21:18
Zyýarat -12/ romanyñ dowamy
* * *

Akademik Gurbanguly bilen känbir çekeleşjek bolubam oturmady. Salamlaşdy-da, dekanadyň gapdalyndaky aýmançanyň ýanynda saklandy.
– Hany, galam-kagyzyň barmy?
– Bar!
– Bar diýme, eliňe al!
– Aldym, mugallym.
– Ýaz! «Giriş» diý. Diýdiňmi?
– Diýdim.
– Ikinji diýdinmi? «Sufizmiň kökleri we şahalary», üçünji «Türkmen edebiýatynda sufizmiň öwrenilişi», dördünji «Magtymguly we sufizm», bäşinji «Magtymgulynyň poeziýasynda sufizmiň elementleri», altynjy «Netije», ýedinji «Peýdalanylan edebiýat». Ýazdyňmy?
– Ýazdym!
– Ýene belle: birinji bölüm maşynkada bäş sahypa, ikinji on bir sahypa, üçünji on sekiz sahypa, dördünji bölüm kyrk sahypa, bäşinji altmyş sahypa, altynjy bäş sahypa, ýedinji bäş sahypa, jemi näçe boldy?
– Ýüz kyrk dört!
– Ýüz ellä ýetenok dälmi, bolýar?!
Ýaşuly sagadyna garady.
– Ýaz, «Girişde» sufizm diýip nämä aýdylýar? Haçan dörän? Orta Aziýa edebiýatyna haçan, näme üçin aralaşan? Sufizmi näme üçin öwrenýän? Işiň ähmiýeti nämeden durýar? Ýazdyňmy?
– Ýazdym!
– Ikinji sufizmiň kökleri nireden gaýdýar? Hudaý, Yslam, Gurhan, din, sopuçylyk edebiýaty. Magtymgulynyň halypalary. «San bolsam» goşgusy. Ýazdyňmy?
– Ýazdym!
– Üçünji Garryýew, akademik Çaryýew, professor Mülliýew, A.Kekilow, Rahmany, Ö.Abdyllaýew, Sopyýew. Olaryň işi we sufizme garaýşy. Magtymgulynyň poeziýasynda sufizmi gytaklaýyn öwrenijileriň işleri. Tankyt. Ýazdyňmy?
– Ýazdym!
– Dördünji Gurhan, Nowaýy, Azady, Magtymguly. Döwür, din, Gurhan edebiýaty. Olaryň Magtymgula täsiri. Ýerdäki eşretden geçmek, ol dünýädäki sapa. Pelek, onuň Hudaýyň diýenine gulak asmazlygy. Ýazdyňmy?
– Ýazdym!
– Bäşinji Bertels «Sufizm we sufistik edebiýat». Sen Magtymgulyny onuň Nowaýyny derňeýşi ýaly derňemeli. «Näme sen», «Isterem», «Meniň Sahypjemalymy gördüňmi?» we ş. m.
– Ýazdym!
– Altynjy gelen netijäň. Sufizm Magtymgulynyň poeziýasyny beýgeltdimi, peseltdi? Ony öwrenmek türkmen edebiýatyna, Magtymgulyny öwreniş ylmyna näme berdi? Öz netijäň. Ýazdyňmy?
– Ýazdym!
– Ýene ýaz. Bir «Marksizm-leninizm klassyklary». Iki rim sifri bilen ýaz, iki. Edebiýat ylmyna degişli edebiýatlar. Üç makalalar. Dört çeper eserler. Bäş Magtymgulynyň çap edilen we fondda saklanýan goşgulary. Omyn...
Akademik sözüni jemläp-jemlemän ýöräp ugrady.
– Şu gün aýyň näçesi?
Onuň gapdalyndan ýöräp barýan Gurbanguly «On bäşi» diýip jogap berdi.
– Ýigrimi bäşine «Girişi» hemem bäş sahypalyk makala getir. Wessalam...
Ol yzyna gaňryldy.
– Kandidatlyk minimumlaryňy tizleşdir.
Akademik şondan soň onuň bilen gepleşjegem, hoşlaşjagam bolup durmady. Öz ugruna, uniwersitetiň auditoriýalarynyň birine girip gitdi.
Ol illeriň ýanynda «Garryýew ýolbaşçym» diýende, «Gaty talapkärdir» diýip, içlerini çekenler köp bolupdy. «Pylany üç, pylany dört aýda kandidatlygyny ýazypdy» diýipdiler. Gurbanguly şolaryň sözüniň dogrulygyna indi ynandy.
Uniwersitetde filosofiýadan, institutyň özünde çet ýurt dillerinden kandidatlyk minimumyny tabşyrmak üçin kurs açylypdy. Ýöne Gurbanguly ýaýdanýardy. Ony ýaýdandyrýanam dokument ýygnamakdy. Onuň bagtyna Menli duşaýdy.
– Aý, oglan, çet ýurt diline ýazyldyňmy? Filosofiýa hem açylypdyr-a!
Gurbanguly öz ýagdaýyny aýtdy.
– Men sana-da alaýaryn! – diýip, Meňli göwünjeň gopdy.
Menli ertesi gün dokumentlerem, beýleki gerek kagyzlaram dolduryşdyryp, Gurbangula getirip berdi.
Gurbangulynyň bu gyza göwni ýetdi. Meňli hem owadan, hem juda sadady. «Wah, durmuşda ine, şeýle gyzlara gaty kyn bolýar» diýip, ol dözmezçilik bilen oýlandy. Köňlünde bolsa, bu mähriban gyza onuň özüniňkidenem ulurak bir ýagşylyk edesi geldi durdy.
– Şu iki gyz bar-a, şolaryň saňa yhlasy uly – diýip, gyzlaryň Gurbangula bolan gatnaşygyny synlap ýören ýaşuly aýtdy. – Ylaýta-da şularyň Jemal diýeni bar, şol gowuja. Sen şony sypdyrma. Gepi-sözi ýerinde, akylam bar, görk-görmegem. Iki gündenem alym boljak...
– Ol öň durmuşa çykan ýaly görünýär-le, Müdris kaka! – diýip, Gurbanguly ýaşulynyň ýüregine salan tupanyna per bermänräk sorady.
Ýaşuly baş atdy.
– Student wagty obadaş oglanyna berýärler. Ojagaz oglanam Owganystanda wepat bolýar. Görgülijigiň dört ýyldyr, başy boş. Ýuwaşja. Adam bilen işi ýokdur.
– Meňli nähili?
Ýaşuly ýüzüni sallady.
– Meňliniň maşgala kemi ýok-la. Ýöne birazrajyk lellim görýän. Onsoňam halys sad-a. Näme diýseň ynanaýýar. Ýöne beýlekisi welin, şeýtanja...
Ýaşuly soň erkek adamyň ýalňyz gezip ýörmeginiň juda aýypdygyny, aýal adama has beter aýypdygyny telim-telim tymsal bilen düşündirip başlady. Gurbanguly oňa hiç zat aýtmasa-da, ýaşuly bu ýigidiň başyna düşen günleri Göki molladan eşidipdi. Şonuň üçin goja bu ýigidiň, hem alnynyň-bagtynyň açylyp giderini isleýärdi.
– Şeýt, oglum. «Alyberseň aýal bolar, gonuberseň ýurt bolar» diýipdirler, könelerimiz. «At aýagyň astynda agsamasyn». Magtymguly babaň: «Aýalsyza eşret ýokdur, dönseň hökmi Süleýmana» diýendir...
Gurbangulynyň özüniňem syny Jemala oturman duranokdy. Jemaly asylly, agras görýärdi. Ol öýüne baransoňam, bu iki gyzyň, ýaşulynyň aýdan nesihatlarynyň oýuny edip, nahar atarman, gury-gurak garbanyp ýerine girdi. Asyl, ýeke bolansoň, onuň işdäsem ýokdy, keýpem.
Işik kakyldy. Krowatyň üstünde bulaşyp ýatan Gurbanguly goňşy oglanlaryň biri gelendir öýtdi. Ýatan ýerinden «Giriber» diýip gygyrdy.
Işik açyldy-da, soň ýene ýapyldy. Içeri garaňkydy.
– Geliber! Ol ýerinden turup, stol lampasyny ýakdy.
– Mümkinmi?
Gurbanguly tisginip giti. Aýal adamyň sesi onuň inini düýrükdirdi. Ol krowatyň üstüni eliniň ugruna sypaň-sermeň etdi-de, oturgyjyň arkasyna geýdirilen köýnegini egnine aldy.
– Gel, Menli!
– Meňli içeri girdi.
– Ýatyrmydyň, bimaza edäýdim öýdýän?!
Gurbanguly sypaýyçylykly ýylgyrdy.
– Öňde bir akyldar: «Gelipsiň giriber!» diýenmişin. Gel-de, geçiber!
Meňli degşen boldy.
– Wah, geçimiz ýok-da, tohlujyk bolsa beräýmesek...
Gurbanguly hem kem galmady.
– Meniň şu wagt goýmaga ýerim ýok, geçiňizi soň berseňem bolýar.
Meňli onuň sözünden kese many çykardymy ýa-da uzak degişmäge gep tapmadymy, ýylgyrdy-da oňaýdy.
Gurbanguly elektrik çäýnegi suwdan dolduryp gelende, gözüne ynanmajak boldy. Meňli sübse alyp. Içerini süpürip ýördi. Krowatyň üstüni, oturgyçlaryň aşagyny gül ýaly edipdir. Gurbanguly öz krowatyna haýran galdy. Haçan görseň düşegi eşegiň palaňy ýaly bir ýana agyp, ezenegini sallap duran krowat gupba ýalyjakdy.
– Azara galmasan-a, Meňli. Hany, otur, men özüm...
Meňli uýaljaňlyk bilen ýylgyrdy.
– Azary bormy, kyn däl-ä. – Gyz dikeldi-de, Gurbangula garady. – Ýuwmaly köýnekleriňem beräý. Men äkidip, arassalap getirerin. Özüň azara galyp ýörme.
Gurbangulynyň süňňi minnetdarlykdan dolup gitdi.
– Sag bol, sagja bol, Meňli! – Ol başga gep tapmady. Çaý goýdy. Meňli kartoşka arassalap, ony elektrik peçde kolbasa bilen gowurdy. Çaý demledi. Edil öz öýi ýaly baryp, holodilnigi açyp, içinden bir zatlar alyşdyrdy, bir zatlar goýuşdyrdy. Çäýnegi çaýkap, käseleri ýuwuşdyrdy.
Gurbanguly Magtymgulynyň «Aýalsyza eşret ýokdur, dönseň hökmi Süleýmana» diýen setirlerini ýene-de ýadyna saldy. Birdenem Patma bilen ýaşan ilkinji süýji günleri göz öňüne gelip gitdi. Bu agşamam şol günlere meňzeýän ýaly juda süýjüdi.
– Häli, «Dokumentlerimi tabşyrsammykam-tabşyrmasammykam?» diýýän ýaly edip ýaýdanyp duransoň, gaýdyberdim. Erkek adamlar dokument toplamaga, nobata durmaga, nahar taýýarlamaga, içeri ýygnamaga çydamsyz bolýarlar. Ine, içerden bu eýýämde nahar ysy çykmandyr a. Aýallar welin, ony agyr iş bilenok. Keýpine edip ýörler... Eger dokumentleriňi tabşyrmagy kyn görseň, maňa ber, özüm tabşyraýaryn...
– Barybir, ertir öz dokumentlerimi tabşyrjag-a...
– Sen özüň nireden? – diýip, Meňliden minnetdar bolup oturyşyna gyzyklanma bilen sorady.
– Baýramalydan, özünden. Kakam sanatoriniň baş wraçy, ejemem wraç, şol ýerde. Doganlarym bar, üç erkek, iki aýal dogan... Men altynjy. Özümem iň körpeje. Şonuň üçin maňa Altynam diýýärler. Dokumentde-de şeýle. Ýöne soň Meňli bolaýdym...
Gurbangulynyň bu gyzyň gürrüňlerini diňläsi gelýärdi. Öz içerisine yssylyk getiren maşgalanyň gürrüňleri oňa hoş ýakýardy. Şonuň üçin ol üýtgeşikden-üýtgeşik sowallar berýärdi.
– Sen näme üçin dilçi bolduň?
Meňli owadanja ýylgyryp, çaý içip oturyşyna höwes bilen jogap berýärdi.
– Sanatorä şahyrlar, ýazyjylar gelýädi-dä. On soň kakam olary öýe-de alyp gelerdi. Olar kakama kitaplaryny sowgat bererdiler. Oňa öwgüli sözler ýazardylar. Menem şol sowgat berlen kitaplaryň ählisini okaýardym. Soň kurortda ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyk bolsa-da, poeziýa agşamlary bolsada, ejem bilen bileje giderdik. Şeýdip, edebiýaty gowy görenimi duýman galypdyryn. Onsoňam, kakamyň bir dosty bardy. Ol adam uniwersitetde işleýärdi. Özem her ýyl aýaly bilen kurorta barardy. Bize-de kän gelerdiler. Şonda: «Meňli gyzymy özüm unwersitete salaryn» diýer ýörerdi. Şol gulagymda galypdyr Orta mekdebi gutaryp, aldym-da uniwersitete dokumentlerimi tabşyraýdym. Ol wagt girmek beýle kynam däldi. Aňsatja girdim. Soňam gowy okadym. Aspirantura ekzamen tabşyrdym. Ýöne konkursdan geçip bilmedim. Institutda işlemäge galaýdym. Işläp ýörenime bir ýyl bolup barýar...
Gurbanguly soň Menlini ugratdy. Bu ýüpek ýaly ýakymly, gowy gyz Gurbangula şeýle tiz öwrenişdi. Göwnüne bolmasa, Gurbanguly Meňli bile gürleşenden soň, kalby arassalanýan ýaly duýgyny başyndan geçirýärdi. Onuň neresse çaga ýaly sadalygy, päkizeligi, göwnüniň arassalygy söhbetdeşiniňem ähli günäsini sogaba öwrüp duran ýalydy.
Meňli käte Gurbangulynyň açaryny alýardy-da, onuň içersini gül ýaly edýärdi, nahar taýýarlap goýýardy. Bu Gurbangula şeýle hoş ýaksa-da, ol Meňli üçin gorkýardy. Iliň gözünden, iliň dilinden çekinýärdi. Iň bir ýaman ýerem, onuň göwni, nämüçindir, Jemal diýip atygsaýan ýalydy. Şonuň üçin bir gün öýüne Jemal gelende, onuň tas ýüregi ýarylypdy.
– Jygyldyga gitdim. Maşynam ýok, onsoň pyýadalap gaýtdym-da, sowulaýdym – diýip, Jemal näzlije ýylgyrdy. – Howanyň sowujakdygyny!
Ol buza dönen ellerini getirip, sen ýok-men ýok. Gurbangulynyň ýaňagyna degirdi. Gurbanguly ýylgyryp durşuna:
– Ýaman sowuk-laý! – diýip, onuň ellerini aýasyna aldy. Soňam utançdan ýaňa gyzyl burç çalnan ýaly bolan ýüzüni gizläp, gapdala garady.
– Sowuk bolsa, burça dönüp durma-da, gyzdyr-da!
Ol Jemalyň elini goýberdi. Soň «Ol juda üşäp gelendir» diýen pikir bilen çaý goýmaga ylgady. Çaý gaýnansoňam, tapan zadyny orta goýdy.
– Söýgüliň gelenokmy? – diýip, Jemal oturgyçda surat ýalyjak bolup oturyşyna, gözüni gypyp sorady. Gurbanguly ör-gökden geldi.
– O neme diýdigiň? Kim ol meniň söýgülim?!
Jemal oňa: «Baý, munuň bilmedik bolaýşyny at oýnatma» diýen manyda gözlerini süzgekledip garady
– Menliň!
– Meňli? – Gurbanguly garaçyny bilen haýran galdy. – O nähili meniň söýgülim?
– Iller aýdýar.
Gurbangulam kem galmady,
– Aý illeri goýsan-a Iller-ä «Jemal sen diýip ölüp ýatyr» diýibem aýdýarlar.
Jemal dodagyny çöwürdi.
– Haý, haý, ýalan sözleme. Il-ä Jemalyň adynam tutýan däldir. Biziň-ä ýadymyza-da düşeňok, seň-ä.
Gurbanguly ony saçagyň başynda zordan oturtdy.
– Stol barka, näme üçin ýerde çaý-nan içýäň? – diýip, Jemal geň galan boldy. – Nebir köýnegimi zaýalap...
Gurbanguly ýene degişdi.
– Öz köýnegimi beräýeýin!
Jemal gatam görmedi, ýylgyrmadam.
– Gel, köýnekleşip durmaly-la, bormy?
– Bor.
Gurbanguly ýaman utandy. Ol utançdan ýaňa birneme derledem.
– Hany, gür ber-ä, öz ykbalyňdan diýip, Jemal çaýy göwünsizräk içip oturyşyna, gep ugruna soran boldy. Gurbangulynyň keýpi gaçypdy. Ol şu meselä dolanmaga kes-kellämi garşy boldy.
– Aý, köne saman agtarmaýyn-la. Gowusy, jygyldykda näme bar-näme ýok, şondan gürrüň bersen-e.
Jemal elini salgap goýberdi. Ýöne gürrüň bermedi. Käsesine çaý guýdy-da, Gurbangulynyň ýüzüne garady.
– Sluşaý, bir zada kömek bersen-e. – Jemalyň ýüzi açylan ýaly boldy. – Ýolbaşçymy çagyrjak-laý. Ýer tapamok...
– Nirä?
– Nahara! Ol maňa ýaman kän ýagşylyk edýär. Sluşaý, hiç gaýtaryp bilemok, onsoň ne udobno. Restorana gitmäg-ä, gepden çekinýän. Öýde-de gaýnym bar. Olaryň öýüne-de yzyma erkek tirkäp barsam, ogullaryny men öldüren ýaly boljaklar.
Gurbanguly Jemalyň dilini halamady.
– Menden näme kömek gerek?
Jemal käsesindäki çaýyna güýmenen boldy.
– Seniň jaýyňda üýşeliň. Içgi, et, beýleki ähli zat menden. Naharynam öýde bişirip geleris...
Gurbanguly üçin bar zat henizem garaňkylygyna galypdy.
– Men düşünmedim. Men öýden gitmelimi, ýa menem oturmalymy?
– Birinji sapar oturmaly. Üçimiz oturarys. Gerek diýseň Meňlinem çagyraly. Ýene oňa men çagyrýar diýme. Özüm çagyrýan diý. «Direktor meni işe aldy, bäri gel edýän» diý. Ýogsa, ol ýeňil gyz. Içinde syr saklamaýar. Men iliň dilinden çekinýän. Sähel myş bolsa: «Direktor Jemal bilen pylanmyş» diýerler. Bormy?..
Gurbanguly ýaýdançly gürledi.
– Bu ýer bir umumy ýaşaýyş jaýy, Jemal. Akademiýanyň sallakhanasy. Direktor bu ýere gelermikän?
Jemal juda ynamly gürledi.
– Sen bir «bor» diý. Galany bilen işiň bolmasyn. – Jemal sözüni jemledi-de, oturgyja geçip oturdy. Gurbanguly myhmanyň ýanynda saçagy ýygnajagynam-ýygnamajagynam bilmedi.
Jemal güni ýaşyryp öýüne gaýtdy.

* * *

Akademik diýen güni Gurbangulynyň ýanyna geldi.
– Hany?
Gurbanguly «Girişi», aýdylan makalany akademige gowşurdy. Akademik duran ýerinde, gözüne äýnegini dakyndy-da, her sahypa göz aýlady. Dik duran ýerinden «Girişe» birki sany bellik etdi. Makalany bolsa öz portfeline saldy.
– Girişiň bolupdyr. Makala-da gül ýaly. Ony özüm «Habarlardaky» oglanlara gowşuraryn. Şu gün aýyň näçesi?
– Ýigrimi bäşi!
– Belle: indiki aýyň bäşine «Kökleri we şahalary» ýazyp getirersiň. Şol boýunça-da ýene bir makalanam ýany bilen...
– Bor! – Gurbanguly akademigiň eline ýene-de bir makala berdi.
– Ýoldaş mugallym, şunam okap berseňizläň, bolýarmy-bolanokmy?!
Akademik makalanyň her sahypasynda gözlerini bir sekunt diýen ýaly sägindirdi-de, Gurbangulynyň ýüzüne garady.
– Galamyň barmy?
– Ruçkam-a bar.
Akademik birinji kagyzdan üç, ikinjiden iki, üçünjiden hem iki sözlemi kesdi. Şularyň bary bir minuta ýeter-ýetmez pursatda bolup geçdi. Ilki «Sözbaşysyny okar-da, portfeline salar-ow» diýip oýlanan ýigit, elindäki makala gudrata garan ýaly bolup aňkaryldy.
– Gaty dogry. Gowy makala. «Prawda» gazetine iber. Başga ýerden netije bolmaz. Yzyndaky iki sözlem gerek däl. Akyla gulluk et, duýga özüni gurban etme. Sen punktuasiýa üns ber. Manysy tekiz, Azymowyň kitaby bardyr. Soň gerek bolar, şony aldajyk okaber...
Gurbanguly utandy.
– Walla, bir minutda on ýalňyşymy tapdy. Iki minut dagy okan bolsa näderdikän? – diýip, ol Müdris aga-da aýtdy. – Bir sapar seretdi, gutardy...
– Hä, Garryýewmi? – diýip, Müdris aganyň hem dünýäsi giňäp gitdi. – Ol adam, oglum, Hudaýyň beren gudratydyr. Arman, harladyk-da. Bir ýylda ýüz kitaby çapa taýýarlap, ýüzüsine-de sözbaşy ýazyp, korrekturasyny okap, redaktirläp bilýärdi. Matematika, medisina, geografiýa, fizika, dil, edebiýat, taryh, arap, pars dili onuň ýanynda hiç zatdyr. – Ol ýylgyrdy. – Ol basylmankady öz-ä. Bir ýerde oturdyk. Bir matematik alym bardy. Türkmençe matematika kitabyny ýazan. Şol doktor bolupdy. Şoňa barypdyk. Uly-uly matematiklerem barypdyr. Urşuň yz ýanlarydy. Orsetiň, Ukrainanyň matematiklerem bardy. Şol ýerde-de dawa boldy. Täze bir meseläni çözmeli etdiler. Hemmesi synandy. «Ýaman kyn ekeni» diýip durlar. Garryýew ikimizem aýagujrakda otyrys. «Aý, bular dilçiler-laýt» diýip, bize ünsem berenoklar. Garryýew hem olaryň azara galyp oturyşyna dözmedi öýdýän. «Hany, getiriň bäri» diýdi. Soň äýnegini dakyndy-da, ýassyga-da bagryny berip işledi-işledi-de, hälkileň öňüne taşlap goýberdi. Ýaňkylar aňk bolup galdylar. Soň: «Aý, ol-a dilçi» diýenleriň jyňky çykmady. Ýöne «Ýoldaş Garryýew!» diýşip durlar. Ine, şonuň ýalydy ol. Arman, aýamadyk. Keseri gitdi-dä.
Gurbanguly begenji bar ýaly gürledi.
– Makalanam halady. «Prawda» gazetine iber. Bärkilerden netije çykmaz» diýdi.
Ýaşuly sesini çykarmady. Gurbanguly akademigiň diýenini etdi.
Ol makalanyň ady «Tozap barýan hazynady» dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň bir bölegini Golýazmalar institutynyň ýerzemininde tozap, ýok bolup barýandygyny janagyrylylyk bilen ýazypdy. Şeýle geleňsizlikde-de Sopyýewi günäkärleýärdi. Ýöne Garryýew Sopyýewiň adyny çyzypdy. Redaksiýadan hemaýat soralýan abzas bolsa galdyrylypdy. Iň yzynda Gurbangulynyň goly, adresi bardy.
– Wah, diýýäniň dogry-la, ýöne, oglum, saňa dogry düşünjeklermi-düşünmejeklermi, ine, şol belli däl – diýip, ýaşuly birneme gysyljagam boldy.
Öýe baransoň Gurbangulynyň özem köp oýlandy.
«Öňem-ä tankytdan agzym bişme kemim galmandy. Ýöne, ölüme höküm ediläýeniňde-de muny beýle goýar ýal-a däl. Halkyň baýlygy, ýekeje setiri ýitse, näçe aglanyňda-da gaýtaryp getirjek gümanyň ýok. Aý, onsoňam, başa gelenini görübermeli bolar-da!»
Gurbanguly makalany ýazmasa-da ýazjak däldi. Ýöne ol Sopyýewi ýamançyl görýärdi. Onuň hazyna golýazma ýaly mukaddes zada geleňsiz garap, ownuk-uşak işlere uly ähmiýet beren bolup ýörmesine jany ýanýardy. Ylaýta-da, Jemalyň «Direktory çagyraly» diýmesinden soň onuň bu adama bolan hormaty çat açan ýaly boldy. Sopyýewiň özem: «Çagyrjak diýen ekeniňiz. Şony şenbä goýaýalyň...» diýip, dillenip durdy.
Ol beýle çakylyklaryň düýbüni dury görenokdy. Näme diýseňem, göwnüne güman gidýärdi. Ýöne bir aýal maşgala ömründe ilkinji sapar haýyş edip duransoň, ýüzdenem geçip bilenokdy.
«Özüm şol ýerde bolsam-a Jemala şonuň dişini öturmerin, gelse gelibersin...» diýip, ol garagözelek, eýjejik gyzy Sopyýewden öler ýaly gabanyp oýlanýardy. Şenbe bolsa ýetip gelýärdi.

* * *

Jemal diýenindenem beterräk etdi. Bäş çüýşe aragy, üç çüýşe konýagy, üç çüýşe şampan çakyryny, işbil, her dürli gymmat konserwleri, bäş paçka şokolady bir nätanyş ýigit maşynly getirip gitdi. Adynam aýtmady.
– Gurbanmy sen?
– Hawa.
– Jemal iberdi, amanadyňy alawer-de, razy bol – diýdi-de, gelşi ýaly, oda gelen ýaly bolup gitdi. Sagat on birlerde bolsa Jemal bir jorasy bilen geldi. Soň stol, salat, nahar taýýar edip goýdular.
Sopyýew sagat on ikide geldi. Ol iýmek-içmekden mas ýüklenen stoly görüp begendi.
– Baý-bow, siziň çynyňyz öýdýän! – diýip, ol edil öz öýüne gelen ýaly bolup eşiklerini çykaryp, pižama geýdi. Soň krowatyň üstüne geçip, ýaňky ýere berdi.
Gurbangulynyň gürrüňi hiç alşanokdy. Onuň iki gözi Sopyýewdedi. Sopyýewiň iki gözi bolsa Jemaldady.
– Ýoldaşlar, stola geçeliň! – diýip, Jemal höküm edip başlady. – Direktorymyz bäri geçsin. Men onuň ýanynda. Ýazgül, sen Gurbanyň ýanyna geç...
Ýazgül ady özüne gelşipjik duranja, saryýagyz, inçemik, sap-sary ýogyndan uzyn saçy guşaklygyna düşüp duran gyzdy. Ol sesini çykarman diýlen ýerde oturdy. Direktor mawy gözlerini çyra ýaly ýaldyradyp, olary prožektor tutan ýaly edip, Ýazgülüň ýüzünde birsalym saklady.
– Bu gyz nirede işleýär?
– «Magaryf» žurnalynyň edebi işgäri – diýip, ol gyzyň özi aýdyp goýberdi.
Stola geçildi. Jemal direktoryň öňündäki ýaýbaň tarelka tapan-tupan zatlaryny salyşdyrýardy. Ol soň Gurbangulynyň ýüzüne garady.
– Başlaberiň...
Gurbanguly konýak bilen arak açdy.
– Kim näme içýär? – Hiç kimden ses çykmady. Ol şampan çüýşesini açjak boldy.
– Şony açma!
– Hä?
– Konýak guý, barysyna guý!
Gyzlar direktor aýdansoň seslerini çykaryp bilmediler. Dört rýumka-da konýak guýuldy.
– Hany, kim näme aýtjak? Bir zat diýiň-dä? – Direktor Jemalyň ýüzüne garady. Jemal ýerinden turdy.
– Şu gün biz bir gowy adamy myhman çagyrdyk Olam, Anna Sopyýewiç. Anna Sopyýewiç bizi öz ganatynyň astyna aldy. Biz şeýle ýolbaşçymyzyň barlygyna begenýäris hem buýsanýarys. Ol ýaş owadan akylly. Ol hemmeleriň, ylaýta-da institutymyzyň aýal-gyzlarynyň ýetip bilmeýän gözel ýigidi. Biz öz çakylygymyza geleni üçin oňa minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şu tostam şonuň saglygyna dik durup götereliň!..
Sopyýew begendi.
– Baý-buw, mun-a onaraýd-ow! – diýip ýerinden turdy-da, rýumkany bokurdagyna eňterip goýberdi.
Jemal hem «Aý näme bolsa şol bolsun» diýen görnüşde ýaýdanman rýumkasyny boşatdy. Gurbanguly baryp-ha bir wagt, Gara Garaýew bilen içeninden soň arak-şerap diýen zady agzyna-da almandy. Ol bu neşesini indi goýdum edip ýördi. Ylaýta-da ony ba- sanlarynda, «Waskany» görenindäki duýgular bu meselede onuň ýüzüni iki eli bilen dyrnaçaklap: «Içäýmegin-içäýmegin» diýýärdi. Ýöne ol arzysyny artdyrjagam bolmady. Guýanyny içdi.
Içeri ýyljakdy. Daşarda ýagyş ýagýardy. Emma öýüň içi jenneti ýadyňa salýardy. Stoluň üstündäki dürli-dümen zatlar, akly-gyzylly çüýşeler, owadan gyzlar Gurbangulynyň pikiriçe, Sopyýewiň böwrüni böwsüp çykmalydy. Ol welin henizem dymyp otyrdy.
– Guýlany düýbüne çenli içmeli! – diýip, Sopyýew owadan ýaňaklary gülgün öwsüp duran gyzlara garap aýtdy. – Ýazgül, hany, düýbünde goýman iç!
Ýazül öňküdenem gyzardy-da, rýumkasyny eline aldy.
– Men asla-da içemog-a!
– Ýazgül! – diýip, Jemal gözlerini oňa bakam alardyp goýberdi. – Iç, diýleni etsen-e...
Ýazgül näme diýjegini bilmän, ýuwduna-ýuwduna içdi.
– Ine, boldy – diýip, direktor aty çykan ýaly begendi. Gurbanguly oturyp bilmedi.
– Ýoldaş Sopyýew, şu golýazmalarymyz bar, şolary türmeden halas edip, ýokary çykarmasag-a boljak däl – diýip, mesawy gürrüňe başlap aýtdy.
Jemal ýene gaşyny çytdy.
– Gurban, şu wagt işiň gürrüňini goýsan-a. Häzir nähili otyrys! – Direktor sözlemese-de, onuň aýdýanyny ikelläp goldaýandygy bildirip durdy. Oturyp bilmän, konýagy Jemalyň özi guýup başlady. Soň direktora söz berdi. Direktor gysgajyk gürledi.
– Tanyşlyk üçin, dawaý. – Ýazgülem kän gürlemedi. Her kim Gurbangulynyň bir söz aýdaryna garaşýardy. Gurbanguly hem kollektiw üçin diýip goýaýdy.
Sagat dörtden işlände direktor eýwana çykdy. Jemalam onuň yzyna eýerdi. Ýazgül ýygrylyp otyrdy.
– Sen çykaňokmy? – diýip, Gurbanguly sözi nämeden başlajagynam bilmän, gepbaşy üçin soran boldy.
– Näme, ýanyňdan kowýaňmy? – diýip, Ýazgülem şeýtanja jogap berdi. – Üçünji artykmaç diýipdirler-ä. Bärde bolsa ikinjem kem boljak bolup dur.
Gurbangulynyň başy dumanlap durdy. Ol Ýazgülüň elini eline aldy.
– Sen owadan, Ýazgül!
– Aldama! – Ýazgülem ondan kem galarly däldi. Gurbanguly öz oturgyjyny gyzyň ýanyna süýşürdi. Soň ony gujaklady. Ýazgül eýwanda kellelerini çakyşdyraýjak bolşup gürrüňleşip duranlara garşyn garady. Soň başyny Gurbangula öwürdi. Gurbanguly özüne erk edip bilmedi-de, gyzyň ýaňagyndan ogşady.
Ýazgül sesini çykarmady. Ýöne ýuwaşjadan:
– Hemişe gyzy şeýdip ogşaýaňmy? – diýip pyşyrdady.
Gurbanguly gyzyl-çoga çümüp oturyşyna:
– Ýok, men ömrümde gyzy ilkinji sapar ogşaýan! – diýip, boýun aldy.
– Onda aýal ogşaýansyň-da, özüň-ä ökdeje görünýäň.
Gurbanguly humarly başyny gyzyň egnine goýdy.
– Men ýanan, Ýazgül, ýanan, düşünýäňmi?
– Ýuwaş, aýryl, seredýärler.
Gurbanguly başyny galdyrdy.
– Agşam galaý! Men ýeke...
Ýazgül sesini çykarmady.
– Bormy? Gürleşeris...
Ýazgül gözi bilen eýwany ümledi.
– Olary nätjek?
– Olar gider-da!
– Onda, indi kän içme, bormy?
– Bor!
Gurbanguly şondan soň ýeke owurdam içmedi. Ýazgüle-de guýmady. Ýöne Sopyýewiň welin, işdäsi indi açylypdy
– Hany, guýsan-a, guý!
Gurbangulynyň guýaryna howlugyp, onuň özi çüýşelere elini ýetirdi. Ilki bilen Jemalyň, soň Ýazgülüň rýumkalaryny arakdan doldurdy.
– Hany, seniň nemäň?
– Men içjek däl!
Rektor haýran galan boldy.
– Senmi içmeýän, içmänmi, oýunam edersiň! Meniň bu gyzlara güýjüm ýetenok. Saňa güýjüm ýetjek-le...
Gurbanguly il ugruna ýylgyran boldy.
– Me, sizem içiň! – Sopyýew rýumkalary dökän-saçan edip, gyzlaryň eline berip başlady. Içmedigi nätmeli?!
Gurbangulynyň başy aýlanyp gitdi.
– Hany, gowuja gürläliň!
– Içäýsen-e! – diýip, Jemal Gurbangulynyň ýüzüne naýynjar garady-da, «Direktor serhoş boldy, sen onuň bilen deň bolup oturma diýen manyda ümledi.
– Içmedigi...
Gurbanguly şu ýerde bolar-bolgusyz dawanyň turaýmagyndan ätiýaç etdi.
– Guý!
Direktoryň guşy uçan ýaly boldy.
– Molodis, men saňa öz elim bilen guýup berjek.
Gurbanguly guýlany bada-bat başyna çekdi.
– Ýene guý! – Ol özüne indi aragyň täsir etmeýänini duýdy. Gaýta, içdigisaýyn işdäsi açylýardy. Garbandygyça-da ýitiren gurbatyna gaýdyp geldi. Emma syr bildirmedi.
– Men tost aýtjak! Jemleýjini! – Sopyýew titreýän elleri bilen doly rýumkasyny ýerinden göterdi-de, soň öňki ornunda goýdy. – Men bir zat diýeýin. – Ol gyzlaryň ýüzüne garady. – Men, men bar-a, siziň ýolbaşçyňyz. Men sizi öz ganatymyň astynda saklaýan. Ýöne, ýöne, sizem meni öz ganatyňyzyň astynda saklaň. Biz bir bolmaly. Biz agzybir bolmaly. Diňe şonda, diňe şonda biz ýeňeris!..
– Ýöne şpiýona bolmarys saňa... – Gurbanguly onuň sözüni morta böldi. Sopyýew ona ünsem bermedi.
– Diňlesen-e! – diýip, Jemal närazy nazar bilen ona garady.
– Diňle, biz şonda ýeňeris. Onsoň, onsoň, Jemal, Ýazgül, Gurban bolup, aýda iki sapar şeýdip oturyşalyň. Düşnüklimi? Ömür geçip barýar. Ýaşlygy aýamaly dünýäniň hezilini görmeli. Ýaşamaly...
Ol ýerinden turdy.
– Şu tosty men Jemal üçin içjek. Ol owadan. Men onuň owadanlygy üçin içjek. Ol, dünýä ýaly owadan...
Sopyýew rýumkany başyna çekdi-de, soň goly bilen dolap alyp, Jemaly iki gaýta ogşady.
– Düşnüklimi?! Jemal dünýä ýaly owadan. – Ol eýwana çykdy. Gurbanguly onuň yzy bilen çykdy. Sopyýew Gurbangulyny gujaklady-da, onuň gulagyna demini üfledi. – Sluşaý, bu heleýleri indi näme etmeli?
Gurbanguly bu adamyň şondan gowy gep tapmajagyny aňýardy. Ýöne ol birden Jemaly bu adamdan gabanyp başlady. Ol eýwana-da hut şonuň üçin, Jemal şunuň ýanyna çykaýmasyn diýip çykypdy.
– Ýaşuly, dawaý, indiki sapar. Bu gezek bes edeliň. Bu ýeri umumy ýaşaýyş jaýy. Göz bar, gulak bar. Men-ä hiç welin, sizin abraýyňyza ýagşy däl. «Işgärleri bilen, onda-da ýaş gelinler bilen pýançylyk edýär» diýseler gowy däl...
Sopyýewiň myrryhy atlandy.
– Goý, diýsinler. Onuň bilen işiň bolmasyn. Özüm jogap bererin. – Ol ýumruklaryny düwdi. – Eger demlerini alsalar, baryny kowaryn, baryny. Bu obşit, meniň obşitim. Men olara nähili ýagşylyk edip, onam ýüzüme urjak bolsalar, men olaryň bajysyny s...
Gurbangulynyň bagtyna Jemal ýetişäýdi. Ol hoşamaýlap Sopyýewi içeri saldy.
– Jemal, indi turuşalyň! – diýip, Gurbanguly Jemaly gorjady. Ol – direktor. Beýtmäli...
Jemal näme diýjegini bilmedi. Sopyýew bolsa içeri girenden soň has mojugyna tutdy.
– Gurban, ol meniňki, olam seniňki! – Ol gyzlara ýeke-ýekeden barmagyny uzatdy.
Gurbanguly gysylyp başlady. Ol öýünde şeýle oturylyşygy gurany üçin öz etini özi çeýnäp ugrady. Häzir öýünem, myhmanlarynam taşlap, başyny alyp bir ýerlere gidesi geldi. Ol häzir gidibem biljekdi Ýöne Jemaly Sopyýewe galdyrasy gelmedi.
«Ahyryna çenli gaýrat et, Gurban! Sygryň guýrugynda pyçak döwme...» diýip, ol özüni köşeşdirýärdi. Emma damarlarynyň içinde ýüzüp ýören gahar başga bir oýunda möwjäp çykaýýardy.
– Gaýdalyň! – diýip, direktoryň özi stoluň üstüne goýan başyny galdyrdy. – Indi giç, gaýdalyň...
Ol hyklap-çoklap jalbaryny geýdi. Jemala garap birsalym durdy.
– Jemal, sen meni ugrat!
Jemal sesini çykarman, gazet alyp, agzy açylmadyk çüýşelerden iki sanysyny dolap başlady.
– O näme?
– Size para! – Jemal owadanja ýylgyrdy. Gurbanguly onuň ýylgyryşynyň ýürekden däldigini duýdy. – Konýak!
– Goý, goý! Ýene oturyşarys-a şu ýerde! Şeýle dälmi?!
Ýazgül stoluň üstünde pytrap ýatan gap-gaçlara dözmezçilik bilen garady-da: «Aý, soň ýygnarys» diýip, ýüzi hassanyňky ýaly solgun görünýän Gurbangula bakan ümledi. Jemal welin, iň bärkisi, stola bakan gaňrylybam bakmady. Ol Sopyýewiň galstugyny düzedip durşuna:
– Bol, gyz! – diýip, Ýazgüli gyssan boldy. – Gijä galdyg-a. Ol arwah «henizem gelenoklar» diýip, pisini aşyryp oturandyr.
Ýazgül koridora çykdy. Gurbanguly Sopyýewiň ýüzüne garap durmagy uslyp bilmedi-de, olam Ýazgülüň ýanyna çykdy.
– Sen gidiberjekmi? – diýip, Gurbanguly onuň gidenini kemem görmän sorady. – Galjak diýdiň-ä!
Ýazgül ýadaw gözlerini süzdi.
– Jemaldan sypyp bilmesem nädeýin? Sypsam, gelerin. – Ol üýtgeşik tamakinçilik bilen garady.
Soň ynjyly:
– Wiý, bu gyz çykman masgara edäýdi! – diýdi-de, işige garşy ýöredi. Gurbanguly baryp işigi dözümli çekdi. Işik açylmady. Içerden Jemalyň: «Waý, masgara, beýtme, degme!» diýip zarlaýan sesi eşidildi. Gurbanguly onuň «Waý, aýryl!» diýip, dözümli çykýan sesini eşidip, ýüregi jigläp gitdi. Ol sämäp duran başynyň dumanyna gark bolup işigi ýumruklady.
– Açyň!
Içerden birbada ses çykmasa-da, soň stoluň şakyrdysy, Jemalyň naçar, naýynjar sesi eşidildi. Gurbangulynyň ýüregi agzyndan çykaýjak boldy. Ol ýüreginiň töründen orun besläp ýören pynhan duýgularynyň talananyna bir ölüp bilmedi. Ol işigi ýene-de batly batly urdy, soň bolsa atylyp köçä çykdy.
Gurbanguly ýagyşly howada ikinji etažyň eýwanyna dyrmaşyp barýanyny duýdy. Eýwana çykyp, gözleri bilen krowatyň üstüni sermedi. Hiç kim ýokdy Ol gözi ýok ýaly bolup içeri ätledi. Ýerde, düşegiň üstünde Sopyýew bilen Jemalyň sermenekleşip ýatanyny gördi.
– Goýber, waý, goýber! Ýok, razy däl, degme...
– Jemalym, beýtme!..
Jemalyň bilinden aşagy elektrik çyrasynyň yşygyna akjaryp, öwrenje hudožnigiň çeken suraty ýaly bolup ýatyrdy. Onuň aýaklaram, ellerem esrän göhert ýaly bolup owsunýan gara göwräni saklajak bolup çytraşýardy. Sopyýewiň hem bilinden aşagy açykdy. Onuň egni, kellesi krowatyň aşagyndady. Şonuň üçin ol känbir dyzanyp bilenokdy.
Gurbanguly ýüregi ýarylan ýaly bolup aýaguja towusdy. Barybam Sopyýewiň dyzanyp-dyzanyp gidýän aýaklaryndan tutdy-da, zarp bilen özüne çekdi.
Sopyýewiň egni krowatyň aşagyndan çykdy. Gurbanguly gazabyna bäs gelip bilmän, oňa aýagyny aýlady.
Sopyýew ýylan ýaly towlandy-da, ellerini jalbaryna ýetirdi. Soň buruljyrady. Gurbanguly ony ezeneginden tutup galdyrdy-da, tumşugyna doňduryp goýberdi.
– Haramzada!
Sopyýew krowatyň üstüne gülçüldäp düşdi-de, birden janlandy. Ol ellerini daldalap, goranyş keşbine girdi. Ýöne Gurbanguly soň oňa elini uzatmady.
– Çyk öýden! «Duzuny iýip, duzlugyna s... haramzada. Çyk!
– Gurban jan, dogan jan, men oýun etdim. Gurban jan...
Sopyýew ýene bir zatlar samrady. Emma Gurbanguly ony eşider ýaly däldi.
– Çyk diýýän!
Sopyýew dikeldi-de, serhoşlukdan açyldy. Ol ganjaryp duran dodagyny aýasyna çaldy-da, gözüniň önüne tutdy. Soň dişini gyjyrdatdy.
– Sen maňa haramzada diýdiňmi? Sen maňa el gaýtardyň, hä?! – Ol ahmyrly gepledi. – Meniň seni natäjegimi bilýäňmi, doňuz?!.
– Boldy! Beýdişip durmaň! – Jemal elewläp başlady.
Direktor işigi şarkyldadyp açdy-da, gözüne taýak degen ýaly bolup, entirekläp çykyp gitdi. Soňam yzyna öwrülip, işigi zarply açdy-da, Gurbangulyny gözleri bilen çeýnäýjek-çeýnäýjek deý ýaryldy.
– Sen şuny ýadyňdan çykarma. Entejik hasaplaşmalyja ýeriň köp bolar. Şony ýadyňdan çykarma.
Ol gidensoň Jemal haly perişan bolup oturyşyna Gurbangula igendi.
– Bary senden. Ol eşeg-ä, baryny biderek etdi.
Gurbangulynyň gahary täzeden larsyldap gaýnady-da, bokurdagyny bogdy.
– Saňa el garjak bolanyň garnyny böwüsmedim. Şoňa janym ýanyp dur, sen bolsaň...
Jemalyň gaýgysy özüne ýetik bolara çemeli. Ol bu sözüň zarbyny duýmady.
– Men näme? Men bir gara maňlaý. Men bir gepe ýakyn. Indi meniň boýam syndy.. Hudaý meni garamaňlaý etmejek bolsa...
Ol aglap başlady. Gurbangulynyň bagtyna Ýazgül içeri girdi-de, Jemaly alyp gitdi.

29.

Akademik Garryýewiň tutumy zordy. Eýýäm ýazyň başynda Gurbanguly kandidatlyk işini ýazyp bolupdy. «Habarlarda» iki makalasy çap bolup çykypdy. Minimumlarynyň ikisini tabşyrypdy.
– Geljek alymlar sowetinde dissertasiýalary nobata goýmak barada mesele bolmaly. Oktýabr aýynda dissertasiýaňy gorarsyň – diýip, akademik aýdypdy.
– Gaty çalt bolmaýarmy mugallym? – diýip. Gurbangulam begenjini gizläp bilmän, ýarym degişme, ýarym çyn bilen aýtdy. Akademik ligirdäp duran gözlerini bir bölek köz ýaly edip, onuň ýüzüne basdy.
– Doktorlygy alty aýda goraýarlar. Kandidatlygy bolsa üç aýda. Ikimiz indi ýarym ýyl bäri süýrenişip ýörüs.
– Bäş aý!
– Goranyňda bir ýyl bolar. Men direktor bilen gürleşerin...
Akademik direktoryň adyny tutandan Gurbangulynyň ini jümşüldäp gitdi. Ol adamyň ýüzündäki kine, gazap edil Gurbangulynyň süňňünde aýlanyp ýören ýaly boldy.
Nämüçindir, Gurbanguly soňky döwürde bu adamdan gorkup başlapdy. Özüni ele alan wagty: «Etjegimi etdim, han-a, asman paýy, eňtersin depämden, gaýraty bolsa» diýibem oýlanýardy. Käte bolsa özi biderek ýere howsala düşýän ýaly bolýardy. Direktoryň onuň bilen işiniň ýoklugy baradaky duýgular ony birneme köşeşdirýärdi. Emma nähilidir bir howsala onuň erkini elinden alýardy. Onuň hem ençeme sebäbi bardy. Birinjisi, Jemalyň haýyşy bilen oturylyşyk guran agşamsyndaky ýagdaýdy.
Gurbanguly Sopyýewiň öläýse-de öz aryny goýbermejegini soň bilip galdy. Onuň tumşugyna degen ýumrugyň Gurbangulynyň ömrüniň oňurgasyny owratjagyny ol şol wagt gümanam etmändi. Soňkular bolsa olaryň üstüne urna bolupdy...
Şol günüň ertesi sagat onlarda Jemal Gurbangulynyň ýanyna düýn hiç zat bolmadyk ýaly, müýnsüz hem-de juda bagtyýar görnüşde gelipdi. Özem diýseň bezemendi. Düýnkiniň çaky däldi.
Gurbanguly bu zenanyň şu didaryna gowuşmak üçin uruşmak, onuň namysyny goramak-ha däl, duran ýerinde haýsydyr bir näkes bilen garpyşyp, Jemaly gorap ölmäge-de taýýardy. Ol öten agşam hem şu didary gorap, Sopyýewiň petigulusyny berenine buýsandy. Göwnüne bolmasa, Jemalyň hem pynhan minnetdarlygy onuň gözlerinden, juda mähirli ýylgyrmasymyň ruhundan bark urup duran ýalydy. Ol bu gelin-de özüne bolan üýtgeşik owsunjy duýan ýalydy. Ol bu gelniň häzirem öz islegini, raýyny çirkizmejegini aňýan ýalydy. Ýöne ony aýasy gelýärdi. Özüniň, şeýle hem bu zenanyň bagtyýarlygynyň çägini uzaldasy gelýärdi. Ol Patma bilek aýrylyşandan soň geçen bir ýyla golaý wagt bäri zenan maşgalanyň ysyny almandy. Ýekeligiň jebri-jepasy, ýaşlygyň, aýal maşgalanyň goýnuna çümmek baradaky tebigy islegiň ony heýjana getirýän çaglary az bolanokdy. Çünki bu ýerde iş beýle bir agyr däldi. Okalýan, ýazylýan zatlar bolsa heran-haçan duýgyňy ezip durdy. Onuň üstesine-de erkin, owadan, duýgusy dodagynda buldurap, burjulap duran gelin-gyzlar bilen işleşmek adamy onda da ýigrimi bäşiň dälijesi diýdirýän adamy ersdirýärdi. Zenana garanda onda pynhan-pynhan duýgular oýarýardy. Her niçigem bolsa, ol özüni saklap bilýärdi. Syryny ile ýaýman, kelç-külçsüzdi.
Emma Sopyýewiň bolşy ýadyna düşende welin, onuň jigeri jigirdege dönýärdi. Şol adamyň ahlaksyzlygyna derek onuň päk bolasy gelýärdi. Şol adamyň akmaklygyna derek onuň paýhasly bolasy gelýärdi Şeýdibem Jemalyň ähli ýitiren bagtynyň öwezini dolasy gelýärdi. Onuň synan göwnüni seýikläsi gelýärdi.
Jemalyň ýylgyryşynda birhili dirilik bardy. Ol şol ýylgyryşyň yzyna düşüp gitse, ahyrsoňy arzuwyna ýetjekdigini duýýan ýalydy.
– Açary bersen-e, ýygnaşdyraýyn...
Gurbanguly hiç zat soramady. Açaryny öz iň ýakynyna berýän ýaly, uly ynanç bilen onuň eline gowşurdy. Ýogsa ol öýde ýygnar ýaly zadyň galmandygyny öten agşam ýatman diýen ýaly gap-gaçlary ýuwup, ardyp goýandygyny bilýärdi. Içersem gül ýalydy.
– Özünem barjakmy?
– Baraýynmy?
Jemalyň ýüzi öňküdenem beter bägül öwüsdi. Ol owadan başyny täsinje bulady.
– Özüň bil. Baraý, işiň köp bolmasa ýene bir sagatdan, ýok, iki sagatdan...
Gurbanguly «bor» diýen manyda baş atdy-da, gözüni gypdy.
Ýöne Jemal gidensoň welin, onuň eli-eline gowuşmady. Ýüregi süýjüje tyrsyldady durdy. Indi Jemal onuň öýüniň içinde däl-de, onuň beýnisiniň içinde gezip ýören ýalydy.
– Öýe ýetendir! – diýip, ol duýdansyz oýlandy. – Işigi açyp bildimikä?
Gurbangulynyň eli işe baranokdy. Jemalyň mylaýym ýylgyrmasy, owadan didary, keçä degýän aýaklary, çäýnek-käsä degýän elleri, oturgyja degýän synasy, bu göwni garyp ýigidiň içersinde jülgä düşen Aý ýaly bolup ýalkym salyp ýörşi onuň tämiz duýgularynyň ählisini oýarýardy. Bir göwni: «Aý, naýynsap, içeriňde şeýle mukaddeslik garaşyp durka, sen bärde näme işleýärsiň, ýet öz bagtyňa gowuş...» diýýärdi. Başga bir owaz bolsa: «Sabyr et, birsalym dynjyny alsyn, öten agşam juda ýadady ahyryn. Onuň diýen wagtyndajyk baraý...» diýýärdi.
Ol gyssanmaçlyk bilen sagadyna garady. Sagat ýaňy on birdi. «On ikide bararyn!» diýip, ol süňňündäki galpyldyny basyp oýlandy. Şol arada kitaphana baryp geldi. Daşkentden gelen bir alym bilen ol ýerdäki Golýazmalar institutynyň ýagdaýy, onda türkmen edebiýatyna degişli materiallaryň barlygy-ýoklugy barada gürrüň etdi.
– Golýazmalaryňyzy goraň! – diýip, ol alym janykdy. Soňra ol türkmen edebiýatyna degişli goşgularyň, makalalaryň almaz bilen kesilip, golýazmalardan alnyp, gadymy çeşmeleriň haraplanýandygy barada zeýrendi.
– Ony kim edýärkä?!
Ýaşuly alym janykdy.
– Siziň şahyrlaryňyzyň golýazma goşgusy özbeklere, täjiklere gerek däl. Ogryny özüňizden gözläň...
Gurbangulynyň haýýaty göçdi. Göwnüne bolmasa, fontdaky golýazmalaryň içi arym-arym bolup ýatana döndi. Ol alym bilen hoşlaşan badyna ýerzemine eňdi. Baryp käbir, juda gymmatly hasaplanylýan golýazmalary waraklap gördi.
Bolsa-da, onuň görejine deňäp ýören golýazmalaryny, diwanlaryny iki aýakly «güýe» dalamandyr.
«Juda sak bolmaly. Daşkentdäki golýazmalary parçalaýan bolsalar, şu ýere-de ýeter olar. Öwrenilen gylykdyr... Ol bu pikirini gyzgyny bilen Müdris aga-da aýtdy.
– Golýazmalary hut kakamyz görden çykyp gelse-de, gol çekdirmän bermeli däl, Soňam pugta barlap almaly.
Müdris aga onuň bu pikiri bilen ylalaşsa-da, başga bir ýagdaýy hem aýtman galmady.
– Köşek, öz deňiň adamlary haçana çenli barlap ýörjek?! Saňa gerek zat, seniň nesliňe galmaly zat onuňam nesline galmaly ahyryn. Heý, ynsap diýen zat oýanmazmy olarda, köşek ahyryn...
Gurbanguly bir ýagdaýy bilýärdi. Üçünji kursda okaýarkalar «Çeper tankyt hakynda» diýen belli Karar çykypdy. Haýsy zaçýot, haýsy ekzamen bolaýsyn, ilki bilen soralýan şol Karardy. Ol Karar bolsa hiç kitaphanada-da ýokdy. Gazet-žurnallar bardy. ýöne şol Karar baryndan almaz bilen kesilip alnypdyr. Ol ahyrsoňy paltasy daşa degip. oglanlaryň ýanynda şol Karary tapmaýandygy barada zeýrenipdi.
– Senem-äý, şonam gep edip ýörsüň, Çaryýew Çalanyň ýanyna bar, onusy geregem bolsa tapyp bersin – diýip, kursdaşlarynyň biri aýtdy. Ol, tüweleme. arhiw-ä!
Gurbanguly Çalany tapdy. Ýöne ol adamyň işine agzyny açyp galdy. Çala arhiw diýseň arhiwdi Ol Leniniň tomlaryndaky edebiýat barada aýdylanlary, belli Kararlary, Plenumlaryň gazetlerde çap edilen Kararlaryny, ekzamen alýan mugallymlaryň makalalaryny çekerine küt-küt edip basyp goýupdyr.
– Sen bulary näme üçin beýdýäň?
Çala kursdaşynyň gaharynyň gelenini aňsa-da, degişmä salan boldy.
– Men özüm üçin edemok-how! Siziň aladaňyzy edýän. Geregiň Karar bolsun. Me...
Gurbanguly almady. Ýöne şeýle çykybam gaýtmady.
– Men Karar diýip gelemok, Çala. Bir naýynsap ähli gazet-žurnaldaky Karary gyrkyp alypdyr. Şonuň kimdigini rektorat, kitaphana işgärleri gözläp ýör. Döwlet kitaphanasynda sen üç gazete ýazylypsyň-da alypsyň. Şolarda-da Karar ýok. Iller şol haramzadaçylygy sen edensiň diýýärler. Men ynanmadym. «Sen eden dälsiň» diýdim. Ine görsem, il ýalan aýtmaýan eken... Sen nähili jenaýat edeniňe düşünýäňmi?
Çalanyň azaryna hem däl.
– Goý, gözlesinler. Näme, men ýyrtdy diýjek bolýaňmy?
– Dagy kim?
– Subut etsinler.
– Ine, subutnama! – diýip, Gurbanguly desselenip duran kesindi makalalary görkezdi.
Çala elini silkip goýberdi.
– Barsan-aýt, men olary obanyň kitaphanasyndan kesip aldym diýerin...
Şonda Gurbangulynyň bir janynyň ýanany galypdy. Çala oňa diýmesizini diýip, masgara etdi. Gaýta Gurbangulynyň komnatyndaky oglanlar hem: «Seniň näme işiň bar? Degme etsin. Bize-de peýdasy bar. Kitaphana gidip ýörmeli däl» diýip igendiler.
Şondan soň kitaplaryň, gazetleriň, žurnallaryň kurslarda geçilýän makalalaryna talaň düşdi. Bir günem Çalanyň Brežnewiň «Saýlanan eserlerinden» bir makalany almaz bilen kesip durka ele düşenini, uniwersitetden kowlanyny eşidip galdy. Gynandy. Çalany pälinden gaýtaryp bilmänine ökündi. Ine, bu gün bolsa özbek alymy onuň bir wagtky ýarasyny täzeledi.
– Onda-da biz bir berk bolaly, Müdris kaka – diýip, Gurbanguly janykdy. Müdris aga bu ýigidiň howsalasyna düşünip otyrdy. Şonuň üçin sesini çykarmady. Ol işige garady. – Gel, gyzym, gel!
Işigiň agzynda Meňli ýylgyryp durdy.
– Sa-lam! – Ol mylaýym ýylgyrmasyny güjeňläp durşuna elindäki paketi hallanlatdy.
– Geçiber, gyzym!
– Aý, näbileýin, geçisi barmyka? – diýip, Gurbanguly degişdi. – Goýny dagysy bolaýmasa...
– Obad-a tapylar, kwartiramda-ha geçimem ýok, goýnumam. Juda zerur bolsa, oba habar edäýmeli bolar-da – diýip, Meňlem degişdi. Ýöne ol ýylgyrsa-da, häziriň özünde telegrafa baryp: «Geçi ýa-de goýun iberiň!» diýip, enesine-atasyna habar iberäýjege meňzemänem duranokdy.
Meňliniň gelmegi Gurbangulynyň ýadyna Jemaly saldy. «Ol maňa garaşyp oturandyr-a» diýip, ol süýjüje oýlandy. Sagadyna garady. Bir bolmaga sähelçe galypdyr. Ol howlukdy.
– Häzir äkitjekmi, ýa özüm elteýinmi? – diýän, onuň bilen bile daş çykan Meňli sorady. Gurbanguly gyzyň sowalyna düşünmedi.
– Nämäni?
– Eşikleriňi arassaladym-a!
– Soň, Meňli, häzir işim kän. Juda howlugýan. Işiň ahyrynda özüm bararyn...
Gurbanguly gözüne urlan ýaly bolup öýüne gaýtdy. Onuň üçin häzir dünýäniň ähli eşreti öýdedi. Ol iýmän-içmän, Jemal bilen degşip-gülşüp oturmaga taýýardygyny duýdy.
Jemal onuň köňlüne şirin öwüsgin bolup kürsäp giripdi.
Ol işigi itdi. Işik içinden gurulgydy. Ol gapyny batly-batly kakdy.
– Kim? – diýip, Jemalyň sesi eşidildi.
Gurbangulynyň ýüregi jigläp gitdi.
– Men, Jemal, açaý! – Gurbangulynyň sesi endiräp eşidilen ýaly boldy. Ýöne işik açylmady. Içerden hümürli eşidildi. Özem erkek adamyň hümürdisi...
– Açyň!
Işik birsalymdan açyldy. Gurbanguly agzyny öweldip galdy. Eýwanda Sopyýew çilim çeken bolup durdy. Özem bihaýalyk bilen ýylgyran bolýardy.
Gurbangulynyň ýüregi larsyldap başlady.
– Güm boluň, haramzadalar!
Ol Jemalyň ýüzüne-de garamady. Sopyýewiň alkymyna dykylyp bardy.
– Seniň päliň azypdyr. Sen iliň gül ýaly maşgalasyny azdyrsaň, il seniň gyzyňy parçalar...
Sopyýewiň ýalandan gülümsireýän gözleri birden petredi. Onuň ýüzi üýtgäp, dodaklary kemşerip gitdi.
– Eý, däli, sen diliňi sala goýberme. Iliň gyzyna, gelnine ýetiberseň, diliňi eddil, gömeýinden sograryn...
Gurbanguly horaz ýaly hüžžerildi.
– Sen meniň s... sograrsyň!
Sopyýew saklanyp bilmän, goluny Gurbangulydan aýlady. Onuň agyr eli güpülap işige degdi. Ol bar gazabyny:
– Duruber, men seniň bajyny ýakaryn! – diýen sözden çykaryp oňdy. Oňa çenlem Jemal olary aralady.
– Goýaweriň, obşitde bolup durşuňyz näme? Il näme diýer?
Gurbangulynyň tütäp duran tamdyry lowlap ýanyp başlady. Ol agzyndan näme çykanyny bilmedi.
– Sen bir gapylsan-aý, loly! Seniň tüti-tütiň bu ýerde artykmaç. Bar, aňyrda şaýrat...
Jemal iki eli bilen ýüzüni tutup, dazyrdap otagdan çykyp gitdi. Sopyýew hem şaýatsyz galany üçinmi ýa-da ol gelne dözmedimi, ýa Gurbangulydan çekindimi, Jemalyň yzy bilen daşary ýumlukdy.
– Siziň eliňiz degen gap-gajam durmasyn şu ýerde – diýip, Gurbanguly stoluň üstünde çaşyp ýatan gap-gaçlary hapa guýulýan bedrä gahar bilen eňterdi.
Şondan soň Gurbanguly iki aýlap ne direktory gördi, ne-de Jemaly. Ýöne üçünji aý diýlende direktor ony ýanyna çagyrdy.
– Sen näme hokga çykarýaň? – diýip, Gurbangulynyň sypaýyçylyk üçin beren salamyny alman, asyl onuň ýüzüne-de garaman gykylyklap başlady. Gurbanguly arkaýyndy. Institutda biri işlese, olam işleýärdi. Erbetlikde ady çykanokdy. Şonuň üçinem ol müýnsiz gürledi.
– Men-ä, ýaşuly, näme hokga çykaranymy bilýän däldirin.
Megerem, Sopyýew şeýleräk jogaba-da garaşan bolara çemeli. Ol çekeriň gözünden şapbat ýaly kagyzy çykaryp, gütledip stoluň üstünde goýdy.
– Onda munyň näme?!
Gurbangulynyň başy-gözi aýlanyp gitdi. Soňky wagtda institutda adyny goýman, şyltakly arzalar ýazylyp başlanypdy. Ol şeýle arzalaryň birini özünden görýändirler öýtdi. Şol duýgy bilenem ol kagyzy garbap aldy-da, gözüniň içine sokaýjak ýaly edip, ony bir demde okady.
– Näme, eýse ýalanmy? – diýip, az-kem köşeşip sorady.
Sopyýew gowurlan dodagyny ýalady.
– Sen, sen «Ýalanmy?» – diýip, näme, instituty ýamanlap ýörmeden başga işiň ýokmy? Seniň bizi «Prawda» gazetine ýamanlamakdan başga işiň gutardymy? Sen näme, bu ýere loly heleý ýaly, gybatymyzy gezdirmäge geldiňmi?
Gurbanguly ýylgyrdy. Häzir direktora jogap bereniň, onuň bilen gygyryşanyň bahasy gara şaýydy. Ol häzir görenokdam, eşidenokdam.
– Men, birinjiden-ä, loly heleý däldirin, sözlejek sözüňi bilip sözle. Ikinjidenem, siziňem sözüňiz, meniňem ýeke-tak işim golýazmalar. Şol golýazmalar zyndandan çykmasa, ol-a «Prawda» eken, Gapurowa, Brežnewe çenli ýazaryn. Jaý tapmasaň, öz kabinetiňi aldyraryn. Barybir, edýän işiň ýok. Gury, nebir kabineti saklap otyrsyň...
– Galamyň tükenýänçä ýaz. Meniň ýerim ýok, jaý bersinler, her golýazmany bir otagda goýaýyň...
Işik açyldy. Akademiýanyň prezidenti iki sany rus adamsyny ýanyna alyp içeri girdi.
– Salam!
Sopyýew ýüzüni mylaýym keşbe getirip, agzyndaky hapa sözleri çaýkap ýuwudýança, prezident geçip oturdy.
– Näme, maslahat geçirýäňizmi?
Sopyýew bir prezidentiň, bir-de myhmanlaryň ýüzüne ýylymsyrap garady. Gurbanguly bu adamlaryň gürrüňine päsgel bermezlik üçin çykyp gitjek boldy.
– Bu oglan kim?
Sopyýew gaýta-gaýta ýuwdundy.
– Bu awtor, şol oglan.
Prezidentiň ýüzi sallandy. Ol ýere garap gürledi.
– Myhmanlar «Prawda» gazetinden. Seniň ýazan makalaň bilen gyzyklanyp gelipdirler. – Soň ol myhmanlara garap Sopyýewi, Gurbangulyny tanyşdyrdy. – Şol hatyň awtory, Sapargulyýew, kiçi ylmy işgär.
Myhmanlar «Dargap barýan hazynany» görmäge döwtalap boldular. Sopyýewiň welin ruhy öçükdi. Ol öz essinde däldi.
Ýerzemine düşülenden prezident üsgürinip başlady. Fonda-ha ol diňe başyny görkezdi-de, daşary bakan ylgaýdy. Müdris aga-da bassyr-ýussur edip durmady.
– Nebir hazyna tozap barýar, köşekler. Şunuň tozanyndan men-ä inçekeselli boldum. Olam owarram köşek, bu bir adamzadyň aklynyň nury, eýesi ýok. Indem tozap ýok bolup barýar!.. – Ýaşuly agyr üsgürdi. – Men ölsem, ýene ogul dörär, mendenem akylly, mendenem sagdyn ogul bolar. Emma bu hazyna ýitse, ony Hudaýyň özem gaýtadan döredip bilmez...
Myhmanlar hem ýüzlerini ak tam edip, çaltrak daş çykanlaryky kem görmediler. Prezidentiň ýüzi gaharlydy. Ol Sopyýewi çeýnärli göründi. Emma özüni saklady.
– Şu gün göçüriň. Häzir başlaň. – Sopyýew digdenekläp durşuna güňlenç gürledi.
– Jaýymyz ýok.
– Kabinetiňi boşat-da, şoňa tekje ýasadyp göçüriň. Kabulhanaň bilen ikisine ýerleşer.
Sopyýew hykgy-çokgy etjek boldy. Prezident onuň näzini çekerli däldi.
– Sopyýew, sen jögi aýal ýaly dänjikleme. Sen maňa gan ýuwutdyrýaň, gan. Öýlän habarçylar gelip görerler. Şonda bular bir gep tapaýsa, düşün, sen meniň iki dogup bir galanym däl, gümüňi çekerin... – Ol Gurbangulyny görkezdi. – Ýerine şol oglany goýaryn welin, gül ýaly eder. Özüň-ä bir çöňňe kandidat, bisowat dikdüşdi, şonda-da instituta direktor edip saýlap ýörün. Utanç ýok sende, heleý kowalap ýörmeden başga bitirýän goşuň ýok seniň.
Akademiýanyň prezidenti gitdi. Direktor öliniň reňki uran ýüzüni kese-kese sowup, ýerzemine eňdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: