21:06
"Bütin älem jahan hem..."
"BÜTIN ÄLEM JAHAN HEM..."

"Men-menem, men bir Huda..."
 Baýram Akatow

Bütin älem jahan hem,
Ýer şary deňdir maňa.
Biz bitewi üzňe däl,
Hak ýary deňdir maňa.

Halk içinde seresi,
Ak sakgally töresi,
Adamlaryň garasy,
Ýa agy deňdir maňa.

Köňül köşgüň eýesi,
Ýa kapyryň uýasy,
Ýyldyz boýly guýusy,
Alp dagy deňdir maňa.

Arap, ýapon... ýat iller,
Ýa saýrasa türk diller,
Takrap ýatan şor peller,
Gül bagy deňdir maňa.

Alaw bolsun, isle gar,
Kepderimi ýa-da mar,
Dirilikmi, ölüm, dar,
Her biri deňdir maňa.

Bizler Allanyň güli,
Dirimi men ýa öli,
Bir gedamy, şol Aly,
Deň, bary deňdir maňa.

Bu ne gudrat, bilmez pal,
Ýarym diýsem erkim dal,
Ýokarda sen, deň-ä däl,
Ah, şol-a geňdir maňa.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 6
0
3 Trigger   [Mowzuga geç]
Adamlar, Baýram Akadow diýen näme diýjek bolýar? maňa-da düşündiräýiň-dä! wacko

0
4 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Men ä gorkýan

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Nesimini dabanyndan soýdular,
Bizden salam bolsun, jowap şeýledir..."

"Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp..."

Mundan galanyna-da özüň düşüniberersiň-dä... cool

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýene-de bir ýaňzytma: "Enel-Hak"... cool

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Goşga bir gram dûşünmedim.

0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Gowy ideýa, emma jemlemede Onuñ biz bilen deñ dälliginiñ awtora geñligi okyjyny geñirgendirip biljek..

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: