07:28
Kyýamat-magşara çenli / roman
KYÝAMAT-MAGŞARA ÇENLI

Eý, Taňrym, şu depderdäki doga-dilegleri käbäm ejem Gurbanbike Albaba gyzynyň ömür depderine ýazaweri! Ejem, ejem ejejan, seniň parlak ruhuňa bagyşlaýaryn, käbäm!

BIRINJI BÖLÜM

1.

Hudaýa şükür, Taňrynyň amanat gününiň ýene biri Aşgabadyň üstünden ýyly nuruny sahylyk bilen sepeläp başlady. Aşgabadyň göýä ýagşyzadalaryň mukaddes demi dolan ýaly giň, ýakymly köçeleri görküne gelen ýaly boldy. Ýeňiljek geýnen, nurana keşpli adamlar şol köçeleriň görküni öňküsinden müň esse artdyrana dönderdi...
Aşgabatdaky ýaly owadan gyzlar, Aşgabatdaky ýaly görmegeý gelinler, megerem, dünýäniň başga hiç bir şäherinde ýok bolsa gerek! Wah, bu gyzlary diýsen-e! Olaryň egnindäki, daňyň tämizligine paşyrdap, heniz terlige-de ýetişmedik bägül gunçasynyň ter ýapragy ýaly lybaslary ýap-ýaňy töre düşen juwan tomsuň, şindi irizmeýän demine, entejik mähri uýamadyk Günüň taplanyp ýetişmedik tylla tygyna şeýle bir lälezar görünýär welin, asyl, bu gözelligi duýup, söýüp, müň janyň bolsa, birini özüňe galdyryp, dokuz ýüz togsan dokuzysyny şonuň ýoluna gurban edäýesiň geliberýär...
Wah, ol gyzlaryň heniz göz yzy düşmedik ýaňaklaryny diýsen-e! Wah, ol gelinleriň agşam alnan posalaryň yzy bozulman duran ýaňaklaryny diýsen-e! Olaryň didary seni otdan alyp, suwa salyberýär...
Biziň gyzlarymyzyň kirpiginiň her birinde müň kirbenke mähir terpenip dur! Olar çalaja ýylgyrsa, gözlerindäki näzik badalar pürepürlenip, seniň şirin janyňa eňterilip gaýdýar. Onsoň sen säherden serhoş-a! Şol badalary başyna çeken türkmen ýigitleri, onsoň neneň Görogly deý gaýratly, Rüstem Zal ýaly edenli bolmasyn!.. Şol badalaryň demine ýene türkmenler çydaýar. Onsoňam, duýgusynyň öňünde eplip duran türkmen barmy?! Munuň üstesine, bereýin diýäýeniňde-de dokuz ýüz togsan dokuz jany nireden aljak diýsen-e! Iň bärkisi, depäňdäki Günüňem amanat! Taňrynyň güni darydan köp! Erte başga bir gün seni myhman almaly! Taňra, onuň günlerine tükenme bolmasa-da, seniň özüň welin, amanat. Sen ýalňyz! Saňa bu dünýeden, bu gelinleriň bu gyzlaryň mährinden ganma ýok, ganma ýok...
...Ynsan gör, nähili ýaradylypdyr! Onuň ýap-ýaňam besse-besse buýsançdan, desse-desse şatlykdan ýagşylykdan pürepürlenip duran köňlüni, eýýäm gussanyň ýukajyk dumany gaplap alypdyr...
Ine Aşgabadyň adamlarynyň bir görseň buýsançly, bir görseň şahandaz, bir görseňem azajyk gussaly görünýäniniň sebäbi! Ýöne, olaryň ýüzündäki mähribanlyk, köňlündäki sahylyk eneden doglanlarynda nähili bolan bolsa, göre çenlem şonlugyna galýandyr!..
Süleýman welin bu wagt beýle-beýle duýgulardan hem, ynsana ýaraşýan sahawatdan hem mahrumdy. Onuň öýünde ýene-de gykylyk turupdy. Onda-da ne gykylyk! Solmaz ýene-de heleýligini etdi. Onuň yrsaramasynyň başy bu gün maşyn boldy. Onuň şerraý gykylygy Süleýmanyň gulagyna ýene-de gelip başlady...
– Nä-me, çagaňa dözmän, şol köne «arabaňy» ataň görüne äkitjekmi? – Ol bu gazaply, içýakgyç äheňi bilen ataly-ogluň heniz çalaja köräp duran dawasynyň üstüne bir kürüşge nebiti eňterip goýberdi...
– Şol maşyn-a asylyp öläýeňde-de beriljek däl! – diýip Süleýmanam erkek eşekligini edip, zoňtar sözi agzyndan sypdyrdy. Bu sözüň neşteri aýalyndan ozal ogluna zarba urdy. Dädiş kakasynyň bu sözüne serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ol jüýje horaz kimin hüžžerilip başlady.
– Diliňi ýyg-ow, ýogsa, otuz ikini damagyňa ýollaýan. – Bu haýbatyň äheňi gowşagragam bolsa, soňy çökder boldy. Ol däli öküz ýaly bolup, aýdan sözüniň yzyndan yňdarylyp gaýtdy. Özem şol gelşine kakasyny düýt-müýt ederli göründi – Diliňi ýyg, düşnüklimi?! Men şol köne «arabaň» üçin özümi asjak ogul däldirin. Şony bilip goý!..
Solmaz oglunyň kakasyna topularyndan gorkdumy ýa-da öz gezegine garaşdymy, birsalym gaýrat edip saklandy-da, ara maý düşensoň ýene-de tatyrdap ugrady.
– Diliň çüýresin seniň ylahym. Ýerden ýeke çykan ýetimçe özüň-ä, indi meniň balama diliňi-başyňy çeýneýäňmi? Jan Allam, aýdanlaryň seniň agzyňdan çykyp, ýakaňdan guýulsyn! Meniň balajygyma nämeler diýip otyr-a, bu salajasy sallanmyş! – Ol möwjäp, aglap başlady. – Seniň öz salajaň sallananyny bir görsedim, Alla jan!..
– Men öz namysyma çirk ýetirtmen! – diýip, Dädiş hem ejesiniň agyly sesine möwjäp durşuna, awuna topuljak arslan ýaly galpyldap gepledi. – Hiç kime!..
Süleýman öz dili sebäpli şeýdip iki oduň arasynda nädip galanyny hem duýmady. Ol paýhasyny ýitirdi. Çyrpynyp duran ýalynda buglanyp başlan başyny gazaply bulady-da, kerepläp duran dodaklarynyň arasynda zäge öwrülip giden bimany sözleri ýene-de uçuryp goýberdi.
– Haramzada, beýle namys edýän bolsaň, seni öz siýdiginden ýasan ataň üstüne herrelip durşuňa namys et! Ilden çykyp, äriniň üstüne abşanaklap, haram ganjyk ýaly üýrüp oturan ejeňe namys et...
Solmaz oda düşdi.
– Hiý, bu-uw! Senmi şony ýasan?! Aý, keçe telpek, aý, ylhanat, haramzada sen, şony ýasan bolsaň. Ýene şona ata diýýän bolsaň, tüf ýüzüňe! Heniz ýüzi açylmadyk aýalyňy gör, kimleriň aşagyna dykyp, indem şoňa oglum diýmäge utanmaýan dilleriň çüýresin, ylahym!
Dädiş düýrükdi.
– Mamaş-a ganjyk diýdirme-en! Gapy-yl. Sen meniň kakam däl! Men ite «kaka» diýerin welin, saňa diýmerin! Nigod-ýaý!..
Süleýman aýalyna jüýjerildi.
– Meniňki bolmasa, ol kimiň döli? Aýt, loly, jelep! Kimiň ogly? Aýt diýýän...
Ol gazabyna bäs gelip bilmän, aýagyna sokjak bolup duran köwşüni eglip eline aldy-da, aýlap aýalyndan saldy. Soňam Solmazyň gyrkylan geçiniňki ýaly jotdaryp duran saçyna bakan elini kelemenledip topuldy.
– Seniň bir eneňi!.. Seniň bir bajyňy!.. Jelep! Loly!..
Dädiş arslan kimin atylyp bardy-da, kakasynyň arkasyndan gujaklady, soňam gazap bilen göterdi-de, ýere pylçap goýberdi.
– Mamaşa degmersiň! – diýibem, bagyr-öýkeni agzyndan çykyp gelýän ýaly, sojama bilen pyşyrdady.
Solmaz ýüregi ýarylyp barýan ýaly bolup, öňküden hem şerraý ses bilen jynssyz waýkyrdy.
– Wa-aý! Ýene gyrlyşdylar! Waý, däli! Waý, oglumy öldürýär! Waý-aý!..
Süleýman depesinden dag ýaly bolup basyp duran oglunyň elinden sypjak bolup guduzlama halynda dyzanýardy. Emma Dädiş bu adamy goýberäýse eýgiligiň üstünden barmajagyna gözi ýetip durany üçin, ony ýere hasam beter basýardy.
– Goýber, haram-zada! Goýber, loludan bolan haram köle!
– Mamaşa degmersiň, degseň öldürerin!
Solmaz birsalym eňredi-de, ýene waýkyryp başlady.
– Goýberme, goýberseň ýene öýe gan çaýkar. Wa-aý, il-gün, goňşular! Milisi-ýä-ä-ä! Ýetiň-uuw! Öýe gan çaýkaýar-uu-uw!..
Süleýman dyzaý-dyzaý daňdandan iş edip ütüklänje jalbaryny, jübüjiginiň gyrajygyna «Tabany» diýlip ýörmelenje, heniz petem gitmedik köýnegini içine saman dykylan esgä dönderdi. Ýöne ogly şonda-da ony sypdyrarly däldi.
– Goýber, haramzada indi! Besdir!
Solmaz ýene elewrep başlady.
– Häzir milise bir gelsin, seniň meýdiňi çüýredip, dälihana iberderin!..
– Goýber! – Süleýman dişlerini gyjyrdadyp, täze hyruç bilen dyzandy. – Goýber diýýän men saňa. Çöp düýbi! Sylagyň ýetdi, goý-ber!
Ol dyzanyp zarp bilen ýerinden turdy-da, ysgyny gaçan goluny oglundan saldy. Dädiş entirekläp gitdi. Solmaz iki işigiň, iki sany ýolmalaşyp duran pyýadanyň arasynda elewläp durşuna, olaryň ýagdaýyna dözmedimi ýa-da bu gohuň heňini birneme gowşatmasa, soňunyň hasam erbet boljagyndan çen tutdumy. Ýa-da ogly özüniň köýen aryny ärinden alyp berdi hasap etdimi, birden ýüzi ak tam bolup, kölege ýaly yranyp duran ogluna azmly jabjyndy.
– Bes et, goýber senem! Näme gala alsa alsyn, göreli! Goýber!
Süleýmanyň ýumrugy oglunyň gany gaçan ýüzüne gyltyzrak degdi. Ogly beýle ýagdaýa garaşmadyk bolarly. Gaýnap duran gazabyny goşaryna berdi-de, öňünde duran adamy kasty bar ýaly silterläp ugrady.
Süleýman jalkyldap diwara degdi. Soň özüni saklap bilmän poluň üstüne süýnüp gitdi...
– Işik batly kakyldy. Soňam kimdir biri içeri girdi.

* * *
Ýazaw täzeje «Moskwiçiň» alynky aýnasyndan başlygynyň ýüzüne dözümsizlik bilen garady.
Süleýman Durdyýew yzky oturgyçda doňňara daş bolup otyrdy. Ýazaw başlygy agyr hasrat çekýändir öýtdi. Gözünde galan ýaňky aýylganç surat ýaşy birçene baran şofýoryň dünýesini öwür-çöwür edip, alyp barýardy.
– «Toba! – diýip, ol başlygynyň hasratyny öz ýanyndan deň paýlaşyp oturyşyna, içini hümletdi. – Heý, beýle-de bir azgynçylyk bolarmy, Hudaý jan?!»
...Düýrlenip, tozap duran köne halynyň üstünde çaşyp ýatan ata, ýüzüne dökülip duran tozgaly saçyň arasyndan gazaply garap, elleri bilen atasyny düýt-müýt etjek bolup duran ogul, iki erkegi biri birine çeýnedip, indem, soňunyň beýle-beýle apatlaryny aklyna sygdyryp bilmän, hanasyndan çykara gelen gözleriniň mäzini ýerine salyp bilmän elewreýän aýal, ýitirilen utanç, parçalanan mertebe. Ýene kän-kän duýgular... Barysy ýaşulynyň gözüniň alnynda düzlüp dur.
Onuň şol aýylganç suratdan dynasy, ony unudasy, birsalym bu süýji dünýäniň şirin-şerbet didaryna garasy, ondan doýasy geldi. Ýöne, bary biderekdi. Hälki surat, ýaşulynyň kalbynyň gözlerini petikläpdi. Onuň könül aýnasy bu suraty bagryna ýazyp alypdy. Onuň üstesine, başlygynyň doňňara daş bolup oturyşy, onuň gözüniň öňündäki gök, dodagynyň ganjaryp durmasy, Ýazawyň ol duýgularyna täze röwüş berýärdi...
Ýazaw onda-da özüni ele aljak boldy. Bokurdagyny arçady.
– Ýene maşynyň üstündemi?
Süleýman kemteresinden, oňa garşy garamadam.
– Näme?!
Ýazawyň göwnünde hiç zat bolmansoň, sowalyny has çeýnäbräk aýtdy.
– Hälki ýigidiň sene-menesi ýene maşynyň üstündemi diýýän?
Süleýmanyň gyrasy ganjaryp duran gap-gara dodagy çömmeldi.
– Seniň näme işiň? – Onuň diwara degip jyzlap duran kellesi saňňyldady. – Näme bolsa, meniň maşgalamyň öz işi. Saňa otçýot berme aladam ýok. – Ol gazaply ýüzüni gyňyrlyk bilen şofýora garşy öwürdi. – Meniň maşgalamyň işine gatyşmaga adam oglunyň haky ýokdur. Demiň içiňde bolsun. Diňe sen gördüň, gep çykaýsa, menden gaty görme...
Ýazaw birhili müýnürgedi.
– Aý, ýok-la. Gep çykarmadan Hudaý saklasyn. Şu wagta çenl-ä çykan däldir. gepiň indem çykmaz.
Ýazaw indi bäş ýyldyr Süleýman bilen bile işleşýärdi. Ol Süleýmanyň gowulygy ýa-da adamkärçiligi üçinem däl, şu ýerde gymyldap ýörenine indi ýigrimi bir ýyldyr. Şu ýigrimi bir ýylda her dürli ýolbaşçy gatnadypdy. Ýöne ol ýolbaşçyny seljerjek bolup, «Onuň pylan häsiýeti gowy, munuň pylan häsiýeti bolanok diýjek bolup duranokdy. Ol özüni bilýärdi. Maşyn döwletiňki. Wezipesi edara ýolbaşçysyna hyzmat etmek. Munuň üçin oňa hak berýärdiler. Berilýänje hakam çagajyklaryny eklemäge bol ýetýärdi. Onsoň ol urnup, awtoinspektorlaryňam, ýolbaşçynyňam gözüne-başyna düşüp, gazanç etjek bolup ýörenokdy.
Maşyny haçan görseň edarasynyň ýanyndajyk ýalpyldap durandyr. Ol kollektiwiň hem derdine ýarajak bolýardy.
– Ýazaw kaka, pylan ýere baryp gelmeli welin – diýseler tükezzibana tutduryp, ýok bahanalary tapyp oturanokdy.
– «Baryň soraň, başlygyň gitjek-geljek ýeri ýok bolsa, barar geleýeris!» diýýerdi.
Juda asylly, ýaşula-beýlekä dileg salandan maýrylanyny müň laý gowy görýän gelinleri ol has gadyrly tutýardy.
– Gurgunmyň, Ýazjemal?! – diýip, ol eda bilen salam berip, gyssanyp barýan geline habar gatýardy. – Nirä howlugyp barýaň?
– Hasaplaýyş uprýawleniýesine barýan-la.
– Näme pyýada barýaň, başlyga aýdaýma-la, özüm äkidip geljeg-ä.
Ýazjemalam uýaljaň ýylgyrar.
– Aý, ýok-la, özüm gider gelerin. Sizi azara goýmaýyn.
– Hany, dur-any!
Ýaşuly başlygyň ýanyna girer çykar.
– Mün maşyna!
Maşyn ugransoňam bar aýdany: «Barybir, boş otyryn-a» bolar.
Kollektiwem, başlyklaram ony sylaýardy. Toýunda, ýasynda her kim Ýazaw bilem maslahatlydy. Dowaryňam şol öldürer. Gazanyňam şol getirer. Ýeter ýetmez ýeriň bolsa-da şol ýapar.
Süleýman Durdyýew gelenden soň Ýazaw başgaçarak işlemeli boldy. Ol indi edaranyň işiginde däl-de, Durdyýewleriň işiginde durmaly bolýardy.
Solmaz şäherdäki fabrikleriň biriniň çagalar bagynyň müdiridi. Işi beýle bir kyn bolmany üçinmi ýa-da öýdeçilräk bolany üçinmi, onuň öýe äkit, öýden getiri köpräk bolýardy. Geçen ýyldan bäri ol işini täzeläp, raýon magaryf bölümine inspektor bolup geçipdi. «Şäheriň çagalar baglarynyň garamaty meniň başymda» diýip zeýrenip bilýärdi. Çagalar bagynda işleýärkä beýle gylygy bolmasa-da, ol indi täze nysak çykarypdy.
– Ýazaw, me, şu spisogy alyp, öýe bir gäwüşer ýaly zat alyp gel – diýýärdi.
Ýazaw ilki-ilkiler gaty gördi. Şonda-da işiniň, alýan aýlygynyň hatyrasyna öz jübüsinden süýt, gatyk, et, mesge alyp geldi ýördi. Ahyry bir günem çydamady.
Solmaz «Bäş kilo et, iki çüýşe gatyk, ýarym kilo mesge, bäş kilo pomidor...» diýip ýazylan ýazgyny eline tutdurandan dil açdy.
– Gelin baý, «Saçak açyk bolsa pişige-de uýat ýagşy» diýipdirler. Men şunça sesimi çykarmadym welin, halys depeläp dursuň-la. Beýtmäweri, janym...
Solmazyň ýüzüne gamçy çalnan ýaly boldy.
– Waý, utanyp-utanmaz ýaly näme edipdirin, işi gaýda-an?!
– Men şu wagta çenli öz jübimden alyp gelýän seniň iýjek-içjegiňi. Çagalammyň agzyndan kesib-ä sizi eklejek däl...
Solmaz ilki bir müýnürgejek ýalam boldy. Soň onuň reňklemeseň jäheksizligi bildirip duran dodajyklary sorkuldaşyp başlady.
– Waý, gara bagtym, siz şopurlar, edýän işiňiz ýok, kireý etmeden başga. Güni bilen pul kowalap ölýäňiz. Indi size iki kile pomidoram ýük. Diýenim bolmajak bolsa, ýeke günem garalmarsyň. Şopuram tapdyraryn, eklejegem...
Solmaz işigi şarkyldadyp ýapdy. Ýöne Ýazaw soňunda durup bilmedi. Başlygyna arz etdi. Olam: «Azrak sakyrda. Işlejegiň çyn bolsa, diýleni et» diýdi. Gürrüň gutardy. Indi, mert bolsaň dört ýanyk açykdy. Arzaňy ýazyp işden gidibermelidi. Emma ýaşuly gidip bilmedi. Ýigrimi bir ýyl işlän kollektiwini, özi obkatkadan geçiren, ýaňy ýagyny süpüren «Moskwiçini», rahatja durmuşyny bozmagy başarmady.
Ýöne ýagdaýyny Ministrler Kabinetiniň garažynda şofýor bolup işleýän agasyna aýtdy. Agasy gaýta Ýazawa käýedi.
– Wah, peýdasyny bilmez, akmak diýerler saňa. – Ine, biziň günümize gara. Radio bilen: «Pylan nomerli maşyn, pylan ýerden pylanýufy alyp gelmeli!» diýýänçäler damino sürpäp oturmaly. Alýan aýlygyňam şunça. Hudaý beripdir saňa. Ertir dokuza çenli bir, agşam sekize çenlem bir sagat aýlan şäheri. Nädersiň jübiň galňaýsa, oňa bäş kilo et alsaň, özüne alty al, oňa dört kilo pomidor alsaň, özüne on al. Tapar-tapmazyň çagasymyň? «Pylan zat gerek» diýip idin al-da, git Bagyra, Meret ýegenlere. Al üç-dört ýaşik pomidory. Haý, seňem-ä...
Ýazaw ilki-ilk-ä bir uýalyp, çekindi. Soň welin bu gyzyklyja oýna özüniň nädip düşüneninem duýman galdy.
Indi ona Solmazyň spisogam gerek däldi. Ertir irden «Moskwiçini» bir sagatlap şähere kowsa, bir toý sowarlyk gazanç edýärdi. Agşamky gazanjy başlygyna, öýüne näçe odur-budur alsa-da, özüne galýardy.
Gaýta Tejene, gum içlerine maşyn darydýan wagtlaram bolýardy. Şonda ol «karam bolmasyn» diýip, ep-eslije puly epläp, başlygynyň jübüsine dykýardy. Indi ondan diňe bir başlygynyň içerisi däl, öz öýem müňde-bir razydy. Aýaly görgüli bazardan zat daşamadan dynaýypdy. Ol görgüliniň diliniň senasy Süleýmandy. «Adam dagy däl eken, ömri uzak bolsun. Öýüme yrsgal getirdi» diýýärdi.
Ýazaw bu günem: «Näme almaly?» diýip içeri giripdi. Ýöne onuň bu içeride gören zatlary depe saçyny düýrükdiripdi. Özem, indi üçünji sapar şeýledi...
– Şu «Wolga» meniň başyma ýetermikä diýýän – diýip, gykylyk ilkinji sapar gopanda Süleýman bir zeýrenipdem. – Ýa satyp, ýok edip goýbermelimi?
Ýazaw näme maslahat berjegini bilmedi. Süleýmanyň «Wolgasy» täzejedi. Känbir sürülmedikdi. Ýöne arada ogly süren bolup, gapdalyny agaja degripdi. Ýazaw öz tanyşlarynyň birini getirip, maşynyň yzky gapysynyň aşak ýüzünde guşak bolup giden çuňňur çyzygy ölümiň öýünde bejerdipdi. Şondan bärem Süleýman maşynyny ogluna berenokdy. Ähli belanyň başam şondan gaýdýardy.
– Başlyk! – diýip, Ýazaw dommarylyp oturan Durdyýewe garşy çalarak owsunyp gürledi.
Süleýman ganguýma bolan gözleriniň üstünde typyp duran galyň gabagyny çalaja galdyrdy.
– Daýzam-a agşam ýene geldi. Menem seniň bilen maslahatlaşamsoň, çalarak sözem beräýdim-dä. Şonuň gelnini işe alaýsaň-a...
Süleýman awuly nazary bilen duralgalarda trolleýbusa garaşyp, çogdam-çogdam bolup duran adamlara garady. Soň ganjarmasy kepän dodagyny aýasy bilen howsalaly elleşdirdi-de, aýasyna tiňkesini dikip garady. Gan yzy ýokdugyna ýagşy göz ýetirensoňam, başyny galdyrdy.
– Ýer ýok.
Ýazaw ýüzüni ýagtylandyryp, ýasama gülümsiredi.
– Güljan dekrete gidýär diýdiň-ä.
Süleýman eňşäp duran ýüzüni sapjaklatdy.
– Dekretden gelse men näme diýeýin oňa?
– Dekretden gelýançä bir al, soňuny kim görüp dur. Juda bolmasa, başga bir ýerden iş gözlär-de soňy bilen. Daýzam daraý, gelip, «Ýegen, gaýrat et» diýip dur daraý. Ýogsa men bir hä-de beremok-la.
Şofýorynyň bu haýyşyny bitirmek Süleýman üçin beýle bir kynam däldi. Ol arada «bolýaram» diýipdi. Ýöne häzir onuň köňlünde çyraz ýokdy. Öýünde turan topalaň onuň barja ragbadyny alypdy. Ol başdansowma, göwünsiz gürledi.
– Onsoňam, ol diýýäniň bu işi başarjakmy-ýokmy? Şonam ölçerip dökmeli. Direktoryň sekretary diňe çaý çekmeli diýen zat ýok. Käte rusça, käte türkmençe peçat etmeli. Ondan mundan jaň gelse, gepini düşündirmeli. Seniň o diýýäniň oba gyzy bolsa...
Ýazaw az-kem yş açylyp barýan ýaly begendi.
– Ýa, başlyk, gül ýalyjak maşgala-how, görseň janyň hezil eder. Türkmençär-ä suwara. Orsuňam öwrener-dä. Daýzam, ýaňy öýe düşen gelnini işletjegem däl welin, ogly birneme işýakmazak. Ýeke ogulda-raý özem, at dakylan. Wagtynda başyna goýberipdirler, indem işýakmaz bolup çykdy. O bedibagt gelnine-de azar berjek bolup dur.
– Gelin näme diýýär?
Ýazaw maşynyň ruluny saga burdy. Soňam yzyna garaman gürledi.
– Gelin näme diýsin? Men diýen wagty. Işlejek, gazanjak. «Ataw öýde bolubersin. Işläp, özümem eklärin» diýýärmişin.
Süleýman Günüň gözüňi gapyp gelýän ýalkymyndan aýasy bilen penalandy.
– Başga nämesi bar, daýzaň?
– Ýeke garry-la. Başga hossar köki ýok-la. – Süleýman bir karara geldi.
– Geläýsin-dä, nädeýin!
Ýazawyň egnindäki agyr ýük sowlana döndi. Ol ýüregindäki begenjini gizlejegem bolmady.
– Ýaş-şa, başlyk. Dünýe dursun, sen dur. Ýagşyglygyňyzy ýerde goýman, enşalla.
Maşyn depesinde «Welaýat kitap palatasy» diýlip, altynsow reňk bilen ýazylan işigiň alnynda dabara bilen saklandy.

2.
– Alo, alo, Kerguly! – diýip, ýarym agy, ýarym hasrat bilen gygyrýan ses wagtlaýyn, bir wagt ýykmaga degişli bolsa-da, henizem saklanyp oturylan jaýyň darajyk koridoryndan çüwdürilip akyp, içi stol-stuldan doly kabinetlere kürsäp girýärdi. Her kim oturan ýerinden Solmaz Durdyýewanyň başyna düşen külpetiň nämedigini anyklaýança, gulagyny koridora gerip, jyňkyny çykarman otyrdy. – Alo, alo, Kerguly, ol meýdi ýanan, alo, alo, diňleýäňmi, ol meýdi ýanan ýene-de başymyza tupan turuzdy. Gel, häziriň özünde gel. Meni köşeşdirmeseň, eşidýäňmi, men, gelmeseň özüme bir zat edýän...
Şäheriň etrap bilim bölüminiň aýallary Solmaz Durdyýewanyň kabinetine bakan eňdiler. Solmaz Durdyýewna trubkany ryçaga goýmagam undup, görmän-görmän hossaryny gören naçar ýesir kimin garaçyny bilen eňreýärdi.
– Goýsan-a! – diýip, gorkusyna ýüzi aktam bolan gelinleriň biri azymlyja aýtdy.
– Edarada beýdip oturmak gelşiksiz-ä.
Solmaz goýarly däldi.
– Jan doganlar, bagtym ýatdy. Bir gün däl, iki gün däl. Iýenim awulyk, içenim zäher. Heý, mundanam gün bolarmy? Men özüme bir bela edip dynaryn. Ol meýdi ýanan meni şo ýola atarjak bolýar-eý, eje jan. Jan eje, sen meni näme, şu görgüleri görsün diýip dogurdyňmy-eý, jan eje...
Işigi ýapdylar. Solmaz Durdyýewna ýüregagyry dermanyny içirdiler. Ol az-kem köşeşensoň, ýene-de önki sowal berildi.
– Näme boldy?
Solmaz aglamakdan, gözýaşy sylynmakdan ýara dönen ýaňaklaryna gyzgyn aýalaryny tutdy. Soň silkinip-silkinip birsalym eňredi.
– Ol ýerçeken, ýene-de üstümize şir bolup dübledi. Dädiş janyň zähresi ýaryldy, çagamyň. Maňa-da abyr-zabyr, abyr-zabyr edýär, meýit. Ol oglanyň... – Ol ýene-de kemiş-kemiş edip eňräp başlady. – Ýekeje çagam, aý, ýetimçe, näme, berenini iýmedimi, o çaga? Saňa degdimi, dolaşdymy? Hakyt... – Ol çirkin ses bilen uwlady. – Hakyt, çagamyň ýüzüne çaldy.
Solmaz Durdyýewna birden buýsançly gürläp başlady.
– Şol çaga aldy meni elinden. Başyna döndügüm: «Ejeme eliňi degirmersiň!» diýip dyzap dur. Ol soň golaýyma bir gelsin! Ýöne onam, menem askorblýat etdi. Maňa «Jelep» diýdi. «Ganjyk» diýdi. Gülüň ýapragy ýalyjak çagama: «Çöpdüýbi» diýdi. – Ol elýaglygy bilen aşaky kirpikleriniň düýbüni garşy-garşy syldy. – Ylahym, diliň ysmasyn... Duruber bakaly...
Işik şakyrdap açyldy. Içeri saçy tegelenip, eginlerine düşüp duran pyýada girdi.
– Salawmaleýkim!..
Gelinler çykmak bilen boldular. Solmaz Durdyýewna ýene-de bozuldy. Ol eziz hossaryny gören ýaly bolup bozlap-bozlap aglady.
– Hudaý bizi ýene-de tutdy-leý.
Pälwan pyýada abşarylyp durdy-da, ýüzüni eňşidip habar sorady.
– Näme bold-aý?
Solmaz Durdyýewna agyly ses bilen derdini aýtdy.
– Seniň dostsumagyň ýene-de däliräp başlady. Kerguly, başynda bir päl bardyr onuň...
Kerguly sagat on ikide Solmaz Durdyýewnanyň kabinetinden çykyp barşyna, «kabinetimiz haçan boşarka» diýip koridorda köw-söw edip ýören aýallara garap, jaýly-jaýly gürledi.
– Özüm gürleşerin. Sen köşeş. Jyňkyny çykarmaz ýaly ederin. Agşam gowuja nahar bişirip goý. Nädersiň, aýagyňy ýalar ýaly etsem...
Solmaz şondan soň köşeşdi. Ýöne öýüne gitmäge ýüregi etmedi. Telefon edip oňdy.
– Dädiş jan, sen öýdemiň? Jan balam, bir zat garbandyňmy? Mesge atdajyk, ýanşnisa edinäý. Çaýyňa gant atgyn, balam. Gyzgynjak iç. Soň birsalym ukla. Agşam däde Kerguly geljek diýdi. Ýüregim ýarylyp baransoň, şony çagyrdym. Mazaly köşeşdiräýdi. Olýa daýzaň walidol içirdi. Wah, ýene bar-bar şondan bar. «Solmaz jan, goý, saňa tolgunmak bolanok!» diýip, daşymda kebelek boldy. Jan oglum, gant atgyn çaýyňa, bormy? Ýüregiň dagy agyranok gerek. Agyrsa maňa jaň et. Sen ýaman nerwinçit etdiň-ä, özüňi gynama, jan balam. Goýaý, trubkany.
Ol ynjalyp ýerinden turdy-da, bir möhüm zat ýadyna düşen ýaly ýene ýerine geçip, galdalyndaky ullakan sumkasynyň içini sermeläp başlady. Ondan sürmedir wesme gaplaryny, ýaşyl gutujykdaky aýnajygyny alyp, keýpihonluk bilen irden ýag sürtülmäni üçin eýlenmedik deri ýaly bolup, şokurdap duran ýüzüniň daşyna geçdi.

* * *

Solmaz öz deň-duş gyzlarynyň arasynda bagty getirdi diýilýänlerdendi. Öz-ä bir öýüň ýekesidi. Asyl, olaryň ejesiniň tohumy ýeke çaga dogurýanlardandy. Solmazam Nartäç Ýaňybaýyň ýekesidi. Nartäç ýeňňe ony nädipler ile goşupdy. Iliň iýmedigini iýdirip, iliň geýmedigini geýdirip ulaldypdy.
Solmaz Süleýmana durmuşa çykýança «oglumsyz» ady tutulan däldir. Ýaňybaý ilk-ä sekiz-dokuz ýaşaýança gyzyny boýnundan düşürmedi, soňam tä okuwa gaýdýança maşyndan düşürmedi.
Kolhozyň fermasynda işläp, oba-gara, çaga-çuga eli degmejegem ýalydyr welin, bilmersiň nämesindendir, okuw gutaryberende, uçup ýetişer-u, ýöräp ýetişer, mele «Wolga» mekdebiň gapdalynda keserip durandyr. Çal gulakjynly owadan pyýada ýalpyldap duran tylla dişlerini güjeňläp, ýylgyryp durandyr.
– Bala, gaýdalymy?!
Solmazyň dünýäsi düzüwdir. Bol-bol, Solmaz bol! «A gyzlar, men gitdim» diýer-de, lowurdap duran maşyna ýekeje özi müner.
– Boýdaşlaryňam al-da, bala!
– Ýok bolsunlar-la. Şolardan klasda bizar...
Kakasy sesini çykarmaz. Ýarym günläp aýra düşen bala didaryny intizar atanyň gözleri bilen gujaklar-da ýylgyrar oňaýar.
Maşyn öýe ýetmäge zardyr. Ýedi ýylky zaryny çeken magşugyna gowşan ýaly bolup Nartäç durandyr işikde elewräp.
– Waý, Ýaňybaý, eýgilikmi, ýaman gijä galdyň-a?
Ol jogaba-da garaşman gyzyna gujak açyp topular.
– Serwer balam, läle badam, gülöwser balam. – Ol gyzynyň elinden telim ogşar. – Geldiňmi, gülüm» ejeň gözüni ýolda goýup?!
Bu söýgüniň yzy tükenmez.
– Börek bişirdim. Gözüm ýolda galdy, Ýaňybaý, ýaman gijä galdyň-la?
– Giç däl-ä, bäş minit.
– Saňa bäş minit ol. Mana ýarym ýyl-a her minidiň Bäş minit öň gaýdyp bolanokmy? Okuwyna ot düşsün, ot düşmüş. Çagamy bäş minit saklaman, bäş minit öň gaýtarsa boljag-a. Mesge garjakmy, bala, ýa gaýmak dökeýinmi? Ýa eliňi ýuwup iýjekmi? Ýa eliňi ýuwman iýiberjekmi, meýli...
– Ýok, elimi ýuwjak...
– Meýli.
Diňe bu däl, Nartäç käte höwes edip, täze köýnek tikip, onam, gyzynyň gelerine sabry ýetmän, mekdebe gidip gyzyna geýdirip gaýdýan wagtlaram bolýardy. Işini-güýjüni taşlap, arakesmelerde-de mekdebe iýer içer ýaly zatjagaz alyp gidýän wagtlary bolýardy.
Il-gün ilk-ä bir geňem gördi. Soň öwrenişdiler. «Her kim görenini eder-dä. Nartäjiň özem şondan kem saklanan däldir» diýdiler. Soň-soňlar bolsa bir topar çagadan basylyp dilinden özge digri galmadyk aýallar ýarym çyn, ýarym degişme bilen: «Hudaý janyň karam edýän ýerleri bar-da. Şu çagany gowy görşi bilen, Nartäje bermel-ä on-on ikini. Hem öz mähri ganjak, hem çaga pahyr hezil etjek» diýýärdiler.
Nartäç gyzyny çykaranda ogul öýerendäkiden bäş esse artyk toý etdi. Iki öküz, on goýun soýdurdy. Tutuş raýony çagyryp, komsomol toý tutdy. On bagşy, asyl, Özbegistandan Kamiljan Atanyýaza çenli çagyrdy. Giýewisine «Žiguliniň» açaryny gowşurdy. «Aşgabatdan şarňyldap duran jaý alyp bererin» diýdi.
Bol-bol, Süleýman bol! Ýaşlygyny ýetim tokly ýaly bolup geçiren ýigit, begenjinden ernini ýygnap bilmän otyrdy.
Unwersitetiň pars dili fakultetini «gyzyl diplom» bilen gutarany üçin, goňşy döwletleriň biriniň ilçihanasyna sekretar edip işe iberilýän Süleýman Solmaz bilen tötänden tanşypdy.
Ol-a Moskwadan gelen samolýotdan, Solmazam Lebap tarapdan gelen samolýotdan düşüpdi. Garaýagyzdan naşyja gyzyň samolýotyň gapdalynda ýedi-sekiz düwünçegiň arasynda aljyrap durşuny gören Süleýman göwnüne zat getirmän onuň ýanyna barypdy. Indi näçe aýdyr ýat ilde, ýat dilde, eziz diýardan aýraçylykda gezip ýöreni üçin bu gyz-a däl, Aşgabadyň topragam, adamlar hem oňa aýdyp bolmajak derejede mähriban bolup görünýärdi. Şonuň üçin aljyrap duran gyzyň ýanyna barmak, oňa kömek bermek üçin Süleýmana bahana derkar däldi.
– Ýok, ýok, komnatdaş gyzlam gelmel-ä, sag boluň! Azara galmaň...
Ap-ak ýüzüne, lowurdap duran garaluw gözlerine seçelenip duran saçyny uzyn ap-ak barmaklary bilen gaňtaryp, hyzmatyny hödürläp duran bu adamy görenden Solmazyň ýüreginiň başy jigläp gitdi. Ol gözler onuň ýüreginde nähilidir bir çyraz ýakdy. Ol näçe ýok diýse-de, bu ýigidiň özüne kömekleşerini isledi.
Öň özüne hyzmat edilýän Solmazyň indi bu ýigide hyzmat edesi geldi. Ol özüne nähili güýç-gaýrat geleninem duýman, her eline ikiden-üçden düwünçek alyp, ýylgyrjaklap ýorgalap başlady.
Bu owadan ýigidiň kaddy kamatyny aýasy geldi.
– Agyrdyr, azara-da galdyňyz-da. Özüm äkiderin-ä.
– Be çeşim, be çeşim! Azary bolmaz. Men, men kömek ederin.
Süleýman sözünde durdy. Çykalgada oňa iki sany «Wolga» garaşyp durdy. Ol Solmaz bilen yzky maşyna mündi.
– Nirä gitmeli bolsa, be çeşim!
Solmaz hem begendi, hem utandy.
– Karl Marks köçesine, uniwersitetiň ikinji korpusyna.
Süleýman güldi.
– Student, matematik?! Şeýle gerek?!
– Hawa, ýok, fizik.
– O-o-o! Berekella!
– Şol korpusda meniňem obadaşlarym, ýaşaýan bolmaly. Olar matematik.
– Kim?
– Nowbahar, Gülüş, Tagangül we ýene-ýeneler.
Solmaz çaga mähribanlygy bilen begençli ýylgyrdy.
– Siz meniň kursdaşlarymyň adyny sanap otyrsyňyz-a.
Süleýmanam kem galmady.
– Men gelinliklerimiň adyny sanap otyryn.
– Waý, şeýlemi? Onda siz gaty bagtly ekeniňiz. Olar ýaman gowy gyzlar-a.
Süleýman Aşgabadyň didaryny gözleri bilen demine soraýjak bolýardy. Ýöne salym geçmän maşynlar saklanaýdy.
– Ine, men-ä geldim. Sag boluň.
Solmaz hem gynançly, hem begençli äheň bilen habaryny aýtsa-da, düşmäge howlukmady. Haýsydyr bir güýç ony maşynyň yzky oturgyjyna kökerdi goýaýdy. Dili bolsa saýraýyn diýýärdi.
– Ýörüň, men sizi gelinlikleriňize görkezmän goýberip biljek däl. Bir käse çaý içiň. Soň gidiberersiňiz, ýörüň...
Süleýman umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarky gatlaryna gussa bilen garady. Onuň gulagyna Berdinazar şahyryň: «Geçip giden ýaşlygym bar, ak derekleň arasynda» diýen setirleri ýaňlandy gitdi. Şu gat-gat umumy ýaşaýyş jaýlarynda onuňam geçip giden ýaşlygy galypdy. Ol şol mähriban pursata hem ýakynlaşypdy, hemem ondan juda-juda daşlaşanyny duýup galypdy. Ol başyny göterdi. Şonda ýap-ýaňam garaýagyzja naşy gyzyň perizada öwrülen ap-ak ýüzünde, garaluw gözlerinde lowurdap duran nury duýup galdy. Onuň bu mähinden mukaddes göreçlere garap, ini jümşüldäp gitdi.
– Men näme diýeýin gelinlikleriňe?..
Solmaz ýylgyrsa-da, onuň sowalynda şatlygyň gatanjam ýokdy.
Süleýman tolgundy.
– Ýat illerde awara bolup ýören bir durna size salam diýdi diýgeý.
Onuň sözleri hasratlydy. Gabaklary galňapdy. Gözleriniň hälki çyrazyny duman örtüpdi.
– Wiý, sen şo-ol Süleýmanmyň?
Süleýman baş atdy.
– Näçinji komnatda ýaşaýaň?
– Otuz dört, ikinji gatda. Gelermiň?
– Gelerin.
Maşyn ugrady. Süleýman ýoluň gyrasynda doňup galan gyzyň deňinden geçende: «Hökman gelerin!» diýip gygyryp galdy.
Solmaz soldy. Gyrmyzy bägülüň ýapragy ýaly bolup soldy. Iýip-içibem ugry bolmady. Okuwa-da gitmedi. Gözlerini işige dikdi-de ýatdy. Dünýe bolsa «Hökman gelerin!» diýen owaza gaplanyp galypdy.
Ol Süleýmanyň Aşgabada gelenini onuň tanyş gyzlaryna uly gabanjaňlyk bilen buşlady. Göwnüne bolmasa, Süleýmanyň adyny eşidenden, ol gyzlar ot alan ýaly bolşup, parlap galyberjege dönüpdi. Süleýmany olardan gabanypdy. Emma, geň galmaly ýeri, ol gyzlaryň azaryna-da däldi.
– Wa, şeýlemi? – diýşip goýaýypdylar. Nowbahar diýýän gyz bolsa:
– A gyz, heleý dagam alypmy? – diýip, ýakymsyzja ýylgyryp sorapdy.
– Bilmedim.
– Ýurtda galan ýetimçä heleý barjakmy, gyz?! – diýip, Tagangül hasam mojugyny atypdy.
– A gyz, senem-ä, özi ýaly tentiräp ýören gytmy? Barsa barar oturar-da.
– Şoň-a item barmaz-a...
Solmaz gyzlaryň bu bolşuny halamady. Nebir ýigide at dakyp, onuň gybatyny edip oturyşlaryna öz ýanyndan utandy. «Wah, Süleýman, Süleýman, sen gör, nähili gyzlary gelinlik diýip ýüregiňde göterip ýörsüň. Sen diýip ýanyp ýören ýadyňa-da düşýän däldir...»
Agşam Süleýman goly bir desse gülli, goltugy bir gap şokolad bilen şampan çüýşeli lowurdap işikden girende, Solmaz tas essinden gidip ýykylypdy.
Ol ýykylmazlyk üçin oturgyja geçdi-de, tok uran ýaly sandyraýan başyny iki eli bilen tutdy.
Süleýman ör-gökden geldi.
– Näme boldy? Näme boldy? Ýa men gaýdybereýinmi?
– Ýoo-ok! – Solmaz jynssyz gygyrdy. Soň ýerinden turup gözlerini petredip samrady. – Gaýtma, gaýtma. Onsuzam men seni nädip tapdym. Indi ýitirsem, maňa ýaşaýyş ýokdur...
Süleýman ýylgyrdy. Megerem, häzir onuň hem haly Solmazyňkydan ybaly däl bolsa gerek.
Süleýman pursaty elden bermedi. Şol günüň ertesi Solmaza söz aýtdy. Onuň obadaşlary, öň agyzlaryny towlaşyp ýören «gelinlikler» indi gözlerinde oky bolsa, oýlanman Solmaza çenejekdiler.
Ine, şeýdibem, Solmaz-a ärli. Süleýman bolsa hem ýokary bilimli gelinli, hem «Žiguli» maşynly, hem şäheriň merkezinde şarňyldap duran üç otagly jaýly, uly edaralaryň birindenem gowy wezipeli adam boldy.
Solmaz durmuşyndan münde-bir razydy. Ol okuwyny kynçylyk çekmän tamamlady.
– Hernä, abraý bilen okuwyňy gutardyň – diýip. Ýaňybaý onuň işiginde sygyr getirip soýdy. Uly toý tutdy. Soň obasyna äkidip, ol ýerde-de gaty uly toý tutdy.
Şol arada Süleýmany ýene-de Moskwa işe çagyrdylar. Iş kyn bolany üçin ol ýarym ýyllap yzyna köwlenibem bilmedi. Hatda bolsa: «Gel, Moskwada gowy jaý berdiler» diýip ýazýardy.
Solmaz näme etjegini bilmedi. Aşgabatda bols-a ol ýeke, obada-da enesi-atasy zaryny çekip otyr. Oba barsa-da Aşgabatda öýi, işi galjak, iň ýeser ýerem, adamsy bilen hiç bolmanda telefonda gürleşip oňýardy, ondanam galjak. Moskwa gidibereýin diýse-de, adamsy bir ol ýurtdan, birem beýleki ýurtdan çykýardy. Ol bir topar oduň arasynda galypdy. Ýaş gelin göwni bolsa adamsyndan ýeke minut galma diýýärdi.
Ol işden çykyp, oba gitdi. Ýöne oba-da sygman başlady. Soň näme bolsa şol bolsun diýip Moskwa Süleýmanyň yzyndan ugrady.
Süleýman Solmazyň gelenine begenjinden iki bolup bilenokdy. Tanyşlaryny, bile işleýänlerini ýygnap, uly restoranlaryň bir böwründe toý berdi. On bäş-ýigrimi adam tä restoran ýapylýança şady-horram boldy.
Solmazyň görmedik şäheri, görmedik ýurdy galmady. Ol Süleýmandan ömri ötýänçä razydy. Ol oňa ýüzüň üstünde burnuň bar diýmedi. Ony zada zar etmedi. Oňa boýdaşlarynyň ählisiniň gözi gidip geçdi. Emma...
Hawa, bu süýji durmuşyň emmalyja ýerlerem az däldi. Solmaz käte agyr oýa batyp, geçen günleriniň süýjüje derýalarynda ýüze-ýüze şu günki uly hasratynyň gara köýüklerini şol emmalyja günlerden gözläp tapýardy. Şonda bu ýylmanajyk düşnüksiz Süleýman onuň üçin öňküden müň esse düşnüksiz matal bolup galyberýärdi.
Aýalyny şol wagt şeýle günlere salany üçin häzir baryp adamsynyň bokurdagyny çeýnäberesi gelýärdi. Bu gep ýokmaz adama diýmezini diýip diýip, içini sowadasy gelýärdi...
Solmazyň hasaby içindedi. Süleýmanyň öz öňüňdäki günäsiniň ählisini sanap berip biljekdi. Onuň agyrdan agyrlary bardy. Merkezi Komitetde işleýärkä kakasyny ýedi ýyl basypdylar. Şonda, Solmazyň çaky boýunça, adamsy kakasyny boşatdyryp biljekdi. Juda bolmasa, sözüne bitýärdi, ýylyny kemeldip biljekdi. Etmedi. Ejesi ýogalanda oba iliň soňundan barypdy. Olam owarram diýse. Aşgabatda ili ýygnap sadaka berip biljekdi. «Işim, işim!» diýip onam etmedi. Olam owarram diýse, il gaýyny-garyndaşy ýogalanda gazetde gynanç köküni berdirýär. «Pylankesiň ýakyn garyndaşy...» diýdirip. Ol etmändi. Olam owarram diýse, ýekeje ogluny sünnet etdirtmedi. Indi, hana, towugyň damagyny çalsa-da, haramy boljak ýaly bolup dur. Ine, ogly aspiranturany gutaryp öýlendi-dä, bu zamanyň gyzlary näme diýer...
Solmaz sanadygyça tüteýärdi. Ýöne, ol bularyň baryny owarram edýärdi. Emma, şol üç ýagdaý welin onuň ýadyndan dirikä-hä däl, eti eräp, süňkleri çakrym-çakrym bolanda-da çykar ýaly däldi.
– Barysy şol Moskwasy guramyşyň Moskwasynda başlanypdy...
...Süleýman üýtgeşik ak kostýum geýnip, boýnuna-da aýynja galstuk dakynyp, edil bir perişde ýaly bolup restoranda Solmazyň ýanynda otyr, onuň dostlary, işdeş ýoldaşlary olary garaçynlary bilen gutlaýardylar. Üýtgeşik-üýtgeşik sowgatlar gowşurýardylar...
Solmaz ejesiniň toýa diýip eden tultuk pombarhatynda täze dogan Aý ýaly bolup otyrdy. Onuň başyndaky ak ýaglygy, ýakasyndaky ýüzüne gyzyl çaýylan kümüş gülýakasy ony juda owadan, näzik görkezýärdi. Süleýmanyň özem görkana welin, gelni ondan mün esse näzenin görünýärdi. Bu toýa gelenleriň gözleri Solmazda galypdy.
Süleýmanyň welin keýpi ýokdy. Ol käte bir nejis zada garaýan ýaly bolup gelniniň ponbarht köýnegine, başyndaky ýaglygyna seredýärdi-de, aşak bakýardy. Beýlekiler çen etmese-de, Solmaz adamsynyň derdini duýup durdy...
– Fata bilen fransuz geýmini geýersiň – diýip, ol toýly gürrüň agzalanda öz diýenine tutupdy.
Solmaz hyýalynda şol geýimleri näçe geýip çykarsa-da, ol özüni fataly, ap-ak eşigiň içinde ýarym ýalaňaç halda görüp bilmedi. Ol görübem biljek däl-di. Ol-a ýarym-ýalaňaç geýim eken, onuň aýak geýimsiz öýde oturanam hakydasyna gelenokdy.
Nartäç gyzyna näçe hamrak, sahy bolsa-da, onuň edebine juda zynhardy. Gyzy göze görünýänçä-hä özi tikendir, soňam gyzynyň özüne tikdirendir aýak geýim bilen ýakany. Şonuň üçin Solmazyň aýak geýimsiz, ýeňsiz, ýakasyz köýneksiz ile çykany ýadyna-da düşenokdy.
Il «Solmaz ýuwuksyz çemçe ýaly, gören bilen gepleşiberýär» diýse diýibersin, Solmazyň abraýyny döken, abraýyna şikes ýetiren sapary ýokdur. Ondan haçan, kim bilen nirede näme söhbet edenini, şonuň serhetiniň nirede gutaranyny, kim bilen ýola gidenini, tä onunjy klasa çenli haýsy oglan bilen haýsy partada oturanyny, olaryň arasynda näme hakda, haçan gürrüň bolanyny, uniwersitetde kim bilen haçan gürleşenini, onuň özüne näme diýenini arkaýyn soraber. Ol barysyny şänik döwen ýalyjak edip aýdyl berer. Ol gürrüň bersin, senem diňle-de özüň hasabyny çykaryber. Aýagyny gyşyk basmadan-a Hudaýyň özi saklasyn.
Şeýle görelde bilen kemala gelen maşgala ýat adamlaryň arasyna-ha, Alla görkezmesin, adamsynyň ýanyna-da çykyp biljek däldi. Gaýta, onuň göwni kürte küýseýärdi. Adamsy näçe hezil etse etsin, özüniň welin sülmüräp, edep ýaşyryp oturasy gelýärdi.
Süleýman onuň bu pikirlerini juda gaty gördi.
– Sen-ow, Moskwada, geljekki ilçiniň aýaly bolmaly halyňa, kolhozyň gürrüňini tapýaň – diýip gaşlarynyň arasyny birikdirýärdi. Toýumyza geljek adamlar ýöne-möne adamlar däl-ä.
– Hiç zadam bolmaz. Öz milli däbimiz diý.
Süleýman aýlynyň şeýle çöňňeligine tas ýarylypdy.
– Sen bir zada düşün. Ol adamlar seniň milliligiňi, däbiňi başyňa ýapsynmy? Mesele çözülende «Türkmeniň porsy, gyrnak eşiginden çykyp bilenok. Aýaly yzagalak. Özem feodal. Aýalyny syganlaryňky ýaly sallam-sajak eşikden çykaranok» diýse, sen onuň agzyna urjakmy?
Solmazyň bu meselede öz hasaby bardy.
– Bizem şolaryň özi ýaly adam. Öläýsemem, heniz ýüzüm açylman, ýarymýalaňaç ýat adamlaryň arasyna-ha barjak däl...
Süleýmanyň jany jigirdek boldy.
– Aý, jan gelin, sen düşün. Sen häzir Moskwada. Daşary işler ministrliginiň jogapkär işgärleriniň arasyna barmaly. Ol adamlara seniň namys-aryň bir köpük. Sen sowremennyý bolmaly, düşünýäňmi? Olar dünýäniň ähli ýerine aýlanyp, nämäniň yzagalak, nämäniň yzagalak däligini bäş barmagy ýaly bilýän adamlar. Häzir meniň diýenimi et, soň geýiber näme geýseň. Düşün, sen maňa düşün. Meniň ykbalym seniň eliňde...
Bu gürrüňler Solmazyňam bagryna ot bolup ýapyşdy.
– Men düşünýän, Süleýman, men ýarym-ýalanaç bolup toýa barsam-a seni abraýlajaklar, eger ýakam bagjykly, eşigim ýeňli-golly bolsa-da sana ösüşem ýok, abraýam.
Süleýman gelniniň şu sözlerine begendi.
– Wot, ine, aklyňa aýlandyň. Düşün, olaryň arasynda bolup, şolaryň özüne meňzeş bolmasaň, seni adam hasabyna uranoklar. Çöňňe, akmak hasaplaýarlar Bu ýeri Moskwa, sen näme geýdiň, sen näme geýmediň, oňa seredýän ýok. Bu ýerde diňe maksadyňy bilmeli. Eýtmeli-beýtmeli, maksadyňa ýetmeli. Emma nämedir bir iňňäniň gözi ýaly kemçilik tapsalar, bary puç bolýar.
Solmaz oýlandy. Ölçerdi, dökdi. Ejesiniň aýtmagyna görä, äri onuň hudaýydy. Onuň aýdany Solmaz üçin kanundy. Şol kanuna garşy gitmek, külli günädi.
«Maňa näme, abraý at şuňa-da gerek Men muňa garşy gidip, kim üçin namysly arly boljak, geý diýse geýeýin, çykar diýse çykaraýyn. Galanynam, Hudaý geçirsin...»
Öz ýanyndan näçe batyrlyk etse-de, çagalykdan galan haýa ýaş gelniň elini-aýagyny baglap, öz diýenini gögertdi.
Restorana girilýän ýerde Süleýman ýaryldy.
– Diýleni etmän, obanyň samsyk heleýleri ýaly, öň etegiňi depelede dur. Bol, bol, çaltrak gal ýokary...
Adamsynyň bu sözi Solmazyň içinden gülle bolup geçdi. Ýöne onuň güýji ýene özüne ýetdi. «Özüm günäkär, diýse diýsin-dä» etdi.
Toý gyzdy. Birküç rýumka akly-gyzylly içgiler göterilenden soň Süleýmanyň bile işleşýän gelinleriniň gözleri lowurdaşyp başlady.
– Al, şuňdan bir owurtla-da – diýip, Süleýman çişip, galyp baransoň, Solmazam, ömründe etmedigini etdi. Her sapar söz sözlenende äriniň gazabyndan çekinip az-u-köp owurtlap oturansoňmy, günuzynky aladadan, bu ýerdäki saz-söhbetli şowhundanmy, onuň göwni açylyp başlady. Adamsynyň diýenini etmän, onuň göwnüne degenine ökündi.
Gözleri lowurdap duran, ýaby ýaly ykjam, owadan, daýaw gelinleriň Süleýmany gününe goýman tans etmäge äkidişlerine-de känbir betgüman bolmady.
Gelip oturaly bäri özüne tiňkesini dikip oturan epeý pyýadanyň hem nazary oňa indi ýumşak degýärdi.
Süleýman mes bolup ýerine geçýärdi-de, söz aýdylyp-aýdylman gelinleriň siline gark bolup gidýärdi.
– Näme otyrsyň, ýöri, tans edeli – diýip, Süleýman Solmazyň elinden çekip orta çykardy. Soň ony köwüşlerine büdredip, birki sapar aýlady-da, başga biri bilen tans etmäge başlady. Solmaz ýerine geçip oturdy. Ýöne göwnüne zat getirmedi.
Saz gutaransoň ýene-de söz aýdyldy. Süleýman ýaňky epeý pyýadanyň elinden tutup, gelniniň ýanyna getirdi.
– Tanyş bol, biziň batýamyz. Ministrligiň guramaçylyk bölüminiň müdiri. Biziň ykbalymyz şunuň elinde, Andreý Stepanowiç...
Andreý Stepanowiç elindäki rýumkany Süleýman bilen çakyşdyrdy-da, onuň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Süleýman heziller edip güldi.
– Bolar. – Ol Solmazyň elinden çekip turuzdy, – Gel, Andreý Stepanoniç seni tansa çagyrýar.
Solmazyň göwnünde zadam bolmasa, bu epeý pyýadanyň elinden tutmasyna ýygrylyp, äriniň diýeni bilen boldy...
Adamyň adam bilen işi ýok. Gulaklaryň perdesini gyryp barýan saz, körek ýanýan yşyk, pyr-pyr pyrlanýan keýpi kök gelinler Solmazyň başyny-gözüni aýlap barýardy. Onuň üstesine bu epeý pyýada-da Solmazy gap-garanky böwürlerden aýlan bolup, ony kükregine hasam gysýardy. Solmazy söýgülän bolup, onuň Süleýmandan özge adam dodagy degmedik ýaňagyndan iki sapar ogşabam goýberdi.
Her näçe gahary gelse-de, Solmaz bu äpet «döwüň» elinden syparly däldi. Ol gaýta özüniň käbir ýerleriniň ýumrusyny ýaş gelniň tenine süýkän bolup, Solmazyň janyny alyp barýardy. Saz bolsa barha joşýardy.
Solmaz ahyry çydamady. Bar güýjüni edip hälki pyýadanyň kükregine ýumruklap başlady.
– Goýber haram nejis!..
Äpet pyýada bolsa näme etse-de, gelni saz gutarýança goýbermedi. Saz tamam bolandan soňam onuň elini tä ýerine geçýänçä sypdyrmady.
– Minnetdar!
Süleýmanyň depesi gök diredi. Onuň erni bir ýere gelenokdy.
– Gör, nähili gowy adam. Oňardyň molodes – diýip, ol gelninden minnetdar boldy. Soň ýene-de tansa çykdy. Solmaz gaharyna rýumkasyndaky zäher ýaly şeraby başyna çekdi.
Solmaz toý agşamyndaky bu ýagdaýa-da gözüni ýumdy. Dogrusy, Süleýman iňirdäp oňa derdini aýtmaga-da bermedi.
Günde agşamky meýlisler, kabul edişlikler, içhä-içlikler Süleýmanyň bu durmuşa berilmek-hä däl, halys çümüp gitmesi, şol meýlislerdäki bolýan bihaýalyklar ýaş gelniň ilki-ilkiler jebegesini näçe daraltsa-da, soň ýeke gün meýlise gitmese, onuňam içini gysdyryp başlapdy. Özem şampan şerabyny suw ornuna içmegi öwrenipdi. Konýagyň lezzetinem duýup başlapdy.
Moskwa gelenine bir ýyl bolupdy. Solmaz adamsynyň iňir-iňri bilen Ýewropa eşigine giripdi. Ýüzüne her hilije reňkler çalyşdyrýardy. Gaşyny garlawajyň ganatjagazy ýaly timarlamagy öwrenipdi. Lenin adyndaky döwlet kitaphanasyna işe durupdy. Işindenem, günündenem razydy.
Süleýman diňe ýatmaga öýe gelýärdi.
– Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti gelýär. Ähli dokumentler biziň elimizden geçýär – diýip, ol ertir irden Solmazyň çala tendiren heýgeneginem çalak-çulak iýip, işe gidýärdi.
– Prezident geldi. Ony juda üýtgeşik garşy aldylar. Agşam sagat alta Daşary işler ministrligine gel. Kabul edişlik bar. Ikimizem barmaly – diýip, Süleýman ýüregi ýarylyp barýan ýaly bolup Solmazyň işine jaň etdi. Solmaz işdeş gyzlarynyň gözüni gaýnadyp olardan idin alyp, belleşilen ýerine aýdylan wagtdan hem ýarym sagat ir geldi.
Süleýman ministrligiň maşynynda ony ABŞ-nyň ilçihanasyna, ondan soňam başga bir myhmanhana alyp gitdi. Kabul edişlik belli myhmanhananyň restoranynda guralýan bolarly. Epeý-epeý adamlar guşuň süýdünden özge ähli iýmek-içmek goýlan stollaryň başyna geçip, öz atlary iňlis hem rus dilinde ýazylan ýazgynyň deňinde gelip oturýarlar.
– Men, esasan, kontrollyk etmeli. Sen maňa kän üns bermegin – diýip, Süleýman öňünden gaçgaklady.
– Hany, sen şu içgidenem bir dadyp gör – diýip, ol hasam şelaýynsyraýardy. – Baý-bow, bu biziň ýurdumyzyň içgileri ýaly däldir. Içseň, hüwdülenen ýaly edäýýändir.
Tost köp boldy, Süýjüden-süýji tagamlaryň, üýtgeşik içgileriň yzy üzülenokdy. Solmaz üçin bary geňdi, gyzyklydy. Ertir, hiç bolmanda, işdeş gelinlerine gürrüň berip, agyzlaryny suwartmak üçinem ol her nahardan dadyp görýärdi. Bary lezzetlidi. Ýöne Süleýman tans edýänlere goşulyp gidenden soň welin, onuň ugry bolmady. Stoluň beýleki çetinde Andreý Stepanowiç döw ýaly güberilip, Solmaza tiňkesini dikip otyrdy.
Solmaz bu göhertden az çekinenokdy. Tersine, ol göhert bolsa Solmazyň-a däl, Süleýmanyňdan hem çekinip baranokdy. Gaýta, ony görse, Süleýmanam bir utançly ýeri bar ýaly bolup, ýalym-ýulum edip durdy.
– Batka ýakyn wagtda täze wezipe berler diýýär. Şol diýdigi gutardy. Basym bir ýerlerden çykarys – diýip, ol gaýta başga hörpden gopýardy. Batkasy welin gözlerini däldirän çebşiňki ýaly edip, diýseň öwzaýy bozukdy.
Kabul edişlik gyzdygysaýyn Solmazyň jegebesi darykdy. Ol häzir gaýdaýaýyn diýse-de, bu ýerden çykmanyň hem ebeteýini tapjak däldi. Onsoňam, Süleýmanyň näme diýjegi gümanady.
Solmaz Süleýmanyň ap-ak saçy peşerilip depesinde doňdurylan owadan gelniň daşynda pyrlanyp ýörşüni halamady. Ol tans edip ýörenleriň arasy bilen gidip, Süleýmany tapdy.
– Ýa meni öýe gaýtar, ýa-da meniň ýanymda otur! – diýip, oňa juda berk aýtdy. – Men ýat adamlaryň arasynda çekinýän. Biriniň eli ýetjekmi, ýa dili ýetjekmi?..
Süleýman aýaly bilen gitse-de, onuň ýanynda köp oturmady.
– Şol ak saçly owadan gelin ministriň kadrlar boýunça orunbasarynyň aýaly. Ministriň orunbasary şony güýme diýip, maňa ýörite tabşyryk berdi. Özüň bilýäň, bu kabul edişligiň içi şpiondan doly. Ol aýala bir bela ýoluksa, meniň başymy alarlar.
Ol stoluň üstünde duran akly-gyzylly çüýşelerden iki rýumka guýuşdyrdy-da, birini aýalyna uzatdy.
– Al, seniň saglygyňa.
Solmaz indi barybir garaşmalydy. Şonuň üçin nämedir bir zada güýmenenini gowy gördi-de, adamsynyň uzadan rýumkasynyň içindäki ajysy az-kem gowşan içginiň ýaryny başyna çekdi. Dumanlap duran gözleri bilen ak saçly gelniň ýanyna ýetip barýan adamsyna gahar edibem, galanyny içip goýberdi.
Gelniň ýüreginiň teýinden ören gabanjaňlyk duýgusy onuň başyna çykdy. Onuň şol gelin, ýagny ministriň orunbasarynyň aýaly bilen gowuja gürleşesi geldi. Hiç bolmanda, adamsynyň ýanynda bile bolasy geldi. Ýa-da bu bereketli saçagyň başyndan kemelip ugran adamlara goşulyp gidesi geldi.
Solmaz ýerinden turjak boldy. Emma gözüniň önüniň dumany galňady-da, başy aýlanan ýaly bolup, ýene-de oturdy. Ol özüniň ýagşy serhoş bolanyny aňdy. Indi töwereginde gaýmalaşyp ýören adamlar öňi çala sudur bolup görünýärdi. Ol şolaryň arasynda Süleýmany tanady.
– Süleýman! – diýip, birki gaýta gygyrdy. Oňa gulak asan bolmady. Onuň ýene-de içesi geldi. Öňünde duran çüýşeleriň birini aldy-da, rýumkasyny doldurdy. Emma sandyraýan gowşaksy elleri çüýşäni ornuna eltip bilmedi. Çüýşe ýykyldy. Kimdir biri çüýşäni galdyrdy. Soňra Solmazyň golundan tutup, ony ýerinden turuzdy.
– Solmazka, hany, ýöri, indi biraz dynç alaly.
Solmaz ony tanady. Ol Andreý Stepanowiçdi. Bu adam häzir Solmaza beýle bir gorkunjam bolmady. Häzir onuň eli güýçlüdi, erklidi. Şu wagt Solmaz şeýle el, şeýle hossar gerekdi. Ol şeýle arkalaşygy öz adamsyndan hantamady. Süleýman bolsa ýokdy.
– Süleýmany çagyryň! – diýip, Solmaz koridora çykandan soň berk aýtdy. Andreý Stepanowiç sesini çykarmady. Solmazy äpet bir kreslo çümdürdi-de, özi ýene-de zala siňip gitdi.
Solmaz ukusynyň tutýanyny aňdy. Bu ýeriň irkilip oturmaly ýer däldigini bilse-de, erkine güýji ýetmedi. Gözüni açanda Andreý Stepanowiçiň golundan tutup barýandygyny aňdy.
– Biz nirä barýas? Hany Süleýman?!.
– Süleýman bärde garaşýar. Geliberiň diýdi. Häzir şonuň ýaýyna barýarys...
Solmaz nirä barýanyndan baş çykaryp bilerden daşdady. Ýöne süňňünde az-kem gorky, ysgynsyzlyk, alaçsyzlyk bilen goşulyp, serhoş başynda ýitip gidýärdi.
– Sen meni nirä alyp barýaň?! Men gorkýan! Men islämok! – Ol ugur-utgasyz gürledi.
Daýaw pyýada ony sansyz işikleriň birine eltdi. Içerde yns-jyns ýok. Yşyk öçük. Diňe giňgöwrümli Moskwanyň asmanyndan içerä az-kem durulyk dökülýärdi.
– Geç düşege.
Andreý Stepanowiç işigiň gulpuny şakyrdadyp ýapdy-da, Solmazyň eşiklerine ýapyşdy.
– Ýok bol, nejis, degme!
– Solmaz, sen pýan, geç ýeriňe!
Bu söz Solmaza juda agyr degdi. Ýat adamyň ýat ýerde, garaňky jaýyň içinde bagjygyna el ýetirip durmasyna ol bir ölüp bilmedi. Gazaby ony bogdy.
– Ýok bol, özüm!
Solmaz «özüm-özüm» diýip dursa-da, ýene-de eşiklerini çykarmaga güýji ýetmedi. Ol şol durşuna düşege, ýumşak, lezzetden doly düşege gyşardy.
Birdenem. Hawa, birdenem hälki gara pyýadanyň üstüne abanyp gelýänini gördi. Ýöne ne gygyrmaga, ne garşylyk görkezmäge, ne-de özüni goramaga onda ýekeje mysgalam güýç kuwwat ýokdy... Ol diňe bagryny paraladyp birki gaýta bagyryp goýberdi.
– Eý, Allam! – diýip, Solmaz ýaşly gözlerini sylyp, silkinip-silkinip eňredi. – Meiniň başyma ne günler saldyň, Hudaý jan! Ejemiň deregine meni alsaň bolmadymy? Beýle zyňyndy eder ýaly, beýle harap eder ýaly mende näme ýazyk bardy, jan Allam...
Solmaz durumsyzlyk bilen ýene-de telefona ýapyşdy. Emma aňyrdan jogap beren bolmady.
– Alla jan, Dädiş jan nirä gitdikä?! Ýa o meýdi ýanan gelip, ýene-de ikisi öýde biri-birine topulyşyp durmukalar, ýa baryp gaýdybersemmikäm?
Solmaz ynjalmady. Goşlaryny ýygnap köçä çykdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 83 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: