14:58
Kyýamat-magşara çenli -7/ romanyñ dowamy
Hajarbibi bu iki dagyň arasynda käýerde ylgap, käýerde ýöräp, ýedi mertebe geçdi. Emma hiç zat tapman, lapykeç halda yzyna gaýtdy. Ýolda Hudaýa mynajat etdi. «Eý, eziz Allam, özüň hemaýat etmeseň, çagam ikimiz bu çölüň içinde heläk bolýarys...» Onuň goýup gaýdan bäbejigi oýandy. Yssyda aglap-aglap, däbşenekläp-däbşenekläp gundajygyny açdy. Gundajygyndan çykyp duran aýajygy bilen ýeri debsiledi. Hudaýyň gudraty bilen bäbegiň ökjejiginiň degen ýerinden asmana suw atylyp gitdi. Ol suw şeýle bir batlydy welin, ujy baryp asmana ýetýärdi. Hajarbibiniň gözi ol suwa düşdi. Görse, ýaňky bäbejigini goýan ýerinden, Hudaýyň gudraty bilen bir suw asmana atylyp dur, bir ujy göge ýetýär. – Waý, meniň çagajygyma zelel edamasyn! Ab, zemzem! – diýip gygyryp ylgady-da: – Bu söz «Suw, saklan saklan» diýmekdi. Suw peseldi. Hajarbibi suwdan gandy. Çagajygyna-da suw içirdi. Ine, bir görse, arap taýfalary bu ýere gelip başlady. – Şu ýerde öý tutunmak bolarmy? – diýdiler. Hajarbibi ejemizem: – Bolar – diýdi. Şeýdip şol arap taýfasy bu ýerde örňäp galdy. Soňra Ysmaýyl janam özüne maşgalany şol taýfadan aldy... – Tur, tur! – diýip, Süleýmany biri kasty bar ýaly silterledi. – Tur! – Hä?! – Namaz wagty boldy. Süleýman ertir namazyny okaýarka öz aýaly bilen Hajarbibini deneşdirdi. «Nähili mert, çydamly, boýunsunujy maşgala. Solmaz nähili? Özüne sähel gyssag düşse, baryp başlyklara arz etmänem hiç zatça görenog-a.» Süleýman Mekge-Medinä gaýtjak bolanda-da öýde ýene bir gykylyk bolupdy. Ertir ugramalydy. Ol samolýotdan düşüp işine, ondanam Daşary işler Ministrligine bardy. Pasportlary, gitmeli adamlaryň spisogyny jemledi. Soň Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasyna bardy. Dokumentleri tabşyrdy. Hemme zady ýerbe-ýerläbem, öýe ugrady. – Ertir sagat on birde ugramaly! Ol öýe gelende Solmaz kimdir biri bilen ýaz bolup açylyp telefonda gepleşip otyrdy. Süleýman eşiklerini çalşyryndy, ýuwundy. Soň aşhana baryp çaý goýdy. Gazandan özüne çorba guýundy. Solmaz gutarar ýerde gutaranokdy. Dädişiň otagyndanam haýsydyr bir Ýewropa sazynyň owazy gelýärdi. Süleýman nahar iýdi, çaý içdi. Solmaz şonda-da goýanokdy. Süleýmanyň gahary geldi. Solmaz trubkanyň aşak ýüzüni aýasy bilen ýapdyda jiňkerildi. – Kim bilen gepleşýäň-äý? – Näme? Oýnaşym bilen gepleşýän! – Solmaz güldi-de, bolan wakany aňyrdaka gürrüň bermäge başlady. Süleýman ömründe etmedigini etdi. Ol Solmazyň elinden trubkany kakyp aldy-da, özünem honda süssenekledip goýberdi. Trubkany gulagyna tutdy. «Onsoň men-ä içip-içip ýatyp galypdyryn». Bu ses Kergulynyňkydy. Ol ony tanady. – Nej-jis! Waý, goý, diňleme! Solmaz edil guduzlan urkajy möjek ýaly bolup atylyp gaýtdy. Süleýman gazabyna bäs gelip bilmän, aýjyn ýaly aýalyň içine depdi. – Me saňa, oýnaşyň bilen gepleşseň! Solmaz beýle-beýle bolaryna garaşmadyk bolara çemeli. Ol urga «Waý!» diýdi-de, ommalyp gitdi. Süleýman trubkany ýene-de gulagyna tutdy. – Näm-ow, roddoma öwrüldi-le, hywa tarapyň, eýgilikmi? Süleýman çydamady. – Seniň bajyňy s... Saňa roddomy görkezerin, haramzada. – Ol trubka tüýkürdi-de, ony ryçagyň üstüne taşlap goýberdi. Şol gazaby bilenem bulaşyp, çyňsap ýatan aýalyň syrtyna birki sapar gazap bilen depdi. Onuň içi sowanokdy. Şol gahary bilen oglunyň otagyna girdi. Ogly diwanyň üstünde çäşerilip, magnitofona ötürilen gulakbagyny depesinden aýlap dünýäni unudyp ýatyrdy. Ol magnitofony öçürdi. Ogly ziňkildäp gitdi. – Ço?! – O jaýa bar! Ol aýalyna-da azymly azgyryldy. – Senem gel, çyňsap ýatma-da! Ogly uly otaga geldi. – Näme bold-aý? – Bar, çagyr ejeňi! Bolan zat ýok. Solmaz ýüzüni-gözüni çişirip, gelip burça çökdi. Onuň ýaşly gözlerinde gargyşly oklaryň çenelgidigini Süleýman gördi. Ol niýetini aýtdy. – Men ertir Mekge-Medinä zyýarata gidýän. Ogly başyny ýaýkady. – Nu-u, çelowek. Nu, çtož. Şonuň üçin magnitofony öçürýäň. Wot, da!.. Süleýman ona gaharlanjagynam, käýejeginem bilmedi. Oňa çenli Solmaz syçrap ýerinden turdy. – Oňa adam diýme. Ol haýwan. Entek dur, iriňi çykan aýaklaryňdan iýji çykar. ýaly ederin. Süleýman aradaky köprini belli-külli opurdy. – Barsan-aý, seniňki näme? Bar, arzyny «oýnaşyňa» aýt! Solmazyň bolmajysy boldy. – Sen adam bolar ýaly, seni dogran göt düzüw däl. Şol düzüw bolsa adam bolardyň. «Oýnaşyň» diýip, haý, ylaýym, diliň çüýresin. Seniň ýaly äri bolan heleý baý, oýnaş gözlär-ä. Ýaşan otuz ýylyňda ýeke sapar göwnümi almadykdanam bir är bolarmy?! Ady är onuň. Oýnaş gözlär-dä, ärlik etmeseň. Men indi kyrk gün bäri düşegiňe girdimmi, oýnaş gözlemez ýaly, seniň on ýylda bermedigiňi bir gijede berýär, oýnaş... Dädiş ejesiniň sesine çydamadyk bolara çemeli. Ol gulak guşagynam aýyrman geldi. – Nu, mam, diýdiň, içiňi sowutdyň, nu, hwatit. Telewizorda Madonna aýdýar. Spokoýna diňläli-le. Solmazyň kakyny tutupdy. – Ýok, muňa näçe diýsemem içim sowamaz. Hudaýym, muny dogranyň gabry ýansyn, çöpdüýbi. Süleýman çydap bilmedi. – Bes et, ýogsa öýüňi üstüne ýumurýan, bes et! – Ýumur, otla! Hudaýym, diliň çüýresin! Ol gargaý-gargaý köşeşdi. Süleýman ertir ýola aljak egin-eşigini, sakgal syrýan gaplaryny çemodana saldy. Onuň eýlä-beýlä gidende galan-gaçan daşary ýurt pullary bardy. O-da Solmazdady. «Ertire çenli köşeşer-dä, şonda alaryn-da» diýip, ýerine geçdi. Ertir Solmaz ner kimin kükräp oýandy. – Hudaýym, gelmeze gitsin! – diýip, işigi jarkyldadyp, sagat sekiz bolmanka çykyp gitdi. Süleýman çaý demlendi, heýgenek bişirinip iýen boldy Ýöne göwni kanagatlanmady. Uzak ýola beýdip gitmek onuň ýüregine jaý bolmady. Hiç bolmanynda, ogly bilen gürleşesi geldi. Oglunyň otagynyň işigini itdi. Işik içinden zülpelenendi. Ol işigi kakdy – Dädiş! Dädiş jan! – Içerden ses bolmady. Diňe Madonnanyň çirkin-çirkin gygyryp aýdýan sesi eşidildi. Süleýman näçe gahar etse-de, öýe gykda-baklyk salmaýyn diýdi. «Gidemde hoşamaý hat ýazyp gidäýerin diýdi. Emma ýola düşende-de, Aşgabadyň merkezinde ýaşap, ogul ýerinde ogly, aýal ýerinde ýaby ýaly aýaly bolup, kollektiwi, dosty bolup, edil ýedi gapyda galan ýetim ugran ýaly ugramagyna kemsindi. Hat ýazmagam goýbolsun edip, açarynam taşlady-da, jubüsindekije puly bilen ýola düşdi. «Ýok, men ony Hajarbibi bilen deňeşdirmäýin. Ol Senemiňem ýaryça ýog-a. Ondan aýal bolmaz. Onuň nyrhy döndi. Indi onuň bilen tünegiňi başgalanyňdan gowusy ýok...» Süleýman bir zada haýran galdy. Ejem Senemi ýatlady, Ogulnyýazy ýatlady, iň bärkisi, ýumruk ýalyjak Dürdänäni ýatlady. Emma gelnini, ogluny ýatlamady. «Näme üçinkä? Ýa maňa itiň gününi görkezýäni üçinmikä? Maňa her dälisi tutanda «Seni dogranyň gabry çüýresin» diýip durmasyndanmyka? Senemi, Ogulnyýazy bilýän, ol gürrüňleri bilmezmi diýsene...» Namaz tamam boldy. Süleýmanyň ýene-de Käbä aýlanmaga gidesi geldi. Ýene-de ezizleriniň gujagyna dolasy geldi. Çaý-nahardan soň adamlaryň ählisi diýen ýaly bazara gidermen boldy. Süleýmanyň ýekeje özi Käbä gaýtdy. Adam düýnküdenem kändi. Süleýman köwşüni çykaryp, ýene-de bu mukaddes öwlüýäniň işiginden girdi. – Hana gelýär! – Hana! – Hana! Ol ejesini, kakasyny ýene-de gördi. Onuň ähli ölen-ýitenleri onuň ýoluna garap durdular. – Dileg et, balam! – Biziň üçinem dileg et! – Dileg et, guzym! Süleýman ýene-de Käbäniň daşyndan aýlanyp başlady. Birdenem onuň, dilinden agy gatyşykly owaz yňdarylyp gaýtdy. Uzak ýoldan geldim seniň alnyňa, Dilegimi kabul eýle, Alla jan. Gurban bolsun köňlüm-serim janyňa, Dileglerim kabul eýle, Alla jan. Kyblam ejem janyň çekdim zaryny, Soramadyň garyp balaň halyny, O dünýäde ýalka arkadagymy. Dilegimi kabul eýle, Alla jan. Kakam janyň didaryna zar etdiň, Ýüregimi besse-besse nar etdiň, Indi beri o dünýesin ýaz etgin, Dilegimi kabul eýle, Alla jan. Ýetmiş arkam, ýedi pyşdym ýalkagyn, Ilim-günüm, kowmy-hyşdym ýalkagyn, Balam diýip sypa meňem galpagym, Dilegimi kabul eýle, Alla jan. Senden başga penam ýokdur, Hudaýym, Salym silde, kenar ýokdur, Hudaýym, Şundan özge senam ýokdur, Hudaýym. Dilegimi kabul eýle, Alla jan. Süleýman gözüniň ýaşyny süpürdigisaýyn onuň kalbynyň çeşmeleri möwç bilen çogýardy. Ol ömrüne goşgy ýazan adam däldi. Ýöne häzir welin, bentler diline gelip barýardy. Ol aýlanyp-aýlanyp, ýene-de şol belent münbere çykdy. Ol tanaýanlaryny, tanamaýanlaryny gördi. Ýene-de ejesi bilen bileje Aby-zemzem suwuna ýuwundy, dogan-garyndaşlary üçin içdi. Dileg etdi. Doga okady. Sapa – Merwe arasyna aýlandy. – Indi gidermiň, balam? – diýip, ejesi gussa bilen oglundan sorady. Süleýmanyň gidesi gelenokdy. Barsa-da, ýene şol Knutyň bedroý tumşugyny görerin diýip gorkýardy. – Ýör, eje oturaly! – Bu teklibe diňe ejesi däl, onuň ýanynda gaýyp ýörenleriň ählisem begendi. Süleýmanyň oturyp karary bolmady. Ol ejesiniň bägülüň ýapragy ýaly ter ýüzüne garady. – Eje jan, sen meniň sowalymy geň görme. Men bir zada düşinemok. Sen näme üçin meniň öýümi, gelnimi, maşgalamy soraňok? Sen başga-başga kişileri soradyň-a... Ol ejesiniň ýüzüne garady. Şol pursat enäniň ýüzi ýüz görülýän aýnanyň ýüzüne suw sepilende şekili tolkundyryşy ýaly, tolkun-tolkun bolup ýitip gitdi. Soňra hälki bägül reňkli keşp däl-de, Daşhowuzda Aşyň Aýdyň piriň mazarynda gören süňk bilen deri bolan keşp göründi. Süleýman ony indi tanady. Olam ejesidi. – Häli sen, Ybraýym pygamberiň aýalynyň ogluny taşlap gidişi baradaky hekaýaty diňlediň oglum! Ol hekaýat seniň hekaýatyňdy. Senem Allanyň öýüne edil Ybraýym pygamber ýaly aýalyňy, ogluňy taşlap gaýtdyň. Hajarbibi Hudaýa ýalbaryp dirilik tapdy. Oguluny ýalkady. Il üçin suw diläp aldy. Sen welin... Men saňa başga näme diýeýin, balam?! Men indi seniň könlüňdirin, oglum! Seniň köňlüň näme sorasa, menem şony soraryn. Ýöne seniň öz köňlüňi soramaga bir eliň degýärmi? Öz könlüňem sora, balam! Sen ýaňy aýtdyň, «Köp günä etdim, eje!» diýdiň. Sen. etseňem, köňlüň eden däldir, ony. Adam bir hili, köňli bir hili ýaşaýar-a, dünýäde, oglum! Seniň gözüň näme görse, menem şony görýändirin, balam! Ýöne, sen öz gözüň görenini seljereňok. Seniň gulagyň eşidenini menem eşidýän, balam! Ýöne meniň eşidenimi sen eşideňok, balam! Barsaň, aýalyna aýt: «Sen çöpdüýbi dälsiň. Sen oňa ýene-de aýt: maňa, «Seni dogranyň garny ýansyn» diýmesin... – Diýmesin! Diýmesim! Diýmesin! – Bu aýylganç sese Süleýman tisginip gitdi. Süleýman ejesini tapmady. – Eje, eje jan! Ol düşelgä gelensoňam amanat ýaly boldy oturdy. Ol ejesiniň bu ýere gelmejegini bilýärdi. Ony diňe Harremdan tapyp boljakdy. Ýöne onuň göwnüne getirişi ýaly boldy. Knut onuň könül işigini kakman girdi. – Hä, geldiňmi – Ol täp-täzeje kostýumlydy, ýüzi ýaş ýigidiňki ýaly terdi. Çekgelerine dökülip duran saçy ýaldyrap durdy. – Eşitdiňmi, aldyňmy paýyny, ol garry üflisden, ýene aýalyňy sora, ýene ogluňy sora... Süleýman oňa azgyryldy. – Goý, şol gürrüňi! – Ýoo-ok, Hajarbibi hakynda oýlanan bolýaňmy? Seniň aýalyň han-a, oýnaşy bilen ýatyr. Süleýman syçrap turdy, – Bes et! – Ýoo-ok, kim bilen diý! «Gardaşym», dostuň, «doganym» diýip ýören Kergulyň bilen. Ana, sana Hajarbibi! Ol gije-gündiz Hudaýdan seniň meýdiň Mekgede çüýremegini dileýär. «Oglum» diýen bolýaňmy?. Ol senden islendik ýady müň paý gowy görýär. Olam han-a, seniň gelin daradan düşegiňde gelin daradyp ýör. Onuň kellesinde ne ata bar, ne kaka... Ana, seniň yzyň, ana, seniň nesliň. Sen şolar üçin jan çekip, hajysyrap, şolar üçin doga okajakmy? Ýok et, egniňdäki ylhanady. Ýok et. Kiri kir açýandyr. Senem olardan beter bol. Şeýtseň aryňy alarsyň. Şeýtseň, ýüregiň sowar... Süleýman gijesi bilen ýatman oýlandy. – «Nädip bu namysyň astyndan çykmaly? Nädip başyna giden aýaly päk maşgala öwürmeli? Ýüreksiz, doňňaradaş ogly nädip rehim-şepagatly perzende öwürmeli? Dost diýip, namysyňy deleläp ýören ýoldaşyňy nädip pälinden gaýtarmaly? Bu belalar nireden başlandy? Onuň köki nirede?» Knut ýene-de örboýuna galdy. «Özüňden gözle olaryň sebäbini. Ähli haramzadaçylyk özüňden başlandy. Aýalyňa, ýadyňa düşýärmi: «Men türkmençiligimi ýitirenimden-ä ölenimi gowy görjek» diýse, näme diýipdiň? «Türkmençiligiňi äkit-de jara dök» diýipdiň. Olam seniň diýenini etdi. Häzirem seniň diýeniňi edip ýör. Ogluň näme? Bagül ýalyjak gunçaka, ogluň gözüniň alnynda zyna etdiň. Onuň bilen şerap içişdiň. «Ulalsaň senem meniň eden işimi edersiň» diýdiň. Ol seniň diýenini etdi. Häzirem edip ýör. Şol öýde näme ýamanlyk bolsa, seniň sepen tohumyňdyr. Gözüň aýdyň, tohumyň müňläpdir.. Öz omran ojagyňy indi hiç haçan gaýtadan gurup bilmersiň. Giç, giç! Süleýman ah çekdi. ... Hojat aga ony ýuwaşja yralady. – Guzym, samrap, ah çekip ýatyrsyň welin, näme, ýaramajak bolýaňmy? Süleýman gözüni açdy. – Agam, derdim agyr, derdim, ow-wf! – Onuň diline gelen şu söz boldy. 4. Ahun aga ýene-de sözläp başlady. ...Adam atamyz bilen How enemiz jennetden gaýyp bolup Ýere düşýär-de, biri birine gowuşýar. Şonda Allatagala edil Käbäniň duran ýerinden olara jaý gurup berýär. Onuň häzirki görnüşinde boýy 12, ini 10, beýikligi 15 metrdir. Emma asylkysy has ulakan bolan. Çünki Adam atamyzyň boýy 37 metr 73 santimetr. How enemiziň boýy-da 36 metrden sähelçejik ýokary bolanmyş. Onsoň bular ömür sürüp, ýaşap nesil öndürip dünýäden ötenler-de Nuhuň tupanynda ol jaýy suw basan. Ahyr bir gün Hudaýtagala Ybraýym pygambere «Adam atamyz bilen How enemiziň jaýynyň ornundan jaý gur» diýen. Ybraýym pygamberem Ysmaýyl jany ýanyna alyp jaý guranlar. Şonda bir daşy goýmaga Ybraýym pygamberiň boýy ýetmändir. Ol ogluna aýagynyň aşagyna bir ýasy daşy goýdurýar. Ol ýasy daşda-da onuň aýaklarynyň yzy galýar. (Käbäniň gapdaljygyndaky kiçijik jäjek hüjrede şol aýak yzlar bardyr.) Onsoň Ybraýym pygamber: «Oglum, Ysmaýyl jan, bu jaýyň burçuna goýar ýaly bir daş alyp gel» diýýär. Ysmaýyl jan gidip Adam atanyň döwründe Allatagalanyň asmandan iberen daşyny alyp gelýär. Ol ap-ak daş bolup, ýalkymy telim aýlyk ýola ýetenmişin. Onsoň Ybraýym pygamber ol daşy jaýyň burçuna örüpdir. Soň-soň adamlar oňa togap edip. Şolaryň günäsinden bu daş gap-gara bolanmyşyn. Ine, şeýdip Mekge şäherinde Beýtulla ikinji sapar bina bolýar... Ahun aganyň bu gürrüňi ertir namazyndan soňam Süleýmanyň gulagynda ýaňlandy durdy. Bu ýaň oňa ýene-de şol mukaddes jaýda galan ezizlerini ýatlatdy. Olaryň ýanyna çaltrak barasy geldi. «Eje jan, sen düýn näme üçin meniň gözümden gaýyp bolduň, käbäm? Men indi saňa beýle-beýle samsyk sowaly bermerin, käbäm!..» Ol Käbäň daşyndan ýene-de ezizleri bilen düýnki ýaly aýlandy Ejesi ol gider öýdüp gorkdy. – Balam ýadadyň – diýdi. – Gel, otur! – diýdi. Süleýman dünýäniň dört künjünden bu ýere zyýarata gelen adamlaryň arasynda oturdy. Olar ýatdy. Emma häzir olar juda ýakyndylar. Bu adamlar islendik pursatda Süleýmana hossar çykyp biljekdiler. Oňa aýalynyň, oglunyň, dostunyň edip bilmejek ýagşylygyny edip biljekdiler. Süleýman olaryn arasynda, ejesini gapdaljygynda oturdy. – Eje jan! – Jan, balam! – Men gaty kän günä etdim, eje jan! Men, men ile sütemem etdim, öwlüýäleri hem ýykdym. Meniň günäm daglardan-da agyrdyr. – Bilýän, balam! – Men Daşhowuz diýen ýerde Aşyk Aýdyn piriň öwlüýäsini ýykdyrdym. Enäniň ýüzi bulandy. – Şony etmeli däldiň, balam. Men saňa özelendim-ä, «Men razy däl» diýip «Ýykma bu öýi» diýip. Süleýman tisginip gitdi. – Aýdýanyň näme? Sen barmydyň şonda?! – Men bardym. Şol köne jaýyň işiginde: «Men razy däl!» diýip, kükregine urup duran aýal mendim. Süleýman gözüni çaldy. – Eje jan-eý, bar zat saňa aýan eken-ow! Bar zadyň manysy bar eken-ow! – Bardyr, balam! – Onda, sen maňa aýt. Şol ýerde bir eli, bir aýagy ýok ýigit-de ýadyňa düşýärmi? «Bassyrmany ýykdyrmaryn» diýip, pişegini bulaýlap ýören ýigitde many barmy? Şol göz öňümden hiç gidenog-a, eje! Ene oýa batdy-da, soň ýuwaşja, gaýgyly sözledi. – Ah, bar many, seniň ömrüň bar manysy şonda! – O nähili? – Wah, oglum, ol seniň ynsabyňdy ahyryn! Bir aýak, bir aýagy döwlüp, pişeginden gaýry zady galmadyk ynsabyň ahyryn, oglum, ol! Siz bolsa onuň beýleki aýagyny, üstesine-de pişeginem döwüm-döwüm edip taşladyňyz. Indi ol bir tokga et bolup gald-a. Süleýman gorkdy. Göwnüne, şol ýerdäki beýdeki zatlaryňam syry, özem, hut ykbalyna degişli syry bar ýaly boldy durdy. – Eje, ol biziň omran bassyrmyz näme? Ene ýene-de gussalandy. Megerem, oňa oglunyň derdini çeýnäp oturmak aňsat düşmeýän bora çemedi. Onda-da ol gürledi. – Ol barsyrma Taňrynyň saýasydy, balam! Sen ony omurdyň, wah! – Onda o jaý nämedi? – O jaý seniň öýüňdi, abadanlygyňdy. Indi ol ýok. Men näçeler özelendim: «Men razy däl!» diýip, etmediň. – Iki gazan nahar näme? – Ol seniň rysgalyňdy, oglum! Olam indi ýok! Süleýmanyň gözleri petredi. – O nähili? Meniň indi hiç zadym galmady-da! Men, men... Ene eňredi. – Sen şonuň üçin Hudaý janyň alnyna geldiň-dä, oglum! Seniň Hudaýyňdan hem, bir jinnejek namysyňdan özge zadyň ýok. Hudaýyma sygnyber. Ahyrýetiňi dile. «Günämi geç» diý. Başga zat dileme... Süleýman gözüne urlan ýaly bolup Haremden çykdy. Düşelgä baryp, ýerine süýndi. Ol Knutyň gaýzygan ýüzüni gördi. – Näme-how sünnet edilen ýaly bolup ýatyrsyň?! Bar git, bazara aýlan! Süleýman sesini çykarmady. – Han-a gör Sopy agany, ýene-de mata-marlyk baryny getirdi. Ol işge garady. – Wah keserdim! – diýip, Sopy aga işikden girdi. – Dowzah. Dowzah bu ýer. Mekge däl, dowzah. By yssynyň ýanynda Türkmennstanyňky jennet. Ýakdy, ýakdy. Suw beriň... Süleýman ýerinden turup oňa suw berdi. – Pf-uw. – Ýaşuly suwgabyny eliniň tersi bilen gapdala oklady-da. – Bar, sowguragyny getirsen-e. Gan ýal-a munyň. Süleýman koridordaky suw sowadýandan bir kürüşge suw getirdi. Ýaşuly dik duran ýerinde başyna çekdi. – Munyň bolýa. Bar, ýene getirsen-e. Sopy aga bu uly otagda dükan açan ýalydy. Ol petde-petde parçany, monjukdyr beýleki odur-budurlary töweregine gyzyl-ýaýryt edip otyrdy. – Ahyry balymy satdym-aý. Iki benkesi galdy. – Käpir arap, «segsen reala ber» diýýär. «Syrkawym bar» diýýär. «Ýüz» diýdim. Ýüze-de ýelmedim. Hany göreýin alty benke, ýüz realdan, alty ýüz real. Her alty ýarymyňam, bir dollar, ýüz realyňam bolar on dört-on bäş dolar. Hana-how. Biziň pulumyza öwürseň, her kilo ýarym balyň iki müň üç ýüz manat bolýar. Häk, baly köpräk almaly eken. Baly... Birsalymdan Taýly aga-da ýanyp-bişip geldi. Süleýman tamakinçilik bilen onuň gelen ugruna garady. – Hany, Hojat aga? Taýly aga ýerine geçip süýndi. – Weý, weý ony näme menden soraýaň? Honha, şondan sora. Sopy aga gök gözleri bilen Süleýmanyň zähresini ýarara getirip alaryldy. – Men göremok ony. – Sem gördüň! Sopy aga sypalga galmady. – Hawa gördüm. Bile Hareme bardyg-a. – Hawa. – Hawa bolsa, senem bardyň-a. – Hawa, menem bardym. Ony Käbäniň daşyna-da aýladym. Soň ýitdi. Süleýman aljyrady. – Nähili ýitdi? Taýly aga it ýylgyryşyny etdi. – Waý, myny, bilmedik bolşuny. Şol adam siliniň içinde nähili ýiter? Ýitdi. – Garaşmadyňyzmy? Idemediňizmi? Taýly aga arkaýyndy. – Men ony çarşow bilen arkama götereýinmi? Men, hana, ho-onuň bilen gaýdandyr öýtdüm. Sopy aga öz günäsini kakyşdyryp aýyrdy. – Men-a şu gün Herama-da barmadym. Besdir-dä, bir aýlansaň. Süleýman ykramynyň bilini berkitdi. – Häk, bolmandyr! – How, ol adamyň özi dur-rak, näme işi bar heramda? Bir gezek bardy, besdir-dä. – Hawa-laý, özüňi oňaraňokmy, otur-da. Aslynda şony getireniň özi samsyk, şu ýere. – Samsyk bolsa barsyn, gözläbersin. Süleýmanyň guty gurady. Ol Hojat aga diridir öýdenokdy. Daşarynyň yssysy 70 – 80 gradusa ýetene meňzeýärdi. Gün kelläňi, egniňi ýakyp barýardy. Süleýmanyň ýadyna häzir yssy düşenokdy. Ol Harema gidilýän köçeleri gözledi. Soň Harema bardy. Oňuň eýwanlaryny gözledi. Ýaşula gözi düşmedi. Ýüregi welin ol ýaşulynyň barlygyny syzýan ýalydy. Ol akylynyň däl-de, duýgusynyň erkine berildi. Ters ugra ýöredi. Haremiň günorta derwezesine çykdy. Ýene yzyna gaýtdy. Tekjelerde küt-küt bolup duran «Gurhan» kitaphanajygynyň deňinden ötdi. Onuň gözi basgançaga başyny berip ýatan adama düşdi. «Hojat aga!» Ol ylgap bardy-da, ýaşulyny gujaklady. Ýaşulynyň demi çala gelýärdi. Ol suwgabyny ýaşulynyň dodaklarynyň arasyna tutdy. – Hojat aga! – Jan! Ýaşulynyň başyny galdyrmaga mejaly ýokdy. – Guzym! – Ýaşuly nemli gözlerini Süleýmana dikdi. – Men saňa, perişdedir öýtdüm. – Ol Süleýmanyň beren ýürek dermanyny diliniň astynda goýup, birsellem ynjalykly ýatdy-da, ýuwaşja başyny galdyrdy. – Guzym, seni azaba goýdum-da. – Azaby bolmaz oň, ýöri, gideli, Hojat aga. Ýoldaşlarymyzam biynjalyk bolup oturandyr. 5. Ertir Süleýmany ýene-de Knut oýardy. – Sluşiý, sen ol garryny nämä süýräp ýörsüň, k çertu, taşla?! Süleýman sesini çykarmady. Knut möwjedi. – Sluşiý, sen düýn maňa jogap bermediň-ä. Sen indi arak-şerap içmänem goýjakmy? – Bilmedim! – Nu, bros! – Knut ýüzüni ajy çytdy-da, ona herreldi. – Hajy, hajy, nu ştož, näme gördüň? Seň indi Aşgabatda gezip ýörenlerden niräň artyk? Süleýman özüniň artyk ýerini görmedi. Ýöne ol bu ýere gelip ezizlerine duşdy. Ejesiniň, kakasynyň aňyndan öçüp giden didaryna gowuşdy. Özüniň ile gelmedik haramzadalygyny bildi. – Wah! – Sen «ah» çekme. Sen päliňi bozma. Il ýaly ýaşa. Şonda ýeňersiň. Öň biz sosializm bakydyr öýderdik. Indikiler özbaşdak döwlet baky bolar öýdýär. Dünýäde baky zat ýok eken. Hiç zat baky däl. Şonuň üçin dünýäniň hözirini gör. Iýem, içem, gowuja gelinler bilen keýpem çek. – Ýok! – Süleýmanda direliş başlan ýaly boldy. – Ýok, indi bolmaz. Men azmanam, baýamanam, dogana, ilime-günüme zulmam etmen. Men halkym üçin ýaşaryn. – Içjegem dälmi? Süleýman ýüregi ýarylan ýaly bolup gygyrdy. – Meni azdyran, ýoldan çykaran, binamys eden şol içgi dälmi?! Içsem, ejemiň-atamyň gany bolsun. Ine, meniň kasamym! Knut içigüjükli ýylgyrdy. – Ýaý-ýaý-ýaý, naprasno! Ine, ýekeje ogluňy öýerersiň. Ýalňyz ogluň, ýalňyz gelniň saglygyna içjek dälmi? Agtygyň bolar, ejeň adyny dakarsyň, dostlaryň, il-günüň geler. Heý, agtygyň saglygyna içjek dälmi? Ýekeje ogluň dissertasiýa gorar. Il-gün geler. Içjek dälmi? Toýlar, baýramlar... – Içjek däl. Kakam göründen direlip gelse-de içjek dä-äl! – Süleýman diýse-de diýdi, ýöne şol bagtly günlerde şol bagtly toýlar üçin ýekeje rýumka göterip bilmejegine içinden gynandy. – Napras-no! Napras-no! Ony namaza çagyrdylar. Süleýman zyýarata ýene-de bäş gün gatnady. Ol gatnaman biljek däldi. Ol ýerde käbesi, kyblasy, ol ýerde ýedi pyşdy, ýetmiş arkasy bardy. Olar ol ýerde oba bolup otyrdylar. Süleýman, indi olary görmese ýüregi üzülip barýardy. – Eje jan! – diýip ol ýanjagazynda oturan ejesiniň ýüzüne garady. – Agşam biz Minä dagyna gidýäris. – Ejesi begendi. – Hudaýdan biziň üçinem doga dilegin, balam! – Bor, eje, ýöne bir zady aýtsan-a. Sen ol gün görmedik, bilmedik maşgalalaňy agzadyň. Olaryň baryny tanaýaň. Ýöne aýt, olaryňam manysy barmydyr? Ene başyny atdy. – Bardyr. – Aýdyp beräý-dä. . – Wah, oglum, howlukdyňda. Men o syry soň açjakdyma. Süleýman Minä jülgesine gidilse, soň Arafa dagyna, ondanam Izzeldepä barylsa ejesini görmerin öýdüp gorkdy. Ol howlukdy. Sebäbi ony «bu ýere kim çagyrdyka?» diýen sowalam aldym-berdime salýardy. Belki, şol ýerlerde amanadyny tabşyrsa, ýöne ol syry bileni ýagşy ahyryn. – Aýdaýsan-a, eje jan! Ejesi oňa gysmyljyrady. – Ýadyňa düşýärmi? Arada men saňa «namysyň çirksiz galdy» diýipdim. – Hawa. – Ogulnyýaz seniň namysyňdy. Sen şoňa-da el garsaň, öz, eliň bilen namysyňy parçalanlygyňdy. Onsoň sen gutarýardyň. Ýöne sen ony etmediň. Süleýmanyň endamynda atgarynja gezip ýören ýaly boldy. – Ol, ol görgüli, onsuzam bir haramzadanyň elinde hary zar bolup ýör-ä, eje! Ene başyny ýaýkady. – Ýo-ok, oglum, ýoo-ok! Seniň o dünýäňde ýekeje totänleýin zat ýokdur. Allatagala adamlar görsün-de, toba gelsin diýip, olaryň ykbalyny biri-biriniň başyna salandyr. Sen oňa düşünmänsiň. Şol elhenç adam seniň täleýiňdir. Gördüňmi, ol serhoş ýigit öz gelnini hary-zar edenok, ýoo-ok! Sen öz namysyňy hary-zar edýäň. Süleýman başyny gorkuly eledi. – Eje, Senem näme, Dürdäne näme eje? – Olar seniň ömrüňi göterip ýör. Olary aýagyn. Ony soň bilersiň ... Ene birden gaýyp boldy Süleýman doňup galdy. «Be. Ogulnyýaz – meniň namysym! Senem, Dürdäne – meniň ömrümi göterip ýör. Düşünemok. Senem meni söýüpdir diýeli, emma Dürdäne näme? Söýändir diýseň, ol ýumruk ýaly gyz-a. Ýa «Süleýman däde, Süleýman däde!» diýip çaý demläp beren bolup, aşyk bolaýdymyka?» Bir ýerlerden Taýly aga geldi. – Baý-ba, baý-ba! Iller ugrajak bolup ýör. Sen, ýolbaşçymyz mund-ow! Baý-ba! Süleýman ýerinden turup, oňa bakan ýöneldi. Ol bulduň üstünden ýöräp barýan ýalydy. – Men seni näme üçin gözleýän? – Bilemok. – Ba-ha, ba-ha, illere pul berilýär. Bize, ine! – Ol ýumrugyny gezedi. – Sen bular bilen düzüwli gepleş. Ýogsa, bizi goýýar, olar. Özüňem Ataballyň kiçi gyzy ýaly sallanman ýöre. Juda ýagdaýyň bolmasa-da, gel, mün, taýçanagyň arkasyna, Süleýman pul meselesini gürleşipdi. Musurman hasaby boýunça şu ýylyň dokuzynjy-on birinji iýul aralygy gurbanlykdy. Gurbanlykda janly alyp soýmak üçin Eýran Yslam Respublikasy öz zyýaratçylaryna dört ýüz realdan pul bermegi karar edipdi. – Heýt, biz ykramdan çykamzog-a. Biz janly kesmesegem bolýar-a. – Sopy aga bu gürrüňi Süleýmana möhüm täzelik aýdýan ýaly edin ýetirdi. – Onsoň o pul özümize galýar-a. Ol-how, ýüz on dört dollar-a... Ahun aga-da bu gürrüňi tekrarlady. – Siz ykram eşigindekäňiz Hudaýyň gurbany. Şonuň üçin mal çalmak size düşenok... Adamlar Süleýmanyň daşyna üýşüp, puluň haçan beriljegini soraýardylar. Şol pul Süleýmanyň özüne-de kem ýarajak däldi. Sebäbi dollar-pollar-a däl, onda manatlygam ýokdy. Puluna ýol geçmeli bolsa, ol gymyldabam biljek däldi. Ahyry awtobuslar Mänä jülgesine tarap ugrady. Ýollar maşyndan gyrmady. Her bäş metr ýoly ýarym sagatda zordan geçip bolýardy. Ahyry, günbatanara awtobus Minä jülgesine indi. Otuzynjy ýyllarda obaly bir bendäni Moskwa, sergä äkidipdirler. Gelenden soň her kim ýaňkydan Moskwany sorajak. – Baýry jan! Moskwa diýenleri nä şäher eken? Hany, bir gür bersene! – diýipdirler. Ol bendäniňem görenidir-dä: – Aý, gardaşlar, Moskaw diýenleri, pyň-ňam giden meýdan maşyn, maşyn, maşyn! – diýipdir. Ol bendäniň bir gürrüňi şol bolupdyr. Häzir Süleýmanyň ýadyna şol düşdi. Ol «Minä jülgesini suratlandyr» diýseler, «Paňňam giden meýdan çadyr, çadyr, çadyr...» diýäýmelidi. Münlerçe däl, millinonlarça çadyr iki sany dagyň arasyndan geçýän giň jülgäni tutup ýatyrdy. Olaryň arasam adam, adam, adam... Ahun aga: Hudaý tagala: «Minä jülgesine gelip, ýassy hem-de ertir namazyny okany ýalkaryn» diýen – diýşip, bu jülganiň sogabyny düşündiripdi. Ýöne onuň näme üçin aýrybaşga Minä jülgesini saýlap alany onuň hakydasynda galmandy. Awtobuslar çadyr kartalynyň içinde azaşýan ýaly, ondan oňa sowlup, ahyr bir ýerde saklandy. Bu ýerde, Süleýmanyň ýadynda galan zat, olara dört ýüz realyň berilmegidi. Soňam, hawa, soňam ýene bir eýranly ahun çadyr düşelgesine geldi. Ol çalaja üsgürinýärdi, pukarady. Oňa Gylyçmyrat ahun diýýän ekenler. Olam ykram eşigindedi. Guba aga ony görenden ot alana döndi. – Ahun aga jan, hany, bir bu zatlary öz dilimizde düşündirsen-e! Gylyçmyrat ahun uýaljaň, uly gyz ýaly edeplidi. Ol ýylgyrdy. Oturyp, özüne garap duran göreçleri nätumyt goýmady. – Bismillahy errahman erahym. – Ol ep-esli wagta ýetjek normasyny eliniň aýasyna üsgürdi. – Gel, doganym, iň başda bir närsäni oýlanyp gör. Arş – kürsi, külli älemiň, ynsan balasynyň özüni-de – ozalynda ýokdan bar eden kimdir? Ylymmy? Ýa bir döwletmi, memleketmi? Alymlar, döwletler Aýa, Myrryha. Zöhrä uçup ýeten-de bolsa, entek-entek Älemiň müňden bir syryny-da aýan ederden asgyndyr. – Wah, diliňe döneýin, ahun aga jan. Ine, hak sözi seniň diliňden eşitdik. Gylyçmyrat ahunyň üsgürmesi galdy. – Sebi, Älemi ýaradan ozalbaşda bir gudratdyr, keramatdyr. Bu çirksiz şeýledir. Araplar bu gudrata «Alla» diýipdirler, parslar «Hudaý», türkler oňa «Taňry» diýip at goýupdyr. Aý, sen oňa näme at goýsaň goýuber, «tebigat» diý, «materiýa» diý... Emma meniň, sen başda haýsydyr bir şu zeýilli güýç-keramatyň, hereketiň bolandygyny, onuň ýeri, gögi, külli älemi ýaradandygyny, ýyldyzy, Güni, Aýy, zemini, ýagmyry, ýeli, ataşy tertibe salandygyny neneňsi boýun almarsyň... – Wah, wah, diliňe döneýin, ahun aga jan... – Magtymguly babamyz aýdypdyr: «Ýa, Ýaradan kadyr, gudratyň kändir, ol gudrat işlere akyl haýrandyr» diýip... – Wah, wah, ahun aga jan... Gylyçmyrat ahun ýaňy bir gyzyşandan, aňyrdan Gurban ahun dagy geldi. Gylyçmyrat ahuny görüp, onuň çerre gözleri hanasyndan çykara geldi. – Baý-buw, seni kim çagyrdy, bäri? Bar, bar, öz çarwaňa git! Gylyçmyrat ahun kerk gören ýaly bolup, aýdylaryna mähetdel, geleni bilen gideni deň boldy. Gurban ahun hasam eýemsiräp gürledi. – Bu ýere dört ahundan başga adam çagasy gara salmasyn... Namaz, namaz, namaz... Süleýman namaz okamakdan eýýäm bezigipdi. Onuň bar yhlasy, bar dileg-dogasy Käbäniň daşynda galypdy. Häzir welin onuň namaz okamaga höwesi oýandy. Ahun aganyň: «Ýassy hem ertir namazyny okany Alla ýalkar» diýen sözleri ýadynda galypdy. Ol namazyň boýundan başyna dileg edip geçirdi. – Eden günälerimi bagyşla, eý, Taňrym! Garyp ogluň, ýetim ogluň günälerini geç. – Onda birden üýtgeşik bir isleg emele geldi. – Aýalym Solmaza, oglum Dädişe abraý ber, Taňrym. Olary pähim-paýhasyň bilen beze. Akyl-huş ber olara... Ol ertir namazynda hem şo dileg-dogalary etdi. Onuň aýalyndanam, oglundanam närazy ýeri köpdi. Ýöne onuň olardan päk, olardan akylly nikaly aýalam, ikinji oglam ýokdy. Olaryň ikisem ýalňyzdy. Süleýmanam ýalňyzdy. Bir öýde üç sany ýalňyz bende ýaşaýardy. – Bizi birleşdir, bagtly et, Hudaýym! 6. Arafa dagyna säher bilen baryp saklanan awtobusdan düşen türkmenler-de edil Garagumuň bir bujagyna gelen ýaly duýgy döredi. Mymyjak çäge, ýylgynamy, sazagamy menzeş ösümlikler jülgäni tutup ýatan çadyrlaryň arasynda gözüňe yssy, görünýärdi. Süleýman çägä elini degirdi. Edil, Garagumuň çägesi ýaly, özem häzir buz ýalydy. Bu ot sowrup duran ýurtda beýde çäge melhemdi. Ahyn aga «Arafa dagynda bäş wagt namaz okan myratywa ýeter» diýip tekrarlapdy. Sebäbi Hudaýtagala: «Kimde-kim Mekgä zyýarat edip, pälinden gaýtsa, iki günäsinden (kişiniň hakyny iýenden, adam öldürenden) başga güýäsini öterin. Emma Arafa dagyna gelip, bäş wagt namaz okasa, ol günälerinem öterin» diýen. Süleýman bäş wagtynam sypdyrmady. Özem, her namazynyň yzyndan ilden galyp, atasy, enesi, babasy, mamasy, ejesi, kakasy, agalary, aýal doganlary, ogly, aýaly, il-güni, Senem, Ogulnyýaz, Dürdäne üçin, özi üçin doga-dileg edýärdi. «Solmaz ýola geler. Ol kişiniň hakyny iýen däl. Adam öldüren däl. Diýse diýipdir-dä, oýun edip ýa-da gaharyna: «Oýnaşym bilen gepleşýän» diýip. Kerguly meniň jana-jan dostum-a. Men oňa ynanman, kime ynanaýyn? Meniň namysyma çirk ýetse ýene Kerguly hossar çykmal-a. Meniň özüm erbet. Içim düzüw däl. Olaram maňa göra bolup, şeýle güne düşdüler. Dogry aýdýar Solmaz: heý, soňky on ýylda şonuň bilen dyzlaşyp derdinişdimmi? Toýa, baýrama bileje tirkeşip giden wagtym boldumy? Iş-öý, öý-iş. Işden gelemde-de öňümde kakam keseren ýaly... Olam aýal-a. Olam adam-a. Ne ene bar, ne ata bar onda. Menden özge howandar ýok, şol görgülä. Onuň üstesine-de indi elli ýaşap barýan aýalymy öz dostumdan gabanan bolup... Meni öldürmedi. «Erbet gezen gaýynene hiç haçan gelnine wepa bermez» diýýärler. Men – şol... Ol uzyn çadyryň içinde, buz ýaly ýel üfleýän aýakly pyrlampajyň astynda arkan ýatyrka öýi, aýaly, ogly barada göwün ýüwürdýärdi. Şu ýere gelip üç namaz okaly bäri onuň kalby howdan ýaly bolupdy. Onuň köňlüniň kiri dökülen ýaly bolupdy. Onuň begenji uzaga çekmedi, bir ýerden möwç urup Knut geldi. – Sluşi, sen, sen diýleni etmän gidip barýarmyň? Dolan yzyňa, dolan! Sen Käbä geldiň, gaýtmadyň. Minä geldiň, gaýtmadyň. Arafata geldiň, gaýtmadyň. Indi, Müzzeldepä-de gitjek bolýaňmy?! Süleýman ýylgyrdy. – Bu ilden aýrylyp, men nirä gideýin? – Knut agzyndan ak köpük saçyp gygyrdy. – Sen olar däl. Men, men saňa sapagy başgaça beripdim. Sen meniň şägirdimsiň, okuwçymsyň. Sen gitmersiň, mundan beýläk. – Bä, sen ekeniň-ow, ähli haramzadaçylygy maňa öwreden! Knut ellerini kelemenletdi. – Men saňa öýüňi opur diýmedim. Men saňa aýalyňy ýoldan çykar diýmedim. Aýalyň azgyn. Ogluň saňa el galdyrdy. Ol gardaşym diýip ýöreniň aýalyňa oýnaş bolup ýör. Sen esgi, sen maslyk. Sen binamaz. Ine, şolary-da menden görjekmi? Süleýmanyň gahary geldi. Onuň öz dilinde gepledi. – Sluşaý, sen, idi na... Bar, öz heleýiňi oňar. Sen haramzada, öz kabinetiňde näçe aýalyň tenini ýalanaçlap, haram işler etdiň? Dostuny satdyň. Seni adam eden halkyň ogul-gyzlaryny harapladyň. Biz seniň diýenini etmedik bolsak, bizi güm ederdiň. Biz günümiz, çagalarymyz üçin gorkduk. Diňe günümiz üçin seniň diýenini etdik. Onuň üçin Hudaý biziň ýazygymyzy geçirer. Bar, poşýol ty n... Knutyň boýny sallandy. – Ýoo-ok, seni entek edişjigime seret. Senjagaz. Menden bolan meni bolan. Duruber, senimi... Süleýmanyň jany gönendi. Ol näçe günläp dişini çarhlap ýördi. Ahyry gazabyny çykardy... Onuň ýanyna Hojat aga geldi. – Guzym, men-ä ýalançy bolup barýan. Heý, bolýan zat ýog-a. Süleýman güldi. – Hojat aga, näme bolmaly? Ýaşulynyň garaçynydy. Ol uly gaýga batypdy. Süleýman ona degjek boldy. – Gaýta, gowy-da bolmasa. Näme, hüýr gyzlaň ýanyna howlugýaňmy? Ýaşulynyň ýüzi ýere sallandy. – Bolmaz-a, guzym, ýagşy däl-ä, Uly il bilýär-ä, şeýle bolmalydygyny. Men onsoň, ahyr ýaşymda olary oýnap, ýalan sözläp ýören ýaly bolmarynmy?! Ýaşuly birden hamsygjak boldy. – Goý, goý, agam, goýaweri, bu mukaddes ýerde bir hapa bolma. Hersiniň nesipli güni bardyr... Ýaşuly onda-da ynjalmady. Elini Arafa dagyna bakan tutdy-da, çöküne oturdy. – Eý, gurbanyň gideýin, bu çal başy uýada goýma, gurbanyň gideýin! Namysymy, abraýymy alanyňdan, amanadyňy al, eý, Taňrym... 7. Ýene-de ýol. Ýassy namazyndan soň awtobuslar ýene-de ýola düşdi. Ugur Müzzeldepä bakandy. Bu ýerde adamlar üç şeýtana daş atyp, soňra, kime düşýän bolsa, janly kesip, gurbanlyk edip, saçyňy syrdyrmalydy. Ertir gurbanlyk başlanýardy. Süleýman bu ýurtda görmedigini görüpdi. – Eý, gurbanyň gideýin, Allam, Alla jan! – Guba aga, sap-sap bolup, ýeriň ol ujundan bu ujuna ýetýändir diýip güman döredýän, aňyrsyz-bärsiz adamlara garap aýtdy. – Heý, başga bir ýerde şunça adam görersiňmi? Hudaý janyň gudratyna döneýin, gör, olary nädäýipdir... Süleýman hem beýle adam kowçumyny ömründe görmändi. Onuň haýran galýan zady, dünýäde Hudaýa ynanýanlaryň şunçasynyň bolmagydy. Ýoo-ok, bulardan ýüz millionça köpleriň ynanmagydy. Türkmenýastanda Hudaý diýip ýörenleriň gör, näçesi bar, olar deňiz bolsa, Süleýmanyň topary onuň damjajygy ahyryn. Bu adamlaram dünýäniň Hudaýa bagry girýan ynanýanlarynyň deňziniň damjajygy... Her döwür, bir döwür bolýar. Öň Süleýmana dünýäde yslam dinine ynanýanlaryň şunçasy bar diýseler ynanmazdy. Häzir welin begendi. Çünki, şolaryň bary, onuň gardaşlarydy. Öň Süleýman din, yslam, Hudaý diýseler, akmaklygyň bir hili, diýip düşünerdi. «Dialektika, mehanika, matematika barka, Hudaý bolarmy?» diýýärdi. Ol hakyky kommunistdi. Ol ýarym hudaýhon, ýarym kommunist bolup bilmändi. Ol ateistdi. Ony boýun alýardy. Käbiri ýaly il ýüzüne kommunistsiräp, öýünde-de «Hudaý» diýip ýatmandy. Öýde-de, ilde-de kommunist bolupdy. Onuň ýigrenen zady ikiýüzlülikdi. Ol kommunist, ateist bolman nätsin? Çagalygyndan zalym atalygyň elinde ulalypdy. Görgüli magazinçidi. Içegendi. Mekdebiň rus dili mugallymasy bilen är-aýal ýalydy. Bir gün ejesi ony dükana, dädesinden atymlyk çaý getirmäge iberipdi. Süleýman atalygyna «däde» diýýärdi. Ol şol ýaşda bu adamyň kakalygydygynam bilenokdy. Ony çyny bilen gowy görýärdi. Onuň ýöredýän dükanyny özüniňki hasap edýärdi. Bu saparam ol çaga dünýäsine gark bolup, hiç zady göwnüne getirmän dükana bardy. Dükan içinden zülplenendi. Ýöne işigi çekip, elini içine sokup, zülpäni galdyrsaň, işik açylýarly. Adamlar işikde dükanyň açylaryna garaşyp durdular. Süleýman işigi çekdi-de, zülpäni açdy. Soň içeri girdi. Birdenem onuň gözi dädesiniň un haltanyň üstünde rus dili mugallymasyny ýarym ýalaňaçlygyna basyp ýatanyny, gördi-de, haýýaty uçan ýaly bolup wägirdi. – Wa-a! – Ol wäläp öýlerine tarap ýazzyny beripdi. Işikde duran adamlaram «Munda bir hekaýat bar ýaly» diýip içeri bosuşyp, Töre jalaýyň bu masgara işine tomaşa kylypdyrlar. Töre jalaý, öýe gelip Süleýmanam, ejesinem suwasalma ýenjipdi. – Seni şu köläň bilen kerçem-kerçem etmesem, içim sowamaz. Ile metgi etdi bu haram, çöpdüýbi – diýip, Töre jalaý ony her gün, Taňry näçe gün berse dalaýardy. Süleýman çydamady. Klasdaşy Gülsümlere gaçyp gitdi. Gülsüm pars gyzydy. Onuň kakasam, ejesem gowy adamlardy. Süleýmany gowy görerdiler. Bir ýylda Süleýman pars dilini suw ýaly öwrendi. Bu adamlara ogul boldy. Olaryň sygryny bakdy, ýerini depdi, odunyny çapdy. Soňam Kakadaky professional-tehniki uçilişä okuwa gitdi. Okuwdan goşun gullugyna, ondanam uniwersitete geldi. Ol Gülsümlerdekä, okuwdan gelşine ejesine garaşyp, garry söwüdiň aşagynda oturýardy. Ýöne öýlerine baryp bilenokdy. Töre jalaýy şol wakadan soň işden kowupdylar. Ol şähere gatnap, bir ýerlerde işleýärdi. Süleýman onuň ganhory ýalydy. Ol: – Wah, şonuň bir ganyny içsedim – diýip, serhoş wagty samraýarmyşyn. Ejesi görgüliniň güýi iki gözüne ýetýärdi. Ol horja, keselli göwresini titredip aglaýardy-da: – Geçer, balam, geçer, mert bolgun! – diýerdi. Naýynsap, Töre jalaý ony ejesi ýogalanda, gullukdan çagyrmandyram. Süleýman gullukdan gelenden soň bu habary bilip galdy. Ýöne Töre jalaýyňka barmady. Onuň öň göreni Töre jalaý bolsa, soň uçilişe, gulluk, uniwersitet, Hudaý diýmegi nirede öwrensin? Mekdepde ony «Hudaý ýok» diýip okatdylar. Uçilişe-de «Mollalar samsyk» diýip okatdylar. Gullukda welin doňuz eti bilen, içeni Sibiriň el aragy boddy. Uniwersitetde «Gurhan bir bolgusyz zat» diýip öwretdiler. «Sen sowet adamsy boljak bolsaň, komunist boljak bolsaň, islendik tribunada Hudaýyň ýokdugny subut etmeli» diýdiler. Işinde ol hemişe hudaýhonlara garşy göreşip geldi. Adamlary «kommunistik» morally bolmaga çagyrdy. «Hudaý» diýeniň, sünnet diýeniň gözüniň oduny aldylar. Şeýdip, Süleýmany güjükligine daladylar. Onsoň ol nädip Hudaý diýsin? Görüm-görelde görende-eşidende bolýar-a. Ol beýle edebi görmedem, eşitmedem. Onuň ykbaly, terbiýesi, ynanjy şeýledi. Indi bolsa düýbünden başgaça... Türkmenistan özygtyýarly döwlet bolup, dilini, dinini, mülküni, erkini eline alany bäri, türkmen özüne gelen ýaly bold-a. Süleýman-a beýle-de dursun, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň özem Käbä. Mekge-Medinä zyýarat edin gitd-ä. Halk şonda Prezidenti baý, gowy görd-ä. Ýöne. Süleýman dodak çöwrüpdi. Haýp, kişi başyna atan daşyň öz başyňa-da degjek ekeni. Indi oňa-da dodak çöwrenler bolar. Hawa, ol «Hudaý» diýip, salkym-salkym bolup barýan adamlara begendi. Neneň begenmesin. Olar onuň gardaşlarydy. Ol atadan ýalňyzdy, emma bu ýere gelip millionlap gardaşly, millionlap bajyly bolupdy. Ahun aganyň sesi ýene-de onuň gulagyna geldi. «Hudaýtagala aýdypdyr. «Eý, Ybraýym, ogluňy Alla ýoluna gurban kyl!» Ybraýym pygamber eşitmedik bolupdyr. Hudaýtagala ikinji sapar ýene-de: «Eý, Ybraýym, ýalňyz ogluňy Hudaýyň ýoluna gurban kyl?» dýipdir. Ybraýym ýene-de geziberipdir eşitmedik bolup. Ol eşidýärdi. Ýöne ýalňyz balaňy nädip pyçaga dözjek ahyryn! Belki, bu gury owazdyr... Hudaýtagala Ybraýymyň ýüregini duýup durdy. Onuň eşitmedik bolýanynam bilýärdi. Ahyry Hudaýtagala ýene-de onuň adyny tutdy. – Hawa, Taňrym, lepbeý! Hudaýtagala oňa bu sapar düşüner ýaly edip aýtdy. Diýdi: – Eý, Ybraýym! Men öň-de iki mertebe aýtdym. Bu-da üçünji mertebe: «Ogluň Ysmaýyly Hudaýyň ýoluna gurban etgin!» – Lepbeý, Perwerdigär! Ybraýym ýalňyz ogluny öňüne salyp, Hudaýtagala ýoluna gurban etmäge barýar. Ata-da, ol ýalňyz balasyndan aýryljagyna hasrat çekip gelýär. Ýöne ony ýekeje köşeşdirýän zat. Ony berenem Taňrydy, aljagam. Birden... Birden, Ysmaýyl jan özbaşyna käýiniberdi. Ybraýym oguljygy akylyndan azaşaýdymyka diýip gorkdy. – Balam, sen özbaşyňa gepläp barýaň-la! Ysmaýyl jan başyny ýaýkady. – Ýok, atam. Men bu ýerde garry şeýtan bilen gürleşýän... Ybraýymyň zähresi ýaryldy. – Şeýtan, ol nä jüre? Ol näme diýip habar gatýar? – Atam, ol garry üflis, yşarat: «Sen biriniň ýeke perzendi. Dünýä gelip näme gördüň? Indi gülmeli, indi ýaýnamaly. Ataň bir akyly çaşan. Hudaý diýdi diýip ýeke perzendiňem damagyny çaldyryp bolarmy? Gaç, el berme. Ýa-da «Men Hudaýa gurban bolup bilmen. Eger, Hudaýy gowy görseň, bar, özüň gurban boluber» diý. «Gaç» diýýär. – Balam, sen näme, diýdiň? – Atam, men «Atamyň sözüni ýykman. Mün janym bolsa, ählisi Taňrynyň ýoluna sadaka bolsun» diýdim. – Wah, berekella, balam. Gel, şol garry üflisi daşlaly. – Olaryň hersi garry şeýtana ýedi daş atdy. Garry şeýtana ýedi daş atmak şondan galypdy. Süleýmam awtobusyň içinde rahat oturyşyna özüni Ybraýym pygamberiň ýerine goýup gördi. Baryp Dädişe: «Seni hudaýýoluna gurban etjek» diýdi. Ogl-a ony adam hasabam etmez. – Nu-u, çelowek çoknutyý çto-li! – diýer. Ol Solmazy göz öňüne getirdi. Olam: – Waý-dat, iller, bu tentek akylyndan azaşypdyr! Hudaý bolarmy, bar, aňyrda şaýratsyn – diýer. Ol ýatlamanyny kem görmedi. Ondan ahun agany diňlänini göwnüne jaý bildi. – Onsoň, hälkiler rowan bolup gidip barýarlar. Ysmaýyl jan ýene-de samraberdi. – Weý, oglum, indi saňa näme boldy? Ýene özbaşyňa gepläberdiň-le?! Ysmaýyl jan aýtdy: – Ýok, atam, men özbaşyma samramok. Indi oňa görä ortarak ýaşly şeýtan ýanyma geldi. – Ol näme diýdi? – «Ataňa sög. Diýenini etme. Ur şu daş bilen ony» diýdi. – Sen neme diýdiň? – «Atamyň edenine kaýyldyryn. Taňra gurban bolsam armanym ýok» diýdim. – Hany ol? – Han-a, dur! – Gel, ony daşlaly! – Olar şeýtana daş zyňdylar. Orta şeýtany daşlamak şundan galandyr. Guba aga oturyp bilmedi. – He, ahun aga jan, Ysmaýyl jan nähili edep-li?! Biziň çagalarymyza bir diý şony. Ýeke özi däl, şeýtan bilen bile daşlar ata-enäni... Ahun aga ýene-de gürrüňine başlady. – Indi bularyň öňünden körfeje şeýtan çykypdyr. – O näme diýýär, balam? – «Bileje gaçaly. Ataň tutup bilmez» diýip dur bu-da, atam... Men «Ba-ar. ugra!» diýdim. – Gel, onam daşlaly! – Ine, kiçi şeýtana daş atmak şondan galandyr... Muzzelpe-de ýöne çadyr bolup otyrdy Awtobuslar ýöräp bilmäni üçin adam sili pyýada akyp barýardy. Her kim ýerden daş çöpleýärdi. Şeýtanlara her adam üç günde jemi 49 daş atmalydy. Süleýmanam barmagyň başy ýalyjak daşlardan kyrk dokuz sanysyny çöpläp ýuwdy, süpürdi, soň gaýyş torbajygyna saldy. Şeýtana daş atmak onuň üçin diýseň gyzyklydy. Ilem şeýle öýdýän. Her kim goşuny çadyra çekip, ýola çykdy. Äpet köpri bassyrmalaryň asty adamdan doly. Yssy. Dürli dilde gepleşýän adamlar, iki gyradaky bazarjyklar, gözüň başyň aýlanyp gitse-de, şol gidip oturmaly. Ine-de, şeýtanly ýerzemin. Adamlar akyp ýatyr, akyp ýatyr... Öňde, adamlar aldygyna daş zyňyp durlar. – Han-a. garry şeýtan, haý, peläket! – diýip, Taýly aga göterilip, taýzaryp başlady. – Ýöre, ýöre, Hojat. Ýogsa şeýtana bererin... Süleýman şeýtan sütüniniň golaýjagyna geldi-de, ýedi daş çykardy. Birdenem... ...Birdenem onuň gözi şol sütüne ýaplanyp, iki eli bilen ýüzüni penalap duran Knuty gördi. – Wah» haramzada! – Sülenman ahmyr bilen başyny ýaýkady. Içi tütäp gitdi. – Asyl, sen, biziň gözümizi-başymyzy aýlap ýören garry şeýtan ekeniň-ow! – Me! Me! Me! – Ol ömründe etmedigini edip. Knutyň atylan daşlardan ýaňa besse-besse gan bolan ýüzüne janynda baryny, eliniň güýjünde baryny edip daş zyňdy.– Me! Me! Me! Haramzala! Al, paýyňy! Knutyň gözün-de Süleýmana düşdi. Ol awtomatyň oky ýaly bolup ýagýan daşlardan ýüzüni gorap, haýbat atdy. – Senem indi maňa daş atýaňmy? Seniň ataňy, dur bakaly! – Aldyňmy paýyny, çek asmanyňy üstüňe!.. Süleýmanyň içi sowan ýaly boldy... Ýöne töweregin-de tanyş adam görmedi. Ol howsala düşdi. Öňde Taýly aga barýan ýaly boldy. Ol ylgaşlady. Ol ylgasa Taýly aga-da ylgaýardy. Ol dursa Taýly aga-da durýardy. Süleýman Taýly agany nazaryna alyp gidip barşyna aýagyny gan-gabarçak etdi. Yssy, suwsuzlyk, iň agram, ýadawlyk onuň sütünini süýndürdi. Ol ýene-de ýöredi. Birdenkä şäheriň günbatar çetinden çykanyny duýup galdy. Öňde diňe Taýly aga bardy. Ol güýjünde baryny edip gygyrdy. – Taýly aga, dur-r! – Ha-ha-ha, me, saňa Taýly aga! – Ol asyl Taýly aganyň suduryna giren Knut – garry şeýtan bolsa nätjek! Knut gan-gabarçak bolan ýüzüni eýmenç güldürdi. – Boldumy? Aldyňmy paýyny?! Ha-ha-ha-a... Ol şol pursat ýom-ýok boldy. Süleýman ölümiň öýünde, gijäniň bir wagty süýrenip çadyra gaýdyp geldi-de, tä ertire çenli özüni bilmän ýatdy. – Wah, garry şeýtan gursun – diýip, gijesi bilen o çadyrdan bu çadyra ylgap, gün doganda düşelgäni tapan Guba aga halyslar bolup Süleýmanyň gapdalynda süýindi. – Öldüm, öldüm! Garry şeýtana daş atylsa-da atyldy welin, olam adamlary gyran-jyran edipdir. Taýly aga henizem gelenokdy. «Be, ona ne bela çaldyka? Men taýçanak diýip, ol gaty ykjamd-a.» Ol ynjalyp bilmedi. – Gözlemesek bolmaz ony. Düýnden bäri gelmedik bolsa, başyna bir iş düşen bolaýmasyn... Guba aganyň dili zordan gepledi. – Gözleseň gözläýmeli. Düýn meniň gözümiň alnynda iki adam jan berdi. Bir-ä tanyş ýaly boldy durdy. Süleýmany gagşatma tutdy. Ol ykramyny egnine atdy-da, ylgap köçä çykdy... Häzir Taýly aga gut haýsy, kybla haýsy bilenokdy. Ol uzynlygy iküç kilometre ýetýän äpet köpriniň aşagynda, bir bendäniň düşeginiň üstünde süýnüp galypdy. Bu ýerde bolsa adam adamy tanar ýaly däldi. Baş-başa, jan-janady. Azyndan iki milliona golaý millet jemlenen ýerde hapanyň özem harman-harmandy. Şony ýygnara-da adam ýokdy. Ýaşuly: – Suw, janlarym. suw! – diýip, dodaklaryny tibirdedýärdi. Ýöne bu ýerde seniň «suwuňa» kim düşünýär? Her kim ol ýadap, usurgap ýatandyr öýdýärdi Taýly aga welin bir aýagyny o dünýä atypdy. – Sapargül! – diýip, ol gökde gaýyp barýan durna kimin akja didara tarap owsunýardy. – Sapargül! Onuň hol beýlesinde, sag tarapda, bir topbak märeke, çep ýüzde-de bir topar adam dur. Taýly aga bolsa ortarada. Ol sagdakylaryň arasynda Süleýmany tanady. Guba aga bilen Sopy aganam gördi. Beýleki tarapdan bolsa kakasy, ejesi, agalary, doganlary durdular. Bir guwjagaz bolsa gelýärdi-de, daşynda aýlanyp-aýlanyp, çep tarapdaky topara goşulyp gidýärdi. Ol ony tanady. Ol Taýly aganyň mundan bäş ýyl ozal dünýäsini täzelän aýaly – Sapargüldi. Ol diýseň ýaş, näzik, owadan görünýärdi. Taýly aga Süleýman tarapa ýüzüni öwürdi-de, hiç bolmanda, kakasy, ejesi bilen salamlaşyp geçmek üçinem bolsa, çep topara tarap gadam urdy. – Taýly aga! Ýöri, biziň samalýotymyz uçjak bolup dur, ýöri! Galýaň, galýaň, galýaň... «Be» diýip, ol «samolýot, «galmak» sözüne iňkislenip oýlandy. Eger galaýsa, soň Aşgabada aşyp biljegini ýa bilmejegini oýlandy. – Kakam bilen salamlaşman-a aýagymam ätjek däl. Ol çep topara tarap ugrady. Kakasynyň töweregindäkiler bolsa: «Ol indi galar. Ol galar!» diýip heşelle kakýardylar. Ýaşuly ýene-de saklandy. – Durmaň, kakam, ejem bilen bir salamlaşaýyn. Soň ýeterin. – Sag tarapdakylar özlerini öldüräýjek bolýardylar. – Barma! Barma! Barsaň galar-sy-yň! Taýly aga «Hoň, olara sered-ä, heýem, men galarynmy?!» diýýän manyda başyny ýaýkap, kakasyna bakan ugrady. Kakasy äpet uçudyň gyrasynda gujagyny gerip durdy. Ol ogly eline ildigi, aňyrlygyna uçup gitjege meňzeýärdi. – Kaka jan! – Jan oglum! Ol kakasynyň gujagyny, düýpsüz uçudy gördi-de tisgindi. Öňde ýekeje ädim bardy. Ol iň soňky sapar demini aldy-da, özüni kakasynyň gujagyna oklady. Emma gökden gaýyp gelen bürgüt, ony düýpsüz ummanyň agzy bolup duran gujakdan kakyp aldy-da, göge galdy. Soňam äkidip beýleki toparyň arasyna taşlap goýberdi-de, pyrlanyp, ýere düşüp, Süleýmana öwrüldi. – Taýly aga! Taýly aga!.. Ol sowuk suwuň zarbyna gözüni açdy. Çişip giden dili damagyna dykylypdy. – Hü-üw! – Häzir, häzir! – Süleýman ýaşulynyň gatap giden äňini ýumruklady-da, barmaklary bilen onuň dilini çekip çykardy. Soň agzyna birki owurt suw damdyrdy. Ýanyndaky ýürek dermanynyň birini çeýnäp-çeýnäp ýaşulynyň diliniň astyna dykdy. Taýly aga birhaýukdan özüne geldi. – Ýöri, gideli! – Süleýman ony arkasyna alyp goşa getirdi. – Wah, inim, düýn-ä öldürdiň. Bu günem direltdiň. Sen jadygöýmüň, nämemi?! – Ýaşuly süýnüp, daşyna sakgaldaşlaryny üýşürip oturyşyna samyrdady. – O nähili öldürdiň? – Düýn, garry şeýtana daş atyp çyksam, sen barýaň, ho-ol öňräkden. «Häk, mazaly, bolaýdy» diýip, düşdüm yzyňa, Gidip otyrsyň, gidip otyrsyň, baryp şäheriň gündogar başyndaky dagyň biline çykdyň. Menem çykdym. Ölüpler çykdym. Birdenem ýom-ýok bolduň. Gygyr, gygyr, çagyr, agla! Soň süýrenip, ölümiň öýünde, ýaňy, daňdan bir ýerlerde ýykylyp galypdyryn... – Ol şeýtanyň iş-ä. – Guba aga aglaýjak-aglaýjak boldy. – Men-how, şu işikden ätläp – beýläk ell-ä geçendirin, elli gezek seredýän, başga adamlar. Ýene aýlanýan-aýlanýan gelýän, başga adamlar. Ahyry, «Aý, başga-da bolsa, dynjymy bir alaýyn-la» diýip girsem, Süleýmana gözüm düşäýdi. Hernäme, üç şeýtana soňky daş atylan günlerde beýle ölüm bilen diriligiň dalaşy bolmady. Ýöne orta şeýtan bilen kiçi şeýtanam kem galmady. Olar adamlaryň çepeginiň bagymy, bilguşagyny, boýnundaky torbasynyň bagyny üzüm-üzüm etdiler. Taýly aga olar nämüçindir bu saparam bekje daradylar. Onuň dört ýüz reallyja gapjygyny «ýel aldy, ýelpi çald-a» dönderdiler. – Tüweleme, hakyky hajy bolduňyz! Allatagala kabul etsin! – Märek bolsun! Ahun agalaryň bu sözi indi on gün bäri halys bolan adamlaryň argynlygyny aýrana dönderdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: