13:59
Aşyklaryñ şäheri
AŞYKLARYŇ ŞÄHERI

Bu säher aşyklaň säherimikä,
Gün doganok, daňyň düýbi çyzyk dur.
Wagt ho-ol daglaryň sergin gerşinde,
Bir pursat dynç almaga ilgezek dur.

Gijäniň açary söýgiň elinde,
Ol açaryň gizlin ýeri mukamdyr.
Çeşmelerde suw monjuklar ot-elek,
Menzil-menzil, gaýa-gaýa bökýändir.

Wagt goýbermeýär, ýagty kuýaşy,
Çünki aşyklara gelipdir, döwran.
Bu pursatda söýgi gujagna alyp,
Aşyklary üwrär, dünýäni üwrär.

Bu pursaty saklaň, heýkele öwrüp,
Ýadygärlik ediň, aşyk kowmuna.
Bu daňdan dönüpdir, bir pursat göwrä
Dolanyp, söýginiň, Hakyň kowmuna.

Bu säher aşyklaň säherimikä?
Gün doganok dünýäň bagtlaryndan.
Hormatyňa dünýä bu gün haýrandyr,
Kuýaş ho-ol daglarda garaşyp otyr,
Rugsat diläp söýgiň jübütlerinden.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 mango   [Mowzuga geç]
halamadym.
manysyz we suwjuk bolupdyr.

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Jemlemesini dagy görüñ-ä! biggrin

0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Şu aýal gaty seks ýazýar ýazýan zadyny. Aşa haýgyr heleýdir meñ pikirimçe.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: