19:18
Çilimkeş
ÇILIMKEŞ

Her zaman gol salyp, kisesin barlap,
Köp dünýäsi bara meňzär çilimkeş;
Yzzat bilip, bir-birine hödürläp,
Geň tagamy bara meňzär çilimkeş.

Bir oba gelende, götinläp durar,
Hemrasyny egläp, ýolundan burar,
Aza-köpe baryp, özüni urar,
Zerur işi bara meňzär çilimkeş.

Içinden urnukdyr, zor berip seplär,
Ýere elin berip, egiler, toplar,
Ol aýyt çagynda «suw» diýip geplär,
Bir ýetmezi bara meňzär çilimkeş.

Bir ajy tütüni içine salar,
Aklyny, huşuny, güýjüni alar,
Keýpi çoh gelende, syryny aýar,
Maslahaty bara meňzär çilimkeş.

Magrupy diýr, aýtsam çilim şanyna,
Ülpetleri köp ýygylar ýanyna,
Zyýany köp bolar güýç, imanyna,
Bir kysym gedaýa meňzär çilimkeş.

Gurbanaly MAGRUPY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Mahymm | Теги: Gurbanaly Magrupy | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: