15:07
Kyýamat-magşara çenli -9/ romanyñ dowamy
ÜÇÜNJI BÖLÜM

1.

Iýun aýynyň ahyry Aşgabadyň säheri diýseň şypalydy. Ýap-ýaňyja süpürilip, suwlanan trotuarlardan barýan adamlarda üýtgeşik goýazylyk bardy. Olaryň üstem, ýüz-gözem tämizdi. Iň esasy zat, olaryň çuňňur köklerini yzarlap gaýdýan ruh tämizdi. Şol ruh gelip, seniň ruhuňa goşulyşyp, onuň bilen salamlaşyp yzyna gidýärdi.
Süleýman deňiden barýan, garşydan gelýän adamlaryň biri-ýarymy bolmasa, köpüsini tananokdy. Emma olaryn ruhy tanyşdy. Ol ruhlarda gorky ýokdy. «Men aldanaryn, meni depgilärler. Meni parçalarlar» diýen gorky ýokdy. Ol ruhlar bir içerde bolman-bolman doglan gyz agtyjak ýaly eziz görülýänini duýýardy. Ol erkanady. Islendik adamynyň gujagyna gypynçsyz kürsäp urup bilýärdi.
Öň beýle däldi. Süleýman Mekge-Medinä zyýarata gidip geleli bäri, oňa bir döw çalypdy. Ol Aşgabadyň didaryndan doýup bilenokdy. Bu ruhy päk adamlaryň güler ýüzünden ganyp bilenokdy. Onuň asla, öýe giresi gelenokdy.
Öýe girse onuň ruhy bozulýardy. Häzirem ol täzeje eşige girip, tämiz säheriň şiriň badasyny noş edip barýarka, diňe iş barada oýlanasy gelýärdi. Iş oňa az-kem teselli berýärdi.
– Hany Ogulnyýaz? – diýip, ol zyýaratdan gelen gününiň ertesi işine baran badyna aýdan sözi şol boldy.
Onuň Ogulnyýazy görmänine edil bir asyr geçen ýalydy. Häzir işe barsa, özüni saklarynam öýdüp bilenokdy. Onuň bu gelne garaşyp oturmaga-da takaty ýetjek däldi. Şonuň üçin azajyk eglendi. Işe ýarym sagat giç bardy. Ogulnyýazyň üstüne baranyny gowy gördi.
Beýleki gelinlere alan sowgadyny portfeline, Ogulnyýaz üçin alan zynjyrlyja gülýakasyny kisesine saldy. Ýöne onuň garaşany çykmady.
– Wa-aý, gyzla-ar, Süleýman Durdyýewiç gelipdir!
Kitap palatasynyň edarasyna gelnalyjy gelen ýaly boldy. Gelinler güpürdeşip, ala-gykylyk bolup geldiler.
– Zyýaratyň kabul bolsun!
– Sag-aman geldiňizmi?
– Gap-gara bolupdyr!
– Horlanypdyr!
– Zato, öňküdenem owadanlaşypdyr!
Gelinler onuň bilen mähribanlyk bilen salamlaşýardylar. Süleýmanyň welin ruhy biynjalykdy. Ogulnyýaz ýokdy. Senem ýokdy...
Ol sellofan haltany gelinleriň birine uzatdy.
– Mäň, gyzlara paýlaň. Mekge-Medineden teperrik.
– O! O-o, sag boluň!
Irina Georgiýewna bir bolmaz iş bolan ýaly, horja ellerini agzyna tutup günäsini boýnuna alýan ýaly gürledi.
– Süleýman Durdyýewiç, men bir günä iş etdim, bagyşlaň!
– Näme boldy?
– Ogulnyýaz arza ýazyp geldi. Ýazaw, gelinler haýyş edip dur. Menem gol çekdim...
– Näme üçin?
Irina Georgiýewna gözüne ýaş aýlady.
– Işden çykmaga!
– Näme?! – Süleýman ör-gökden gelip ýerinden turdy. – Näme diýip, näme üçin?
Orunbasar aýal başyny gorkuly ýaýkady.
– Göçüp gitjek bolýas diýdi. Ynandym!
Süleýman lapykeçlik bilen oturdy-da, arkasyny kreslo berdi.
– Özi bir sagmy?
– Sag. Gyzlar görüpdirem. Işe, bir edara tam süpürýän bolup işe girjek bolýan-a diýipdir. Men üns bermedim.
Irina Georgiýewna bir aý töweregi wagtyň içinde bolany, geçeni, edilen, edilmedik işleri gürrüň berdi.
Oblast Sowetinde biziň naçalnigimiz täzelendi. Ol sizem sorady. Tanaýan eken...
Bor, bor! Sag boluň! – Ol bu gepe känbir ünsem bermedi.
– Senem görünmedi-le?!
Irina Georgiýewna uly begenji bar ýaly gürledi.
– Ol ýarawsyz! Ol ýarawsyz!
Süleýmana bu aýal Senemiň ýarawsyzlygyna begenýän ýaly göründi. Soň sesini çykarmady.
Orunbasary gidenden soň hem onuň bar aladasy Ogulnyýaz boldy. Kagyzlara seredip otyrka-da, Prezident apparatyna jaň edip, alyn dişi açyk bölüm müdiri bilen gürleşip, «Sag-aman gelendigini» aýdyp otyrka-da, onuň gözi işikdedi. Ogulnyýaz ýylgyryp giräýjek ýaly bolup durdy.
– Pakyr, Hojat aga-da beýle bolaýypdyr-ow, pakyr, imany hemra bolsun! – diýip, bölüm müdiri ondanam öňürtiledi.
Sülenman bolan wakany gysgajyk gürrüň berdi.
– Süleýman Durdyýewiç! – diýip, bölüm müdiri tutugrak gürledi. – Günortan, gyssag işiňiz bolmasa, ýaşulynyň öýüne baryp gaýdaýalyň...
– Bor, bor! Ýöne, ýöne... – Süleýman sakanaklady. – Beýlekiler bilen «Anna agşam baralyň» diýşipdikd-ä, Ol, ol nähili bolarka?
Bölüm müdiri ikirjiňlemedi.
– Anna agşam barsaňyz hasam gowy. Ýöne, siz ýolbaşç-a. Bir adam bilen ýoldaş bolup gidip, o-da şol ýerde amanadyny tabşyryp, sizem onsuz gelip, soňam «Haçan anna agşamy bolarka» diýip ýörseňiz, gelşiksiz bolar-a.
Süleýman sesini çykarmasa-da, başyny atdy.
– Men onda goşjagazlaryny alaýyn-da.
Bölüm müdiri:
– Kimsi bar onuň? – diýip gyzyklandy.
– Bilmedim, aýal dogan-a bar eken.
– Bor men üstüňden bararyn. Sagat bire taýýar bolup duruň!
Süleýmany görüp, Hojat aganyň aýal dogany, gyzlary kakalarynyň gölegçisi gelen ýaly boldy... Ses edip agladylar. 
– Ýoluňa garan gözlerim, didaryňa düşmedi-le, dogan-eý! – diýip, ugradylyşykda zar çeken aýal eňredi. – Gidip hajy bolup gelenler, arkadagym nirede, ýürek bagym nirede? Nirede galdy arkamyň söýesi-eý?
Süleýman aljyrady. Bölüm müdiri ýene, ýaşam bolsa parhly çykdy. Olary köşeşdirdi, göwünlik berdi.
– Wah! – diýip, garry hyrçyny dişledi. – Käbä gidiljek diýenden ýüregine ýel düşdi-dä. «Häk, meniň duz-nesibäm şo ýerlere çekjeg-ow» diýdi oturdy. Baryp, ýörite gidip Goçgarata gonamçylygyndan toprak alyp geldi. Örtmen taýýarlatdy. Zyýaratçylar gelensoň näme etmelidigini aýtdy. Bize ýalan ýaly boldy durdy. Weli eken, pakyr...
Gedenler turmak bilen boldular.
– Anna agşam geleris. Size alan sowgat-serpaýlary, goş-golamjyklary bar, pakyryň, getireris.
– Taňryýalkasyn. Toýňyzda gaýtsyn...
Süleýman Hojat agalarda tas «Ogulnyýaz» diýip gygyrypdy. Onuň gyz agtyklarynyň biriniň Ogulnyýaza meňzeşligini diýsene. Ol muňa haýranlar galdy. Soň soňlar bolsa ol türkmeniň ähli ulugyzlarynyň, ýüzi açylmadyk gelinleriniň biri-birine meňzeşdigini duýupdy, arman, soň duýupdy.
Ol häzir aty çykan ýaly bolup, buýsançly, bady howa ýöräp barsa-da, onuň içi köwükdi. Şeýle bir mert adamlar bolýar. Içi köwlüp-köwlüp, gabygyna çenli ýetýär. Şonda-da edil bir ýany boýuna galan serwi ýaly, owadan durkuny saklaýarlar. Agyr tupanda bolsa, misli dagyň bölegi gaýdan ýaly bolup, başga bir ýykylmaly, jomrulmaly agajyň, şahanyň deregine güpürdäp, agaçlaryň egnine gaýdýar. Öl ýere garyň perjagazy gaýyp düşen ýaly sessiz, ynjysyz, agramsyz gaýdýarlar. Ol şeýle bir äpet, ýöne şeýle bir ýeňil, ony egninde göterip duran şahalaryň ne pudagy, ne ýapragy ynjandyr.
Süleýmanam häzir içinden köwlüpdi. Işde onuň bar arzuwy puç bolupdy. Oňa Ogulnyýazdan hiç zat gerek däldi. Diňe ruhunyň sorkuldap duran ýaralaryna, bakyp-bakyp doýup, melhem etse razydy. Öýde bolsa...
...Onuň öýi ýatlasam gelmedi. Öý oňa zyndandy. Süleýman, öýüni küýsäpdi. Ýuwnup ardynyp diwana geçip, öz eljagazy bilen guranja öýüniň hözirini göresi gelipdi. Ol «Pajygirenden» bäri uçup gaýdypdy.
Ol gelende işik gulpludy. Ol jaňy kakdy. Ýene kakdy.
«Öýde hiç kim ýok öýdýän?» Ol aýalynyň işdedigi, oglunyň bolsa bu gün öýde bolaýmalydygy barada oýlandy.
Sagat iki bolup barýardy. Bir göwni, gidip Solmaza jan et diýdi. Bir göwni, begener ýaly, duýdansyz gelsin diýdi.
On minut oturdy, ýarym sagat oturdy. Onuň üsti-başy kirdi. Eşikleriniň peti mynjyrap gidipdi Sakgalyny bolsa baryp Medinede alşydy. Ol bu durşuna köçä çykmaga ejap etdi.
Aşaky gapylaryň biri açyldy. Ýene biri açyldy.
– A gyz, kim geçdi ýokary? – diýip, goňşy aýal sorady.
– Bilmedim, biri bar ýal-a.
Beýleki gonşy ýokarky basgançaga galyp boýnuny uzatdy.
– Waý, gonşy gelipdir ýaly-la! – Ol salama-da garaşman, habar gatdy. – Öýde adam ýokmy, gyz?
– Bolmal-a Dädiş. Çykyp giden-ä ýok. Gaýta, ýaňy biri girip gitd-ä. Şu wagtjygam takyr-tukurlary eşidilip dur-a.
Süleýman jaňyň düwmesini janlyja basdy.
– Gatyrak kak, ýatan bolaýmasynlar! – Goňşular şeýtanja gülşen bolşup, gapylaryny ýapdylar.
Ol gapyny kakyp başlady. Dogrudanam, içerden şakyrdy eşidildi.
– Kim?
– Aç, men, kakaň!
Içeri dym-dyrslyk boldy. Ep-esli wagtdan işik açyldy. Süleýman sag aýagyny ätläp, «Essalawmaleýkim!» diýip içeri girdi.
– Zdra-astiý!
Koridorda saçyny açyp darap-darap goýberen gyz durdy.
– Salam!
Süleýman içeri ätländenem ol çykmak bilen boldy. Dädiş öýe otagynyň iç işiginde, gapyny eli bilen tutup durdy.
– Kak dogowarilis, papa, ne bespokoýsýa! (Kaka, biynjalyk bolma, wadalaşyşymyz ýalydyr...) Süleýman ýatylýan otaga girdi. Goşlaryny goýmanka çaý goýdy. Soň üstüne suw aldy-da, öý eşigine girdi.
– Dädiş, Dädiş jan!
Dädiş birsalymdan geldi.
– Gel oglum, bileje çaý içeli-le!
Süleýman çaý demledi. Sowutgyçda mesge, bal ýokdy. Saçakda bir bölejik çörek bardy. Olam gatap gidipdir.
– Öýde iýere zat ýokdur! – Dädiş göwnübir äheňde aýtdy.
– Hany ejeň?
– Ejem oba, dedlere gitdi.
Süleýman çekerleri dörüşdirip, gaty köke tapyşdyrdy. Goşuny açyp hurma, kemput çykardy.
Dädiş agaç ýuwdan ýaly bolup otyrdy. Ol birdenem saçyny selkeldedip goýberdi.
– Sen Iýersalima gitdiňmi?
Süleýman tisginip gitdi.
– Ýok-la, aýdýanyň näme? Mekge-Medinä gidip geldim.
Ogly elini silkdi.
– Aý kakak raznisa!
Süleýmanyň käse tutup duran eli titredi-de, owurtlan çaýy bokurdagyna tegek boldy.
– O nähili raznisasy ýok eken?!
– Nu, ço, Iýersalim hristianlaryň Mekgesi, Mekge musulmanlaryň...
Süleýmanyň dilinden ýalyn öwüsdi.
– Mekgede seniň kökleriň ruhy ýaşap ýör, ruhy. Ata babalaryň...
Dädiş gidenden soňam Süleýman köşeşip biläm kän oturdy. Soň ýene özüne basalyk berdi.
«Bolşum nähili-äý? Oglan känbir oýlanybam gören däldir-ä, Mekge-Medine diýýän. Men gele-gelmäne dazzarylyp durmaly däl-ä...»
Onuň oglunyň göwnüni alasy geldi. Goşuny açyp ogluna satyn alan amerikan «adidas» kostýumyny, koreý sagadyny çykardy.
– Dädiş jan? – Içerden ses çykmandan soň, ol oglynyň otagyna girdi. Dädiş diwanyň üstünde çäşerilip, gulagyna magnitofonyň gulakbagyny ötürip ýatyrdy.
Süleýman magnitofony öçürip, hemişeki edişi ýaly oglunyň başyndan guşagy sypyrdy.
– Ço! – Dädiş birhili gorky bilen kakasyma garady. – Ço!
– Gel!
Süleýman ony uly otaga çagyrdy. Soň oňa Mekge Medineden, höwes edip, saýlap-seçip getiren sowgadyny uzatdy.
– Me, oglum!
Dädiş kakasynyň ýüzüne mölerilip garady-da birdenem ýüzüni öwürdi.
– Ne-e! Mende bar-a. Mamam eýýäm alyp berdi. Spasibo!
Süleýmanyň ýüregi sarsyp gitdi.
– Nu, çtož, bu saňa Mekge-Medineden sowgad-a! Bilýäňmi? Mukaddes teperrik!
Dädiş ony diňlejegem bolmady.
– Serowna, gerek däl.
Süleýman bokurdagyna gelen gaharly ynjydan boguldy-da, elindäki owadan «Adidasy» taşlap goý berdi.
«Beý, Hudaýym, bize näme boldy? Men bu çaga bilen nädip dil tapaýyn, nädip onuň göwnüni awlaýyn? Nädip onuň daş bolan bagrynyň buzlaryny eredeýin?»
Ol ynjalmady. Ýene oglunyň otagyna girdi. Ogly eşiklerini geýip durdy.
– Köşegim, nirä?
– Aý, delo!
Süleýman ýene de durumsyzlyk egdi.
– Ýaňky gyz kim?
– Aý, dewka odna. – Dädiş kän eglenmän çykyp barşyna: – Pozna gelerin – diýip gitdi.
Süleýman her näçe gyýylsa, gyssansa-da, sesini çykaryp bilmedi. Ýöne oglunyň bu bolşy göwnüne ýaramady. Ýetişen ogly, ýokary bilimli, aspiranturany tamamlap, alym boljak bolup ýör. Iliň onuň ýalylary hars urup işläp, enesini-atasyny ekläp ýör. Eklenç munuň ýadyna-da düşenok. Iýse öňünde, iýmese arkasynda. Aýagynyň astynda täzeje «Wolga».
Ol özüni günäledi.
«How, ýokary bilimli, alym oglum, men öz oglum bilen dil tapyp bilmesem nähili bolar?! Dilem tapmaly, onuň nogtajygyndanam, gerek bolsa, tutmaly bolar. Gerek bolsa käýemelem, gerek bolsa söýmelem bolar. Ol meniň oglum-a. Onuň ýüregindäki buzlary öz demim bilen özüm eretmesem, kim eretmeli...»
Öňler ol diňe haýbat bilen çagany adam edip bolar diýip düşünýärdi. Hemişe haýbat, hemişe haýbat bu öýüň esseratyny alan bolara çemeli.
Häzir onuň ýadyna hindi rowaýatlarynyň biri düşdi. Budda-da edil Muhammet pygamber ýaly: «Ynsaply boluň! Biri-biriňize mähriban boluň! Birek-biregi goldaň!» diýip nesihat edip ýörenmişin. Adamlar bolsa oňa-da: «Bu-da bir lakgyldap ýören-dä» diýip gepine gulagam asmaýan ekenler.
Buddanyň ýaşaýan obasynda bir äpet däli pil bar eken. Biderek adamlar ony şerapdan ýagşy doýrup, oba kowup, tomaşa edýän ekenler. Ol serhoş pilem öňünden çykany çeýnäp, depeläp, mynjyradyp gelýän eken. Şonuň üçin onuň sesini eşiden nire berkräk bolsa jyrralaýan eken.
Bir gün Budda-da oba çykan. Muny gören şol kezzaplar ýene-de däli pili serhoş edip Buddanyň barýan köçesine goýberýärler. Ol pil öňünden gabat geleni, sen Buddamy, Budda dälmi, gapyp-depip barýarmyşyn. Adamlar oňa belet bolansoň berýärler ýazzyny. Pil şonda-da birki sanysyny ýagşy çeýneýär-de, göni Budda bakan gaýdýar.
«Şuny il keramatly saýyp ýör welin, näderkä?» diýip, adamlaram syn kylyp duran. Budda pili görýär-de duruberýär. Gygyryp, ýer peşäp gelýän guduz pil batly gelip-gelip togtaýar-da, üýtgeşik çyňsap, Buddanyň egnine gulaklaryny süýkäp-süýkäp duruberýär. Görseler, Budda şol däli, guduz açan piliňem kalbyny mähir bilen dolduryp goýupdyr.
Süleýman özüni Buddýanyň ýerine goýdy.
«Guduzlan piliň kalbyny mähir bilen dolduryp bolanda, men öz oglumyň, ýalňyz oglumyň kalbyny näme üçin mähre çoýmaly däl?! Magtymguly Pyragy. «Öz köňlüň ýykmasaň, dost köňli ynjar» diýipdir-a. Meniň göwnüm bar-da, onuňky ýokmy? Meniň göwnüm hesel-de, onuňky solidol däl-ä. Ona-da düşündirmeli.
Olam adam-a. Ýöne ony gark edäýmeli däl, berçikdiräýmeli däl. Ilki pamyk bilen damdyrmaly, mähri. Soň kiçijik galam bilen, soňra uly çemçe bilen bermeli mähri.» 
Süleýman kalbynda şeýle pikirleriň döränine begendi.
«Gijem bolsa men şoňa düşündim. Eger hiç haçan düşünmesem näderdim...»
Ol gorkdy. Ýöne henizem bir pilledi. Yhlas etseň, sokur gözdenem ýaş çykmal-a.
Ol içerilere aýlandy. Içeri çaşyp ýatyrdy Mebeller, tekjeler, telewizoryň üsti tozap ýatyrdy. Aşhanada ýuwulmadyk tabaklar, käseler, beýleki gap-gaçlar bulaşyp ýatyrdy. Nebir düşekler, pol tozandan gömlüp gidipdir.
Süleýman oglunyň otagyndan başlady. Dädişiň kitaplaryny, gazet-žurnallaryny tekjelere tertiplije ördi. Oturgyjyň arkasynda epin-epin bolup ýatan köýnekleri, jalbarlary, ýenli, ýeňsiz maýkalary şifonerden asyşdyrdy. Diwany galdyryp, magnitofony, üsti şeraply, konýakly çüýşeleri, şokolad gapyrjaklaryny, rýumkalary ýygnaşdyrdy-da, soň, ilk-ä sübse bilen, soňam tozan sorýan bilen birlaý içerden geçdi.
Ol oglunyň jaýyndan bir bedre süplük, hapa-hupa aýyrdam, ýagşy ýadadam.
«Gel, men ilki dükana gideýin...»
Ol ýanyndaky barja puluna çörek, et, mesge, odur-budur alyşdyrdy. Gazda gazany dolduryp et ataryp goýberdi-de, uly jaýy syryp gül ýaly etdi. Sok ýatylýan otagy, aşhanany, eýwany syrdy, tozanyny sordurdy, mebelleri, tekjeleri, beýleki gaplary süpürdi. Pollary ýuwdy. Soň nahara kartoşka, sogan, duz, burç atdy. Pomidor dogrady.
Içeri tämizdi. Ýöne Süleýman içerini ýene bir sapar sübseledi. Tozan sorýan bilen ýene-de bir sapar haly-dorožkalary darap geçdi. Çäýnek-käseleri, gap-gaçlary sodalap-sodalap ýuwdy.
Içeri indi içerä meňzäpdi. Halylaryň üstünden ýöräniňde aýagyň aşagy ýelege degýän ýalydy.
Ol derlese-de, ýadasa-da oturmady. Wannadaky jorapmysyň, içki geýimlermisiň, köýnekmisiň, baryny ýuwdy, serdi. Soň wannany arassalady. Ýuwuşdyrdy. Özi sakgalyny syryp, üstüne suw aldy-da, ýene hälki öý eşigine girdi.
Otaglar muzeý ýaly lowurdap dur. Şonda-da ol uly otaga geçip, süýnüp ýatmady. Nahary taýýarlady.
«Häzir Dädiş jan geläýsedi!»
Dädiş gijesi bilen gelmedi. Ertesi bolsa ol işe gitdi. Işden gelende-de ogly öýde ýokdy. Süleýmanyň ogly bilen gürleşesi gelýärdi. Ýöne oglunyň ýaban ýatyp ýörmesine-de gahary gaty gelýärdi.
«Men ony nireden gözlesemkäm, janlarym? Ýa instituta jan edäýsemmikäm? Oňda-da gahary geläýmese: «Meni nazarlap ýörsüň» diýip. Solmaz bir çaltrak gelsedi...»
Ol agşam bazara sowuldy. Ýazaw bilen bile birküç sany tamdyr çöregini, üzüm, pomidor, hyýar, gawun garpyz, ýumurtga, suw aldy. Bazaryň gapdalyndaky dükandan ýumşajyk köke, tort alyşdyrdy. Sowutgyjy saçagy zatdan doldurdy. Ogly welin henizem ýokdy.
Ol güýmenmäge zat tapman, ýene-de içerileri, mebelleri syryp-süpürdi. Şol wagtam telefon jyňňyrdy. Ol ylgap bardy.
– Alo!
Kimdir biriniň dem almasy gelip durdy, ýöne hiç jogap berenokdy.
– Alo, Dädiş jan, senmi, oglum? Haçan geljek?
Aňyrdan guguldy eşidildi. Ol trubkany goýup, oglunyň otagyna bardy. Içeri arassajady. Ýöne şifonerdäki eşikler üýtgäpdir.
Süleýman daşary, goňşulara ylgady.
– Salam! Dädiş jan-a gelen däldir?
Gonşy aýal gözlirini, çerreltdi.
– Bardy, bardy. Salamlaşdyk. «Ejeň görnenok diýsem: «Deduşkamyňka gitdi» diýdi. «Haçan geljek?» diýsem: «Şu gün agşam, sagat dokuzda geler, şony garşylamaga gitjek» diýdi. Bardy, hakyt, gördüm nä-me?!
– Aý, ýok, aý, ýok.
Süleýmanyň dünýesi giňäp gitdi.
«Sagat dokuzda gelýän bolsa... – Ol sagadyna garady. – Sagadam ýaňy ýedi bolupdyr. Nahar ataranynda aeroporta eňeýin. Maşynyň açaryny Dädiş alyp gidäýdimikä? Ýa Ýazawa jaň edeýsemmikäm?»
Ol maşynyň açaryny tapmady-da, aşhana eňdi. Sowutgyçda agşamky bişiren bal ýaly gaýnatmasy durdy. Ony gazana gapgardy-da, aşagyny ýakdy. Täzeden duzuny gördi.
Birki dürli salat taýarlady. Stoluň üstüne suw, pamidor, hyýar çykardy.
«Nesip bolsa, Solmazam gelse, üçüjigimiz jem bolup iýeris.»
Ol Mekge-Medineden getiren iki geýimlik pombarhtyny, ýapon ýaglyklaryny ýatylýan otagda krowtyň üstünde, göze iler ýaly edip goýdy. Otaglara ýene birlaý göz aýlady. Gazanyň aşagyny öçürdi-de, aeropor ta bakan eňdi.
Dädiş görünmese-de, ol öz «Wolgasyny» tanady. «Mazaly, Dädiş janam bar Ejesini öýe elinje elteris...»
Çärjewden samolýotyň gelendigi yglan edildi Süleýman ýolagçylaryň çykýan derwezesine garşy barşyna ogluny gördi-de, oňa bakam ýöneldi. Emma Dädiş kakasyna barmysyňam diýerli däl-di. Onsoň Süleýmanam ony görjek bolup sokjarylyp durmady.
Ataly ogul, misli iki sany, biri birni düýbünden tanamaýan, ýatlar ýaly bolup dur. Görenlerem olar ýakyndyr öýdýän bolmaly däldiler.
Derwezeden Kerguly ýyrşaryp çykdy. Ol agyr söweşden ýeňiş bilen dolanan serkerdä meňzeýärdi. Arkaýyndy, badyhowady. Ol ilki Dädiş bilen salamlaşdy-da, soň Süleýmana bakan gaýtdy
– Geldiňmo-ow, br-rat? Senem, nirä iberselerem geläýýäňmi? – Onuň serhoşlygy deminden däl, gözlerindenem bildirip durdy. – Bu gün ýaman köpläp çykypsyňyz-la, köpläp almaly zat bolsa bize-de aýdyň-ow...
Süleýman ony görenine dogrudanam, begendi.
– Senem Çärjewdenmi?
– Öňde biriniň aýdyşy ýaly, menem samolýotda uçup geldim.
– Hany Solmaz?
– Bar-laý, şonyňdan arkaýyn bol. Olam özüň ýaly, nirä iberseň geljek bolup dur...
Ahyry Solmazam göründi. Süleýman oňa bakan ylgady. Baryp onuň elinden toruny aldy.
– Solmaz, sag-aman geldiňmi?
Solmaz ýadawlykdanmy, ýa ýarawsyzlykdanmy, çym-gyzyl bolan ýüzüni eňşetdi.
– Wä, wä, elimi döwdüň! Alynman geçsin şu ýük.
Süleýman onuň, önünde byzbydaklady.
– Wah-eý, eliň, eliňmi...
– Ma-mo-çka! – Dädiş gelip ejesini gujakla-dy. – Mamoçka, kak tam ded?
Solmaz ýalandanmy, ýa çyny bilenmi, güldi.
– Gowy, oglum, gowy. Salam aýtdy.
Kerguly Dädişe eýemsiredi.
– Maşyn barm-ow?
– Bar, bar!
Süleýman aýalynyň ýüküni maşynyň yzynda ýerleşdirýänçä, Kerguly bilen Solmaz maşyna münündiler. Maşynyň içinde bolsa ýene-de iki sany gyz bardy. Süleýman özüne ýer ýokdugyny aňdy.
– Siz, siz gidiberiň. Men taksili eňerin.
Maşyn gitdi. Süleýmanyň öz «Wolgasy», ogly, aýaly...
Onuň, gahary bokurdagyny ajytdy. Ol pyýadalap barşyna, öz-özüne basalyk berdi. «Ýagşy däl. Iki gyzy çykarsaň-a däl. Kergulam ýoldan gelen. Aý, ine, Dädiş jan geler-le...» Ol ýolda her geçen maşyna tama bilen garady. Ýöne öýe ýetýänçä ulaga münmedi.
Ol içeri girende naharyň ýakymdy ysyny aldy.
«Bolsa-da naharym-a iýärler. Solmaz içerä näme diýdikä? Sowgatlaryny haladymykan.
Ol koridorda duran içi zatly tory aşhana alyp bardy.
Solmaz, Kerguly, Dädiş üçüsi äbede-jüýje bolup nahar iýýärdiler. Stoluň üstünde «bugdaý aragy» durdy.
– Gel-ow, brat. Ýaman eliň süýji eken. Şol eliň barka Mekgede nä körüň bar? Gel hajylygyňy bir ýuwaly!
– Tory nirede goýaýyn? – Solmaz eşitmeýän ýalydy. – Solmaz, tory nirede goýaýyn?
Solmaz bärsine-de bakmady.
– Goýuber, näme, mundan öň menden sorap goýadyňmy?
Süleýman tory sowutgyjyň gapdalyna oklap berdi.
– Wä-ä, ony näme atýaň, ony näme atýaň? Onda ýumurtga baryny görenokmy?
Süleýman ilki Kergula, soňam aýalyna gözüniň agyny çogduryp garady.
– Ýuwaş-aý, näme gygyrýaň?
Solmaz jüýjehoraz ýaly jikjerildi.
– Gygyrjak. Şonda atamyň öýünden gelen ýumurtga bar, şony halaman edýär. Içi düzüw däl onuň. – Ol Kergula tutundy.
– Näme, gygyrmalymy şonda? – Kergulam onuň arkasyny tutmady.
– Gygyrmaz ýalymy, nirelerden ýük edip getiren zadymy ýere pylçyldadyp goýberýär. Bary kül boldy, bary.
Süleýmanam ýumşak sözledi.
– Döwlen ýumurtga bolsun. Men sowatgyjy ýumurtgadan dolduryp goýdum.
Solmaz onda-da köşeşmedi.
– Içerde heleýsirän bolup, iki gün gidip gelip, bar zat düp-düzüw bolýandyr öýdýär. – Ol ýerinden turdy-da, ýüreginiň üstüne kakdy. – Şu ýerimi döwüm-döwüm edensoň, sen Käbä gitmän, o dünýä gidip gelseňem seýikläp bilmersiň. Nirä gitseňem şol, önki naýynsaplygyňa galarsyň. – Ol tasanjyrap barşyna, agyly hüňürdedi. – Iýenimi burnumdan getirjek bolýar. burnundan gelmiş. Nirä gitse-de içi düzelmän geçjek.
Süleýman özüne nahar guýundy. Soň boş oturgyçlaryň birini aldy-da, stoluň başyna geçdi.
Kerguly uly fužerleriň birini dolabara etdi-de, Süleýmanyň öňüne süýşürdi.
– Ýok, içemok. – Ol gürrüňi gaýynlaryna dolasy geldi. – Nähili Çärjew illeri?
Kerguly elinde rýumka tutup durşuna gözüni elek-çelek edip Dädişe garady.
– Indi wap-şe içjek dälmi?
– Woobşe!
Kerguly dodaklaryny ýygyrdy-da, telpege dönüp giden saçyny selkildetdi.
– Onyň-a bolmaz!
– Bolar. Işler nähili?
Kerguly içmeseň, tersiňe iç diýýän ýaly, rýumkany başyna çekdi-de, soň eliniň başam barmagyny gaňryp görkezdi.
– Işler. wo-o! Ine, saýlawda bir gör, akgaňlaň ediberşini. Baran ýerimizde, hemmesi biziň üçin «za» koneçno, blagodarýa, Solmaza!
Süleýman düşünmedi.
– Solmaz näme?
– Solmaz «Jebisligiň» weduşiý agitatory, propagandisti. Geljekki Prezidentiň – ol özüni görkezdi. – Ynanylan adamy.
– Prezident! Ynanylan adamy! Düşünmedim!
Kerguly dodagyny çommaltdy.
– Düşünersiň. Entejik duruber bakaly. Gözüň näme görýär.
– Ýok, dur, sen Prezidentlige ballotirowat etmänsiň-ä, ýagny, hasaba alynmansyň-a. Seniň. adyň ýog-a. Onsoň sen nähili ynanylan adamly bolýaň?
Kerguly gözüni ýumdy-da, ýaňy otlan çilimini kükedip goýberdi.
– Hemmesi gül ýaly bolar. Hemmesi.
– O nähili?!
– Nähilisi şo-ol! Halk bir galkynar, hemme zady ýerine-de goýar. Kimi goýjagyny bolsa bilýändir. Ballotirowaniýaňam, kandidaturaňam, propagandaňam şol bolar. Ýene bäş günden bir seret bolýanja zada.
Süleýman erbet gorkdy. Kergulynyň etjek bolýan oýny ýöne oýun däldi. Ol ot bilen oýun etjek bolýardy.
«Bu adamyň öz-ä bir «Atasy urup, enesi käýýän». Ol gorpdan gaýdanda-da, iki daşyň arasynda-da hor galjak däl. Emma ol bir topar bigünä adamlary öz yzy bilen uçutdan eňterer...»
– Ýoo-ok, gardaş, seniň munyň bolanok. Sen döwletiň Kanunyny bilýäň-ä. Bujagaz oýnuňdan gan ysy gelýär. Näme edilse, Kanuna sygnyp etmeli – diýip, Süleýman janykdy.
Kergulynyň müň tüýünden birem gymyldanokdy. Ol ýumulgy, süzgek, serhoş gözleri bilen özüni has belent kürsülerde görüp oturan ýalydy. Onuň özüni samsyk hasaplaýanyny, «seniňki näm-aý» diýip, pitjiň atyp oturanyny Süleýman aňdy. Onuň üstesine Dädişem bu adamyň agzyndan çykan her sözi ak guş edip gapyp otyrdy.
– Hiç bir rewolýusiýa-da Kanuna sygnyp edilýän däldir. Gaýta rewolýusiýalar şol Kanuny kül-owram etmek üçin edilýändir.
– Wot, onardyň! – diýip, Dädişem ahyry oturyp bilmän goşuldy. – Taryhy bilmeli, taryhy.
Süleýmanyň hem kellesi açylyp başlady. Bulara berkräk darasy geldi.
– Kanuny kül owram edip üstün çykylan rewolýusiýanyň baýnap, halky ýazlaga çykaran ýeri ýokdur. Häzir rewolýusiýa bary edildi, indi nämä gerekmiş, boş rewolýusiýa? Önkülerden gönendikmi?
– Türkmene gerek, türkmene!
– Türkmene sen tetelliniň rewolýusiýasy gerek däl. Türkmene rahatlyk gerek, agzybirlik gerek. Şu güne ölüp ýetdi, türkmen. Oňarsaň şu güni golda. Bolmasa-da, bozgaklyk etme.
Kerguly çilimini küldana taşlady-da, Süleýmanyň ýüzüne jeçjerildi.
– Koroçe näme diýjek bolýaň?
Süleýmanyň gaty gahary geldi.
– Koroçimi, han ogul, özüň-ä bir ýoldan çykan, meniň aýalymy, oglumy ýoldan çykarma. Özüňem, çyk şu öýden. Gaýdybam, men dirikäm şu öýe aýagyňy ätlseň, garnyndan gapy açaryn. Çy-yk! Seniň ýaly rewolýusionersireýäniňem oglanyny s...
Kerguly dişini gyjap, gözleriniň hanasyny çym-ak etdi.
– Nä-me? Sen, senjagaz...
Süleýman ýarysy içilen çüýşäni titräp duran eline aldy.
– Çy-yk, çyk diýýän! – Süleýman aýylganç gygyrdy – Bolmasa şunuň bilen kelläňe berip, garnyňdan gapy açyp, saýlawdanam öň «prezident» ederin, gurrumsak...
Dädişem ýerinden turup:
– E-e, ol meniň myhmanym!
Süleýman ähli ýigrenjini ogluna pürkdi.
– Ot-ur, götboky. Seniňem, häzir, damagyňy çalaryn, şol oýnatgy gurrumsagyň tarapyny tutsaň.
Süleýman häzir aç şire meňzeýärdi. Kerguly sähel haýal-ýagallyk etse, bu adamdan ýagşylyk tamasyny edip bolmajagyna düşündi. Sypba-sypyrylmak bilen boldy. Oglam onuň yzy bilen eňdi.
Süleýman işigi saklady.
– Onuň yzynda görüň gazylmandyr, otur sokul-da! Dädiş gidip bilmedi.
«Oýnasa ogly ýeňer, çynyrgatsa atasy» boldy.
Süleýman gal-gaçlary ýuwuşdyryp ýörşüne zordan köşeşdi. «Patyşaňy golda!» Ol pygamberleriň biriniň wesýetini berjaý edenine begense-de, essinden çykanyna, öýünde, döwletli saçagynyň başynda goh turzanyna gynandy. Ýöne ol şeýtanlaryň birine daş atan ýaly rahatlansa-da, kalbynyň gozgalaňy ýatmady «Haramzada, dostum diýen bolup sylasam, gor, aýalymy yzyňa salyp, obama-oba aýlap, ili agzalaçylyga çagyrdyp ýörüpdir. Men bolsa Solmaz oba, kakasyny görmäge gidendir diýip begenip otyryn. Solmaz, Solmaz diýip, bu oglanam...»
Ol aşhanany tämizläp, iki bedräni tümmekläp, hapany dökmäge çykdy.
Daşary jennet ýaly ýakymlydy. Aşgabadyň agşamy salkyndy, howasy ýeňildi. Edil ganat kakyp uçubermelidi. Onda-da uzak ilden küýsäp gelen Süleýman üçin juda melhemdi.
«Şol haramzada iliň, gününi bulamaz ýaly, öýi «rewolýusiýasynyň» «ojagyna» öwürmeli däl. Men Solmaz bilenem gepleşeýin. Dädiş bilenem. Olar salgyma çapyp, düýpsüz uçudyň gyrasyna barýarlar...»
Süleýman aşhanany, otaglary ýene birlaý tertipleşdirdi-de, ýatylýan otaga girdi. Getirenje sowgatlarynyň işik bilen düşegiň arasynda, poluň üstünde göze ilginç bolup bulaşyp ýatmagy onuň myrryhyny atlandyrjak bolsa-da, ol oňa ähmiýet bermedi. Buruljyrap, aňyrsyna bakyp bükdürilip ýatan aýalynyň elinden tutdy.
– Solmaz! Solmazym!
Solmaz silkinip turdy-da, Süleýmanyň elini kakyp goýberdi. Soň bolsa aglap başlady.
– Ba-ar, ug-ra! Solmazyň bolmaz. Men «loly», men «jelepdirin». Oýnaşbazdyryn. Bar-da, kim loly däl bolsa, kim jelep däl bolsa, oýnaşbaz däl bolsa, tapyber. Gelme meniň ýanyma...
Süleýman aýalynyň gözýaşyna dözmedi. Ony gujaklajak boldy.
– Goýsan-a, gaharyma, dilimden sypdy. Dilim gursun. Seni ýaman göresim geld-ä, janym.
Solmaz möwjemese, köşeşer ýaly däldi. Onuň gykylygy batly çykdy.
– Hä, siňriň gatandyr. Diňe şony ýumşatmaly bolamda gerekdir Solmaz... «Är başymyň duşmany, g... dosty» diýenlerimi? Ölerin, ýöne tä ölýänçäm, sen meniň düşegime girmersiň, ýat-guş girse-de. Sen indi görersiň jelebi, lolyny...
Süleýman aýalynyň şerraý sesini halamasa-da, ony ýene gujaklap ogşady. Solmaz bolsa, zorlanyp namysyna degilýän ýaly, çyrlady.
– Wa-aý, il-gün, wa-aý, Däd-i-iş! Ýetiň! Wa-a-aý, ýetiň!
Işik jarka açyldy. Süleýman häzir oglunyň, hiç bir beladan gaýtmajak, ganojak ýüzüni gördi. Ol sesini çykarman otagdan gitdi...
Häzirem, ol irden turup düşegini ýygnady, ýuwundy. Bir käse çaý içibem, köçä çykdy.
«Men şu gün işlerimi birýan edeýin-de, Dürdenäni göreýin. Ejem pahyr özelenip bir zatlar-a diýjek boldy, ýa diýdi, men düşünmedim. Nädýärkä? Obadakylar gurgunmyka?»
...Düýn-öňňin nähili ruhy jebirleri görse-de, Süleýman häzir özüni gama berip biljek däldi. Onuň jennet ýaly säherli Aşgabady, tanyş-u-nätanyş il-güni bardy. Olar ony häzirem gondalap barýardylar.

2.

Sekretary bolmany üçin telefony onuň özi aldy.
– Waleýkim! – Trubkada kimdir biri joşgunly gürläp, salam berýärdi.– Bardyryn. Hawa, arada görünmedim. Hawa, Saud Arabystanyna, zyýarata... Hawa, Hudaý kabul etse, hajy bolduk. – Ol trubkany gulagyna mäkäm gysdy. – Aý, goýa, hökman, hökman. Restoranamy, haýsynda. «Jennet» restoranynda, sagat alta, bor, bor...
«Baý-bow, okuwy tamamlanymyza eýýäm ýigrimi bäş ýyl bolaýypdyr! Eý, Huda-eý, wagtyň, beýle tiz geçäýşini...»
Ol okuwyň gutarlanyna ýigrimi bäş ýyl geçenine, ömrüň şeýle çalt ötüp barýanyna gynansa-da, ýubileýiň bellenjegine begendi. Bir wagtky bäş ýyl bilje okan adamlar bilen ýene-de duşuşjagyna begendi.
«Baý, gyzlaram gelermikä? Mähriban-a meni görse hökman gelip gujaklar. «Doganym, doganym» nähili gowy görýärdi. Meni öýlerine-de äkidýärd-ä. Ejesi görgülem gowy aýaldyr. «Şuny alaýmagyn, bally, ýaman şatyrdyr. Iki äre barmasa dagy köşeşmez bu aýgyr» diýerdi zo-ol. Mähribanam: «Bu meniň doganym-ow, doganyňa-da baryp bolarmy?» diýip, abyr-zabyr geplärdi. Ejesi bolsa, wah, ady ýadymdan çykypdyr görgüliniň: «Sen ony beýdip, ezip içjek bolup ýörşüňe, giriňe salanyňy duýmanam galsyn, çaga ýaly ýuwaşja görgüli» diýerdi. Okuw gutaraly ony gördüm-bildim ýokdur. Niredekä, ykballary nähili boldy? Oglanlar, sag bolsun, ýatdan çykarmandyrlar, hernä...»
Ol okan ýyllaryny ýatladygyça, dünýäsi ýagtyldy. Dünýä täze inen ýaly, ruhy tämizlendi.
Şol bady bilenem maý, iýun aýlarynyň korrekturalaryna göz gezdirdi. Düýn aňyrsyna ýetip bilmedik kagyzlaryny görüp, hersiniň ýüzüne iberilmeli ýeri, nädip çözülmeli, kim çözmelidigi barada bellik edişdirdi. Metbugat baradaky döwlet komitetine jaň edip, ýygyndylary çap etmäge zerur bolan kagyz barada gepleşdi. Ertirden, onuň ýörän ugry alnyna gelip dur.
«Beý – diýip, ol şu begenip oturan wagty Ogulnyýazy ýatlady. – Baraýsammykam öýüne, ýa telefon edäýsemmikäm? Hiç bolmanda birje görsem...»
Ol trubkany galdyrdy-da, nomerleri aýlady.
– Irina Georgiýewna, araky sekretarlyga alanja gyzymyzyň «Liçnyý delosyny» getirseňizläň. Bor, sag boluň...
Süleýman Ogulnyýazyň suratyna garap, ýarym sagat dagy oturdy. Misli suratda maral käkilik ýalyjak bolup oturanja maşgala garap başyny gynançly ýaýkady.
– Oňarmansyň, janym, oňarmansyň...
Ol bu işi öýläne goýmady-da, şu ýere ýazylan adresi, göz öňüne getirip, taksi tutdy-da, ýola düşdi. Dogrusy, ol Ýazaw bilenem gidip biljekdi. Ýöne onuň bilen barsa bir topar gep-gürrüň bolaryndan çekindi. Onsoňam, Ogulnyýaz Ýazawdan ýaşynýardy. Olam çekinip, gepleşip bilmese, göwnüne jaý boljak däldi. Süleýman Ogulnyýaz üçin alanja sowgadynam beresi gelýärdi. Munuň barynyň üstesine:
«Arakyja gelin gidiberipdir-le, näme bolduka?» diýip soranda, Ýazaw. «Aý, men bilemok. Gatyşjagam däl, biljegem däl indi» diýipdi.
Ol adresdäki jaýy tapdy-da, işigi kakdy. Aňyrdan biriniň ühh-ä, ühh-ä edýän sesi işidildi.
– Açykdyr! – Aýal adamynyň gyryk sesi çykan badyna Süleýman işigi itdi.
Içeri tüsseden ýaňa dem-düýt alar ýaly däldi. Ol damagy gijäp dursa-da, üsgürmän zordan saklady.
– Salawmaleýkim!
– Geleweri! – diýip, üsti-başy kirläp giden, eli çilimli aýal köneje keçäniň üstünden galman oturyşyna habar aldy. – Milisgedenmi?
Süleýman çydamady, üsgürindi. Soň «Ýok» diýen manyda başyny ýaýkady-da, oturmaga ýer agtardy.
Içeri hapady. Juda garypdy. Garrynyň ýaplanyp oturan ýassygam kirden ýaňa reňkiniň nähilidigi bildirenokdy.
– Öý uprawleniýesindenmi?
– Ýok, men Ogulnyýazyň işlän edarasynyň başlygy.
– Kimiň?
– Ogulnyýazyň!
– Kim Ogulnyýaz? – Garry ýene-de çilim otlandy. – Ol gitd-ä. Bir aý bolup barýar-a.
Bu aýalyň şeýle arkaýyn aýdan habary Süleýmanda umyt döretdi.
– Nirä gitdi?
– Baý-buw, ol atasynyň öýüne gitdi, ärinden hatyny alyp. Aýrylyşdylar-a.
– Hany adamsy?
– Aman janmy? – Ol çilimine güýmenen boldy. – Aman jany, bu deýýuslar ýene Baýramala, LTP-ä iberdiler-ä. Nebir, öz günjagazyna gezip ýören çagany. Bu ýerde bolmanda, geler-gider durard-a. Indi men gitmeli. Hany, oňa gurp...
Süleýman ýerinden turdy. Gelmeginiň sebäbini aklan boldy.
– Men ýokkam, işden çykyp gaýdyberipdir. Gelip sorasam, «gitdi» diýdiler. Näme, biri göwnüne degdimi, ýa birinden nägilemi, soraýyn diýdim.
Garry hem ýerinden turdy. Ol gepiň bir ujy ogluna barýandyr öýtdi.
– Ýok, hanym, hiç kimdenem närazy del. Bu zamanyň gyzlary han heleý boljak bolýar. Ine, içeri, düzet diýdim. «Ine, gül ýaly är, terbiýele» diýdim. Etmedi. Kepem ýok, gürrüňem, gitdi-de, «geljek däl» diýipdir. Bizem: «Gelmese, oňaýarys» diýdik. – Garry Süleýmanyň ýüzüne tamasynyp garady. – Bar zadymy sypyryp berdim, hanym. Ine, içer-ä gara. Towuga ýükläre zat galan däldir. Toý diýdi, halat-serpaý diýdi, toýy guranyň...
Süleýman işige ýetip saklandy.
– Men sana näme kömek edeýin, garry ene?
Garry ýüzüni kemput dilejek bolýan çaganyňky ýaly ýalym-ýulum etdi.
– Wah, näme kömegiň bolsa ediber, hanym, görüp dursuň-a.
Ol içinden «Şu garry aýala üz manat bereýin» diýip niýetine düwüp durdy. Soň welin jübüsindäki iki ýüz manadynam berdi-de, işine gaýtdy.

* * *

Dürdänäniň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýyny tapmak Süleýmana o diýen bir kyn düşmedi. Birinji kursuň studentleri medisina institutynyň ýeňsesinde, howlynyň töründe ýaşaýan ekenler.
Ony bäşinji korpusyň ýigrimi ikinji komnatyna goýberdiler. Ýöne Dürdäne ýokdy.
– Bu gün ol komnata nobatçy. Bazara gitdi, geler – diýip, garabaşlarynagaý bolup kitap okaşyp oturan gyzlar Süleýmana bilesigelijslik bilen garaşyp aýtdylar. – Azajyk oturaýyň, inejikgä geler.
Gyzlar biri-birleriniň ýüzüne garadylar-da, Süleýmany oturdyp, çykyp gitdiler. Birsalymdanam çaý getirdiler.
– Beý, şun-a oňaraýdyňyz, balalar. Howa-da gyzyp başladymy?
Gyzlar ýylgyryşdylar.
– Size päsgel beremok, hä?
Gyzlar hem stoluň başyna geçdiler.
– Ýoo-ok, gaýta, öýi göresimiz gelip, içimiz gysyp gitdi. Gowy boldy geleniňiz. – Gyzlaryň saryýagyzjasy akja kagyz ýaly ýüzüni çep eli bilen sypalady-da: – Siz Dürdänäniň Süleýman dädesi, hä?!
Süleýman bu gyzjagazyň akja ýaňagynyň edil çigildem gülüniň ýapragy ýaly bolup gidenini gördi.
– Hawa, bala. – Ol çaýdan bir käsäni içdi-de, ýene-de guýdy. – Student çaýyny içme nesibäm bar eken. Gör-a, ýigrimi bäş ýyl bolupdyr-a, student çaýyny içmänime, bala dönüp gidipdir-ä,
Garaýagyzja gyz bagana ýaly tolkun-tolkun bolup duran saçyny sypalady.
– Dürdäne diýip otyrd-a: «Şu gün Süleýman dädemi görerin» diýip.
Süleýman geň galdy.
– Oňa kim aýtdyka geljegimi?
Saryýagyz gyzjagaz ondan öňürtiledi.
– Ol indi bir aý bäri günde düýş görýär. Ählisem dogry çykýar. «Dädem geler» diýýär, dädesi gelýär. «Ejem geler» diýýär. Siz oňa şu gün bir sowgat berýäňiz, onda-da Hudaýyň ady ýazylgymyş.
Süleýmanyň endamynda atgarynja ýörän ýaly boldy.
– O ne gudrat?!
– Ol diňe özüniň däl-ä, biziňem düýşümizi görýär. Şu gün meniňem dädem jan geler, işalla.
Garaýagyz gyz-da begenjini aýtdy.
– Birigün bolsa meniň doganym armydan geler...
Süleýman geň galdy.
– Siz, siz welimi?
– Ýoo-ok, Dürdäne aýdýar. Ol düýşünde görýär bar zady.
Birsalym hiç kimden ses çykmady. Basgançakdan aýak sesi geldi.
– Şo!
Saryýagyz gyzjagaz ylgap işigi açdy.
– Geldimi?!
– Geldi!
Dürdäne elindäki zatly torbasyny goýdy-da, heniz turup ýetişmedik Süleýmany garsa gujaklady.
– Däde jan!
Süleýman bozulaýdy. Aýal maşgalanyň öň ony «däde jan» diýip gujaklan ýeri ýokdy. Dürdäne ony naçarlatdy.
– Bally!
Dürdäne-de, beýleki gyzjagazlaram bozuldy.
– Goý, bala, goý!
Dürdäne oturgyjy oňa golaý süýşürdi-de, oturmanka çaý goýdy.
– Içiň, däde jan!
– Biz eýýäm aýtdyk seniň «Süleýman dädem geljek diýeniňem, «sowgat getirjek» diýeniňem – diýip, saçy buýra gyzjagaz özüni «satanlaryny» Dürdänä buşlady.
– Wa-a, Kümüş, hakytmy?
– Hawa!
– Hawa, ýogsa ýalanmy?
– Wa-a, size zat aýdarlygy ýog-a. Men, men oýun etdim-ä. Bulary...
Süleýman jübüsine elini sokdy.
– Ýok, bala, men saňa hakykatdanam sowgat getirdim. Özem aýdyşyň ýaly, arka ýüzüne «Alla» diýip ýazylan...
Gyzlaryň gözi ýandy. Süleýman juda sünnälenip edilen zynjyry, ujy düwmelije dörtgyraň gülýakany Dürdänäniň eline berdi.
– Wa-a. mun-y!
Gyzlar ylgaşyp gelip, haýran galyp gülýakany synladylar.
– Gaty üýtgeşik eken.
– Owadan eken.
Süleýman gyzlaryň hersine başgarak bir sowgat berdi.
– Mekge-Medineden geldim. Teperrik bolsun.
– Kabul bolsun, kabul bolsun, zyýaratyňyz.
– Wa-a. Men diýdim-ä, Süleýman dädem «Allatagalanyň öýüne girip ýör diýip, «Ýanynda-da on bäş adam bar» diýdim-ä. «Bir adamam garawul goýup gaýtdy» diýdim.
Süleýmanyň ini ýene-de dyglady.
– Eý, Allam, bu nä boluş? Bu gyza bar zat aýan görnüp duran ýaly-la?!.
Ol soň sesini çykarmady. Dürdänä garady. Tomsam çepiksije görünýän gyzjagaz owadanlaşypdyr. Etine-ganyna gelipdir.
Süleýman ep-esli oturdy. Gyzlaryň «Nahar bişirip, oturyn!» diýenine-de garaman hoşlaşdy.
Dürdäne-de onuň bilen daş çykdy. Soň bolsa aglap başlady. Ol indi hälki şadyýn gyza meňzemeýärdi.
– Näme boldy, balam, näme boldy? Hany, goý, ýöri, ho-ol oturgyja baraly, hany...
Dürdäne ýöne aglap otyrdy.
– Näme boldy, bala, okuwyň ugry ýokmy, ýa biri göwnüňe degdimi?
Dürdäne elenip oturyşyna, birden gürläp başlady.
– Masgara boldum, däde jan. Men özümi heläkläýmesem, ile çykarlygym galmady. Sen bir gel diýip, Alla jany çagyryp otyryn.
– Näme, okuwyň dagymy? – diýip, Süleýman ýene-de öňki sözüni gaýtalady.
– Wah, ýok-la. Okuw dagy bolsa...
– Onda näme ahyryn?
Dürdäne ýene-de gözlerinden düwme yzyna düwme akdyrdy. Birdenem özüni tutdy.
– Men, däde jan, sizde ýaşanymda Dädiş jany gowy gördüm. Häzirem ýüregim üzülip barýar. Onsoň, onsoň olam geldi bäri, menem öýe bardym. Men oňa «ýok» diýmäge gaýratym çatmady. Olam meni aýap goýmady. Boljak iş boldy. Indi yzy bar. Dädiş janam dogtora git-de «ýok et» diýýär.
Ol ýene-de aglady.
– Üç sapar bardym. Meni dogtoryň golaýyna-da eltenoklar.
– Kimler?
– Bir nätanyş garryja mama bilen baba. Düýşümde-de, huşumda-da goraglap ýörler. Şeýdip iki daşyň arasynda galdym.
Süleýman doňup galdy.
«Ejem! Dürdänäni aýan, dowamyň şondadyr» diýd-ä. Indi, indi düşnükli boldy. Olar meniň dowamymy goraglap ýörler. Olar...
– Gyz-ym, gyzym. Dogtor bolmaz. Ýok. Hemmesi, hemmesi düzeler. Sen. sen...
Ol näme diýjegini bilmedi.
– Dädiş, Dädiş habarlymy? Ol, ol...
Dürdäne indi aglanokdy. Süleýman ters aýlandy-aýlandy-da, ýene yzyna öwrüldi.
– Sen, sen gam çekme. Dogtor bolmaz. Nikoýem sluşiý! Ýok, ýok! Gelerin...
– Dur! – Dürdäne Süleýmanyň yzyndan ýetdi. – Däde jan, sen, sen özüňi aýa.
Sen bolmasaň, bary gutarýar, düşünýäňmi? Sen bolmasaň, bizem bolamzok, käbäm, düşünýänmi? Özüňi aýa, bormy-y...

* * *
Süleýman dükana «Be, welaýat Sowetine näme üçin çagyrdylarka?» diýen pikirem ýany bilen alyp girdi.
Dükanyň tekjeleri iýmek-içmekden mas ýüklenendi. «Bu gün aýlyk diýdi, beýleki diýdi, dünýäniň puluny berdiler. Näme alsam Solmaz begenerkä?» Ol azyk bölümine bardy.
– Iki banka süýt ber. Gowy etem-ä bar eken. – Ol bäş kilogram et, towugyň budundan bäş kilogram aldy. Kakanyň peýnirinden birki kilo aldy.
– Sekiz ýüz ýigrimi bäş manat, agam, kassa töläý.
Süleýman içinden näçe hasap etse-de, sekiz ýüzden geçirip bilmedi. Tagtanyň aňyrsyndaky ýigit welin, tereziniň dili çala gozganandan «pylança» diýip goý beriberýärdi. Diňe bu däl, öýleriniň ýanyndaky dükanda-da Süleýmanyň göwnüne çiglik gidipdi. Süleýman zatlaryna elini urman birsalym durdy-da, satyja ýüzlendi.
– Inim, gaýtadan çek-de, täzeden hasapl-a.
Nobata duran aýallaram «Oýda-oý» bolşup başladylar. Satyjy ýigit halymsyran boldy.
– Agam, nädýän-äý. Görýäň-ä, nädip durlar.
– Zyýany ýok.
Satyjy eti, towugyň buduny terezä goýuşdyran boldy-da:
– Ýedi ýüz on bäş manat, agam – diýen bolup goýberdi-de, kagyza öňki ýazanyny öçürip täzeden ýazdy.
Süleýman saklandy. Kassada iki gözem burnunyň ujuna garap duran ak ýüzli gyz «daýy, meloç beriň» diýen bolup, iki manadyny alyp galdy.
– Beý, Ýazaw aga, satyjylar ütmäge gaty ökdeläpdir-ow – diýip, maşyna münensoň aýtdy. – Çagaň ýaly zatlar welin, suwly äkidip, suwsuz getirjek. Wah, munuň ýalyda daşary ýurtlara haýran galýan. Ýaponiýada, berlen gaýtargyny sanasaň, satyjyny masgara etdigiň hasap edilýär. Olar iliň köpügini almagy namys bilýärler.
Ýazaw güldi.
– Bizdedär-äý, aljyny ýonmasalar, namys bilýärler. Senden birnemejik gyrp-çyrp etmeseler, şonda kemsinip, «şol adamyň önünde masgara boldug-aý» diýýärler.
Süleýman Ýazawy ugradyp öýe girdi. Içeri arassajady.
Öýde hiç kim ýok. Ol öý eşigine girdi-de, çaý atardy. Getiren towuk butlaryny ýuwuşdyryp, dograp buga goýdy. Içerileri, esasanam, Dädişiň otagyny ýygnaşdyrdy.
Alan sowgatlary henizem işik bilen halynyň aralygynda, haramy bar ýaly bolup bulaşyp ýatyrdy. Ol hyrçyny dişledi-de, olary kakyp galdyryşdyrdy.
Zyýany ýok, giň bol, Süleýman! Budda serhoş, guduz pile mährini beripdir-ä. Sen öz aýalyň bilen ogluňa, öz öýüňe edýeň-ä, hyzmat etseň. Öýüňe gulluk etseň. iliňe beglik edersiň diýipdirler...
Ol pomidor bilen hyýary garyp dograşdyryp otyrka yrym etdi: «Eý, Hudaýym, şu salada mähir demini sal. Şundan iýenler birek-birege mähriban bolsunlar...»
Ol naharyny görüp ýörkä, Hudaýa ýene mynajat etdi.
Şu gün Solmaz bilenem, Dädiş jan bilenem gepleşeýin, Alla jan! Dädiş jan razy bolsa Dürdene gyzymy gelin edineli. Toý ederis. Pul taparyn. Şeýle bir toý ederin. Juda harjym ýetmese, maşyny satarys. Öýe gelin gelse, agtygymyz bolsa, Dädiş jan ýola geler, Solmazam köşeşer...
Ol asgyrdy.
– Ana, boldy. Sabyr et! – diýdi.
Solmaz giç geldi. Onuň üstünden çilimiňmi, terbaşyňmy, tutuksy ysy gelýärdi. Süleýman şonda-da sesini çykarmady.
– Nahar iýermiň, çaý içermiň?!
Solmaz sesini çykarman ýatylýan otaga girdi-de, çykar ýerde çykmady. Süleýman garaşyp-garaşyp, ahyry bizar bolandan soň onuň ýanyna girdi.
– Solmaz!
Solmaz gaty ýigrenji mahluga seredeniňki ýaly nazar bilen oňa garady.
– Maňa azar berme, adam. Meniň azarym özüme ýetik.
– Çaý iç, nahar iý diýýen-ä, men saňa azar ber...
– Çaýdanam, nahardanam bizar men. Şu tünege ölüp ýetýän. Indi seniňki näme? Meniň bilen bölüşip bilmeýän zadyň bolsa-ha aýt, ýogsa-da azar berme. Meni başymy-aýagymy aldyryp, ýok etdirmejek bolsaň...
Süleýman ýaýdandy.
– Solmaz, meniň birki agyz gürleşesim gelýär, seniň bilen, düşünýäňmi?
Solmaz tarsyldap ýerinden turdy-da, sumkasyny pola zyňyp goýberdi. Onuň içinde nämedir bir zatlaryň kül-uşak bolany eşidildi. Ol bu aýalyň öňem çekilip duran damarlaryny dadrana dönderli. Ol şerraý ses bilen, bokurdagyny gyryp gygyrdy.
– Düşünenok, eşidenok şo! Seniň bilen gürrüňim galmandyr. Boşat şu jaýy!
Süleýman sesini çykarman gykylykdan bezgek bolup ysgynsyz tyrsyldaýan ýüregini bilniksizje tutup oturdy.
– Düşünýän!
– Düşünenok sen!
Sülenman ellerini daldalatdy.
– Solmaz, gurbanyň bolaýyn, meni ýeke minut diňle. Ýigrimi dört ýyl bile ýaşadyk, şonuň hatyrasyna meni diňle...
Solmaz öňküdenem müň esse beter gygyrdy.
– Ýaşamok, ýigrimi bäş ýyl, gan ýuwdup gezdim. Dogran eneme, sataşan günüme nälet okap geçdim... Süleýman boýnuny burdy.
– Hudaýyň haky üçin, sen diňlemeseňem gygyrma. Eden günälem gözümi tutsun. Hemmesi üçin müň gezek ötünç soraýan. Bagyşla, ýöne birje minut diňle.
– Diňlejek däl. Men saňa gaty belet. Seniň ýaly haramzadany agtaryp tapybam bolmaz. Seni dogran heleýiň...
Süleýman okýylan ýaly atylyp turdy-da, aýalynyň agzyny tutdy. Solmaz zähresi ýarylan ýaly titredi.
– Diýme, şu sözüňi gaýdyp diýme!..
Solmaz äriniň özüne el galdyrmanyny geň gördümi ýa-da şerraýlyk etmekden halys ýadadymy, oturdy. Soň torsarylyp, titrewük ses bilen:
– Diňleýän, hany, aýt! – diýdi.
Süleýman oturdy-da, hor barmaklaryny sypalady.
– Solmaz, janym, biz şunça ýyl ýaşadyk...
– Ýaşalman geçsedi...
– Dur. Şunça ýyl itde-pişik bolup ýaşadyk. Men senden müň sapar ötünç soraýan. Indi men oglum ikiňiziň aýagyňyzy dilim bilen ýalaryn. Eden günäleri satyn alaryn. Ýöne beýtmäli. Zat ýok ýerlen birek-biregi garalap, rysgalymyzy, döwletimizi dargadyp, duşman güldürmäli. Ynan, men diri bolsam seni depämde saklaýyn. Ýöne düşünişeli. Sen meniň günämi geç. Är ýazyksyz bolýan däldir. Ýöne beýtme. Gygyrma, gygyrma Näme ýazygym bolsa aýdyşaly, näme günäm bolsa diýşeli. – Ol gözaşyny halyň üstüne paýradyp goýberdi. Men ýeke, senden başga dünýäniň ýüzünde hiç kimim ýok. Men indi başga adam, Solmaz. Ynan men senem, oglumam ýaman göresim geldi. Beýtmäli Bormy? Gel, gürleşeli.
Solmaz dommarylyp oturyşyna agyr oýa batdy. Soň şaňňy ses bilen söze başlady.
– Giç. Gaty giç.
Süleýman «Giç bolmaz, ynha görersiň!» diýjek boldy. Emma Solmaz oňa ýol bermedi.
– Men seni diňledim. Senem meni diňle. Giç, men durmuşdanam, sendenem ýadadym. Meni enem-atam ýülük bileň ekläp-saklady. Men gaty sözi, agyr işi, kynçylygy gören gyz däl. Sen maňa söýmän ýetdiň, ylgaman tutduň. Alan günüňden göterip ýören päpgäň eziz boldy menden. Şony ýanyňdan aýyrmadyň, meni welin gören ýeriňde, göreniň aşagyna taşladyň.
– Ýok, beý diýme, men...
– Diňle, men nähili päkdim. Men saňa durmuşa çykmankam, özümi oglandyryn öýdüp ýördüm. Hiç kimiň gepini çekmedim. Sen meni esgä dönderdiň. Ýüregimi, duýgymy kül-owram etdiň.
Süleýman birden dikeldi.
– Ol dogrudyr, men ötünç soraýan. Ýöne men seni hiç kimin aşagyna taşlan däldirin.
Solmaz ýüzüni çytdy-da, elini salgady.
– Sen otur, gowusy, ol köne samanlary goýaly. Men seni ýigrenip, saňa ýamanlyk edip, şeýle bir hapa akyl boldum, sen indi menden tamasynma. Men seniň bilen ýaşap biljek däl, gürleşseň. Men arzamy berdim! Ähli harajadynam özüm çekerin...
– Bar gürrüň şu boldumy? – Süleýman süllerip galdy. – Bary gutardymy? Belki, howlukmarys. Belki, entek birek-birege gerekligimizi bu gün bolmasa, ertir duýarys. Aýrylyşmak kyn däl-ä. Oglumyzy öýereli. Sen meni synap gör...
– Ýok, Süleýman, indi ýaşaýyş bolmaz. Men bu hapalygym bilen seniň düşegine geçmerin. Şony bilip goý. Sen, sen maňa «Jebisligiň» işine goşulma diýjek bolýaň. Onam diýme. Men indi Kerguly nirede bolsa şol ýerde. Men hapa boýum bilen bulaşjak.
– Onuň bary biderek, ol bir düzüw adam däl-ä, Solmaz, ynan.
Solmaz başyny ýaýkady.
– Meni ondan bir ölüm aýryp biler. Indi maňa «sen pylan et» ýa-da «sen pylan etme» diýmäge hakyň ýokdur. Aýrylyşsaň. han-a sud, öýüňi aýyrsaň, islän goşuny al-da, dört tarapyň açyk. Bolaryn, ýaşaryn diýseňem, ine, öý. Gürleşseň, meniň jogabym. Men indi başganyň heleýi, Süleýman. Meniň başga aýtjak zadym ýok.
Süleýman sesini çykarman aşhana geldi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 57 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: