22:02
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“
Başym agardyp,
Başym agyrdyp
Gün-günden bir topuk hasrata batýan.
Şu wagtam ullakan ekrana meňzeş
Penjiräň öňünde köçä äňedýän...

Nämedir bir zatdan agtaryp delil,
Bilemok, nämeden araýan sebäp.
Göwnüme, syr bermän ýaşaýar uly-il,
A men
sözi alynmadyk aşyga kybap.

Düşündirjek bolýan,
Ýeňlejek bolýan.
(Bagyşlaň, janygyp bolsam bagyran!)
Barmy nä dälini diňlejek bolýan?!
Başyn ýaýkap geçer nebsi agyran.

Ýogsa,
Menem ilden aýyp göremok,
Söz eşdemok „Pylansumakdan“ başga.
Adama agyr söz diýip göremok,
Şorta sözden başga,
Ýomakdan başga.

Aýdym — geçen ykballaryň hasraty.
Onam hiňlenýärin öz derdim üçin.
Özüň aýdyp, diňläp bolmaz ahbeti!
Bagşysumagňyzyň günäsin geçiň!..

Bilýäňiz-ä, şaýadam bir, ogry bir.
Kim diýýär „biçäre“,
kimi — „zor oglan“...
Gözleglerim boşa gitdi barybir,
Jogaby ýok düýe ýaly soraglaň.

Stambul. 03.10.2020ý.

Ýusup NURGELDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Pegas | Теги: Ýusup Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 3
0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
"Düýe ýaly soraglar"..
Gowy meñzetme.

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Uly şäherleriñ "ullakan ekrana meñzeş" aýna diwarly binalarynyñ õz stili şeýle. Oña "penjire" diýmek dogrumyka?

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýuska, Stambulda näme işläp ýörsüñ? sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: