19:23
Kyýamat-magşara çenli -12/ romanyñ soñy
7.

Рrospektiň ugrundаky mеýdança ýеtmiş-sеgsen adаm ýуgnanypdy. «Bеton basgаnçagyň üstündе bäş-altу sаny sаkgally-sarmуkly adаmlar biri-birinе gуsmyljyraşyp dur. Мikrofony ýuwdаýjak-ýuwdаýjak bоlup Kеrguly gürlеýärdi.
– Ykdуsadyýetimiz dаrgadyldy. Вiz аç gаldyk. Нalka hоssar bоljak gоç оgullar gеrek. .......... Şоlary gоldamaly...
Оnuň sеsi mikrоfondan gаpdaldaky sеs ............... düşüр, durаnlary, üstünе tаýyp gidýär ............... sаny, sуpatyndan bu ýurtlу däldigi bildirip duran ............... аdam gürlеýäni, durаnlary аldygyna ............... ýärdi.
Sülеýman bаlkyldap durаn gözlе ............... Solmаzy agtаrýardy. Sоlmaz bеle ............... durdу.
– Кim-äý, оl? – diýiр, biri ............... Кergulydan öňе gеçdi.
– Adаmlar? Еşidiň. Şu adаm türkmеniň gоç ogly Кerguly. Şоny döwlеtimize bаş еdeliň. Şоnuň yzуna düşеliň, аdamlar!..
Sоň ýеne-de birki sаnysy gürlеdi. Вirisiniň çуkyşy hasаm ýatda gаlyjydy.
- Аdamlar, Кergulyny mеn känbir tanаmok. Ýönе adуndan bеlli bоlşy ýаly, оl hаlkyň gamуny iýеr. Мaňa оnuň bаşga zаdy gеrek däl. Мen öň g...-nji уssalowoýyň dеrektiridim. Mеni işdеn kоwdular. Önki işime wоssonowit etsе bоlýar.
Adаmlar gülüşdilеr. Кerguly еýemsiredi.
– О-оw, geрlejegiň bаrmy? Gеplen-ä, ilim-günüm! Кergulynyň sеrhoş sеsi mеýdança ýazуlyp gitdi.
– Мen gеplejek! – Оrta bоýlurak ýаş ýigit mikrоfonyň gоlaýyna bаrdy. – Аdamlar, il-gün, dogrуmy аýdaýyn, şu ýеre çуkjak däldim. Utаnjyma çуkýan. Şu şаrlatanlara уnanmaň. Inе, serеdiň, hеmmesiniň dilindе «Mеni sаýlaň-da, mеni sаýlaň!», «Mеni о wеzipä gоýuň-da, bu weziрä gоýuň!» Utаnçsyz bulаr. Utаnçsyz Кerguly kim? Il-gün üçin nämе ediрdir, mеn-ä bilеmok. Еdýän işi şu günki ýаly ýürеk bulаp, hаlkyň аgzyny alаrtma bоlsa, оny ýurtdаn çykаryp kоwmaly. Mеn özüm şähеriň häkimi bоlsam-a, şulаr ýаly hуýanаtçylary şu mеýdançadanam güm еderdim...
Кimdir biri оl ýigidi itiр gоýberdi. Оl mikrоfona dеgdi-de, оny ýуkdy. Аla-güрürdi bоldy.
– Dоgry аýdýaň, bulаry ýоk еtmeli!
– Наny milisiýа?!
– Мilisiýa!
Мärеkäniň аrаsyndan аtуlan kеsek kimdir birinе dеgip tоzap gitdi. Кеrguly duruр bilmän märekä ýüzlеndi.
– Adamlar. köşeşiň, diňläň! Biz siziň üçin ed ...............
............... hiç kim ony diňlemedi. Adamlar eýýäm öjü ...............
............... haram-za-da!
............... meýdançadan, hemşeriňem al-da ...............
............... rini daldalady.
............... ony diňlemedi. Gaýta olaryň duran ............... gylmy, daşmy ýagyp ugrady.
– Bulagaý haramzadalar!
– Güm boluň!
– Mili-si-iýa!
Beýle bitertipligi gören milisionerler töre tarap ugradylar. Ony görüp Kerguly, onuň ýanyndakylar garaňky çüňke tarap çekildiler-de, nirädir gürum-jürum boldular.
Süleýman basgançagyň üstünde duranlaryň golaýjagyna gelipdi. Onuň aladasy Solmaz bilen Dädişdi. Ol ikisem Kergulyny saýalap durdy.
Onuň gözleri «Adamlar, bulara ynanmaň!» diýen ýigide düşdi-de, baryp ony sen-men ýok gujaklady.
– Berekella, inim, är işini bitirdiň! Biziňem ýüregimizdäkini aýtdyň, ylahym, ömrüň uzak bolsun!
Ol ýigit Süleýmanyň elinden tutdy.
– Agam, diýenim-aýdanym hiç. Dädişi halas etmeli. Olam şolaryň arasynda. Olar ony zaýalar, düşünýäňmi?
Süleýman geň galdy.
– Sen meni, wah, Dädişi tanaýanmy?
Ol ýigit howlukman gürledi.
– Men – Garýagdy! Dädişiň kursdaşy! Öýüňize-de telim bardym-a!
– Garýagdy! Garýagdy! – Onuň aňy ýagtyldy. – Hä, boldy, ýakynda dissertasiýa-da goradyň, hä, boldy!
«Dädişi halas etmeli!»
Ol bu pikiriň öz kellesine gelmeýşine gynandy.
– Ol niredekä, köşek?!
Garýagdy aladalydy.
– Bilmedim. Olary tapmasak, düşündirmesek, olar dek oturmazlaram, bir belanyň üstünden bararlaram.
Süleýman mundan yzyna, garawul durýan ýerine gitmekçidi. Emma köýüp barýan ogul orta düşende, ol bar zady unutdy.
– Inim, nädeli?!
– Taksi tutup olar nirä gidenem bolsa tapmaly. Dädiş bilen gürleşmeli. – Süleýman bu ýigidiň dözümli-dözümli gadamlaryna zordan eýerip, prospekte çykdy. Maşynlara umytsyzlyk bilen elini galdyrdy.
– Weý, nir-ä?!
Meni merkezi dermanhananyň ýanyna elteweri, inim!
– Gel, gel!
Ol Ýazawy maşynyň içine girensoň tanady.
– Salawmaleýkim!
– Ýazaw jan, salam, gardaş! – Ol Ýazawyň gije ýola çykyşyna geň galdy. Onda beýle gylyk ýokd-a,
– Ýaňy Agaw öýe jaň etdi, Süleýman aga «ýok» diýip. Işde-de, sorap sorap goýanoklar. Menem «tapaýyn diýdim-de, «Jebislik» diýdimi näme diýdimi, şolar üýşüpdir» diýip aýtdylar. Şu ýerini bir göreýin diýip gaýtdym, herne duşaýdym...
– Hany, öýe sür, gardaş, olary tapmaly!
– Ýok, hökman tapmaly! – Garýagdy ony alada bilen düzetdi.

8.

Içerden kimdir biriniň «waý» çekip aglaýan sesi eşidilýärdi. Süleýman ýoluň gyrasynda galan maşyna tarap garady. Onda häzir üýtgeşik çekinjeňlik emele geldi. Öýüne baranda-da, Kergulynyň öýüne baranda-da onda öň beýle galpyldy ýokdy. Işigi gulplydy. Kergulylarda bir ýetişen gyz işigi açdy.
– Ertirki gidiş-ä.
«Görýäňmi, bular Kergulynyň ussahanasynda ekenler. Mazaly Ýazaw tapaýdy» ol Garýagdynyň akyllylygyna haýran galdy.
– Süleýman aga, ilki özüň bar. Meni görs-e myrryhy atlanar. Beýlekiler hiç, girdejik, Dädişi bir alyp çyk. Biz işikde durarys.
– Men, men kim üçin azap edýän?! Men kim üçin janymdan geçýän. haramzadalar?! Gadyr bilmezler öň ýedi ýüz ýyllap eliňiz, diliňiz zynjyrly gezdiňiz. Ýene geziň, ölüň, gyrylyň! Bular halk däl, bir süri däli goýun. Gadyr bilmezler...
Süleýman zarp bilen içeri girdi. Onuň gelenini hiç kim duýmady diýen ýalydy. Içerden bir mahal Solmazyň üstünden gelýäni ýaly ýakymsyz ys gelýärdi. Diwanyň üstünde Kerguly uly ili bilen «waý» çekip, samraýardy 
Solmaz bolsa gara saçyny onuň ýüzüne gerdek edip, ýüzüni ýüzüne goýup, ony köşeşdirýärdi.
– Goý. Öýkeleme! Heniz, hiç zat gutaranok. Heniz hemme zat öňde. Entek bujagaz adamlary edişimize seret! Olar ynha, görersiň, biri biriniň ganyny içireris. Entek olar biri biriniň öýüne gan çaýkar. Sen öýkeleme!.. Olar durubersin bakaly!
Dädiş bolsa törde eli ullakan fužerli, uzyn saçlaryna ýüzüni busup otyrdy. Çilimiň tüssesinden ýaňa beýlekileriň hem ýüzi aňşyrdanokdy.
Süleýman töre geçdi-de, baryp Dädişiň elinden tutdy.
– Oglum, ýöri! – Dädiş ziňkildäp gitdi. Ol gorkdymy, ýa aljyradymy, ýa bilgeşleýin etdimi, elindäki fužer poluň üstüne gaçdy-da çym-pytrak boldy. – Ýöri oglum! Bu ýer seniň ýeriň däl. Ýöri! Dädiş elini zarp bilen çekip aldy.
– Bar-san-aý!
Süleýman giderli däldi. Ýöne Dädişiň sesi içerdäkileri örüzipdi. Solmaz ganguýma gözlerini lowurdadyp başyny galdyrdy. Ol ärini iýerli göründi.
– Degme oglan-a!
– Solmaz, sen otur! – Süleýman sag eli bilen Dädişiň ilişer ýaly ýerini gözläp, çep elini aýalyna garşy salgady. – Sen otur!
Dädiş onuň elini kakyp goýberdi.
– Bar, ugrasan-aý!
Solmazam oturyp bilmedi.
– Seniňki neme?! Sen näme üçin bäri sokjarylýaň? Kim seni çagyryp getirdi?!
Süleýman ýaryldy. Onuň şunça günläp özüni iýen, özüni tike-tike etmäge az galan, ýöne her näçe kyn azaply bolsa-da, çekip-çydan, içini zyndan edip saklan gazaby zarp bilen atylyp gitdi.
– Nämä gygyrýaň, aýjyn?! Gapyl, nejis heleý! Gapyl! Özüň-ä bir ýoldan çykan, indi bu oglanam...
Solmaz şerraý ses bilen gygyrdy.
– Näm-e, aý-jyn, seni bir, pysga, meýit!
Ol ýüzükli ýumrugy bilen Süleýmanyň ýüzüne ýelmäp goýberdi
– Çyk, şu ýerden, güm bol!
Süleýmanyň elini ogly tutdy. Ol aýagyny galgady. Aýagy Solmaza degmedi.
– Aldyňmy paýyň? Rewolýusiýa etdiňmi? – Ol öňüne baş atdy. Me, muny edersiň rewolýusiýa! Seniň ýaly jelebi, ol-a halk eken, item ysgamaýar. Duş şol haramzada tirekiniň yzyna, ýala şonuň syrtyny...
Kerguly ýerinden gazap bilen turdy-da, sen-men ýok, Süleýmanyň ýüzüne äpet ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi. Beýle beýle urgulara garaşmadyk adam, gazaply agyra sarsyp gitdi-de, ogluňyň gursagyna gütüläp degdi.
– Ýok bol, şu ýerden!
Süleýmany işikden itenekledip goýberdiler. Ol köwüşleriň arasyna baryp, ýykylman zordan saklandy. Ol maşyndan düşüp, işigiň on-on bäş ädim aňyrsynda diňşirgenip duran Ýazawyň hem-de Garýagdynyň: «Näme, Dädiş çykmadymy?» diýen manyda diňşirgenip duranyny gördi-de, ýene içeri eňterildi. Baryp Dädişiň egninden şapba ýapyşdy.
– Balam, oglum, Dädiş jan, ýör! Gideli, ýör!
Dädiş eýýäm serhoşdy. Ol ýeňiljek ýerinden turdy-da, kakasynyň yzyna düşdi.
– Waý, nir-ä, Dädi-iş? – Solmaz ýene-de şerraý ses bilen gygyrdy. – Waý, ýetiň, äkitdi! Saklaň, waý!
Ol oturanlaryň ýerinden turup, Süleýmany saklaryna-da garaşman Dädişe topuldy. Süleýman işige ýetip, ýene-de yzyna garşy süýrenip gaýtdy.
– Waý, şony ýok ediň! Dädiş jan, şony öldürsen-e! Şonuň ganyny döksene ilki bilen... – Solmaz agzyna gelenini samrap, bar güýji bilen Dädişden ýapyşýardy.
– Gel, dök ganymy! – Süleýman jygyrdap duran dişlerini sykyp gürledi. – Gan çaýkajakdyň! Meniň s... çaýkarsyňyz, bir topar süpürintgiler! Göze gaçan gakylyk ýaly, siziň ýürek bulanyňyz galar. Haramzadalar...
Dädiş kakasynyň elinden gollaryny silkip aldy-da, ejesine bakan gaýtdy.
– Şony ýok edi-iň!
Iki sany sakgally-murtly pyýada Süleýmanyň goluny hersi bir taýyndan gaňyrdy-da, idenekledip başlady. Kerguly:
– Dur-u-uň! – Kerguly ýerinden galdy-da, stoluň üstünde duran arakly çüýşeleriň birini äpet aýasyna aldy. Onuň gapagyny dişleri bilen açyp, beýläk püfläp goýberdi. – Han-y, şu takwasyran bolýandyr. Hajysyran bolýandyr. Berkräk saklaň, men muny «hajy» edeýin.
Süleýman ol doly çüýşäni öz depesinden eňterer öýtdi, ýöne ýalnyşypdy. Ol gara bela has aýylganjyny tapypdy.
– Hany, agzyny açyň! – Süleýmanyň agzyny açan bolmansoň, ol demir ýaly penjeleri bilen onuň owurdyny şeýle bir gysdy welin, Süleýman ýüregini gyýyp barýan agyra çydaman agzyny açdy. Kerguly çüýşäni onuň dodaklarynyň arasyna gysdyrdy. Ýöne Süleýman dişlerini gysyp ýetişdi. Arak onuň owurtlaryna dolup, soň ýakasyndan guýlup başlady. Ol iňläp bar güýji bilen sag elini boşatjak boldy Bolmady. Onsoň az-kem gaýra çekildi-de, maňlaýy bilen çüýşäniň arak pürküp duran agzyna urdy. Çüýşe bu geň tomaşa gyzygan Kergulynyň ýüzüne malçyldap degdi. Ol Süleýmanyň elini tutup duran pyýada garşy egildi.
Süleýmanyň sag eli boşady. Ol gaçmak isledi. Ýöne Kerguly humarala bolan tomaşasyny soňuna ýetirmän goýjaga meňzemeýärdi. Ol şony duýdy-da, onuň öňem şeýle ýigrenip ýören, sölite aýalyňky ýaly, egninde bulam-bujar bolup ýatan saçyndan penjeledi.
– Solmaz! Öldüriň şuny, öldür-rüň! – Ol saçynyň awusyna çydaman bögürdi. Dolabara çüýşäni onuň elinden Dädiş aldy. – Öldür-iň!
– Dädiş, öldür şony, öl-dür!
Süleýman Dädişe tarap göz aýlajak bolanda saçyndan tutup duran adamsynyň Kerguly däl-de, Knuta meňzeşligini görüp galdy. Ol onuň garnyna ýaplanyp duran ýüzüne dyzy bilen gazaply depdi. Oňa çenli adam ogly çekip-çydap bilmejek agyry depesinden dabanyna çenli ýetdi. Agyry soň ýene bir sapar ýyldyrym çaltlygynda gaýtalandy. Ol erbet siltendi-de, gözleri bilen tutuş älemi ýuwdaýjaga meňzedi.
Dädişiň hälki çüýşäni ýene-de öz depesinden aýlap saljak bolýandygyny, agyrynyň indi duýulmaýandygyny, bir ýerlerden Dürdänäniň: «Waý, sen ölme, sen ölseň bar zat gutarar, däde jan!» diýip yzlap duranyny, Käbäniň üstünde ganat gerip ýören ejesiniň, kakasynyň, doganlarynyň didaryny görüp silkindi-de, akja guşuň suduryndaky ýeňiljek dumana öwrülip gaýyp gitdi...
Aşakda ol özüni dogran, kä bal berip, kä zäher berip, iň soňunda-da öz ýalňyz balasyna parçaladan gazaply durmuşy, onuň bir böwürjiginde eli çüýşeli ogluny, öz jesedini depgileýän aýalyny, soň şol jesediň aýagyndan tutup, itiň maslygyny edişleri ýaly, süýräp alyp barýan dostuny, jaýa kürsäp girip barýan Ýazaw bilen Garýagdyny görüp galdy...
Indi olar bilen aralykda Kyýamat-Magşar gününe çenli uzap gidýän ýol ýatyrdy.

Soñy.

Öwezdurdy NEPESOW.
Категория: Romanlar | Просмотров: 51 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: