22:08
Gyrnak -3/ romanyñ dowamy
* * *

Ogulnyýaz geçen tomusdaky ýagdaýy göz ösüne getirende, özüni öldüriberesi gelýärdi.
Ol bu öýe gelin bolup düşenden soň, Merdan allanäme girip-çykyp ýördi. Bir gün işe ýerleşmegiňem gürrüňini edipdi.
– Däde Ýazow, men nirä işe ýerleşeýin?
Ýazow onuň bolşuna iki bolup bilmedi.
– Gir zawodlaryň birine. Ilki slesar bol ýa işçilikden başla. Birki aýdan razrýad bererler. Soň özüňi görkezseň, ýokary bilimiň bar, hudaýa şükür, zehiniň bar. Ösersiň. Ile goşularsyň...
Bir gyrada çilim kükedip oturan Pugta daýza agyr üsgürindi. Soňam hykgyldap, demini zordan alyp gepledi.
– Haýt, oglan. Sen düzügli geplegin-ä.
Ýazow aňk-taňk boldy.
– Näme boldy? – diýip, ol hiç zady myzaýyk etmän sorady.
Pugta daýza az-kem hüjjerip başlan saçlaryny, çilimli eli bilen gaýta-gaýta düzeden bolup, has ekezlenýärdi.
– Sen, gaty düzüwlije bol. Öň eliňi goýberdiň diýseň, indi diliňem goýberip başladyňmy, hä?
– Näme boldy, daýza, näme diýenmişim?
Daýzasy meçew aldy.
– Men hiç zada düşünmeýän tüntdür öýtme. Baý düşünýändirin-ä. Men ministriň heleýidirin. Galaba ministrleriňi ters pyrlandyraryn. Häzir meni hudaý tutdy. Sen bir garga bolup gözümi çokma.
Ýazow henizem hiç zada düşünenokdy.
– Daýza, men-ä hiç zada düşünemok.
– Baý, düşünýäň-ä, içjagazyňda merk bar, ýöne.
Ýazow gaharlandy.
– Goýsan-aý, biderek yrsarama, daýza. Aýt, näme günäm bar bolsa!
Pugta daýza ýüzüni sallap, torsarylyp oturdy. Soň öz-özi bilen gepleşen bolup başlady.
– Jan dogan, meniň gül ýaly çagama slesar bol diýşini gör, onuň. Indi Meskewa ýaly ýerde okuw gutaran, özem nähili okuw gutaran balamy gara ýaga bulajak.
– Ýok, Daýz-a! – Ýazow düşündirjek boldy. – Men, men, neme däreý...
Daýzasy ýene-de özbaşyna yzylady.
– Gör, onuň içikdirişini. «Ile goşularsyň» diýip... Näme, öň ile goşulman, ilden çykypmy? Ile degdimi? Iliň bajysyny... Seniň päliň düzüg däl. Balamy azdyran sen. Gör, ony «ile goşularsyň» diýip. Il gaýta oňa goşulsyn...
Ýazow her näçe düşündirjek boldy. Emma daýzasy gaýta, barha beterleýärdi. Ýazow gaharyna çykyp gitdi.
– Içiber balam, isläniňi et. Ýöne gara ýaga bulanmasaň bolany. Pylan ministriň ogly içip ýör diýse diýsinler, ilem içýä. Içse mesliginden içýär, diýerler. Içmek aýyp däl. Ýöne men ölýänçäm gara ýaga bulananyňy görmäýin...
Bu gep öňem suw miýilli Merdanyň gulagyna ýakýardy. Olam birden namys oduna tutaşdy.
– Ço, maman, däde Ýazow öňki däde Ýazow däl. Şol bir aýdanyny diýip otyr, diýip otyr. Näme üçin meni daşary goýberenok. Ço, men rabçto-li? Meniňem dostlam bar-a. Men et diýileni etdim. Konse-de-konsow, menem adam...
Ejesi ogluna meçew berdi.
– Ylaýym, däde Ýazow gurasyn. Seni uran elleri şel açsyn. «Gara ýaga bulan» diýen, dilleri gurasyn. Swoloç ol. Aýaly ikisi, görübilmezçilik edip, öläýdiler. «Men bir maýyp garry, kömek et» diýer öýtdi. Özümi oňardymam welin, gyr ýagysy men boldum. – Ol başyny dälilik hetdine ýetip titretdi. Gözleri hanasyna sygman başlady.
– Ol ýurt ýykan heleýem: «Oglan gyza ýanaşyp bilmändir. Onuň erkekligem galmandyr, piwnoýdan piwnoýa entäp» diýýämiş. – Garry buýsançly gürledi. – Birin-ä, heleýe öwürdi. Getirsiň ýene näçe gyzy bolsa, öz gyzlarynam getirip oglumyň aşagyna salsyn, ol heleýe öwürýämi ýa ýok...
Ogulnyýaz gulaklarynyň eşidýänine, bir ýere girip bilenokdy.
– Molodes, maman! – diýip, Merdanam ejesine meçew berdi.
– Goý, getirsin.
Işik kakyldy. Öýdäkiler Ýazow gaýdyp gelendir öýtdüler.
– Şol Ýazow tentekdir, bar aç!
Ogulnyýaz işigi açdy-da, ýüregi ýarylan ýaly, ýüzüni ak tam edip, yzyna ylgady.
– Wa-aý, daý-ýza!
Merdan erbet tisgindi-de ejesine bakan süýşdi.
– Kim bar, geliber!
– Merdan barmy Çagyryň, Merdany!
Pugta daýza süýşenekläp, işik görner ýalyrak ýere geldi.
Işikde görden çykan görlen ýaly bolup, halys ugruny ýitiren, ýüz-gözleri, saçlary, egin-eşikleri ynsamy-jynsamy çalym edýän iki sany aýal adam salgym ýaly yranyşyp durdy.
– Merdan bar!
– Çagyr! – Aýallar çalgyrt, emma hökümli gürleýärdiler.
Merdan ýüzüni görkezdi. Onuň hem gap-gara ýüzi ak-tam boldy.
– Ço!
Aýallaryň biri azmly gürledi.
– Berik gýel!
– Ço! – Merdan ilki bir aýak çekjek ýalam etdi-de, soň işikden çykman olar bilen gepleşmäge başlady.
Ogulnyýaz aýagy bişen towuga döndi.
– Daýza! – diýip, ondan haraý isläp elewredi. Eşitdiribräk.
– Wah, Ýazow daýym gelmezmikä? – diýdi.
Daýzasy janagyrly horsuldady.
– Tutma, şol haramzadanyň adyny...
Ogulnyýaz elden-aýakdan çykyp, zähresi ýarylyp ýalbarmaga başlady.
– Daýza jan, ýene gider. Sakla!
Onuň göwnüne bolmasa, eger Merdan gitse, daýzasam şat bolaýjak ýaldy. Şonuň üçin Ogulnyýaz aljyrap ýörşüne, çaý goýdy. Orta saçak ýazdy
– Geliň – diýip, ol Merdany saçagyň başyna çagyrdy. – Geçiň!
Merdan eýýäm hälki Merdan däldi. Onuň göwni eýýäm daşardady. Ol saçaga, taýýar nygmata, bu içerä indi sygjak däldi...
Gelniniň özelenip durmasy, näme diýseňem, oňa täsir etdi öýdýän. Ol içeri girdi...
– Maman, ýoldaşlar, dostlar gelipdir. Men şolar bilen...
Pugta daýza oglunyň maslahatlaşmagyna monça boldy.
– Bar, balam! Ýöne, gelginiň, eglenmän!
– Bor!
Ol Ogulnyýazyň ýüzüne-de garamady.
Ogulnyýaz bolsa tä agşama çenli yhlas edip ýazan saçagyna, heniz ogşalmadyk gözlerini balkyldadyp garady oturdy.
Ol Merdana garaşdy. Emma Merdan ol günem gelmedi, ertesem, birigünem gelmedi.
Ogulnyýazyň gözleri işikde galdy. Işik açyldy. Şonuň üçin gapy çala şykyrt etdigi, ol atylyp turýardy-da, işige barýardy.
– Daýza. – diýip, ol aýyň parçasy ýaly ýüzüne bulut düşürip, aýdýardy. Ol başga sözi aýdyp bilenokdy. Bu dünýäde şu aýaldan özge sygynara, daýanara, arka berere başga hiç kimi ýokdy.
Dördünji gün diýlende, ol saçagyň başyndan turjak bolanda, içindäki derdiniň howruna çydaman «owf» edenini duýman galdy. Soňam, daýzasynyň içip oturan käsesini çaýy zady bilen ýygnanyny soň duýdy.
– Näme owf çekýäň?! – diýip, daýzasy titreýän elleri bilen käsesini gözläp durşuna aýtdy. – Näme, äriň öldümi, haýýar? Iki gün üstüne münmese, janyň çykyp barýarmy? Bizem-ä gelin bolup gördük. Aýlap giderdi kemendirowka. Erkek adam ýalydyk. Bularmy, ärleri sähel üstlerine gijiräk çykyp, gijiklerini gaşamasa, owf çekiberýärler, owf çekip geçen...
Ol sermenip tapmandan soň, gözleri bilenem çäýneginiň töweregini eledi. Käsesi ýokdy.
– Näme boldy gyz, bu artyba?!
– Ol näme etse gelninden ýetenini aňdy-da, aşhana gygyrdy.
– Haý, ärsek tula! Ol käsäni näme alyp gidýäň? Indi öz zadymam özümden gysganyp ugradyňmy? Haram tula, bilýän, saňa «toty» sözi gerekdir. Meniň sözüm ýaraýan däldir. ýöne, bilip goýgun, menden saňa «toty» saýraýşy ýokdur. Halasaň-a, çydasan-a şu, bolmasa-da, mundan gowyň bar bolsa, dört ýanyň açyk, gidiber, getir käsäni!
Käse gelenden soňam, ol «saýramasyny» goýmady. Ogulnyýaz welin bu durmuşa hiç öwrenişip bilmeýärdi. Onuň indi aňam, ýüregem doňupdy.
Adamsynyň beýdip, bäş-alty günläp ýitirim bolmagy, daýzasynyň soňsuz gargynçlary, boş, garyp içeri, ýöremän duran güzeran, alaçsyzlyk sagat janly, men diýen wagtyndaky gyzy otdan alyp, oda sokýardy. Ol bu durmuş bilen, özem ýaňja başlanan yzy soňsuz durmuş bilen ýekeje günem ylalaşyp, kanagat edip biljek däldi. Taňrynyň güni bolsa, yz-yza gelip durdy. Oňa gutarma ýokdy.
Gelniniň däliräp düze çykyp, ýene bir gepe goýaýmagy Pugta daýzany azara goýman duranokdy. Ol beýle bir oýlanyp, döküp, dörjäp, akly akla ýamap ýören aýal däldi. Ol kesekiniň begenjini, gynanjyny, agyrysyny, ynjysyny özüne basyp, şondan misil alyp ýören aýalam däldi. Ol bir içerä bolsun edip, ilden, obadan uýalyp, «özümi düzedeýin, öýümi düzedeýin» diýjek aýalam däldi. Onuň ýekeje çyn aladasy bardy. Olam, azarlama özüni bermän, çilimini, nasyny tapmakdy. Soňam Ýazowdan toýa gerek bahanasy bilen gyrp-çyrp eden puluna Çommak agadan alan ajysynyň ömrüni indiki düşewünde çenli uzaltmakdy.
Gelin, ogul, içeri, güzeran, bu aladalar onuň topugyna-da çykanokdy. Häzir onuň ýagdaýy özünden dolanarlyk bardy. Şonuň üçin onuň demi dag ýardy.
«Günümi görübilmedigiň, gözi çyksyn. Oglumy öýerdim. Jaýym üstümde, güzeranym, şükür, geçip dur. Men diýen ärli heleýler tapanok, meniň günümi...».
Ýöne soňky gün Ogulnyýazyň bolşy oňa ýaramady. Toýdan soň geçen sekiz günde ol edil bir gögerçine dönüpdi. Indi bolsa...
«Bu gyrnak bir bela goparyp oturmasyn. Näme etse-de, gitsin atasy öýünde etsin, bela. Öz başyny özi iýewersin. Öz başyny iýip geçen.. ».
Gelni ertirden bäri ýük galdyrylýan otaga girip, çykanokdy. Pugta daýza baryp ýapyk işige diňşirgendi. Ses-selem çykmady. Süssenekläp, baryp işigi itdi. Ol Ogulnyýazy burça gysylyp oturan ýerinden tapdy.Ýegeni edil huşy gaçan ýaly bolup otyrdy.
– Näme, huşuň gaçdymy? Içiňi hümledip oturmadan başga işiň ýokmy? Nahar atar!
– Bor!
Ogulnyýaz güni bilen şondan başga söz diýmedi. Holodilnikdäki toýdan galan soňkuja süňkleri çykaryp gaýnadyp goýberdi. Onuň içine unaş kesip atdy.
Naharyň tagamly ysy çilimiň tüssesiniň derdinden gark bolan içerini ýakymlylyk bilen ýuwsa-da, onuň ýüregi nan-çaýa miltem edenokdy. Ol indi ikinji günüň içidi, agzyna zat alasy gelenokdy. Iň ýaman ýerem, onuň eli işe baranokdy. Göwni bolsa, köçä çyk-da sorap, idäp, nirede piwohana bolsa gözleý-gözleý Merdany tap diýýärdi.
Pugta daýza goňşulardan Ýazowa habar ýollady. Ýazow giçlik geldi. Emma oturmady.
– Hany, Merdan?
Daýzasy halymsyran boldy.
– Sen giden günüň agşamy ýoldaşlary geldi. «Eje, gidäýeýinmi?»diýdi. «Gidäý» diýdim. Şol äkidişleri. Çagamy yzyna dolamalydyr öýdenoklar...
– Kim ýoldaş? – Ol gaharly gepledi. – Ýoldaş diýýänem, şol süpük alkaş aýallar. dälmi? Öýi köýeniň ajap-da bir ýoldaşy bar eken. Ony ýoldaşlary bilen bileje ýok etdirerin, durubersin bakaly...
Ýazowyn gabaklaryndan daş asylýardy. Ol kelteräk, dykyz göwresine gelişmeýän agraslygyny şunça gizlejegem bolsa, gursagyndaky gazabyň oňa jylawyny bermeýändigini Pugta daýza duýdy. Ol Ýazowyň gazabynyň bendini syndyryp, öz üstünden eňterilerinden çekindi-de öňürtiledi.
– Ol owarram-la, onuň boljagy bolup, boýasy syndy-la. Ýöne bu gyrnagyň derdi öldürdi meni.
Ýazow agras ýüzüni daýzasyna bakan öwürdi.
– Ýeri, ona näme bolýarmyşyn?!
Daýzasy mysapyrsyrady.
– Iki gün bäri, meniň gözümiň alynd-a duz dadanok, Özem, huşy giden ýaly, pikiri-zikiri äpişge. Otursa-da şol ýer dyrmap otyr. Ýumuş dagy bir edeýin diýsin-de. Käse äber diýseň çäýnek, çäýnek äber diýseňem, pyçak äberýär. Ol dälirejek.
Ýazow dözümsizlik bilen indi näme etmelidigini sorady.
– Amatlyja iş bolaýsa-a... ,
Ýazow «göreýin» diýdi-de şo-ol çykyp gitdi. Iki günden soňam heniz ýüzem açylmadyk gelni bir edara, sekretar edip ýerleşdirdi.
Ogulnyýazyň ýüregi giňän ýaly bolupdy. Özi ýaly aýal-gyzlar, öz- başyna otag, wagtyndajyk iýip-içmek, onuň biline kuwwat getiripdi.
Ýöne ol başlyk adamyň ýüzüne jiňkerlip ýörmesini, özüne sud soragyny bermesini welin halamandy.
Ýazow daýysy Ogulnyýazy günortan öýe alyp gidýärdi. Gaýdyşyn welin, awtobusa ýa-da trolleýbusa münüp, özi işden gaýdýardy. Bu iş, gezelenç Ogulnyýazy az-kem ersdirse-de, Merdanyň derdi onuň bütin kalbyny lerzana getirýärdi.
Bir günem...
Ol gün Ogulnyýaz üçin ömrüniň iň begençli günüdi. Gün öýläne sapyp, daýzasynyň deminden zordan sypyp, ol ýaňy işe diýip, podezden çykdam welin, arkasyny beton diwara berip oturan adama gözi düşüp, ýüregi erbet tisgindi.
Eşikleri kirden ýaňa gara gäz, ýüzi alkogolyň ajysyndan hemem günüň emrinden ýagşy bişen, kirli saçy ýara-ýara bolup duran ýüzüne düşüp, hasam ýigrenji, betnyşan görünýän bu adamy görüp ýüreginiň ýarylmanyna şükür edýän gelin, bäş-alty ädim ädip saklandy-da, ejap bilen yzyna gaňryldy. Birdenem, ýüregi begenjinden ýarylara gelip oňa garşy topuldy.
– Senmi?
Ol şullanyp giden, indi näçe gündür, ýuwulmadyk gözleriniň yşgalaňyny artdyrdy. Ol ýylgyrma-da, utanma-da, toba etme-de däldi.
– Geldim! – diýip, kölegede, sowuk betonyň yzgary ornan, önem ysgynsyz dyzlaryna ýapyşyp turjak boldy. Emma turup bilmedi.
Ogulnyýaz özüniň sülük barmaklary bilen mis kesewä dönen ellinden tutdy-da, ony galdyrdy.
– Ýör, öýe!
– Öýe?
Merdanyň ýöräsi gelenokdy.
– Men öýe gitmäýin!
Ogulnyýaz ot-elek boldy.
– Ýöri! Daýzam! – Ol Merdanyň elini ýene-de eline alyp, onuň ýelek ýaly ýeňil göwresini ýokary çekip ugrady.
Ol ylgap barşyna, ýaňyja betbagtlylykdan ýapan işigini üýtgeşik bagtlylyk bilen açdy.
– Ýöri!
– Daýza! – Onuň sesinde begenç möwç urup gitdi. – Merdan geldi! Özi...
Içerden daýzasynyň gorkuly sesi eşidildi.
– Ýüregimi ýardyň-a, gyrnag-a...
Ogulnyýaz sumkasyny içeri taşlady-da, aýak ýalaňaç podezde çykdy. Barybam, ýaýdanyp duran Merdany gujaklap içeri saldy.
Merdanyň öýe gireri gelenokdy.
– Puluň barmy? – diýip, ol birhili ýygralyk bilen sorady. – Ýoldaşlar garaşýar. Ber, soň men bererin...
Ogulnyýaz sumkasyny dördi-de, ondan puluň täzeje, heniz eplenmedik kagyzlaryny çykardy.
– Merdan gitme, men özüm, eltip bereýin. Sen gitme!
Ol Ogulnyýazyň elinden sypyp, daş çykdy. Ogulnyýazyň indi onuň yzyndan galmajagy çynydy.
Merdan ýoluň gyrasyndaky köne oturgyçda eýe ýaly bolup giden şol iki aýaly, hemem bir sakgally, hordan uzyn erkegiň ýanyna garşy ýöneldi. Aýallaryň eli köne korzinkaly serhoş gözlerini alakjadyp, Merdana bakan ylgady. Onuň humarly gözleri Merdanyň elindedi. Ol aýal Merdanyň uzadan puluny kakyp aldy-da, ýoldaşlarynyň elinden alaryndan öler ýaly gorkýan görnüşde gyra çekilip, puly sanady. Soňam gatnawly uly ýoldan urduryp geçip, kwartallyga bakan tutdurdy. Beýleki ikisem onuň yzy bilen ülem-saplam bolup eňdiler.
Merdanyň iki gözi şolar taýdady. Ogulnyýazyň göwnüne bolmasa, olam şolaryň yzyndan eňip gidiberjek ýalydy. Ol Merdanyň elinden tutup, podezde garşy çekdi.
– Ýör, Merdan, öýe baraly!
Merdan ýüzüni sallap, yra-dara halda içeri girdi. Gapyny içinden gulplap, Ogulnyýaz aşhana ylgady. Çaý goýup, wannanyň suwuny barlady.
Içini ýakaýyn diýen ýaly, suw ýokdy. «Bedreleri dolduryp goýanym gowy bolupdyr...» diýip, ol begenjine bir bedre suwy gaza goýdy. Indi bir hepde bäri ähli yhlasyny siňdirip ýuwup, ütükläp goýan eşiklerini çykardy. Yslyja sabyn, bägül şampunyny çykardy.
– Çaý gaýnaýança, ýuwunaý. Men suw akydyp bereýin!
Ýüzi bazardan gaýdan öküziňki ýaly bolan Pugta daýza gelniniň aýagynyň ýeňildigine, öz ogluna onuň beýle eýemsiremesine çydam edip, oturyp bilmedi.
– Näme, gele-gelmäne, dynjyny bermän, garnyny doýurman, suwa salyp, ony toýa atarjakmy? Otursyn, özi ýuwnar. Näme, sen suw akydyp, maýypmy ol?..
Merdanyň özem Ogulnyýazyň yhlasyny görüp rahat oturyp bilmedi. Merdanyň eşiklerinden siňekläp, suwa batyp ýören itiň ysy gelýärdi. Onuň eşikleri ynsan balasynyňka däl-de, eşegiň ýagryna goýlan esgä dönüp gidipdi. Onda-da Ogulnyýaz ýüzüni çytanokdy. Onuň saçyny, endamyny ilki yslyja sabyn bilen, soňam bägülüň ysy kükäp duran şampun bilen heziller edip ýuwdy. Saçyny pössüjek, akja platensa bilen süpürdi. Täzeje, öýüň, açyk howanyň, tämizligiň ysy burk urup duran eşiklerini geýdirdi. Guran, ýumşajyk, mele saçyny darady. Öz duhisindenem az-kem çalan boldy. Merdanyň süňk bilen deri bolup duran bedeni, galkan gulaklary, içine giden gözleri oňa ýat bolsa-da tutuş durky oňa mähremdi. Öz Merdanydy. Älemi para-para edeniňde-de öz maňlaýyndan çykan ýeke-täk kysmatydy. Ol öz kysmatyna kaýyldy. Dünýäniň ýüzünde ýekeje arzuwy bardy. Olam – Merdan gitmese bolýar...
Pugta daýza öz diýeni edilmän ogluna hajyk-hujuk edilmesine gelen gaharyny kimden çykarjagyny bilenokdy. Häzir ogluna käýinse, ilk-ä, özi hakyny aljakdy, onsoňam, bu bidöwletiň turup, gelen ýerine gidibermegem daş däldi. Gelnine käýinse, onam ogly halajakmy, halamajakmy, o-da belli däldi.
– Çaýyň gaýnaman geçdi-le? Näme, onuň içine daş saldyňmy?
Ogulnyýaz käseleri, çäýnekleri çaýkaşdyryp demläp, öýde bar zatlary, işde özüne hödür edilen konfetdir kökejagazlara çenli saçagyň üstünde goýdy. Öz eli bilen Merdana çaý guýdy. Ýöne Merdanyň öý bilenem, çaý bilenem ugry ýokdy. Onuň üçin bu saçagyň, bu içeriniň yssysy galmandy. Ol ýaban ýatyp-turup käwagt gelse-de, bu öýe gelenine, onuň özüniňkidigine begenji, buýsanjy ýokdy. Bu içeri onuň üçin ýatdy, öweýdi. Bu öý oňa ygyp gelen meýdanyça-da hözirki däldi.
Ogulnyýaz Merdanda özüne bolan yssylygam tapanokdy. Ol bu gelne, öz aýalyna şu ýat öýüň bir goşy hökmünde garaýardy. Häzir çaý içip, soň goýup gitjek. çäýnegem, bu gelnem onuň üçin birdi.
Emma bu gelin üçin bu ýaraty, ýarty il üçin iterinji, zyňyndy hasap edilýän adamdan eziz, mukaddes kişi ýokdy. Häzir ol çaý-çörek-hä däl, gerek bolsa bular üçin jyňkyny çykarman şirin janyny bermäge taýýardy.
Merdan içerki jaýa girdi. Ogulnyýaz gaýnynyň öňünde duran çäýnek-käseden beýlekilerini ýygnady. Onuň göwni Merdanyň ýanyna atygsady.
– Gel, bäri – diýip, daýzasy ony gözleri bilen dalap çagyrdy. Ogulnyýaz alaçsyz sowulmaly boldy. – O pullary nireden aldyň?
– Haýsy?
– Hälki çykaryp, ol oglana bereniňi.
Daýzasynyň bu sowaly ony aljyratdy.
– Neme? Enem beripdi. Öýden...
Daýzasy sowuk gözlerine ähli ýigrenjini, gazabyny toplady. Sesini birneme peseldip, dişlerini gyjap, çaýy tükenen käsesiniňem gyrasyndan tutup, gelniniň ýüzüne ýelmärli göründi.
– Meleň, gyrnak, seniň eneň gursun. Men-ä bu içeri, gara bokurdak diýip, gije-gündiz gan gusýan, senem pul basyp, ýele-yga tarhan dökerlik edýäňmi?
– Men, ony!
– Batyr sesiňi, loly!
Ogulnyýazyň gulaklary şaňlap gitdi.
– Daý... – Ol agyr yrandy. – Daýz...
– Tutma adymy, haram ganjyk. Sen, senjagaz, men ýaman betdirin. Namysym köýenden, edil öläýerin. Sen iş diýen bolup, o taýda pul gazanýaňmy? Seniň ol ýerde näme edip ýöreniňi özüm gowy bilýän. – Ol hasam gazaba mündi. – Getir bäri pullary! – Ogulnyýaz aglajagynam, özüni aklajagynam bilmedi. Galan-gaçan pullaryny daýzasynyň öňünde goýdy-da yzyna dolandy. – Bary şujagazmy?
– Hawa, daýza.
Onuň hälki telwasy ummanlara uçup gidipdi. Baryp Merdan bilen oturjakdy. Özem, tä onuň didaryndan doýýança oturjakdy. Onuň bilen sözleşjekdi. Onuň başyny dyzynyň üstüne alyp, suratynda her taryny gözler bilen daran saçlaryny sypalajakdy. Bary biderek boldy.
Ol içeri bir garady. Merdan düňderilip ýatyrdy. Soň onuň ýanyna barmaga ejap etdi. Oňa dözmedi. Dula geçdi-de, gara ýere dönüp oturdy. «Wah, daýza jan, beýder ýaly meniň näme ýazygym bar, seniň öňüňde? Maňa «loly» diýer ýaly, «haram ganjyk» diýer ýaly, meniň näme etmişim bar? Meniň dünýämi il-ä däl, seniň ogluň öz nikaly ärimem şindi görenog-a...
Ol başyny ýaýkady. Öň birhili Merdany hapa görýärdi. Daýzasynyň sözünden soň, özi müň esse hapa bolup galypdy.
«Merdany ýuwsaň, artsaň, täzeje eşik geýdirseň, gül suwuny sepseň, arassaja adam boldy. Emma bu sözlerden soň men hiç haçanam päk bolmaryn. «Diýildi näme, edildi näme?» diýip, enem aýdýard-a. Daýzamyň göwnünde men şol işleri eden bolsam, maňa galkynyp ýaşama ýokdur...»

* * *

Ogulnyýazyň bu günem işde mazasy bolmady. Ol aşhanada, naharyň, şoruň ugruna çykyp ýörkä, gapy çalaja şykyrdapdy.
Ol ot alan ýaly bolup işige, soňam içeri ylgapdy. Merdan arkaýyn ýatyrdy. Ogulnyýaz öz bolşuna eýmendi.
Men näme üçin beýdip howsala düşüp ýörün, gyz? – diýip, arkaýynlaşdy. Şondan soň naharyny häzirläp, saçak ýazdy, çaý demlendi. Göwni welin Merdanyň ýanyndady. Ahyry durup bilmän, Merdanyň ýatan otagyna gitdi. Merdan ýokdy. Onuň dünýäsi düňderildi.
– Daýza – diýip, ýassyga başyny goýup, pinek atyp ýatan daýzasyna dözümsizje ýüzlendi. – Merdan ýog-a?!
Daýzasy sesini çykarmady.
Ogulnyýaz geleli bäri ilkinji sapar aglady. Ol özüne ýerem ýazman, Merdanyň düşeginiň aýagujynda, gelen gijesindäki ýaly, edil Merdan penjiräniň öňünde duran ýaly edip oturdy.
«Şol gije-de gowy eken...».
Ol maşinkasyny şyrkyldadyp oturyşyna, çalaja pyşyrdady. Göwni bolsa öýdedi. Göwnüne, Merdan ýene-de öýe geläýen ýaly bolup durdy.
Direktor oňa gatyrgandy. Ýöne käýemedi. «Şükür bu daý-a gowy adam eken. Bir gyzym diýenok, ýogsa öz çagasy ýaly gowy görýär-ä. Dagy näme, kakam bilen bileje işläpdir-ä...»
Başlygy bir zatlar sorady. Ýöne Ogulnyýazyň pikirem, höwesem başga ýerdedi. Ol häzir idili näme jogap bereninem bilenokdy.
Onuň ýüregi ýene-de gysyp başlady. Göwni öýe gaýt diýýärdi. Emma şol içerä aýagy çekjege-de meňzänokdy.
«Meni bir basymrak gaýtaryp alsadyň, ene!» diýip, ol öýlerini, Ogullany, doganlaryny küýsedi. Gözünden ap-ak hünjüler duýdansyz paýrap gitdi.
Ogulla ony bagty daş ýaran hasap edýändir. Ejesi, kakasy, enesi, ony kejebeläp ugradan il-güni «Ogunyýaz bagtly eken. Aşgabada düşdi. Moskwany gutaryp gelen nebir oglana durmuşa çykdy...» diýýändirler...
Onuň derdini bir enesi duýýandyr.
– Wah, balamy öz elim bilen ýakdym-da – diýýändir. – «Pugta adam däldir. Ýöne sesiňi çykarmasaň utarsyň diýdim. Gyzym akyllydyr. Gaýraty, yhlasy bilen özüni aldyrar» diýýändir...
Ogulnyýazyň gursagyny ýarara getirýän harasat çykara işik gözleýärdi. Ol maşynka kagyz goýdy-da, ýaşly gözlerini balkyldadyp, ilkinji ýazan setirini okady.

«Ýandak başy ýaňanda...

Ol howlukman düwmejiklere basyp ugrady. Soň ýazanyna göwni ýetmän täze kagyz goýdy.

«Ýandak başy ýananda
Ýandy» diýgin, eje jan!
Boýdaşlarym gelende,
«Öldi» diýgin, eje jan!»

Bu setirler çoganly suw ýaly, onuň gursagyny arassalady. Onuň ýüki egsilen ýaly boldy. Ýöne, başlygy welin ol haty gördi. Şol bir görmeli däldi.
– Gaýdyber! – diýip, ol daş çykdy-da, säginip aýtdy. – Indi gijem boldy...
Dogrudanam, gün batyp barýardy. Ýöne Ogulnyýazyň howlugasy gelmedi. Ol indi birneme arkaýynlanypdy. Şonuň üçin Ýazow daýysyna-da garaşman, pyýadalap öýe ugrady.
Ýolda, onuň ýüregi ýene-de Merdana telwas etdi. Göwnüne bolmasa, Merdan şu uly baglaryň aşagynda, bir ýerlerde gurlan piwohananyň gapdalynda: «Kim birki owurt agyzdan galan piwo berer-kä» diýip oturan ýalydy. Akjemal gelnejäniň şip-şip edip aýdyşy ýaly, adamlaryň galdyryp giden hapa bokallaryny ýeke-ýekeden başyna çekip ýören ýaly duýgy döredi.
Ol Merdana derek kemsindi, namys etdi. Häzir, güýji ýetse, ony tapsa, edil bäbek göteren ýaly edip, bagryna bassa, soňam edil çaga gundan ýaly edip, gundap, goraglap saklasa...
Ol işiniň ýolundaky gara bagyň gapdalyndan geçdi. Emma ol ýerde uly sosna agaçlarynyň astyndaky oturgyçlarda ikibir-ikibir bolşup oturan ýaşlar bolaýmasa, başga üýtgeşik adam görmedi.
Onuň nazary eli agyr torly, uzyn köýnekli, ýaşy durugşan aýalda togtady. Ol aýal deňine gelýänçä saklandy.
– Gurgunmyň, gelin!
Ogylnyýaz uýaljaň ýylgyrdy-da, ýuwaşja:
– Şu ýakynda piwohana ýokmyka? – diýip sorady. Ol aýal serpmeden gaýdan ýaly boldy.
– Waý-eý. – Ol sag elindäki toruny, çepine geçirdi-de, sag eli bilen agzyny tutdy.
– Toba, toba, allajan-eý, özem nebir maşgala-da – diýdi-de gargyna-gargyna gitdi.
Garaňky gatlyşdy. Ogylnyýaz zordan öýi tapdy. Podeziň işiginde Ýazow daýysynyň maşynyny görüp, ýüregi jigläp gitdi.
– Gaty gijä-de galdym!
Aňyrrakda Ýazow özem günäsini ýuwmaga häzir oglanjyk ýaly, ellerini owkalap durdy.
Ogulnyýaz ýaşyndy.
– Ýazow Geldiňmi, ýegen?! – Ol aljyraňňydy. Düşünişmändiris öýdýän. Men öýe geldim, sen henizem gelmänsiň.
Ol Ogulnyýazyň öňüni kesdi.
– Daýzamyň ýene dälisi tutupdyr. Giň bol, giň bol, bormy, ol däreý.., düşündiňmi, giň bol...
Ogulnyýaz daýysyna ne «bor» diýdi, ne-de «ýok». Podeze girip gitdi. Öýde bolsa uly apy-tupan garaşýardy. Ol işigi kakdy. Ilki hiç kim ony açmady. Ogulnyýaz sumkasyndaky açary aldy-da, işigi açdy. Işik açylandan, daýzasy aňyrdan atylyp çykdy.
– Dur, du-ur! – Ol hüjjük saçlaryny, ajy tüssäniň hem-de agyr durmuşyň azaryna çatlaw-çatlaw bolan maňlaýynyň her gasynyny galam ýaly edip arlady. – Arassaja içerime hapa aýagyňy basmarsyň, ganjyk. Nirede... berseň, şonda ber, emma meniň döwletli öýüme aýagyňy sekmersiň. Çy-yk!
Ogulnyýaz içeri giripdi. Emma daýzasynyň batly urgusy ony heniz ýapylmadyk işige bakan zyňyp goýberdi. Ol işikden diň arkan gaýdybermekden gorkup, sumkasyz eli bilen söýeden zordan ýapyşdy-da, işik bilen duluň aralygyna çökdi.
Daýzasy agyr ýumruklaryny onuň depesinden eňterip başlady. Onuň bilenem kanagat etmän, aýagyna, içine depip başlady.
– Çyk, ganjyk! Garaň görünmesin, çyk! Loluçylygyňy eden ýeriňde gez!
Ogulnyýaz ýerinden turjagam bolmady. Häzir ýerinden galdygy, daýzasy iki zomanda, ony köçä taşlamagy gaty bolaýjak zatdy. Ol heniz ýüzi açylmadyk halyna köçede otursynmy, baraýyn diýse-de ýer barmy? Ýer bolaýanda-da: «Men adamymy gözläp, işden gijä galyp geldim, şonuň üçin öýden kowuldym» diýip, kişiniň işiginden baryp boljakmy?
Pugta daýza däli-porhan bolup samraýardy. Öňde bir jany ýananyň aýdyşy ýaly, onuň agzyndan «gülüň» ysy gelýärdi.
– Bu ganjyga dözmän, «göwni açylsyn» diýip, işe salan bolýan-a. Haý, işiň gursun, bagty ýatmyş. Bu loly ganjyk bolsa guýrugyny bulap, gazanç edýär. Oňa göz ýumsam, indi gijeden-gije köçä gidibem şaýradyp başlady. – Ol şol önki bady bilen gelip, ýene-de gelnini ýumruklady. – Sen, ganjyk, meniň oglum bilen bäs edýänsiň, bilýän. «Ol kirli heleýler bilen sürüp ýör, menem kirli erkekler bilen sürjek» diýýänsiň. Maňa-da: «Janyň ýanyp, namysyňdan öl diýýänsiň. Diýip geç, şaýradyp geç. Ýöne çyk meniň öýümden, köçebaz, çy-yk!
Ol indi hasam batly depip, gelniniň ýüzüni-gözüni dyrmalap başlady. Ahyrym onuň saçy eline ildi-de, kasty bar ýaly, işige baka çekip ugrady.
Ogulnyýaz işigi ýapyp ýetişdi. Sonam onuň öňüne boýa-boý ýykyldy-da, saçynyň janyňy alyp barýan agyrysyna çydaman iňledi.
– Daýza jan! Beýtme!
– Çyk! Çyk! Çyk!. – Daýzasy indi onuň kellesine, eginlerine depýärdi. Ogulnyýaz gum garbap ýatyşyna allany çagyrdy.
«Jaň allam, ýüregine rehim sal daýzamyň. Eziz allam, özüň kömek et!».
Işik batly kakyldy. Soňam kimdir biri janagyrly itdi.
– Gykylygyňyz näme?
Ýazow daýysynyň Hydyr ata ýaly bolup gelmesine gan aglap ýatan Ogulnyýazyň dünýäsi ýagtyldy. Ol özüni ýerden zordan galdyrdy-da, işigiň öňünden sowuldy, soň başyny dyzlaryna goýup, kemligi gelip horkuldap, elene-elene aglady.
– Nämäniň galmagaly diýýän?! – diýip, ol ýene-de erkek gazaby bilen sorady.
Daýzasy sandyraklap durşuna, dodaklarynyň gyrasyna üýşen ap-ak köpüklerini çogduryp, şol haýýar sesi bilen dübledi:
– Şu jelepden sora! Şol kemçinden sora, nämäniň gykylygynyň bardygyny...
Ýazow ony gürletmedi.
– Bes et! Näme samraýanyňy bilýäňmi, iliň perişde kimin päk çagasyna...
Daýzasynyň sesi hasam haýýar çykdy.
– Gowy bolsa, perişde bolsa, bar özüň heleý edin. Meniň oglum itiň ýalagyna dönen kemçini heleý...
Ýazow öňem elewräp duran daýzasyny gazap bilen iteläp goýberdi.
– Sen, sen bar-a, öý ýykmaga öwrenişen aýalsyň. Meniňem bagtymy ýatyrypdyň sen. Indi ogluňkyny ýatyrjak bolýansyň. – Ol maňlaýyna urdy. – Aslynda meni öldürmeli. Täzegüli parçaladanyňda ýegeniň damagyňy çalmalydym. Ine, indi seniň hapa eliň bu päk gyzyň bokurdagyna-da ýapyşdymy?
Daýzasy çal, kirli saçlaryny oklukirpiniň arkasy ýaly, paýradyp ýatyşyna hasam beter waýkyrýardy.
– Şol jelep, oýnaşbaz söýgüliňem gowudyr mundan. Täzegül müň esse gowy mundan. Ol ärim bilen açyk etdi oýnaşbazlygy. Munyň kümsük oýun edýär...
Ýazowyň hem gahardan ýaňa akly çaşdy. Ol Gözleri bilen daýzasyny ýuwdaýjak bolup, jynssyz gygyrdy.
– Kim bilen kümsük oýn edýär?
– Ony özünden sora, men saňa-da bitemok. Ýaman şonuň daşynda köp hyr urýaň sen...
Ýazow mundan artyk çydamady. Ol işigi zarp bilen ýapdy-da, çykyp gitdi. Ertesi «gyzymyzy göreli hem gaýtarmaga diläli» diýip gelen Togta daýza agtygyny görüp, bar-bar bagyryberdi.
– Balam, balam! Men guraýyn. Öz elimjik bilen seni oda ataýdym öýdýän. A gyz, Pugta, balamyň ýülügini sorupsyň, etini iýipsiň, ýüzüň gara bolsun seniň...
Ogulnyýazyň bir diýeni:
– Ene jan, käbäm, meni alyp git, diriligimi isleýän bolsaň – boldy. Ol soň geplemedi. Onuň ýüregindäki ähli hesretini gözünden gaýdan bulak-bulak däli siller aýtma kemini goýmady.
Togta eje agtygyny şu gün hem äkidip biljekdi. Emma onuň ýüzündäki dyrnaçak-dyrnaçak wagty, bir gözüniň gök nilligi, eliniň üstleriniň dilkawlanyp, ganjaryp durmasy bilen oba barar ýaly däldi. Togta ene oturyp-oturyp ot alyberdi.
Iliň höwes eden balasy, iliň gözi giden balasy, ne gün düşdi başyňa. Nädip men seni oba elteýin, nädip men ile «gyzym gaýdyp geldi» diýeýin? Barsaň, uly ilem-ä geler, görmäge...
Il näme diýse-de, Ogulnyýaz-a galyp biljek däldi, Togta eje-de ony galdyryp biljek däldi. Ine, şeýdibem, Ogulnyýaz garamaňlaý bolan gününiň on dokuzynjy güni obasyna gaýdyp barypdy.

5.

Ýazow çagyrylaryna mähetdel etmedi. Agşamara salam berip, içeri girdi. Daýzasynyň şol torsarylyp oturşydy. Ýegeni saçak ýazdy, çaý goýdy. Baryndan getirişdirdi.
– Daýza, ýagdaýlaryňyz nähili?
Ol çaýyny gaýtaryp oturşyna, gepi özi başlady.
– Oba baryp gaýtdym. Daýzam, çykanlar salam aýtdy. Salamymyzy ýetir diýdi.
Ogulnyýaz aý ýalyjak ýüzüniň ýaryny ýapyp, ýaşynyp oturşyna başyny razylyk bilen atdy.
Pugta daýza sesini çykarman, Çommak aganyň galdyran nasynyň soňuny diliniň aşagynda dem berip, titreýän eli bilen banka guýlup, soňam üstüne gaýta-gaýta tüýkürilip durlany üçin durşuna gök palçyga öwrülen çägäni bir garyşrak çöp bilen dörüp, agzyndakyny tüýkürmäge ýer peýläp otyrdy.
Ýazow ýegeniniň ýüzüne garady.
– Enem seni gaýta-gaýta sorady. Gaýrat etsin, balam mertdir diýdi. Tikin maşynyňy iberdi. Bir tamdyr çörek, bir piti gowurdak, süzme, ana, bir maşyn zat iberdi...
Ogulnyýazyň bu gahat öýde gysylyp duran ganatlary gerlen ýaly boldy. Ol owadan gözlerini gepledäýjek-gepledäýjek boldy.
– Ol kelesaňyň işe girjek diýip goýanok! – Daýzasy nasyny dökenden soň dodaklaryny ajy tamşandyryp, soňam gözüniň şuluny ýeňine çalyp aýtdy. – Bolmasa, sal işe. Bir çuwal et bolup ýatmasyn-da, gazansyn. Öýde ýeke dişlem zat ýok. Men ony haçana çenli mugt bakaýyn. Näme, meniň girdeýjim barmy? Pensiýäme göz dikmesin. Ol meniň çilimim bilen nasyma-da ýok bolanok.
Ýazow belli bir zat pyşgyrmady. Ol geçen ýyl ýegenini işe salyp ýagşy puşmana galypdy. Daýzasynyň belli ugrunyň ýoklugyny, bu gün beýle diýip, ertir haýsy ugurdan ösjegi belli däldi. Şonuň üçin ol iş barada açyk pyşgyrmady.
Daş çykyp, maşyndan iberilen goşlary ýokarky gata çykaryp ýörkä, ýegeniniň beren hatyndan soň ol az-kem ýumşady.
«Daýy, gaýrat edip meni daňdan köçe süpürilýän işe ýerleşdir. Gündiz işlär ýaly iş bolsa-da gözüňde bolsun. Öýde hiç oňşarlygymyz ýok. Merdanam pul sorap dur. Gaýrat ediň. Ýer bilen gögüň arasynda sizden başga arka direjegimiz ýokdur!».
Ýazow sesini çykarman, ýegeniniň eline dört ýüz manady gysdyryp, gitse-de, ertesi agşam ýene-de dolanyp geldi.
– Ýegen öz pasportyňam, daýzamyň pasportynam ber. Öý uprawleniýesine hemem «Sungat» žurnalynyň baş redaktoryna arza ýaz – diýdi.
Ogulnyýaz guş bolup uçdy. Ol Aşgabada geleli bäri eýýäm ikinji, üçünji arzany ýazdy. Arza ýazyp otyrka-da, daýysyny neneňsi azaba goýanyny göz öňüne getirdi.
«Indi boldy, nesip bolsa, öýmüzi güle döndererin. Enşalla, Merdan jan bir boşap, il deňine goşulyp gelse, öýümizi tanamazam...».

* * *
Ondan bäri eýýäm ýarym aý geçipdi. Ogulnyýaz daýzasyna bir gysym puly dört bölüp berdi.
– Bularyň näme, sadakadan düşen ýaly.
Ogulnyýaz myssaja ýylgyrdy.
– Bu üç ýüz manat Annasoltanyň ogly Myratjany saklanym üçin, hol, goňşymyz, artist gelin! Bu müň iki ýüz manat bäş sany ýaka satdym, şolaryň puly, bu üç ýüz manat köçe süpürýänimden, bu üç ýüz elli manadam, žurnaldaky işimden, jemi bolar iki müň bir ýüz elli manat...
Daýzasy pullary titreýän elleri bilen tutup, ýüzüne ýakynlandyryp, humarly gözleri bilen barlap gördi.
– Barymy, şol!
– Ýok, ýarym aýlyk!
– Bolýa!
Ogulnyýaz bu wagt bir zat diýmäge çekindi.
– Daýza, aýlykda penjirelere tuty alaýaýyn?
– Aýlyga bir ýeteli! – Ol pullary dyzynyň aşagyna dykyp oturşyna aýtdy.
Şol gije daýzasy oňa igenmedi. Ogulnyýazyň özem sagadyny daňdan bäşe gurdy-da, Myratjygyň ýuwan eşijeklerini ütükläp, ýerine geçdi.
Bu gün duşenbe güni Ogulnyýaz üçin dynç güni ýalydy. Annasoltan hepdäniň birinji güni işine gidenokdy. Şonuň üçinem ogluny ýanynda saklaýardy. Käte:
– A gyz, bu çaga Gyrnak gideli diýip halys alaýdy-la. Mesen-e bagryňa ýelmesene ogluňy – diýip, getirip gidýärdi. – Waý, gyz, men seniň ogluň däl, Gyrnagyň ogly diýip goýanok gyz. Şu çagalaram sähel hajyk-hujuk eden tapsa, ejesinden geçjek gyz...
Annasoltanyň sözüne Ogulnyýaz hezil edip ýylgyrsa-da, Pugta daýza-da şol sözi gulagynyň duşundan geçiräýenokdy.
– Wah, diýmändirlermi: emjek beren, aňry git, gujak geren bäri gel! – diýip. Bular kemala gelensoň eje nämelerine derkar. Olar şo duruşlaryna asmandan inendiris öýdýärler. Aty at edýänçäň, eýesi it bolýar, bular-a adam...
Annasoltan dilewardy. Ol Pugta daýzany gepledenokdy.
– Dogry aýdýaň, Pugta daýza. Kyn bolansoň, men-ä, şu oglany Gyrnak jana beräýjek. Merdan jan gelýänçä güýmenje bolar hemem bir azajyk adam edişersiňiz!
– A! – diýip, Pugta daýza bu sözlemiň manysyny tirýänçä, Annasoltan Ogulnyýaza garap: – Waý, ylhanat kempir-ä, şu-da akyl satyp, öňem bir ogly gül ýaly edip ýetişdirdiň diýsen-e... Bagty ýatan...
– Hä? – diýip, çilimine boglup oturan Pugta daýza gep saýhallaýança, Annasoltan hikir-hikir gülýärdi.
– Pugta daýza, Gyrnak diýýän, serediber Myratjana, nesip bolsa seniňem ogluň bolar, Merdan jan gelse diýýän.
– Aý, näbileýin! Bulardan ogul bolup, agtyk görüp, pähe-eý! Annasoltan tüýs artistligini etdi-de, gözlerini petredip, garra garap kellesini elendirdi.
– Haý, aňkasy aşan-eý, gyz, ýagşy dilegem ýog-a. Toba, nesip bolsa-da diýenoga. Aý, seniň mysalaň gursun. Dogan şunuň ýüzüni görmegem päl däldir. Ýöri, Myrat jan, ýene bir zat diýmänkäler gaýdaly. – Ol gözlerini gypyp goýberdi-de, Ogulnyýazyň gulagyna pyşyrdady. – A gyz, saňa gowy paklonnik tapdym. – Ol başam barmagyny gaňyrdy. – Wo! Bir baý, bir baý. Özem ýaş, görmegeý. Aşgabadyň ähli heleýi şol diýip ölýä...
Ogulnyýazyň ýaňagy oda tutulana döndi.
– Sen şu öýde beýle gürrüň etme, dogan.
Annasoltan ýüzüne-de almady.
– Bor, daşary çykanymyzda edäýeris, şol gürrüňi.
– Ýok, ýok! Daşarsam bolmaz, içersem, beýle hana gepiň...
– Bolýa, diýmedigim. A gyz. Gyrnak ol meýit, meni öýümde goýanog-a. «Bar, diýsen-e, näme diýýä» diýip. Gel, meni oýnaş tutunaýsan-a bolmasa-da diýýän. Edenok.
Ogulnyýaz Myrady ejesiniň eline berdi-de, özi aşhana girip, gap-gaçlaryny. ýuwuşdyran boldy. Annasoltan «munuň-a gulagna hoş ýakyp ugrad-ow» diýen manyda, ogluny gujagyna göterip, aşhana girdi.
Ogulnyýaz henize çenli adamyň ýüzüne gelen adam däl bolsa-da, ol urnup-çydaman, Annasoltanyň ýüzüne geldi.
– Eger beýtseň, ogluňa seretmän. Bes indi, meni öz günüme goý!
Annasoltan gözlerini tegeledi-de çykyp gitdi. Ýöne soňky gelende ol gaýdyp bu barada dil ýarmady.
Ogulnyýaz sagat onlarda ýerine gelmänkä içerä, aşhana ýene bir laý aýlandy.
– Daýza!
– Hä?
– Çaý içermiň? Ýa başga kem zadyň barmy?
– Çaý ber. Ýöne ýaňkyň ýaly ak suw bolmasyn!
Ogulnyýaz çaý goýdy. Daýzasynyň çäýnek-käsesini gaýtadan ýyljak suw bilen çaýkady. Soň onuň özüne görkezip çäýnegine çaý atdy.
– Indi bolar, ýatyber. Ýöne, gyz Gyrnak, ertir nasyň ugruna özüň çykmasaň-a, halys sürenime ýetdirdim men...
Ogulnyýaz ol-a nasmyşyn, daýzasynyň göwnüni tapmak üçin, ilerki gara dagdan arkasy bilen daş çekmäge taýýardy...
Onuň üçin şu öýden, şu aýaldan ýakyny ýokdy. Bar işik ýapykdy.
...Ol gaýtarma döwrüni pagta ýygymynda geçirip, indi üçünji aýyň içidi, atasy öýünde aga-ýana ýaýnap ýördi. Daýzasynyň kalbyna salan hesretiniň, başyna getiren oýunlarynyň yzasy juwan ýürekden öçüşipdi.
Merdanyň Baýramala, arak goýdurylýan ýere zor bilen iberilmegi, adamsynyň öz ýüzüne garamazlygy, daýzasynyň agza alyp bolmajak sözleri ony şol içeridenem, Merdanyň özündenem sowadypdy. Onuň aýagy indi şol öýe ädiljek däldi.
Ogulnyýaz şol öýe baran gününden bolan hekaýaty, gylyny gymyldatman enesine aýdyp beripdi. Ýüzündäki, endamyndaky gök nilleri gören ene onsuzam ýagdaýa göz ýetiripdi. Agtygynyň ýüzüni görüp, ýagdaýyny sorap oturşyna ol:
– Hudaýyndan tapsyn-da, men başga näme diýeýin! – diýip, oňup otyrdy.
Üçünji aý diýlende ol enesini kakasynyň çagyrdýanyny eşitdi. Ogulnyýaz bu çakylyga öňräjikden, pynhanlyk bilen garaşýardy. Ejesi ýüzüni ak tam edip geldi.
– Eneň bilen bar!
Kakasy öz otagynda, kiçeňräk halynyň üstünde çaý içip otyrdy. Ejesi bilen gyzynyň gireninden ýekedyza galdy-da, başyna gulakjynyny geýdi.
– Eje – diýip ýerinden turdy. – Geliň.
– Oglum, sag-aman işläp ýörmüň?
– Ýagşy, eje!
Ogulnyýaz bir öýdä bolsa-da kakasyny köpden bäri görenokdy.
Etrapda işläni üçin, ol namazyny okab-a işe gidýärdi, çagalar, ýatar wagty, sagat onda, onbirde-de öýe gelýärdi.
«Kakan geler», «kakaň geldi» sözi bilen üwrelen, gulagy ganan gyzlar bolsa, şu sözi eşidenden öýdeçil guşlaryň gün ýaşdygy höwürtgesine ýygnanyşy ýaly, içeri girmek bilendi.
Öýde, şükür iýmek-içmek, egin-eşik, mal-gara, olara ot-iým kemçiligi bolmany üçin Togta ene-de aýda-ýylda bolaýmasa oglunyň ýanyna barjak bolup dyzabam durmazdy. Näme bolsa gelni bilen maslahatlaşar. Onuň «bolýa», «özüňiz gowy bilersiňiz» diýen ýa ýeke agyz sözüni eşider-de, bilenjesini eder. Onsoň, şu öýde öz diýeniniň tutulyp, öz gadyr gymmatynyň artykdygyny duýup ýörşünine, artdyryp bilse, oglunyň mertebesini artdyrjak bolýardy. Toý çakylygna, ýa çagalaryny gonşy gyzlaryňka iberjegem bolsa:
– Duruň, kakaň näme diýýär – diýerdi. Şol gün olary saklar. Ertesi gün rugsat berer.
– Ene, kakam gidibersin – diýdimi? – diýip, şeýtanja gyzlar çintgäp-çintgäp sorardy. Enesem:
Ýöne gaty gowy bolsunlar – diýdi diýer.
Çagajyklar bir iş etse-de.
Kakaň-a, göwni ýetdi. Tüweleme – diýdi, diýer.
Çagalaram «kakalaryndan» berekella aljak bolup çyr-çytyrdyr. «Ene, kakama aýtgyn, men bäşlik aldym» diýse, «Ene, kakamyň köwşüni men ýuwup, arassalandyryn» diýip, gyzlaryň biri aýdar. Şeýdip, çagalar hat-da Togta ejäniň özem ogluny aýlap-günläp görmese-de, onuň bilen bile ýaşap ýördüler.
Oglunyň bu gün beýle ir gelmesini geň gören Togta eje, onuň öz ýanyna çagyrmasyny ondanam geň gördi.
– Gyzyňam alyp gel – diýýä – diýip, gelniniň getiren habaryndan soň onuň üçin bar zat aýan boldy.
Ol jaýa girensoň, öz ogly bolsa-da, duýman ýaşmagyny agzyna çekdi.
– Eje! – diýip, birhili owadan, mähir bilen aýdylan söz enäniň gulagyndan girip, ýüreginiň gatan ýaralarynyň agyrysyny el bilen aýrana dönderdi. – Hany, otur.
Ol ejesi oturansoň, diňe şondan soň edep bilen oturdy. Özem, misli bir sylagly, ýat adam içeri giren ýaly başy telpekli, egni içliksiz penjeklidi.
– Saglyk ýagşydyr?
– Şükür oglum özüň nähili?
– Ýagşy, eje! – diýip, oglam edil gelni ýaly, ýeke söze daňyldy.
Çaý geldi, nahar äberildi. Iýildi-içildi, soň omyn edilenden soň, ogly ejesiniň ýüzüne mylaýymlyk bilen garady.
– Eje!
– Jan balam!
Ogulnyýaz edil bir gaýnap duran suwa batyrylan ýaly, gara suw bolup, ýere giräýeýin diýýän ýaly bolup otyrdy. Häzir ýer ýarylsa, ol säginmän, şoňa özüni atjakdy. Kakasy nämüçindir oýlanýardy.
– Gyzyny käň sakladyňmy? Ýa-da göwnümemi?
Togta eje-de ýer dyrmady.
«Wah – diýip, ol öz ýanyndan ýer ýumruklady. Şeý diýerem-ä diýdim-le. Şu gyza dözmedim-dä...»
Ogulnyýaz üçin häzirki gepden öleni gowudy. Ol ömrüne kakasynyň «berekellasyndan» özge söz eşitmändi. Häzir onuň üçin daýzasynyň iňirdisem, onuň urgularam edil bir puluň sesi ýaly ýönekeýdi, ýeňildi. Ol kakasynyň ýüzüni ýere salandan, ölmäge taýýardy Bu gün onuň üçin ölümden müň esse erbet bolupdy. Ol gepi eşidenden daýzasynyň aýagyna suw akydyp, ölenini mün mertebe ybaly gördi. Ol bir gysymjyk bolup oturan enesine garady. Enesiniň ýagdaýynyň hem özüniňkiden gowy däldigine düşündi.
Ene-dä, ol ýene-de ýuwmarlajak boldy.
– Gyzym – diýdi. – Azajyk gezsin diýdik-dä!
Ogly henizem ýüzüni galdyranokdy. Ýöne ol agzyny ajadybam durmady.
– Bor, eje, ýöne gyz biziňki bolsa-da, maşgala kesekiniňki. Amanady har tutmalyň...
Soň hiç kimden ses çykmady. Togta eje gürrüňiň gutaranyny aňdy.
– Bor oglum, näme diýseň şol bolar...
– Özüň gör, eje. Özüň edişdiriber...
Bu maslahat Togta ejäni gaýra ýaşadan ýaly boldy. Oglunyň ahyr ýaşynda ýüzüne gelmegi özüne uly aýyp bildi.
«Wah, men bar bolaýyn. Dözmedim-dä. Ol haýasyzam gelenogam, habaram iberenok. Bu gyzy indi bir üstüne atlap durmaýyn – diýdim-dä. Adamsam ýok, birnemejik gadryny bilsin ol bidöwledem diýdim-dä! Wah...».
Ol Ogulnyýazy, gelnini çagyrdy.
– Indi ne alaç etmeli?
Gelniniňkä şol bir gepdi.
– Özüňiz bilersiňiz!
Agtygam ýüzüni ýere sallap otyr.
– Näme diýeýin!
Ýene-de Togta ejäniň özi ýol açdy.
– Balam, kakaň dogry aýdýar. Sen biziň gyzymyz bolsaňam, kesekiniň maşgalasy. Sen bize bir amanat. Amanadam müddetinde yzynajyk tabşyran ýagşy. Bolduň, gördüň. Ene-ata didaryndan doýma ýokdur, bu dünýäde. Ýöne yhlasyny ol öýe ber. Ol bidöwlete görä bolma, döwletli bol. Sen şu öýden äkiden döwletiň bilen ol öýi döwletli et, şu öýden elten yrsgalyň bilen ol öýi yrsgally et. Ýagşy bolmak juda kyndyr. Ýamany bäş minitde bolup bolar. Aýrylyşmagam gaty aňsatdyr. Edil ýamanlyk ýaly, bäş minitde goşuňy ýygnap, içden çykmaz ýalam bäş-alty söz aýdyp, gapyny jalka depseň, şol bolar. Emma ýagşy boljak bolsaň, saçyňy sübse edip, şol öýde süýekleriňi agartmaly. Ejeňe gara, ýer ýaly bolup ýör, eneňe gara, fronta gideniň yzynda ýeke çagany öwlüýä ýaly edip saklady. Eneň etegini ataňdan özge kişi galdyran däldir. Aslynda erkege ymrylma, abraý ymryl. Ärem, gaýnyňam är etjegem, abraýly gaýyn etjegem gelindir. Az iý, iýmäge janyň sag bolsun, az ýat, ýatmaga janyň sag bolsun. Işle, şol öýüň ody bilen gir, küli bilen çyk. Iş adam öldürýän däldir...
Ol agtygyny şol gün agşam öz aýal doganynyňka getirip gitdi. Agtygyny doganynyň ýanynda oturtdy.
– Pugta – diýip, ýüzüni agraldyp aýtdy. – Ine, gelniňi getirdim. Ogluň bilen goşa garrasyn. Köp ogul-gyzlary bolsun. Bagtlaryny, yrsgallaryny Alla jan köp bersin! Agtygyma diýjegim, şu öýe gelnaljy bilen geldiň, sakaja bilenem gaýdarsyň. Şu öý öwlüýädir, bu garram müjewüriň. Şu öýi döwletli, yrsgally edýänçäň ýüzün görülmez... Galanynam allam oňarsyn. – Ol aýal doganyna garady. – Pugta, saňa aýtjagym, gyrnak getirip eliňe berdim, eger aýagyny gyşyk bassa, dilini gyşyk çeýnese, elini gyşyk tutsa, dogram-dogram et, wah, diýsem janym çyksyn. Emma perişde ýaly balama, bigünä halyna, diliňi ýetirseň, diliňi gömeýininden sogrup, itlere bererin. Eger bigünä halyna elini ýetirseň, eliňi çüýrederin...
Pugta daýza azarlap duran ýüzüni, gamaşdyryp:
– Biziň-ä il bilen işimiz ýok – diýdi.
Togta enäniň sesi gaty gazaply çykdy.
– Ony il bilýän bolsaň, aklyňa dalaw degipdir seniň. Men saňa bir zat aýdaýyn, sen adam soňusyň, adamsoňy. Ýöne naçara azar berdirmerin. Garaklaryňy akdyryp, diliňi keser gideris. Nebir oglany, oňa-muňa saklatmaga beren bolup, äriň bilen, oýnaşlaň bilen kurortdan kurorda ygyp, halaly bilmän, haramy bilmän, onuň öňi, soňy bardyr diýmän, baý sürdüň-ä. Indi çekersiň jezasyny. Bilip goý, kasas kyýamata galmaz. Ogluňy zaýaladyňmy? Indi bu gyza-da azy ursaň, özüňi hol tirek goýdurylýan dälihana dykdyraryn...
Pugta daýza gorkdy. Aýal doganynyň namys, ar üçin janyny bermäge taýýardygyny ol bilýärdi.
...Bir Sapar Ata Haýlyýew Togta ejäniň ýanyna aýalyndan ýanyp barypdy.
– Men näme etjegimem bilemok. Men işe gaýtdygym, öýe erkek getirýär. Uly wezipäm bilen, uly abraýym bilen ony urup-sögüp ýörmege-de çekinýän. Häzir aýala el degirseňem, «söýgi üçin aýalyny horlaýar, ol feodal!» diýip üstüňden döküljekler. Meniň ýerim diýip, atly-ýaragly gezip ýörenlerem kän. Sähel bahana bolsa, atdan agdarjaklar...
Ol uzur ötünip gaýdandan soň, Togta eje-de ak maşyna atlanyp Aşgabada eňdi.
Pugta öýdedi. Owadan halady dolanyp, han heleýsiräp otyrdy.
– Waý, aýtman geläýipsiň-le? Ata-da komandirowkada. Gyrnagymyzam öýüne gaýtaraýdym...
Ol çaýy juda agyr minnet çekýän ýaly bolup getirdi.
– Meniň hökümet poliklinikasyna barmaly gyssagly işim bar. Senem gaýtjakmy? – diýen boldy.
– Ýok, men ertir gelerin – diýdim, çagalara. Şu gün seniň ýanynda boljak.
Pugta daýzanyň içki gozgalaňy daşyna çykdy. Ol garört bolan ýüzüni sypjakladan boldy. Ol beýlesine öwrülip, tütäp duran içini egisdi.
– Haram heleý, gelmäge başga wagt tapmadyňmy? Aslynda, ne görüň bar Aşgabatda, otur-da öz obaňda sokul-da. Obaly haýran...
Näme diýse-de, näçe diýse-de, barybir Togta eje Pugtanyň sözüni eşidenokdy. Gaýta ol öz aýal doganynyňka gelenine örän şat ýaly görünýärdi.
Pugta telefona ylgady. Emma gözleýäň adamsynyň ýokdugyny aýtdylar.
«Ýa, baryp işikde durubersemmikäm? Bolmasa, goý, gelsin-le, muny ho-ol çetki otaga elterin. Obaly haýran, onuň ýaly zatlara kän bir düşünibem barmaz...».
– Gel, onda nahar atarynaly – diýip, ol aýal doganynyň öňüne ýarym bedre kartoşkany dökdi-de, özi beýleki otaga gitdi.
Togta eje aýal doganynyň bu aljyraňňylygyndan, her sözünde telim dürli öwsüp durşundan onuň ýene-de bir päliň başyna barandygyny aňdy.
– Ikimize munça kartoşka nämä gerek? – Ol içi zatdan ýana ýarylaýyn diýýän holodilnigi açdy. – A gyz, kartoşka nämä gerek. Towuk gaýnadyp goýbereli. Hem ýeňil, hem, çalt bişýän nahar.
Gör, özüň, näme isleýän bolsaň, şonam bişiräý. Aý, menem wraça gitmemi goýdumam welin, eýýäm çakyza başlady-da. Aşhana barsam, ýagyň-ýokuň ysyna beter bolýa. Gowuýey, men saňa şujagaz ýere haly düşäýeýin-le. Özüňjik çaýam iç, naharam iý.
Aşhana girelge işikden uzagrakdady. Şonuň üçin Pugta aýal doganyna al salaryn diýýärdi.
Edil on ikiniň ýarynda işik kakyldy.
– Barýan! – diýip, Pugta moýmuldaklap işige bakan ýorgalady. Işik açylandanam onun «üş-ş!» diýýän, sonam ýuwaşja ýöräp, öz otagyna geçenlerini Togta eje duýdy.
Işik ýapyldy, bäş-on minutlap ses selem çykmady.
– Kim geldi? – diýip, aýal dogany gelensizräk sorady.
– Aý, gonşy bir zat sorap gitdi. Neme, naharyň ýetenokmy? Neme...
Togta ene birden gazap bilen ýerinden turdy-da, diwardan asylgy uly, berk kepgiri sen ýok, men ýok aldy-da, aýal doganynyň maňlaýyndan saldy. Kepgir edil maňlaýa degdi.
Beýle zady göwnüne-de getirmedik Pugta, kepgiriň awusyna bir «waý» diýdi-de kellesini tutup, stoluň üstüne güpürdäp gaýtdy.
– Näm bold-aý?– diýip, içerden kimdir biri näz bilen gygyrdy. Togta eje elindäki kepgirini talawladyp, ol otaga garşy ýöneldi.
Ol aýal doganynyň düşeginde kükreginiň tüýüni bir penje edip ýatan garynlak, gara lödür pyýadany gördi.
Ol pyýada garaşmaýan aýalynyň otaga girenini gördi-de, ilki bir «salawmaleý...» diýdi-de, soň ýorgany iki eli bilen eňegine çenli çekdi. Togta eje kepgir bilen ol pyýadanyň ýüzüne birki gaýta kessir-kessir urdy. Garagan ak ýorganyň üstüne seçelenip gitdi.
– Çyk öýden, haram ýer çeken! Ýogsa, läşiňi serýän, çyk!
Garynlak pyýadanyň ýüregi tarka ýarylyp, huşy başyndan uçana döndi. Ol ýorgan-sorgan bilen işige bakan düwdenekläp ugrady.
Togta eje elindäki kepgiri bilen gara pyýadanyň kellesiniň çykaýan ýerine, syrtyna, garnyna ýagşyja ýelmedi. Ol pyýada işigi açaryna mähetdel syrtyna sapan degen mekejin ýaly, ýok bolup gitdi.
Pugta öz ganyna gark bolup, aşhanada titräp, iňläp otyrdy. Ol eli kepgirli aýal doganyny görüp, ýüzünden akýan ganyny lagtalandyryp titräp başlady.
– Waý, dogan, pohumy iýdim! Boldy et, ömrüme sapak bolar, degme, urma, gurbanyň gideýin.
Togta eje kepgiri onuň egninden inderdi.
– Ganjyk, men seni urman, öldürerin. Senmi?! – Ol demir kepgirini ýene galdyrdy. Asyl soň öz gözüne ynanmady Pugta şol göwresi bilen aşhananyň kiçijik stolunyň aşagyna girip, waýkyrýardy.
– Beýtme, rehimiň gelsin. Ýekeje oglumdan ant içýän, indi pohumy iýmerin!
Togta eje ony stoluň aşagyndan çykardy.
– Kim ol?
Pugta demini içinde saklady.
– Kim diýýän, ganjyk?
Pugtanyň gözi alty-bäşe gelip ligirdedi.
– Bazanyň, bazanyň başlygy!
– Ady kim?
Ady, Mämi, hawa-hawa, Mämi!
Togta eje kepgirini goýmady Hälki hapa otaga girdi-de, ol gara pyýadanyň ýeňsiz köýneginiň jübüsinden çykyp duran şahadatnamany aldy. Soň ýene aşhana geldi.
– Entek bir äriň gelsin!
Pugtanyň agyrly depesinden asman inene döndi.
– Jan dogan, öldür, ýöne şoňa aýtma. Ol meni kowar. Ol, ol meni ýeke günem saklamaz. Men ýetim, öň näme günüm bar. Gowusy, al pyçagy, öldür meni...
Ol täzeden aglap, eňräp başlady. Özem çyn agydy. Ol agyny diňläp oturyp boljak däldi.
– Eneden, atadan kemis goýan Hudaý, ärden gönendirmedigiň näme! Dogandan göýdük eden Alla, gysyr goýanyň näme? Bagt berip, ygtyýaryny bermäniň näme, eý Alla! Ýerde-gökde bar bolsaň, al meni!.. Al, al, al meni!..
Категория: Romanlar | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: