15:03
Kyýamat-magşara çenli -8/ romanyñ dowamy
8.

Awtobus Medinä tarap gijäniň bir wagty ýola düşdi. Daňa golaý howa sowapdy. Ýöne Süleýmayyň süňňi sowar ýaly däldi. Ol her sapar gapdalyndaky goş-golama garanda, ýüreginiň başyny ýalyn çawlap gidýärdi. Ol Hojat aganyň içi odur-budurly torbajygydy. Ýaşulynyň özi bolsa Mekgäniň syrça daşly baýyrlarynyň biriniň üstünde baky galypdy. Ol indi bu ýat ýerlerde: «Haçan Aşgabatdan tanyş owaz gelerkä?» diýip diňşirgenip ýatmalydy.
Görgüli, şeýtanlara daş atylyp, hajy bolnup, Mekgä barlanda-da bardy. Äşebibi metjidinde Umra namazy okalanda-da Süleýmanyň ýanyndady. Şol ýerdenem göni Beýtulla baryldy.
Beýtullada Süleýmanyň aladasy özüne ýetik boldy. Bu ýerde Käbäniň daşyndan aýlanyp, Aby-zemzem suwundan içip, Sapa – Merwe arasynda aýlanyp, gelip, iki rekat namaz okamalydy. Şol namazyň yzyndan: «Eý, Hudaýym, meniň Umrahajymyň sogabyny şu aşakdaky bendeleriň ömür kitabyna ýaz!» diýip, elli-altmyşa çenli adam adyny, atasynyň adyny aýdyp, soň aýat okamalydy. Ine, Süleýman Beýtullanyň işiginden ätländirem welin, ezizleriniň ählisi onuň üstüne dökülipdiler.
– Menem ýaz!..
– Menem ýaz!..
– Menem ýaz!..
Süleýman agşam olaryň ählisiniň adyny bir kagyza ýazypdy. Iň ahyrda aýalynyň, oglunyň, Ogulnyýazyň, Senemiň, Dürdänäniň ady-da bardy.
Şol ikarada bir elrenç mahluk ara kürsäp urdy. Gaýyşyp ýören mähribanlary gyrgy gören ýaly bolup pytrap gitdiler. Süleýman ony tanamady.
– Men, Töre jalaý! Meniň adymam ýaz, ogul! Görýäň-ä, men ne halda. Kyýamat ahyra çenli, maňa bu bolşum bilen ýalkanmak ýokdur. Sen, meniň bilen deň bolma, ýalka meni...
Süleýman ejesiniň ýüzüne garady. Ejesi kakasynyň ýüzüne bakdy. Kakasy baş atdy.
– Sen onuň bilen deň bolma, balam. Sen indi Beýik Taňrynyň wekili. Iki dünýäň abat boldy. Ýaz adyny...
Süleýman ýüregindäki awuly başlary sorkuldadyp-sorkuldadyp, ellinji edip onuňam adyny ýazdy
Soň ol Beýtulla ýedi sapar aýlandy. Şol ýerde iki rekat namaz okady. Abu-zemzem suwundan ýazanlarynyň ählisi üçin owurtlady-da, kybla bakyp:
– Allahumma, inni essälükä ryzkyn wel esýän wel ydman nafian wel şiffaaen minkullideým – ýagny: «Ýa, reb, takyk men senden dilär men, bol yrzkyňy we peýdaly ylmyňy we her bir ugurdan şypaňy?» – diýip doga okady. Sapa – Merwe arasyny ýedi sapar geçdi. Soň namaz okady-da, yzyndan:
– Eý, Hudaýym, meniň Umra hajymyň dogasyny şularyň: – diýdi-de, atlary okady. – Ömür kitabyna ýaz! – diýdi. Onuň eli ýüzüne ýeterine mähetdel, ezizleri üstüne güpürdeşip eňdiler.
– Biz-de Umra hajy bolduk, biz indi azat bolduk!
– Biz azat bolduk!
Begenip ganat kakýanlar kändi-kändi. Kakasy ony gujaklady, babasy ony gujaklady, atasy ony gujaklady.
– Sen bizi halas etdiň, guzym!
– Kaka, ata, baba! Siz öň gepläňzokdyňyz-a! Gelip görüşmediňizem-ä! Indi...
– Wah, oglum, dilimizi, elimizi eden günälerimiz baglap goýandyr. Sen gelip açmadyk bolsaň, kyýamat ahyryna çenli şeýdip ýörmelidik-dä. Hudaý bize dözmedi.
Seni bize hemaýata iberdi. Ylahym, iki dünýäň abat bolsun!..
Ejesem begendi.
– Balam, gurbanlyk döwründe her bir öliniň ruhy şu ýere gelýär-de, meni kim azat ederkä diýip, gultunyp ýatyr. Eger, onuň ogly-gyzy, kowmy-hyşty Umrahaç edip, azat eýles-ä eýlär, bolmasa-da günäsinden dili bagly, eli bagly şo-ol lak bolup gaýyp, haçan gurbanlyk gelerkä diýip garaşyp ýörendir. Sen bizi azat etmänkäň Beýtulladanam çykyp bilemzokdyk. Indi, biziň ýedi tarapymyz açyk. Pygamberimiziň alnyna barybermeli. Olam bizi Beýik Taňrynyn radasy bilen göni jennete äkider...
Süleýman indi gitmelidi. Onuň gözi namaz okan ýaly edip tükgerip ýatan Hojat aga düşdi.
– Hojat aga! – Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup gygyrdy.
Ýaşulynyň dodaklary çala gymyldady.
– Diýdim-ä! Herne ýalançy bolmadym. – Gojanyň ýüzünde halal lebizliligiň nury ömürlik doňup galdy. – Adamlar! Adam-la-ar! Hojat aga!..
Süleýman ýaşulynyň ýelek ýalyjak göwresini gujagyna alyp elewledi. Ony oňa ýetirmediler. Egni mawy geýimli ýerli esgerler gojanyň jesedini alyp gitdiler
Bir aýdylan zat şu boldy:
– Ertir öýlän namazynda jynazasyna geliň! Türkmenistandan baranlar Käbäniň gapdaljygynda boýunlaryny sallaşyp durlar. Öňde bolsa ýaşulynyň jesedi dur. Öýle namazy, soň jynaza okaldy. Süleýmanyň bir edip bilen zady, Aşgabadyň bir çümmüjek gumuny şol jesediň üstüne sepdi.
– Jaýyň jennet bolsun, agam, razy bol!
Hojat aganyň tabydy: «Şükür, il-günüň öňüme biabraý bolmadym!» diýip, gepläýjek-gepläýjek bolýan ýaly, yranyp yranyp barýardy.
Bu ýagdaý beýlekileriňem boýnuny burdy welin, Süleýmana has agyr täsir etdi.
«Mekge gelip ölmek sogapdyr. Ol bendäniň jaýy jennetdir» diýip, Mekgäniň ymamy aýdypdy. Şonuň üçin bu ýerde amanadyny tabşyranlary hossarlarynyň eline bermän, döwletiň özi sylag-hormat edip jaýlaýardy.
«Meni kim çagyrdyka?» Ony bu sowal öz gününe goýanokdy. Bir topar adam bolup Muhammet pygambere «Gurhanyň» bölekleriniň berlen gowagyna – Jebelli Nur dagyna gidilende-de, Muhammet pygamberiň özüne hyýanat edenlerden öýkeläp gidip, näçe günläp oturan ýerinde oturyp, doga-dileg edende-de, Käbä gidip hoşlaşyk dogasyny okanda, mähribanlary bilen gözüne ýaş aýlap razylaşanda-da, ony şu sowal öz erkine goýanokdy.
«Eý, agam, agam. Sen weli ekeniň. Özüňi kimin çagyranyny bilipsiň. Şoňa-da razy bolduň. Maksadyňa-da ýetdiň. Ýöne, men bilemok, özümi kimiň çagyranyny. Ylahym, şeýtan bir çagyran bolmasyn. Indi bir il-günümiň alnynda ýüzügara bolmakdan Hudaýyň saklasyn.»
– Hana-a, gurbany gitdigim, Medine göründi!
– Medine!
Süleýman agyr ukudan oýanan ýaly boldy.

9.
Mesjidi-Şerifiň tyllaýy sütünleri azan sesinden, edil gyş günleri telegraf sütüniniň iňleýşi ýaly iňleýärdi. Süleýman ýere ýazylan owadan palasyň ýüzüne maňlaýyny berip ýatyşyna, hyýalynda ýene-de Mekgä dolandy.
Bir gije ýatyrka onuň düýşüne pygamberleriň biri girdi. Ol kän gürlemedi. «Sen patyşaňa hemaýat etgin» diýdi. Soň onuň özüne, patyşa ýene-de bir pynhan sargyt etdi.
Mundan sähel aý öň Türkmenistanyň Prezidentem şu uly metjide gelip, togap edip gidipdi. Şonda Süleýman haýran bolup telereportaža tomaşa edipdi. Prezidentimiz şu ýerde: «Men baýamaryn. Men azmaryn. Men tire-taýpa dawasyna ýol bermerin. Milletleriň öjükdirilmegine ýol bermerin» diýipdi. Onuň iň halan zady «Men türkmen üçin ölmäge taýýar» diýmegidi. Patyşa öz halky üçin ölmäge taýýar bolsa, halk ol patyşanyň yzyna düşer.
Süleýaman bu wakany ýöne ýere ýatlamady. Bu ýer indi zyýarata gelen her bir türkmene geljegi barada niýet etjek mukaddes ýer bolup galypdy. Çünki, türkmeniň ýedi ýüz ýyldan soň ýüzi düşen patyşasynyň sežde edip, kasam içen ýeridi bu ýer.
Ahun aga aýdypdy: «Muhammet pygamber hijri ýylynyň 623-nji ýylynda Mekgeden Medinä göçüp gaýdýar. Pikirdeşleri, dostlary-da onuň bilen gaýdýar. Ol wagt Medinäniň (şäher diýlen) ady Ýasribdi.
Agyr kerwen goç gurap gelýär. Allatagalanyň resuly bolsa ak maýanyň üstünde otyr.
Abubekir aýtdy:
– Eý, resulalla, kimiň öýünde düşläris?
Omar aýtdy:
– Eý, resulalla, kimiň öýünde düşläris?
Medinäniň halky kerweniň öňünden çykypdy. Olaryň arasynda baý-da, garyp-da, üflis gedaý-da bardy.
Baý aýtdy:
– Resulalla, meniň myhmanym boluň!
Garyp aýtdy:
– Eý, resulalla, meniň garyp çatmama baryň!
Gedaý aýtdy:
– Resulalla, biziňkä-de baryň!
Olaryň ählisiniň gözünde begenji, göwnünde umydy gören pygamberimiz aýtdy:
– Eý, ummatym, men baýyňka barsam, garybyň göwni galar, garybyňka barsam, gedaýyň. Gowusy, geliň, şu akmaýanyň owsaryny boşadyp goýbereliň. Ol nirä baryp çökse, men şol ýere myhman bolaýyn – diýdi.
Akmaýa gitdi-gitdi-de, tekiz, sähraýy ýere çökdi. Bu ýer baýa-da, garyba-da, gedaýa-da ortalykdy.
– Enşalla, bu ýerde, akmaýanyň çöken ýerinde metjit gurarys – diýdi.
Pygamberimiziň akmaýasynyň düşlän ýerinde ap-akja metjit guruldy. Onuň ady Mesjidi-Nebi boldy.
Mesjidi-Nebiniň ýene bir täsin ýeri bardy. Ol wagtlar Käbe – kybla däldi. Külli musurmanlar Käbä däl-de, Iýerusalime garap seždä durýardylar. Dini başgalar bolsa: «Musurmanlaryň öz sežde kylýan kyblasam ýok» diýip, olaryň üstünden gülýärdiler.
Bir gün, öýle namazy çagy, adamlar Iýerusalime garap namaz okaýardy. Käbe tarapdan biri atyny ýyldyrym ýaly edip çapyp gelýärdi.
– Eşidiň-how, Käbe musurmanlaryň seždegähi bolandyrla-how!
Buşlukçynyň sesini eşiden adamlar şol pursat ýüzlerini demirgazykdan günbatara öwrüpdiler. Mesjidi-Nebide häzirem ýüzüňi iki tarapa öwrüp namaz okap bolýan eken.
Süleýman Medinäniň bir aýratynlygyny duýdy. Mekgede bag ýokdy. Emma Medine hurma agajyna baý şäher eken. Muhammet pygamber hurma agajyny şeýle gowy görüpdnr. Ony ýakmagy, kesmegi günä diýip aýdypdyr.
Bir gün adamlar resulalladan:
– Eý, pygamberimiz, siz bize jennetiň ýer ýüzündäki keşbini beýan edip bilmersiňizmi? – diýenler. Resulalla-da:
– Hurma baglygy jennetiň ýeriň üstündäki keşbidir. Siz şeýle bag ýetişdiriň-de, şonda köpräk boluberiň – diýipdir. Hurma agajy bolsa juda kyn gögerýän agaç bolup, ol kyrk ýyldan bar görkezýärmişin...
Resulallanyň özem hurma baglygynda dynç almagy ýagşy görüpdir. Ýöne onuň döwründe hurma bagy-da, onda dynç almaga wagt-da juda seýrek bolupdyr.
Pygamberiň duşmanlary häli-şindi çozup, aldym-berdimli söweş edýärdi. Resulalla şol söweşiň başyndady. Ol şäheriň tutuş daşyna duşman ötüp bilmez ýaly garym gazdyrýardy. Adamlar resulalla bilen bilelikde yhlas bilen işleýärdiler. Dört çaryýarlaram olaryň ýanyndady.
Osman beýlekileriň bir günde gazan garymyny birsalymda gazýardy.
– Sen bu güýjüňi garym gazanyňda ulansaňam, Käbä sežde edilende, garadaşy ogşajak bolanyňda ulanmawer. Özüňden özge adama ýol goýmarsyň – diýip, pygamberimiz aýdýardy.
Şol wagt olaryň ýanyna bir garypja adam geldi. Resulalla ony tanaýardy. Ol päk, ynsaply adamdy. Ol aýtdy:
– Eý, pygamberimiz Men şu gün bir tokly öldürdip, aýalyma çapady bişirmegi tabşyrdym. Biziň myhmanymyz bol.
Resulalla aýtdy:
– Bolar. Ýöne seniň çakylygyňa biziň ählimiz bararys.
Ol bende aýtdy:
– Eý, resulalla, bu bir kiçijik tokly. Beýle köp adama dadymlygam bolmaz ol...
Resulalla aýtdy:
– Sen hatynyňa aýt, çapady etjek hamyryny kendirige dolasyn-da, üstüni açman goýsun, naharly gazanyňam gapagyny tä men barýançam açmasyn – diýdi.
Gazynyň tamamlanmagyna sähelçe ýer galypdy. Äpet giden meýdan çuň çukur bolup ýatyrdy. Adamlar nahar çagy hälki adamyň yzyna düşüp barýardylar. Olar kändi. Tutuş Medinäniň halkydy.
Muhammet pygamber hamyrly kendirigiň bir gyrasyny Allanyň ady bilen açdy-da, ondan çapadylyk hamyry çykardy. Çapady näçe bişse-de, hamyr gutarmady. Soň ol naharly gazany Allanyň ady bilen çalaja açdy-da, tabaklara nahar guýdy durdy, guýdy durdy. Işden aryp gelen şäher halky çapady bilen tagamly nahardan doýdy.
Öň gazanyň içinde näçe nahar bar bolsa, suprada näçe hamyr bar bolsa töwir galdyrylandan soň, ýene şonça hamyr bilen nahar galypdy.
Adamlar garymy gazyp boldular. Indi oňa suw gerekdi.
– Bu çöl ýerde munça garyma suwy nireden tapjakka bu adam? – diýip, göwnüýetmezçilik edýänlerem bardy. Dogrudanam, bu ýerlerde «suw atly, halk pyýadady».
– Hany, meniň elime bir suw akydyň! – diýip, resulalla Hudaýyň ady bilen garyma garşy elini ýuwdy. Soň bir doga okady-da, elini silkip goýberdi welin, şäheriň daşyny tutup ýatan garym suwdan çaýkanyp galdy...
...Ahyry ölüm pursaty-da gelip ýetdi. Resulalla demini sanap ýatyrdy. Ol birden gözüni açdy.
– Men indi uzak ýaşamaryn.
– Beý diýmän, pygamberimiz, umytly boluň!
– Ýok, hoşlaşyk pursaty geldi. Ýöne men jan beren çagym, dady-perýat edip aglaň. – Onuň şägirtleri geň galdylar.
– Eý, resulalla, sen bize hemişe: «Adam ölende dady-perýat etmäň» diýip maslahat bererdiňiz!
Resulalla iň soňky sözüni aýdypdyr:
– Uly adamlar dünýäden gidende, aglaberiň!..
Süleýmanyň ýadyna Hojat aga düşdi.
«Ol uly adamdy. Ol öz sözüniň, öz lebziniň, namys-arynyň eýesi eken. Häzir öz sözüniň, namysynyň eýesinden özge, bir ykrarda durýan bendeden uly adamy nireden gözläp tapjak...
Belki, Hojat aga entejiklerem ýaşasa ýaşardy. Ol ýaşamaz ýaly beýle garry däl ahyryn. Ýöne, ol: «Amanadymy Käbede tabşyraryn» diýip ynanypdyr Ol: «Meni Jebraýyl perişde çagyrdy» diýip ynanypdyr. Şol ynamynyň yzyna düşüp geldem, amanadyny tabşyrdam...»
Ol bu ýaşulynyň Mekge-Medineden diri gaýtjagyny göz öňüne getiribem bilmedi.
Pahyr ýumruk ýalyjak bolup oturyşyna aladalydy. «Wah, bu günem bolmady, guzym diýýän manyda gussa batar oturardy. Soň-soňlar-a hiç kimiň ýüzüne-de garamady. Biri seretse-de: «How, ýaşuly, sen henizem öleňokmy? Baý-bä, senem-ä agzyň eýesi däl ekeniň, öljege meňzäňog-a» diýäýjek ýalydy.
Ýöne pahyr jan berende erkindi. Gypynjy, öýke-kinesi ýokdy. Bir şirin düýş görüp, süýjüje uklap ýatan ýalydy.
Muhammet pygamberem öz lebzine, ynanjyna wepaly bolansoň, iki dünýäň serweri bold-a. Ol öz lebzine, öz sözüne ynandy. Şonuň yzyndan ýöredi. Tutuş bir milleti öz yzy bilen alyp gitdi.
Ony şonuň üçin öz öýünde jaýladylar. Şonuň üçin dünýäniň dört burçundan onuň guburyna togap etmäge gelýärler. Eger, olam güzerany üçin, wezipe üçin, haram keýpi üçin her pasyl bir hili öwsüp ýören bolsady, adamlar ony bir wagt unudardylar.
Süleýman soňky sözi özüne çenläpdi. Özüniň bimessepligine, kümsük heleýbazlygyna, içegen bolup, bir loly kimin gybatdan könläni hapalap ýörşüne jany ýanyp oýlanypdy. Ol özi uly kürsüde otyrka, ýurdunyň ýolbaşçysyny «Adam dagy däl» diýip öwýärdir. Emma, işden aýryldy welin, ol adam oňa erbet boldy. Ýene-de uly işe göterilse, ol adam gowy bolmalydy. Ol özüniň lebizsizligini ýigrendi.
«Wah, dostuň Kerguly bolar-da, senden düzüwdi adam çykarmy diýsene?» – Ol ýene-de özüni çeýnäp başlady. «Ol näme üçin «Jebislik», «Jebislik» diýen bolup, bir topar bendäniň başyny agyrdyp ýör? Diňe kürsi üçin-ä, diňe şonuň üçin-ä. Onuň başyndakylar kim? Adalatsyzlygy üçin kürsüden taýanlar. Olar üçinem belent-belent kürsüde otyrka Prezident gowud-a. Indi olar kürsüde oturanok, şonuň üçin ol ýaman. Ýöne olara-da ertir bir ýumşajyk kürsä geçirseň, Prezident gowy bolýar. Baý, öwerler-ä ony.»
Ol oýlandygyça ejesiniň sözi hakydasyna geldi: «Öz öýüňi özüň ýykdyň, balam!»
Süleýman titredi.
«Hawa, eje jan! Men hemme wagtam wezipäni maşgalamdan eziz gördüm. Men başlygymy, onuň aýalyny, çagasyny öz ýalňyz balamdan, aýalymdan eziz gördüm. Başlygymam kim eken diý, Müzzelpede külli musurmanyň daşlap duran garry şeýtany, eje jan! Wah, biz onuň şeýtandygyny näbileli?! Ol or diýse orduk, ol ýyk diýse ýykdyk, eje jan! Şoňa «Seniňki nädogry» diýen-ä däl, «Ýüzüň üstünde burnuň baram» diýen bolmad-a. Boldy, Türkmenistana ilkinji Prezident bolan ýigit ony betnamlykda tutdam, bogdam, ýöne, haýp giçdi, eje jan, näçe öýler omrulyp, näçe ojaklar gömülensoň, boguldy-da, haram şeýtan...»
Süleýmanyň Knut bilen äbede-jüýže bolup işleýän wagtlarydy. Solmazyň ejesi görgüliniň kyrky bolmalydy.
– Maňa bilet alyp berip, samolýotly ugradaý-da, çaga, bir topar ýük, maňa kyn boljak – diýip, Solmaz ilkagşam özelenipdi.
– Ýok, ýok, men indi işimi taşlap, heleýim, çagam üçin bilet agtaraýyn ýöreýinmi? Nädip, partiýanyň jogapkär adamyna bilet al, ugrat diýip bilýän? Men, bilip goý, heleýini, çagasyny ugratjak diýip, süpül-süpül edip ýörenleri itden beter ýigrenýändirin...
Solmaz sesini çykarmandy. «Aeroporta çykar, bagtymy synaryn-da» diýipdi.
Süleýman işe baranda ony Knut çagyrdy.
– Aýalym, oglum Çärjewe, toýa gidýär. Bilet alyp ber-de ugrat.
Süleýman hondanbärsi boldy.
– Ýest, onuň gürrüňi bolmaz!
Ol teke bazaryna sowlup maşyny saklady-da, bir desse gowy çemen aldy-da, Knutyň öýüne depdi. Onuň aýalyny, ogluny alyp, aeroporta eltdi, bilet aldy. Ýüklerini göterişip ýola saldy. Şolaryň uçýan samolýotynda oglunyň, aýalynyň uçup barýanyny bolsa soň bilip galdy. Aýal-a ogly bilen ýüklerini ölümiň öýünde göterip barýardy. Ol bolsa Knutyň ogluny, aýalynyň goşuny boýnundan asyp gelýärdi.
Ol bu ýagdaýy şol wagt bolaýjak zat hasap etdi «Näme, başlygym buýurdy, etdim» diýdi. Häzir welin kellesini seždä berip ýatyşyna, utanjyna ýere girip bilmedi.
– Wah, özümi çapym-çapym etmeli, eje jan! Indi welin, indi welin, lebzim lebizdir.
Onuň ýadyna ýene-de kasam düşdi. Ýöne indi ol başdaky ýaly ikirjiňlenip durmady.
– Men azmaryn! – Ol başyny galdyrdy-da, kellesini ýene seždä goýdy.
– Men haram nebsime çapmaryn! – Ol başyny galdyrdy-da, ýene-de seždä goýdy.
– Men Prezidentimizi janym-tenim bilen goldaryn!
– Men türkmeniň namysyny päk saklaryn!
– Men, men türkmen üçin janymy bererin!
Ol kellesini gaýta-gaýta seždä goýup duransoň, kimdir biri ýeňinden çekdi.
– Beýdip, ýöne eglip-gadyp durma. Aýyp bolar.
Süleýman depesine garady. Depesinde bolsa iki jahanyň serweri, resulallanyň gubury ýatan äpet metjidiň tylla çaýylan sütünleri ho-ol asmanda lowurdap görünýärdi.

10.
Guba aga Gurban ahun bilen gök çaýyň başynda hümmüldeşip otyrdy.
– Ahun aga jan, men özümi diýdigim däl, bir arassa, hak diýip, gije-gündiz haka sygnyp ýören bende ahun boljak bolsa näme etmelidir?
Gurban ahun üçin bu sowal beýle bir kyn däldi. Onuň öz geçen ýoludy, bu ýol.
– Dini mekdebi gutararsyň. Uly medresä bararsyň. Soňra däni, gerek dersleri alarsyň. Bäş-on ýyldanam ahunlaryň öňünde jogap berersiň...
– Wah, sizde aňsat-la. Bizde ne medrese, ne onça ahun bar. Onsoňam ýaşlaram gaýdyşan-da.
Gurban ahun satyn alan mata-marlygyny gyzyl-ýaýyrt edip, şolaryň arasynda oturan Sopy aga geň galyp garady-da, göwünsizräk jogap berdi.
– Ahun bolmasa bolmaz. Ahunsyz nädip pata aljak?
Guba aga güldi.
– Menem şony diýýän. Bolmasa bir abraýly molla bar. Şoňa gol ýapylsa näder?
– Bolar, bolar.
Sopy aga-da kem galmady. Özbaşyna gürlän bolup oturanlary gürrüňe çekmek isledi.
– Medinede bal näçeden geçýärkän-äý?
– Heýwere bahadyr. Bu ýurtda bal bolmaz, ary-da bolmaz.
Men onda şol molla el bereýin. Ol molla diýselerem ahundan pes däl.
– Sen ony diýýäň. Bu ýeriň söwdagärleri Mekgeden gymmatçyl eken-ä, ahun!
– Onyň ýanynda Eýrandanam-a birki sany ahun gelip gidipdir. Şolaram-a «Tüweleme, seniň okuwyň ýetik eken» diýenmişler. Öz agzyndan-a eşitmedim welin bir ýagşy görüşýänim aýtdy...
– Sen ony diýýän, ine, seret! – Sopy aga elindäki parçany ahunyň gözüne dürtäýjek boldy-da: – Me, muňa-da seret! Şuna näçe baha berjek, muňa näçe?
– Şol ahunlaryň beren bahas-a dogry bolmaly. Meniňem çakym çakdyr. Ol ahunam bolar.
– Ýoo-ok, çak etme-de aýt. Ine. şu-ha jemi ýüz ýigrimi reala düşdi, bu-da ýetmiş bäşe. Ikisem bir pombarht.
Ahun aga ýöne aňk bolup galdy. Bu iki ýaşulynyň haýsysyna näme diýip jogap berjegini bilmedi.
– Ýoo-ok, meňki çen-çak däl. Meniňki hakykat.
– W-äh, näme, men aldaýandyr öýdýäňmi? Bar-da, özüň bahaladyp göräý...
Hernä Taýly aga gara ýanyk bolup içeri giräýdi.
– Ahun aga, gurgunmyň?
– Heýwere mes.
– Heýwers mes bolsa, pes bolmaz. Şonuň üçin bir zady aýt. – Ol Süleýmana garady-da: «Beýlekilere-hä ýene-de ýüz realdan paýlaýarmyşlar» diýdi-de, aňyrsyna öwrüldi. – Ine, men häzir, gurbany gitdigim Mesjidi-Şerifde öýle namazyny okadym. Şol indi näçe namaza derek ýörär, hä?!
Ahun aga ykjamlandy.
– Muhammet pygamber: «Medine-de okalan her namaz müň namaza barabardyr» diýen...
– Ho-how, ho-how, eşidiň-ho-ow, millet, eşidiň, ana, gördüňizmi?! Ahun aga, ýene bir gaýtalap ber!
– Muhammet pygamberimiz: «Medinede okalan her bir namaz müň namaza barabardyr» diýen...
Taýly aga ynjaldy.
– Boldy, ahun aga. Men hal-a, aňryňdaky «Sopy sogan iýmezi» ynandyryp bilemog-a.
Sopy aga-da kem galmady.
– Men ony diýemo-ok. Indi zyýarat edildi, basymrak gaýdylsa diýýän.
– Ha-ä!
– Senem diýýän: «Bu ýerde okalan her namaz müň namaza deň, biz bu ýerde kyrk namaz okap, soň gaýtmaly» diýýäň.
– Ha-ä!
– Menem diýýän: «Tapawudy näme, Mekgede-de Käbä garalyp namaz okalýar, Aşgabatda-da» diýýän. Ikisiniňem sogaby bir diýýän.
Dogrudan hem adamlaryň indi içi gysyp başlady. Olar zyýaratlaryny boldum edipdiler. Alsam-goýsam diýen sowgat-söwdalaryny bitiripdiler. Indi diňe kyrk namaza garaşylýardy. Onuňam ýaňy sekizisi geçipdi.
– Täjigistanda-ha ýene-de bir bolmaz iş bolupdyr öýdýän – diýip. Taýly aga çaý demlejek bolup kösenip ýörşüne aýtdy. – Ölen-ýitenem bar bolara çemeli. Ýaman ýüzleri salyk görünýär, şol ýerli hajylaryň ...
Süleýmanyň häzir ýerinden galasy gelenokdy. Geçen ýigrimi günde ol garalypdy, horlanypdy. Aldajy ýaly yssyda buz ýaly suwy aldygyna içip, gelibem kondisioneriň astynda ýatmak onuň haýyny alýardy. Bu ýaşulularyň arasynda iň ýaşy bolansoň, hyklap-çoklap oturmaga-da ejap edýärdi. Indi welin tabyny ýagşy aldyrypdy. Öten agşam bolsa gyzgyny galypdy. Dodaklary larsa-larsa patlap, agzy häzir köwüş ýalydy. Onuň gepläsem, gürrüňe goşulasam gelenokdy. Oňa rahatlyk berýän zat Aşgabadyň ýatlamasy bilen ejesiniň aýdan sözlerini deňeşdirmekdi.
Onuň köňli ýene-de Ogulnyýazyň ýanyna uçup gidýärdi.
– Eje jan, sen «Ogulnyýaz namysyňdyr» diýdiň welin, haýsy manyda diýdiňkäň? Ýa men, ýok, ol meniňki bolaýjakmyka? Ýok-la, men indi ellä ýetýän-ä, ol bolsa ýaňy on dokuzynd-a. Özem Süleýmanyň mülküni dört böleniňde şundan artyk paý gerek däl diýip otyr-a. Ýo-ok!
Süleýman indi bu perişde ýaly päk gelne gaňrylybam garap biljek däldi. Oňaryp bolsa oňa kömek etmeli. Adamsyny şo beladan halas etmeli...
«Arak içeniň hatyny talakdyr» diýip başga bir owaz, megerem, şeýtanlaryň biriniň owazy Süleýmanyň gulagyna degen ýaly boldy. Ýöne indi Süleýmanyň köňlünde yşgalaň galmandy.
«Ýo-ok, eger arak içeniň, hatyny talak boljak bolsa, onda biziňki bir wagt talak bolupdyr. Arak içmeýän barmy? Knut ýalylar biziň ähli neslimizi arakkeş etd-ä...»
...«Oglum, sen gaýdarmyň? – diýip, ejesi ýene-de Süleýmanyň ýanyna geldi. – Jan balam, bolmasa galaý! Bir sen ýog-a aramyzda. Bileje bolarys. Galaý, balam...»
Süleýmanda öň galmak pikiri ýok däldem, häzir welin onuň Aşgabada barasy geldi. Bu şäheriň owadan didaryna bakyp-bakyp doýasy geldi. Soň işine baryp, Ogulnyýazyň ýüzüni görüp, sözüni bir eşitse, başga armany ýokdy. Ol öň beýle däldi. Ol ýurtdan bu ýurda gider, geler ýörerdi. Geldimi, gitdimi, ony parh bilmezdi. Ýöne bu sapar Aşgabat süýjäpdi. Ogulnyýaz ondanam süýjäpdi.
– Men Aşgabada bir baraýyn, eje. Eger gelmeli bolsa, soň geläýerin... Bormy?
Ejesi gözerini balkyldadyp «Wa-eý, wa-eý, bu bela nämed-eý?» diýip gapdala çekildi. Bir gara bela elindäki ala ýüpüni Süleýmanyň sag elinden çekip aldy.
– Waý, daňdyrm-a!
Süleýman çep elini bulaýlady.
– Ýok bol, ýok bol!
Gara bela «bu eýgertjek däl» diýip gapdalyndaka garady. Ol Knutdy:
– Daň, daň-da, şu ýerde ömürlik baglap goý.
Gara bela Süleýmanyň garnynyň üstüne atlaýyn mündi-de, onuň demligini gysyp ugrady.
– Getir eliňi! Getir eliňi!
– Ýoo-ok!
Gara bela Kergula öwrüldi-de, biline ýetip duran saçy bilen Süleýmanyň gözlerini baglap, onuň ellerini şatyrdadyp gaňyrdy...
– Ýoo-ok!
Ahyr bolmajagyny bildi-de, ejesi onuň dadyna ýetişdi. Gara pyýadanyň degirseň eliňe gap-gara hapa ýokup duran saçyndan penjeledi-de, eline ýapyşan garany Kergulynyň ýüzüne çaldy.
– Ýoo-ok! – Süleýman janynda baryny edip silkindi.
– Haýt, haýt, turaweri!
Süleýman gorkup turdy-da, birsalym gözlerini petredip durdy. Öl-myžžyk bolan geýmine garady. Ol:
– Men indi ölerin – diýjek boldy. Emma ýara-ýara bolup ganjaryp duran dodaklarynyň arasyndan söz däl-de, «Le-le, le-le, le-we-ül-lo!» diýen ýaly üzlem-saplam ses çykdy.
– Suwmy?
Oňa bir bulgur sowuk suw berdiler. Ol suwy başyna çekdi-de, ýene pyşyrdady.
– Wiý, ony, gyşarma, gyşarma. Tur, ýene iki sagatdan ugramaly.
– Nirä?
– Jitdä!
Süleýmanyň dünýäsi ýagtylyp gitdi

11.
Awtobus gelip «Pajigireniň» iň belent baýrynda duran badyna Süleýman atylyp düşdi-de, aňyrky ýaşyl papakly esgerleriň duran derwezesine bakan haýdady. Ol döşüni Ahal sähralaryndan akyp gelýän şemala tutan badyna, ähli derdi-beladan saplanyp gitdi.
Ýok, bu onuň çynydy. Ony Mekgede-de, Medinede-de, Jitde-de nähilidir bir agyr ynjy basyp, janyny alara gelipdi. Şol ynjy Eýranyň Maşat şäherine gelende-de, Ymam Ryzanyň guburyna zyýarat edende-de aýrylmandy. Gaýta. «Ine, şu ýerde gutararyn, ine, o ýerde gutararyn. Ölim ile iş bolar» diýen pynhan gorky was-wasy bolup onuň önem sar galmadyk ýüregini tüýdýärdi.
Ol şu zyýaratyň dowamynda iki ýerde özüni rahat duýdy. Ilkinjis-ä Käbede, ejesine duşup, onuň gursagyna başyny berip duran çagy. Ikinjem. Jebbeli-Nur dagyna çykyp, Muhammet pygambere Jebraýyl perişdäniň «Gurhanyň» aýatlaryny getirip beren ýerinde. Ol şonda özünde resulalla bilen bir meňzeşlik duýupdy. Muhammet pygamberem bu gowaga keýpine gelmändi. Mekgäniň kethudalary Muhammedi öz diliniň eýesi däl, bir çypdurun hasap edýärdiler. Onuň üstünden gülüp, üstüne awularyny pürkýärdiler Bu welaýatda onuň kastyna çykanlaram ýok däldi. Onuň ýüzüne durup, ölüm haýbatyny atýanlaram bardy. Özlerem, kileň il-gün, dogan-garyndaşlardy.
Ol diýip-aýtmakdan, ili agzybirlige çagyrmakdan, Allatagaladan özge Hudaýyň ýokdugyny tekrarlamakdan, özüniň Allanyň resulydygyny düşündirmekden bizar bolupdy. Onuň lapynyň keç bolýan ýeri, elinde delili ýokdy.
Allatagalanyň wekilleri onuň ýanyna gelip-gidip durdular. Emma olaryňam dili baglydy.
Bir günem ol Hatyja bilen ikiçäk otyrka işikden ýene bir ilçi geldi.
– Ine, ýene geldi! – diýip, Muhammet aýalyna duýdurdy. – Ýa ol perişde, ýa ol şeýtan. Han-a, dur!
Hatyjanyň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol hiç zat görenokdy. Ýöne, adamsy ýaly, olam essinde galdy. Gelen weli onuňam ruhuna güýç goşupdy.
– Durmy? – diýip, ol sesini titredip aýtdy.
– Dur.
Hatyjanyň ýakasy, elleri bolsa goşaryna çenli beklidi. Ol ýeňiniň bagjygyny çözdi-de, bilegine çenli syrdy.
– Durmy?
– Ýok.
Ol ýene-de ýeňini goşaryna çekdi.
– Indi nätdi?
– Bar.
– Gözüň aýdyň, perişde gelipdir! – Hatyjanyň synagy ýönekeýdi, ýöne akyllydy. Perişde bolsa, aýal adamyň açyk tenini görüp biljek däldi. Şeýtan welin bilegiň-ä däl, o ýeriňi-bu ýeriňi açsaňam, gaçjak däl eken, gaýta göwni güljekdi.
– Sypyr baryny! – diýip, üstesine meçewem bersin.
Perişde ýene-de gitdi. Ony näme, «Hudaý ýok» diýip üstüňe çöwjäp duranlara görkezip bolýarmy? Taňry bolsa umman ýaly giň. Adamyň gazaby ýaly däl, haýdan-haý joşup-daşyp, gazabyny eňteriberenok-da. Muhammet pygamber ahyry başyny-aýagyny alyp gitdi. Ol daga çykmak üçin, ol gowagy tapyp oňa girip, onda aç-suwsuz on-on bäş gün gaharyna boglup ýatmak üçin gör, nähili gazap gerekdi? Nähili erk, nähili gaýrat gerekdi?
Ahyry perişdeler ony tapdylar.
Süleýman Muhammet pygamberiň oturanja ýerinde oturdy. Gowak beýle çuň däldi, özem dardy. Iki adam oturar ýaly, ýa bolmasa, ýekeje adam namaz okar ýaly ýer bardy.
Süleýmanam bu ýere öýkeli gaýdypdy. Onuň şeýle ýüňi ýeten adamy görmäni üçin patyşasyndan kinesi bardy, sähel ýerde sarpasyny saklaman, atasyna el götereni üçin oglundan kinesi bardy, äriniň mertebesini saklamany üçin aýalyndan kinesi bardy.
«Muhammet pygamberiňki gowy, onuň her sözüne «jan» diýip duran aýaly bar. Şeýle aýal bilen diňe araby däl, külli adamzady musurman edip bolardy. Mende näme, beýle aýal barmy?»
Kimdir biri gowaga gaýyp girdi. Süleýman ol perişdedir öýtdi. Ejesi bolup çykdy.
– Balam, seni ahyr tapdym!..
– Gel, eje!
– Ýok, oglum, bu gowagyň hyrydary kändir, özgeleri mähetdel etme. Bu gowaga girip-çykan päklenýändir. Onda Hudaý jany gören gözleriň nazary bar... Goý, beýlekilerem päklensin, balam! – Süleýman gowakdan çykanynda ýigdelen ýaly boldy...
...Indi Mekge-Medine yzda galypdy. Süleýmanyň gursagy welin ýatlamadan doludy. Ol ezizleriniň özüni ugradyşlaryny ýatlajak boldy. Ýöne ýetişmedi.
– Hajy aga, ýüklerimiz geldi...
Süleýmanyň gözleri ýanyp gitdi.
Eýran Yslam Respublikasy, ine, şu ýere çenli bu zyýaratçylary öz üstüne alýardy. Aňry özüň gitmelidi.
Aýatolla Homeýni ölmänkä dünýä döwletleriniň ählisine hat ýazanmyş diýýärler. Şeýle haty ol SSSR-in Prezidenti Mihail Gorbaçýowe-de ýazyp iberenmiş. «Sen musulman dinini kabul et. Basym şurawi dargar. Şonda musulman doganlaryň seni goldar» diýenmişin. Ýöne şonda Gorbaçýow musurman dinini kabul eden bolsa, musurman respublikalar şurawini dargatmazam diýýärdiler. Süleýman oňa känbir pitiwa edenokdy. Ony haýran galdyran zat, Aýatolla Homeýniniň sözüdi. Ol ölmänkä: «Şurawi musurman halklary zyndanda saklady. Basym olar zyndandan çykar. Şonda olardan köp-köp musulmany Käbä mugt zyýarata äkidiň» diýip, öz sözüni has berkidip gidipdir.
Dünýäde her hili adamlar bolýar. Muhammet pygamberem özüne, sözüne ynanypdyr. Şol ynam bilen indi, ine, millionlarça adam ýaşap ýör.
Aýatolla Homeýnem SSSR-iň SSSR wagty, onuň ýolbaşçysy Gorbaçýowyň Gorbaçýow wagty, oňa: «Basym şurawi ýykylar. Sen musulman bol!» diýip ýöne ýere aýdan däldir-ä.
Eýranyň häzirki hökümeti munça çykdaýjy edip, munça harç, azar edip, munça adamy Mekge-Medine zyýarata ýönelige äkidýän däldir-ä. Olaram bir zat utýandyr-a. Utmaýanda-da bergidara bolup galýan däldir. Elbetde. olarynam öz hasaby bardyr...
Hawa, dünýäde her hili adamlar bolýar. Baryp XVI asyrda Fransiýada Mişel de Nordam Nostradamus diýen tebip, jadygöý ýaşap ötüpdir. Ol görgüli geljek barada şeýle bir zatlar ýazypdyr, ony ýurt ýykan däli, jadygöý diýip yglan edipdirler. Seredilip oturylsa, ol görgüli boljak-geljegi şeýle bir takyk aýdypdyr welin, SSSR-iň haçan ýykyljagyny, ýylyna, aýyna, gününe çenli aýdypdyr. Türkmenistan barada bolsa ol şeýle diýipdir: «Ak goýun» (teke bolmaly) öz halkyny üç ýylyň dowamynda uçutlardan sag-aman alyp gider». Ýeri, muňa näme diýjek? Ak teke – saçy ak, ýüzi ak, özem teke taýpasyndan bolan eziz Prezidentimiz dälmi?!
Süleýman Mesjidi-Şerifde bir zady gördi. Ol ýerde Süleýman pygamberiň, Omaryň, Ybabekir Sytdyhyň mazary dur. Olaryň gapdalynda bolsa boş gubyr bar.
...Basym gökden Isa inmeli. Ol külli ýer ýüzüniň halklarny musulman edip, amanadyny tabşyryp, gelip şu mazarda jaýlanmaly»... Ahun aganyň bu sözi Süleýmany hasam geň galdyrdy.
Hawa, dünýäde geň zatlar bolýar. Ine, «Süleýman hajy bolup geler» diýseler, kim ynanardy?! Süleýmanyň özem ynanmazdy. Indi bolsa ýoldaşlary «Hajy aga» diýdi welin, onuň ýüregi ýagtylyp gitdi. Ol çemodanyny eline aldy-da, awtobusa-da garaşman Türkmen sährasynyň demi gelip duran şemala kükregini tutup, maýdaljygyna ýöräp ugrady.
Ol şo-ol Süleýmandy. Saçy, gözi, gaşy, eşigi, didary – şol önküdi. Ýöne kalbynda welin, indi başga, öňkülerden kä-än üýtgeşik, aýdyp-düşündirip bolmajak çeşmeler gaýnaýan Süleýmandy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 66 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: