seniň heleýbazdygyňy biz bilýäs-ä. Ýöne, sen geplejek gepiňi bilip geple! Sen meni redaksiýada yns-jynsyň ýok wagty, şenbede, ýekşenbede, ýa-da agşamlaryna işe çagyran bolup, näme diýjek bolýaň?
– Dogry aýdýaň, Selbi! – diýip, Ata-da möwç alyp durşuna, sesini titredip, aýtdy. – Näme diýjek bolýaň? Eto-že askarbleniýe...
Selbi ýüzüni awuny nyşana alýan mawdar pişigiňki ýaly etdi-de, redaktory didiwana mündürip, çep elini Ata bakan aýlap goýberdi.
– Ot-tur sen. Men bujagaş ýalyny kä-än görendirin. – Ol täzeden saýrap ugrady. – Jogap ber, sen aýalyňa, gyzyňa diýýäňmi şeýle sözi.
– Selbi!
«Selbi» diýen bolup, senjagaz, Selbi ýeke bolsa-da, ärsiz bolsa-da her öňýetene beýle sözleri diýdirýän däldir. Dogry, bizem ölmeli däl, bizi-de awlaýan bardyr, ýöne, ýöne, senjagaz, köpçüligiň içinde aýdylýan däldir beýle söz. Isleýän bolsaň, söýýän bolsaň, ýeke özüme aýt ol sözleri...
Ata ony pikirini jemlemäge goýmady.
– Hawa, sen näme üçin meniň içýän bir bakal piwom hakda köpçülige aýdýaň. Men, men indi piwonam redaktordan sorap içmelimi? Ýoldaşlarymam, onuň üstesine, redaktordan sorap getirmelimi? – Ol Taňry Berdiýewiçiň ýüzüne garady. – Olar-how, awtorlar. Men haýsy awtora sen gel, sen gelme diýip çykaýyn...
– A, näme diýdi? – diýip, Taňry Berdiýewiç ýene-de gulagyndaky apparatyna ýapyşdy. Köpçülik onuň sözüne pakyrda berdi.
– Hä, hiý, şeýlemi, düşündim! – diýip, ol märekäni ýene-de güldürdi.
– Bor, bagyşlaň, näme diýen bolsam, ýöne jogaplary şu gün ýazyň-da, şu gyza beriň. Tamam!..
Taňry Berdiýew apparatyny sazlap durşuna redaktoryň «bu gyz» diýen sözüni belläp galdy-da, ýerinden turdy.
– Dogry aýdýaň, ýoldaş redaktor. Aramyzda bir ýaş gyz bar, emma Ata, sen, Selbi, senem, harçaňlaşyp durmaň. Ederis, näme iş bolsa ederis, ýoldaş redaktor. Bu gyza-da, ýaňky aýdyşyňyz ýaly, elimizden gelen kömegi ederis.
Redaktor äýnegini gözünden aýyrdy.
– Sen gal! – Ol Ogulnyýaza «otur» diýip, ýer görkezdi. – Getirip beren jogaplaryny maşynkadan geçir, gaýtadan özlerine gol çekdirip, aýyny, gününi ýüzüne goý, žurnala belle, haçan geldi, haýsy bölüme geldi, haçan jogap berildi, eger çykan bolsa, pylanynjy ýylyň pylan aýynda, žurnalyň pylanynjy nomerinde çykdy» diýip belle. Seniň şol žurnalyň redaksiýanyň aýnasy bolmalydyr. Tamam!
Ogulnyýaz öz ýerine barandan Aýja ylgap geldi.
– A gyz, «tamam» näme diýdi?
Ogulnyýaz aňka-taska boldy.
– Kim?
– Redaktor «tamam» diýdimi?
– Hawa.
– Şonuň üçin oňa biz «tamam» diýip at dakdyk. Masgara-la gyz, bir sapar Türkiýä gidip geldi welin, aýnap, olaryň dilini geplän bolýar, haýran...
Ona çenli Taňry Berdiýewiç geldi.
– Haý, içgaragalmyş, täze batareý goýdum. – Ol Aýja, soň Ogulnyýaza garady – Nätdim. Dogry aýtdym dälmi? Men olaryn barynyň piridirin.
Ogulnyýaz redaktoryň buýran ýumşuny bitirjek bolup, çaýa-çörege-de üns bermedi. Bölüm müdirleriniň ýapyrylyp ýazýan jogaplarynyň ýüze golaýyny maşynkadan geçirdi. Hojalyk bölümi bolup işleýän adamdan bukja, bozguçdyr, çyzgyç aldy.
Žurnalyň ýokarsyna «hatlar» diýip ýazdy. Hatyň awtory, gelen, yzyna iberilen, çykan wagtlaryny bellemek üçin dik çyzyk çyzdy-da, bir ujundan bukja salyp, arkasyna adreslerini ýazyp goýdy...
Bu gün ol çaý goýmaga mähetdel, iberilmeli hatlaryň adreslerini ýazyp, soň olaryň içine hatlary endiganja epläp, salyp başlady.
– Hatlaryň jemi sany iki ýüz dagy boldy.
– Poçta eltip, şol ýerden taşlaý – diýip, Aýja oňa gowy maslahat berdi.
– Şol ýerden «Teke bazaryna» baryp bormy?
Aýja ona bazara barmagyň ýoluny salgy berdi.
– Näme aljak?
– Aý, daýzama çaý bilen içer ýaly kişmiş bolsa...
Ogulnyýaz näçe utansa-da nas satýanlaryň ýanyna bardy.
– Daýy, nasyň gowumy?
– A gyz, özüň atjakmy, nasy? – diýip, bazarda ygyp ýören iki sany ýetginjek gülüp onuň duşundan geçdi. – Nas atýan bolsa çilimem çekýändirlaý.
– Çilim çekmez-mäý! – diýip, olaryň yzyndan gelýän gara jürjen gygyrdy. – Başga işlerem edýändir, owadanj-a..
Ogulnyýaz bu geplere gulak asmaýan ýaly görünse-de, ol gepler ot bolup onuň ýüregini çawlaýardy. Ýaşuly içmegini ýelbegeý alyp, agzyndaky nasyny dökmän:
– Öjün üşin wolşa ýenizlägini al.
Gelin lap-lap ýanýan ýüzüni aýasy bilen tutdy. «Alla jan, obadaşlarym bir görmäbilse ýagşydyr. Ýogsa, her hili gepi ýasap oba äkitseler... Hudaý saklawersin, jan Allam...»
– Ýarawsyz garry üçin! – Onuň ýalan sözläsi gelmedi.
Nas satýan ýaşuly nasyny gapdala jytdyllatdy-da, dodagyny birki gaýta büzüp-ýazyp, ýene tüýkürindi.
– Näçesi gerek?
– Dört sanysy.
– Gaty gowy, Mary nasydyr, kyrk manat!
Ogulnyýaz nasynam, satyn alan çilimidir kişmiş-kişdesinem sellofan haltajyga saldy-da, sumkasynyň düýbüne dykdy. Soň ors bazaryna baryp bir tegelek tamdyr nanyny, iki kilo ýagly sygyr etini aldy. Işde çaý içmek üçin ýumşajyk bulkajyk, gatlama, kemput aldy. Ol daýzasynyň begenjegini bilýärdi. Ýüregi basymrak öýe ýetsem diýýerdi. «Men howlugýan welin, ýa Merdandan bir habar geläýdimikä? Ýa özi geljekmikä?» diýibem oýlandy.
Aýja çaý içilip otyrka gep ugruna özüniň öten agşam gören düýşüni aýdyp berdi.
– Men gyz, täzeden gelin bolýamyşym diýýen. Özümem ak fataly, bir uçýan, bir uçýan. Aşakda adamlar «Aýja!» diýip gygyryşýarlar. Biri mekdep jaňyny kakýamyşyn diýýän. Mekdebe girjek bolýan welin, oýanaýdym. Telefonymyz bir jynnyrdaýar. Ylgadym, ýetişmedim. Gaýtadan jan geldi. Oglum! Waý-eý, bir begendim. Balajygym, ne beýle giç diýsem, meni şähere uwalneniýä goýberdiler, bu ýeri agşamara diýýär. Ýaman begendim. Edil, uçuberesim geldi...
Bu gürrüň Ogulnyýaza ho-ol agşam gören düýşüni ýatlatdy.
«Iki sany adam ýüzli eşek, hoşamaý sygyr...»
– Gelneje, düýşüňde adam ýüzli eşek kowalasa näm-e?
– Seni kowalaýarmy? – diýip, Aýja gyzyklanma bilen sorady. – Sypdyňmy?
– Men gorkup, gaçyp sygra münýän!
Aýjanyň ýüzi agardy.
– Aý, näbileýin, gow-a däl. Ýa betbagt bolarsyň, ýa ölersiň...
Ogulnyýazyň ýüregi gykym-gykym boldy. Ol ýüzüni ýerden galdyrmady.
– Aý, düýşe ynanma! – diýip, Aýja sypaýçylyk eden boldy, emma giçdi.
Ogulnyýaz ýalan sözläp biljek däldi. Düýşüňi ilki bilen-ä gowy adamlara ýordurmaly, soňam dogryňy aýtmaly diýip, ony güp ynandyrypdylar.
...Öň bir wagt bir ýaş gelin düýş görüp, bilgijiň ýanyna barypdyr. «Bilgiç aga, düýş ýorup beriň» diýipdir. «Meniň bir goňşym düýş görüpdir. Özi utanyp gelip bilmedi. Düýşünde her göwsünden bir çaga möjek sorup durmuşyn! Näme boldugyka?» – diýen. Bilgijem: «Goňşy gelniň geljek ýyl şu günlere çenli ekiz ogly bolar» – diýen.
Çaganyň zaryny çekip ýören gelin gaýtadan özelenipdir: «Bilgiç aga, şol düýşi men gördüm, uýalyp dogrymy aýdyp bilmedim... – diýen. Bilgiç barybir sözünden dänmändir. Geljek ýyl şol wagtlar goňşy gelniň ekiz ogly bolupdyr...
Ogulnyýaz sesini çykarmasa-da, düýşiniň ýorgudyny mert kabul etdi.
– Abraý bilen ölseň, ölümem ýaman zat däl-le, öz müddetinde. Alla jan, abraý bersin...
Ol howlukdy. Ýöne nämüçindir Aýja ony işlemäge goýanokdy.
Ogulnyýazyň özem oňa «men işlejek, maňa azajyk päsgel berme...» diýip bilenokdy. Onda-da ol gyssanýandygyny çalaja duýdurdy.
– Gelneje, azajyk işim galdy. Sen ýanymda otur, men işläbereýin, bormy?!
Aýja gaýta arkaýynlandy.
– A gyz, sen işe geleliň bäri biziň erkeklerimize näme boldy gyz, ýöne ölüşäýdiler-le. Ýaňy sen poçta gitdiň welin, redaktoram, orunbasaram, bölüm müdirlerem gelip-gelip sorady durdy-la gyz, nirä gitdi diýip...
Ogulnyýaz maşynkasyny ýuwaşja şytdyldadyp oturşyna:
– Ýazan jogaplaryny getirendirler – diýdi. – Menem eglenäýdim-dä, gyssanýandyrlar
– A gyz, olaňky hatyň-patyň işi däl. Ölemen aşyk bolana meňzeýär-le, gyz. – Ol ahyry öz güzerine ýetdi. – Taňry Berdiýewiç-ä saňa bagyşlap goşgam ýazypdyr. Aýja aýtdy diýme. Gelip maňa görkezýär, ker pahyr. Şol bolýa diýse ýedi çagaly aýalymy kowjak diýen bolýar.
Ogulnyýazyň pikiri bir öýe, bir hälki düýşüň ýorgudyna, birem maşynkada ýazyp oturan hatynda bolany üçin, ol Aýjanyň bu gepini eşidenokdam:
– A gyz, ýene bir ýigid-ä seni ideýär. Şu gün «gepleşip bolmazmyka» diýip gelenleriň biri...
Ogulnyýaz başyny galdyrdy.
– Ertir duranlaň arasynda gözi goçak, saçy buýra-buýra, owadandan oglan bard-a, Ataş diýip, şolam-a yhlas edýar. Ýöne bularyň içinde has amatlysy, Taňry Berdiýewiç!
Aýjanyň gepleriniň bir ujy Ogulnyýazyň aňyna ýetip ugrady, Onuň aňlaýşyça, edil Annasoltan ýaly, Aýja-da ona hapaçylygy hödürleýärdi. Ogulnyýaz çydam etmedi.
– Gelneje, bagyşla, şu gürrüňi näme üçin meniň ýanymda edýäň.
Aýja güldi.
– Meni goýanoklar-ow.
Ogulnyýaz ömründe etmedigini etdi. Ol megerem, ömründe iň uzyn sözlemi aýtdy.
– Men-ä ýanymda öýe ýaňy düşen gelin bolup, seniň gyzyň işlese, ile şol gepleri diýdirmezdim...
Ol öz sözüne puşman etse-de etdi welin, Aýjanyň ugry bolmady...
– Men ýigit küýsäp däl, garyp günüm üçin işe geldim...
– Diýmedigim-eý, baý-buw, munuň dillijedigini...
Aýja gidenden soň Taňry Berdiýewiç geldi.
– Gördüňmi? Ertir seniň arkaň-a alandyryn. «Ýaş gelin bar diýdim, abraýyny saklalyň – diýdim. – Ol ýene-de gulagyndaky apparatyny düzedip başlady. Gözi bolsa bu gelniň pisse ýaly çalaja çyzylyp duran gyrmyzy dodaklaryndady.
– Aýjanyň diýenlerinem oýlan. Men seni gyssamok. Bu adamlar haramzadadyr. Seni aldap asmanda kakarlar. Şonuň üçin.
Ol işige garady. — Men seni öýüňe-de ugradaýyn, öýüňden işe-de alyp geleýin. Gerek diýseň, öýüňize-de baraýyn bormy?
Ogulnyýazyň ýüregi ýaryldy.
– Sag boluň, azara galmaň...
– Äk, näm diýdiň? – Ol apparatyny oýnady.
– Azara galmaň – diýýän.
– Ä-ä, düşündim, düşündim. Şeý diýermikäňem diýdim. – Ol gelniň edil garşysyna geçip, mydyr-mydyr edip başlady. – Dogry aýdýaň, ýeke bolsaň, gaty kyn, bilýän, meniň uly gyzym ärinden aýrylyşyp geldi. Şoňa baý azar berdiler-ä. Iň bärkisi, sadigiň garawuly bar, Gurban aga, ýetmiş ýaşynda, şolam diýipdir-dä, bäý bu adamlary. – Ol ýene gulagyny elledi. – Wiý, ýogsa-da, çagaň barmy? Sadige ýerleşdirmeli bolsa, aýdaý. Özümiziňkidir.
Ogulnyýaz maşynka işlerini birýüzli edip, bukjalaryň daşyna adresleri ýazyşdyryp başlady.
– Tüweleme, eliň-ä owadan eken! – Taňry Berdiýewiç, oturgyç alyp, onuň edil maňlaýynda jaýlaşykly oturdy. – Soçide bir gelin bilen tanyşdym. – Ol işige garady, hiç kimiň ýoklugyny bilip hasam ýylymsyran boldy. – Baý, owadand-a, ýöne sençe ýok. – Ony öwsem, sen gaty göräýme, sençe ýok. Ýöne eli owadan däl eken. Onsoň menem taşlaýdym. Seniň özüňem owadan, eliňem owadan.
Ogulnyýaz daş çykdy. Onuň bu adamyň gürrüňinden ýaňa ýüregi çatlabereýin diýýärdi. Ol gidesi gelmese-de kranyň başyna baryp, elini-ýüzüni ýuwdy. Iň elhenç ýerem, redaksiýada şol adamdan özge iňlär siňek ýokdy. Iň bärkisi, Aýja-da eýýäm gaýdypdyr.
Ol sagadyna garady. Sagat ýaňy bäşden işleýärdi. Taňry Berdiýewiç bolsa onuň stolunyň garşysynda gaty ornaşykly otyrdy.
– Hiç kim ýokdur, görseň – diýip, ol gülen boldy. – Diňe ikimiz. Şeýle bolsa gowy.
Ogulnyýaz sypaýyçylyk etdi.
– Men oturaryn, gaýdyberiň! Tanry Berdiýewiç ör-gökden geldi.
– Ýoo-ok, men seni ugratjak diýdim-ä. Häzir men gaýtsam, şu ýeri biderek adamdan dolaýar... Ýoo-ok, gaýdyp bolmaz. Meniň tejribäm ýetikdir. Öň elimden kän aldyrdym, yrsgalymy...
Ogulnyýaz halys çydamady.
– Daýy, häzir gaýyn agam gelmeli. Öz ýeriňize baraýyň-da...
Taňry Berdiýewiç hoşal boldy.
– Ä-ä, gaýyn agaňam barmy, ä?!
– Häzir gelmeli!
– Şu ýeremi? Düşündim. – Ol işige golaý bardy-da, ýene yzyna öwrüldi. – Sen, sen, şol, bir wagt ministriň orunbasary bolan Ata, Ata Haýlynyň gelni dälmi? Ä, men ony gowy tanaýan, erbet adam däldi. Ýöne aýaly ýaman erbet, gezegen diýerdiler. Şonuň inisimi geljek?
– Ýok, daýym!
– Kim diýerler oňa?
– Ýazow!
– Ä, ä, düşündim! – Ol öz kabinetine sümüldi. Soň eli papkaly gaýdyp geldi. – Men saňa bagyň içinde garaşaýaryn. Bir salym oturarys, soň ugradaýaryn, bormy?
Ogulnyýaz sesini çykarmady. Diňe ol gidensoň:
– Toba! – diýip oňdy.
Ol işlerini birýüzli edip, azajyk dyzyny epdem welin, ýene-de Aýjanyň sözi gulagynda. ýaňlandy. «Ýa masgara boljaksyň, ýa-da öljeksiň!».
«Heý, adamyň ýüzüne-de beýle zady aýdyp bolarmy? Hudaý saklasyn. Öljek bolup duran adama-da, «şükür ýagdaýyň gül ýaljak, ýüzüň-gözüňem gowja» diýmeýärlermi?».
Ogulnyýazyň göwni birden ynjap gitdi. Ol şu aladalaryň, şu gep-gürrüňiň arasynda ölüp gidäýjege meňzedi. Onuň göwni häzir Merdanyň didaryny küýsedi.
«Alys ýerde däl-ä, ýekeje sapar görsem, soň ölsem, alla jan!» diýip zarlady. «Eziz Merdan taýyňy tazykdyryp, sen nirelerde otlap-suwlap ýörsüň? Sen gaýratly, namysly-arly är bolanyňda, ýöne daşyma dolak bolup ýöreniňde men şeýle bolmalymy, Merdan?! Meni indi haçana çenli uýançsyz-utançsyz adamlaryň gyjalatyna goýjak sen, Merdan!».
Ol zatlaryny ýygnaşdyrdy. Indi hälki öýe atygsaýan ýürek ýokdy. Misli, öýe barsa başyndan bir bela inäýjek ýalydy. Birdenem onuň ýadyna hälki adam düşdi.
«Eý, allam, adamlar nädip beýle bihaýa boldularka? Olary pälinden gaýtarjak ýokmuka? Erkek adam bolup, telpek geýip, garawsyz görüp, bir naçara nädip batyrynyp bilýärkä bular? «Gyzym bar, gelnim bar, aýalym bar, hudaý meniň ile edenimi özüme basar» diýip pikir edenoklarmyka, bular? Ony diýseňem», «gyzym ärinden aýrylyşyp geldi, gören oňa lak atýar» diýip otyr-a. Ýa bu durmuşyň asly şeýlemikä? Edeniňi edip ýörmelimikä? Daýzam beýle, Annasoltan beýle, Aýja beýle! Sen bize başga edep öwretdiň-ä, ene jan! Sen bize «haýam, namysym gidenden, janym gitsin! Namyssyz ýaşandan, ölüm ýagşydyr» diýip öwretdiň-ä, ene jan!».
Ol uly redaksiýada içini hümledip oturyşyna, pol süpürýän aýalyň geleninem bilmändir. Ol salam berdi:
– Men gaýdybereýin, daýza! – Pol süpürýän garryja aýal onuň salamyny aldy.
– Amanmyň, keýgim – diýdi. – Näbileýin, başlygyňyz otur diýmedik bolsa gaýdyber.
Ogulnyýaz ýukajyk, eýran ýaglygyny başyna atdy-da, toruny, sumkasyny eline aldy.
– Sag boluň, daýza!
– Sag bol. gyzym! – Ol bu ýaş gelne dözmedi. – Dur, häli. Ýeke gitme. – Ol oturgyçlary stoluň üstüne galdyryşdyryp ýören agtygyna gygyrdy. – Geldi, Geldi jan, bar, gelnejeňi duralga çenli ugrat. Ýeke gitmesin!
Ogulnyýazyň ýüreginiň düýbi ýagtylyp gitdi. Ýöne sesini çykarmady.
– Gelneje, getir, toruny ber!
Olar tirkeşipjik duralga bardylar. Geldi aňyrdan gygyryp geldi.
– Ene eltdim. Mazaly awtobusam geläýdi. Gaty begendi, mündirdim welin...
– Näme diýdi!
– Ol ýolboýy aglap gitdi. Gözýaşyny maňa görkezmejek bolýarlaý!
Bike daýza ogluna berekella berdi-de:
– Wah, nebir maşgala, bu-ça-bu-ça işlere, köçä, awtobusa dözer ýalam däl. Elbetde, zerury bardyr-da, güzeran gursuň-da – diýdi.

7.

Ogulnyýaz açyk duran işikden öýe girende, iki sany aýalyň özara gürleşip, daýzasynyň olara hä berýändigini eşitdi.
– Bazaryň nyrhy gaty galdy, gün görer ýaly bolmady – diýip, aýallaryň biri aýtdy. Beýlekisi birneme sypaýy gürledi.
– Aý, muňa-da şükür, uruş-galmagal, dawa ýok. Ýurt parahatçylygy, il agzybirligi her zada degýär.
– Wah, ol diýeniň dogry-la, ýöne halk erbet. Işläýin, gazanaýyn diýýän ýok. Her kimiň eline taýýary gerek. Neneňmi, bir kişi gowja ýaşasa, bu-uw, onsoň dat olaryň gününe, görüp bilmeýän kän. Görüp bilmedigiň gözi çyksyn...
Ol salam berip, içeri girdi.
– Amanmyň?
Daýzasynyň sesi hasam minnetli çykdy.
«Ertir gider urgana, agşam geler ýorgana». Şol ala daňdanky gideni. Gelinli boldugymyz däl-eý. Indikiler äriniň däl-de, hökuwmadyň heleýi. Hökuwmat hezilini görýär bularyň. – Ol salam-helik üçin dyz epen gelnine azgyryldy. – Bar, indi bir oturma, maşarylyp, çaý goý, nahar-şor et!
Ogulnyýaz «bor» diýip baş atdy-da, eşiginem çykarman aşhana eňdi. Çaý goýdy. Soň eşiklerini çalşyryp gelip, nahar atardy, çäýnekleri demledi.
Daýzasy üçin alan zatlaryny getirip, onuň öňünde goýdy.
– Bularyň näme?
Ogulnyýaz baş atdy. Daýzasy hasyr-husur düwünçegi açdy.
– Ba-a, ba-a, bu-da adam boljak. Bu-da daýzam bar diýjek! – diýdi-de, düwünçegi ýeňsesine aýlady.
Saçagyň üsti boşdy. Baryp, günortanky içilen çaýyň käseleri hem ýygnalmandyr.
Ogulnyýaz käseleri, çäýnekleri ýygnady. Saçagy arassalap getirdi. Çaý, çörek, kişmiş-kişde goýdy. Bazardan alan kemputlaryny owadanja gaba guýup getirdi. Salym geçmänkä-de orta nahar äberdi. Daýzasy nahara egen başyny galdyrman oturyşyna, ýene-de zeýrenip ugrady.
– Güni bilen gidip, getirýänem üç ýüz manat. Dört işde işläp, zordan iki müň manat berýä, ýarym aýda. Heý, şondanam iş boldumy?
Aýallar agzlaryny açyp galdylar.
– A gyz, biziň adamymyz-a bir aýda şonuň ýaryny alanog-a. Toba diý, şükür et, waý ..
Beýleki ak mapraç, köýnegine sygman oturan owadan gelnem gözüni-gaşyny oýnatdy.
– Dogry aýdýa, indi üç müňüňe-dört müňüňe näme düşýär? Bu ýurtda durarlyk galmady...
Aýallar saçaga ellerini uzadyp-uzatmanka daýzasy çekildi.
– Men-ä boldum. Agşamna bu adamlarda işdä barmy, näme? – Ol gelnine gygyrdy. – Ýygna, gyz, gyrnak, naharyňy, sowap durmasyn. Al, äkit.
Ogulnyýaz daýzasynyň ala gözüni görse-de, ýaşmagyň astyndan «Iýiň-dä» diýdi. Aýallar ellerine döwüp alan çöreklerini saçagyň üstünde goýup, «bereket bersin, iýdik» diýdiler.
– Al, ýygnaý!
Daýzasy atyny «ýola» saldy.
– Günüň batyp barýan wagty her kimiň müň işi bar. Her kim seniň ýaly işsiz däldir... Al habaryny, bu gelinleriň...
Horrak aýal gelip ýanynda oturan Gelni başdan-aýak synlady- da, ýuwaşja aýdyp başlady.
– Ýaňy gaýnyňa-da aýtdym. Gyzym çykjak. Gudalar gyssanýa. On sany ýaka bilen iki pommahyny boýun alsaň...
Ogulnyýaz boýnuny burdy-da, daýzasyna bakan elýni uzatdy.
– Daýzam näm diýse...
Daýzasy söwdanyň çaltyrak sowularyny isleýärdi.
– Getiriber!
– Ýöne gyssagdyr!
– Näçe gün gerek?
– On günde bolaýsa..
Daýzasy ýylymsyrady.
– Iş gyssag diýseň, hakam ýokary bolar. Şonam aýdaýyn...
Hor gelin alaçsyzja ýylgyrdy.
Bu gyzyň eli, tüweleme, gyzyl-a. Oňa näçe diýse durarys.
– Bor-da, onda...
Ol aýak çykyp gidenden soň, gezek owadan gelne geldi.
– Men-ä keýgim, size birneme kömek edeýin diýdim. Eger razy bolsaň, öýdeniçer edip aljak. Häzir näçe alýanyň-a bilemok. Men aýyňa bäş müň-ä bereýin. Şol pul-a ministrleňem alyp bilýän däldir.
Ogulnyýaz başyny ýerden götermedi.
– Sen, gyz Jahansoltan, aý aýagy bir ýetsin. Işe girip, çykyp durmagam aňsat däl-ä...
Jahansoltan agzyny towlady.
– Görüň, görüň, meniňki, hälki bir aýtmak, elimi uran ýeriňden tapylýa, bu wagt, gyrnak geregiň bolsa. Men dözmez bolamsoň aýdýan...
– Hany, gelin, howlukma, seniň artykmaç gelindigiňi biri aýtmaly däl-ä – diýip, daýzasam ikigöwünlirägeden gürledi.
Ogulnyýaz oňa pyşyrdady.
– Men seniň öýüňde näme iş etmeli?
Jahansoltan owadan ýüzüni, mähir damaýyn diýýän gözlerini balkyldatdy.
– Iş bolup, işem ýok-la gyz. Irden barsaň, çagalary naharlap, mekdebe iber. Soň daýyňy işe iber. Olaryň yzyny ýygşyr. Günortan, öýlän nahar ataryp, iýilip-içilensoňam, ýygnaşdyryp gaýt. Aýda-da hälki aýdan baham bolar. – Ol gelni gyzyklandyrmak üçin. – Gowuja bolsaň, iliň geýmedik köýnegini geýersiň. Iliň iýmedigini iýersiň. Biziň galan-gaçanymyzam bu garry ikiňize bes bolar...
Ogulnyýaz sesini çykarmady.
– Görüň, meniňki aýtmak! – Ol Annasoltan ogluny göterip içeri girenden turmak bilen boldy. – Aýyň aýagy bolsa, aýagy eken, garaşaýaryn...
Annasoltan Myrady Ogulnyýazyň gujagyna berdi-de, gözlerini ýaldyradyp, saçaga garady.
– A gyz, gowy çörek eken-le, azajyk alaýyn. – Ol Ogulnyýaza gysmyljyrady. – A gyz sen haýsy redaksiýada işleýäň gyz?
– «Sungat» žurnalynda.
Ýumşajyk çöregi agzyna emaý bilen reňkini bozaýmaýyn diýen niýet bilen salan Annasoltan ýüzüni kürşertdi.
– Waý, şol Aýja bilen işleýäňmi?
Ogulnyýaz baş atdy.
– Waý, dogan, ýaman hapa heleýdir. Är sortlap ölen-ä, ol, her ýerinden birküç dogran künt-ä ol. Indem Taňry diýdimi, biri diýdimi, biri bilen-ä är-heleý ýalymyşyn. Ol Taňry diýeniňem onçagasy barmyşyn. Bularyň düzüw däldigini bilip, onuň aýaly çagalarynam alyp bulara barýa. Urupmy, depipmi, gapylaryny açdyrýa. Görse, masgara, ikisem ýalaňaçmyş. Ol aýalam düýt-müýt edýär, Aýjany. Soňam:
– Künti, ärimi elimden alman-a bildiň. «Me, şu on çaga-da eýelik et» diýýär-de, gapyny jarka ýapyp gaýdypdyr. O çagalaram.
– Ol hezil edip güldi. – A gyz, hakyt Aýjanyň öýüni tozduryp gaýdypdyr. Asyl, ejesi ýam-man hytyr eken. Çagalaryna öwredip gaýdan eken. A gyz, şeýle bir goh bolupdyr. Sen goýaý. Ol heleýem ind-ä ol aýaldan gorkusyna o ýer çekmiş bilen gezenokmyş. Ýöne heleý tapyp berýärmiş...
Annasoltan işige bakan ylgady.
– Wagtym, wagtym. Meni saklamaň, wagtym boldy.
Annasoltan gidenden soň Pugta daýza gelniniň getiren nasyndan atdy.
– Haram baýtallar, ýok bolup gidiň-dä. – Ol gelnine gözüni alartdy. – Näme, olaryň öňünde çaý, nahar goýup, iki dogup bir galanyňmy? Ýok bolsunlar, güni bilen dişimiň şoruny sorup otyryn. Nahar-çaý getirip berýän ýok-la.
Ol nasyny howlukmaç tüýkürdi.
– Alanlary soňaşlaryna ýaranlar, guruja gök gum. Muny, dünýäniňkinem alypdyr, aş berjek ýaly. Nas däl-ä, nasy guramyşlaryň. Munsy çilim diýip alanam, awulyk...
Ogulnyýaz daýzasyna ýaranyp bolmajagyny bilse-de, sesini çykarmady.
– Getir hälki awulygy! – Ol Myratjyga gözüni alardyp garady. – Munuň ejesem, haçan görseň gapyçy Ýezit, iki gözi saçada, gäwüşäp geçen. – Ol gelnine ýene-de sabyrsyzlyk bilen gygyrdy. – Getir, awulygyňy – diýýän. Seniň bu nasyň içimi telpek! bilen syrana dönderdi. – Ol ýene-de gyr-gyr gygyrdy. – Getir, artyp, içim akdy-y!
Häzir Ogulnyýazyň dünýesi düzüwdi. Ol Myratjygyň garnyny doýrup, ony golaýjygynda ap-akja düşegiň üstünde ýatyryp, daýzasynyň «üh-hä-üh-ä» - sini diňläp, aldygyna ýaka keşdeleýärdi.
Maşynyň birsydyrgyn şyg-şygy onuň ýürek urgusyny sazlaýardy, ertirden bärki argynlygyny pelle-pelle edip asmana uçurýardy. «Nesip bolsa, Merdan jan sagalyp gaýdyp gelse, biziňem Myrat jan ýaly bäbejigimiz bolsa. Daýzamyň hem gülüp görmedik günleri döwlete öwrülip dolansa. Eý, allam, gurbanyň gideýin. Men seniň gyrnagyndyryn. Ýöne, sen meni gyrnagyň gyrnagy etme. Gyrnak etseňem, merdiň, abraýyň gyrnagy et! Meni biabraýçylykdan, ýaman pällerden, erbet niýetlerden özüň gora...».
Ol şu günki ynsabyna bap, bap däl ýagdaýlary seljerdi.
«Annasoltana ne alaç etmeli? Aýja bilen nähili bolmaly. Taňry Berdiýewiçden nädip dynmaly? Ol adamyň özüne ynsap gelmezmikä? Heý, ýumruk ýaly gelne-de beýle, sütem etme bolarmy? Ol ody özüne, ötmese kesekä basyp görmel-ä. Belki, hudaýym, onuň göwnüne rehim inder, meni şeýle bela-beterlerden özüň aýa...».
– Gyrnak! Aý, Gyrnak!
Ogulnyýaz maşynyny togtatdy-da daşky otaga çykdy. Daýzasy garader bolup otyrdy.
– Ýygna!
– Çaýam içäý, ajyja edip demläýin. Kişmiş-kişdänem seniň üçin ýörite aldym...
Daýzasy alyndaňysy bilen gara suw bolup duran ýüzüňi süpürdi-de uzyn-uzyn gägirdi.
– Eý, alla, beren günüňe şükür!
Ogulnyýazyň argyn ýüzi ýagtylyp gitdi.
«Eý, Allam, daýzamyň ýüregine-de kanagatlyk ber! Onuň göwnüne-de sahawat sal, jan Allam!».
Daýzasynyň «beren günüňe şükür» diýmesini onuň ýüregine mähriň, rehimiň zerrejiginiň düşmegi diýip düşündi.
– Näme? – diýip, daýzasy ýylgyryp duran gelnine gatyrgandy.
– Çaý içermiň?
Daýzasy ýassygyna gyşardy.
– Näme, meni ýarjak bolýaňmy?
Ogulnyýaz aşhanada azajyk eglenip geldi. Soň daýzasynyň ýanynda dyz epdi.
– Daýza!
Daýzasy agzyna atan nasynyň pinegini görüp, meýmireýärdi.
– Aý, daýza!
– Näme, bela saňa? At dakjakmy, aýjyn. Bar mazamy aldyň?
Ogulnyýaz onuň elinden tutdy.
– Gel, men seni suwa düşüreýin. Saçyňy ýuwup, darap bereýin. Täzeje eşikleriňi geýdireýin. Ýogsa, gelen-gideniň ýanynda...
Daýzasy ör-gökden geldi.
– Ýit-owarra bol, salaty! – Ol ýerinden galyp nasyny tüfdana dökdi-de, täzeden möwç aldy. – Näme, ýuwunyp-ardynyp toýum galmandyr. Süleýmanyň mülkünde ýeke balam, türmede çüýredi diýip gelinsiräýinmi? Ärim türmede çüýräp, yzym tozdy diýip gelinsiräýinmi? Iliň ýuwundysyny iýip-içýän diýip gelinsiräýinmi? Balamyň yzy turdy, zürýat görmedi diýip gelinsiräýinmi? – Ol agyr haşlady. – Bolýa, sen gelinsireýäň, maňa deregem. Şol bir oba ýeter. Daýzaňa gelinsireme gerek däl...
– Daýza! – diýdi. Nadyl bolmaň. Ine... Merdan jan geler. Hemmesi düzeler. Gel, duşmana syrymyzy bildirmäli. Ol ölüme gidenog-a, özüni bejertmäge gitd-ä!
Pugta daýza töweregini sermendi. Häzir eline agramlyrak zat düşse, gelninden saljaga meňzedi.
– Haý, diliň gurasyn. Aklyň bar çatdygy-da, guşkelle. Duşmana syr bildirmäli diýip, köçä balaksyz çykybereli diýjekmi? Meniň ýüregim näme diýýär, seniň ýüregiň näme diýýär. Ah, pelek...
Ol maňlaýyny tutdy.
– Sen, gyrnak, köpbilmiş gyrnak sen. Sen Merdanyň gaýdyp gelmejegini bilip dursun. Sen Merdandan adam çykmajagynam, özüňe ärlik etmejeginem bilip...
– Daýza! – Ogulnyýazyň gözleri peträp, dili tutuldy. – Waý allam, hudaý diýiň, diliňize alýan sözleriňiz...
Ogulnyýaz daýzasynyň aýagyna çökdi.
– Maňa Merdansyz ýeke demem gerek däl. Merdanyň ýaşamajagyny bilsem, şu wagt ölerin... Dünýäniň ýüzünde ýeke umydym şonuň baş diklig-ä, daýza!
– Jö-ögi – diýip, Pugta daýza agzyny burup, başyny ýaýkady. – Men beýle köpbilmiş görmedim. Hudaý-eý, maňa görkezdi, beýlekiler bir görmesin...
Ogulnyýaz ýene-de daýzasynyň ýarasyny täzelänini duýdy. Soň sesini çykarman öz otagyna girdi. Emma aýagy-eli maşyna barmady. Daýzasy welin täzeden möwç aldy.
– Senjagaz, ministriň ogluna bararyn, Aşgabadyň ortasynda şaraňlap duran jaýa ýe bolaryn, bir elim ýagda, bir elim gaýmakda bolar, ýüpek ýaly, Meskwäni gutaryp gelen oglan, onuň garry enesem açsam aýamda, ýumsam ýumrugymda bolar, baý sürerin-ä – diýip gelenjesiň. Meniň ýüregime, şu ülhidi çykan ölsün, şu maňlaýy garanyň ýüregi kerçelsin, garagy aksyn – diýip, ot salýaň.
Ogulnyýaz ömründe ilkinji gezek hasrata batyp, gözüne uky gelmän geçirdi. Ol bäşiň ýarynda, «jyňňyrdamasyn» diýip, sagadyň düwmesini öz eli bilen basdy-da işine, köçe süpürmäge ugrady.

* * *

Daşary garaňky bolmasa-da Ogulnyýaz üçin, heniz, dogup-döräli ýeke bolup «aladaňdan» daşarda gezmek diýen düşünje aňyna gelmedik, ol gelerem, gerekdirem öýtmedik zadydy. Ol öýde bolanda ädimini ýeke ädermidi. Oba adamlary, näme diýseňem rehimdardy. Eger enesi, şu wagt öýüne gelin gelse, şony al-arwahyň örýän çagy ýeke goýberermidi? Ölem bolsa ýeke goýbermezdi. Daýzasynyň welin azaryna-da däl-ä. Ony Ogulnyýaz daýzasynyň erbet ýa-da ensisiniň gowy bolanyndan görmedi. Ony şäheriň däbinden, düzgüninden gördi. Öýlerine näçe aýal geldi. Biriniň ýanynda-da ýa baldyzy, ýa ýüwürjisi ýog-a. Gaýta, olar näçe ýeke bolsalar, şonça ýagşy görýän bolara çemelidi. Aýja-da ýeke, Annasoltanam, daýzasam ýeke daýzasynyň iň bagtly wagty, ýeke galan çag-a...
Iň bärkisi Annasoltanyň ogly Myratjyk näme, şolam ýeke bolsa, özbaşjygyna oýnawajyny oýnap, göwnübir ýaly bolup otyr-a.
«Işikde sömelip duran garany görüp, Ogulnyýazyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Yza-yza çekildi.
– Gelýäňmi? – Erkek adamyň gyňyr sesi onuň bedresini elinden gaçyrdy. Ol «yza gaýdybersemmikäm» diýen niýet bilen birki ädim gaýra çekildi.
– Geliber, gorkma!
– Kimsiň?
– Men, Apdy!
Ol brigadirlerini tanady.
– Wiý, daýy, sizmi?
– Men bolman, eýse, kim molsun! Aý, öwrenişýänçäň ýanynda bolaýyn diýdim. – Gowy ýatyp-turduňmy, düýş-püýş görmän, he-heh-he.
Ol elini Ogulnyýazyň eline uzatdy. Gelin elini çekip aldy.
– Äber, bedräňi. – Ol bedräni eline alyp, tigriniň şahyna ildirdi. – Walla, näme titräp dursuň, towşan ýaly. Bu bolşuň bilen bu aladaňdanda asmanda kakyp gider şäher «möjekleri».
«Möjek» diýende Ogulnyýazyň ýüregi ýene-de bükgüldäp başlady. Ol Abdy aganyň ýanynda bolanyny gaty görse-de, şu sözden soň bu adamyň gelmegini kemem görmedi.
«Brigadir-ä, näme aýby barmyşyn...»
Abdy Ogulnyýazdanam çalt, öndümli işleýärdi. Ol uly sübsäni iki çalanda pyýada ýoluň ep-esli ýerini arassalaýardy. Ýöne onuň bir bolmaýan ýeri, iki gözi ýoldaşyndady.
– Alyp gel, süplükleri, äkidip dökeýin. – Ol süplügi atyp gelenden soň birhilije boýnuny burdy. – Düýnki puly äkelen dälsiň?
Ogulnyýaz sesini çykarmady.
– Äý, – diýip, Abdy elini silkdi. – Heýç goýanoklar-da. Bolmasa, – Ol sübsä güýmenen boldy. – Bolmasa, men häzir öz jübimden goýaýyn, soň ikijigimiz hasaplaşybereris...
Ogulnyýaz diňe «taňryýalkasyn» diýdide oňdy. Abdy hasam açyldy.
– Bu wagt, taňryýalkasyna bir kile daşam berenoklar. Daşam, häzir elden aljak bol, jübiňi çökeräýer...
Ol Ogulnyýazy edil düýnkisi ýaly, girelgä çenli ugratdy-da, bedreleriň bagyny şakyrdadyp onuň eline berdi. Şonda Ogulnyýaz ýat adamyň gödek eliniň eline degenini duýdy. Ol bedräni taşlap goýberdi-de, gazap bilen brigadiriň ýüzüne garady.
Abdy gödeksi ýylgyrdy. Ol gelniň gözlerinden, syçrap giden oda ýüzüni çirkezäýmezlik üçinmi ýa-da ätiýaç etdimi gaýra çekildi.
– Sag boluň!
Abdy ýalym-ýulum etdi.
– Bolmasa, ertir çykmaý.
– Näme üçin? – Ogulnyýazy howsala gaplady. «Bu adam meni işden çykaraýmasyn?» diýen howsala onuň öňem çygly endamyna der getirdi.
– Aý, bolmasa, özüm arassalaryn. Sen, ýöne gadrymy bilseň bor!
Ogulnyýaz sesini çykarman girelgä ýöneldi. Abdyň guşy uçdy. Ol tigrini şakyrdadyp, hiňlenip, mes bolup, daňdanyň demine siňip gitdi.
...Ogulnyýazyň öý uprawleniýesine köçe süpürýän bolup işe girmegi indi ogluny öýerip, gyzyny çykaran adamy üýtgeşik duýgy bilen yrady.
Ýazow oňa bu gyzyň ýagdaýyny aýdypdy.
– Özüň göz-gulak bol. Äri alkaşlary bejerýän ýerde ýatyr, gaýynenesi, tireki, maýyp garry. Başga bir eklenjegi ýok. Hossaram özüň bolmaly, eýede...
Ýazowyň bu sözi nämüçindir Abdynyň ýüregine rehim däl-de, hyjuw guýdy. Ol ilk-ä, bu gelni görmegiň arzuwyny çekdi. Görenden soňam oňa däli-diwana aşyk boldy.
Onuň brigadasynda dürli ýaşdaky aýallaryň on dördüsi bardy. Olaryň hem köpüsi ýaşy durugşan zenanlardy. Arasynda ýaşyraklaram bardy. Olaram «Abdyşka!» diýip, brigadiri aýnadýardylar. Ol gelinleriň on dördüsi, her aýlykda, her awansda oňa ýüz manatdan ýygnap berýärdiler. Brigadanyň çlenleriniň onusy dagy söwdagärdi. Kim Hytaýa, kim Eýrana, kimsi Türkiýä, kimsi Arabystana turistik topar bilen söwda gidýärdi. Gelenlerinde-de olar Abdynyň paýjagazyny getirýärdiler. Kimsi köwüş, kimsi jorap, kimsi bir geýimlik ponbarht getirýärdi. Şeýle bolansoň, bu gelinleriň arkasyndan Abdynyň eli agzyna ýetipdi.
Ol ogluny öýerende-de mata-marlyk, halat-serpaý meselesinde bu söwdagär gelinler oňa hezil beripdi. Abdy gudalarynyň salan agyr halatlarynyň spisogyny şolara berdi. Olaram kimsi mugt, kimsi ýarym-ýalta baha bilen Abdynyň möhümini şobada bitirdiler. Olardan her aýda iki sapar gelýän lomaýja düşewündem onuň üstüne oňat ýetne boldy. Ol toýdan soň, ilki öýüni, soň howlusyny düzetdi. Indem bir maşynjyk almagyň kül-külüne düşüp ýördi.
Täze gelniň işe gelmegi ony bu «mukaddes» maksadyndan dänderdi. Indi ýatsa-tursa öňki ýaly maşyn däl-de, «Gyrnak jan!» göz öňünden gidenokdy.
«Äl-aýt, onuň ýasalaýşyny!» diýip, ol içini çekip oýlanýardy. Aşyklyk derdi oňa öňräk ýolugypdy. Onam öz işgär gelinleriniň biri – «Akja» ýolukdyrypdy.
Akja demir ýoluň gaýrasynda ýaşaýardy. Onuň durmuşy bolmandy. Bir çagasy bilen adamsyndan aýrylyşyp, uçastok milisioneri «Ýa söwda etmäňi bes et, işe dur, ýa-da men seni bu etrapdan göçürjek» diýip, kowalap ýörensoň, bir tanşynyň üsti bilen şu işe ýerleşipdi. Bir Abdy, ýarak it ýaly, her gün «giç geldiň, ir geldiň» diýip hyňranyp dur diýmeseň, bu iş hazynady. Daň bilen işe bir görnüp, islän öýüňe haryt eltip bolýardy. Şondan soň milisionerdenem onuň gulagy dyndy. Ýöne bir sapar Türkiýe Respublikasyna gezelenje gidip gelenden soň Abdy ony it alan sanaja dönderdi. Öý uprawleniýesiniň başlygyna çagyrtdy. Düşündiriş aldy. Arzasyny aldy.
– Sähel gijä galsaň, arzaňa gol çekip, gümüňi çekerin – diýdi.
Bu masgaraçylyk Akjany ýerden alyp, ýere saldy. Ahyry bolmandan soň özi Abdynyň ýanyna bardy.
– Abdy aga! – diýdi.
Abdy onuň üstüne dazaryldy
– Diýmek maňa Apdy diýip, Apdyşka diý.
– Ýok-la – diýip, Akja çyna berimsiz uýalan boldy. – Siz bir epeý adam-a. Onsoňam başlygymyz...
Abdy ony diňledi.
– Abdy aga, men agşam nahara çagyrjak bolýan. Eger mümkin bolsa....
Abdy kes-kelläm garşy boldy.
– Bolmaz. Men size ýetikdirin. Ilki hajyk-hujuk, soň ýamanlama. Soň arza... bolmaz.
Akja ony sypdyrmady.
– Abdyşka, jan Abdyşka, geläý, ýeke özüňden başga hiç kim bolmaz. Iýeris, içeris...
Abdynyň gulagyna bu «owaz» ýakdy öýdýän. Ol gulagyny sallady.
– Näme üçindigini aýt.
Akja mysapyrsyran boldy.
– Neme, siz maňa näçe ýagşylyk etdiňiz. Araky masgaraçylykdan alyp galdyňyz. Daşymy dolap, hemaýat edip, hossar bolup ýörsüňiz. Ärsiz aýala aňsatmy? Siz maňa äriň etmedigini edýäňiz. Ýagşylygyňyzyň aşagyndan çykma ýokdur welin, onda-da bizem gaýtarmal-a...
Abdy hondan bärisiredi.
– Bolýar, bararyn. – Ol tigriniň şahyna kakan boldy.– Adresiň näçe?
– Gaty gijä galmaň, nahar sowar – diýip, Akja hasam berkitdi.
– Bararyn, sagat ýedä garaşyber...
Akja Abdynyň görmedigini görkezdi. Birküç nahar, dürli salat, daşary ýurt konýagy, gaýdanda serpaý Abdynyň aýagyny ýeňletdi.
– Özüme duýdur, gitjek wagtyň – diýip, bu çakylykdan göwnühoş bolan Abdy göwünjeň aýtdy. – Özüme aýtsaň, bir aý diýseňem goýbererin. Ertirem işe çykma...
Abdy Akja diňe bir işden rugsat bermän, daşary ýurtdan geljek güni öňünden çykyp, ýüküni alşyp, maşyn tutup öýüne-de getirişýärdi. Akja-da kem galanokdy. Güni üçinmi, ýa-da «turşusy» halys depesine uransoňmy, käte öz hemaýatkärini goýnuna-da salaýýardy. Oňa her dürlije egin-eşigem alyp beräýýärdi. Onsoň onuň towguna tok diýýäni ýokdy.
Akjadan soň Abdynyň «garajasy» peýda boldy. Garagyz institutlaryň birini tamamlap oba, kitaphanaçylyga işe gidipdi. Onda-da bäş ýyl işläp, ýerlemän, Aşgabada gaýdyp gelipdi.
Ol hem kitaphanalaryň birinde, hemem öz uprawleniýesiniň garamagynda hasabynda durýan jaýlardan ýekeje otaglysyny alyp berdi. Ony daşary ýurtlara «gezelenje» gitmäge ugrukdyrdy. Öýüne bardy, hossarlyk etdi, Garagyzam, heniz belli biriniň başyny tutup äre barmasa-da, öz bähbidi üçin Abdyny ýakyny saýdy. Ony diňe öýüne däl, ýorganyna-da goýberdi.
Indi bir ýyldan gowrakdyr, Abdy bu durmuşyň «akja» hem-de «garaja» güllerini çürtip ýaýnap ýördi. Jübusi pulluja, july düzüw, göwni galkyk ýaşuly indi «maşyn münsem» diýýärdi.
«Wah, gökje maşyn alyp, bir güň «akjamy», bir gün «garajamy» mündürip ýelejiresem, armanym galmaz...».
Категория: Romanlar | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: