08:22
Söýgi -9/ romanyñ soñy
XIV

«Çagaly öýüň syry bolmaz.»
Nakyl.

Gök maşyn güzüläp «Kupalka» ýetdi,
Gerek ýükün çalşyp, ugruna gitdi.
Düşdi şu maşyndan agras bir adam
Ene Günbatara urdy ol gadam.
Obadan geleni daşyndan belli,
Aýagy ädikli, egni kitelli,
Sur bagana telpek onuň başynda,
Ordeni, medaly kändi döşünde.
Ýanynda bar ýüki ýeke horjuny,
Düşende egnine atypdy ony.
Ol uzak ýöremän, saklandy birden,
Ser saldy daşyna durup şu ýerden.
Şäheriň bu çeti tanyş däl belki,
Ugraman hiç tarap, ýaýdandy ilki.
Soňra uly ýoldan saga öwrüldi.
Bu wagt şapaklap Gün-de gizlendi.
Meňzeş bir-birine jaýlaryň bary,
Asfaltly köçäniň ýokdy diwary,
Onuň ugry bilen iki ýan garap,
Barýardy ol kişi ýuwaşja ýöräp.

Bir jaýyň öňünde gyzlary görüp,
Sorady bir zatlar ýanlarna baryp.
« – Hä, Ogulnabatmy, hawa, şu taýda.
Ýörüň, görkezeýin hol uly jaýda,
Öýdedir, öýdedir, ýaňja-da bardy,
Ejes-ä bir ýerik gitjek bolýardy.
– Tejenden... Öňki ýyl...
– Hawa, şoň bilen,
– Şu gyzlaň hemmesi obadan gelen.
– Oňa-da, maňa-da ýene bir ýyl bar.
Ýaňyja ýalakdy, gutaryp barýar...»

Ýeten wagtlary jaýyň deňine,
Ýaňky gyz ýaşulyň düşüp öňüne,
Uzyn koridordan çepe öwrüldi,
Çetdäki bir tamyň işigne geldi.
Gapyny çalaja kakan mahaly
Göýä bir adama garaşan ýaly
Şol bada içerden çykdy bir gelin,
«Wa-aý, Oraz aga! – uzatdy elin.
Giriň, giriň! Ýeri, haçan geldiňiz?
Otl-a daňdanlardyr, nirde bolduňyz?»

Diwana göwresin taşlap ýaşuly:
«Keýgim gelşimiz-ä irräkdi weli,
Habar edipdirler bize arada,
Kolhozda partiýa işi barada
Boldy bir maslahat, ýaňy ýapyldy,
Garaz, o ýan, bu ýan,
iş-de tapyldy.
Aý, şükür, oňatlyk, salam aýtdylar».
« – Ejem-ä kino diýp alyp gitdiler
Şu häzir taparyn, Öwez jan bardy.
Sypypdyr gözümden, köçä dyzýardy».

Aradan onçakly wagt geçmänkä,
Şarka açyldy-da gapy birdenkä,
Öwez ýaşulynyň gujagna doldy,
Ejesi çaý-çörek ugrunda boldy.
«Bo-how, tüweleme! Sen-ä Öwez han,
Tüýs jahyl çykypsyň, bolupsyň pälwan.»
Göterip çagany ýerinden galdy:
Baryp horjunyny eline aldy.
Onda gök ekiniň ilki miwesi –
Erikmi, hyýarmy bardy hemmesi.

Kän wagt gezipdi garasyn görmän,
Begenip, bökjekläp, bir ýerde durman,
Işdämen ýapyşdy çaga iýmişe,
Olaryň adaty şeýle hemişe –
Bakmaz ýatly-ýüzlä, tapsa gök zady,
Çagyryp daşardan Ogulnabady:
« – Seýetsene muňa, atam getiýdi
Hoýjundan çykaýyp, maňa iý diýdi».
« – Sag bol bir diýdiňmi, ataňa hany?
« – Wiý, diýdim-ä sag bol! Göýsene muny»

Öwezjik stola elin uzatdy,
Ejesi ýylgyryp yzyna gitdi.
Soňra gözi düşüp tigirli ata
Idip getirdi-de « – Göýýäňmi ata,
Atymam baý, şeýdip münýäýin muny.»
« – Ejeň-ä, Öwez jan, sylapdyr seni».
« – Ejem däl-le, muny däde äbeýdi».
Ejesi bu wagt çäýnekli girdi.
« – Kim ol däde, Öwez, saňa at alan?»
« – Wiý däde-dä, honda öýmüze gelen».

Ýylgyrdy ejesi birden bu söze
Ýaňaklar gyzardy. Garap Öweze
Barmagyn çommaldyp, gaşyny çytdy
Hem-de şu pursatda çuň oýa gitdi.
Ýadyňyzda bolsa, dostlar, şol agşam
Bagdan öýe tarap uranda gadam,
Hiç sesi çykmandy, özün tutmandy,
Gije-de ukusyz, daňy atmandy.
Goýsa-da özüni munça azara,
Ýetmändi gämisi belli kenara.

Emma aýtmak gerek häzir bir zady
Duşuşyk birbada Ogulnabady
Duýgular demine alan bolsa-da,
Ejizlik toruna salan bolsa-da,
Ol ýuwaş-ýuwaşdan güýje galanda,
Erkin, ygtyýaryn ele alanda
Merdemsi dikeldip egilen başyn,
Nazarlap uzakdan töwerek-daşyn,
Duýupdy özünde tükenmez güýji,
Dargapdy dört ýana, galmandy ünji.

Edep-ekramyna haýran galýany,
Diňe hoşallykda ýada salýany,
Dogany hökmünde hormat goýýany,
Özüne medetkär, söýeg saýýany
Tutup mertebesin, hatyryn saklap,
Yşkyň bazaryna özüni oklap,
Açyp ýüregini onuň öňünde,
Getirip özüni goýsa deňinde –
Päkize wyždana-päkize wyždan
Neneň guwanmasyn muňa bu ynsan.

«Öwez jan tötänden ýadyma saldy,
Gaty oňat boldy, wagtynda geldi,
Ejem-de ýok häzir, dökeýin içim,
Meniň şundan ýakyn ýok garyndaşym.
Belki kabul bilmez, belki makullar,
Eger makullasa, her ýerde goldar.
Geňeş gowy zatdyr, her ýerde gerek,
Diýýänler: söýgüde geňeş biderek,
Salýarlar özlerin nädogry ýola,
Men muny durmuşda gördüm kän ýola..

Eger dana bolsa geňeş salýanyň,
Ýürekden ynanyp, pendin alýanyň,
Açylar giň ýoluň, syrylar duman,
Soňundan hiç wagt etmersiň arman...»
Aýlanan mahaly stol daşynda,
Şu hili pikiri jemläp başynda,
Müň biçdi, müň kesdi, etdi göwne jaý.
Ýygnap gap-çanagyn berende gök çaý
Özi-de arkaýyn oturdy indi,
Ýaýdana-ýaýdana garra ýüzlendi:

« – Näçe çekinsem-de dile almaga,
Ýöne, Oraz aga, geňeş salmaga
Özüňiz bilýäňiz, ýok başga kişi,
Eger garrylarym bilse bu işi,
Gelerler ör-gökden, galmagal turar,
Her haýsy özüni bir ýana urar.
Sözüm ynanç tapmaz olaň öňünde,
Ine, şonuň üçin atam hökmünde
Size ýüz tutýaryn gönüden-göni.
Edepsiz hasaplap, ýazgarmaň meni».

Muňa Oraz aga myssa ýylgyrdy,
Ýygyrtly maňlaýnyň derini syrdy.
« – Dilewar bolupsyň, tapýaň tärini
Üýşürdiň daşyňa gyzgan baryny,
Aýby-saýby bolmaz, çekme gussany
Hany bir eşdeli, başla kyssany».
« – Başlasam, bir ýigit köp wagt bäri
Bolup gyzyňyzyň hak hyrydary,
Erkine goýmady, yzynda gezdi,
Ençe habar gatdy, ençe hat ýazdy.

Ol meni bir wagt gyzkam görüpdi,
Şonda-da şu hakda hat iberipdi.
Ýene-de täzeden duşdy şu ýerde,
Diýýär: – Goýduň meni şol öňki derde.
Özi bir okumyş, gaty edepli,
Däl bir ýeňil-ýelpaý, dürdäne gepli.
Asly ýetim ösen, ýok garyndaşy,
Şindi öýlenmedik, bir jan, bir başy,
Ýagdaýym aýtdym, meýlim ýok diýdim,
Men şeýle, sen beýle, bolanok diýdim.

Onda-da bolmady, şol bir diýeni
Agzamdan boý, duly, ýazgardy meni.
« – Çaga ata bolman, garra-da hossar,
Diňe daş gardaşdan bolup hyrydar,
Bu hakda men size habar gatmazdym,
Habar hiç, teý asly hyýal etmezdim...»
Ynha, Oraz aga, ýagdaýym şeýle,
Ýürekde kän saklap, getirdim dile,
Indi maslahaty beriň özüňiz,
Maňa kanun bolar aýdan sözüňiz».

«Baý-baýow, gör muny, gör nirden urdy!»
Soňra ýoňsuz wagt oýlanyp durdy.
Ýüzün aşak salyp, garra seretmän,
Gürrüňe başlarna takaty ýetmän,
Otyr Ogulnabat, müýni bar ýaly.
Köpeldi kem-kemden ýaňagnyň aly.
« – Hä, şeýle diýsene, aý, näme, gyzym,
Kanun däl bu ýerde meniň-de sözüm.
Utanjy, geňligi ýokdur munuň hiç,
Bu iş başyndadyr seniň ir-u-giç.

Bilýän, bir wagtlar, köne zamanda
Gelinler ýaşlykda ýeke galanda
Goýbermän hiç ýana gaýyn tarapy,
(Ol satyn alynan, bolmazdy gepi),
Otyrdy öýünde çagasyn busup.
Nätsin, alajy ýok, egnini gysyp,
Etse-de içeriň hemme hyzmatyn,
Görmezdi hiç wagt ynsan hormatyn.
Igençden, käýinçden ýüki ýeterdi,
Şatlyk ýüzün görmän, ömri öterdi.

Beterden-beterin görendir gözüm.
Bolupdy geň waka, şaýady özüm.
Meniň ýaş wagtymdy, çala ýadymda,
Ýüzbe-ýüz goňşudyk, iki ädimde
Ata Körpe diýen biri ýaşýardy,
Mülki kän, maly-da müňden aşýardy.
Iň uly oglunyň Baýlydy ady,
Durmazdy bolsa-da onuň zürýady.
Otuz ýaşlarynda Baýlyda öldi.
Yzynda gelninden bir ogul boldy.

Mundan soň aradan geçdi üç-dört ýyl,
Durarlykly boldy, ulaldy ogul.
Ýaş gelniň bir özi, öýi aýrydy,
Hiç kimden kömek ýok, göýä saýrydy.
Bar umydyn baglap ýeke perzende,
Bagtyn hoşal bildi onda-da bende,
Saklap ýüreginde dady-perýadyn,
Ekledi guwanyp eziz zürýadyn,
Çekse-de şol diýip jebri-jepany,
Görmedi dünýäde hiç bir wepany.

Tapdylar özleri bir gün «myş-myşy».
Kim bilsin nireden, ol kimiň işi.
Hamala, ol gelniň düz dälmiş içi,
«Utanjy, haýany taşlap urkaçy,
Gözleri daşynda, aňtap bir deli
Öýünden, oglundan sowanmyş eli...»
Öz gara gününde gelin biçäre
Ýada salmasa-da gitmegi äre,
Galdy myjabatly sözüň astynda
Gezýärdi açgözler onuň kastynda.

Edil köz basan dek gaýyn enesi,
Geplände bu hakda çaslydy sesi:
«Gyrnagyň aýagyn duşa dessine,
Alsaň alybirsiň soňra üstüne.
Malyň bar, puluň bar, gyz-da tapylar;
Beýle gürrüňleriň üsti ýapylar...»
Göýä deglen ýaly namys-aryna,
Maslahat beripdir günde ärine,
Çagyryp atasy kiçi ogluny,
Bu işden habardar edende ony,

Ilki ynanmandyr, soň gaharlanyp,
Diýipdir: «Kim tapdy muny oýlanyp?
Näçe hemle urup, haýbat atsaň-da,
Boýnuma ýüp salyp dardan assaň-da,
Ursaň-da sökseň-de, seňseletseň-de,
Eger etim dograp, çişlik etseň-de,
Ýatman bir ýorganda gelnejem bile,
Ondan soň niçiksi çykaryn ile?»
Gidipdir baş alyp ýanynda durman,
Gezipdir köp wagt öýlerne barman.

Ýöne munuň bilen iş gutarmandyr,
Ata-da, ene-de boş oturmandyr.
Ýalbar-ýakar edip gezek-gezegne,
Indi hajyk-hujuk haýbat deregne.
Çagyryp öýlerne bir gün mollany,
Şaýat edinipdir olar allany
Hut onuň adyndan diniň wekili
Söz açyp, hemişe aldardy ili.
Giňden ýol açdylar doga-tumara,
Ahyrda ýigidi saldylar tora.

Bermedi nika-da hiç bir netije.
Barsa-da ýanyna ýekeje gije,
Soňra nejis bolup, ýüregi çekmän,
Dolanyp ol ýere aýagyn sekmän,
Ýatýar öýlerinde, hiç ýana çykman,
Dogan-garyndaşyň ýüzüne bakman.
Ýumanda gözüni elhenç düýş görüp,
Däli dek özüni her ýana urup,
Aýylganç ses bilen ýerinden turýar,
«Waý, Baýly, bagyşla!» – çirkin gygyrýar.

Ýigit perwaýsyzdy gürrüňe, gepe,
Saraldy, sargardy, döndi bir çöpe,
Maslahat etdiler öýersek eger,
Belkä-de daýanar kömegi deger.
Puluň güýji güýçdi, etdiler toýun –
Bezedi bir gözel bu baýyň öýün.
Çekmedi bir hepdä ýasama şatlyk,
Berbatlyk üstüni basdy berbatlyk;
Ahyrda açgözler ekenin ordy –
Gyzyň gujagynda ýigit jan berdi.

Galdy agyr günde biçäre gelin,
Ýagýar gargyş bary kim açsa dilin.
Goýdular naçary bir ýaman ada,
Hiç görüp bilmedi ýakyna-ýada.
Atlanyp çykan dek onuň kastyna,
Geldi bela-beter üsti-üstüne –
Şeýle agyr günde hasratly çagy
Duýdy agralypdyr ýene aýagy,
Gün geçdi, aý geçdi, möhleti ýetdi,
Şonda ýaş üstünden gelin-de gitdi».

Uludan dem aldy ýaýkap başyny,
Göterip ýokary bürlen gaşyny,
Gaýgyly hekaýa gutaran bada
Ýüzlendi ýene-de Ogulnabada:
« – Gyzym, özüň bilýäň köne adaty,
Göýä bir sakyrtga, ýapyşýar gaty.
Sanjyp hanjaryny sagdyn bedene
Salýar ýarasyny tämize tene.
Näçe sançdygyça hapalap ganyň,
Düşürýär ysgyndan, gynaýar janyň.

Ilimiz geçmişden arany açdy,
Ülkämiziň keşbi bütin üýtgeşdi,
Köneden nyşan ýok gara her ýanyň,
Onda-da ýarasy şol sakyrtganyň
Käleriň teninde duýulýar şindi,
Seniň soragyňa dolansak indi,
Eger-de Nurtäje, ejeňe uýsaň,
Hersiniň göwnünden turaýyn diýseň,
Edersiň özüňi adata gurban –
Olar otur diýer saňa bigüman.

Mysalyn aýdaýyn saňa bu işiň,
Bolup bir sebäbi agyrsa dişiň,
Öz-özi geçerine edip tamany
Gorksaň çekdirmäge, gynarsyň jady,
Gündizi, gijesi bolmaz duraryň,
Gaçar ynjalygyň, ýetmez kararyň.
Düşer ýüregiňe otursaň, tursaň,
Eger çydam edip, ony sogursaň,
Bir gezek awynyp, dynar gidersiň
Soňra deriň giňäp, hezil edersiň.

Olaryň bähbidi arzuw-islegiň
Ýokdur aýra ýeriň, birdir ýüregiň.
Ýöne düşünjäniň daşdyr arasy,
Bar entek olarda adat ýarasy.
Tersine düşüner bu gün edýäniň,
Ýetende aňlarna dogry gidýäniň,
Saplanar ýaradan olaň synasy,
Bolmaz hiç biriniň öýke-kinesi,
Ynanja eýe bor her aýdan sözüň
Muny durmuşyňda görersiň özüň.

Mejnunyň hakynda özüň pikirlen,
Ýöne ynanýaryn, her bir duş gelen
Seniň nazaryňy çekmez özüne.
Gulak goý garrynyň soňky sözüne:
Isle talap saý sen, isle-de haýyş,
Eger başa barsa başlanan bu iş,
Sen munda galmarsyň, ol oba geler,
Asyl Mejnun halky düzdeçi bolar.
Göwni meýil etse, nähili käre,
Kolhoz işsiz goýmaz, baýdyr hünäre.

XV

«С милым годок покажется за часок.»1

Пословица.

Hormatly okyjym, gyssanma gaty,
Indi gyssanmagyň ýokdur hajaty,
Kän wagt ikimiz gahrymanlaryň
Bir-birne wepaly mähribanlaryň
Düşüp yzlaryna ýazy hem gyşy,
Bolupdyk olaryň ýakyn ýoldaşy.
Bagyşla, belkä-de ýadatdym gaty,
Häzir hoşlaşygyň ýetdi nobaty.
Gel, indi oňşaly, göwne degmäli,
Sygyr gurugynda pyçak döwmäli.

Bir zady daşyndan synlasa gäzüň,
Geregi bolmaýar kämahal sözüň
Beýan etmek üçin belli mazmuny.
Sen, özüň, okyjy, duýansyň muny
Soňky duşuşanda iki gahryman,
Dursa-da gyzymyz dilini ýarman,
Syn eden mahalyň oňa daşyndan,
__________
1 «Söýgüliniň ýanynda ýyl-da sagada dönýär». Nakyl.
Galpyllan göwreden,
egik başyndan
Göýä bir günäli aklanyp bilmän,
Ýigde ýan berenin, saklanyp bilmän.

Bagdan öýe tarap düşende ýola,
Akmyrat söz gatdy birnäçe ýola.
Ýöne birine-de ýagşy-ýamandan
Hiç hili gaýtargy bolmady ondan.
Şol bir görnüşinde öýünde galdy.
Ýöne ýigdimiziň wagty hoşaldy.
Duşuşyk hakynda uzynly gije
Çykardy oýlanyp şeýle netije:
«Bu gezek kemini goýmadym asyl,
Indi bolsa gerek myradym hasyl!»

Bu hili ynanjy uzaga çekmän,
Sowuk hoşlaşany ýadyndan çykman,
Çendan böwrün diňläp uzak oturýar,
Dürli pikirleri göwne getirýär:
«Ençe wagt geçdi ol günden bäri,
Sözleşsem ýanadan, tapylsa täri,
Ýogsam ýuwaş-ýuwaş açylýar ara,
Gelendir belkä-de belli karara.
Hiç sesin çykarman duşuşyk güni,
Etdi alasarmyk ýene-de meni...»

Käte şübhelenip, käte ynanyp,
Käýarym begenip, käte gynanyp,
Kämahal umytly, käte umytsyz,
Kä gün ýorgut bilen, kä gün ýorgutsyz
Agşamy, ertiri tapman rahaty
Kämahal öz-ezi gyssandy gaty.
«Ahyrda yzyndan barmasam bolmaz.
«Gel, meni al», – diýip, üstüme gelmez.
Aýal men-menligi güýçli bor gaty,
Olar oňat görýär, etseň hormaty».

Bir gün öýden çykyp ýekeje özi
Barýardy köçeden, kinody ýüzi.
«Mopr» köçesine öwrülen bada
Tötänden duş geldi Ogulnabada.
Gadyrly görüşdi iki gahryman
Bagda bolan wagty ýüzün galdyrman,
Gara gözlerini ýere diken gyz,
Sözläre söz tapman, için çeken gyz
Gelipdir bu mahal öz görnüşine,
Näzli gülüp bakýar gürrüňdeşine.

Güýçlüdi garaşlar dildäki sözden,
Gyzyň hereketi sypmaýar gözden.
Käte iki ýana egip başyny,
Näzik eller bilen gara saçyny
Sylanda ýüzünden, gülgün ýaňakda,
Diňe ýaňakda däl, gaşda-gabakda,
Diňe gabakda däl, ýanýan gözünde,
Diňe gözünde däl, gün dek ýüzünde
Bir ajap gözellik, ajap nur bardy,
Ýigit göz aýyrman şoňa garýardy.

Näçe duşuşsa-da, näçe görse-de,
Näçe çagyrsa-da, näçe barsa-da,
Näçe ýyl yzynda gezen bolsa-da,
Şanyna nagmalar düzen bolsa-da,
Ýigdiň hyýalynda gyzyň jemaly
(Bolmandy hiç wagt şu günki ýaly.
Başlansa teşnelik kalbyň şährinden
Neneň garap doýsun gyzyň mährinden.
Ýürek gozgalaňy göwrä ýetişdi,
Şonda gahrymanym soraga geçdi.

« – Sagada ne beýle tiz-tiz garýaňyz?
Gelşiňiz nireden, nirä barýaňyz?
Eger-de bolmasa gyssagly bir iş...»
« – Ýok, örän sag boluň, bu gün indi giç.
Geliş raýkomdan, sagat sekizde
Möhüm meseleli ýygnak bar bizde».
Aýdyp guwanç bilen soňky sözüni,
Ýylgyryp ýigide dikdi gözüni,
Akmyrat çalarak duýsa-da muny,
Çykaryp bilmedi anyk bir many.

« – Onda ertir geliň.» « – Ertir-ä bäşi?»,
Oýlandy az salym, ýok eken işi, –
« – Alty-ýedilerde gelerin hökman».
« – Gaty garaşaryn hiç ýana çykman».
Gidensoň kän wagt garady gyza.
Kino ýatdan çykdy, öwrüldi yza.
Wagty hoş, keýpi kök, gaty şadyýan,
Týotýa Polina-da edeýin aýan».
Ýokdy bu garrynyň eneden parhy,
Sözlendi söýginiň uzyn taryhy.

Kä gülüp, kämahal çuňdan dem alyp,
Käýerde ýaşlygyn ýadyna salyp,
Gyzykly taryhy eşden mahaly,
Hut onuň süýt beren enesi ýaly,
Duýdansyz habara çäksiz begendi.
Oglum oňarypsyň, tüýs boldy indi».
Ertesi taýýarlyk başlandy irden,
Geldi dürli-dümen öýe her ýerden.
Hezzete mynasyp, göze mähriban
Geldi diýen wagty hormatly myhman.

Otyr Ogulnabat stol başynda,
Bardy özgerişler öýüň goşunda,
Gözler ýer astyndan hereket edýär,
Her zada ünsli içgin seredýär,
Ýigit bilmezlige salýardy muny.
Birden garry mama çagyrdy ony.
Ýanyna baranda myssa ýylgyryp,
Göýä gutlaýan dek, goluny berip,
Diýdi-de pyşyrdap: «Seretdim siňe!»
Başam barmagyny göterdi diňe.
Garryň-da aýagy çekildi daşdan,
Nahara başlandy ýuwaş-ýuwaşdan.
Üç sany bokala guýup al şerap,
Gezekli gezegne ýaşlara garap,
Göterdi birini titredip elin,
(Ýüzün aşak salyp ýylgyrdy gelin).
« – Siziň saglyňňyza göteriň hany!»
«Çykýarka bu sözden niçiksi many?» –
Diýip, Ogulnabat için gepletdi,
Bokaly çalaja dodagna ýetdi.

Sözler çogup çykýar ýerli-ýerinden,
Ynsan çekinmese biri-birinden.
Degişme, gülüşme yzy üzülmez,
Hiç haçan hiç kimin gözi süzülmez,
Näçe oturylsyn, onuň parhy ýok.
Emma näm üçindir häzir bolanok.
Ikisem göýä bir sözüň ýesiri,
Batyrlyk etmeýär asyl hiç biri.
Bilmen bu ýagdaýy näme döredýär,
Ümsümlik özüniň hökmün ýöredýär.

Diňe garry mama bir ýerde durman,
Ümsümlik uzasa, oňa ýol bermän,
Özüçe her hili gürrüň tapýardy,
Bu gün şatlygyndan ýeňil gopýardy.
Birden ýagtylandy oglanyň ýüzi,
Düýnki gürrüňdäki gyzyň bir sözi
Edil gerek wagty ýadyna düşdi:
« – Ýogsa-da ýygnagňyz nähili geçdi?»
«Ine, ahyr özi üstünden bardy».
Diýdi-de gyzymyz ýüzün galdyrdy.

« – Ozalam aýtjakdym, çekindim ýöne,
Ýygnak oňat geçdi, eşitseňiz, ine
Partiýa geçmäge arza beripdim.
Düýn men sekretaryň ýanna barypdym...»
« – Kabul etdilermi? Gutlaýan onda!
Öten ýyl şu günler geçipdim men-de».
Indi ödäp bilsek ol beýik ady...»
Gollady Akmyrat Ogulnabady:
« – Ýaşaýşyň mazmuny, maksat-myrady
Ödeler gürrüňsiz, ol beýik ady».

«Hiç zat iýmediňiz, köýdi azabym,
Soňra üzülerin, berkdir hasabym».
« – Ýok, ene, kän iýdim, galmady kemi».
« – Ýekeje dogramça iýenňiz jemi.
Utanan aç galar, biliň, ezizim.
Ýok, ýok, siz oturyň, ýygnaryn özüm».
Diýse-de oturman, turdy myhmany.
«Oňatlyk nyşany munuň bir ýany».–
Garry bu bolşundan gaty hoşaldy,
Gap-çanak birlikde kuhnýa daşaldy.

«Indi boldy, keýgim, oturyň hany,
Nahardan soň gök çaý – janyň dermany».
Orta süýji zatlar getiren wagty:
« – Özüm taýýarladym, şirindir gaty.
Her näçe öwseň-de, bahasy ýetmez.
Tagamy hiç wagt agzyňdan gitmez».
« – Aýdylşyndan artyk, kemi ýok, ene,
Öwrenmek üçin-de gelerin ýene».
« – Geliň, hökman geliň!» – öwrüp ýüzüni
Garry Akmyrada gypdy gözüni.

« – Neneň görýärsiňiz meniň ejemi?»
« – Biçak oňat adam, ýok eje kemi,
Dine bir özümi?» « – Hawa, bir özi.
Bar eken bir ogly...», aýdyp bu sözi,
Akmyrat şol bada dişledi dilin.
Gyz derrew düşündi, maňlaýyna elin
Goýdy-da, ýüzüni aşaga saldy,
Soňra ýuwaş-ýuwaş ýerinden galdy:
« – Wagtynda turarmyş akylly myhman;
Tä özüm barynçam ýatmaz Öwez jan».
Ynha, Aşgabadyň oklaw köçesi,
Ynha, güýz aýynyň gözel gijesi,
Ynha, dag etegniň salkyn şemaly,
Ynha, suwsuz deňziň baky jemaly –
Ülkermi, Ýedigen, Zöhre ýyldyzy,
Asmanyň kemeri – Akmaýa yzy
Göwnüme bolmasa, birleşip bary
Ýaldyrap, nur saçyp, ýüzlenip bäri
Reňbe-reň güllerden gollary doly
Meniň ýaşlarymy gutlaýan ýaly.

Eziz paýtagtymyň şeýle agşamy
Unudyp çekilen bar gaýgy-gamy,
Barýarlar köçeden ýuwaşja ädip,
Geljekki günleriň gürrüňin edip,
Häzir Ogulnabat düşüpdir öňe,
Beripdir ýigdimiz bar ünsün oňa.
Ätiýaç edýän dek daşyny gözläp,
Çawuş çakýan ýaly, çalaja sözläp,
Ýakymly çykýardy gyzyň owazy,
Misli bir ussadyň mylaýym sazy.

Birnäçe köçeden geçildi eýýäm,
Belki gyzyň sözi bolandyr tamam,
Eşdilip başlady oglanyň sesi:
« – Seniň aýdanlaryň dogry hemmesi..
(Ýakynlyk nyşany, serediň ine:
Geçipdir duýdansyz «sizden» ol «sene»)
Ýene bir ýyl diýýän, goý, bolsun üç ýyl,
Okuwyň hakynda gürrüň ýok asyl.
Ýöne, ýöne welin...» – başyn yrady,
Gyzy saklady-da, gysmyljyrady.

«...Ýöne welin, neneň, ýene bir ýyly...»
Bu wagt ýeňseden aýlanyp goly,
Eýelik edýärdi örüm saçlara,
Dikilip gözleri galam-gaşlara:
«...Hany bir aýtsana, neneň bir ýyly
Tahyryň ýene-de sandygy» ýaly,
Neneň geçireýin, ynha, şularsyz?
Hasap edýän bolsaň soragym ýersiz,
Adalatsyz ýeri bar bolsa eger,
Tap-da delilini özüň jogap ber.

Bilmedim jogaby dälmidi nagt,
Hiç seda çykmady gyzdan bu wagt.
Galtanda bedene ýigdiň elleri,
Gülleriň ýapragyn ýazyň ýelleri
Her gün peýda bolup säher çagynda,
Seleň sährasynda, ter pudagynda
Mylaýym sypalap geçişi ýaly,
Duýgy damarlaryn açyşy ýaly.
Belki bir duýdansyz tolgun döretdi,
Belki ygtyýary elinden gitdi.

Arada ümsümlik bolanda her dem,
Ýene öňe tarap urulýar gadam.
Ynha, gyzyň öýi, olar duýmady,
Durdular, hiç haýsy hiç zat diýmedi.
Neneňsi aýryljak, neneň hoşlaşjak,
Häzir bir-birinden neneň daşlaşjak!
Soragly garaşlar dikildi gyza, .
Ýene iki göwre dolandy yza.
Dolandy ýaşlarym, ýene dolandy,
Bilmen sagat dili näçe pyrlandy.

Oraldy boýnuna wagtyň nogtasy,
Eşdildi birdenkä gudogyň sesi.
« – Wiý, onki bolupdyr!» « – Onki däl, ýary».
Duýdansyz garşylap nazar nazary
Ýene başlananda wagt geňeşi,
Aýdaýyn, okyjym, sözüň gerdişi
Ynha Ogulnabat, çykarman sesin
Ýigdiň gursagyna goýdy kellesin.
Mylaýym gollaryn egninden atdy,
Belki yssy demi ýürege ýetdi.
Duýga ýol berildi, daýandy diller.
Sypap gara saçy yz-yza eller,
Al ýaňak üstünde gezim edýärdi,
Täsiri tok deýin çuňa gidýärdi.
Sen, eý, Aşgabadyň oklaw köçesi,
Sen, eý, güýz aýynyň gözel gijesi,
Sen, eý, dag etegniň salkyn şemaly,
Sen, eý, giň asmanyň baky jemaly,
Geliň, pata beriň yhlas işine,
Geliň, şaýat boluň söýgiň güýjüne!

Bosagaň ýanynda ahyr hoşlaşdy.
Baryp emaý bilen gapyny açdy.
Uklapdyr Öwezi, garady uzak,
Öpdi maňlaýyndan birnäçe gezek.
Oturyp seretdi, turup seretdi,
Bne-de öwrülip, baryp seretdi.
Oýarmajak bolup ýatan jorasyn,
Ahyr öçürdi-de tamyň çyrasyn,
Garaňkyň içinde baryp dessine,
Oklady özüni düşek üstüne.

Wagtyň giçligini duýany bilen,
Ýassyga başyny goýany bilen,
Ýürek gürsüldisi ýatýarmy näme,
Kirpikler bir-birne çatýarmy näme?
«Men muny ynsanyň ynsany sanýan,
Öň-de ynanýardym, şindem ynanýan, –
Mundan irde-giçde ýamanlyk çykmaz,
Ol meni ynjytmaz, raýymy ýykmaz.
Hiç haçan ysnyşman ýa-da oňuşman,
Bilýärin, bu işe etmerin puşman.

Özümden hatyrjem, ýöne Öwez jan
Görnermi gözüne onuň mähriban?
Häzir esasym ýok şübhe edere,
Howsala düşere, oýa gidere,
Emma il içinde «öweý» diýen zat
Bolupdyr gadymdan ýigrenji bir at.
Atamy, enemi – ýok tapawudy,
Bar bolsa biriniň şu hili ady,
Ara bir sowuklyk daraýan ýaly,
Bir ýatlyk duýgusy döreýän ýaly...

Birden Öwez janym boýnuny bursa,
Ýüzünden nur tapman, ýadyrgap dursa,
Ine, şu bor munuň ýandyrjak ýeri.
Ene külçe görmez göwheri, zeri
Dökülse gözünden çaganyň ýaşy,
Diýýärler, bolarmyş dawanyň başy.
Çaga bölünşigi düşse maşgala.
Uçrasa maşgala bu hili bela,
Ösermiş içerde bir sowuk şemal,
Ol ýerde hiç kimse tapmazmyş kemal...

Salýaryn özümi nähak howsala,
Gelmez başymyza bu hili bela,
Bagly adamsyna bularyň bary
Tanýan Akmyrady köp wagt bäri.
Ol hakda del pikir mana gelişmez,
Gör-de dur, Öwezim golundan düşmez...»
Näçe oýlansaň-da bir zat hakynda,
Çyksa dogry many çykar çakynda.
Ine, şeýle boldy, dostlar, şu sapar,
Hakykat agtaran hakykat tapar.

XVI

«Gül bilbile, bilbil güle duş bolup,
Ikisi myrada bile ýetişdi.»

Mollanepes.

Galamym titreýär ele alamda,
Endamym gagşaýar ýada salamda,
Ýazmak agyr gelýär maňa şu baby,
Onuň-da, dostlarym, bar bir sebäbi:
Agtarsaň durmuşyň taryh depderin,
Görýärsiň açaňda her dürli ýerin.
Günler tapawutly biri-birinden,
Çykmaýar hiç haýsy ynsan serinden.
Şatlykda, şowhunda geçse-de käni,
Käsi ýada salýar elhenç wakany.

Daşlaşan bolsa-da arany açyp,
Taryha dönse-de köp ýyllar geçip,
Şeýle bir wakanyň gysga beýany
Häzir tamamlaýar biziň temany.
Ýaşlarmyz gadyrly hoşlaşan wagty,
Aşgabat asmany gözeldi gaty.
Örän parahatdy güýzüň gijesi,
Ýatypdy her ýerde it-guşuň sesi.
Arzuwlap her kişi ertirki daňy,
Ýassyga başyny goýupdy ýaňy.

Gijäniň ýarymy turup bir bela,
Saldy bu dünýäni uly zenzelä.
Göýä açylan dek bir ýerden sepi,
Göýä gyrylan dek ömür tanapy,
Silkindi gara ýer, turdy bir tupan,
Gaýdaky gämi dek elendi her ýan.
Ýumruldy binalar, ýumruldy jaýlar,
Görenler ömründe köp dürli gaýlar,
Munuň taýyn tapman, galdylar haýran,
Wah, gözel paýtagtym boldy-la weýran!

Bilmedim ilimde barmydy öji,
Garry tebigatyň bu gara güýji
Gije gapyl basyp ýatan ilaty,
Ölüm hanjaryny sançdy gaty,
Düýşmi, oýalykmy bildirmän ilki,
Baş-başa, jan-jana şäheriň halky.
Hinden çykan ýaly, her kim her ýerden
Aňşyrman hiç zady galanda ýerden,
Haraba içinde gördi özüni,
Tutupdyr çaň, tozan jahan ýüzüni.

Agşam ýatylanda abat bir howly
Häzir tam-tags ýok, kerpiçden doly.
Diň ýaly dikilen her ýerde diwar,
Haraba içinde somalyp durýar.
Ýene wagtal-wagtal zemin yranyp,
Dik galan diwar-da gamaga dönüp,,
Ahyr bir tarapa agdarlyp gidýär,
Iniň jümşüldedip, göwräň titredýär.
Öz-özi çykanlar bir ýan çekildi,
Howly-da howpludy, köçä çykyldy.

Görmedik ynanmaz, görenler şaýat
Bu gün ýas içinde gözel Aşgabat,
Çykanlar kem-kemden dürsedi özün,
Her kim töwerege aýlaýar gözün.
Başdaky ümsümlik gutardy birden,
Indi zaryn sesler eşdilýär ýerden:
«Waý, gitdi aýaklar, waý, çykdy gözüm!..»
«Gollarym gaňryldy, gum basdy ýüzüm...»
«Galdyryn agajy, bilim ýolundy!..»
«Hoş galyň, doganlar, gutarýan indi!..»

Apy-tupan turan näletli gije
Garşylyk görkezip ol gara güýje,
Ynsan bilin guşap girdi söweşe,
Her kim ýerli-ýerden ýapyşdy işe.
Daşdan görünse-de häzir başa-baş,
Deň ýagdaýda däldi bolýan bu söweş.
Tebigat öň geçip bet hyýalyna,
Salypdyr ynsany mekir-alyna.
Dursuň sopbaş özüň, garaňky gije,
Ne lom bar, ne palta, ne pil, ne teşe!

Her kimiň ýaragy diňe boş eli.
Emma ösen wagty ajalyň ýeli
Ençe artar eken ynsanyň güýji.
Ynha, üýşüp ýatan topar kerpiji
Edil goza ýaly zyňýar bir ýana,
Ölüm penjesini gerende jana,
Äpet kesekleri aýryp üstünden,
Çykdy, ine, biri diwar astyndan
Arkada, eginde ýok bütin ýeri,
Gan akýar köp ýerden, sypjyrlan deri.

Aňladyp bilmedi birbada sözün,
Çaldy sowuk şemal, açdy ol gözün.
Tanar umydyň ýok ony daşyndan,
Dolupdyr owurdy gopan dişinden,
«Gygyryp bilmedim, ýüzüm aşakdy,
Çykdym jan howluna, dem gelenokdy...»
Haşylap-haşylap bir şuny diýdi,
Ysgyndan düşenin ol indi duýdy.
Dünýäden bihabar, gyşardy bir ýan,
Emgek geçer gider, galsa şirin jan.

Muňa şükür edýän başgany görüp,
Gelýär bir iňňildi, gulagyň gerip,
Diň salan mahalyň ýanyňda ýaly,
Näçe sermenseň-de tapylman ýoly,
Sesi eşdilse-de, görüp bolanok,
Hiç ýerden ýanyna baryp bolanok.
Ilkinji sekuntda çyralar öçüp,
Simler içege dek ýatyr çolaşyp.
Misli günäkär dek onuň öňünde,
Näçe urunsaň-da alaç ýok sende.

Aýylganç ses edýär, ynha, ýaş aýal,
Oýanyp gaçmaga edende hyýal
Goltugy çagaly, gapa ýetmänkä
Diwarlar bir-birne süýşüp birdenkä,
Galýar arasynda dik duran halda,
Çagyryp hossaryn,
gözleýär dalda.
Göwresi gapgyçda, aýagyn, elin
Butnadyp bilmeýär biçäre gelin.
Gitmeýär gulakdan onuň nalasy –
Gujakda jan berdi eziz balasy.

Düşdi howp astyna häzir öz jany,
Köpeldi kem-kemden kömekçiň sany.
Ganjaran barmaklar durman ýer peşäp,
Kerpiçdir gumuny bir ýana daşap,
Ahyr ýol açyldy oňa bir ýandan.
Diýerler, umyt bar çykmadyk jandan.
Ynha, getirdiler köçäň ugruna,
Ýatyr ýyrtyk halta düşek ornuna.
Sözläre taby ýok, ýumulýar gözi,
Ýedi baş maşgala, galan bir özi.

Ynha, bir ýaş ýigit çykyp birbada
Topulýar içerik ýeke zürýada,
Gözläp çaň içinden ýany tapanda,
Gysyp gujagyna, yza çapanda,
Köne belent diwar inýär üstüne,
Düşýär ogly bilen onuň astyna.
Getirdim, dostlarym, sada mysaly,
Boldy kän wakalar edil şuň ýaly,
Görkezmek örän kyn onuň sanyny,
Köpler çaga üçin berdi janyny.

Galmagal içinde ahyr daň atdy,
Eňşeşik, ahy-waý ýene-de artdy.
Ýeke bir howly däl, töwerek-daşyň
Giden bir haraba, galdyryp başyň
Bu gün göz aýlasaň,
şanly şäherde
Görýärsiň dik jaýy diňe käýerde.
Ýeterlik oňa-da barmak hasaby,
Jaýlar hiç, halkymyň çeken azaby,
Hiç kimiň hiç haçan çykmaz ýadyndan,
Asman ezelendi il perýadyndan.
Diriler dana çen galapyn çykdy,
Häzir harabada iňňildi ýokdy.
Kömekçi köpeldi, goşun ýetişdi,
Howly-howla, köçe-köçä gatyşdy.
Ynha hatar-hatar gurban bolanlar,
Dünýäden ötenin duýman galanlar.
Umyt-arzuw bilen irkilen ynsan
Ýatyr maslyk bolup, ýer bilen ýegsan.
Galmasa bir kişi ahy-zar çekmän,
Şahyr niçik ýazsyn gözýaşyn dökmän!

Käleriň çydamsyz agyr ýarasy –
Ölüm-diriligiň iki arasy.
Äpet pürs agajy bilinden düşüp,
Wagtynda aýrylman, kän salym geçip,
Deň iki epläpdir iki göwräni,
Hem daşa, hem içe akypdyr gany,
Sesinden ýanynda durup bolanok,
Hiç hili kömek-de berip bolanok.
Nirede doktoryň, hany dermanyň?
Hiç bir alajy ýok, ýansa-da janyň!

Älemi ýagtyldyp häzir dogan Gün
Näm üçindir öňkä meňzeş däl bu gün.
Ýagtysy öçügsi, öni çaňjaryp,
Gaýgyly görnüşde galýar gyzaryp.
Ýer ýüzi gözüne özge göründi –
Önki Aşgabady tapmady indi!
Belki ol özüniň uzyn ömründe,
Ýagty şöhlesiniň düşýän ýerinde
Şindi gören däldir beýle tupany,
Beýle berbatlygy, beýle gurbany!

Örän agyr geçdi ilki sagatlar,
Efir-de duşmady ençe wagtlar
Özüniň çäginde öň belli ada,
Aşgabat – dünýäden üzük birbada
Nakyldyr, dostlarym, ata-babadan:
Dogandan. dost-ýardan, ini-agadan.
Hossarlyk ynsana kyn günde gerek.
Hoş günüň hoş sözi bolar biderek,
Gamly gün gaşynda gaýa bolmasa,
Bükülseň biline paýa bolmasa!

Şol agyr pursatlar, şol agyr günler
Dostuna daýançly açyk göwünler
Aýralyk, üzňelik duýmaýardylar,
Biz ýeke, biz ýalňyz diýmeýärdiler, –
Dostlarnyň geljegne ynanýardylar,
Şeýle duýgy bilen ruhlanýardylar.
«Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat!
Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat!»
Dagdan arkaň bardyr, daşdan ýüregiň,
Goýmaz gara günde dostluk diregiň!»

Telefon, telegraf – açyldy ýollar,
Doganlar dört ýandan uzatdy gollar.
Ynha, depämizde polat laçynlar,
Gezdi köçämizde agyr maşynlar.
Sany kän olaryň ederden çaky,
Gerekli harytlar barynyň ýüki –
Birinde geýim bar, birinde nan bar,
Birinde ýarala dürli derman bar .
Ýagdy kömek bary ýakyndan-daşdan,
Bir günde paýtagtym doldy wraçdan.

Agyr horluk çeken ilat barada
Bütin Soýuz etdi uly alada.
Çekse-de ilki gün gamy-gussany,
Häzir samolýotda agyr hassany
Lýotçik alyp barýar uzak ýerlere –
Bakuwa, Taşkende, köp şäherlere,
Bary garşylanyp güler ýüz bilen,
Açyk göwün bilen, şirin söz bilen
Çekenler şol gije jebri-jepany
Doganlyk mährinden tapdy şypany.
Ýürekde bolanym dile getirsem,
Ýatlap şol günleri, oýlap otursam,
Gaýtalap, gaýtalap, ýene gaýtalap
Bellemek borjumdyr bir zady nygtap:
Jana-jan doganlar gelmedik bolsa,
Howlukmaç şol kömek bolmadyk bolsa.
Bilmedim, dostlarym, niçik bolardy,
Tupan başymyza ne gün salardy?
Ölenler ozdyrdy, aýdylşy ýaly,
Örän keç gelerdi diriň ykbaly!

Şeýle hakykaty salanda ýada,
Ýürekde tolkunyň artyp zyýada,
Gözde düwmelenip begenjiň ýaşy,
Edýärsiň dostlara çäksiz alkyşy.
Ýeňer kynçylygy ynsanyň güýji.
Giden bir gyrymsy şäheriň içi.
Palatka içinde hemme edara,
Tiz biter, yz goýmaz salynan ýara,
Her kim öz ornunda girişdi işe,
Başlady paýtagtym täze durmuşa.

* * *
Gowgaly gijäniň gürrüňin edip,
Wakadan-wakanyň ugruna gidip,
Men durar ýerinde belki durmadym,
Okyjym, soraga maý-da bermedim.
Eger ýalňyşmasam, bolsa pursadyň
Ine, şu bolardy sorajak zadyň:
«Hany Ogulnabat, hany Akmyrat?
Hany ol Öwezjik – ol ýeke zürýat?
Neneň-niçik boldy olaň takdyry
Eziz gahrymanlar galdymy diri?»

Gyz bilen hoşlaşyp biziň gahryman,
Gaýdypdy yzyna gaty şadyýan.
Howlukman bir özi çalaja ädip,
Şatlykly geljegiň pikirin edip,
Hoş hyýallar bilen öýe ýetipdi,
Hiç zada güýmenmän, ýany ýatypdy.
Şindi uklamandy ýumsa-da gözün,
Birden sallançakda duýdy ol özün.
Saýgara salym ýok näme bolanyn,
Özi-de bilmedi zöwwe galanyn.

Agdy koridora şakyrdap gapy,
Ýok eýýäm diwaryň köçe tarapy.
Kerpiçler astynda galdy krowat,
Zyňdy köçä tarap özün Akmyrat.
Uruş wakalaryn saldy ýadyna,
Sezewar bolanda topuň oduna,
Ýa duşman maý tapyp gökden çozanda,
Ilatly ýerleri oka düzende
Turardy üstünde bir apy-tupan,
Tozandan, tüsseden dolardy asman.

Bir hili aljyrap duran mahaly
Ýadyna düşdi-de goňşy aýaly,
Onuň adyn tutup ençe gygyrdy,
Göz aýlap her ýana ep-esli durdy.
Ses-üýn ýok hiç ýerde, ýuwaş-ýuwaşdan,
Barha ýakynlaşyp garady daşdan.
Hanha, krowaty tamyň töründe,
Garry görünmedi ýatýan ýerinde.
«Ol-da meniň ýaly sypandyr belki».
Göwne aram berip oýlandy ilki.

Ýene-de gygyrdy, ýene seretdi.
Jogap ýok her ýana hereket etdi.
Görse öň ýanyňda ýatyr bir göwre,
Ýüzin ýykylypdyr ýazylyp ýere,
Üstüne kerpiç-de,
gum-da gaçmandyr
Ýa-da ýara düşüp, ganyn saçmandyr.
Diýdi: ýürekdendir ýaýkap başyny.
Howlynyň bir ýerne eltip läşini,
Köneden-küşülden bir zatlar tapdy,
Biçäre garrynyň üstüne ýapdy.

Egninde eşik ýok, aýagynda gap
Belet köçämizden ugrady ylgap,
Ýapykdy köçäniň pyýada ýoly,
Kerpiçden, tagtadan, demirden doly.
Sojap dem alýardy, akýardy deri,
Şol gidip barşyna görüp käýeri:
«Görerim, görmezim boldy gümana,
Adam galarly däl baksaň her ýana.
Eger duran bolsak ýene bir sagat,
Belki, ikimiz-de galardyk sagat...»

Ynha, tut agajy, ýany şu ýerde,
Arassa howada, abat şäherde
Söýgüli gyz bilen ýüzbe-ýüz durup,
Bir-birniň ýesiri ýürekler urup,
Düzülen dutary ýada salypdy,
Hyýallar atlanyp, göge galypdy,
Häzir her belany salýardy ýada,
Üç-dört köçe galdy indi arada.
Ok dek ýüwürýärdi gorky astynda:
Diýerler: «Etimi düýäň üstünde

Ýylan çakarmyşyn ýatanda bagty!» –
Ýatlap şu nakyly, gamlandy gaty.
Ýetdi ýatakhana, näderin bilmän,
Iki gat gözel jaý gözüne ilmän,
Ýaýdandy ep-esli, öňkiň üstüne
Şaglap bir gara der indi dessine.
Endamy sandyrap,
ýüregi jigläp,
Garaňky içinde dört ýana ylgap.
Seretse, her tarap bütin gyk-da wak,
Öňki belet ýerin tapyp bilenok.

Hasylap, hasylap zordan dem alýar,
Gözi töwerekde, durup diň salýar.
Edil ýakynyndan şeýle ses geldi:
«Wah, özüm guraýyn, Öwez jan galdy!»
Durmady at saldy, bardy şol demde,
Ynha, Ogulnabat içki geýimde,
Çöşlenen saçlary sallanyp durýar,
Aljyrap özüni her ýana urýar.
«Darykma! Darykma! Ol nireräkde?»
«Wah, barar ýaly däl! Galdy aşakda!»

Bagtyň açyk bolsun, mähriban çaga!
Hossaryň sen tarap indi aşaga.
Neneň döremesin gyzda howatyr.
Bil ýaly pürüsler keserip ýatyr.
Çagşaşyp her ýerde kerpiçler, daşlar.
Naýza dek çüýlerin gezäp agaçlar
Ýigdi ýöretmeýär, uzak saklaýar,
Käýere çak bilen özün oklaýar.
Gitdi ol durmady, aşaga gitdi.
Gozanyň içinde gözden-de ýitdi.

Giň jahan gyz üçin häzir örän dar,
Ne sabyr, ne takat, ne ynjalyk bar.
Göwresi galpyldap, bir ýerde durman,
Seredýär aşaga gözün aýyrman.
Geçdi ençe salym, gaýdyp gelmedi,
Gygyrdy gyssanyp, jogap bolmady.
Howpy-howatyry has artdy indi.
Bu wagt gara ýer ýene silkindi.
Dik galan diwarlar şakyrdap gitdi,
Turdy ala tozan, güwläp ses etdi.

Galdy çaň astynda iki mähriban,
«Waý, balam Öwez jan!
Waý, Akmyrat jan!..»
Özün tutup bilmän zaryn ses etdi,
Gözýaşyň bulagy alkyma ýetdi.
Ýene-de jogap ýok dady-perýada,
«Kerpiçler astynda ikisem ýa-da...»
Elhenç pikirleri getirýär göwne
Beýleki tarapdan bir görse, ine,
Üst-başy gyzyl gan, aýagyn süýräp,
Çala süýşenekläp, kellesin yrap,

Göründi Akmyrat, golunda Öwez.
Topuldy olara diýmän birje söz
Garsa gujaklady, çöküp dyzyna
Öpdi ikisinem yzly-yzyna.
Süpürdi ýüzünden ýigdiň ganyny,
Gysdy gujagyna Öwez janyny.
Maňlaýa ýokardan kerpiç gaçsa-da,
Posly çüý aýakdan parran geçse-de,
Tikençe duýulman häzir bu ýara,
Ýigit meňzemeýär azary bara.

Garaňkyň içinde garadym daşdan,
Tutup biri-birin, ýuwaş-ýuwaşdan
Kerpiçden-kerpije basyp üç göwre
Çekildi şundan soň gorkusyz ýere
Ynha, şeýle bolýar, dostlar, her zaman
Eger bir-birine öwrenşse ynsan
Çydamsyz agyrdyr aýralyk güni,
Häzir şu hakykat gynaýar meni.
Gijemi, gündizmi, tapawut etmän,
Hiç haýsy hiç haçan aňymdan gitmän.

Jana-jan dost kibi ençe ýyl bäri
Boldy gürrüňdeşim bularyň bary.
Ýürek ynjasa-da degse-de gaty
Ahyr ýetip geldi hoşlaşyk wagty.
Hoş galyň, hoş geziň üç mähribanym,
Gutardym siz hakda düzen dessanym.
Takatly okyjym, sen-de eliň ber,
Käýindiren bolsam sakawlap eger,
Hiçden giç ýagşydyr, ýazgarmaň meni,
Geçersiň günämi hoşlaşyk güni.

Soñy.

1945-1960 ý.

Aman KEKILOW.
Категория: Romanlar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aman Kekilow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: