14:54
Kyýamat-magşara çenli -6/ romanyñ dowamy
IKINJI BÖLÜM

1.

Barsam, Käbäni görsem.
Magtymguly

Aşgabatdan Maşada, ondan Tährana gelip, ol ýerde ulamalaryň «Käbe, Käbe» diýip, jan-dilden käkelemelerinde-de, Aýatolla Homeýniniň üsti üýtgeşik köşgi-eýwanly, gümmezli mazaryna zyýarat edende-de, ýüpek ganatly äpet ýarganatly bassyrmaly Jitda-da onuň dürli reňkli, dürli keşpli myglym bolup duran aeroportynda-da onda beýle-beýle duýgular ýokdy. Emma...
Emma Jitdadan üsti açyk awtobusa münüp, ýetmiş kilometr ýol geçilip, ymgyr çölüň içinde lowurdap duran metjidiň ýanynda düşülip, ol ýerde hammama girip, ýuwnup-ardynyp, päkizelenip yhran eşigine girenden soň Süleýmanyň ruhunda bir pynhan üýtgeşiklik başlanypdy. Ol şu ýerdäki metjitde ak guş ýalyjak bolup, beýleki «ak guşlara» goşulyp otyrdy. Biline çolanan bir bölek polotensa – yzarasy bilen, egnine ýapyp, sag goltugyndan geçiren ridasyndan özge zady ýokdy.
Ol indi özüni haka tabşyrypdy. Ol indi özüni bu dünýäde däl ýaly duýdy. Içi köşk ýaly giň, kondisionerler buz ýaly şemal hazladyp duran bu metjidem ol ýagşyzadalaryň kabulhanasyna meňzetdi.
Adam amanadyny tabşyranda-da ony illäp-günläp, şeýdip ýuwundyryp, şunuň ýaly ýeňsiz, ýansyz eşige salýardylar ahyryn. Süleýmanyň özi geýdi bu geýimleri. Ýok, ol özi geýinse-de, bu ýere ony başga bir gudrat alyp gelen bolmaly... Özi pul çykaryp, ýol harjy berip, munça azap çekip, bu ýerlere onuň özi gelibem biljek däldi.
Ol töweregine garanjaklady. Ýok, bu adamlar, bu ýüzler onuň öňki gören ýüzleri däldi. Olar birsalymyň içinde üýtgäpdiler. Häzir uçmaha ýa-da syrat köprüsine bakan uçup gitjek bir bölek guwa meňzeýärdi olar.
Süleýman Taýly aga garady. Ol täze syrylan takyr kellesini depeden düşýän yşyga ýaldyradyp, äýnekli gözlerini ýumjukladyp, böwrege meňzeş dodaklaryny pynhanlyk bilen müňküldedip otyrdy. Ol önki «Men Taýçanakdyryn!» diýip, ýaşululara çaý çekip ýören tekepbir kişä meňzemeýärdi. Ol mysapyrdy. Ol günäsiniň üstünde tutulan ýazykly bende ýaly, mysapyrlanyp otyrdy. Diýseň ejiz, naçar görünýärdi. Asyl, gözlerinde ýaşmy, gubarmy, bir zatlaram bardy.
Öýle namazy tamam boldy. «Ak guwlar» güsürdäp uçdular-da, maşynlara gondular. Gün depäni deşip barýardy. Göwün sowuk suw küýseýärdi. Emma hiç kim suw içeýin diýenokdy. Her kimin gözi öňdedi, her kimiň arzyly öýe, Allatagalanyň öýüne çaltrak ýetesi gelýärdi. Şonuň üçin her kim bu görülmedik yssynyň aşagynda eräp otyrdy. Misli, gurbany gitdigim, Hudaý jan bu «ak guşlarynyň» günäsini öz öýüne äkitmän, şu üsti açyk maşynyň üstünde bu bedenlerden sykyp aýyrýan ýalydy.
Bir täjik ýaşulusy derçiräp duran ýüzüni töweregine aýlady.
– Hany, doga aýdalyň! – Ol şu adamdan çykar diýseň, hiç ynanyp bolmajak näzikden mähriban ses bilen doga okap başlady.
– Labbeýik, alla humma läbbeýik!
Läbbeýke le-şerikä lekä läbbebik!
Innel hamdä, wel nymate, läne welmülk!
Lä şerike lek!
Oturanlar bu mukaddes owaza kem-kemden goşuldylar. Süleýmanam ilk-ä bir aýtmanam oturjak boldy. Emma bu owaz diýseň gulaga ýakymlydy. Onuň ezizligi janyňy alyp barýardy.
Ol çydap oturyp bilmedi.
– Läbeýik, al-la hum-ma läb-beýik!
Leb-beý-ke-le, şerikä leke leb-beý-ýik!
Innem ham-dä, wel nymate, läne welmülk!
Le şerikä le-eýk!
Ol bu doganyň manysyny çigitleli: «Läbbeýik, allahym, lepbeý! Lepbeý... sen-de çirk bolup bilmez. Lepbeý! Dogam saňa mynasypdyr. Ähli nygmat we iş mülk seniňdir. Sende çirk ýokdur...»
Adamlar belki, onuň manysyna düşünýänem däldirler. Ýöne olara bu doganyň owazy, ruhy oňuň manysyndanam müň esse güýçli täsir edýän ýalydy.
Süleýman Guba aga bilen bir ýerde otyrdy. Guba aga ömrüne eline dutar alyp, aýdym aýdan adam dälem bolsa, häzir şu owaza berlip, şeýle bir suýjülikli aýdýardy welin, ony iň süýji damanaňa-da deňär ýaly däldi.
Mekgäniň gyrak-bujagyndaky jaýlaryň saby göründi.
– Eý, gurbanyň gideýin! Jaýlaryna döneýin! – diýip, Guba aga gözýaşyny düwmelendirip goýberdi. – Ol ýaşly gözlerini süpürmän Süleýmanyň böwrüne dürtdi. – Görsen-e bu jaýlary. Çölmaganyň çölünde heý, şeýle jaý görerin diýip oýuňa getiripmidiň?! Eý, gurbanyň gideýin, hak Alla jan, seniň gudratyň kändir! – Aglaýan başga-da bardy.
Süleýman özüniň bu ýollara düşüşine indi-indi haýran galdy. Ol ömründe Hudaý, yslam dini barada, oňa sygynmak hakynda pikir eden adam däl. Ol indi elliniň töweregine ýetip. Hudaýy, hatda enesini, atasyny hem ýatlan adam däl. Ol gerekdir öýden adamam däl.
Öňler-ä onuň gulluk wezipesi bu ýagdaýlaryň golaýyňa eltmedi. Soň onuň özi «Aý, nämä gerek» diýdi. Ýöne onda Hudaýyň halamaýan işlerini etmäge, yslamyň gadagan eden närselerini etmäge näçe diýseň mümkinçiligem boldy. Ol şolary kemini goýman etdi: aragam içdi, doňzuň etinem iýdi, zyna işlerem etdi Muhammet pygamberiň «doňzuň etini iýmäň» diýip «Hadysynda» ýazanyny, «Men öz ymmatymy arak içmek belasyndan azat edýärin» diýip şol «Hadysda» ýazanyny, Gurhanda bolsa «Zynanyň golaýyna barmaň!» diýlip ýazylanyny ol bilýärdi. Gurhan Hudaýyň sözüdi. Hudaý beýleki işleri etmäň diýen bolsa, «zynany etmäň» diýip aýtman, «Zynanyň golaýyna barmaň!» diýipdir. Zyna – kişiniň hakyny iýmek, Sen o dünýäde zyna eden zenanyň ýa atasynyň, ýa enesiniň, ýa nikaly adamsynyň, ýa ogul-gyzynyň öňünde: «Men seniň hakyny iýip, aýalyň, ýa ejeň, ýa gyzyň bilen zyna etdim. Meniň günämi öt» diýip, başyňy etegine salmalydy. Şonsuz seniň ýüzüňi Allatagala- -ha däl, Muhammet pygamberem görmez...
Süleýman erbet gorkdy. Onuň daşdan agyr, dagdan uly günäleri bardy. Şol günäleri bilen ony kim Käbeýi mukarrem Beýtulla – Hudaýyň öýüne dözer... Ol Tähranda Guba agadan bir söz eşidipdi.
«...Ybraýym pygamber Käbäni gurup bolandan soň, Allatagala oňa: «Indi gygyr. Ähli musurmanlar Käbä togap etmäge gelsinler. Käbe Hudaýyň öýi boldy» diýen. Ybraýym pygamber: «Eý, Taňrym, men külli musurmany bu ýere nädip çagyraýyn? Olar meniň sesimi eşitmez ahyryn!» diýen. Onda Allatagala «Sen gygyryber, men özüm galanyny oňararyn» diýen.
Allatagalanyň Ybraýym pygamber bilen gepleşenini Jebraýyl perişde bilen Şeýtan hem eşidipdir. Ybraýym pygamber: «Eý, dünýäniň musulmanlary! Käbe – Beýtulla boldy. Oňa togap etmäge gelin-ow!» diýip, üç mertebe gygyranda Jebraýyl perişde bilen Şeýtanam şol sözleri gaýtalap gygyranmyşyn. Şol sesi Allatagalanyň gudraty bilen külli musurman eşidenmiş. Indem...
Hawa, indem Käbä zyýarata gelýänler üç taýpa bolarmyşyn. Bir taýpa, ol Allatagalanyň radasy bilen, Ybraýym pygamberiň çagyranlary. Olar zyýarata gelermişlerem, sag-aman yzlaryna haçlary kabul bolup bararmyşlaram-da, iliň-günüň öňünde perişde kimin ýaşap, edil türkmen zamçasy ýaly, ýagşy ysyny iline-gününe bark urduryp, sapagyndan tänip, Hudaýyň gujagyna gaýyp gidermişin. Beýle adamlaryň dirikä-de, dünýäden gaýdansoňam ady, abraýy, tutuş ömri iline-gününe ýagşylygyň tymsaly bolarmyşyn.
Ikinji taýpa bolarmyşyn. Bu taýpa Jebraýyl perişdäniň sesini eşidip, Hudaýyň öýüne zyýarata gaýdarmyşyn. Olar sag-aman zyýarat edip. ajal-peýmanasy şu mukaddes ýerde dolarmyşyn. Munuň özem ol bendäniň ömrüne bir uly zyýapat bolarmyşyn. Çünki Käbede amanadyňy tabşyrmak – jennetiň ak guşuna öwrülmekmişin.
Üçünji taýpa bolarmyşyn. Ol taýpa adamlar Şeýtanyň sesini eşidip Käbeýi-mukarrama zyýarata gelermişin. Olar sag-aman gelermişem, öz iline aman-esen bararmyşynam. Emma, hawa, emma olar şeýle bir haramzada, ilden çykan bolarmyşynlar welin, olary görüp Şeýtanyň özem agzyny açyp-açyp galybirmişin...
Bu söz Süleýmaýyn süňňüni lapladypdy. «Eý, Hudaý, meni kim çagyrdyka?» diýip, ol şol gije ýatman oýlanypdy. Onuň gorkýan zady. Jebraýyl perişde çagyryp, Käbede amanadyny tabşyrsa, Ogulnyýazy görmän, ýüregi üzülipler gaýdan didaryny ýene hiç bolmanda, birje sapar görmän galjagydy. Emma Şeýtanyň çakylygy bilen gelen bolsa, onda Aşgabada baryp, öňki bolşuna bolubermelidi. Şol boluşlaryny gaýtalasa Şeýtan-a däl, Iblisem ýakasyna müň mertebe tüýkürewersin.
Süleýman gorkusyna Hojat aga garady. Ol Guba aganyň aňyrsynda eline ýap-ýaňy berlen banany bilen apelsinini naýynjar tutup, gamly görnüşde, ýumruk ýalyjak bolup otyrdy.
Onuň zyýaratçylara goşulyşy juda täsindi. Serdar aga diýip bir takwa kişini spisoga goşupdyrlar. Ony hiç tapyp bolanokdy. Ahyry gije Süleýmanyň özi onuň öýüňe bardy.
– Serdar aga, ýene birki günden ugramaly. Pasport üçin suratyňy eltmänsiň-ä, Daşary işler ministrligine – diýdi.
Serdar aganyň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol ýanynda duran garra haýbat atýan ýaly gürledi.
– Päheý-de, inim, seni azaba goýaýypdyryn-ow, geç günämi, men-ä Käbä gidip biljek däl.
– Hä? – Süleýman güldi. – Iliň-ä ýetip bilmeýäni Käbe. Özem ýoluň, harjyň mugt.
Serdar aganyň gahary geldi.
– Ine, biziň ilimiz şeýle-dä. Ýaş-ýeleňlerem ol ýanyndaky garryny görkezdi. – Bular ýaly iki aýagy gördäkilerem, «men gitjek-hä, men gitjek». How, ilat, sen gidip, han-a, gitdiňem-dä, geldiňem-dä, bu haramylykdan dos-doly ilde onuň soňunda durup biljekmi? Dükana barsaň ogry şärigi satyjylara şärik bolmaly. Jygyldyga çyksaň iki şaýy diýip lebzini ýuwdanlara şärik bolmaly. Çyn gep ýok munda, dogry iş ýok munda, ogul-ata, gyz-enä, dogan-dogana ýagy.
Ol ýaşulynyň sesi ynjyly çykdy.
– Haýt, Serdar, aýyp bolar. Iliňe myjabat etme. Il-gün kemi ýok. Ýöne gidesiň gelmese, gitjek däl, mal-garam bar. Tabşyrara adamym ýok diýäý. Aýyp bor.
Serdar aga başyndaky ullakan, yşnakly telpeginiň buýralaryny seçelendirip gürledi.
– Menden belli gep. Gidip biljek dol. Şu il düzelmän gitmen. Men näçe päk bolup gelsemem, ýene şu hyz-haramylygyň içine gelmeli. Men soň, yzynda durup bilmejek bolsam gitmäýin, ogul...
Süleýman ol adamy samsyk hasaplady. Dogrudan hem ol akyly ýerindäkä meňzemeýärdi.
– Mal garanyňam bir alajy bolardy. Gapyda bäş-üç sany tokly, düýe, sygyr ýogam däl, ondan däl. Men yzyny alada edýän. Soňunda durup bilmän, ile gülki bolup ýörmäýin. Sylap geleniňe, taňryýalkasyn...
Süleýman maşyna bakan ugrady welin, Serdar aganyň ýanyndaky goja-da ondan galmady.
– Haý, Hojat, sen nirä, nahary taşlap gitmek ýagşy däl-ä. Wiý, ýogsa-da, ogul, gel, bir käse çaý içip gitsen-e.
Hojat aga-da burnuna salyp, bir zatlar diýdi-de, ylgaşlap maşyna mündi. Maşyn uly ýola düşensoň, ol öňde oturan ýerinden şofýora:
– Sakla, han ogul! – diýdi. Maşyn durdy.
– Ogul! – Ol indi Süleýmany nazarlapdy. – Men bir iki aýagyny göre sokup oturan garry. Bu ýalançyda iýjegini iýip, görjegini gören men. Dünýä gyzykmam ýok. Ýöne Käbä zyýarat sesi meniň ýüregimi galkdyrdy. Ne ýatyp, ne oturyp karar bardyr. Halys Alla ugur tapmamsoň, Serdaryň töwereginde köw-söw edip ýörün, ahyr-a geler-dä biri diýip. Geldiň, döneýin, indem şol çotuňa menem ýaz.
Süleýman näme diýjegini bilmedi.
– Ýaşuly, oňa pasport gerek, surat gerek, ýene-ýene bir ýerlerden rugsat gerek...
Hojat aga arkaýyndy. Ol donunyň içligine soň tikilip, agzyna iňňebagjyk urlan jübüsinden pasportyny alyp, Süleýmana uzatdy.
– Ine, döneýin, içinde on iki surat bilen men barada ähli maglumat bardyr. Galanynam Alla oňarsyn, enwelit diýip öýüme telpun eltdiler. Onuňam nomury bardyr. Hudaýy çagyryp, gulagymy saňa öwrerdejik ýataryn. «Ol neçennigiňe-de aýdaý, senden gizläp oturmaýyn, Hojat gök hökman baraýmaly» diý. Başga gepini aýtma, soňy bulaşar.
Hojat aganyňky aýdyşyndan hem aňsat boldy. Onuň pasportyny ýarym sagatda taýýar etdiler. Oňa wiza almagam, adyny hasaba goşmagam gürrüňsiz geçdi. Ýöne başga bir ýagdaý Süleýmanyň haýýatyny göçürdi.
Adamlar Eýran Yslam Respublikasyna ugramak üçin awtobuslara münjek bolup durkalar, Hojat aga ýolajyk garap, eglenjiräp durdy. Ýogsa garry adam ýola düşende biynjalyk bolup awtobusa ilden öň münýärdi. Beýlekiler şeýdipdem. Emma bu goja huşy giden ýaly bolup durdy.
Ahyry aňyrdan elesläp gelýän bir garryja aýala Süleýmanyň gözi düşdi.
– Hany, Hojat, doganlar?! – diýip, ol aýal awtobusyň içindäkileri gözi bilen darap-darap goýberdi. – Hany, Hojat, doganlar?!
Ol Hojat agany tapdy-da, onuň boýnundan gujaklap zar-zar aglady.
– Eziz dünýäm, Hojat, naçaryňy taşlap gitjekmi? Gara dagym, Hojat, taşlap gitdiňmi ýalňyz doganyňy? Sen meni kime tabşyryp gitdiň, dogan-eý?!
Awtobusdakylar ol aýalyň öli ugradýan ýaly bolup dady-perýat edip aglamasyna ör-gökden geldiler.
– Goý-haýt! Ýola barýan adama «Sag bar, aman gel ýok». Bu nämäniň agysy?! Näme, öli ugradýaňmy?
Ol aýal goýmady.
– Ýat ýerlerde doganyňy aglatman... ýat ýerlerde naçaryňy aglatman, sen...
Hojat aganyň özem bozuldy.
– Goý, Akja, goý, naçar dogan. Men senden münde bir razy. Sen meniň diýenim bilen bol...
Garry ene köşeşmedi. Ol yzylaý-yzylaý:
– Men aglamaga soň seni nireden tapaýyn, dogan eý?! – diýip zarlady. Ol awtobusam, edil bir gölegçini ugradan ýaly edip ugratdy.
Süleýman ilki ol aýala akyly üýtgänräkdir öýtdi. Soň, Tähranda çagyryşly gürrüňi eşidenden soň gorkup başlady.
– Meni kim çagyrdyka, Hudaýym?!

2.

Ahyry awtobus dört gat jaýyň işigine gelip saklandy.
– Düşmeli!
Adamlar begenişýärdiler. Ýol halys edipdi. Ylaýta-da samolýot adamlaryň zähresini ýarypdy. Süleýman Moskwa baranda bir sygan aýaly halys alla ony goýmady. Onuň yzyna düşdi ýördi. Süleýman ona per bermedi. Sebäbi ol bu millete beletdi. Dünýäniň haýsy şäherine barsaňam, şol yzyňa düşer ýörer.
Ýöne ol Saud Arabystanynyň konsullygyndan çykanda-da, ol aýalyň özüne garaşyp duranyny görüp haýran galdy. Oňa on manady taşlamasa bolmajagyny bildi-de jübüsine elini sokdy. Oňa çenli ol aýlam ylgaşlap geldi.
– Dur, bala, garagözüm dur!
Süleýman geň galdy.
– Sen türkmenmi?
– Ýok, bala, diňle. Başynda bela bar. Allany çagyr. Seniň münüp barýan samolýotyň harap bolýar. Ýöne ýadyňdan çykarma. «Alla» diýip gygyrgyn. Goý, seniň sesiňi Alla eşitsin. Başgalar bilen işiň bolmasyn. Zyýaratyň kabul bolsun. Sen bu dünýäniň merdiwanyna guwanma. Oňa müneniňe eselip, düşeniňe peselme. Päliňi pes tut-da, o dünýäň gamyny iý... Hoş, bala...
«Beý, bu nähili bold-aý?!» diýip, Moskwadan tä Aşgabada gelýänçä, edil iňňäniň üstünde oturan ýaly bolup geldi. Ol eger, sähel bolmaz iş boluberse «Alla!» diýip gygyrar ýaly, berlen naharam çala çeýnäp ýuwutdy.
Ýöne bagtyna, sygan aýalyň aýdany biderek boldy.
Tährandan «Boinge» münülende Süleýman ol sygan aýalam, onuň sözünem undupdy. Gümrükhananyň barlagda-barlagyndan, ýat adamlaryň hümerlenişip ýörmesinden, birdenkä edil kersenden guýlan ýaly bolup çabganyň tutmagyndan özüniň toparyndaky ýaşulularyň iliň soňuna galyp ýörmegine gaharyndan ýaňa, ol samolýota münenden başyny ýassyga goýan ýaly bolupdy.
Samolýot ahyry uçdy. Öňde üç sagatlyk rahat ýol ýatyrdy. Salonyň içi salkyndy. Ol irkiljiräp oturyşyna Ogulnyýazy ýatlady. Onuň gara gözleriniň sallançagyna özüni atdy.
«Ýadadym, janym, meni hüwdülesen-e.»
Ogulnyýazyň owadan gözleri ony üwräp ugrady. Ol ýene-de iş kabinetinde Ogulnyýaz bilen ýüzbe-ýüz boldy.
– Sen näme üçin işe gelenok?
– Bilmedim.
– O nähili «bilmedim»? Heý, işe gelmezem, ony bildedim bilen başdan sowma bolarmy? Sen çaga däl-ä bu döwlet edaras-a... Iller näme diýer?
– Bilmedim. Gidibereýinmi?
– Ýok, dur! – Ogulnyýaz tisgindi.
– Waý, ýer yranýar...
– Dur, Oguln...
Ýer ýene agyr silkindi. Süleýman ýalpa gözüni açdy. Ol samolýotda barýanyna düşünip galdy. Samolýot agyr-agyr silkindi-de, onuň motory ýaraly gaplaň ýaly arlap-arlap birden togtady.
Samolýot gökde agyr titräp, büdrän ýaly silkindi. Soň durdy-durdy-da, birdenem aşak gaýtdy.
Adamlaryň ählisi oýanyp, yzylaşyp başladylar.
– Waý, katastrofa!
– Waý, doganlar, bagtymyz ýatdy! Motorlar öçdi, biz ýere gaýtdyk! Waý, waý, waý!
– Wa-aý, wa-a-a!..
Süleýmanyň ýürek-bagry bokurdagyna geldi. Ol öz ajalynyň ysynyň burnuna uranyny duýdy. Ölümiň eýmenç girdabyna barýanyna onuň akyly ýetdi. Ol häzir şeýle agyr, zähräňi ýarjak, soň bolsa janyňy bölüp goýberjek agyryly zarbany göz öňüne getirjek boldy. Samolýot bolsa aşak garşy barha bat alýardy. Illýuminatordan alagury bulut ýaly bolup ýeriň sudury göründi. Ýene-de aňry gitse bäş-alty minutdan... Ol iki eli bilen başyny tutdy-da, gözüni ýumdy. Birdenem, onuň ýadyna nämedir bir zat düşjek ýaly boldy. Emma hiç zada akyly çatmady.
Birdenem...
Hawa, birdenem, şo-ol Moskwada gören sygan aýaly onuň gözüniň öňüne geldi. Ol gözlerini hanasyndan çykaraýjak bolup ylgap gelýärdi. «Aý, dat, Alla diý! Bol, durma!»
– Alla! Alla! Alla!
Salonyň içindäki eňreşik ýekeje dem ýatdy-da, «Boingiň» içindäki alty ýüze golaý adam birden «Alla!» diýip gygyrdy.
Samolýot birden erbet silkindi-de, öňe garşy atylyp gitdi.
– Waý, motorlar işläp başlady! Wa-aý, Al-la! Samolýot ýene-de ýokary galyp ugrady. Ol soň öz maýdalyna aşak, ýene-de Tähranyň aeroportuna gondy. Süleýman gaty gorkupdy. Olary başga bir samolýota mündürip, Jitda getirensoňlaram ýüregindäki titreme aýrylmady. Jitdadaky gümrükçiler onuň jalbarynyň içine çenli sermäp durkalaram, ýaşulular «biziň goşumyz ýok» diýip elewreşip durkalaram, şol äpet, «ýarganatyň» asmana ýetip duran ap-ak «ganatynyň» astynda süýnüp ýatyrka-da onuň ýüregi sallanyp durdy.
Häzirem ol gaty ýadawdy. Awtobusyň üstünden güsürdeşip uçan «ak durnalar» misli öz höwürtgelerine gelen ýaly boldular.
– Häk, bir çaý bolsady – diýip, Guba aga goşlaryny süýräp gelşine dillendi.
– Hoňk, heý, şonuňam bir gürrüňini ederlermi? Ýanyňda Taý – «taýçanak» barka, çaýyň gürrüňi bolmaz.
Guba aga Süleýmana ýangynly garady.
– Wah, bosonožkajygym, häk!
– Tapylmadymy?
Ýaşulynyň derdi gozgandy.
– How, şu ýere, Käbä gelensoňam adamlar ogurlyk edýän bolsa, men-ä munuň arassa ýerini bilmedim.
Taýly aga oňa ot berdi.
– Hoňk, munuň edýän gürrüňini. Sen ony diýýäň. Meni hammama goýbermejek bolup durlar-a, özem özje oçurym. Sen bosonožkaň gürrüňini edýäň.
Sopy aga bir ýerlerden tapylyp geldi-de, göm-gök gözlerini çyra ýaly edip, Süleýmana garady.
– Şu töweregiňde bazar barmyka?
– Bilmedim.
Dogrudan hem şu ýerlerde-de ogry-jümri barmyka?
Ykrama girilen ýerde Guba aga onuň ýanyna ylgap gelipdi.
– Wah, meniň bosonožkamy aldylar-da!
– Nirede?
– Wah, ýeser ýaly işikde goýup inime suw almaga giräýdim-dä. Şu ikarada işini görüpdirler-dä. Hälki «Lepbeýkäni» aýdan bar-a, men-ä şondan görýän. Aý, ýöne, haýsy biriniň ýakasyndan tutjak, naýynsaplaryň?!
Süleýman ýaşulynyň ykram bilen berlen çepejigini gözleşdi. Ýöne «Alan ogry, gören taňry» boldy. Guba aga şony gynanç bilen ýatlaýardy.
Türkmen delegasiýasy üçünji gatdan ýer aldy. Jaýyň içinde stul, stol, krowat, tumboçka, telewizor radio ýokdy. Bir tutuş düşek bardy. Her kim Eýranda ykram bilen bile berlen odealyny ýazyp, ýassyjagyny başynyň astyna goýup süýndi.
Şeýdilmegi bir hasapdan gowudy. Namaz beýleki okalsa, nahar iýilse-de sygymlydy.
Taýly aga oturyp bilmedi.
– Hany, men bir razwedka gideýin. Çaý-paý içip bolmazmyka?'
– Paýyňy goý, çaý gözle. Ikisinem gözlän bolup, aljyrap ýörme. – Sopy aganyň degişmesi Taýly aga ýaramady.
– Haý, munuň diýýänini. Heý, menem bir paý gözlärinmi? Çaý taparyn, bolmasa-da «Aý» taparyn.
Taýly aga gitdi.
– Haýt, şu töwerekde bazar barmy, bilewer.
Sopy aganyň ýöne «bazar, bazar» diýip durmasyny hiç kim halamady. Ýöne ýaşuly bir bazar görmese ynjaljak däldi. Ol ýany bilen «Aşgabat» suwunyň on gabyny baldan dolduryp alypdy. Aşgabatda, Eýranyň ilçihanasynda ol Süleýmanyň ýanyna geldi.
– Meniň erbet gastridim bar. Aldygyna bal iýmesem, hut öldürip barýar. Sen ýolbaşçymyz, baransoň bileje iýeris. Ýolda-yzda azar berjek bolsalar, ikimiziňki diýäýerin, bormy?!
– Bor-la.
Ýöne ýaşuly gümrükhanada gümrükçilere per bermedi.
– Her benke bir adamyňky. Aýry-aýry bolup durmasyn diýip, bir torba dykaýdyk. Onam men göterýän...
Onuň ýanyndan artykmaç alty ýüz dollar çykdy.
– Hana, ýolbaşçymyz sakla diýip berdi.
Süleýman sesini çykarmady. Ol ýaşulynyň ýanyndan ýene-de kümüşdenmi, demirdenmi, emelsizje ýasalan on-on bäş sany gülýakajyklar, gulakhalkajyklar çykdy.
– Bu näme?
Ýaşuly aljyrady.
– Aýt-how, şulara oňa-muňa ser-sowgat bermek üçin ortadan pul ýygnap aldyk diýdiler. Meňki däl.
Süleýman ýene-de sesini çykarmady. Ýaşy birçene baran adamyň beýdip ýalan sözläp durmasyna utansada, oňa «Ýok, sen ýalap sözleýän. Näme, Mekgä söwda etmäge barýaňmy?» diýip bilmedi. Sopy aga bolsa meçewlenýärdi.
– How, Sautda iň gymmat zat bal eken. Öň gelip gidenler aýtdy. Jitdada bir täjik bir benke balyny segsen riala berd-ow. Men-ä şony ellä bersemem razy.
Taýly aga bir demir kitirini dolduryp çaý alyp geldi.
– Hany, bir çaý içeli.
Guba aga onuň al-petinden aldy.
– Namaz wagty boldy. Goý, çaýyňy.
Adamlar namaza durdular. Süleýmanam ýuwnup, ardynyp hatara goşuldy.
«Beý, walla, adamlar başga bir ýere gezelenje gelen ýaly-la. Hany, bularyň Käbäni soraýany ýok-la. Ýa ýadawlykdanmyka?!»
Namazdan soň çaý-nahar geldi. Her kim iýip-içmek üçin goşuny dörüp ugrady.
– Waý! – diýip, Guba aga gygyrdy. – Waý, adamlar, buşluk! Meniň bosonožkam tapyldy. – Ol täzeje çepegini begenç bilen depesinde aýlady. – Wah, kelläm gursun, toruma salypdyryn-a. Torumda eken-ä.
Ýaşuly begenjine buşlamakmy ýa-da öz bolup ýörşüni ýaşyrmak üçinmi, daş çykdy-da, birsalymda-da täze habar bilen geldi.
– Eýranly ahunlar biziňkä gelýär.
Süleýmanam irkilip ýatan ýerinden dikeldi.
– Essalamaleýkum!
Dört ahun tirkeşip içeri girdi. Olar bu ýere gelenler bilen gujaklaşýardylar.
– Ba, gelapsyňyz-ow! – diýip, sellesi çüri, syryýagyz ýigit ýylgyryp duran ýüzüni känbir üýtgetmen aýtdy. – Eşitdik. Biz-däni, siziň Maşada geleniňizi-däni, Tehrana geleniňizi-däni eşitdik. Onsoň, salamlaşal-a diýip-däni geldik. Iranly türkmenler-de ba. Olar-da köf duga salam iberýärler.
Gaşlary çerre gözleriniň üstünde abanyp duran ýaşuly bolsa, hoşamaýlyk bilen ýylgyryp durşuna:
– Howp, berekel-la – diýip, çerre gözlerini töweregine ýeke-ýekeden çenäp: – Esengulyçy barmy araňyzda? Nebitdagçy barmy araňyzda? – diýip soraýardy. – Ýokmy? Siz nireden? – diýip, ol gözüne nyşana bolan adamdan soraýardy.
Iki dyzynyň üstüne münen gap gara gür sakgally pyýada bolsa sülmüräp otyrdy. Hemmesi sorap ideşenden soň, ol çekinjeňlik bilen:
– Araňyzda «tataryý» barmy? – diýip, olam sorady.
– Tatar ýok
Gözi çerre ahun ýylgyrdy.
– Munuň özi tataryý bolansoň, şolary gözläp ýörendir.
Garaýagyz, çoýundan guýlan ýaly dykyz ýaşuly bolsa sesini çykaranokdy.
– Hawa – diýip, gözi çerre ahun söze başlady. – Siz zyýarata geldiňiz, şeýle dälmi? Siz şurawiden gelen. Birinji mertebe gelen. Biz bolsa, ýedi mertebe gelen. Biziň ulamalarymyz bize sizlere zyýarat etsin, size ögretsinler-ki diýip, bize Irandan şu ýere ejaza bilen iberendirlerki-hä, Bizleriň wazypamyz bu-ki, sizler dürs zyýarat edip, Hudadan köp zyýafat, ýagny ýalkany alsynlar... Şonça-da biz size ertir, enşalla, nireden barmaly, nireden aýlanmaly, şolary berjaý etmeli. Meniň adym bolsa Gurban ahun...
Gurban ahunyň üstüne sowal bary ýagdy. Olar ahyry başyny alyp gitseler razy boldular.
– Häk, gurbany gitdigim, ahun agajanlar, nähili adamlar! Agyzlaryna Alla janyň özi söz salyp berip dur-da. – Guba aga soň-soňam olary ýatlady oturdy.
Bir ýerlerden azan sesi gelýärdi.
– Haýt, turaweriň! Haýt, turaweriň! – diýip, Guba aga göçi geçip barýan ýaly bolup, ýatanlaryň üstüne gygyrdy.
– Nam-aýt, pažar boldumy? – diýip, Taýly aga ukuly samyrdady.
– Azan! Azany eşideňzokmy? Namaz wagty boldy.
Taýly aga ykramyna çolanyp durşuna pökgeren gözlerinem owkalady.
– Aý, şeýledir-le. Men bolsa pažar bolaýdymyka diýipdirin.
Süleýmanyň galasy gelenokdy. Howa petiş bolup, kondisioner işledilensoň, adamlaryň endam-jany sör-söbedi.
– Turuň, turuň! – Sopy aga-da agnaşyp ýatanlary gyssap ugrady. – Süleýman, sen näme ýatyrsyň? Özüň ýolbaşçy bolup ýatmaly däl-ä. Sen düşünmel-ä namazyň gerekdigine...
Süleýman onsuzam gijesi bilen şu ýaşula gahar edip ýatyp bilmändi. Şonuň üçin diline zäk ýaly söz geldem-de, ýöne ony ýüregi näçe bulanyp dursa-da ýuwdup goýberdi.
Ertir namazyndan soň Taýly aga eýýäm ýola atlanyp başlapdy.
– Howlukmasan-a, Taýly, ahunlaram gelsin-ä – diýip, düýnden bäri sesini çykarman oturan Hojat aga ahyr çydap bilmän aýtdy. – Bilip bolmaz pelegiň oýnuny, hemmämiz bileje bolsak gowy bolar-a.
Sopy aga-da Hojat agany goldady.
– Bileje gideliň, bileje. Bazar görsegem habarlaşykly bolalyň. «Agzybire taňrybiýr, agzalany gaňrybiýr» diýipdirler.
Bu gep Taýly aga ýakmady.
– Gör gör-le, munuň diňýänini, heý, taýam bir saklap bolarmy? Taý ýola gitmese, ondan taý bolarmy?
– Onda-da taýçanak diýsen-e – diýip, gapdaldan biri at goşdy.
– Ana, ana!
Ahunlar sagat onlara geldiler. Oňa çenli awtobuslaram taýýar boldy. «Ak guwlar» ýene-de ýola rowana boldular.

* * *
Süleýman Käbä golaýlaşdygyça süňňüniň gowşaýandygyny syzdy. Çyp-ýalaňaç, edil gara şeker kerpiçleri ýaly bolup ýatan dagyň gap bilinden gurulan ullakan tunneliň ikisinden geçilip, çepe sowlan, müň bir dürli harydy güjeňläp oturan dükanjyklaryň deňinden çepe, soň saga, soň ýene çepe aýlanyp barýan awtobusyň içinde ol ilki bir «Han-a bazar. Bäý, panbarht bar eken-eý!» diýip gygyrýan tanyş sesi eşitdi.
Dünýe:
– «Läbbeýk, alla humma läbbeýik!..» bolup durdy.
Soň ol doga däl-de: «Lepbeý, Hudaýym!» diýen owaza gaplandy.
Awtobus saklandy-da, münde-bir işikli äpet köşk ýaly bolup seleňläp duran ap-ak mermer ymarata tarap «ak guwlaryny» uçuryp goýberdi. Şol ymaratyň töweregi «gak guwdan» gyrmady.
– Ana, Käbe-i – mukarram!
– Gurbanyň bolaýyn, Hudaý jan!
Adamlar «Alla!» diýip başladylar. Süleýmanyň gulagy hiç zat eşidenokdy. Diňe ýüregi düňk-düňk edip, ýöräp durdy. Ony bu äpet ymarat demine sorýardy.
– Eý, eziz Alla! – Onuň dili saýrap ugrady. – Garyp ogluň seniň keremli öýüňe zyýaratyny kabul et! Meniň günäm kändir, Alla jan! Günälerimi bagyşla! Seniň öýüňe, seniň gujagyňa, ýagşyzadalaryň ruhuna günäm bilen barmaýyn. Günämi bagyşla! Meniň zyýaratymy kabul et, eý, Allam!
Onuň gözleri ýüreginiň çuňlugyndan gaýdan siliň bendini saklap bilmedi.
– Eziz Allam! Meniň käbäm ejemiň, kyblam atamyň günäsini bagyşla. Olar seniň sahawatyna gark bolup, gujagyňda ýatandyrlar, eý, eziz Allam!
Birden Süleýmanyň ýaşly gözlerine ejesiniň didary oraşyp gitdi.
– Balam, geldiňmi?!
– Eje jan! Eý, eziz Allam, ejem janyň o dünýäsini abat et, Hudaý jan, gurbanyň bolaýyn!
Ol ejesiniň didaryny ýitirmezlik üçin gözlerini şonça süpürse-de bolmady. Ol «käbesi» amanadyny tabşyraly bäri ony ýeke sapar hem şeýle dury, janly göz öňüne getirip bilmändi. Ol öli däl-de, dirilerdenem müň esse mähriban, owadan, janlydy. Ol dirilerdenem diridi.
Süleýman girelgeleriň öňünde nobata duran müňlerçe jemendäniň hatarynda bu uly öwlüýäniň içine akyp barýanyny duýdy.
Mermer sütünler, mermer basgançaklar ap-ak ýüpegiň güne lowurdaýşy ýaly. ýakymlylyk bilen ýalkym saçýardy. Ol «Bu köşgüň içiniň adamy daşyndakydan müň esse köp bolmasa az däldir» diýip oýlandy-da, oturan-u-dik duran adamlaryň aýagyna basaýmazlyk üçin kölege ýaly süýnüp barýardy.
Onuň gözi Käbä, Hudaýtagalanyň öýüne düşüp ýüregi birsalym urmasyny goýdy-da, gözleri bilen ýaşady.
Onuň ýüreginiň teýinden eňterilip gaýdan sil tutuş süňňüni lerzana getirip, gözlerinden çogdy.
– Eý, gurbanyň gideýin! – diýip, ol titiräp başlady.
– Sen Gurban ahunyň yzyna düşmeli – diýip, ahunlaryň biri onuň gözleriniň ýaşyny geň görmän aýtdy. Sebäbi bu ýerdäkileriň ählisiniň gözi ýaşdydy.
Gurban ahun elindäki kiçijik kitaba seredip, arapça doga okaýardy. Süleýman dagam onuň yzyna düşüp baryşlaryna ony gaýtalaýardylar. Süleýman ony şeýleräk manyda başyna çekdi.
– Eý, gurbanyň gideýin, eziz Alla! Biz seniň öýüne geldik. Biziň dyrnagymyzdan saçymyza çenli, durşumyza günä. Bizi senden özge päklejek ýok. Eý, eziz Alla, sen öz eziz gullaryň günäsini bagyşla.
Ol birden azaşdy. Hudaýyň öýüniň töweregi millionlarça adamdy. Sen biri-biriňi taparyn diýip gümanam etmeli däldi. Bu ýer dirileriň biri-birini gözleýän ýeri däldi. Bu ýer ölüleriň ruhy bilen dirileriň Hudaýtagalanyň nazarynyň alnynda tapyşýan ýeridi...
Süleýmanyň gözleri görmesini, gulaklary eşitmesini goýdy. Ol diňe ýöräp barýardy. Özem tutuş älemde ýeke özüdi.
Birdenem ol ýene-de ejesine gowuşdy.
– Eje!
– Balam! Seret, ýokaryňa seret! – Ol ejesinden ýokarda kakasyny gördi. Hakyt, kakasyny ol doglanda dünýäden öten, bir gezegem «balam, guzym» diýip boýnuna mündürip, saçyny sypamadyk, hatda suratam galmadyk kakasyny gördi.
– Kaka jan!
– Jan köşegim!
Ondan ýokarda mamasy, babasy, ondan ýokarda enesi, atasy, ýedi pyşdy, ýetmiş arkasy gatbar-gatbar bolup gidip otyrdy. Iň ýokarda bolsa, ýerniň, külli yns-jynsyň eýesi Hudaýtagala otyrdy.
Ýok, Süleýman ony görmedi. Ýöne onuň bardygyny duýdy. Ony göz bilen görüp, el bilen elläp bolmaýanyna, ýöne onuň mähriniň, ýürek nurunyň ýüzüne çaýylyp duranyny duýdy.
– Eý, Alla jan, gurbanyň gideýin! Öz ýetim ogluň seniň öýüne zyýarata geldi. Onuň dileglerini kabul et, eý, Allam! Atamyň, enemiň, mamamyň. babamyň käbäm ejemiň, kyblam kakamyň, agalarymyň, inilerimiň jaýyny jennet et. Meniňem günämi geç. Umydyma ýetir, eý, Allam! Aýalymyň, oglumyň, il-günümiň günäsini geç. Ilimi-günümi maksat-myradyna ýetir, eý, eziz Allam!
Ol öz dilegleriniň gursagyndan sogulyp, Allatagalanyň huzuryna zogdurylyp akyp barýanlygyny duýdy.
Ol häzir bir tokga dile öwrülip, dileg saýraýan bilbile dönüpdi. Ol näçe dileg etdigiçe, şonça beýige galýardy. Näçe beýige galdygyça ol özüniň mähribanlarna ýakynlaşýardy. Olara näçe golaýlaşdygyça, olar ony hak Taňrynyň radasyny şonça belende göterýärdiler.
Süleýman ýokary galdy-galdy-da, öz ezizleriniň arasyna düşdi. Ejesem, kakasam, babasydyr mamasam, enesidir atasam, dünýäden özünden öň öten doganlaram onuň elinden tutup bagyrlaryna basýardylar.
Ol olaryň birinem tananokdy. Ýöne olaryň bary ony tanaýardylar. Süleýmanam olaryň öz mähribanlarydygyny duýup durdy. Ylaýta-da ol kakasynyň mährini duýdy. Ol asyl, kakasy bilen bir almany deňje bölen ýaly meňzeş eken-ä. Asyl, kakasy öz mährini, öz ömrüni, ganyny, ykbalyny oňa berip, soň giden oguşýan. Süleýman kakasy bilen aýry zadynyň ýokdugyna düşünip galdy. Ol bolsa, şu güne çenli, indi elli ýyllap kakasyny gözläp ýör-dä.
– Ýörüň, Alla janyň iberen gara daşyny ogşadalyň! – diýip, onuň ezizleri garym-gatym bolup uçuşyp, hüwdi ýaly owaz bilen saýradylar. Süleýmany göterip müň däl, million adamyň yhlas edip, ýetip bilmän, tamakin bolup duran ýerine getirdiler-de, göterip gara daşyň alnyna eltdiler.
– Ogşa! Ogşa! Ogşa!
Süleýman Hudaýyň öýüniň gündogar burçundaky kümüş jamyň içine başyny sokdy. Ol şol daşyň ýüzünde Hudaýyň üýtgeşik nurunyň terpenjiräp duranyny duýdy-da, oňa dodaklaryny ýetirdi.
– Eziz Allam, men seniň balaň, meni umydyma gowşur! Ýaňky eden dileglerimi kabul et! Kabul et! Kabul et! Kabul et!..
Ol gara daşy ýedi sapar ogşady-da yza çekildi.
– Goý, eziz balamyzyň gelenini, könlüni päkläp, Hudaý janyň öňünde günä azabyndan päklenendigini älem görsün. Ony ýere düşürmän saklalyň!
Süleýman bu gudratyň özüni Hudaýyň öýüniň gündogar burçunda surat ýaly ýeňiljek saklap duranyny duýdy. Soň bolsa ynjaman adamlaryň arasyna düşdi.
Ol ýene-de aýlanyp-aýlanyp şol mähribanlarynyň ýanyna geldi. Asyl, ýedi jennet diýeni, şu mukaddes öýüň daşyndaky aýlaw ekeni. Olaryň hersi bir basgançak bolsa nätjek.
Ol ejesiniň, kakasynyň, dogan-garyndaşlarynyň zaryny çekip, olary öz ilinden agtaryp ýörd-ä. Olara barýan basgançak munda eken-ä.
Onuň ähli ezizi, ýedi pyşdy, ýetmiş arkasy munda eken-ä. Ol ýerde, ýalançy dünýäde onuň ýeke özi galypdyr-a. Onsoň, onuň gidip-gidip ýüregi näme üçin gysmasyn diýsene.
Ol bu ýere özüm gelendirin diýýärdi. Emma ony şu mähribanlary, Hudaýtagalanyň alynda towakga edip getiripdirler-ä. Ol muňa indi düşündi.
Ol ýedinji basgançaga-da çykdy. Onuň ezizleriniň aňyrsy-bärsi ýog-a. Onuň ýedi atasy, alty enesi tä Adam ata bilen How enä çenli, mähribanlary bu ýerde eken-ä.
Ol iki rekat namaz okap durka şu, barada oýlandy.
– Eje jan, suwsadym! – Ol namazyny bolup, başyny galdyrdy-da, ýuwaşja dillendi. – Juda suwsaýan!
Ejesi ony misli gundagdaky bäbejik ýaly göterdi-de, aby-zemzem suwunyň gözbaşyna getirdi.
– Gel balam! Iç!
Süleýman suwa eňegini basjak boldy.
– Dur, balam, dur! Saklan azajyk! – Ene gaýnap duran durnanyň gözi ýaly dury suwdan goşawuçlap aldy-da, oglunyň eline guýdy.
– Al, balam, günä eden elleriňi ýuw ilki.
Süleýman ellerini ýuwdy.
– Al, indi günäňi gören gözlerini ýuw!
Süleýman ejesiniň eline akydan suwy bilen gözlerini ýuwdy. Ene ýene akytdy.
– Al, indi günäni eşiden gulaklaryňy ýuw!
Ol gulaklaryny ýuwdy.
– Al, guzym, indi günäni depelän aýaklaryny ýuw! Süleýman iki aýagynam ýuwdy. Ejesi ýene-de akytdy. – Indi günäni sözlän agyzlaryňy üç sapar çaýka! Süleýman agzyny üç sapar çaýkady.
– Iidi kükregiňe suw çal, ýüregiň päklensin! – Ol diýleni etdi.
– Indi içiber, ýöne, dur! Meniň üçinem, kakan üçinem bir owurt iç, guzym...
Süleýman atasy, babasy, enesi, mamasy, kakasy, ejesi, agalary, doganlary üçin owurt-owurtdan içdi. Suw gowudy. Ol suwsan ýeriňe barýar-da, ýanyp duran ýüregini buz ýaly edýärdi. Ol suw awap duran bagryňa barýardy-da, agyryny ýom-ek edýärli. Ol suw gijäp duran öýkeniňe barýardy-da, ony pamyk ýaly ýumşadýardy.
Ol suwa ýene-de eňegini basdy, ili-güni, aýaly, ogly üçin içdi. Birdenem ýadyna Ogulnyýaz düşdi. Ol bir ejesine, birem suwa garady.
– Iç, oglum, içiber! Ogulnyýaz üçinem, Senem üçinem, Dürdäne üçinem iç. Indi olaryň bizden aýrylyp gitjek ýeri ýok.
Süleýman haýran galmadan ýaňa düwne-düwne olar üçinem içdi. Ýöne özüni saklap bilmedi.
– Eje jan, sen Senem, Dürdäne, Ogulňyýaz diýdiň. Olary nireden tanaýaň? Ýa olaram indi...
Ejesi oglunyň zemzem suwuwyň damjalary buldurap duran gözlerini süpürdi.
– Howlukma, balam. Indi men seni tapdym. Ikimize indi aýrylyşmak ýok. Men saňa baryny aýdaryn, baryny. Ýör, sen Sapa – Merwe dagyna zyýarat et.
Mähribanlary Süleýmany ýene-de göterip, Sapa – Merwe daglaryna çykardylar.
– Aýlanyber, balam, aýlanyber!
Süleýman Sapa dagyndan Merwä bakan gaýtdy. Ol gelşine ýene-de şeýda bilbile öwrüldi.
– Eý, gurbanyň gideýin, Taňry! Meniň şol maňa garap duran käbelerimiň o dünýäsini abat et!
– Diläber, balam!
– Dile, köşegim!
– Meniňem o dünýämi dile!
– Meniňem!
– Meniňem...
Ol depesindem garap duran ezizleriniň ählisiniň hem o dünýäsini ýeke-ýekeden diledi. Birdenem ini üşän gitdi. Niredendir Knutyň buz ýaly gözüne ilişip gitdi. Ol daljygyp ylgady. Barşyna:
– Eý, Allam, ýaman dil, ýaman töhmet belasyndan, ham-haramydan ýuwulmaz günälerden özüň halas et! – diýip, özi duýman samrady.
Onuň ýüki ýeňlän ýaly boldy.
– Diläber, özüň barada-da dileg et! «Günälerimi ýuw» diý, balam!
Ejesi onuň has golaýjygyndan, her aýlawda, her basgançakda ýokary çykyp barýardy. Geň ýeri, Süleýman ýedi aýlawyň hersinde şol bir ýere ýetende Knutyň gamçy ýaly ýüzüni gördi-de, ýüregi bokurdagyna gelen ýaly boldy-da, hasanaklap ylgady. Şol belli ýerden gelýärdem, gözünden gaýyp bolan ezizleri dolanyp gelýärdiler-de, ýene-de jany aram tapýardy.
Ol Sapa – Merwe arasynda ýedi sapar aýlanyp ýörkä öz toparyna duşdy.
– Süleýman aga, Süleýman aga! – diýip, Gurban ahun onuň golundan ýapyşdy
– Biz şu ýerde, aýlan-da geläý, bomy?
– Bor!
Oňa çenli Taýly aga olaryň deňinden hasanaklap geçdi.
– Haýt, dur-r! – etdi-de, ol Süleýmana öwrüldi. – Heýt, Süleýman, haý, ahun aga, serediň, taýçanak nädip barýar, garram bolsa, çüw!
Ol dogrudan hem ýetmişiň gyrasyndan girenem bolsa, taý diýseň taýçanak ýalydy. Süleýman welin onuň çyny bilen oýun bilşini känbir halamady. Ol ýedi sapar aýlandy-da, gözlerini balkyldadyp, Hudaý janyň gujagynda özüne garap duran ezizlerine garady.
– Men indi nädeýin?
Ejesi onuň ýanjagazyna geldi.
– Balam, sen toparyň arasyna bar-da, juma namazyny oka-da gaýdyber. Biz şu ýerde saňa garaşyp oturarys. Sen haçan gelseň bizi taparsyň, bala-am!
Süleýmanyň hiç aýrylyşary gelmedi. Çüňki, onuň mährinden ganmadyk ezizleriniň ählisi, tutuş oba ýaly bolup durdular. Olar edil süýtden ýaňyja aýrylan çagajygy uzaga ugradan ýaly bolup, gözi ýaşly garap durdylar. Ylaýta-da Süleýmanyň uly aýal dogany özüni öldüräýjek bolup eňredi.
– Biz ýaňyja duşupdyg-a! Ýene aýrylyşmalymy? – Ol jennetiň akja guşy ýaly gyz Hudaý jana garap, zaryn-zaryn saýrady.
– Eý Allam, men ony göresim gelip gijäp duran, bagyrlaryma basyp gezeýin! Goýber ony biziň aramyza, goýber!
Ejesi gyzynyň agzyny tutdy.
– Aýdýanyň näme, ol indi ýaşamal-a!
Süleýman gözlerinden çeşme gaýnadyp, ezizlerinden aýrylyp gaýtdy.

* * *
Juma namazyndan soň Süleýman özüniň aýdyp bolmajak ýagdaýda ýadawdygyny duýdy.
– Ahun aga, meniň elimden çekiň, agam. Turmaga ragbatym ýok.
Taýly aga silkinip ýerinden galdy.
– Ine, ine, meniň turşumy gör. Özümem ýetmişe ýetip barýan. Men taýçanakdyryn. Häzir Hojat agany arkama alyp gitjek...
Süleýmanyň ýadyna Hojat aga indi düşdi.
– Agam, barmysyň?!
Ýaşuly ysgynsyzja ýylgyrdy.
– Gözüň aýdyň, hajy bolduň!
– Taňryýalkasyn, bile bolsun!
Ýaşuly ta düşelgä barýança Süleýmanyň golumdan ýapyşyp gitdi.
– Süleýmam, jan guzym! Sen meni diňle. – Hojat aga hyklap-çoklap goşuny Süleýmanyň düşeginiň ýanyna çökdi-de, ony çözüşdirip başlady. Ol goşundan bir topbak biýz, iki sany gyzyl ýüň ýaglyk, bir geýimlik keteni, bir topbagam pul çykardy
– Ine, bilip bolmaz, pelek pälwan bir iş gaýyrsa, meniň ahyrýet donum şu ýerdedir. Sen şuny bilip goýgun.
Süleýman aňk-tank boldy.
– Goý, goý, Hojat aga, beý diýme. Sen meniň. – Ol sag elini boýnunyň ýeňsesine ýetirdi. – Şujagaz ýerim-de duransyň. Hajy bolup oba bir äkideýin. Onsoň näme oýnuň bolsa şol ýerde ediber.
Ýaşuly hezil edip güldi.
– Wah, guzym, seniňliň-meniňliň diýeni boluberýärmi? Seniň bir hasabyň bar, onuň bir hasaby.
– Ýok, ýok, başga hasap bolmaz. Kimiň hasaby ol?
– Pelek pälwanyň!
– Ýok, ýok. Pelegiňem bilmen, beýlekiňem.
– Ýagşy, ýagşy. – Hojat aga hezil edip güldi.
Süleýmanyň çaý-çörek iýibem weji bolmady. Onuň gören-eşiden ahwalatlary bagryny gijedip alyp barýardy.
«Eý, Hudaý, ejem «Senem, Ogulnyýaz» diýip dur-a. Onuň «Dürdäne» diýmesi näme? Dürdäne obadaşym Abdynyň gyz-a. Tomus öýde bolup, medisina institutyna okuwa giren. Ony näme üçin ýatladyka? Meniň bilen Dürdänäniň näme baglanyşygy bolup biler? Senem näme? Senem bilen bolan işler ejeme aýanmyka? Baý-buw, ejem bilýän bolsa, beýlekilerem bilýändir. Men Senem ýaly ýüzlerçe gelin bilen «ýatdy-turdy» etdim-ä. Olaram ejeme aýanmyka? Baý-buw!»
Süleýmanyň meňzi agardy. Atasy, babasy, agalary, bibileri, doganlary... Olaryň bary onuň haramylygyndan başga zadyny görenem däldirler.
«Eý, Hudaý! Onda men ne ýüzüm bilen olara göründimkäm?! Eý, Allam, olar şunça zat bilýän bolsa, sen, sen... Uf! Men bagtygara! Men, men nädip olara görneýin, eje jan?!.»
Onuň gözüniň öňüne Ogulnyýazyň keşbi geldi. Süleýman başyny ýaýkady.
«Ikimiziň aramyzda bolan zat ýog-a, Ogulnyýaz, onda ejem näme üçin seni ýatlady? Ýa meniň göwnümiň gidenem bulara aýanmyka? Göwnüm gitse-de, men seni erbet niýet bilen, hapalyk niýeti bilen ýeke saparam göz önüne getirmedim-ä, Ogulnyýaz! Ömrümde, sen, ýeke-ýalňyz aýal, meniň görüp, halap, elinden tutmadygym. Sen gara päl bilen bakmadyk ýalňyz aýalym-a! Onda näme üçin ejem beýle diýýär? Düşündir-ä!
Ogulnyýaz Süleýmanyň dünýäsini ýaz edip ýylgyrdy.
– Bilmedim!
«Seniň bar bileniň-biteniň şol söz-dä!»
Ony ýene-de Hojat aga oýardy.
– Guzym, hany, bir dikel! – Ýaşuly kiçijek düwünçegi Süleýmanyň süzülüp duran gözleriniň alnyna tutdy. – Wah, huşum bar bolsun. Şuny ahmal etmegin.
Süleýman alasarmyk duýgularyň arasynda özüni ýitirip ýörşüne, hiç zada düşünmedi.
– O näme?
Ýaşuly düwünçegi mazamlady.
– Şunda Aşgabadyň gumy bardyr.
– Ýak-eý, muňa seret, gum diýeniň Käbäniňkiden mukaddesem bir gum bolarmy? Bu bir pygamberleň, Hudaýtagalanyň nazar salan ýer-ä, wak-geý!
Ýaşuly Taýly aganyň sözüne başyny ylalaşmazlyk bilen ýaýkasa-da, daşyndan başga zat diýdi.
– Şekim ýokdur, şekim ýokdur. Ýöne bu çümmük toprakda meniňem «käbelem», babalam, babalam ýatandyr. Onda meniň göbek ganym ýatan...
Ýaşulylyk etdi-de, soň geplemedi.
Süleýmanyň eli topraga deger ýaly däldi. Onuň pikiri, duýgusy ejesiniň aýdan sözlerindedi. Ýöne onuň süýjülikli içgepletmeleriniň ömri uzyn däl eken.
– Ço, hajy bolduňmy? – diýip, Knut gulagynyň iki gapdallaryndan dökülip duran saçyny selkildedip, onuň dünýäsine kürsäp urdy. – Tfu, sluşaý, sen näme, akylyňdan azaşdyňmy, bros?! Hajy kim bolmaly? – Ol Hojat agany görkezdi. – Şolar ýaly üflisi çykan garr-y! A sen, wo-o! Owadan, bäş dil bilýäň. Seň heleý sortlamaly wagtyň. Iýmeli-içmeli, keýp çekmeli. Sen bolsa hajysyrap, egniňe iki sany letdäni atyp, fuw!
Süleýmanyň süňňünde bu adama gaýtargy berer ýaly ýeke zerre-de deramat ýokdy. Süňňi edil oýun sowlan stadion ýaly haňlap ýatyrdy. Knutyň ýeke özi onda pökgi ýaly depeläp oýnaýardy. Özem, keýp edýärdi.
– Sluşaý, sen heleýleri sortlap, iliňe ýamanlyk baryny edip, indem bu köne- daşa çokunan bolup, ak jüýje bolaryn öýtme. Düýn, kommunistdiň. Kommunist Allanyň ganym duşman-a. Düýn ateistdiň. «Hudaý ýok» diýip, Alla bilen ýaka tutuşanyň ýaňy dälmi? Arçman atanyň ýanyndaky dag goçunyň ýadygärligine dakylan älemleri kesip-kesip aýryp, soňam otlanyňda özüm bardym-a. Ýa-da Bamyda Ak işanyň jaýlaryny omur-jomur edeniňde özüm bardym-a ýanyňda. Ýa bolmasa, ol kim, Daşhowuzdaky babaý?! ?
– Aşyk Aýdyň pir! – Knut elini göterdi.
– Da-a, şol babaýyň jaýlaryny ýykan-ýumran edip, üstüne solýarka döküp otlanyňa men şaýad-a.
Süleýman sesini çykarmady.
– Ýa ýalanmy?
– Ýalan däl.
– Ýalan bolmasa, sen han... beýdip, sopysyran bolup otyrsyň. Çykar. Öňkiň ýaly boluber. Il senden hiç zady güman etmez. Emma, hajysyran ýörseň, ähli aýbyňy agtaryp taparlar-da, ýüzüňe ýelmärler...
Süleýman mundan artyk çydap bilmedi. Ol silkinip turdy-da, ýuwunmaga çykdy. Içeri girende gözlerine ynanmajak boldy. Sopy aga dünýäniň harydyny getirip, orta döküp, töweregine güjeňleýän ýaly bolup otyrdy.
– Bazarlapsyň-ow.
– How-wa – diýip, ol burnuna salyp aýtdy. – Bazarladymam, öldümem. Bäý-bä, bu yssyn-aý. Damagyny guradyp barýar-eý, ýurt däl eken-ä.
Taýly aganyň bu ýaşula gözi gidýäni bildirip durdy.
– Häk, ýaňy menem galaýmaly ekenim, häk, şu Hojat ýaşulynyň zyýany degdi-dä. – Ol Sopy aganyň alan harytlaryny elleşdirip gördi. – Hany, gürrüň bersen-e, nämeden başladyň, näme aldyň?!
Sopy aga gözüni güldürdi.
– Mugt gürrüň berjek däl.
Taýly aga-da kem galmady.
– Muzduny aýt.
– Bir çäýnek togsan bäşlik çaý
– Häk-heý, munuň aýdýan zadyny! Heý, taýçanagyň ýanynda onuňam bir gürrüňi bolarmy, häk-heý!
Sopy aga dogrudan hem öňüne çaý gelýänçä gürrüň bermedi. Ol çaýly çäýnegi öňüne aldy-da:
– Mana çaý diýmäň, adamlar. Öldüm – diýip, çäýnegiňi iki dyzynyň arasyna süýşürdi. – Diňläň. Siz Härremden çykyp gaýtdyňyz-a. Men gaýtmadym. Köçe bilen geliberdim, geliberdim. Bir ýerde adamlar pul çalyşýan eken. Ýüz dollarymy derrew reala öwürtdim.
– Näçe berdiler?
Alty ýüz ýetmiş bäş real berdiler.
– Hawa!
– Onsoň adam hyňlap duran köçä düşdüm. Baý bir zat bar, baý, bir zat bar. Näme aljagyňy biler ýaly däl. Biziň jygyldygymyz dagy onuň ýanynda witjik...
– Hawa!
– Onsoň panbarht bahalatdym. How, metri otuz real diýip dur. «Ýigrimi bäşden berseň, on metr aljak» diýdim. Razy boldy. Soň ýapon ýaglygyna oçur ýetdi. Ulusy kyrk, kiçisi sekiz. Hersinden onyny aldym. On sany tesbi, on sany çakgy, haý, olar gymmat diýýär, men arzan. Şeýdip baý, birsalym bazar-bazar oýnadyg-ow. Şondanam bäri gaýtdym. Ölümiň öýünde tapaýdym, puf, yss-a.
– Bolanymy?
– Bolany!
Taýly aganyň jany ýandy.
– Getir onda çaýymy!
– Wä-ä!
– Getir, getir, bujagaz gürrüňiň muzdy bir käse çaý, getir!
Sopy aganyň tas ýüregi ýarylypdy.
– Namart bolma. Ykrama girensoň namartlyk etmek bolmaz. Sen ykramd-a. Siňegem, mör-möjegem ol ölürmeli däl. Sögmelem däl. Saçyňam ýolmaly däl. Günä bolar...
Taýly aga-da bekine tutdy.
– Sen siňegem däl, çybynam däl, ýolar ýaly saçam däl. Men seni öldürjegem däl. Çaýymy aljak. – Ol demir çäýnegiň sapyny goýbererli däldi.
– Ahun agajanlar geldi! – diýip, Guba aga täret kylyp gelşine gygyrdy. – Turuň, turuň, waý, ahun agajanlar geldi! Geliň, geliň, ahun agajan!
Şu gün özlerini Hudaýyň öýüne aýlap, sogap iş eden adamlar bilen Süleýman ýene-de gadyrly görüşdi.
– Hajy agalar, gutly, märek bolsun! Hajy bolduňyzlar, Alla kabul etsin! – Olar oturyp doga okamaga başladylar. Guba aga olaryň doga okaýşyna berlip, bagry girýan halda yranýardy.
Süleýman ir oýandy. Ýöne ahun agalaryň biriniň agşamky eden gürrüňi onuň gulagynda ýaňlanyp durdy.
...Onsoň Ybraýym pygamber Hajarbibini heniz gundagdaky Ysmaýyl jany Beýtullanyň häzirki duran ýerine getirýär-de, özi gidiberýär. Hajarbibi bu otsuz-çöpsüz çölmaganyň çölünde galjagyna ynananok. Yssy alyp barýar. Üstesine ne depäňde kölege, ne eliňde azyk, ne-de bir owurt suw bar. Adamsy bolsa gidip barýar. Ol dälilik hetdine ýetýär.
– Aý, dat, duraweri, bizi bu çöl ýerde aç-suwsuz, eýesiz kime taşlap barýaň? Ybraýym pygamber sesini çykarmaýar.
– Aý, Hudaýyň bendesi, sen oýlan, diňe men bolsam kör bolaýyn, elimde suw ýaly çaga bar-a. Şoňa rehimiň gelsin. Bizi taşlap gitme. – Hajarbibi şunça özelense-de, Ybraýym yzyna dönenok.
Hajarbibi bu ýerde bir syryň bardygyny aňdy. Ol ýene-de Ybraýym pygamberiň yzyndan ýetdi.
– Ýa Allatagala bizi şu ýere getirip goý diýip tabşyrdymy?
Ybraýym pygamber başyny atdy.
– Hawa.
Hajarbibi galdy. Ol oguljygynyň ýanyna geldi. Oturdy-oturdy, howa bolsa ot alyp barýardy. Onuň agzy kepäp, içine ýalyn çabyran ýaly boldy. Gideýin diýse bu ýakynda ne oba bar, diläýin diýse ne bir damdyk suw bar. Gidip golaý-goltumy gözläbereýin diýse-de, oguljygyny ýeke taşlap gidip biljek däl. Kim bilýär, böri iýjekmi, ýa geçip barýan alyp gitjekmi? Ol ahyry çydamady. Janhowluna bir daga çykdy. Ne suw gördi, ne köl. Ol çykany Safa dagydy. Garşyda bir dag bardy. Oňa garşy ugrady. Ol dag Merwe dagydy. Emma şu iki dagyň arasynda ýylanly, içýanly bir ýaman ýer bardy. Ol şol ýerden ylgap-ylgap geçdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 62 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: