11:50
Sarahsly nemesler hem-de Puşkiniñ ýadygärligi
SARAHSLY NEMESLER HEM-DE PUŞKINIŇ ÝADYGÄRLIGI

“Nemes” diýen söz biz üçin, ikinji jahan urşunyň awusyny dadan halk üçin, känbir gulaga ýakymly däl. Adamlary rehimsiz gyrýanlar, obalary, şäherleri ýakyp-ýandyrýanlar göz öňünde janlanyberýär. Alaç ýok, biziň aňymyzda olar ganhorlugyň nusgasyny görkezen halk bolup şöhlelenýär. Ýöne... taryhda aklyňa sygmajak wakalar bolup geçýär. Günäliniň oduna bigünäler ýanýar. Şol gezegem şeýle boldy: ýolbaşçylygy ele alan faşistik üýşmejigiň etmişleri garamaýak halkyň gerdenine düşdi. Şol wagtlar nemeslere ählumumy ýigrenç döredi. Köp ýerlerde olary ýekirip gezdiler. SSSR-iň territoriýasynda ýaşamaga galdyrylanlar hakynda-da gürrüň hem edip oturmaly däldi. Ýerli halklarda olara bolan ynamsyzlyk, ýigrenç diýseň güýçlüdi. Emma...
Türkmenler ýene-de üýtgeşik halk bolup çykdy. Olar nemeslere hiç haçan ynamsyzlyk ýa-da ýigrençli nazar bilen bakmadylar. Ýogsam biziň ýurdumyzyň giňişliklerinde-de dürli döwürlerde göçürilip getirilen nemseler az däldi. Ynha, sarahsly nemesleri alyp göreliň. Baryp, 1892-nji ýylyň ahyrlarynda getirilen adamlar. Olar Russiýanyň Samara, Saratow guberniýalaryndan göçürlip getirilipdir. Sebäbi şol döwürde Sarahs rus imperiýasyna birikdirilipdi. Onsoň serhedi goramak üçin ýerleşen rus goşunlaryna dürli hyzmatlary eder ýaly eli hünärli adamlar gerekdi. Ermeniler, azerbaýjanlar, rus esgerleriniň köwüşlerini, ädiklerini bejermek, olaryň zerur geýimlerini tikmek, dürli tagamlar bişirip bermek üçin göçüp gelipdiler. Şol tapgyrda Sarahsa düşen in sekiz öýli nemes maşgalasyna-da iş ýetikdi. Sarahsa gelen nemeslere Hanýap diýilýän ýeriň golaýyndan kärendesine 1,09 gektara barabar ýer bölüp beripdirler. Jaý gurmak üçin olara demir ýoluň Tejen stansiýasyndan agaç, tagta almaga rugsat edilýär. Bu bolsa işeňňir, altyn elli nemesler üçin uly peşgeşdi. Basym ol ýerde özboluşly bir posýolok döreýär. Gelşikli gurlan jaýlar ýerli türkmenlere göriplik duýgusyny oýarmaýar. Olar nemesler bilen ysnyşykly gatnaşyp ugraýarlar. Kyn pursatlarda olara başardygyndan kömek berýärler. Nemesleriň türkmenleriň sähraýy halkdygyna, hiç hili milletçilik duýgusynyň ýokdugyna haýran galýarlar. Göçüp gelen nemesler giň penjireli, iki-üç otagly jaýlardan ybarat posýologyna “Krestowyý” diýip at goýýarlar. “Krestowyýdaky” her bir jaýyň öň tarapyny kölegeli agaçlar, malwina gülleri bezäpdir. Arka tarapyndan bolsa kiçeňräk bakja ýerleşipdir. Türkmenlerden üzňe ýaşamak islemedik nemesler Sarahs bilen öz posýoloklaryny birleşdirýän araba ýoluny gurupdyrlar. Eýýäm 1895-nji ýyla çenli täze hojalyklaryň her birinde on-on iki sany doňuz, sagylýan sygyr, towuk we beýleki mallar bolupdyr. Olar iýjeklerinden artyk önümlerini Sarahsa, hatda Tejene äkidip satypdyrlar.
Ilkibaşda göçüp gelenler ýerli howa şertlerine kyn uýgunlaşypdyrlar. Olar haýdan-haý türkmen dilini öwrenmegi ýola goýupdyrlar. Halkyň dilini bilmek bolsa olara örän köp peýda getiripdir. Türkmenler täze goňşularyna bugdaý ekmegi, ýerli şertlerde oňat hasyl almagy öwredipdir. Şu ýerde ýene bir möhüm zady belläp geçmeli. Öň suwarymly ekerançylygy görmedik nemesler ýap gazmak, çil çekmek ýaly türkmenlerden öwrenmeli bolupdyrlar. Ýagdaý şeýle bolansoň, olar türkmenlerden özlerine hakyna tutma mirap edinipdirler. 1893-nji ýyl. Bu sene sarahsly nemesleriň ýadyndan asla çykmaz. Şol ýyl olar bugdaýdan ilkinji gezek hasyl alypdyrlar. Hasyl o diýen gowy bolmandyr. Emma bu synanyşyk – Garagumyň arly şertlerinde öz başyňy çaramaga edilen aýgytly synanyşykdy. Şondan soňky ýyllarda olar diňe bir bugdaýdan däl, türkmene mahsus bolan her bir ekinden bol hasyl almagy ýola goýupdyrlar. Türkmenler nemesleri ysnyşdyran ýene bir mukaddes zat bar. Ol bolsa bugdaý üweýän degirmendir. Şol döwürlerde Sarahs pristawlygynda suw degirmenleriniň on üçüsi bar eken. Olaryň ählisi-de türkmenlere degişli bolupdyr. Ana, ol degirmenler, MUKADDES BUGDAÝ dini, däp-dessury biri-birine düýbünden ýat bolan halklary ysynyşdyrypdyrlar. Sarahsda nemesleriň erbet ýaşamaýandygyny eşidip, bu ýere soň-soňlar ýene bäş maşgala göçüp gelipdir. 1895-nji ýylda bu ýere ýewropa tipli jaýlaryň kyrk ýedisi peýda bolupdyr. Olarda 223 adam ýaşapdyr. Bu posýologyň halkynyň saglygy bilen Sarash pristawlygynyň feldşeri Loginow yzygiderli gyzyklanyp durupdyr. On dokuzynjy asyryň ahyryna çenli özüniň ykdysady, medeni ösüş derejesi boýunça sarahsly nemesler beýleki regionlara göçüp gelenlerden has ýokarda durupdyr. Bu howaýy aýdylan söz däl. 1906-njy ýylda Aşgabatda rus dilinde neşir edilen “Zakaspi oblasty” atly sprawoçnigiň sahypalaryna ser salalyň. Onda şeýle setirler bar: “...göçüp gelenleriň arasynda iň baýy, gurplusy “Krestowyý” posýologynda ýaşaýan Saratow guberniýasyndan bolan nemesler...”
Sarahsly nemesler diňe bir öz gara garny hakda alada etmändirler. Olar progressiw pikirli adamlar bolmaga çalşypdyrlar. Türkemnistanyň paýtagtyna aýlanyp ýörkäňiz MUGALLYMLAR ÖÝÜNIŇ ýanynda oturdylan bir ýädygärlige gözüňiz kaklyşar. Ol Puşkiniň ýadygärligidir. Ana, şol ýädygärligiň hem sarahsly nemesler bilen baglanyşykly ýeri bar. 1899-njy ýylda, Puşkiniň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň intelligensiýasy ýadygärlik gurmagy maksat edinýär. Muny eşiden sarahsly nemesler hem öz pul serişdelerini iberýärler.
“Krestowyý” diýlen posýolokda nemesler 25 ýyllap ýaşaýarlar. Soňra olar rewolýusiýa ara düşüp, göçüp giden molokanlaryň obasynda, ýagny Hanýap diýilýän posýolokda ýurt tutunýarlar. Posýolokda nemesler, parslar, türkmenler bir oba bolup ýaşapdyrlar. Olar tä ellinji ýyllaryň ahyrlaryna çenli şu obada iki köçäni dolduryp, toparlaýyn oturypdyrlar. Biziň günlerimizde olaryň aglabasy Sarahsyň etrap merkezine, baýramala, Ýolötene, Türkmengala göçüp gidipdirler. Şeýle-de bolsa, häzir diňe Sarahsda nemesleriň 500-den gowragy ýaşaýar. Daşky görnüşi boýunça tapawutlandyraýmasaň, olar türkmen dilinde türkmenleriň özünden kem gürlänoklar. Garaşsyz Türkmenistan olaryň ýurt ýerine öwrüldi.

Gurtnyýaz HANMYRADOW.

“Diýar” zurnaly, 1992 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 104 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurtnyýaz Hanmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 Gökböri   [Mowzuga geç]
Nemisden dost bolasy ýok-la.

0
5 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
Yash wagty gonshylaryny yatlapdyr-da yashuly smile

0
4 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Halkyñ akyllysy nemesdir. Halkyñ dûzgün nyzamlysy, işeññiri, kanunlara berk eýerişi boýunça nemisden öñe geçjegi ýokdur.

0
3 garahmedow   [Mowzuga geç]
Hmm bah dry

0
2 garahmedow   [Mowzuga geç]
Hmm

0
1 Persey   [Mowzuga geç]
Aslynda nemesleriň köpçüligi gumanist, adamkärçilikli, özlerem gaty akylly millet. Arasynda bar her dürli nasist-rasistleri. Ýöne umuman alanda nemesler örän medeniýetli.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: