21:30
Bagtly bolduñmy?
BAGTLT BOLDUÑMY?

Bir saňa beripdim köňül köşgümi,
Sen meni terk edip bagtly bolduňmy?
Güler ýüzli ýere çalyp yşgymy?
Sen meni terk edip bagtly bolduňmy?

Belent goýdum el degirmän mermeri,
Başardykça bagş ederdim her demi,
Emma, oýnuň ejizletdi merdemi,
Sen meni terk edip bagtly bolduňmy?

Deňemedim, bilseň saňa her zeri,
Saýdym dünýäň gözellerniň serweri,
Goradym, gabandym, ýone sen weli...
Sen meni terk edip bagtly bolduňmy?

Garalsa bagt guşy saýmazlar guwy,
Hemmekim içmeýär bulançak suwy,
Seni hä bilmedim, gybatym gowy,
Sen meni terk edip bagtly bolduňmy?

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: