02:25
Umyt
UMYT

Ýene  ýersiz gussa girdi ýürege,
Ýene güýzüň sesin getirýär şemal.
Ýene-de möjekler girip sürene,
Ýalňyzlyk başynda  uwlaýar şumal.

Nämüçindir erbet ýüregim gysýar,
Ýa men  ýalňyzlykda ýel kowan gämi. 
“Ýene-de şygrymda bagryma basýan,
Görmegeý ýigdimi küýseýärin men”
Bu meň sözüm janym, ýeke täk sözüm,
Gussaly gözlermiň yzaly sazy,
Saňa aýan dälmi, aýt aýan dälmi?

Belki ýekelikden, belki ahmyrdan,
Goşarda sagadym ýarylyp barýar.
Belki-de ykbalym sulbasyn süýräp,
Seniň ýalňyzlygňa garylyp barýar.

Seni göwräm içre sygdyryp bilmän,
Öz-özüme ýalňyzlykdan ürkýärin.
Şol gün sen bilmezden diýip goýberdiň:
“Aýyň şuglasyna çümen ykbalym”.

Ýene gussa çökýär sensiz gijäme,
Ezizden aýrylmak ýazgyt belki-de.
Söwer ýar ýanynda aglan melekleň,
Göwünde goýalan ruhy meňkidir.
Çözüber gussanyň tanşy eý melek,
Biziň kysmat saýan kesgitlemämiz.
Seniň elleriňde palçyk mysaly,
Döresin nepisden keşp-mertebämiz.
Ýene ýersiz gussa girýär kalbyma...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: