11:38
Mukaddes sen
MUKADDES SEN

Maňa garap ýylgyrsadyň,
Dünýäm bolar ýazdan beter.
Diňlesedim owazyňy,
Joşgun berer sazdan beter.

Gözleriňe uçgun bolsam,
Ýüregiňe göçgün bolsam,
Seni söýýän, eger bilseň,
Gynamagyn näzden beter.

Gül keşbiňe intizaram,
Uzak etme ýakyn aram,
Ömürbaky söwer ýarym,
Mukaddes sen duzdan beter.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: