22:43
Gadym dünýäñ bir şahyry kemeldi
GADYM DÜNÝÄŇ BIR ŞAHYRY KEMELDI

(Doganym Güljahana)

Gadym dünýäň bir şahyry kemeldi,
Dünýä seret ýylgyryp dur,gör indi.
Daglardan peleňdi, haýbaty, sesi,
Derýadan tereňdi, köňlüň eýesi.

Pespäldi gözleri, mydam gussaly,
Eli galamlydy, şygyr, kyssaly.
Seret ine, oň mazary köneldi,
Gadym dünýäň bir şahyry kemeldi.

O gün dünýä lerzan boldy, akdy suw,
Aşyklaryň köňli  Arşda elendi.
Şonda birden-birden aglady arzuw,
Çünki dünýäň bir şahyry kemeldi.

Yhlaslar hem ýandy, ýürek elendi,
Sebäp dünýäň bir şahyry kemeldi.
Şonda dünýä mana, duýga elendi,
Sebäp dünýäň bir şahyry kemeldi.

Ol dogana dogan, jigä arkady,
Yşgyň perdeleri gaýyp elendi.
Agal dünýä, aglasana haý çekip,
Gadym dünýä, bir şahyryň kemeldi.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Jaýy jennet bolsun

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: