18:30
Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti
DAŞARY ÝURTDAN GELEN TÜRKMENIÑ AŞGABATLY GARYNDAŞY BILEN SÖHBETI

—Eýesin depermiş semrände eşek.
—Aý, öz eşegmiz-dä, gylaw alýa-da.
—Hany, namysa-da ýeten ýaly şek?
—Aý, namysdan ölen barmy, bolýa-da...
 
—Millet guldan beter ezilýän eken.
—Ýene şükür, türme mundan aňsatmy?!
—Adam hukuklary bozulýan eken.
—O diýýäniň näme, iýilýän zatmy?!
 
—Gabra itýärmişler ýuwaş-ýuwaşdan,
—Aý, göni gyrmaga çekinerler-dä.
—Saňa nä ýetenok bolelin aşdan?!
—Aý, bir boldum edip, çekilerler-dä.
 
—Duluňdaky saçagam-a boş ýatyr!
—Aý, iliňem bizden artyk güni ýok.
—Alnyňda bahar ýok, diňe gyş ýatyr!
—Aýlawly gürleme, hiç zat bilemok.
 
—Öýüň iç-daşam-a kirmi, hapamy?
—Oňa derek asmanymyz arassa.
—Haçan doýurjak ol ýeke gapany?
—Aý, iýse-iýsin-dä, ýetim neresse.
 
—Bilýäňmi haýwanyň iň bir mekirni?
—Goýsana şu gepi, gözüm çekedir.
—Dur onda, Hudaýyň ikimi, birmi?
—Allajan ýekedir, özem—tekedir!

Şirаly NURMYRADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Taryhçy | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Bäh, özboluşlyja goşgy eken...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: