02:25
Bu-da saña
BU-DA SAŇA

Umydym ýaşyp barýan gün,
Men  derdimi ýüregimde horladym.
O  heň  zaryn çaldy, özümin
Seňkidigmi aňan günümden.

Käte çagalyk demine hopugýan,
Gök sähra gitsem, hopugýan.
Ulalmagam däl elimde ýogsa,
Käte doglanma ökünýän.

Hoş kän ezizlap söýenim,
Kalp gurruk galdy,
Ezizlap söýüpdiriň  nirden,
Söýgi demsiz surnukýardy.

Beýnim pişik deý myrlapdyr,
Bu älemiň iç gatynda.
Maňa hat ýazyň  ýalbarýan,
Jogap beriň meň hatyma.

■ DUÝGULAR

Olaň  biri ýüregime degişli,
Müň  birisi söwer ýara peşgeşdir.
Duýgular, duýgular, pynhan duýgular,
Biri kesir, biri kejir, basdaşdyr.

Olaň  biri owadandyr, bahardan,
Ýene biri ykballara girişdir.
Olaň   biri nuranadyr säherden,
Birisi näz, biri näzdir-kereşme.

Käsi ah çekdirýär, armany bilen,
Ýa kalba gozgalaň  salýany bolýar.
Duýgulaň  dünýäsi täsindir juda,
Kä gülkä öwrülip, gün ýaly bolýar.

Duýgular  men size gurban bolaýyn,
Ähliňizem älemgoşar aýlawly.
Biriňiz  sowadyp bilýäňiz kalby,
Biriňiz  bahar deý, joşly-gaýnawly.

Duýgular, duýgular, keremli göwne,
Teselli boluň-da ganat bitiriň.
Süýji duýgularym, şol ganat bilen,
Meni alys menzillere göteriň.

■ SAŇA UÇRADYM

Men saňa uçradym, Arşy duýgular,
Gelip,könlüň  nikabyny açanda.
Men saňa uçradym,ak göwün säher,
Çygly maýsalary öpüp gaçanda.

Men saňa uçradym,gözleň  owasy
Meň  bilen püre-rür boldy haçanda,
Bilbiller duýäňda gülleň  ysganda,
Ak bäbekler jägildände jahanda.

Saňa uçramazlyk mümkin däl asla,
Mümkin däldir, söýmezlik bu baharda.
Men saňa uçradym, aýdan ak şugla
Gelip meniň  ýüregime gaçanda.

■ GEL

Gel janym, men seni kabul edeýin,
Ýylgyryş bilen gel, syrly dünýäme.
Bu günlerem geçer gider eglenmez,
Ýaşap ýörlesi ýok, goşgy diňläbem.

Sary tally ýaplaň salmasyn böküp,
Men taýa bir meýdan uçup-uçup gel.
Sen dünýämi öwrüp, söküp, ýel taýa
Şemallaň gursagyn guçup-guçup gel.

Yşgymyz dünýäniň ketenisi deý,
Seçegni salmala dökeninde gel.
Gelsene ezizim, gursagy güýzlim,
Sen yşgyň ölüsi, kepeniňde gel!

■ KÖŇÜL

Sen meni sypala, derýa gözlermi,
Hanasyndan çykýan ýaly çyrpynsyn.
Umman bolup, giň gujagňa al meni,
Söýgi dünýäsiniň äpet çarhy sen.

Sen meni düýrüp al, ezber dünýäňe,
Şo-ol merdemsi bakyşlarňa al meni.
Durmuşdan baş alyp çykýan nazarňa,
Hem gaýduwsyz ykbalyňa sal meni.

Sen meniň elimden tutup,göter-de,
Arşyň  gatlaryna aýla, seýrana.
Söýgi peşgeşini serpaý ber maňa,
Şol ýeter bu teşne, şahyr dünyame.

■ MENIŇ ÝAGDAÝYM

Men bir zada geň galýan bu dunýäde,
Ynha men, otyryn, janymy saklap.
Şygyr perdelerniň  üstünden böküp,
Yöne men nota däl, gaty burulan,
Ötägidýän  ýaly sazanda  tarap.
Nury Halmammede ökünemok men,
Bagana  saçly hem bagana hyýal.
Ýöne perdeleriň üstünden geçip,
Şygryýetden saz meýdanna  ylgaýan.

■ SYR HAKDA

Ýok biziň  iller öwere,
Taýsyz  artyk zadymyzam.
Ara söz goşman, ses goşman,
Düşünişýär  ýadymyzam.

Ýok biziň  aýra zadymyz,
Ýog-a bile zadymyzam.
Ýöne name üçinka iller,
Goşup tutýar  adymyzam.

Birek-bireksiz  kyn görýäs,
Şondadyr-da jadymyzam.
İndi bir  ýerde tutulyar,
Öňi-soňy adymyzam.

Ýok biziň  ilden artyk ýa,
Ýa ilden kem zadymyzam.
İndi bir ýerde tutuljak,
Öňi-soňy adymyzam.

■ ÝENE SAŇA

Daglar uçma gider, ýerlerin tapyp,
Sen gökde ýyldyzym bolup galarsyň.
Garry perwananyň ganatyn kakyp,
Gaçyran hatyndan gaýyp galarsyň.
Özga özüm ýaly näzik bolaryn,
Men bilýärin şeýledigin söýginiň.
Gijeleriň  söwer ýaryň yzynda
İslammok men aglap,aglap galaryn.
Ýöne kalbym söýgüň hyjuwlaryna
Ýesir düşmüş, aglap barýan dumana.
Daň  agarýar, ümüş-tamyş,ereýär,
Köçedäki aglap barýan dumana.

■ MEN WE MENIŇ KELLÄM

Men entegem gaty köp zat ýazaryn,
Gije yşyklaryn daşyma egip.
Baglaryň  başy deý gürsaç kellämi
Seslere bogup.
Meniň  pikirlerim girýär kelläme,
Edil girişi deý baglaň  şahasyn,
Gargalar döwüp.
Birdenem heserden ot alýar kelläm,
Otyr ýene güjüm ýaly ykbalym.
Men entegem gaty köp zat ýazaryn,
Tebigatyň  özi çogýan çotgamda.

■ GITMEK

Men eräp giderin, garly daglaryň,
Jemalyna görk bermedik ergin deý.
Goýup pikirleriň garasarlygyn,
gyşyň gatap galan, syrly erninde.

Durmaly gitmänkäň seriňden geçip,
Ýollar, ýyllar synlap görer aslyňy.
Bu täsin zatlaryň deňinden geçip,
Ädim ätseň, neneňsi bor peslige...
Göge kada gije ýyldyz dakynmak,
Bize ýere, salam şöhle ýollara.
Meniň bagtym gitmeklige çokunmak,
Sejde etmek süýnüp ýatan ýollara.

■ OL

Meni  düýnüň  ýapragynda goýarsyň,
Kirpikleň  bilinde gije çommalar.
Ýyly deňiz çägesiniň  içinde,
Galan aýak yzydygym  kim biler.

Gözýetimiň  gözlerinden  soraryn,
A sen gözleriňde gije  çommalar,
Öperin men kirpikleriň  aşagyn,
Seniň  göwräň  gözlerinde  Gün dogar.

■ GEŇLIK

Ylham dumany syryldy,
“Husnuňa aşyk olam”.
Jadylansyn bar gymyldy,
Çeşmiňe deşik olam.

Güňle zemin olup,
Asmana meňze.
Men gerek ýerinde
Ýer bererin, gapdalyndan pelegiň,
Süýşük olam...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: