12:44
Hatyja
HATYJA

Gözi gara gaşy gara,
Zülpleri  timar Hatyja.

Seýitnazar Seýdi.

Gara saçlar çözlenen, yraň atar şemala,
Iki gürläp bir gülen, gussa gelen amana,
Şol dildara teşne men, aby-haýýat jemala,
Ýürekde alaw ýakyp, goýduň arman Hatyja.

Gözleri aýna misli hem çalymdaş asmana,
Ýylgyryşy ýaz pasly aňzak gelmez hiç ýana,
Golumdan tutsa esli razy özüm asmana,
Berseň bolýa bir bakyp, dilden perman Hatyja.

Ne dowzaha ýollaýaň ne-de salýaň jennete,
Düýşlerim ýa aldaýaň, tutup bildim ne ýete,
Köňle gussa salmaýan, ýarym döwlet--niýýete,
Gelersiň bir gün bakyp, derde derman Hatyja.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Trigger   [Mowzuga geç]
bäh!

0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Howa, şeýle bolmaly. Ýalňyş gidipdir.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"zözlenen" sözi, "çözlenen" bolmaly dälmikä, Ahmet?
Seretmändirinem goýamda.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: